22:18 Faraon -35: romanyň dowamy | |
ON BÄŞINJI BAP Eýýäm paopiniň on sekizinji güni Müsürde it eýesini, pişik bikesini tanaman ugrady. Aşaky we Ýokarky Müsüriň arasynda gatnaw kesilipdi, söwda ýatypdy, Nilde diňe garawulçylyk edýän gämiler aýlanyşyp ýördüler, gury ýerdäki ýollary meşhur ybadathanalar ýerleşen şäherelere tarap barýan goşunlar eýeläpdiler. Meýdanlarda diňe žresleriň daýhanlary işleýärdiler, tanymal adamlaryň, häkimleriň, aýratynam, faraonyň mülklerinde zygyr ýygnalanokdy, klewer orlanokdy, üzüm ýygylanokdy. Daýhanlar ýatan çöpi galdyranokdylar, dynç alýardylar, aýdym aýdýardylar, iýýärdiler, içýärdiler, kä žreslere, kä finikiýlere haýbat atýardylar. Şäherlerde dükanlar ýapylypdy, elleri boş senetçilerdir işçiler uzynly gün döwletiň özgertmeleri barada gürrüň edýärdiler. Müsürde beýle gussaly hadysa täzelik däldi, emma ol bu gezek şeýlebir haýykdyryjy gerimde ýüze çykypdy weli, salgyt ýygnaýjylar, hatda kazylar gizlenip başladylar. Sebäbi tertip-düzgüne gözegçilik edýän edara bolup geçýän ähli zada göz ýumýardy. Iýmitdir çakyryň bolçulygy döräpdi. Memfisiň edil özündäki, şeýle hem, welaýatlardaky naharhanalardyr garnabyşhanalarda her kim az-owlak töläp ýa-da mugtuna näçe isledigiçe iýip-içibermelidi. «Faraon öz halky üçin meýlis guraýar. Ol tutuş bir aýlap dowam etjekmişin» diýen gürrüň agyzdan agza geçýärdi. Gatnaw ýagdaýynyň agyrlaşmagy, ýerlerde bolsa hatda kesilmegi sebäpli, bir şäher beýleki şäherde näme gopýandygyndanbihabardy. Ýurduň umumy ýagdaýy diňe faraona hem-de ondanam has gowy žreslere mälimdi. Bu ýagdaý, bar zatdan ozal, Ýokarky hem-de Fiwy, Aşaky hem-de Memfis Müsüriniň arasyna agzalalaygyň düşmegi sebäp bolupdy. Fiwyda žresleri goldaýanlar, Memfisde bolsa faraony goldaýanlar agdyklyk edýärdi. Fiwyda: «Ramses XIII aklyndan azaşypdyr, ol Müsüri finikiýlere satmakçy bolýarmyşyn» diýen gürrüň ýaýrasa, Memfisde: «Žresler faraony zäherläp, ýurdy assiriýlerden doldurmak isleýärmişinler» diýip nygtaýardylar. Demirgazykda-da, günortada-da ýönekeý halk Ramsese hormat goýýardy. Emma ol gowşakdy, güýji durnukly däldi. Hökümet wagyzçysy gürlese-hä, daýhanlar ybadathanalara eňip, žresleri ýençmäge taýýardylar, dabaraly ýörüş geçse-de, özlerini derrew ýere goýberýärdiler, eýýäm şu aýda Müsüre howp saljak haýsydyr bir bela-beterler hakdaky öňünden çak etmeleri eşidenlerinde sandyraşýardylar. Ýüregi ýarylara gelen tanymal adamlardyr häkimleriň ählisi diýen ýaly Memfise eňdiler. Olar özlerini gozgalaň tutuzýan daýhanlardan goramagy faraondan özelenip towakga etdiler. Emma Ramses XIII özlerine-hä sabyrly bolmagy maslahat berip, başbozarlyk edýänleriň-de çaňyny kakmansoň, tütjarlar žresleriň toparyndan delalat islediler. Dogry, Herihor acyk bir zat pyşgyrmady, diňe sabyrly bolmagy maslahat berdi, emma beýleki žresler Ramses XIII-niň aklynyň düzüw däldigini welmožalara subut etdiler hem-de ony häkimlikden daşlaşdyrmalydygyny duýdurdylar. Memfisiň edil özünde biri-birine garşy iki topar bardy: hudaýsyzlar serhoşlyk edýärdiler, goh turuzýardylar, ybadathanalaryň diwarlaryna, hatda hudaýlaryň heýkellerine hapa zyňýardylar; köpüsi garrylardyr aýallardan ybarat dine ynanýanlar bolsa betbagtçylygyň abanyp gelýändigini hemme kişä eşitdirişlerine, hudaýlardan halas etmegini diläp, köçelerde doga okaýardylar. Hudaýsyzlar her gün nähilidir bir hokga çykarýardylar, dindarlaryň arasynda bolsa her gün haýsydyr bir hassa ýa-da maýyp sagalyp gidýärdi. Ýöne, geň galaýmaly zat, hyjuwlarynyň baş bermeýändigine garamazdan, olar biri-biri bilen oňşuklydylar, zorlugadaýananokdylar.Bu ýagdaý iki toparyňam ýokardakylaryň ýolbaşçylygynda hem-de şolaryň meýilnamasy boýunça hereket edýändikleri üçin şeýledi. Entek goşun bölümleriniň hemmesi çagyrylmansoň, žresleriň garşysyna-da bar bolan subutnamalarulanylmansoň, faraon ybadathanalara aýgytly hüjüm etmäge görkezme bermekden saklanýardy; žresler bolsa nämedir bir zadagaraşýan ýalydy. Ýöne indi olaryň özlerini wekiller ses berenlerinden soňkygünlerdäki ýaly gowşak duýmaýandyklary görnüp durdy. Žresleriň mülklerindäki daýhanlaryň pitnä tas gatnaşman diýen ýaly, ine-gana işläp ýörendiklerini çar ýandan özüne ýetirenlerinde, Ramses XIII muňa haýran galypdy. Faraon: «Bu näme boldugy? Olar men ybadathanalara degmez öýdüp pikir edýärmikäler ýa-da olarda maňa näbelli bolan gorag serişdeleri barmyka?» diýip oýlanypdy. Paopiniň on dokuzynjy güni tertip-düzgüne gözegçilik ediji edaranyň ýolbaşçysy: «Halk öten agşam Gor ybadathanasynyň daşyna aýlanan diwary weýran edip ugrady» diýip, faraonyň dykgatyna ýetirdi. Faraon: —Şeýtmäge siz buýruk berdiňizmi? — diýip sorady. — Ýok, olaryň özleri... — Saklaň...Zabun daramaň, ýöne saklaň...Olar ýene birnäçe günden nämäni makul bilseler, edibersinler. Emma entek zorluga ýüz urmakdan saklansynlar. Eger märeke aýgytly hüjüme başlasa, ony hiç zadyň saklap bilmejekdigini Ramses XIII serkerde hem-de Aşgarly köllerdäki ýeňiji hökmünde bilýärdi – ol ýa-ha garşydaşyny kül-peýekun etmeli, ýa-da özi derbi-dagyn edilmeli. Ýagşy, ýöne eger ybadathanalar garşylyk görkezseler, eger olar goranmak isleseler, ýeri, şonda näme?.. Şeýle ýagdaýda halkyň dyr-pytrak boljakdygy belli, onuň deregine goşunlary ýollamaly bolar; dogry, olar köp, ýöne faraonyň hasaplamasy boýunça ýeterlik däl. Mundanam başga, Hiram entek Mefres bilen Herihory dönüklikde paş edýän hatlar bilen Bubastdan dolanyp gelenok. Esasy zat bolsa, faraona duýgudaşlyk bildirýän žresler oňa ýardam etmegi wada edipdiler. Biri-birinden örän uzak aralykda ýerleşen ençeme ybadathananyň şol žreslerine nädip habar ýetirmeli? Olaryň üstüni açyp biljekdigi üçin, ýönekeý seresaplylyk žresler bilen gatnaşykdan gaça durmagy höküm edýärdi. Şonuň üçin hem, Ramses XIII halkyň ybadathanalara wagtyndan ozal hüjüm etmegini islänokdy. Emma faraonyň isleginiň tersine, bulagaýçylyk barha artýardy. Isidanyň ybadathanasynyň ýanynda Müsüre betbagtçylyk aralaşjakdygy hakda welilik satan birnäçe dindaryň ganyna galyndy. Ptaha ybadathanasynyň ýanynda garamaýak adamlar dabaraly ýörüşiň üstüne çozdular, žresleri ýençdiler, aýlanyp ýören içi hudaý heýkelli mukaddes gaýygy bölek-bölek edip taşladylar. Tas bir wagtda diýen ýaly Sehema we Ona şäherlerinden çaparlar gelip, pitneçileriň ybadathanalara aralaşmakçy bolandyklaryny, Herauwda bolsa hatda oňa kürsäp urup, ybadathanany masgaralandyklaryny habar berdiler. Agşam, ogrynça diýen ýaly, faraonyň ýanyna žresleriň ýollan wekilleri geldiler. Hormatly pygamberler gözlerinden ýaş döküşlerine hökümdaryň aýagyna ýykylyp, hudaýlardyr ybadathanalary goramagy towakga etdiler. Bu garaşylmadyk ýagdaý Ramsesiň kalbyny şatlykdan doldurdy, özüne bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Ol wekillere ýerlerinden turmagy emir etdi, eger ybadathanalara goýberilseler, öz ýygynlarynyň olary goramaga taýýardygyny mylaýymlyk bilren mälim etdi. — Hudaýlaryň buky ýerini goşunlaryň eýeländigini görüp, weýran edijileriň özleriniň yza çekiljekdiklerine men şübhelenemok — diýdi. Gelen wekiller ikirjiňlendiler. Olaryň ýaşulusy: — Goşunlara hatda ybadathananyň germewine golaýlaşmagyňam bolmaýandygy saňa mälimdir. Biz ýokary žresleriň pikirini soramaly bolarys — diýdi. Faraon: — Baş üstüne, soraň. Men täsinlik döretmegi oňarmaýandygym üçin, öz köşgümde oturan ýerimden uzakda ýerleşýän ybadathanalary gorap bilmerin — diýip jogap gaýtardy. Wekiller ýüzlerini sallaşyp, yzlaryna dolandylar. Faraon olar gidenden soňra gizlin maslahat geçirdi. Ramses žresleriň öz emrine tabyn boljakdygyna ynanýardy, wekilleriň iberilmeginiň özüni ýalňyşdyrmak üçin Herihor tarapyndan oýlanyp tapylan oýundygy kelesine-de gelenokdy. Raýat hem-de harby ýokary wezipeli adamlar faraonyň otagynda jem bolanlarynda, kalbyny buýsanç gaplan Ramses: — Men Memfisiň ybadathanalaryny ýigrimi üçüne eýelemekçidim. Ýöne indi pikirimi üýtgetdim: muny ertir amala aşyrsak gowy bolar diýip pikir edýän — diýdi. Tutmos: — Biziň goşunlarymyz entek jem bolanok ahyry — diýip, gapdaldan söz oklady. — Entek elimizde Herihoryň Assiriýa ýazan hatlary-da ýok — diýip, ýokary mürze üstüni ýetirdi. — Bu zerur däl. Goý, halk ertir Herihor bilen Mefresiň dönükdigini bilsin, häkimlere, žreslere bolsa biz subutnamany ýene birnäçe günden, Hiram Bubastdan dolanyp gelende görkezeris — diýip, faraon jogap gaýtardy. Tutmos: — Seň täze buýrugyň belli bir derejede deslapky meýilnamany üýtgedýär. Ötlem-ötlem jaýy biz ertir eýelemeris. Ýöne bardy-geldiMemfisde ybadathanalar garşylyk görkezmegi makul bilseler, bizde hatda derwezeleri deşer ýaly ujy naýzaly agaç gurallaram ýok — diýdi. Faraon: — Tutmos, meň buýruklarym düşündiriş berilmegine mätäç däl. Emma men wakalaryň gidişine dogry baha berýändigime sizi ynandyrmak isleýän...Eger halk eýýäm şu gün ybadathanalara hüjüm edýän bolsa, onda ertir oňa okdurylyp girmek islär. Ony goldamaly, ýogsam yza serpikdiriler-de, üç günden soňra aýgytly herekete höwesiniň gaçmagy mümkin. Eger žresler bize eýýäm şu gün öz wekillerini ýollaýan bolsa, diýmek, olar gowşak. Ýöne ýene birnäçe günden halk içinde olaryň tarapdarlary köpelip biler. Ruhubelentlik bilen gorky edil küýzedäki çakyr ýalydyr: ony näçe köp guýsalar, şonça-da azalýandyr; oňa diňe kubogyňy öz wagtynda ýetiren kişi ganyp bilýändir. Halkyň-a şu gün hüjüm etmäge taýýardygyndan, duşmanyň-da gorkýandygyndan peýdalanalyň. Sebäbi, meniň aýdyşym ýaly, bagt bizden ýüz öwrübem, biziň garşymyza bolubam biler — diýdi. Gaznaçy: — Azygyňam düýbi görnüp ugrady. Ýene üç günden hemme kişi işe başlamaly, sebäbi biz olary mundan artyk mugt naharlap bilmeýäris — diýdi. — Ynha, görýämiň — diýip, faraon Tutmosa ýüzlendi. — Halky saklamagy tertip-düzgüne gözegçilik ediji edaranyň ýolbaşçysyna meniň özüm buýurdym. Emma eger ony saklamak mümkin däl bolsa, onda joşgunlydygyndan peýdalanmak gerek. Tejribeli deňizde ýüzüji akym ýa-da ýel bilen söweşmeýär-de, olaryň tolkunynda gitmegi makul bilýär. Şol pursatda çapar gelip, halkyň gelmişeklere: ýunanlara, siriýalylara, aýratynam, finikiýlere hüjüm edýändigini habar berdi. — Ine, size märekäni maksadyndan sowmaly däldigiň subutnamasy! — diýip, gazaba münen faraon gygyrdy. — Ertir goşunlar ybadathanalaryň golaýynda bolup, halk ol ýerlere kürsäp urup başlasa ýa-da žresleriň okgunly zarbasyndan yza çekilip ugrasa, gyssagly ybadathanalary eýelesinler...Dogry, üzümi paopide ýygmaly, ýöne ol bir aý öňünden ýetişen bolsa, hoşalary şahada goýjak bagban tapylarmyka? Gaýtalap aýdýan: men öz taýýarlygymyz tamamlanýança märekäniň hereketini saklamak isleýärdim, ýöne bu olaryň lapyny keç edýän bolsa, ugurdaş ýelden peýdalanyp, ýelkenleri goýbereliň! Ertir Herihor bilen Mefres tussag edilip, köşge getirilmeli, Ötlem-ötlem jaý bilen bagly işi-de sanlyja günde bitireris. Geňeş agzalary faraonyň gelen netijesiniň dogrudygyny ykrar etdiler, onuň aýgytlylygyna, danalygyna haýran galyp, dagadylar. Hatda harby serkerdelerem dörän amatly ýagdaýsypdyrylman, ertirki gün üçin güýç toplap ýöreniňden, pursatdan peýdalanylsa, gowy boljakdygyny aýtdylar. Gün ýaşdy. Memfisden eňip gelen ikinji çapar tertip-düzgüne gözegçilik ediji edara gelmişekleri goramagyň başardandygyny habar berdi. Emma halk gaharly, ertir nirä barlyp ýetiljekdigi belli däl. Soňra çaparlaryň yzy güreldi. Olaryň biri palta, serdesse bilen ýaraglanan birgiden daýhanyň çar ýandan Memfise tarap süýşüp gelýändigi; beýlekisi Pemäniň, Sehemiň we Onuň ilatynyň ertir ahyrzaman boljakdygyny gygyryp aýdyşlaryna, meýdanlardan gaçýandygyny;üçünjisi Hiramyň basym Memfise geljekdigini;dördünjisi žres ýygynlarynyň assyrynlyk bilen Memfise aralaşýandygyny, Ýokarky Müsürden bolsa finikiýlere, hatda onuň hormatlysyna duşmançylykly garaýan güýçli märekedir esgerleriň ugrandygyny habar berdiler. Faraon: «Olar gelip ýetişýänçäler, ýokary žresler eýýäm meniň elimde bolarlar, Nitagoryň ýygynlary-da gelip ýetişerler. Keramatlylar birnäçe gün gijä galdylar...» diýip oýlandy. Mundan başga-da, megerem, ýaman niýet bilen bolsa gerek, eşiklerini üýtgedip, faraonyň köşgüne aralaşmakçy bolan žresleri esgerleriň tutandygyny habar berdiler. Faraon gülüp: — Olary meň ýanyma getirsinler. Garşyma çykýan päliýamanlary göresim gelýär — diýdi. Gijäniň ýarynda belent mertebeli şa aýaly Nikotrisa oň hormatlysyndan özüni resmi kabul etmegini sorady. Onuň reňki solgundy, süňňüni saklap bilenokdy. Şa aýaly serkerdelere faraonyň otagyny boşatmagy emir etdi. Ikiçäk galanlarynda, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküşine: — Oglum, meň ýüregim bir ýaramazlygy duýýar — diýdi. — Men öz duşmanlarymyň güýji, etmekçi bolýan hereketleri hakda anyk maglumatlary eşitmegi makul bilýän. — Öten agşam meň ybadat edýän ýerimdäki hudaý Isidanyň heýkeli ýüzüni diwara öwrüpdir, keramatly gapdaky suw bolsa edil gan ýaly gyzarypdyr... Faraon: — Bu biziň köçämizde dönügiň bardygyny subut edýär. Ýöne olar diňe heýkelleri öwrüp, suwy hapalamagy oňarýan bolsa, şeýle bir howply däl — diýip jogap gaýtardy. — Eger seň goşunlaryň ybadathanalara aralaşsalar, Müsüriň depesinden uly betbagtçylygyň injekdigine biziň hyzmatkärlerimiziň hemmesi, tutuş halk ynanýarlar. — Žresleriň bihaýalygyndan aňyrda uly betbagtçylyk ýokdur. Olar meň baky ýaşaýan kakam tarapyndan köşge goýberilensoň, indi özlerini onuňhojaýynydyr öýdýärler... Eý, meň hudaýlarym, ýeri, onda men kim bolup galýarkam? Men öz patyşalyk hukuklarymdan ýüz öwürmelimikäm? Şa aýaly: — Her niçigem bolsa, rehim-şepagatlylygy elden bermegin...Hawa, sen öz hukuklaryňy goramaly. Emma esgerleriňe hudaýlaryň keramatly buky ýerlerine zorluk etmeklerine ýa-da žresleri kemsitmeklerine ýol berme. Rehim-şepagatly hudaýlaryň Müsüre şatlyk ýollaýandyklaryny, žresleriň bolsa seniň hatalaryňa garamazdan, biziň ýurdumyz üçin bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýändiklerini ýatda saklagyn...Eger sen olary kowsaň, gedaý güne salsaň, biziň döwletimizi ähli beýleki döwletlerden belende göteren pähim-parasatlylygyň köküne palta urjakdygyňy barada oýlan — diýdi. Faraon ejesiniň iki elindenem tutup, ony ogşady, gülüp jogap gaýtardy: — Aýallar hemişe ähli zady çişirip aýdýarlar. Sen, eje jan, meniň bilen faraon däl-de, eýsem, wagşy giksoslaryň serkerdesi ýaly gepleşýärsiň. Eýsem, men žresleriň duşmanymy? Eýsem, men olaryň pähim-paýhasyna pitjiň atýanmy? Ýogsam bolmanda olaryň arasynda bizsizem asmanda aýlanyp ýören ýyldyzlara syn etmek ýaly biderek pişe bilen gümra bolup ýörenleri-de bar. Şondan, heý, ýeke debenlik peýda barmy? Meni olaryň akyly ýa-da dindarlygy däl-de, eýsem, açlykdan horlanýan, Assiriýanyň sähelçe haýbatyndan gorkýan Müsüriň gedaýlygy gaharlandyrýar. Žresler bolsa, akylly adamdyklaryna garamazdan, meniň etmekçi bolýan işlerime ýardam bermekden-ä geçen, barypýatan bihaýalyk bilen garşy bolýarlar. Olaryň däl-de, meniň öz mirasymyň eýesidigime olary ynandyrmaga mümkinçilik ber. Men boýun bolanlardan ar almaryn, emma tekepbir kişileri öz aýagym bilen mynjyradaryn! Olar muny bilýärler, ýöne entek ynanmaýarlar, çaknyşara hakyky güýçleri bolmasa hem, haýsydyr bir betbagtçylygy öňünden duýduran bolup, meni gorkuzmak isleýärler. Bu olaryň iň soňky ýaragy hem-de gaçybatalgasy...Olar gorkynyň erkimi elimden alyp bilmejekdigine düşünenlerinde, maňa boýun bolarlar. Ine, onsoň olaryň ybadathanalarynyň ýekeje daşy-da gaçmaz, hazynahanalary ýekeje ýüzükden-de mahrum bolmaz. Men bu adamlary gowy tanaýan!..Meniň özlerinden daşdadygym sebäpli olar häzir hondanbärsi bolýarlar. Ýöne men depelerinden bürünç ýumrugymy inderenimde, olar serrelip gidenlerini duýman galarlar.Bu bulam-bujarlygam sag-amansowlar. Şa aýaly faraonyň aýagyny ogşady. Oň kalby aram tapdy. Ýöne barybir hoşlaşjak bolanda hudaýlary sylamagy, olaryň hyzmatkärlerine rehim-şepagatly bolmagy Ramsesden towakga etdi. Ejesi gidenden soňra, faraon ýanyna Tutmosy çagyrdy. —Şeýlelikde, meniň goşunlarym ertir ybadathanalary eýelärler. Ýöne mukaddes ýerleriň abat bolmalydygyny, hiç kimiň žreslere el götermeli däldigini harby serkerdelere duýdur — diýdi. Tutmos: — Hatda Mefres bilen Herihoradamy? — diýip sorady. — Hatda şolara-da. Wezipelerinden pyzylyp, zowalsyz doga okamaklary hem-de pähim-paýhas öwrenmekleri üçin ybadathanalarda danalar bilen ýaşamak olar üçin iň uly jeza bolar. — Seň emir edişiň ýaly bolar, ýöne... Ramses hiç hili garşylygy diňlemejekdiginiň alamaty hökmünde barmagyny ýokary galdyrdy. Soňra gürrüň başga ýana sowmak üçin, ýylgyryp gürledi: — Harby hereketler ýadyňa düşýärmi, Tutmos? Eýýäm iki ýyl geçipdir. Men şol wagt žresleriň bihaýalygyna, açgözlügine haýran galypdym, ýöne olar bilen şeýle çalt haklaşaryn diýen pikir kelläme-de gelenokdy...Wah, biçäre Sarra! Wah, meniň körpeje oglum! Ol, gör, nähili enaýyjady! Faraonyň ýüzünden ýaş syrygdy. — Dogrudanam, eger men hudaýlaryň ogly bolmanlygymda, ertir duşmanlarymyň janlaryna bije atylardy. Olar, gör, näçe gezek meniň mertebämi peseltdiler! Şolaryň günäsi bilen, gör, näçe gezek gözüm ýaşa dolupdy! ON ALTYNJY BAP Paopiniň ýigriminji güni Memfis şowhunly, baýramçylyk keşpdedi. Ähli işler ýatyp galypdy, hatda hammallaram agyr ýükleri göterenokdylar. Ilatyň hemmesi meýdançalara, köçelere toplanyşyp çykypdylar ýa-da ybadathanalaryň, esasanam, harby taýdan has berkidilen butparazlaryň Ptaha ybadathanasynyň töwereginde üýşüp durdular. Ol ýerde Herihor bilen Mefresiň baş bolmagynda dini we dünýewi ýokary wezipeli adamlar jemlenipdiler. Ybadathanalaryň golaýynda esgerler ýönekeý halk bilen gürrüňleşer ýaly, goşunlar erkin ýagdaýda durdular. Ýönekeý halkyň we esgerleriň arasynda elleri çörek salnan sebetli, küýzeli hem-de çakyr guýlan meşikli birgiden adam aýlanyp, olary mugt hödür edýärdiler. Kimdir biri: «Nämüçin pul alaňzok?» diýip sorasa, olaryň käbiri: «Faraon öz raýatlaryny hezzetleýär» diýip jogap gaýtarsa, beýlekileri: «Iýiň, içiň, hudaýa ynanýan, müsürliler! Ertire sag-aman çykjakdygymyzy kim bilýär» diýýärdiler. Olar žresler tarapyndan hakyna tutulan adamlardy. Ol ýerde gizlin ýollanan her jüre adamlar byzbydyklaşyp ýördüler. Birinji wagyzçylar žresleriň faraonyň garşysyna baş göterýändiklerine, hatda halky ýedinjigün işden boşatjakdygyny wada berendigi üçin ony zäherlemek isleýändiklerine öz diňleýjilerini ynandyrýardylar. Ikinji wagyzçylar faraonyň aklyndan azaşandygy, Müsüri, ybadathanalary weýran etmäge kese ýerliler bilen dildüwşige girendigi hakda pyşyrdaşýardylar. Birinji wagyzçylar halky işçilerdir daýhanlary has-da sykaja salmak barada žresleriň we häkimleriň maslahatlaşýan ýerine – ybadathana çozmaga gižželeýärdiler. Ikinji wagyzçylar bolsa eger halk ybadathanalara çozsa, uly betbagtçylygyň boljakdygyndan howatyrlanýandyklaryny aýdýardylar... Nireden getirilendigi belli däl, Ptaha ybadathanasynda birnäçe togalak agaç, daş üýşmegi peýda boldy. Märekäniň arasynda aýlanyp ýören pähimli memfisliler halk tolgunyşygynyň emeli döredilendigine birjigem şübhelenenokdylar. Ownuk mürzeler, tertip-düzgüne gözegçilik edijiler, işçi ýygynlarynyň serkerdeleri hem-de başga eşik geýen onbaşylar ne-hä öz resmi ýagdaýlaryny, ne-de halka ybadathanalary eýelemäge mejbur etmek isleýändiklerini gizlejek bolýardylar. Beýleki tarapdan, parashitler, ybadathanalaryň gedaý gullukçylary hem-de derejesi pes žresler özleriniň kimdiklerini aýan etmeseler-de, halky zorluga gižželeýändiklerini her kim bilýärdi. Şäherliler žresleriň toparynyň özüni beýle alyp baryşyna geň galýardylar, ine, onsoň halkyň düýnki güýçli hyjuwy peselip ugrady. Asylzada müsürliler nämäniň nämedigine, baş-başdaklygy, hakykatda, kimiň döredýändigine akyl ýetirip bilenokdylar. Kelpeň dindarsumaklaryň ýalaňaç halda köçä çykyp, bedenlerinden gan çykýança özlerine sütem edişlerine, «Müsüriň bagty ýatdy! Hudaýsyzlar çende-çakda durmansoň, kyýamat golaýlap gelýär! Hudaýlar tumşugyny ýokary tutýanlara temmi berýärler!» diýen ses bilen howany doldurmaklary sebäpli eden-etdilik has-da möwjedi. Esgerler halkyň ybadathanalara kürsäp urmagyna garaşyp, özlerini arkaýyn alyp barýardylar. Birinjiden, şeýle buýruk patyşanyň köşgünden gelipdi; ikinjiden, serkerdeler ybadathanalarda gürpbasdy edilerinden howatyrlanýardylar, esgerleriň däl-de, ýönekeý halkyň gyrylanyny makul bilýärdiler. Esgerler onsuzam köp iş etmelidi. Emma märeke wagyzçylaryň çagyryşyna, mugt paýlanýan çakyra garamazdan, ikirjiňlenýärdi; daýhanlar-a senetçiler, senetçiler-de daýhanlar başyny başlar diýip pikir edýärdiler. Hemmeler nämedir bir zada garaşýardylar. Birdenem günortan sagat bir töweregi geçelgelerden çykan, palta, serdesse bilen ýaraglanan serhoş topar Ptaha ybadathanasyna okgunlyugrady.Olar balykçylardy, grek deňizçileridi, çopanlardy, liwiý ykmandalarydy, hatdaTurra känine sürgün edilenlerdi. Toparyň başyny gysgarak taýaga berkidilen çyragöteren äpet boýly pyýada çekýärdi. Ol ybadathananyň derwezesiniň öňünde saklanyp, gök gümmürdisi ýaly ses bilen halka ýüzlendi: — Siz, hudaýa ynanýanlar, bärde žreslerdir häkimleriň näme barada maslahatlaşýandygyny bilýäňizmi? Olar onuň hormatlysy faraon Ramsesi işgärleri her gün ýene bir arpa çörekden mahrum etmäge, daýhanlara jan başyna bir drahmdan täze salgyt bellemäge mejbur etmekçi bolýarlar. Maňa ynanyň, bärde gol gowşuryp durmak bilen, siz samsyklyk, haýynlyk edýärsiňiz. Ybadathanalaryň alakalaryny tutup, garşysyna hudaýsyzlar dil düwüşýän faraonyň, biziň jenabymyzyň eline bermäge çen boldy. Eger biziň hökümdarymyz žresleriň geňeşine boýun synan ýagdaýynda, päk halkyň arkasynda kim durjakmyşyn? Märekede: — Ol dogry aýdýar! — diýen sesler ýaňlandy. — Faraon bize ýedinji gün dynç alynmalydygyny emir edýär! — Bize ýer-de bölüp bermekçi! — Ol hemişe ýönekeý halka duýgudaşlyk edýär! Iki ýyl ozal jöhit aýalyň mülküne hüjüm edilendigi üçin işleri kazyýete geçirilen iki daýhany oň boşadandygyny ýadyňyza salyň! — Daýhanlardan bikanun salgyt alandygy üçin, oň mürzäni ýenjendigini özüm gördüm. — Goý, biziň hökümdarymyz, garyp-gasarlaryň hemaýatkäri Ramses On üçünji baky ýaşasyn! Uzakdan: — Eý, serediň-le! Hamala, agşam golaýlaýan ýaly, öri meýdandan malyň özi dolanyp gelýär...—diýen ses eşidildi. — Biziň mal bilen näme işimiz bar? Žresler bilen çözlüşeliň! Ybadathananyň derwezesiniň ýanynda duran äpet boýly adam: — Eý, siz! Gowulyk bilen derwezäni açyň! Biz žresler bilen häkimleriň näme hakda maslahat edýändiklerini bilmekçi bolýarys — diýip gygyrdy. —Açyň, ýogsam derwezäni goparyp taşlarys! — Geň galaýmaly: guşlar göýä ýatmakçy bolýan ýaly, agaçlara gonup ugradylar. Ýogsam häzir günortan ahyry...—diýip, ýene uzakdan seslendiler. — Howada bir ýaramazlygyň alamaty-ha bar... Haýsydyr bir gyz: —Hudaýlar-eý! Eýýäm Gün ýaşyp gelýär, men bolsa günorta naharyna-da salat44ýygmadym — diýip, aljyraňňy seslendi. Ýöne serhoş talaňçylar toparynyň goh-galmagaly, ybadathananyň bürünç derwezesine urulýan ýogyn agaçlaryň sesi bu sözleriň ählisini basýarsdy. Eger märeke başbozarlara az sereden bolsa, tebigatda nähilidir bir adaty bolmady kahwalatyň bolup geçýändigini görerdi Gün şugla çaçýardy, asmanda ýekeje-de bulut ýokdy, emma muňa garamazdan, açyk howa kem-kemden üýtgäp, sowuk şemal öwsüp ugrapdy. Ybadathananyň daşyna alanlar: — Ýene pürs ber! Derwezeler gowşap ugrady! — Hany, berkräk! Ýene bir gezek! — diýşip gygyryşýardylar. Halka bolup duran märeke syrgyn ýaly uwlaýardy. Käýerde uly bolmadyk toparlar olardan aýrylyp, ybadathanany gabanlara goşulýardylar. Ahyry olaryň hemmesi süýşüp, şol ýerde jem boldy. Heniz günortandygyna garamazdan, howa garaldy. Ptaha ybadathanasynyň baglarynda horazlar gygyrdylar. Ýöne halkyň gahar-gazaby gaýnap duransoň, bu özgerişligi kän adam duýmady. Haýsydyr bir gedaý olary aklyna aýlandyrmakçy bolup gygyrdy: — Serediň! Kyýamat güni golaýlap gelýär! Hudaýlar... Ýöne ol sözüni dowam etdirip bilmedi: kellesine urlan serdesse biçäräni ýere ýazdy. Ybadathananyň diwarlaryna ýalaňaç, emma ýaraglanan sudurlar dyrmaşyp başladylar. Basym märekäniň aýgytly hüjümini goldamaly boljakdygyna ynanýan serkerdeler hüjüme taýýarlanmaga buýruk berdiler. Esgerler asmana seredip: — Bu näme boldugyka? Asmanda ýekeje-de bulut ýok weli, daş-töweregi hopukdyryjy tupan eýeläp gelýär — diýip pyşyrdaşýardylar. Ybadathananyň derwezeleriniň agzynda: — Ur! Döw! — diýip gygyryşýardylar. Pürsleriň urgusy artdy. Şol pursatda derwezeleriň depesinden abanyp duran eýwanda daşyny žresleriň topary we dünýewi ýokary wezipeli adamlar gallan Herihor peýda boldy. Ýokary žresiň egninde altyn öwüşginli buthana lybasy we patyşanyň ureýi oralan Amenhotepiň mitrasy bardy. Herihor ybadathanany gaban aňyrsy-bärsi görünmeýän märekä nazar aýlady. Soňra olara ýüzlenip: — Siz dine ýürden ynanýanlarmy ýa-da butparazlarmy, kim bolsaňyzam, hudaýlaryň adyndan buthana degmezlige çagyrýaryn...— diýdi. Märekäniň galmagaly duýdansyz ýatdy, diňe pürsleriň bürünç sütünlere urgusy ýaňlanýardy, ýöne basym onuňam sesi kesildi. Äpet adam aşakdan: — Derwezeleri açyň! Biz siziň ol ýerde biziň hökümdarymyzyň garşysyna nämäniň küýüne düşendigiňizi bilmek isleýäris! — diýip gygyrdy. Herihor: — Oglum, özüňi ýere goýber-de, hudaýlardan dine şek ýetirendigiňi bagyşlamaklaryny towakga et! — diýip jogap gaýtardy. — Olaryň özüňi goramaklary üçin, gaýtam sen hudaýlardan towakga et! — diýip, märekäniň öňbaşçysy ýerden daş aldy-da, ýokary, žreslere zyňdy. Pilonyň penjiresinden äpet adamyň ýüzüne haýsydyr bir suwuklyk pürküldi. Ol entirekledi, ellerini bulap, ýykyldy. Golaýda duranlardan elhenç ses çykdy; yzky hatardakylar bolsa nämäniň nämedigine düşünmän, oňa gülki hem-de sögünç bilen jogap gaýtardylar. Yzda duranlar: — Derwezeleri döwüň! — diýip gygyrdylar. Herihora hem-de onuň ýaranlaryna tarap daş ýagyp ugrady. Herihor iki elini galdyrdy. Märeke ýene ýuwaşady. Ýokary žres: — Hudaýlar! Keramatly ybadathanany dönüklerden, mukaddeslige şek ýetirýänlerden goramagy size tabşyrýaryn! — diýip gygyrdy. Birdenem ybadathananyň ýokarsyndan bir ýerden üýtgeşik ses ýaňlandy: — Nälet siňen halkdan öz ýüzümi sowýaryn. Goý, Ýeri tümlük gaplap alsyn! Ine, onsoň aýylganç ahwalat ýüze çykdy: Gün her sözüň yzysüre öçüp başlady...Iň soňky sözden soňra bolsa, daş-töweregi garaňkylyk gaplady. Asmanda ýyldyzlar peýda boldy, Günüň deregine bolsa o:t halkanyň içinde gara tegelek bardy. Müňlerçe adamyň gursagyndan elhenç ses böwsülip çykdy. Derwezä hüjüm edýänler pürsleri gyra zyňdylar, daýhanlar özlerini aşak goýberdiler... Köçäniň aňry çetinden: — Kyýamat, ölüm geldi! — diýen iňňildili ses eşidildi. Märeke: — Eý, hudaýlar! Rehim eýläň! Keramatly kişi, bizi beladan sowaweri! – diýşip bagyrýardylar. Ybadathanadan: — Hudaýsyz serkerdeleriň emrini ýerine ýetirýän esgerleriň bagty ýatar! — diýen batly ses eşidildi. Muňa jogap edip, tutuş halk ýüzin düşüp ýatdy, ybadathananyň öňünde duran iki ýygynda bolsa başagaýlyk başlandy. Hatarlar bozuldy, huşlaryny ýitiren esgerler ýaraglaryny taşlap, derýa tarap eňdiler. Yzzanda-çuwanlykdy: garaňkyda jaýlaryň diwarlaryna çakyşyp, kellelerini ýardyrýany haýsy, öz ýoldaşlarynyň aýaklarynyň aşagyna, daş düşelen köçä ýykylýany haýsy...Aradan sanlyjawagt geçenden soňra meýdançada biri-birine gysmyljyraşyp duran hatarlaryň deregine diňe baş-başdaklykda zyňlan naýzalardyr aýpaltalar galypdy; geçelgeleriň başlanýan ýerlerinde-de ýaralylar we jesetler depe bolup ýatyrdylar. Hiç bir utdurylan söweş şeýle betbagtçylyk bilen gutarmandy. Halk: — Hudaýlar! Hudaýlar! Bigünä adamlara rehim eýläweriň! — diýip, hem iňleýärdi, hem aglaýardy. — Osiris! Öz ýüzüňi betbagt halka öwür! — diýip, Herihor eýwandangygyrdy. — Men öz žreslerimiň towakgasyny soňky gezek bitirýärin, sebäbi men rehim-şepagatlydyryn! —diýen üýtgeşik ses ybadathanadan jogap gaýtardy. Märekede täze sesler, täze dat-perýatlar, täze doga-dilegler ýaňlandy. Şatlygy gursagyna sygmaýan adamlar jan giren Güne salam berýärdiler. Nätanyş adamlar biri-birini gujaklaýardylar. Soňra olaryň hemmesiminnetdarlyk bildirip öpmek üçin, dyzlaryna çöküşlerine ybadathana tarap emedekläp ugradylar. Derwezeleriň ýokarsynda nazaryny asmana dikip, hormata mynasyp Herihor durdy; iki žres onuň tümlügi kowup, halky heläkçilikden halas eden keramatly ellerini saklap durdular. Şeýle ahwalatlar tutuş Aşaky Müsürde bolup geçdi. Paopiniň ýigriminji güni ähli şäherlerde halk ir bilen ybadathanalaryň ýanyna üýşdi. Ähli şäherlerde günorta golaý mukaddes derwezelere hüjüm etdiler. Hemme ýerde gündiz sagat bir töweregi derwezeleriň depesinde yabadathananyň ýokary žresi peýda bolup, wagyz etdi, hudaýsyzlary näletledi, soňra Ýere tümlük inderdi. Märeke howsala düşüp çar ýana pytranda ýa-da ýüzin düşüp ýatanda bolsa, ýokary žresler ýüzüni görkezmegini Osirisden towakga etdiler; Zemine ýene ýagtylyk gaýdyp geldi. Şeýlelikde, Günüň tutulmagy netijesinde, juda akylly žresler topary eýýäm Aşaky Müsürde Ramses XIII-niň abraýyny peseltdi. Faraonyň hökümeti sähelçe salymda, ony özi-de bilmezden, uçudyň gyrasynda galdy. Ony diňe beýik akyl hem-de dörän ýagdaýy juda takyk bilmek halas edip biljekdi. Ýöne iň kyn pursatda säwlik doly hökmürowanlyk edip ugran patyşanyň köşgünde hut şu ýetenokdy. Paopiniň ýigriminji güni faraon Gün doganda ukudan oýandy we harby hereketleriň teatryna golaý bolmak üçin, esasy köşkden Memfisiň golaýynda ýerleşýän kiçiräk mülke bardy. Mülküň bir tarapynda Aziýa goşunlarynyň esgerhanasy, beýleki tarapynda Tutmos bilen onuň ýassykdaşy, näzenin Hebronyň kiçi köşgi ýerleşýärdi. Ramsesi ol ýere wepaly welmožalary hem-de çendenaşa ynama giren birinji saýlama ýygyny ugratdy. Ramses XIII-niň keýpi çagdy. Ol suwa düşdi, ertirligini işdä bilen iýdi. Soňra her çärýek sagatdan Memfisden gelýän çaparlary diňläp ugrady. Olaryň getirýän habarlaryýüregedüşgünç birmeňzeşdi: ýokary žreslerdir Herihor bilen Mefresiň ýolbaşçylygynda ýokary žreslerdir birnäçe häkim Ptaha ybadathanasynda beklenipdirler. Goşunlaryň esgerleri ruhubelent, halk tolgunýar. Olaryň hemmesi faraona minnetdarlyk bildirýärler hüjüm etmäge buýruga garaşýarlar. Sagat dokuzda gelen dördünji çapar ýene şol bir zady gaýtalanda, faraon ýüzüni egşitdi. — Olar nämä garaşýarlar? Goý, gyssagly hüjüme geçsinler — diýdi. Çapar ybadathanalara çozup, bürünç derwezeleri döwmeli märekäniň serkerdeleriniň heniz ýygnanmandygyny aýtdy. Bu düşündiriş faraona ýaramady. Ol başyny ýaýkady. Hüjümi çaltlandyrmak hakdaky buýruk bilen Memfise serkerde ýollady. — Olar ne sebäpden haýal-ýagallyga salýarlar? Esgerler meni ybadathanalaryň basylyp alnandygy hakdaky habar bilen ukudan oýararlar öýdüpdim weli...Şeýle ýagdaýlarda hereketiň çaltlygy üstünligiň wajyp şertidir — diýdi. Serkerde gitdi, emma Ptaha ybadathanasynda üýtgän zat bolmady. Halk nämedir bir zada garaşýardy, serkerdeleriň ýerleri bolsa henizem boş durdy. «Kimdir keseki biriniň emri buýruklaryň ýerine ýetirilmegini saklaýar-ow» diýip, pikir etse boljakdy. Irden sagat onda şa aýaly Nikotrisa oturan kejebe geldi. Örän hormatly şa aýaly oglunyň otagyna güýç bilen diýen ýaly urduryp girdi-de, gözlerinden ýaş döküp, onuň aýagyna ýykyldy. Ramses gaharyny zordan gizleýşine: —Eýgilikmi, eje jan? Aýallaryň ýeriniň harby düşleg däldigini sen, näme, unutdyňmy? — diýip sorady. Ejesi: — Men şu gün bärden gitmerin, seni-de sähel salymam ýeke goýmaryn. Dogry, sen Isidanyň ogly bolaňsoň, ol seni penasynda saklaýar. Ýöne muňa garamazdan, men birahatlykdan ölerin — diýip batly gepledi. Faraon egnini ýygryp; —Ýeri, maňa näme howp salýarmyşyn? — diýip sorady. Gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýän şa aýaly: — Ýyldyzlara syn edýän žres hyzmatkär aýallaryň biriniň ýanynda eger şu gün...eger şu gün seniň üçin sag-aman geçse, ýüz ýyl ýaşajakdygyňy, patyşalyk etjekdigiňi aýdypdyr — diýip jogap gaýtardy. — Gör nähili! Meň ykbalymdan şeýle gowy habarly şol kişi nirede? — Memfise gaçypdyr. Faraon oýa batdy. Soňra ýylgyrdy-da: — Biziň Aşgarly köllerde liwileriň atan peýkamlarydyr daşlaryndan gorkmaýşymyz ýaly, şu gün žresleriň atýan haýbaty-da gorkuly däl...Arkaýyn bol, eje jan...Hatda žreslerem bolsa, boş lakgyldy peýkamdyr daşlardan howply däldir — diýdi. Memfisden gelen täze çapar ähli zadyň gowudygy, ýöne...märekäniň hereket etmeýändigi baradaky habary ýetirdi. Faraonyň owadan ýüzünde gahar alamaty peýda boldy. Tutmos hökümdary köşeşdirdi: — Halk diýeniň goşun däl ahyry. Ol ne-hä bellenilen wagtda ýygnanmagy başarýar, ne-de buýruga gulak asýar. Eger ybadathanalary eýelemek ýygynlara tabşyrylan bolsa, olar eýýäm şol ýerde bolardylar. Ramses: — Meň buýrugym boýunça goşunyň hüjüm etmeli däl-de, eýsem, ybadathanalary märekeden goramalydygyny sen, näme, unutdyňmy? — diýdi. — Hereketler, ine, şu sebäpli gijikdirilýär — diýip, Tutmos gaharlyrak jogap gaýtardy. Şa aýaly ajysyny pürkdi: —Patyşanyň maslahatçylary bolaýşyňyzy! Faraon-a hudaýlary öz goragyna alyp, akylly hereket edýär, siz bolsa ony zorluga iterýärsiňiz! Tutmosyň gany depesine urdy. Bagtyna, kömekçisi ony otagdan çagyryp, derwezäniň ýanynda onuň hormatlysy bilen gürleşmek isleýän bir ýaşuly adamyň saklanandygyny habar berdi. — Hamala, faraon naharhananyň eýesi ýaly, şu gün her kim göni onuňýanyna barmak isleýär — diýip kömekçisi hüňürdedi. Tutmos Ramses XIIIhakda şeýle diýmäge hiç kimiň ýürek edip bilmejekdigi hakda oýlandy. Ýöne muny eşitmediksiredi. Garawullaryň saklan ýaşulusy finikiý Hiram bolup çykdy. Onuň egninde tozan siňen esger ýapynjasy bardy; ýadawdygy, gaharlydygy görnüp durdy. Tutmos ony goýbermegi emir etdi. Bagda ikiçäk galanlarynda: — Men, hormatlymyz, sen suwa düşüp, eşigiňi çalşyrýançaň, oň hormatlysyndan seni kabul etmegini soraýyn – diýdi. Hiram çalaran gaşyny çytdy weli, gözlerine has-da gan indi: — Gören zatlarymdan soňra, men kabul edişliksizem oňaryn — diýip, gödek jogap gaýtardy. — Seň ýanyňda ýokary žresleriň assirililere ýazan haty bardyr ahyry? — Žresler bilen ýaraşanyňyzdan soňra ol hatyň size nämä geregi barmyşyn? — Seň aýdyp duran zadyň näme, hormatlymyz? — diýip, Tutmos geň galdy. —Men näme aýdýanymy bilýän. Siz, hamala, Müsüri žresleriň hökmürowanlygyndan halas etmek üçin, finikiýlerden onlarça müň talant aldyňyz, indi bolsa bizi talaýarsyňyz, gyran-jyran edýärsiňiz! Deňizden başlap, gapymyzyň agzyna çenli näme boýandygyny gör: siziň garamaýaklaryňyz ähli ýerde edil it ýaly bolup, finikiýleri yzarlap ýörler — žresleriň buýrugy şeýle... — Sen aklyňdan azaşypsyň, finikiý! Edil häp-häzir biziň halkymyz Memfisdäki Ptaha ybadathanasyny gabawda saklaýar. Hiram elini salgap goýberdi. — Ony eýelemek size başartmaz. Siz ýa-ha bizi aldaýarsyňyz, ýa-da özüňiz aldanypsyňyz. Siz Ötlem-ötlem jaýy, onuň hazynahanasyny ýigrimi üçünji paopide almagy niýetlenipdiňiz. Ýöne şol bir wagtda öz güýjüňizi Ptaha ybadathanasynda sarp edýärsiňiz, Ötlem-ötlem jaý elden gitdi hasap edäýiň...— Finiki tolgunyp, sözüni dowam etdirdi. — Bärde nämeler bolup geçýär? Hany akyl-paýhas? Boş ymaratlara hüjüm edeniňden ne peýda? Ol diňe Ötlem-ötlem jaýyň goragynyň güýçlendirilmegine getirer! Tutmos: — Ötlem-ötlem jaýy-da alarys!— diýip batly aýtdy. — Siz hiç zadam almarsyňyz! Hiç zat! Ötlem-ötlem jaýy diňe bir adam — siziň Memfisdäki şu günki şowsuzlygyňyz päsgel berýän adam alyp bilerdi. Tutmos bagýodanyň ortasynda aýak çekdi. — Aýt ahyry, näme boldy? — diýip sorady. — Höküm sürýän baş-başdaklyk, siziň indi hökümet däl-de, eýsem, žresler islän ýerine kowup ýören bir bölejik serkerdedir welmoža öwrülmegiňiz niýetiňize badak atar. Ynha, eýýäm üç gün bäri tutuş Aşaky Müsürde şeýlebir bulagaýlyk höküm sürüp, garamaýak halk siziň ýeke-täk dostlaryňyz bolan finikiýleri gyran-jyran edip ýörler. Nämüçin? Sebäbi häkimiýet siziň eliňizden sypyp, ony eýýäm žresler garbap tutdular. Tutmos: —Sen ýagdaýy bilmeýändigiň üçin şeýle diýýäň. Žresler aýaga galyp, halky finikiýleriň garşysyna küşgürýärler, ýöne häkimiýet faraonyň elinde, ähli zadam onuň buýrugy boýunça bolup geçýär — diýdi. Hiram: — Şu gün Ptaha ybadathanasyna hüjüm edilmegi-de şoň esasyndamy? — diýip sorady. — Hawa. Gizlin maslahata meniň özüm gatnaşdym, faraon ybadathanalary ýigrimi üçüne däl-de, şu gün eýelemegi emir etdi. —Bä, şeýlemi...Onda, saýlama goşunyň öňbaşçysy, men saňa işiňiziň gaýdandygyny mälim edýärin! Sebäbi şu günki hüjüm edilmäniň baş žreslerdir häkimleriň Ptaha ybadathanasynda karar edilendigini men anyk bilýän. — Öz üsüne çozdurmak hakda dilleşmek olara nämä gerek bolduka? — diýip, Tutmos ýaňsyly sorady. —Ýöne ýere şeýden däldirler. Olaryň öz işlerini sizden gowy alyp barýandyklaryna men göz ýetirdim. Kömekçiniň gelip, Tutmosy faraonyň ýanyna çagyrmagy bilen, ikisiniň gürrüňiniň arasy kesildi. Hiram: — Hä, hawa, tas ýadymdan çykan eken. Siziň esgerleriňiz faraona wajyp bir zat aýtmakçy bolýan žres Pentueri saklapdyrlar — diýdi. Tutmos kellesini tutdy-da, derrew kömekçisini Pentueri gözlemäge iberdi. Özi bolsa faraonyň ýanyna ugrady. Sähel salymdan dolanyp gelibem, finikiýi yzyna düşürip alyp gitdi. Faraonyň ýanyna giren Hiram ol ýerde şa aýaly Nikotrisany, baş gaznaçyny, ýokary mürzäni we birnäçe harby serkerdeleri gördi. Ramses XIII gyjynyp, otagda eýläk-beýläk gezmeleýärdi. Şa aýaly finikiýi görkezip: — Faraonyň hem-de Müsüriň bagtyny ýatyran, ine, şu! — diýip gygyrdy. Hiram özüni ýitirmedi. Ol aýala baş egdi. Soňra: — Belent mertebeli, hanym, kimiň faraonyň wepaly, kimiň bolsa biwepa hyzmatkäri bolandygyny wagt görkezer — diýdi. Ramses XIII birden Hiramyň öňünde saklandy. — Herihoryň Assiria haty seň ýanyňdamy? – diýip sorady. Finikili geýiminden bukja çykaryp, ony sesini çykarman faraona uzatdy. — Maňa gerek zat, ine, şudy! Ýokary žresleriň ýurda dönüklik edendiklerini halka gyssagly mälim etmeli! — diýip, faraon begençli seslendi. —Oglum! Ataň kölegesin, biziň hudaýlarymyzy orta goýup ýalbarýan: bu habary mälim etmekden birnäçe gün saklan. Finikiýleriň sowgatlaryndan örän ägä bolmalydyr! — diýip, şa aýaly özelenip haýyş etdi. — Hökümdar, sen bu hatlary hatda ýakybam bilersiň. Meniň üçin olaryň hiç hili gymmaty ýok — diýip, Hiram söz oklady. Faraon pikirlendi, soňra bukjany gursagynda gizledi. Ol Hiramdan: — Ýeri, sen Aşaky Müsürde näme eşitdiň? — diýip sorady. — Ähli ýerde finikiýlere sütem edýärler. Biziň öýlerimizi ýumurýarlar, emlägimizi talaýarlar, eýýäm birnäçe adamyň ganyna galyndy. —Men habarly. Bu žresleriň işi. — Sen, oglum, gowusy munuň hudaýsyzdyklary, doýmaz-dolmazdyklary üçin finikiýlerden ar alynmadygyny aýt — diýip, şa aýaly gürrüňe goşuldy. Hiram şa aýalyna seretmän, gürrüňini dowam etdirdi: — Bubastyň tertip-düzgüne gözegçilik edýän edarasynyň başlygynyň iki kömekçisi bilen Memfise gelenine üç gün boldy. Olar ganhor hem-de kezzap Likonyň nirededigini bilipdirler... — Finikilileriň ybadathanalarynda terbiýeleneniň... — diýip, şa aýaly Nikotrisa ajysyny pürkdi. Hiram: — Baş žres Mefres tarapyndan tertip-düzgüne gözegçilik edýän hem-de kazyýet edaralaryndan gaňrylyp alnan Likonyň...Fiwyda siziň hormatlyňyz bolansyrap, däli ýaly, bagda ýalaňaç ylgan Likonyň...—diýdi. Faraon; — Seň aýdyp duran zadyň näme? — diýip gygyrdy. Hiram: —Hökümdar, öz belent mertebeli ejeňizden soraň. Ol ony görüpdi — diýip jogap gaýtardy. Ramses ejesine aljyraňňylyk bilen seretdi. Şa aýaly: — Hawa, men şol myrryhy gördüm, ýöne gynandyrmajak bolup, saňa hiç zat aýtmadym. Ýöne Likonyň žresler tarapyndan iberilendigini kim subut edip biljekmişin? Ony finikiýlerem kem-köstsüz edip bilerdiler ahyry...—diýdi. Hiram ýaňsyly ýylgyrdy. Ramses ýangynly gepledi: — Wah, eje! Eje jan! Näme, seň ýüregiňe menden žresler ýakyn boldumy? — Sen meň oglum hem-de jenabym, jahanda maňa senden zyýada hiç kim ýok! – diýip, ejesi joşgunly gepledi. — Emma men ýat kişiniň, butparazyň ikimiziň aslymyz bolan keramatly žresler toparyna töhmet atmagyna ýol berip bilmen! — Ol dyzyna çöküp, gygyrdy. — Ramses! Özüňi ybadathanalary masgaralamaga, babaň Amenhotepiň ýoluny dowam etdirýäne dil ýetirmäge itekleýän ýaman niýetli maslahatçylary ýanyňdan kow! Müsüri halas etmek üçin...entek ýaraşmaga wagt bar... Birden otaga sal-sal eşikli Pentuer girdi. Faraon: - Ýeri, sen näme aýtjak? – diýip, adaty bolmadyk arkaýynlyk bilen sorady. Žres: — Şu gün, belki, edil häzir Gün tutulmasy bolup geçjek — diýip, tolgunyp jogap gaýtardy. Faraon bu garaşylmadyk habara hatda syçrap düşdi. — Gün tutulmasy bilen meň ne işim bar? Ylaýta-da, häzirki pursatda? — Jenap, gadymy ýyl ýazgylaryndaky Gün tutulmasynyň beýanyny okaýançam, menem şeýle pikir ederdim. Bu howply, gorkunç ýagdaý bolansoň, tutuş halky habardar etmek zerur. — Hökman — diýip, Hiram aýdylanyň üstüni ýetirdi. Tutmos žresden: — Sen nämüçin bizi öňünden habardar etmediň? — diýip sorady. — Esgerler meni iki gün zyndanda sakladylar...Biz indi halka duýduryp ýetişmeýäris. Emma başagaýlyga düşmez ýaly, hiç bolmanda köşkdäki garawullara habar ýetiriň. Faraon aýalaryny urdy, «Gör, nähili şowsuzlyk» diýip pyşyrdady. Soňra daşyndan: — Ol nähili bolup geçmeli? Haçan?– diýip sorady. — Günidizlik gijelige öwrülmeli. Ol bäş ýüz ädim geçmek üçin näçe wagt gerek bolsa, şonça wagt dowam eder. Özi-de günortan başlamaly. Menes maňa şeýle diýdi. — Menes — diýip faraon gaýtalady. — Özi-hä maňa tanyş at... — Ol bu hakda saňa ýazypdyr, hökümdar!..Wagt ýitirmän, goşunlara habar etseňizläň! Derrew surnaýlar ýaňlandy. Ýörite goşun we aziýalylar doly ýaraglanyp, hatara düzüldiler. Daşyny goşunlary dolandyrýan merkeziň adamlary gallan faraon esgerelere Günüň tutuljakdygyny habar berdi, olar gorkmaz ýaly, «Tümlük basym aýrylar, men siziň ýanyňyzda bolaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Gös-göni bolup duran hatarlardan: — Baky ýaşa! — diýen ses ýaňlandy. Şol bir wagtyň özünde Memfise birnäçe atly ugradyldy. Harby serkerdeler hatarlaryň başynda durdular, pikire çümen faraon howluda eýläk-beýläk gezmeleýärdi, ýokary wezipeli adamlar ýuwaşjadan Hiram bilen gepleşýärdiler. Ýeke özi galan şa aýaly bolsa, Osirisiň heýkeliniň öňünde özüni ýüzin goýberdi. Töwerek garalyp ugran mahaly sagat ikidi. Faraon Pentuerden: — Hakykatdanam, agşam düşermi? — diýip sorady. — Hawa. Ýöne uzak dowam etmez. — Onsoň Gün nirä gider? — Aýyň aňyrsynda gizlener. Faraon: «Ýyldyzlara syn edýän žreslere sowuk garap ýörmän, merhemetli bolmaly» diýip oýlandy. Töwerek derrew tümlüge gark boldy. Aziýalylaryň atlary biynjalyk bolup ugradylar, guş sürüsi aşak indi we batly sesler bilen bagyň ähli agaçlarynyň üstüni örtdi. Kalipp ýunanlara: — Eý, aýdymçylar! — diýip buýruk berdi. Deprekler gümmürdäp, surnaýlar çirkin ses edip ugradylar; grek ýygyny şol saza goşup, ähli zatdan juda gorkansoň, diňe esgerhanada ýatyp bilýän žresiň gyzy hakdaky aýdymy aýtdylar. Sary reňkli liwiý baýyrlaryna düşen elhenç kölege ýyldyrym çaltlygynda Memfisi, Nili, köşgüň baglaryny öz gujagyna gysdy. Tümlük Zemini büredi, asmanda bolsa otly agyl bilen gurşalan, edil kömür ýaly gara şar peýda boldy. Bijaý gaty sesler grek ýygynynyň aýdymyny basdy — azialylar harby çagyryş edipdiler we Güni ýuwutmak islän ýaramaz ruhy gorkuzmak isläp, asmana peýkamlaryň ummasyz toplumyny atypdylar. Faraon Pentuerden: — Seň aýtmagyňa görä, bu gara halka Aý-da? — diýip sorady. —Menes şeýle diýip nygtaýar. — Ol akylyň öýjügi! Häzir garaňky syrylmalymy? —Hökman. — Eger Aý asmandan goparylaga-da, Ýere gaçsa näme? —Bu boljak zat däl. Hol-ha, Günem göründi! — diýip, Pentuer şatlykly seslendi. Ýygynlarda Ramses XIII hormatyna çagyryş ýaňlandy. Faraon Pentueri gujaklady. — Dogrudanam, biz täsin hadysa gördük. Ýöne men ony ýene bir gezek görmek islämok. Eger men esger bolmanlygymda, gorky ýüregimi eýelärdi — diýdi. Hiram Tutmosyň ýanyna gelip: — Edil häziriň özünde Memfise çapar ýolla. Men ýokary žresleriň bir ýaramaz iş etmeklerinden howatyrlanýan — diýdi. — Şeýle pikir edýämiň? Hiram baş atdy. Soňra: — Şu günki ýaly ýagdaýdan peýdalanmagy oňarmanlygynda, olar ýurdy şeýle uzak wagtlap dolandyrmazdylar, on sekiz neberäni başdan geçirmezdiler — diýdi. Esgerelere görkezen çydamlylyklary üçin minnetdarlyk bildirip, faraon öz ýerine dolandy. Ol häli-şindi pikir ýumagyny çözleýärdi, arkaýyn, hatda sypaýy geplese-de, owadan ýüzünde nähilidir bir ynamsyzlyk bardy. Ramsesiň kalbynda ezýetli göreş gidýärdi. Hökümdar žresleriň özüniň hasaba almak-ha beýlede dursun, hatda ret eden, ol hakda bilmegem, eşitmegem islemedik güýje eýe ekendigine düşünip başlapdy. Ýyldyzlaryň hereketini synlaýan žresler onuň gözüniň alnynda derrew beýgeldiler. Onsoň faraon adamlaryň etsem-goýsamlaryny şeýle elhençlik bilen bulaşdyryp goýberýän bu haýran galdyryjy pähimliligi hökman öwrenmelidigi barada oýlandy. Gün tutulan mahaly ol ýerde näme bolup geçendigini bilmek üçin, patyşanyň köşgünden Memfise çapar yzyndan çapar ýollanýardy. Emma olar dolanyp gelenokdylar. Ine, onsoň faraonyň golaý adamlarynyň depesinde nämälimligiň gara ganatlary ýaýyldy. Ptaha ybadathanasynda nähilidir bir ýaramazlygyň bolup geçendigine hiç kim şübhelenmeýärdi, emma hut näme bolup geçendigi barada güman etmäge weli hiç kim ýürek edip bilenokdy.Göýä faaraon-da, onuň ynamdar adamlary-da habarsyz geçýän her bir salyma begenýän ýaly bolup görünýärdi. Şol wagtda şa aýaly faraonyň ýanyna geçip: — Maňa hereket etmäge ygtyýar ber, Ramses. Aýallar biziň döwletimize telim gezek hyzmat edendirler. Diňe altynjy nebereden Nikotrisany45 ýa-da Gyzyl deňizde ýygyn döreden Makarany46ýadyňa sal. Biziň jynsymyza akyl-da, güýç-de ýeterlikdir. Hawa, maňa hereket etmäge ygtyýar ber...Eger Ptaha ybadathanasy heniz eýelenmedik, žreslerem masgaralaçylyga sezewar edilmedik bolsa, men seni Herihor bilen ýaraşdyraýyn. Sen onuň gyzyna öýlenersiň, patyşalyk süren döwrüňem şan-şöhrata beslener... Ýadyňda sakla, seniň babaň, keramatly Amenhotepem ýokary žres hem-de faraonyň bellän hökümdary bolupdy. Kim bilýär, eger-de keramatly topar tagtda köki özünden gaýdýan adamy görmegi arzuw etmänliginde, sen häzir patyşalyk süräýerdiňmikäň? Öz hökmürowanlygyň üçin senolara şeýle minnetdarlyk bildirýärmiň? — diýip pyşyrdady. Faraon ony diňleýärdi hem-de žresleriň parasatlylygynyň uly güýçdügi, şeýle bolansoň olar bilen çaknyşmagyň kyndygy hakda oýlanýardy. Diňe sagat dörtden işlände Memfisden ilkinji çapar — ybadathananyň ýanynda duran ýygynyň serkerdesiniň kömekçisi geldi. Ol ybadathananyň hudaýlaryň gahary sebäpli alynmandygyny, halkyň çar tarapa ökje göterendigini, žresleriň şady-horramdyklaryny, azajyk pursatam bolsa, kejebäni daraldan aýylganç garaňkylykda hatda esgerleriň arasyndabaşagaýlygyň başlanandygyny faraona ýetirdi. Soňra kömekçi Tutmosy bir gyra çekip, goşunlaryň ruhdan düşendigini, tertipsiz gaçha-gaçlyk sebäpli diňe söweşden soň ýaralylardyr ölenleriňsany näçe bolýan bolsa, ýygynlaryňam ýitgisiniň şonça bardygyny açyk aýtdy. — Ýygynlaryň ýägdaýy nähili? — diýip, Tutmos gorkuly sorady. — Elbetde, esgerleri ýygnap, hatara duruzmak bize başartdy, ýöne olary ybadathanalara sürmek hakda weli gürrüň bolup bilmez, aýratynam häzir, žresler ýaralylara kömek edýän mahalynda. Takyr kelle bilen babyryň derisi görnenden esgerler özlerini ýere goýbermäge taýýar. Ine, onsoň olardan kimdir biri ybadathananyň germewinden ätlemäge ýürek edip bilýänçä köp wagt geçer – diýip, kömekçi jogap gaýtardy. — Ýeri, onsoň žresleriň ýagdaýy nähili? — Esgerler üçin doga-dileg edýärler, olary naharlaýarlar; özlerini, hamala, ybadathana çozulmagynda esgerleri däl-de, eýsem, hilegär finikiýleri günäkerleýän ýaly alyp barýarlar. Tutmos: — Sizem onsoň olaryň şeýdip ber-başagaýlyga düşmeklerine ýol berdiňizmi? — diýip gygyrdy. Kömekçi: — Oň hormatlysy bize žresleri märekeden goramagy emir etdi. Eger bize ybadathanalary eýelemäge rugsat edilenliginde, biz-ä eýýäm irden sagat o:nda şolarda bolardyk, žresler-de ýerzeminlerde oturardylar — diýip jogap gaýtardy. Şol wagt nobatçy serkerde Memfisden gelen ýene haýsydyr bir žresiň onuň hormatlysy bilen gürleşmekçi bolýandygyny Tutmosa habar berdi. Tutmos gelen adama göz gezdirdi. Ol ýüzi agaçdan çapylyp ýasalan ýaly, heniz juda ýaş kişidi. Ol garaona Samontuwdan gelendigini aýtdy. Ramses žresi şobada kabul etdi. Ol özüni ýere goýberip, hökümdara ýüzük uzatdy. Ony gören faraonyň ýüzi agardy. — Bu näme boldugy? — diýip sorady. - Samontu heläk boldy. Ramses birsalym geplemäge ýaramady. Soňra özüne geldi. - Näme bolup geçipdir? — Megerem, Samontu Ötlem-ötlem jaýyň otaglarynyň birinde ele düşüp, gynalmadan halas bolmak üçin özüni zäherlän bolsa gerek...Ony Mefres haýsydyr bir gregiň üsti bilen tapaýan ýaly. Aýtmaklaryna görä, ol siziň hormatlyňyza juda meňzeşmişin. Ýeňsedamary gatan Tutmos: —Ýene Mefres bilen Likon! Hökümdar, sen, näme, bu dönüklerden hiç haçan dynjak dälmi? — diýip, sesini gataldyp gepledi. Faraon gaýtadan gizlin maslahat geçirip, oňa Hiramy hem-de Samontuwyň ýüzügi bilen gelen žresi çagyrdy. Pentuer maslahata gatnaşmak islemedi, mertebesi belent şa aýaly Nikotrisa bolsa oňa çakylyksyz bardy. — Žreslerden soňra sizde heleýler öňbaşçy bolaýmasa ýagşydyr — diýip, Hiram Tutmosyň gulagyna pyşyrdady. Welmožalaryň başy jem bolanda, faraon Samontuwyň ynanan adamyna söz berdi. Ýaş žres Ötlem-ötlem jaý barada hiç zat aýtmak islemedi, oňa derek Ptaha ybadathanasynyň asla goralmaýandygy, onda gizlenenleri tutmak üçin birnäçe esgeriň ýeterlikdigi hakda gürrüň berip ugrady. Şa aýaly: — Bu adam — dönük! Özi žres weli, bize žreslere zorluk etmegi öwredýär — diýip gygyrdy. Ýöne ýaş žres ajy sözi ýüzüne almady. Ol: —Belent mertebeli hanym! Mefres meniň halypam, arkadaýanjym Samontuwyň başyna ýetdi. Eger arymyzy ýerine salmasak, meniň it boldugymdyr. Ölüm üçin ölüm! — diýip garşylyk görkezdi. Hiram: — Bu ýigit maňa ýaraýar! — diýip pyşyrdady. Dogrudanam, ýygnanalaryň arasynda şemal öwsen ýaly boldy. Harby serkerdeler tijendiler, raýat emeldarlary žrese bilesigelijilik bilen seretdiler, hatda faraonyňam çytylyp duran ýüzi açyldy. Şa aýaly: — Ony diňleme, oglum! — diýip ýalbardy. — Sen nähili pikir edýäň, eger keramatly Samontu häzir diri bolanlygynda näme ederdi? — diýip, faraon birden ýaş žrese ýüzlendi. Žres: — Samontu Ptaha ybadathanasyna aralaşyp, hudaýlara hoşboý ys tütederdi, ýöne dönükleriň, ganhorlaryň temmisini bererdi, men muňa ynanýan — diýip, kesgitli jogap gaýtardy. Köşeşmeýän şa aýaly: — Men bolsa seň iň bir zandyýaman dönükdigiňi gaýtalap aýdýan! —diýdi. — Men diňe öz borjumy ýerine ýetirýän — diýip, žres arkaýynlyk bilen jogap gaýtardy. Gürrüňe Hiram goşuldy: — Dogrudanam, bu ýigit Samontuwyň şägirdi. Biziň näme etmelidigimizi diňe şu anyk bilýär. Harby hem-de raýat welmožalar Hiramyň aýdany bilen ylalaşdylar, ýokary mürze bolsa onuň üstüni ýetirdi: — Rast, biz žresler bilen ýaka tutuşdykmy, ony soňuna çenli alyp gitmeli. Has-da şu gün şeýtmeli: bizde Herihoryň döwlete dönüklik edendiginiň — assiriler bilen gepleşikler geçirendiginiň üstüni açýan hatlar bar. — Herihor Ramses On ikinjiniň syýasatyny ýöredýär — diýip, şa aýaly gürrüňe goşuldy. — Ýöne men — Ramses On üçünji — diýip, faraon gaharly jogap gaýtardy. Tutmos ýerinden turdy. — Meň hökümdarym, maňa hereket etmäge ygtyýar ber. Ynamsyzlyk ýagdaýyny süýndürmek howpludyr, pursatdan peýdalanmazlygam jenaýat hem-de samsyklyk bolar. Bu žresiň ybadathananyň goragsyzdygyny aýdýandygy üçin, maňa ol ýere öz ýygnajak çaklaňja goşunym bilen gitmäge ejaza ber — diýdi. Gapdaldan Kalipp seslendi: — Menem seniň bilen! Heşelle kakýan duşmanyň gowşak duşman bolýandygyny men tejribämden bilýän. Eger biz edil häziriň özünde Ptaha ybadathanasyna kürsäp girsek... Ýokary žres: —Size kürsäp girmegiň zerurlygy ýok. Ol ýere özüňize dönügi tutmagy tabşyran faraonyň buýrugyny ýerine ýetirijiler hökmünde girip bilersiňiz. Munuň üçin hatda güýç ulanmagam hökman däl...Tertip-düzgüne gözegçilik edijiniň bir özi häli-şindi ogrularyň ordasyna baryp, näçesini islese, öňüne salyp gaýdýar ahyry... Şa aýaly: — Meň oglum siziň maslahatyňyza gulak gabardýar. Ýöne ol zorluk islänok, ony size gadagan edýär...—diýdi. Set ybadathanasynyň ýaş žresl: — Hym. Eger şeýle bolsa, ýene bir ýagdaý bar, men şony onuň hormatlysyna ýetireýin — diýdi. Soňra demini dürsedi-de, sesini peseldip, sözüni dowam etdirdi. – Žresleriň topary Memfisiň köçelerinde...neme...yglan edip ýörler... — Nämäni? Nämäni yglan edip ýörler? Çekinme-de, aýt! — diýip, faraon ony gyssady. — Seň, hökümdar, aklyňdan azaşandygyňy...Seniň ýokary žreslik derejesini almandygyňy, hatda entek patyşanyň täjiniň geýdirilmändigini...Seni...tagtdan agdaryp boljakdygyny... — Men, ine, şundan gorkýan! — diýip, şa aýaly pyşyrdady. Faraon ýerinden atylyp turdy. Ol: — Tutmos! — diýip gygyranda, sesinde gaýdyp gelen güýç duýuldy. — Näçe isleseň esger al-da, Ptaha ybadathanasyna ugra. Döwlete dönüklik etmekde aýyplanýan Herihor bilen Mefresi meniň ýanyma alyp gel. Eger olar aklansalar, men olara öz merhemetimi gaýtararyn. Tersine bolan ýagdaýynda-da... —Sen näme aýdýanyňa düşünýämiň? — diýip, ejesi onuň sözüni kesdi. Gazaba münen faraon bu gezek oňa jogap gaýtarmady. Maslahata gatnaşanlar bolsa: — Dönüklere ölüm! Faraonyňharamzadalaryň merhemetineeýe bolmak üçin öz wepaly hyzmatkärlerini pida eýlemegi Müsürde, heý, owal -ahyr görlen zatmydyr? —diýşip gygyryşdylar. Ramses XIII içinde Herihoryň Assiriýa ýazan haty bolan bukjany Tutmosa berip, duranlara dabaraly ýüzlendi: — Men žresleriň gozgalaňy köşeşýänçä erk-ygtyýarymy saýlama goşunyň ýolbaşçysy Tutmosa tabşyrýaryn. Siz indi oňa gulak asmaly, sen bolsa, belent mertebeli eje jan, öz duýduryşlaryň bilen şoňa ýüzlen. — Akylly hem-de dogry hereket edýäň, hökümdar! Gozgalaňa goşulmak faraona laýykatly däldir, berk erk-ygtyýaryň ýokdugy bolsa bizi heläkläp biler — diýip, ýokary mürze gygyrdy. Maslahata gatnaşanlaryň hemmesi Tutmosa tagzym etdiler. Şa aýaly dat-perýat edip, oglunyň aýagyna ýykyldy. Daşyny harby serkerdeler gallan Tutmos howla çykdy. Birinji saýlama goşuna hatara düzülmegi buýurdy. Esgerlere ýüzlenip: — Maňa biziň hökümdarymyzyň şöhraty üçin janyny pida etmäge taýýar birnäçe adam gerek — diýdi. Ennananyň baş bolmagynda, isleg bildirýänleriň sany gereginden köp boldy. Tutmos: — Siz janyňyzdan geçmäge taýýarmy? — diýip sorady. — Oň hormatlysynyň ady bilen, seniň bilen bile öleris, jenap!— diýip Ennana gygyrdy. Tutmos: — Siz ölmersiňiz-de, nejis jenaýatkärlerden üstün çykarsyňyz. Bu daramaga gatnaşjak esgerler-ä serkerdelige geçiriler, serkerdeler-de iki dereje ýokarlandyrylar. Muny men — faraonyň emri bilen baş serkerde bolan Tutmos aýdýar — diýip jogap gaýtardy. —Baky ýaşa! Tutmos agyr atly goşunyň ýigrimi bäş sany iki tigirli arabasyny goşmagy hem-de olara meýletinçileri goşmagy buýurdy. Öz, şeýle-de, Kalipp ata atlandylar. Memfise tarap ýola düşen kiçiräk goşun tozan buludynda gizlendi. Muny patyşanyň köşgüniň penjiresinden synlap duran Hiram faraona eglip tagzym etdi-de, ýuwaş ses bilen: — Hökümdar, seniň ýokary žresler bilen dil düwüşmändigiňe men diňe indi ynandym — diýdi. Faraon gaharlandy. — Sen aklyňdan azaşypsyň! — Bagyşla, hökümdar, ýöne şu günki ybadathana hüjüm žresler tarapyndan ýörite gurnalan. Olaryň siziň hormatlyňyzy öz meýilnamasyna nädip çekendigine aklym haýrandyr. Eýýäm ikindin sagat bäşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |