22:12 Faraon -34: romanyň dowamy | |
ON ÜÇÜNJI BAP Paopi aýynyň başynda faraon, şa aýaly Nikotrisa, köşk adamlary Fiwiden Memfisiň etegindäki köşge dolanyp geldiler. Şol gezegem Niliň üsti bilen edilen syýahatyň ahyrky günleri Ramses XIII ýygy-ýygydan pikir derýasyna gark bolýardy. Ol bir gezek Tutmosa ýüzlenip: — Haýran galaýmaly, iki kenarda-da märeke hyň berýär. Hatda biz beýleki tarapa ýüzüp geçenimizde görenimizdenem köp adam bar. Ýöne garşylaýan sesler şowhunly däl-de, hälki bir, göwnümiz üçin; yzymyza düşüp gelýän gaýyklaram az, zyňylýan çemenlerem sanaýmalyja...—diýdi. Tutmos: — Hökümdar, seniň agzyňdan mizemez hakykat çykýar. Dogrudanam, adamlar öňküsi ýaly däl. Megerem, howanyň öte yssydygyndan bolsa gerek, birhili sus görünýärler — diýip jogap gaýtardy. Faraonyň ýüzi ýagtyldy. — Hawa, sen dogry aýdýaň — diýip, oň bilen ylalaşdy. Ýöne Tutmos öz aýdýanyna özi ynananokdy. Ol halkyň faraona birneme sowanyny duýýardy. Iň ýamany, ony hökümdaryň iň golaý adamlary-da aňýardy. Muň Ramsesiň maňlaýyna ýazylan keseliň ýa-da haýsydyr bir syrly pirimiň netijesidigini Tutmos bilenokdy. Ol öz ýigrenjini erkine goýberişine, «Häý, akmak garamaýaklar! Mundan sanlyja gün ozal diňe faraonyň ýüzüni görüp galmak üçin özlerini suwa oklaýardylar. Häzir bolsa şowhunly gygyryşmaga ýaltanýarlar. Olar, näme, ýedinji gün dynç alynjakdygyny, özlerine ýer beriljekdigini unutdylarmyka?» diýip oýlanýardy. Faraon köşge dolanyp gelenden soňra, derrew özüne Ötlem-ötlem jaýyň eldegrilmesizligini bozmak hukugyny bermeli wekilleri çagyrmagy emir etdi. Şol bir wagtyň özünde hem, wepaly emeldarlara, tertip-düzgüne gözegçilik edýän edara žresleriň garşysyna iş alyp barmagy we ýedinji gün dynç alynmalydygyny wagyz etmegi tabşyrdy. Basym Aşaky Müsür ýene arynyň öýjügi ýaly güwläp başlady. Daýhanlar diňe bir baýramçylyklary däl, eýsem, jemgyýetçilik işleri üçin nagt töleg geçirilmegini hem talap edip ugradylar. Işçiler garbanyşhanalardyr köçelerde faraonyň mizemez erk-ygtyýaryny çäklendirmekçi bolýan žreslere sögýärdiler. Jenaýatyň sany artýardy, ýöne kanuny bozujylar kazyýete barmakdan ýüz öwürýärdiler. Mürzeler ýuwaşadylar, özüni kelemenledip goýberjegini bilensoň, olaryň arasynda hiç kim garamaýak adamy urmaga ýürek edip bilenokdy. Ybadathanalara getirilýän sadaka azaldy; welaýatlaryň serhetlerini goraýan hudaýlara häli-şindi daş, hapa zyňýardylar, olary agdaryp goýberýän wagtlary-da az bolmaýardy. Žreslere, häkimlere, olaryň ýaranlaryna gorky aralaşdy. Kazylar bazarlarda, gatnawly ýollarda daýhanyň, işçiniň, hatda söwdagäriň ünsi işden sowýan gep-gybat bilen meşgullanmaly däldigi hakdaky kanuny ýatladýardylar. Ýöne olara gulak gabardýan ýokdy. Märeke, gülki, gykylyk bilen olara çüýrän miweleri, hurmanyň çöplerini zyňýardylar. Tanymal adamlar etek alty, ýeň ýedi köşge eňip, faraonyň aýagyna ýykylyşlaryna, özleriniň dadyna ýetişmegini towakga etdiler. Olar: — Biziň aýagymyzyň astyna Ýer opuryldy, ömrümiziňem sanalgyja günleri galan ýaly. Tebigat hadysasy däli-porhan bolýar, akyl näme etmelidigini bilenok. Eger, hökümdar, sen bizi halas etmeseň, tepbedimiz okalýar... — diýip ýalbardylar. Faraon: — Meň gaznamyň düýbi görnüp ýatyr, goşunymyň sany az, tertip-düzgüne gözegçilik edijilere hak tölenenok. Eger siz başyňyzyň aman bolmagyny isleýän bolsaňyz, maňa serişde tapmaly. Men mümkin bolan ähli zady ederin, tertip-düzgüni dikeltmek başardar diýen tamam bar — diýip jogap gaýtardy. Dogrudanam, faraon goşunlary jemlemegi we olary ýurduň iň zerur ýerlerinde ýerleşdirmegi emir etdi. Ol şol bir wagtyň özünde gündogar serhedi kömekçisine tabşyryp, özi bolsa bäş sany iň gowy goşun bilen Memfise ugramak hakda Nitagora buýruk ýollady. Faraon muny tanymal adamlary garamaýaklardan goramak üçin däl-de, eýsem, eger ýokary žresler Ýokarky Müsüriň ilatyny hem-de ybadathanalara degişli ýygynlary öz garşysyna aýaga galdyraýan ýagdaýynda golunyň astynda uly güýç bolmagy üçin şeýtdi. Paopi aýynyň onunjy güni patyşanyň köşgünde we onuň daş-töwereginde hereket has janlandy: faraonyň Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyndan almakhukugy hakdaky meseläni çözmek üçin wekiller, şeýle-de, bolmanda Müsürde adaty adaty däl ýygnagyň bolup geçjek ýerini görmek isleýän märeke ýygnandylar. Wekilleriň ýörüşi irden başlandy. Öňden ak çepesli, butlarynyň üsti daňyly daýhanlar barýardylar; olaryň her biriniň elinde faraon peýda bolan mahaly arkasyny ýapar ýaly kendiriň galyň bölegi bardy. Daýhanlaryň yzyndan işgärler bilen senetçiler barýardylar; olaram çepeslidi, butlarynyň üsti daňylydy, ýöne ýapynjalary has ýuka matadandy, insizje öňlüklerine dürli reňkli nagyşlar çekilendi. Olaryň yzyndan uzyn köýnekli, ýapynjaly söwdagärler barýardylar; söwdagärleriň käbiri ýasama saçlydy, beýlekileri bolsa el hem-de gyn bilezikleri, ýüzükleri bilen pors atýardylar. Söwdagärleriň yzy bilen ýöräp barýan serkerdeler çepeslidi, ala-mula: gara bilen sary, gök bilen ak, gök bilen gyzyl...çyzmykly kaftanlydy. Olaryň iki sanysynda kaftanlaryň deregine gursaklarynda latun ýarymsowutlar bardy. Ep-esli arakesmeden soňra äpet ýasama saçly, Ýere ýetip duran ak köýnekli on üç adam peýda boldy; olar tanymal kişileriň içinden saýlanyp alnan wekillerdi. Soňra goýy gyzyl zolak ýabşyrylyp tikilen eşikli, kelleleri jygaly häkimler göründi. Ýörüşi ýüzleri, kelleleri ýalpyldap duran, eginlerinden babyryň derisi oklanan žresler jemlediler. Ýygnaga gatnaşjaklar faraonyň uly zalyna girdiler. Ol ýerde biri-biriniň yzynda ýedi oturgyç bolup, iň pessejigi — daýhanlara, iň beýigi — žres toparyna niýetlenendi. Basym tagtyrowanda göterilip alnyp gelnen Ramses XIII peýda boldy. Duranlar özlerini aşak goýberdiler. Beýik tagta geçen iki dünýäniň hökümdary öz tabynlygyndakylara ýerinden galmaga we oturgyçlarda orunlaryny eýelemäge ygtyýar etdi. Olaryň yzyndan içeri ýokary žresler Herihor, Mefres, eli gapyrjakly Ötlem-ötlem jaýyň saklaýjysy girdiler we has pes tagtda ornaşdylar. Faraony harby serkerdeleriň topary gurşady, elleri tawus ýeleginden edilen ýelpewaçly iki ýokary wezipeli adam bolsa onuň arkasyna geçip durdy. Iki dünýäniň hökümdary söze başlady: — Dindar musulmanlar! Gaznanyň düýbi takyrap ýatansoň, meniň köşgümiň, meniň goşunymyň, meniň emeldarlarymyň horlanýandyklary size mälimmi? Özüme edilýän çykdajylar hakda dil ýaramok, sebäbi men edil esger ýaly iýip-içýärin, geýinýärin; islendik harby serkerdäniň ýa-da beýik mürzäniň hyzmätkärleri, aýallary meniňkiden köp. Ýygnananlaryň arasyna makullaýjy pyşyrdy ýaýrady. Ramses sözüni dowam etdirdi: — Henize çenli bir däp dowam edip gelýärdi: gazna serişdä mätäç bolanda, zähmetkeş ilata salynýan salgydyň mukdary artdyrylýardy. Men weli öz halkymy, onuň mätäçligini bilemsoň, üstüne täze agyr ýük atmak islämok, tersine, käbir ýeňillikleri bermek isleýän... Pes oturgyçlardan: — Baky ýaşa, biziň hökümdarymyz! — diýen sesler eşidildi. — Müsüriň bagtyna, biziň döwletimiz hazynalara eýe. Şolaryň kömegi arkaly goşuny berkitmek, emeldarlara hak tölemek, halkyň hajatyna ulanmak, hatda biziň ybadathanalara, finikiýlere eden bergilerimizi-de üzmek boljak. Meniň şöhratly ata-babalarym tarapyndan toplanan şol hazynalar Ötlem-ötlem jaýyň ýerzeminlerinde ýatyr. Emma olary diňe bir ýagdaýda — eger, dindarlar, siziň hemmäňiz bir adam ýaly bolup, Müsüriň mätäçlik çekýändigini tassyklasaňyz, diňe şol ýagdaýda meň, ýagny patyşanyň özümden öňküleriň hazynalaryna eýelik etmäge hukugym bolýar. Ähli oturgyçlardan: — Tassyklaýarys! Ondan näçe gerek bolsa, şonça-da almagyňy towakga edýäris, hökümdar! — diýen sesler ýaňlandy. Faraon: — Hormatly Herihor! Keramatly žresler toparynyň bu meselede nähilidir bir garşylygy barmy? — diýip sorady. Žres ýerinden turdy. — Uly bolmadyk garşylygy bar. Owaldan gelýän kanun boýunça Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyna diňe döwlet her hili serişdelerden bütinleý mahrum bolanda degmäge ygtyýar berilýär. Emma häzir ýagdaý beýle däl. Sebäbi hökümet finikiýlere süýthorçylyk göterimi sebäpli hetdenaşa artan bergilerini tölemekden boýun gaçyrsa, onda bu diňe bir faraonyň gaznasyny doldurman, eýsem, häzir finikiýleriň hyzmatynda bil bükýän ýönekeý halkyň durmuşynam ýeňilleşdirerdi. Oturanlaryň arasyndan ýene makullaýjy pyşyrdy eşidildi. — Seň maslahatyň, keramatly kişi, akyl-paýhasdan püre-pür. Ýöne howply. Sebäbi meniň gaznaçym, hormatly häkimler hem-de tanymal adamlar hiç bolmanda ýekeje gezek bergini gaýtarmazlygy ýüreklerine düwseler, onda biz şu gün finikiýlerden alanymyzy yzyna bermeris, ertir bolsa faraona, ybadathanalara borçludygymyzy unudyp bileris.Ýokardakylaryň göreldesinden ruhlanan ýönekeý halkyň bize bolan gatnaşygy babatdaky öz borçlaryny unutmaga özüni hakly hasaplamajakdygyna kim kepil geçip biler? — diýip, faraon arkaýyn gepledi. Urgy şeýlebir güýçli boldy weli, özüni lapba aşak goýberen hormata mynasyp Herihor iki bükülişine, sesini çykarmady. Faraon: — Sen, Ötlem-ötlem jaýyň ýokary saklaýjysy, näme aýtmakçy? — diýip sorady. — Meň ýanymda içi ak hem-de gara daşjagazly gapyrjak bar. Her bir wekil iki daşjagazdanam alyp, birini küýzä oklasyn. Kim seniň Ötlem-ötlem jaýyň eldegrilmesizdigini bozmagyňa razy bolsa — gara daş; kim hudaýlaryň emläginiň eldegrilmesizligini isleýän bolsa hem — ak daş atsyn — diýip, žres jogap gaýtardy. Faraonyň gaznaçysy onuň gulagyna: — Muňa razy bolma, hökümdar! Goý, her bir wekil ýüregindäkini dilden aýtsyn! — diýip pyşyrdady. — Gadymy däbimize bolmalysy ýaly hormat goýalyň! — diýip, Mefres gapdaldan gürrüňe goşuldy. Faraon kesgitli gepledi: —Bolýar, goý, daşjagazlary küýzä oklasynlar. Meň ýüregim arassadyr, niýetimem üýtgewsizdir. Mefres bilen Herihor biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Ýanyna iki harby serkerde goşulan Ötlem-ötlem jaýyň saklaýjysy oturgyçlara aýlanyp, wekillere daşlary berip ugrady. Halkyň adyndan gelen garamaýaklar öňlerinde duran şeýle ýokary wezipeli adamlary görüp, özlerini ýitirdiler. Olaryň käbiri daşlary almaga ýürek edip bilmän, ýüzin düşüp ýatdylar; küýzä iki daşdan birini oklamalydygyna hem kynlyk bilen akyl ýetirdiler. — Meň hem-ä hudaýlaryň, hem-de oň hormatlysynyň göwünlerini tapasym gelýär — diýip, garry daýhan hüňürdedi. Ahyrsoňy ýokary wezipeli adamlara-ha düşündirmek, garamaýak adamlara-da düşünmek başartdy. Her bir wekil elindaki daşjagazy beýlekilere görkezmän, küýzäniň ýanyna baryp, onuň içine oklaýardy. Şol wagt baş gaznaçy tagtyň ýeňsesinde dyzyna çöküp, faraonyň gulagyna pyşyrdady: — Hazyna elden gitdi! Açyk ses berlenliginde, çözgüt biragyzdan bolardy. Eger küýzeden on-ýigrimi ak daşjagaz çykmasa, goý, meň elim gurasyn! Ramses: — Köşeş, wepaly hyzmatkär. Biziň garşymyza ses beren adamlara garanda, meň golumyň astynda ýygyn köpdür — diýip, ýylgyryp jogap gaýtardy. —Nämüçin beýtdik? Nämüçin beýtdik? Biragyzdan ses berilmese, heý-de, Ötlem-ötlem jaýyň gapysy açylarmy?.— diýip, baş gaznaçy hykylady. Ramsesiň şol ýylgyryp oturyşydy. Ses berişlik tamamlandy. Ötlem-ötlem jaýyň saklaýjysy küýzäni göterip, içindäki daşlary altyn mejimä dökdi: tosgan bir adamyň segsen üç sanysy — gara, sekiz sanysy hem — ak daşjagaz oklan eken. Harby serkerdelerdir emeldarlar özlerini ýitirip, doňup galdylar, Baş žresler bolsa biri-birine begençli seredişdiler. Ýöne olar birden ynjalykdan gaçdylar: Ramsesiň ýüzünden ýylgyrma aýrylanokdy. Faraonyň teklibiniň ýol almandygyny daşyndan yglan etmäge hiç kim het edip bilenokdy. Faraon göýä hiç zat bolmadyk ýaly, özüniň adaty sesi bilen ilkinji bolup gepledi: — Dindar müsürliler, meniň akgöwünli hyzmatkärlerim! Siz meň emrimi ýerine ýetirdiňiz, şeýle bolansoň, meň merhemetim siziň bilendir. Siz iki günläp meň myhmanym bolarsyňyz, soňra sowgatlaryňyzy alyp, öz maşgalaňyza, asuda işiňize dolanarsyňyz. Size sag-salamatlyk dileýän, öz minnetdarlygymy mälim edýän! Faraon öz golaý adamlary bilen zaldan çykdy. Ýokary žresler Mefres bilen Herihor indi biri-biriniň ýüzüne howsalaly seredişdiler. Herihor: — Ol birjigem gynanmady — diýip pyşyrdady. — Oň guduzlan haýwandygyny men aýtdym ahyry. Hatda jebir-jepanyň alnynda-da yza tesjek gümany bolmaz. Eger biz onuň badyny almasak... — diýip, Mefres jogap gaýtardy. — Hudaýlar bizi hem-de öz gaçybatalgalaryny gorap saklarlar... Agşam Ramses XIII otagyna oň iň wepaly hyzmatkärleri bolan baş gaznaçy, baş mürze (mürzelerbaşy), Tutmos hem-de ýunan goşun birikmesiniň serkerdesi Kalipp dagy ýygnandylar. — Wah, hökümdar! Sen neçüýn öz baky ýaşaýan ata-babalaryň ýaly hereket etmediň? Eger-de wekiller açyk ses berenliginde, biziň elimizde eýýäm Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyna eýelik etmäge hukuk bolardy!— diýip, gaznaçy tukatlyk bilen gepledi. — Hormatlymyz hakykaty aýdýar — diýip, ýokary mürze gaznaçyny goldady. Faraon başyny ýaýkady. — Siz ýalňyşýaňyz. Hatda tutuş Müsür: «Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyny gazna bermeli!» diýip gygyranlygynda hem, baş žresler ony bermezdiler. —Eýsem, biz wekilleri nämüçin çagyrdyk? Ol halky hem ynjalyksyzlandyrdy, hem-de umyt oduny tutaşdyrdy. Halk häzir daşgyn mahalyndaky derýäny ýadyňa salýar. — Mendaşgyndan çekinemok. Meň ýygynlarym oň üçin bent bolar...Bu ýygnanyşyk meň garşydaşlarymyň gowşakdygyny mese-mälim görkezdi: biziň üçin — segsen üç daş, olar üçin — sekiz daş. Bu eger olar birgoşun birikmesine bil baglap bilseler, meň on sanysyna bil baglap biljekdigimi aňladýar.Ýalňyş pikire gitmäň, men bilen ýokary žresleriň arasynda çaknyşyk eýýäm başlandy. Olar — gala. Biziň boýun egmek hakdaky teklibimize garşy bolýandygy sebäpli, ony aýgytly hüjüm bilen basyp almaly. Tutmos bilen Kalipp ikisi birden: —Baky ýaşa! — diýip gygyrdylar. — Emir et, hökümdar! — diýip, baş mürze (mürzebaşy) olary goldady. Ramses dowam etdirdi: —Meni diňläň! Gaznaçy, sen tertip-düzgüni goraýan edara, işçi goşunlarynyň serkerdelerine, Seft, Neha-Hent, Neha-Pehu, Sebet-Het, Aa, Ament, Ka welaýatlaryndaky oba arçynlaryna ýüz talant paýlarsyň. Şeýle-de, garamaýak adamlar içgini hem-de onuň üstünden iýilmeli iýmiti mugt alyp biler ýaly, garbanyşhanalarda işleýänlere, kerwensaraý saklaýanlara arpa, bugdaý, çakyr paýlarsyň. Paopiniň ýigrimisine çenli azyklaryň ätiýaçlygy ýerinde bolar ýaly, sen muny gyssagly etmeli. Baş gaznaçy iki bükülip, tagzym etdi. — Sen, mürze, ýaz; ertir günbatar çöllükden wagşylaryň ýygyn dartyp, mukaddes Faýum welaýatyna çozmakçy bolýandygyny köçelerde yglan etmeli...Sen, Kalipp, dört ýunan ýygnyny günorta ýollarsyň. Goý, olaryň ikisi Ötlem-ötlem jaýyň golaýynda dursun, ikisi Hanese çenli süýşsün. Eger žres meýletinçileri Fiwy tarapdan geläýse, siz ony gaýra serpikdirmeli, Faýuma goýbermeli däl. Bilip bolmaz, birden žresler gižželeýän märeke Ötlem-ötlem jaýa howp salyp başlasa, goý, seň ýunan ol ikini islemez ýaly etsinler. Kalipp: —Eger gorag garşylyk görkezse näme? — diýip sorady. — Onda bu gozgalaň bolar — diýip, jogap gaýtaran faraon sözüni dowam etdirdi. — Sen bolsa, Tutmos, üç ýygyny Memfise ugradarsyň hem-de olary Ptahanyň, Isidanyň, Goruň ybadathanalarynyň golaýynda ýerleşdirersiň. Gahar-gazaba münen halk olara aýgytly hüjüm etmekçi bolsa, ýygynlaryň öňbaşçylary derwezeleri eýeläp, garamaýaklary keramatly ýerlere goýbermesinler, ýokary žresleri kemsidilmekden gorasynlar. Ötlem-ötlem jaýda-da, Memfisiň ybadathanalarynda-da ýygynlaryň öňünden elleri ýaşyl şahaly çykjak žresler tapylar. Harby serkerdeler olardan öz adamlaryny tanamak üçin kesgitlenen gizlin sözi sorarlar hem-de degişli maslahatyalarlar. Tutmos: — Eger kimdir biri garşylyk görkezse näme? — diýip sorady. — Diňe gozgalaňçylar faraonyň buýrugyny ýerine ýetirýän däldirler. — Ol ýokary mürzä ýüzlenip, sözüni dowam etdirdi. — Ybadathanalar, Ötlem-ötlem jaý paopiniň ýigrimi üçi güni eýelenmeli. Şonuň üçin hem, Memfisde-de,Faýumda-da halk eýýäm on sekizine ilki kiçiräk, soňra has uly topar bolup ýygnanyşyp başlabermeli. Eger aýyň ýigrimi töweregi kiçiräk bidüzgünçilikler başlasa, olary saklamaly däl. Ýöne olar ybadathanalara diňe ýigrimi ikisi hem-de ýigrimi üçi güni aýgytly hüjüm edip bilerler. Goşunlar şol ýerleri eýelänlerinde, ähli zat köşeşmeli. Tutmos: — Herihor bilen Mefres gyssagly tussag edilse, gowy bolmazmy? — diýip sorady. — Nämä gerek? Iş olar bilen bagly däl-de, eýsem, ybadathanalardyr Ötlem-ötlem jaý bilen bagly. Ýöne goşunlar entek olary eýelemäge taýýar däl. Munuň üstesine, Herihoryň assiriýlere ýazan hatyny ele salan Hiram aýyň ýigrimisinden bärde gara bermez. Şeýlelikde, diňe paopiniň ýigrimi biri güni biziň elimizde ýokary žresleriň dönükdiklerini tassyklaýan subutnama bolar. Bizem ony halka aýan edip bileris. — Men öz goşunlarym bilen Faýuma gitmeli bolarynmy? — diýip, Kalipp sorady. — Ýok. Tutmos ikiňiz meniň ýanymda saýlama ýygynlar bilen galarsyňyz. Ýokary žresler bardy0geldi halkyň belli bir bölegini öz tarapyna çekäýen ýagdaýynda ätiýaçlyk gerek bolar. Tutmos: — Sen, hökümdar, dönüklik edilmeginden gorkaňokmy? — diýip sorady. Faraon elini parhsyz salgap goýberdi. — Dönüklik gutulgysyzdyr, ol jaýryk atan çelekdäki suw ýaly syzylypçykýandyr. Elbetde, ýokary žresler meniň näme etjek-goýjakdygymy az-owlak bilýärler, menem olaryň hyýallaryny bilýän. Özlerinden ilki güýç toplandygym üçin, olaryň meniň bilen oýny deň gelmez. Heý-de, sanlyja günüň içinde uly ýygynlary döredip bolarmy? Tutmos: — Doga-jady edilse näme? — diýip sorady. Ramses güldi. — Getir näçe doga-jadyň bolsa aýpaltanyň ýanyna, bölek-bölek edip taşlasyn! — diýip, batly ses bilen jogap gaýtardy. Tutmos gepiň gerdişine žresleriň Likon bilen bagly pyrryldyklaryny faraona gürrüň bermekçi boldy. Ýöne: «Faraon arkaýyn mahalynda garadan gaýtmazdyr. Gahar-gazaba erkini giderse, ýüregindäkini edip bilmez»diýen pikir bu gezegem oň elinden çekdi. «Serkerde çaknyşygyň öň ýanynda söweşden başga hiç zat hakda pikirlenmeli däldir. Žresler zyndana oklanandan soňra, faraon Likon bilen meşgullanmaga wagt tapar» diýip, Tutmos oýlandy. Faraon oňa galmagy buýurdy. Beýleki üç welmoža eplenip tagzym edip, çykyp gitdiler. Olar faraonyň otagyndan çykanlarynda, ýokary mürze ýeňillik bilen dem alşyna: — Ahyrsoňy! Ahyrsoňy takyr kelleleriň hökmürowanlygy gutarýar! - diýdi. — Olaryň bireýýäm merkini bermelidi — diýip, gaznaçy onuň häsini ýetirdi. — Soňky on ýylda iň bir bolgusyz pygamberiň täsiri Fiwiniň ýa-da Memfisiň häkiminiňkiden uly. — Meň pikirimçe, Herihor paopiniň ýigrimi üçüne çenli gaçyp gitmek üçin, özüne assyrynlyk bilen gaýyk taýýarlaýan bolsa gerek — diýip, Kalipp gürrüňe goşuldy. — Ol şeýtmese, dagy nätsin? Hökümdar ony boýun bolan mahalynda bagyşlar –—diýip, mürze jogap gaýtardy. Gaznaçy oň aýdanynyň üstüni ýetirdi: — Hatda şa aýaly Nikotrisanyň olara penakärlik etmegi bilen, diňe döwletiň gaznasy üçin zerur bolanyny alyp, žreslere öz baýlyklaryny galdyrar. Mürze: — Göwnüme bolmasa, faraon gereginden artyk taýýarlyk görýär. Özüm-ä grek ýygynlary bilen çäklenerdim, halka degmezdim... — diýdi. — Entek ýaş-da...Hereketi, zenzeläni gowy görýär — diýip, gaznaçy öz pikirini aýtdy. Kalipp olara garşy boldy: — Siziň esger däldigiňiz görnüp dur. Mesele göreşe dahylly bolanda ähli güýjüňi tijemek gerek. Sebäbi islendik pursatda garaşylmaýan ahwalatlaryň ýüze çykmagy mümkin. — Elbetde, eger biziň arkamyzda halk durmanlygynda, şeýle bolup biler — diýip, mürze ony tassyklady. — Hemme zat ölçerilip-dökülensoň nähili garaşylmaýan ahwalatlar ýüze çykyp biljekmişin? Hudaýlaryň Ötlem-ötlem jaýy goramaga gelmejekleri-hä belli. — Sen, hormata mynasybymyz, ähli zady nazarda tutmaga çalyşýan serkerdämize ynamyň bolandygy üçin şeýle diýýärsiň. Ýogsam-a, baý, oda-köze düşerdiň. Mürze diýeninden dänerli däldi. — Men, dogrudanam, hiç hili garaşylmaýan zat göremok. Diňe žresler faraonyň aklyndan azaşandygy hakda ýene «myş-myş» ýaýradaýmasalar. Baş gaznaçy pallap, gürrüňiň nokadyny goýdy: — Žresler ähli emelleri ulanarlar, ýöne ol uzak dowam etmez. Maňa faraonyň harby düşleginde orun görkezendigi üçin men hudaýlara minnetdardyryn...Ýatar wagty-da boluberdi öýdýän... Welmožalar gidenden soňra, Tutmos diwarlaryň birindäki gizlin gapyny açdy we Samontuny içeri goýberdi. Faraon Set ybadathanasynyň ýokary žresini juda gadyrly kabul etdi, ogşar ýaly elini uzatdy, gujaklady. Faraon: — Işiň oňuna bolsun, hoşgöwün hyzmatkär! Sen nähili täzelik getirdiň? — diýdi. — Men Ötlem-ötlem jaýda eýýäm ikinji gezek boldum — diýip, žres jogap gaýtardy. — Ýoly-da bilýämiň? — Men ony ozalam bilýädim. Ýöne häzir bir açyş etdim: hazyna saklanýan ýerleriň hemmesi ýumrulyp, adamlary-ha heläkläp, bahasyzbaýlyklary-da ýok edip biljek. Faraon ýüzüni egşitdi. Samontu sözüni dowam etdirdi: — Şoň üçin hem, maňa birnäçe wepaly adamy kömekçi edip bermegi buýur. Men aýgytly çozuş edilmeginiň öň ýanynda gije olar bilen gidip, hazynahananyň...aýratynam, onuň ýokardakysynyň golaýyndaky otaglary eýeläýin... — «Olary öz ýanym bilen alyp gitmekçi» diýýämiň? — Hawa. Ýöne ýeke özüm ýene bir gezek Ötlem-ötlem jaýa gidip, başganyň kömegine daýanmazdan, onuň weýran bolmagynyň öňüni alyp boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny gutarnykly barlaýyn. Sebäbi iň bir wepaly adamlardanam ikilik çykýan mahaly bolýar. Faraon: —Belki, seni eýýäm yzarlap ugrandyrlar? — diýip sorady. Žres gollaryny gursagyna ýetirdi. — Maňa ynan, hökümdar, meni yzarlamak üçin gudrat gerekdir. Olar edil çagalar ýaly gözli kör ahyry. Žresler kimdir biriniň Ötlem-ötlem jaýa aralaşmakçy bolýandygyny eýýäm aňýarlar, ýöne sakçylary hemme kişä mälim bolan girelgeleriň agzynda köpeldýärler. Men bolsa bir aýyň içinde üç gizlin girelgäni tapdym. Garawular ýa-ha olary unudypdyrlar ýa-da asla bilenoklar. Diňe haýsydyr bir ruh meniň Ötlem-ötlem jaýyň içinde aýlanyp ýörendigimi aýan edip, ylaýta-da, haýsy otagda durandygymy görkezip biler. Bu bolsa üç müň otagly, dälizli ýerde asla akyla sygmajak zatdyr... Gürrüňe Tutmos goşuldy: — Hormatly Samontu dogry aýdýar. Biz şol ýigrenjileriňgarşysyna çakdanaşa seresaplylyk edýän ýaly. Žres onuň bilen ylalaşmady: — Beýle diýme, öňbaşçy. Dogry, olaryň güýji hökümdaryň güýjüniň ýanynda çölüň bir gysym çägesidir, ýöne Herihor bilen Mefres akylly adamlardyr. Şeýle bolansoň, olaryňgarşymyza ýaraglaryň üýtgeşik görnüşlerini, üýtgeşik emelleri ulanyp, bizi aljyraňňylyga salmaklary ahmaldyr. Biziň ybadathanalarymyz, ýönekeý halk barada aýdybam oturmaýyn, hatda dana kişileri-de aňk edýän syrlardan püre-pürdür. Faraon: — Olar barada bilýänleriňi maňa gürrüň ber — diýdi. — Seň esgerleriň ybadathanalarda birgiden täsinlikleriň üstünden barjakdyklaryny men ynamly aýdyp biljek. Bir ýerde olaryň öňünde çyra ýanar, beýleki ýerde ýalnyň dili hem-de edrenç nägehanlar gurşap alar; bir ýerde diwarlar öňlerine böwet bolarlar, başga bir ýerde aýaklarynyň aşagy opurylar; galareýanyň birinde depelerinden suw eňteriler, beýlekisinde göze görünmeýän eller daş zyňarlar...Daş-töwereklerinde hem şeýle bir gümmürdi, şeýlebir sesler eşidiler!.. Faraon: — Ähli ybadathanalarda maňa duýgudaşlyk bildirýän kiçi žresler bar, Ötlem-ötlem jaýda bolsa sen bolarsyň — diýdi. — Biziň aýpaltamyzam bolar. Otdan, edrençliklerden yza çekilýän ýa-da syrly sesleri diňlemek üçin wagt ýitirýän esger ýaramaz esgerdir — diýip, Tutmos gapdaldan söz oklady. — Dogry aýdýaň, öňbaşçy — diýip, Samontu ony goldady. — Eger siz batyrgaýlyk bilen öňe gitseňiz, ähli howp-hatarlar owarrasyny taparlar, sesler ýatar, o:t bolsa ýakyp-ýandyrmasyny bes eder. — Žres soňra Ramsese ýüzlendi. — Indi bolsa iň soňky söz, hökümdar. Eger men heläk bolsam... — Beýle diýme — diýip, faraon oň sözüni kesdi. Samontu gepini gussaly dowam etdirdi: — Eger men heläk bolsam, seniň ýanyňa meniň ýüzügimi dakynan ýaş žres geler. Goý, esgerler Ötlem-ötlem jaý bilen meşgullansynlar, sakçylary kowsunlar-da, ymaratdan gitmesinler. Şol ýaş žres meniň galdyran alamatlarym boýunça hazynalara barýan ýoly bir aýda, belki-de, ondanam çalt tapar. — Ol birden dyza çöküp, gürrüňiniň yzyny aýtdy. — Ýöne, hökümdar, senden bir zady towakga edýän duşmandan üstün çykanyňdansoň meniň arymy al, iň esasy bolsa –—Herihora-da, Mefrese-de rehim etme.Sen olaryň nähili zandyýamandygynybileňok! Eger olar üstün çykaýsalar, diňe bir özüň däl, eýsem, seniň neberäňem heläk bolar... Tukatlanan faraon: — Eýsem, ýeňijä geçirimlilik laýykatly dälmidir näme? — diýip sorady. — Hiç hili geçirimlilik, hiç hili rehimdarlyk! — diýip Samontu zarply aýtdy. — Entek olar dirikäler, saňa-da, maňa-da ölüm, biabraýçylyk, hatda biziň jesetlerimizi masgaralamak howp salýandyr, hökümdar. Ýolbarsy eldeki etmek, finiki satyn almak, liwiň, hebeşiniň söýgüsini gazanmak bolar. Haldeý žresiň ýüreginem gozgamak başardar, sebäbi ol edil bürgüt ýaly asmanda ganat ýaýansoň, hiç hili urgudan gorkjak gümany ýokdur. Emma bol-telkiligiň, hökmürowanlygyň mazasyny gören müsürli pygamberiň ýüregini weli hiç zat bilen ýumşadyp bilmersiň. Diňe olaryň ýa-da seniň ölümiňiz söweşitamamlap biler. — Sen dogry aýdýaň, Samontu. Biziň bagtymyza, žresler bilen faraonyň arasyndaky jedeli onuň hormatlysy däl-de, eýsem, onuň esgerleri bolan biz çözeris — diýip, faraonyň ýerine Tutmos jogap gaýtardy. ON DÖRDÜNJI BAP Paopiniň on ikisi güni Müsüriň aýry-aýry ybadathanalaryndan howsalaly habarlar ýaýrady. Soňky günler Goruň ybadathanasynda altar agdaryldy, Isida ybadathanasynda hudaý aýalyň heýkelleri gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdiler, Amon Fiwylynyň ybadathanasyndan hem-de Osirisiň Denderdäki mazarçylygyndan bolsa örän ýaramaz alamatlaryň görünýändigini habar berdiler. Žresler şol alamatlar boýunça aýyň ahyrynda Müsüriň depesinden haýsydyr bir uly betbagtçylygyň injekdigi hakda netije çykardylar. Şunuň bilen baglylykda ýokary žrewsler Herihor bilen Mefres ybadathanalaryň töwereginde ýörüş gurnamagyň hem-de öýlerde sadakalar bermegiň aladasy bilen boldular. Ertesi gün, on üçünji paopide Memfisde dabaraly ýörüş boldy. Hudaý Ptah we hudaý Isida öz ybadathanalaryndan çykyp, esasan, aýallar bolan az sanly dindarlaryň gallamagynda şäheriň merkezine ugradylar. Ýöne şäherliler üstlerinden gülüp ugransoň, başga dine uýýanlar bolsa hudaýlaryň keramatly gaýyklaryna daş zyňyp başlamaga çenli baryp ýetensoň, olar derrew yza dolanmaly boldular. Tertip-düzgüne gözegçilik edijiler hudaýa şek ýetirýänleri saklanokdylar, olaryň käbiri-hä hatda gödek oýunlara goşulýardylar. Haýsydyr bir näbelli adamlar žresleriň geňeşiniň ilat üçin hiç hili ýeňilliklere ýol bermejekdigi,hatda faraonyň garşysyna gozgalaň taýýarlanýandygy barada günortandan başlap „myş-myş“ ýaýradyp ugradylar. Ikindin ybadathanalaryň ýanyna işçiler kowçum-kowçum üýşüp ugradylar; olar sykylyk çalýardylar, žreslere sögýärdiler, derwezelere daş zyňýardylar, haýsydyr bir mukaddeslige şek ýetiriji bolsa hemme kişiniň gözüniň alnynda öz ybadathanasyny goraýan Goruň burnuny döwüp gaçyrdy. Iňrik garalandan soňra žresler iň wepaly tarapdarlary bilen Ptaha ybadathanasyna ýygnandylar. Ol ýerde hormatly Herihor, Mefres, Mentesufis, üç häkim hem-de Fiwynyň ýokary kazysy bardy. — Nä wagt, nä zamana boldy! Faraonyň ybadathanalara hüjüm etmek isleýändigini, muňa garamaýak adamlary gižželeýändigini men anyk bilýän—diýip, ýokary kazy zeýrendi. Oň sözüni Sepa welaýatynyň häkimi alyp göterdi: — Meň eşidişime görä, hamala, öňki duranlar azlyk edýän ýaly, gyssagly täze ýygynlar bilen gelmek hakda Nitagora buýruk ýollananmyşyn! — Ýokarky hem-de Aşaky Müsüriň arasynda düýnden bäri gatnaşyk kesildi. Ýollarda esgerler durlar, onuň hormatlysynyň galeralary43bolsa Nilde ýüzüp ýören her bir gämini barlaýarlar...—diýip, Aa welaýatynyň häkimi aýdylanlaryň üstüni ýetirdi. — Ramses On üçünji entek hudaýlaryň elinden täç alanok, şoň üçin hem «hormatly» däl — diýip, Mefres mähirsiz gepledi. —Wah, dönükligiň ýanynda bular dagy ownuk bir zat bolup galaýýar-a. Iň ýamany — ine, şu! Kiçi žresleriň köpüsi faraona duýgudaşlyk bildirýändirler, oňa ähli zady ýetirip durýandyrlar diýip çaklamaga mende esas bar — diýip, Baş kazy zarynlamagyny dowam etdirdi. — Hatda goşuna ybadathanalary eýelemäge kömek etmegi wada berenlerem bar — diýip, Herihor üstüni ýetirdi. Sepa welaýatynyň häkimi: — Esgerler ybadathanalara girmelimi? — diýip gorkuly seslendi. — Olara ýigrimi üçüne şeýle buýruk berlipdir — diýip, Herihor jogap gaýtardy. — Onsoň, sen, biziň hormatlymyz, bu barada şeýle arkaýynlyk bilen aýdýarmyň? — diýip, Amenta welaýatynyň häkimi geň galdy. Herihor egnini ýygyrdy. Häkimler biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. — Men-ä muňa asla düşünýän däldirin— diýip, Aa welaýatynyň häkimi gahar bilen närazylyk bildirdi. — Žresleriň sanlyja esgeri bar, faraon biziň Fiwä ýolumyzy kesdi, halky öjükdirýär, hormata mynasyp Herihor bolsa bu barada, hamala, bizi meýlise çagyrýan ýaly, juda arkaýynlyk bilen aýdýar. Ýa-ha, mümkin bolsa, geliň, goranalyň, ýa-da... — Ýa-da «onuň hormatlysyna» boýun egeliňmi? —diýip, Mefres ýaňsyly sorady. — Muny heran-haçan etseňem bolar. — Ýöne biz goranmagyň ýollary hakda nämedir bir zat bilmek isleýäris — diýip, Sepanyň häkimi talap etdi. Herihor: — Hudaýlar özlerine ynanýanlary halas ederler — diýip jogap gaýtardy. Aa welaýatynyň häkimi ellerini şarpyldadyp urdy. Gürrüňe ýokary kazy goşuldy: — Gönimden gelsem, siziň sowukganlylygyňyz meni hem haýran galdyrýar. Tas tutuşgaramaýak halk biziň garşymyza... Herihor: — Garamaýak halk diýeniň meýdandaky arpa ýalydyr: ýel nirä öwüsse, ol hem şol ýeredir... — diýdi. — Ýeri, onsoň goşun näme? — Osirisiň alnynda ýüzin düşüp ýatmajak goşun barmydyr? — Bilýän! — diýip, barha gany gaýnaýan Aa welaýatynyň häkimi batly gepledi. — Emma men ne-hä Osirisi, ne-de garamaýaklary biziň tarapymyza öwürjek ýeli görýän...Faraon bolsa eýýäm ony wada bilen öz tarapyna çekip ýör. Ertir sowgat bilen has-da köp çeker... Herihor: — Gorky wadadyr sowgatdan güýçlüdir — diýip jogap gaýtardy. — Olar nämeden çekinmelimişin? Özüňide bar bolan üç ýüz esgerdenmi? — Olar Osirisden gorkarlar! Gahary depesine çykan Aa welaýatynyň häkimi: —Hany, nirede ol? — diýip sorady. — Siziň hemmäňiz ony görersiňiz. Şol gün gözi gapylan-a bagtly-da bolar... Herihor bu sözleri şeýlebir ynamly arkaýynlyk bilen aýtdy weli, ýygnananlaryňarasyna ümsümlik aralaşdy. Birsalymdan ýokary kazy: — Ýeri, onsoň biz ahyrsoňy näme etmeli? — diýip sorady. Herihor: — Faraon halkyň ybadathanalara ýigrimi üçi güni çozmagyny isleýär. Biz bolsa ýigrimisine çozulmagyny gazanmaly— diýdi. — Baky ýaşaýan hudaýlar-eý! — diýip, ýene Aa welaýatynyň häkimi ellerini şarpyldadyp urdy. — Biz neçüýn başymyzy bela goýmaly, özi-de iki gün öňünden? — Herihora gulak goýuň-da, her ediň, hesip ediň, çozuşyň paopiniň ýigrimisi güni irden bolup geçmegini gazanyň — diýip, Mefres üzül-kesil aýtdy. — Birden bizi, hakykatdanam, kül-peýekun etseler näme? — diýip, kazy aljyraňňylyk bilen sorady. — Eger Herihoryň doga-jadysy ýardam etmese, men hudaýlary kömege çagyraryn — diýip, Mefres jogap gaýtardy. Onuň gözlerinde gahar ody uçganaklaýardy. Baş kazy: — Elbetde, ýokary žresleriň biz ýaly ýönekeý adamlara mälim bolmaly däl syrlary bardyr. Ýeri, bolýar, näme emir etseňiz, ýerine ýetireris. Hüjümiň ýigrimisine bolmagyny gurarys. Ýöne ýadyňyzda saklaň: biziň ganymyzyň, biziň çagalarymyzyň ganynyň günäsi siziň boýnuňyzdadyr... — Goý, bolsun! — Goý, şeýle bolsun! — diýip, iki žres birden seslendi. Herihor bolsa aýdylanlaryň üstüni ýetirdi: — Biz on ýyl bäri döwleti dolandyrýarys. Şu wagtyň içinde biziň hiç birimizden göwni galan adam bolmady, hemişe beren sözümiziň yzynda durduk. Ynamyňyzy ýitirmän, birnäçe gün sabyr ediň: hudaýlaryň güýjüni-de görersiňiz, sylagyna-da eýe bolarsyňyz. Häkimler özleriniň sussupesligini, biynjalyklygyny gizlejegem bolman, žresler bilen hoşlaşdylar. Ol ýerde diňe Herihor bilen Mefres galdy. Uzak dymyşlykdan soňra Herihor: — Likonyň aklyndan azaşany oýnaýşy-ha erbet däldi. Ony Ramsesiň hut özi hökmünde görkezip bolsady! — diýdi. — Rast, ony ejesi oglundan tapawutlandyryp bilmedik bolsa, diýmek, ikisiniň öte meňzeşdigidir-dä. Ol tagtda oturyp, märekä bäş-on söz diýmegi başarar diýip pikir edýän. Onsoňam biz onuň ýanynda bolarys ahyry — diýip, Mefres jogap gaýtardy. — Barypýatan samsyk hokgabaz! — diýip, Herihor maňlaýyny süpürişine uludan dem aldy. — Ýok, ol müňläp-müňläp kişiden akyllydyr. Sebäbi ol ýöne-möne däl, weli adam. Döwlete uly hyzmat edip biler... Herihor keýpsiz gürledi: — Sen, hormatlymyz, onuň weli adamdygyny öwran-öwran nygtaýaň weli, munuň şeýledigine göz ýetirmäge maňa-da mümkinçilik ber-dä. — Eger sen, hakykatdanam, isleýän bolsaň, meniň yzyma düş! Ýöne senden hudaýlaryň adyndan towakga edýän, Herihor: görjek zadyňy soňra hatdaöz ýanyňdanam ýatlama! Olar Ptaha ybadathanasynyň ýerzeminine girdiler we ýag çyra ýanyp duran giň otagda peýda bolduylar. Herihor öçügsi ýagtyda stoluň başynda naharlanyp oturan adamy gördi. Onuň egninde faraonyň saýlama goşunynyň kaftany bardy. Mefres oňa ýüzlenip: — Likon, döwletiň ýokary wezipeli adamy saňa hudaýyň peşgeş beren ukyplaryna göz ýetirmek isleýär — diýdi. Likon içi naharly okarajygy itip goýberdi-de, heňkirip ugrady: — Meň dabanymyň siziň topragyňyza galtaşan gününe nälet bolsun! Men daş döwülýän ýerde işlän bolsam, gowy bolardy! Meni serdesse bilen saýgylasalar, gowy bolardy!.. — Entek wagt bar, ol zatlara-daýetişersiň — diýip, Herihor azmly gepledi. Ýunan dymdy. Birdenem Mefresiň elindäki gara hrustal şarjagazy görüp, sandyrap ugrady. Onuň ýüzi agardy, nazary öçügsilendi, maňlaýyna sowuk der indi. Göýä hrustal şarjagaz özüne dartýan ýaly, bir nokada jiňkerilip seretdi. Mefres: — Eýýäm ýatyr. Eýsem, bu geň dälmi näme? — diýip sorady. — Ýatansyraýan bolaýmasa, elbetde, geň. — Ony çümmükle...Bir zat sünç...Nämedir bir zat bilen ýak... Herihor ak eşiginiň eteginden gylyç çykaryp, Likonyň depesinde bulaýlady. Grek gymyldamak-ha beýlede dursun, hatda gabagy-da tirsildemedi. Mefres hrustal şarjagazy gregiň ýüzüne golaýladyp: — Bäri seret! Sen Kamany kimiň ogurlandygyny görýärmiň? — diýip sorady. Grek ýumruklaryny düwüp, agzyndan köpük saçyp, ýerinden atylyp turdy. Boguk ses bilen: —Goýberiň meni! Goýberiň! Men onuň ganyny içmek isleýän... — diýip gygyrdy. Mefres: — Ol häzir nirede? — diýip sorady. Likon: — Öýde. Seýilgähiň aňry çetinde. Derýanyň ýakasynda. Oň ýanyndagörmegeý aýal bar — diýip pyşyrdady. — Oň ady Hebron, Tutmosyň aýaly — diýip, Herihor oňa düşündirdi. Soňra aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Göniňden gel, Mefres, muny bilmek üçin weli bolmak hökman däl ahyry. Mefres ýuka dodagyny dişledi. — Eger bu seni ynandyrmaýan bolsa, men saňa has täsin bir zat görkezeýin – diýip, jogap gaýtaryp, grek ýigide ýüzlendi. — Likon, indi Ötlem-ötlem jaýa ýol agtarýan dönügi tap! Ukladylan ýunan hrustal şarjagaza içgin syn etdi. Az salymdan soňra: — Men ony görýän...Egninde gedaýyň şylhasy bar... —diýip jogap gaýtardy. — Ol nirede? — Ötlem-ötlem jaýyň iň soňky kerwensaraýynda ýatyr. Ertir irden onuň içinde bolar... —Keşbi nähili? — Çypar saç-sakgally. — Ýeri, nähili? — diýip, Mefres Herihordan sorady. — Seň tertip-düzgüne gözegçilik ediji gowy işgäriň bar — diýip, Herihor jogap gaýtardy. Mefres gaharly gepledi: — Oňa derek Ötlem-ötlem jaýyň sakçylary ony ýaramaz goraýarlar. Men ýerli žresleri öňünden habarly etmek üçin, edil şu gün agşam Likon bilen şol ýere giderin. Ýöne eger maňa mukaddes emlägi halas etmek başartsa, onuň saklaýjysy bolmaga ygtyýar et! Herihor: — Göwnüň şony isleýän bolsa, men garşy däl — diýip, parhsyz jogap gaýtardy. Öz ýanyndan bolsa: «Dindar Mefres-ä dişini syrtardyp, dyrnagyny gezäp ugrady: özi-hä «diňe» Ötlem-ötlem jaýyň saklaýjysy bolmak isleýär, ekdisi Likony-da «diňe» faraon etmek isleýär. Dogrusy, meň kömekçilerimiň doýmaz-dolmazlygyny kanagatlandyrmak üçin hudaýlar bir däl-de, on Müsür döretmeli eken» diýip oýlandy. Ýokary wezipeli adamlaryň ikisi-de ýeriň astyndan çykdylar. Herihor öz ýaşaýan ýeri bolan Isida ybadathanasyna pyýada dolanyp bardy; Mefres bolsa atly kejebeleri taýýarlamagy buýurdy: ýaş žresler olaryň birinde ukladylyp, kellesine halta geýdirilen Likony ýerleşdirdiler, ikinjisinde ýokary žresiň özi oturdy we birnäçe atlylar bilen gurşalyp, niredesiň Faýum diýip ýola düşdi. Paopiniň on dördünden on bäşine geçilýän gije ýokary žres Samontu faraona beren wadasynyň yzynda durup, özünden başga hiç kime mälim bolmadyk ýerasty däliz bilen Ötlem-ötlem jaýa aralaşdy. Onuň elinde biri ýakylan, gysgarak taýagyň ujuna berkidilen topbak çyra, arkasynda bolsa içi gurally kiçiräk sebet bardy. Samontu içinde gizlin ýollar bolan sütünlerdäki we diwarlardaky dörtburç daşlary ýeke galtaşanda süýşürip, bir zaldan beýleki zala, bir dälizden beýleki dälize aňsat aralaşýardy. Ol aram-aram ýaýdanjaňlyk bilen aýak çekýärdi, ýöne diwarlardaky syrly alamatlary okap, olary boýnundaky tesbidäki alamatlar bilen deňeşdirip, ýoluny dowam etdirýärdi. Samontu ýarym sagat ýöränden soňra, hazynahanada peýda boldy. Ýerdäki dörtburç daşlaryň birini süýşürip, aşakda ýerleşen zala aralaşdy. Depesi birgiden gysga sütünlerde saklanýan zal beýik däldi, ýöne ýagtydy. Ol sebedi ýerde goýdy, iki çyra ýakyp, olaryň ýagtysyna diwarlardaky ýazgylary okapugrlady: «Özümiň bedroý keşbime garamazdan, men hudaýlaryň hakyky ogludyryn. Meniň gaharym aýylgançdyr». «Men açyk asmanyň astynda otly sütüne öwrülýärin we ýyldyrymlary döredýärin; men bus-busduryn, gök gürrüldisidirin, weýrançylykdyryn. Meniň güýjümiň alnynda durup biljek ymarat ýokdur. Meni diňe güýç-kuwwatdan mahrum edýän keramatly suw boýun egdirip biler. Emma meniň gaharym diňe bir otdan däl, eýsem, kiçijik uçgundanam döräp bilýändir». «Maňa ähli zat boýundyr, alnymda özüni aşak goýberýändir.Men iň beýik agaçlary agdaryp goýberýän we daşlary ýokary galdyrýan Tifon ýalydyryn». Samontu: «Her bir ybadathananyň beýlekiler bilmeýän öz syry bolýar...» diýip oýlandy. Ol sütünleriň birini açyp, ondan uly küýze çykardy. Küýzäniň mum bilen ýelimlenen gapagy hem-de deşigi bardy; şol deşik arkaly sütüniň içine nirede gutarýandygy näbelli, partlatmak üçin otlanýan uzyn, inçe ýüp geçýärdi. Samontu ýüpüň bölegini kesdi, ony çyra golaýladandan jyzyrdap çalt ýanyp ugrady. Ol soňra pyçak bilen gapagy seresaply kesdi we küýzäniň içinden boz reňk çägä hem-de daşjagazlara meňzeş nämedir bir zat tapdy. Samontu daşjagazlaryň birnäçesini çykardy. Bir tarapa çekildi-de, olara çyrany degirdi. Göz açyp-ýumasy salymda güýçli ot ýanyp, daşjagazlar öz yzynda goýy tüssedir ýakymsyz ys galdyryp, ýitirim boldular. Samontu ýene birneme boz reňk çäge çykaryp,ony ýere dökdi, küýzeden tapylan bir bölek ýüpi hem şol ýerde goýup, üstlerini agyr daş bilen ýapdy. Soňra çyrany golaýlaşdyrdy. Ýüp tüsseläp başlady we sähel salymdan ot çogdumy gurşap alan daş asmana uçdy. Samontu kinaýaly gülümjiräp: — Bu hudaýlaryň ogly eýýäm meniň elimde. Indi hazynahana ýumrulmaz — diýdi. Ol bir sütünden beýleki sütüne baryp, dörtburç daşlary süýşürip, olarda gizlenen küýzeleri çykaryp ugrady. Her küýzede ýüp bardy; Samontu olary kesip, küýzeleri bir gapdalda goýýardy. Ol ýene özbaşyna gepledi: — Hä, hökümdar maňa bu hazynalaryň ýarysyny sowgat berse-de ýa-da bolmanda meniň oglumy häkim edip bellese-de, gelişmän durjak däl!Megerem, şeýle hem etse gerek. Ol hoşgöwün patyşa...Meň özüme bolsa hiç bolmanda Fiwydaky Amon ybadathanasy berilmeli. Aşaky zaly howpsuzlandyryp, Samontu hazynahana dolanyp geldi, ondanam ýokarky zala aralaşdy. Ol ýere-de diwarlarda ýazgylar hem-de birgiden sütün bolup, olarda hem ot bilen galtaşylanda partlaýan daşjagazlardan doldurylan, ýüpler bilen üpjünlenen küýzeler bardy. Samontu ýüpleri kesdi, küýzeleri sütünlerden çykardy, boz reňk çägäniň bir çümmügini-de esgä daňdy. Soňra ýadaw halda aşak oturdy. Oň eýýäm alty çyrasy ýanyp gutarypdy. Megerem, gije-de paýawlap ugraberen bolsa gerek. Samontu: «Bu ýerdäki žreslerde şeýle täsin jisim bardyr öýdüp hiç wagtda çak etmändim. Şuny ulanmak arkaly Assiriýanyň galalaryny ýer bilen ýegsan etse boljak ahyryn! Aý, biziň özümizem şägirtlerimize ähli zady açyp otyrysmy näme...» diýip oýlandy. Arzuw kölüne batan Samontu döwletde ýokary derejäni, Herihoryňkydanam ýokary derejäni eýelejekdigine ynanýardy. Ol şonda näme ederkä? O-how, örän köp zat eder! Öz nesillerine akyl-paýhas, baýlyk miras galdyrar. Öz hökmürowanlygyny çakdanaşa berkitmek, Müsüriň Assiriýadan artykmaçlygy üpjün etmek üçin ähli ybadathanalaryň syrlaryny bilmäge çalşar. Ýaş faraon hudaýlara ynananok. Bu Samontuwa ýeke-täk hudaýa, mysal üçin, Osirise tagzym edilmegini ýola goýmaga, finikiýleriň, jöhitleriň, grekleriň, jiwiýleriň başyny jemlemäge, Müsüri bir döwlete öwürmäge ýardam eder. Ol şol bir wagtyň özünde Gyzyl deňiz bilen Ortaýer deňzini birleşdirmeli kanalyň işine girişer. Kanalyň uzaboýuna galalar gurlup, köpsanly goşunlar ýerleşdirilse, Müsür Gündogar bilen Günbataryň nätanyş halklary bilen ähli söwdanyöz eline alar. Şeýle-de, öz deňiz ýygnyňy döretmeli, müsürlilere deňiz işini öwretmeli. Esasy zat bolsa, ýyldan-ýyla howply bolup barýan Assiriýany mynjyratmaly. Bol-telkilikde ýaşaýan, doýmaz-dolmaz žresleriň daşyna çyzyk aýlamaly. Goý, dana bolsunlar, goý, baý bolsunlar, ýöne döwlete gulluk etsinler, erk-ygtyýary häzirki ýaly öz betnebis maksatlary üçin ulanmasynlar. Ol: «Eýýäm atir aýynda men demi daş ýarýan adam bolaryn. Ýaş patyşa ýurdy dolandyranyndan aýallardyr goşunlar bilen bolanyny gowy görýär. Eger onuň ogly bolmasa, onda meniň oglum...meniň oglum...» diýip oýlanýardy. Samontu özüne geldi. Ýene bir çyra ýanyp gutardy. Oturan ýerini terk etmeli wagt bolupdy. Ol ýerinden turdy, sebedini alyp, hazynahananyň depesindäki zala çykdy. Ol ýylgyryp barşyna: «Maňa kömekçi gerek däl, ähli zady özüm etdim...Meniň özüm...Setiň ýigrenji žresi...» diýip içini gepledýärdi. Eýýam telim otagdan, dälizden geçen Samontu birden aýak çekdi. Onuň göwnüne giren zalynda ýerde çyranyň inçejik solagy görnen ýaly boldy. Ony gorky gurşap aldy. Elindäki çyrany öçürdi. Ýöne ýerdäki ýagty zolajygam ýitirim boldy. Samontu gulagyny keýertdi, emma diňe çekge damarynyň tirsildisini eşitdi. «Gözüme görnen bolmaly» diýip, özüni köşeşdirjek boldy. Sandyraýan elleri bilen sebetden sürteç köräp ýanyp duran kiçijik gap çykardy-da, çyrany gaýtadan ýakdy. «Meň ýatasymyň geläýşini» diýip içini gepletdi. Soňra daş-töweregine seretdi-de, gizlenen gapy bolan diwaryň ýanyna bardy. Çüýe basdy — gapy açylmady. Ikinji gezek basdy...Üçünji gezek...Iş gaýtdy!.. Ol aňk-taňk boldy. «Bu näme boldugy?» diýip pyşyrdady. Samontu indi çyranyň ýagtysyny ýatlanokdy – onuň göwnüne özi bilen heniz görlüp-eşidilmedik bir ahwalat bolup geçen ýalydy. Ol ömründe näçe gizlin gapylary açypdy, edil Ötlem-ötlem jaýyň özünde näçesi elinden geçipdi, şeýle bolansoň, häzir duýdansyz dörän päsgelçilige akyl ýetirip bilenokdy. Ýüregi agzyna gelen žres çykalga gözläp, bir diwardan beýlekisine ylgady. Ahyry gizlin gapylaryň birini açmak başartdy. Samontu ýeňillik bilen uludan dem aldy. Ol, adatça bolşy ýaly, birgiden sütünli zalda peýda boldy. Onuň elindäki çyranyň şöhlesiniň uly bölegi goýy tümlüge gark bolup, diňe giňişligiň bir burçuny ýagtylandyrýardy. Garaňkylyk, sütünleriň tokaýy, iň esasy-da, nätanyş zal ony ruhlandyrdy. Samontunyň kalbynda sada umydyň uçguny ýylpyldady: onuň göwnüne rast bu ýeri özi bilmeýärmi, diýmek, başga hiç kimem bilmeýän, hiç kimem gelmejek ýalydy. Ol birneme köşeşdi, aýak üstünde durmaga ýagdaýy bolmansoň, aşak oturdy. Ýöne ýene ýerinden atylyp turdy, göýä, dogrudanam, özüne howp abanýandygyny, onuň nireden peýda bolup biljekdigini barlamak isleýän ýaly, töweregine garanjaklady...Howp haýsy burçdan peýda bolarka? Müsürde Ýeriň astyna, gowaklara, garaňkylyga Samontu ýaly endik eden ýokdy; ol ömründe telim gezek howpa sezewar bolupdy. Emma häzir duçar bolan ahwalaty özi üçin bütinleý täze hem-de şeýle elhenç bolansoň, ony pylan zat diýip atlandyrmaga-da gorkýardy. Ol özüne zor salyp, ahyry pikirini bir ýere jemledi. «Eger men, hakykatdanam, çyranyň ýagtysyny gören bolsam, kimdir biri, hakykatdanam,gapyny ýapan bolsa, diýmek, meni satypdyrlar. Munuň soňy nähili bolarka?» diýip pyşyrdady. Kalbynyň çuňundan çykan ses ölüm boljakdygyny aýtdy. Ölüm? Oň ýüzüne der indi, gursagy gysyldy. Gorky žresiň el-aýagynyň ysgynyny aldy. Ol çykalgany gözläp, zalda eýläk-beýläk ylgaýşyna, diwarlary ýumruklap ugrady. Samontu haýsy gapydan girendigini eýýäm unudypdy, ugruny-da, hatda tesbisiniň kömegi arkaly duran ýerini anyklamak mümkinçiligini-de ýitiripdi. Ol şol bir wagtyň özünde göýä bir göwrede iki adam bar ýaly duýgyny başdan geçirýärdi: biri – tas aklyndan azaşan diýen ýalydy; beýlekisi — ynjalyklydy, akylly-başlydy. Pähim-paýhaslysy: «Belki, ähli zat seniň gözüňe görnendir, hiç kim seniň syryňy açan däldir, seni gözleýänem ýokdur, özüňi dürseseň, bärden sag-aman çykarsyň» diýýärdi. Emma beýlekisi, akyl-huşuny ýitireni her salymda öz garşydaşyndan — pähim-paýhasyň sesinden üstün çykýardy. «Wah, şu sütünleriň birinde gizlenip bolsady! Goý, onsoň meni gözläbersinler». (Megerem, hiç kim gözlemezdem, tapmazdam, ol bolsa ýagşy ukusyny alyp. özüne gelerdi). «Ýeri, maňa bärde howp salýan zat barmy? Diňe ynjalmaly, ýersiz-ýere oda-köze düşmeli däl. Goý, tutuş Ötlem-ötlem jaýy elek-soky edip, meni gözlesinler. Ähli ýollary kesmek üçin — müňlerçe adam, meniň nirededigimi, haýsy zaldadygymy anyklamak üçin bolsa — gudrat gerek ähyry! Aýdaly, meni ele salanmyşynlar. Ýeri, onsoň näme? Şu çüýşejigi dodagyma ýetirerin weli, göz açyp-ýumasy salymda şeýlebir uzakda bolaryn weli, hatda hudaýlaram kowup ýetip bilmezler...» Ýöne bu gelen netijesine garamazdan, Samantuny gaýtadan şeýlebir gorky gurşap aldy weli, ol ýene çyrany öçürip, dişlerini şakyrdadyşyna, sütüne gysmyljyrady. «Nämüçin? Men bäri nämüçin geldim? Iýmäge zadym ýokmudy? Başymy goýara ýerim ýokmudy?Meni gözleýärler. Ötlem-ötlem jaýda it ýaly duýgur sakçy köp ahyry, diňe çaga ýa-da samsyk olary aldamak tamasyny edip biler. Baýlyk! Hökmürowanlyk! Heý-de, hazyna ömrüň ýekeje gününden geçeniňe degermi? Ine, men – güýç-kuwwaty möwç urýan adam, öz ömrümi bela sezewar etdim...». Ol birden nämedir bir zadyň agyr tarkyldanyny eşitdi. Ýerinden atylyp turdy. Zalyň düýbünde ýagty görünýärdi. Hawa. Hakykatdanam, ýagty — gözüň aldanmasy däl...Zalyň aňry çetinde, uzakdaky diwarda gapy açyk durdy. Ondan elleri çyraly birnäçe ýaragly adam seresaplylyk bilen girdi. Olary gören žres aýagynyň, ýüreginiň, kellesiniň sowap başlandygyny duýdy. Ol özüniň yzarlanýandygyna, daşynyň gabalandygyna indi şübhelenenokdy... Ony kim satyp biler? Elbetde, diňe bir adam — Setiň ýaş žresi satandyr, sebäbi özüniň etjek-goýjagyny diňe şoňa jikme-jik beýan edipdi. Dönügiň özüne galsa, Ötlem-ötlem jaýyň içinde bir aýlap terslin-oňlyn aýlanar ýörerdi, ýöne ol ähli zady sakçylara aýdan bolsa weli, Samontuny ele salmak üçin bir gün ýeterlik. Edil şol pursatda žres diňe ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlara tanyş duýgyny başdan geçirdi. Ol gorkmagyny bes etdi, sebäbi onuň hyýalyndaky gorkusy hakykatyň alnynda ýitirim bolupdy. Ol diňe bir özüne erk etmän, eýsem, özüni jahan ýüzündäki zatlaryň ählisinden ýokarda duýýardy...Sähel salymdan hiç bir...hiç bir howp onuň daşyna aýlanmaz! Pikirler kellede ýyldyrymyň çaltlygy, aýdyňlygy bilen at salýardylar. Ol özüniň tutuş ömrüni: işleri, howp-hatarlary, arzuwlary, umytlary ýatlady...Bularyň hemmesi oňa şeýlebir bolgusyz bolup göründi...Ol häzir hatda faraon ýa-da patyşanyňtutuş hazynahanasyna eýelik edýän adam bolanda-da, ne peýda? Bularyň ählisi biderek, ähmiýetsiz zat. Has beteri-de öz-özüňi aldamak. Diňe ýekeje beýik hem-de hakyky zat bar – ölüm... Şol wagt elleri çyraly adamlar ähli burçlary içgin barlap gelişlerine uly zalyň ortasyna ýetdiler. Naýzalaryň ýalpyldaýan ýiti uçlaryny gören žres olaryň ýaýdanýandyklaryna, öňe tarap gorky, aýgytsyzlyk bilen süýşýändiklerine düşündi. Olaryň birnäçe ädim yzyndan diňe çyra bilen ýagtylandyrylan başga bir topar gelýärdi. Sanomontuw-da olara ýigrenç oýanmady. Onuň diňe özüni kimiň satandygyny bilesi gelýärdi. Ýöne bu hem ony şeýlebir bimaza edip baranokdy. Žres: «Adam nämüçin ölmeli, ol nämüçin dogulýar?» diýen sowala jogap gözleýärdi.Sebäbi, goý, ol owal-ahyr ýaşalan ömürleriň içinde iň uzak, iň baý ömür bolaýsyn, ölüm göz açyp-ýumasy salymda onuň tepbedini okap goýberýär. Nämüçin beýle? Nämüçin beýle? Ýaragly adamlaryň biriniň sesi onuň pikirini böldi: — Bärde hiç kim ýok, bolubam bilmez! Öňdäki topar saklandy. Samontuwdaşondanaňry gitmek islemeýän adamlara hormat döredi. Ýüregi öňküsindenem batly urup ugrady. Assa-ýuwaşdan ikinji topar golaýlaşdy. Iki adam jedel edip gelýärdi. — Bäri kimdir biri girendir öýdüp, siziň hormatlyňyz hatda nädip çak edip bilýär? Ähli girelgeler goralýar ahyryn, aýratynam, häzir şeýle. Bar, hamala, kimdir biri gizlin aralaşanam bolsa, açlykdan ölmek üçin şeýdendir...— diýip, gahardan titreýän ses gepledi — Ýöne Likona seret. Ol ýatyr, emma duşmanyň golaýdadygyny duýýan ýaly — diýip, ikinji ses jogap gaýtardy. Samontu: «Likon? Hä, faraona meňzeş şol grek bolmaly...Men näme görýän? Ony Mefres bäri alyp gelen ýaly-la?..» diýip içini gepletdi. Şol pursatda ukladylan grek öňe okduryldy-da, Samontu gizlenip duran sütüniň öňünde peýda boldy. Onuň yzy bilen eňen ýaragly adamlaryň çyralary žresiň gara suduryny ýagtylandyrdylar. Sakçylaryň ýolbaşçysy: — Bärde kim bar? — diýip, boguk ses bilen sorady. Samontu çykdy. Ol duýdansyz peýda bolansoň, duranlaryň hemmesi yza serpildilar. Žres doňup galan adamlaryň arasy bilen ýöräberenliginde, ony saklajak ýokdy. Ýöne ol gaçmak barada pikir edenokdy. Mefres elini uzadyp: — Ýeri, nätdi, meniň welim ýalňyşdyňmy? Ynha, dönük! — diýip gygyrdy Samontu oň ýanyna ýylgyryp bardy. — Men seni gykylygyň boýunça tanadym, Mefres. Sen ýalan sözlemeýän mahalyň samsyk ahyry. Duranlar doňup galdylar. Samontu arkaýyn ýaňsy bilen sözüni dowam etdirdi: — Emma edil häzirki pursatda hem ýalançy, hem samsyk. Ýalançydygyň sebäbi, bu kezzabyň welidigine Ötlem-ötlem jaýyň sakçylaryny ynandyrmakçy bolýarsyň, samsykdygyň sebäbi-de, özüňe ynanýandyrlar öýdüp pikir edýärsiň. Sen gowusy Ptaha ybadathanasynda Ötlem-ötlem jaýyň anyk çyzgysynyň bardygyny aýtsana... — Ýalan! — diýip Mefres gygyrdy. — Hany, bu adamlardan sorap gör: olar saňa ynanýarlarmyka ýa-da maňa? Meniň bärdedigimiň sebäbi, çyzgyny Seta ybadathanasynda tapdym, sen bolsa ölmez-ýitmez Ptahanyň merhemeti bilen geldiň — diýip, Samontu sözüni gülki bilen tamamlady. — Bu dönügi, jypdyruny daňyň! — diýip, Mefres sesine bat berdi. Samontu yza birnäçe ädim süýşdi, eşiginiň epininden çaltlyk bilen çykaran çüýşejigini dodagyna golaýladyp: — Sen, Mefres, ömrüň ahyryna çenli samsyklygyňa galarsyň...Seň aklyň pul bilen baglanyşykly işden aňry geçmez — diýdi. Ol çüýşegiji agzyna ýetirdi-de, ýere ýykyldy. Ýaragly adamlar ylgap baryp, ony ýokary galdyrdylar, ýöne eýýäm žresiň jany çykypdy. Hazynahanany saklaýjy: — Goý, beýlekiler ýaly, şu ýerde ýatsyn — diýdi. Gizlin gapylar berk ýapyldy. Zaly boşadan adamlar basym Ýeriň aşagyndan çykdylar. Howluda peýda bolam Mefres öz žreslerine atly kejebeleri taýýarlamagy emir etdi. Sähel salymdanam uklap ýatan Likon bilen Memfise ugrady. Bolup geçen adaty bolmadyk ahwalatdan aljyran Ötlem-ötlem jaýyň sakçylary ilki biri-biriniň ýüzüne seredişdiler, soňra tozanyň sary buludynyň içinde gözden ýitip barýan Mefresiň nökerleriniň yzyndan bakdylar. Baş žres — saklaýjy: — Biziň günlerimizde Ýeriň aşagyna aralaşyp bilen adamyň tapylandygyna ynanyp bilemok — diýdi. Kiçi žresleriň biri oňa göz gytagy bilen seredip: — Siziň hormatlyňyz, bir däl-de, eýsem, üç adamyň tapylandygyny siz unudaýan ýaly-la? — diýip belledi. —Sen dogry aýdýaň — diýip, ýokary žres jogap gaýtardy. Soňra maňlaýyny süpürdi-de, boýnundaky dogasyny gysymlaýşyna, aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Hudaýlar meň aklymy bulaşdyraýdylarmyka? Kiçi žres: — Olaryň ikisi: hokgabaz Likon bilen keramatly Mefres gaçyp sypdylar — diýip adaja gepledi. Ýolbaşçy: — Sen maňa bu barada nämüçin şol ýerde, Ýeriň aşagynda aýtmadyň? — diýip gaharly sorady. — Men beýle boljagyny bilmedim-ä. — Boldy, kelle gitdi! — diýip, ýokary žres gygyrdy. — Men bärde ýolbaşçy däl-de, derwezeban bolup gulluk etmeli ekenim. Kimdir biriniň Ötlem-ötlem jaýa aralaşmakçy bolýandygyny duýdurdylar ahyryn, men bolsa onuň aladasyny etmedim. Ynha, häzirem iki iň howply adamy, bäri islänini getirip biljek adamy sypdyrdym!..Bagtym ýatdy!.. — Umydyňy ýitirme, biziň kanunymyz düşnükli ahyry. Dört ýa-da alty adamy Memfise ýolla. Goý, çykarylan hökümi degişli ýere gowşursynlar, galany olaryň işi — diýip, başga bir žres ony köşeşdirdi. Ýokary žres: — Meň akylym bulaşypdyr — diýip, ýene öňki sözlerini gaýtalady. — Boljak iş boldy — diýip, ýaş žres ýeňil ýaňsy bilen gepledi. — Bir zat düşnükli: diňe bir Ýeriň aşagyna aralaşmak däl, eýsem, onuň içinde edil öz öýünde ýaly aýlanan döhükler ölmelidirler! — Hany, onda biziň goragymyzdan alty adamy belläň! — Elbetde, muň soňuna çykmaly!— diýip, saklaýjy žresler tassykladylar. Kimdir biri: — Mefres hormata mynasyp Herihor bilen ylalaşyp hereket eden bolaýmasyn? — diýip pyşyrdady. — Boldy, bes ediň! Eger biz Ötlem-ötlem jaýda Herihory ele salsak, onuň garşysyna-da kanun boýunça hereket ederis — diýip, ýokary žres jogap gaýtardy. — Ýöne tutarygymyz bolmasa, kimdir birine müňkürlik edip bilmeýäris. Mürzeler Mefres bilen Likona höküm taýýarlasynlar, biziň adamlarymyz olaryň yzyndan gitmäge gyssansynlar, sakçylar bolsa garawullaryň sanyny iki esse artdyrsynlar. Şeýle-de, jaýyň ähli girelgelerini barlamaly, Samontunyň bäri nädip aralaşandygyny bilmeli. Ýöne onuň göreldesine eýermekçi bolýanlaryň bu golaýda tapylmajakdygyna men ynanýan. Aradan birnäçe sagat geçenden soňra, alty adam Memfise tarap rowana boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |