00:18 Faraon -26: romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI KITAP
Taryhy proza
BIRINJI BAP Sfinksiň ýerasty ybadathanasynda doga okaýan pygamberler piramidalaryň ýanynda aýak çeken Müsüriň täze hökümdaryny görüpdirlermi, ol hakda patyşanyň köşgüni habarly edipdirlermi, şeýtmegi nädip başarypdyrlar —bu belli däl. Ýöne hökümdar geçelgä golaýlanda, baş žres Herihor köşkdäkileri oýarmagy emir etdi. Ol Nilden ýüzüp geçen mahalynda bolsa, harby serkerdelerdir ýokary derejeli döwlet işgärleri eýýäm oňa kabulhanada garaşýardylar. Gün doganda Ramses XIII az sanly nökerleri bilen köşge gelip ýetdi. Hyzmatkärler-ä onuň alnynda ýüzin düşüp ýatdylar, saýlama goşunyň esgerleri-de tüýdüklerdir deprekleriň sesi astynda ýaraglaryny ýokary galdyrdylar. Faraon esgerler bilen salamlaşyp, köşge gyssandy. Soňra ullakan legende hoşboý ysly suwa düşdi we dellege geň galdyrýan saçlary bilen meşgullanmaga ygtyýar berdi. Dellek ondan: — Saçdyr sakgalyňy syrmalymy? — diýip sorady. Hökümdar: — Gerek däl! Men žres däl-de, esger! — diýip jogap gaýtardy. Bu sözler göz açyp-ýumasy salymda kabulhanada duran adamlara mälim boldy, bir sagatdan — köşge, günortan — tutuş Memfise ýaýrady, giçlik bolsa ýurduň ähli ybadathanalarynda (demirgazykda Tami-en-Gor bilen Sabni-Heteme, günortada Sunu bilen Pilaka çenli) agyzdan-agza geçdi. Ony eşiden häkimler, tanymal adamlar, goşun, halk, kese ýerliler şatlykdan uçaýjak boldular, žresleriň keramatly topary bolsa ýogalan faraony jaýlamak dessuryny has-da yhlasly berjaý edip ugradylar. Suwdan çykan faraon egnine gara we sary çyzmykly gysga esger köýnegini, oň üstünden tylla sowut, aýagyna bagjykly sandal, kellesine bolsa ýiti uçly ýasy demir başgap geýdi. Ürgün köllerdäki jeňlerdeýanyndan aýyrmadyk polat assiri gylyjyny guşanyp, köpsanly harby serkerdeleriň gurşamagynda ýaragyny şakyrdadyp, kemerini şaňňyrdadyp, zala girdi. Ony ýanynda baş žresler Sem, Mefres bolanbaş žres Herihor garşylady. Olaryň yzynda — Memfisiň we Fiwinň baş kazysy, golaýdaky welaýatlaryň häkimleri, baş gaznaçy, ammarlaryň, mal howlularynyň, egin-eşik goýulýan ýerleriň, gullar ýaşaýan öýleriň, altyn-kümüşsaklanýan hazyhanalaryň gözegçileri, şeýle hem, birgiden ýokary derejeli adamlar durdular. Herihor Ramsese tagzym edişine tolgunýan ses bilen: — Hökümdar! Seň baky ýaşaýan kakaň hudaýlaryň ýanyna gitmek isledi. Ol häzir müdimilik bagtyň hözirini görýär. Ýetim galan döwletiň ykbaly, aladasy indi seň gerdeniňe düşýär. Saňa salam bolsun, jenap hem-de jahanyň hökümdary! Oň merhemetlisi Hemsem-Merer-Amon-Ramses-ses-neter-heg-an 1, goý, baky ýaşasyn! — diýdi. Duranlar bu sözleri şatlyk bilen alyp göterdiler. Olar täze hökümdar tolgunarýa-da aljyrar öýdüp garaşýardylar. Emma beýle bolmady, ol hemmäni geň galdyryp, diňe gaşlaryny çytyp durşuna: — Keramatly kakamyň emri hem-de Müsüriň kanunlarynyň esasynda, häkimiýeti kabul edip, öz elime alýaryn. Ony döwletiň şan-şöhratly, halkyň bagtly bolmagy üçin dolandyraryn — diýdi. Hökümdar birden Herihora tarap öwrüldi-de, oň göni gözüne seredip: — Men seň mitraňda2 altyn ýylany görýän. Patyşa hökmürowanlygynyň alamatyny sen özüňe nämüçin dakyndyň? — diýip sorady. Zala hopukdyryjy ümsümlik aralaşdy. Müsürde ýekeje adam-da, hatda olaryň barypýatan garadan gaýtmazy-da ýaş faraonyň ýurdy dolandyrmagy döwletiň iň bir güýçli adamsyna, belki hem, merhum patyşadanam güýçli adama şeýle bellik etmekden başlamagyny oňlamazdy. Emma ýaş faraonyň arkasynda ýigrimä golaý serkerde durdy, howluda saýlama goşun ýygyny hamana bürünçden guýlan ýaly bolup ýalpyldaşýardylar, oň Ürgün kölleriň ýanynda duşman bilen çaknyşan, ýeňişden şady-horram, öz serkerdesini jan-dilden sarpalaýan goşuny bolsa eýýäm Niliň üsti bilen geçip gelýärdi. Demi daş ýarýan Herihor ýüzüniň ganyny gaçyryp, agzyndan ses çykarmaga ýaraman durdy. — Men, biziň mertebelimiz, seň mitraňda nämäniň esasynda patyşalyk ureýiň bardygyny soraýan — diýip, faraon arkaýynlyk bilen gaýtalady. — Bu mitra seň ataň, keramatly Amenhotepiňki. Ýokary geňeş ony aýratyn zerur ýagdaýlarda geýmegi emir etdi... —diýip, Herihor ýuwaş jogap gaýtardy. — Meň keramatly atam – şa aýalyň kakasy, aýratyn merhemet hökmünde öz mitrasyny ureý bilen bezemäge hukuk alypdy. Emma, maňä mälim bolşy ýaly, oň dabaraly lybasy Amon ybadathanasynyň togap edilýän zatlarynyň arasynda saklanylmaly. Herihor eýýäm özüne gelip ýetişipdi. Ol: — Siziň merhemetliňiz, Müsüriň tutuş bir gije-gündizläp kanuny hökümdarsyz galandygyny ýadyňa salmaga ygtyýar et. Kimdir biri hudaý Osirisi irden ukudan oýarmalydy, gije ýatyrmalydy, halka pata bermelidi, öten-geçen patyşa ata-babalara gadyr goýmalydy. Şeýle agyr pursatda ýokary geňeş bu mukaddes işi öz gerdenime almagy buýrupdy, sebäbi döwleti dolandyrmagy hem-de hudaýlara gulluk etmegi gaýra goýup boljak däldi. Ýöne häzir kanuny gujurly hökümdaryň gelendigi sebäpli, men bu täsin togap edilmäni kellämden çykarýaryn — diýdi. Herihor ureý bilen bezelen mitrany kellesinden çykaryp, ony baş žres Mefrese berdi. Faraonyň buz öwüsýän ýüzi açyldy we hökümdar tagta tarap ýöneldi. Birden keramatly Mefres ony saklap,başyny ýere çenli eglişine: — Keramatly hökümdar, çyn ýürekden ediljek haýyşy merhemet edip diňle — diýdi. Ýöne oň ne sesinde, ne-de gözlerinde tabynlyk bardy. Ol dikelip, sözüni dowam etdi. — Men ýokary geňeşiň, ähli baş žresleriň sözüni saňa ýetirmekçi bolýan... — Aýt bakaly. — Baş žreslik derejesi bolmadyk faraonyň aýratyn ulyhudaýýoly berip, şeýle hem, Osirisi geýindirip, çykaryndyryp bilmeýändigi siziň merhenetliňize mälimmikä?.. Ramses oň sözüni kesdi: — Düşünýän. Men, Baş žreslik derejesi bolmadyk faraon... Mefres dowam etdi: — Şol sebäpli hem, ýokary geňeş dini däp-dessurlaryň ýerine ýetirilmegi üçin Baş žreslerden kimdir birini öz orunbasary edip bellemegi oň mertebelisinden örän haýyş edýär. Hiç hili garşylyga boýun egmeýän äheň bilen aýdylan bu kesgitli, hökmürowan sözleri eşiden baş žreslerdir ýokary derejeli adamlar özlerini edil aýakýalaň közüň üstünde duran ýaly duýdular, harby serkerdeler bolsa ellerini gylyçlaryna ýetirenlerini duýman galdylar. Keramatly Mefres olara pisint etmezlik bilen seretdi, soňra gaýtadan faraonyň ýüzüne sowuk nazar aýlady. Jahanyň hökümdary bu gezegem özüni ýitirmedi. Ol: — Seň bu derwaýys borjy maňa ýatladanyň gowy boldy. Harby hem-de döwlet işleri biziň mukaddes dinimiziň däp-dessurlaryna wagt sarp etmäge mümkinçilik bermeýär,şoňa görä maňa özüme orunbasar bellemegim wajyp — diýip jogap gaýtardy. Soňra hökümdar duranlara göz aýlady. Herihoryň çep egnindebaş žres Sem durdy. Faraon oň asuda, çynlakaý ýüzüne içgin syn etdi-de: — Seň adyň näme, keramatly ata? Nähili borjuň bar? — diýip sorady. — Adym Sem, özümem Bubastdaky Ptaha ybadathanasynyň baş žresi. Faraon oňa barmagyny uzadyp: — Sen dini däp-dessurlaryň berjaý edilmegi üçin meň orunbasarym bolarsyň — diýdi. Haýran galan märekäniň arasyna pyşyrdy ýaýrady. Hatda uzak oýlanmadan, maslahatdan soňra hem, şeýle ýokary derejä şondan mynasyp žresi saýlamak kyn düşerdi. Herihoryň dessine ýüzi agaryp, gan-pet galmady, Mefresiň dişlän dodaklaryny gögerip, gözlerini aşak goýberdi. Soňra täze faraon aýaklar dürli-dürli haşamlanyp, Müsüriň tabynlygyndaky dokuz halkyň knýazlarydyr patyşalary şekillendirilen tagta geçdi. Herihor faraona tylla mejimede daşyna altyn ýylanyň şekili çolanan ak we gyzyl täji getirdi. Hökümdar ony sesini çykarman kellesine geýdi. Duranlar özlerini aşak goýberdiler. Bu entek täç geýdirmek dabarasydäl-de, eýsem, diňe häkimligi ele almakdy. Žresler faraonyň daşynda hoşboý ys kükedip, täze hökümdaryň işini oňuna etmegini diläp, Osirise sena aýdýarkalar, raýat we ýokary derejeli harby adamlary tagtyň iň aşaky basgançajygyny ogşamaga goýberdiler. Soňra hökümdar altyn çemçäni alyp, keramatly Semiň sesli okaýan dogasyny gaýtalaýşyna, özüniň patyşa tagtynyň iki tarapynda hatara duran hudaýlaryň heýkellerine fimiam 3 tütetdi. Hökümdar: — Men indi näme etmeli? — diýip sorady. Herihor: — Halka görünmeli — diýip jogap gaýtardy. Faraon giňden açylangyzyl çaýylan gapydan çykyp, mermer basgançak bilen eýwana galdy we gollaryny göterip, ýüzüni howlukman jahanyň çar tarapyna öwürdi. Tüýdükler ýaňlandy we baýdaklar pilonlaryň depesine galdyryldy. Meýdandakylar, howludakylar hem köçedäkiler hasyr-husur özlerini ýere goýberdiler; haýwanyň ýa-da guluň arkasyndan indermek üçin galdyrylan taýak aşak goýberildi. Şol gün ýurduň ýyl kesilen ähli jenaýatkärleriniň günäsi ötüldi. Eýwandan düşen hökümdar: — Men ýene nämedir bir zatlary ýerine ýetirmelimi? — diýip sorady. Herihor: — Häzir siziň merhemetliňize nahar, soňra bolsa döwlet işleri garaşýar — diýdi. — Diýmek, men entek dynç alyp bilýän-dä. Meň keramatly kakamyň jesedi nirede? Herihoryň sesi ýuwaş çykdy: — Mumlanylýar. Faraonyň gözlerine ýaş indi, dodaklary titredi. Ýöne ol özüni ele alyp, sesini çykarman başyny aşak egdi. Şeýle kuwwatly hökümdaryň ýüzündäki tolgunmany hyzmatkärleri görse, gelşiksiz boljakdy. Hökümdaryň ünsüni sowmak üçin, Herihor: — Takwa hökümdar şa aýalynyň — öz ejesiniň sylagly tagzym etmelerini kabul etmäge razymyka? — diýdi. — Maňamy?..Men öz ejemden sylagly tagzymy kabul etmelimi? — diýip, tolgunan faraon çasly gygyrdy. Soňra özüni köşeşmäge mejbur edip, ýasama ýylgyryşyna, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. — Sen, näme, dana Aniniň aýdanlaryny unutdyňmy?Belki, keramatly Sem ene baradaky şol ajaýyp sözleri bize gaýtalap berer? Sem şol sözleri ýatdan aýdyp ugrady: — «Oň özüňi dünýä inderendigini, emdirendigini ýadyňda sakla!..» — Hawa, hawa! Dowam et! — diýip, özüne erk etmäge dyrjaşýan bisabyr faraon seslendi. — «Eger sen muny unutsaň, ol ellerini asmana göterer we hudaý ejeň nalyşyny eşider. Ol seni edil agyr ýük ýaly edip, uzak wagtlap ýüreginiň eteginde göterendir, wagty gelende dünýä inderendir. Soňra seni arkasynda göterip, üç ýyllap göwsünden iýmitlendirendir. Ol seň hapaňa keşdi çekmezlik bilen bakan däldir, seni şeýdip kemala getirendir. Haçanda sen mekdebe gidip, hat ýazmagy öwreneniňde bolsa, ol her gün seň mugallymyňa öz öýünden çörek, buza eltip berendir...» 4 Faraon uludan dem aldy-da, arkaýynlyk bilen: — Görşüňiz ýaly, ejemiň meň ýanyma gelmegi laýy däl. Gowusy men oň ýanyna baraýyn — diýdi. Soňra ýüzüne açyk reňkler çalnyp, gyzyl çaýylyp nagyşlanan mermerdir alebastr we gymmatbaha agaçlar tutulan we gyzyl çaýylan barelýefler bilen bezelenanfiladadan5ötlem-ňtlem otagdan geçdi.Oň yzynda nökeri ýetikdi. Şa aýalyň otagynyň agzynda faraon «meň bir özümi galdyryň» diýen manyda yşarat etdi. Ol daşky otagdan geçdi, işikde sähel salym sägindi, soňra gapyny ýuwaşlyk bilen kakyp, içeri girdi. Otagyň diwarlary ýalaňaçdy. Onda agaç goş-golamyň deregine ýas tutulýandygynyň alamaty hökmünde diňe pessejik tagta sekiler, olaryň ýanynda bolsa içi suwly jat atan küýze bardy. Faraonyň ejesi, şa aýaly Nikotrisa daşyň üstünde otyrdy. Ol egni köne-küşül eşiklidi, aýagyýalaňaçdy, maňlaýyna Niliň läbigi çyrşalandy, bulaşyk saçyna kül sepilendi. Ramsesi gören sarpaly şa aýaly oň aýagyna ýykylmak üçin aşak egildi. Ýöne ogly ony usullyk bilen galdyryp, gözi ýaşly halda: — Eje, eger sen meň alnymda ýere çenli egilseň, onda maňa ýeriň aşagyna giräýmek galýar...—diýdi. Şa aýaly oň kellesini gursagyna gysdy, köýneginiň ýeňi bilen gözüniň ýaşyny syldy, soňra ellerini asmana göterip: — Goý, ähli hudaýlar...goý, kakaň hem-de ataň ruhlary seni öz penasynda aman saklap, işiňi ugruna etsinler.Eý, Isida! Men senden hiç wagtda sadakany gysganan däldirin, bu gün bolsa oň iň ulusyny ýoluňa aýdýaryn...Saňa özümiňmähriban oglumy bagşylaýaryn...Goý, bu patyşanyň nesli seňem ýeke-täk ogluň bolsun. Goý, oň şan-şöhraty we güýç-kuwwatyňy emlägiňi köpeltsin... — diýip pyşyrdady. Faraon şa aýalyny gujaklap, birnäçe gezek öpdi. Soňra ony sekide oturdyp, özi daşda ornaşdy. — Kakam maňa nähilidir bir görkezmeler galdyrdymy? — diýip sorady. — Ol senden diňe özüni ýatlamagy haýyş etdi, ýokary geňeşe bolsa: «Ol gerek ýerinde ýolbarsdyr, gerek ýerinde bürgütdir, oňa gulak assaňyz, Müsüri görlüp-eşidilmedik kuwwatly döwlete öwrer» diýdi. — Sen, näme, žresler maňa gulak asarlar öýdüp pikir edýämiň? — Faraona degişli nyşanyň ýylandygyny ýatda sakla. Ýylan bolsa uzak wagtlap dymýan paýhaslylykdyr Ýöne ol hemişe çakanyny öldürýändir. Eger sen akylyň bilen uzlaşsaň, hökman ýeňersiň — diýip, ejesi jogap gaýtardy. — Herihor halys başyna gidipdir! Ol şu gün keramatly Amenhotepiň mitrasyny geýmäge het edipdir. Elbetde, men oňa amanat başgaby çykarmagy buýurdym. Ony ýolbaşçylykdanam boşadaryn.Ony hem-de ýokary geňeşiň birnäçe agzalaryny... Şa aýaly başyny ýaýkady. — Sen Müsüriň hökümdary, hudaýlar saňa beýik danalygy peşgeş beripdirler. Eger şeýle bolmanlygynda, men Herihor bilen erjeşmegiňden juda howatyrlanardym. — Men oň bilen agyz alartmakçy däl.Men ony kowmakçy... — Sen Müsüriň hökümdary — diýip, ejesi aýdan sözüni gaýtalady. — Ýöne žresler bilen çaknyşmakdan ägä bol. Dogry, seň kakaň çakdanaşa mylaýymlygy olary halys başyna goýberdi. Ýöne, şeýle-de bolsa, olary ýowuzlygyň bilen gazaplandyrmaly däl.Onsoňam özüň pikir et,heý seň arkaňda durup, maslahaty bilen kömek berjek adam barmy?Olar Ýerdir Asman aralygynda bolan, bolýan, boljak ähli zady bilýärler. Olar adamlaryň iňbir mukaddes syrlaryny okaýarlar,edil ýapraklaryň şemala gulak asyşlary ýaly, ähli ýürekler olara gulak asýarlar. Sen olarsyz diňe bir Tirdir Ninewiada-ha däl, eýsem, Memfisdir Fiwide-de näme bolýandygyny bilmersiň. — Men olaryň pähimlidiklerine pitjiň atamok, ýöne olaryň gullugymda bolmaklaryny talap edýän. Men olaryň uly akyla eýediklerini bilýän, emmaolar aldamaz ýaly,gözegçilik etmek gerek.Olar döwleti harap etmez ýaly, aýdanyňyetdirmek gerek.Olaryň otuz ýylyň içinde Müsüri nä derejä ýetirendiklerini özüň bilýäň ahyry, eje!Halk mätäçlige çydap ýör ýa-da gozgalaň turuzýar, goşunyň sany az, gazna takyrap ýatyr, şol wagtda bolsa, bizden birnäçe aýlyk ýol uzaklykda, edil maýaly hamyr ýaly bolup, Assiria aýaga galýar, ol eýýäm häzirden şertnamalary biziň boýnumyza dakýar! — Öz göwnüňdäkini et, ýöne faraonyň alamatynyň ýylandygyny ýadyňda sakla. Ýylan bolsa dymmagy hem-de paýhaslylygy aňladýar. — Seniňki dogry, eje. Ýöne maňa ynan,kämahal gözsüz batyrlyk etmeli pursatlar bolýar. Žresleriň liwi urşuny tutuş bir ýyla çekdirmek isländiklerini men indi bilip ýörün. Her günde haýsydyr bir töwekgel, ýöne aýgytly ädim ädendigim sebäpli, men ony üç hepdede tamamladym. Eger men çölde liwiýlileriň alkymyndan almanlygymda, elbetde, aňrybaş akylsyzlyk bolardy. Liwililer häzir Memfisiň eteginde peýda bolardylar. Şa aýaly: — Seň Tehennany yzarlandygyňdan, tifonyň demine düşendigiňden men habarly. Ah, meň paýhassyz oglum!..Sen men hakda pikir etmänsiň! — diýdi. Faraon ýylgyrdy. — Arkaýyn bol, faraon söweşýän mahalynda sag eliniň ýanynda-da, sol eliniň ýanynda-da Amon durýandyr. Oň bilen kim deň bolup biljekmişin? — diýip jogap gaýtardy. Ol şa aýalyny ýene bir gezek gujaklady-da, çykyp gitdi. IKINJI BAP Faraonyň daşynda hozanak bolýan birgiden mähelle entegem zaldady. Ýöne duranlar ikä bölünen ýalydy. Bir tarapda — Herihor, Mefres, garran baş žresler, beýleki tarapda — ähli harby serkerdeler, welmožlar, birnäçe kiçi žresler. Faraonyň bürgüt nazary ýokary derejeli adamlaryň arasyndaky bu bölünişigi derrew aňdy. Ýaş hökümdar muňa hem şatlanyp, hem özünden göwni hoş bolup, «Şeýlelikde, men gylyjy gynyndan çykarmazdan, eýýäm ýeňiş gazandym» diýip oýlandy. Şol wagtda harby serkerdelerdir ýokary derejeli kişiler Herihor bilen Mefresiň ýanyndan göz-görtele aňry süýşdüler. Henize çenli döwletde iň täsirli bu iki baş žresiň täze faraondan ýüz tapmajakdygyna hiç kim şübhelenmeýärdi. Hökümdar nahar iýilýän otaga geçdi. Bar zatdan ozal oň ünsüni hyzmat edýän žresleriň hem-de çekilýän naharlaryň sany özüne çekdi. Ol geň galandygyny gizlemän: — Men, näme, dogrudanam, bularyň hemmesini iýmelimi? — diýip sorady. Aşhana gözegçilik edýän žres oň merhemetlisinden galýan iýmitiň merhumyň nebere agzalaryna berilýändigini düşündirip, nahar iýilýän ýerde uzaboýuna goýlan heýkelleriň hataryny görkezdi.Hökümdar ilki hiç zat iýmeýändikleri daşyndan belli heýkellere, soňra bolsa ähli zady özleriniň symyşlaýandyklary gany damaýjak bolýan ýaňaklaryndan aňaýmaly žresleriň ýüzlerineseretdi. Soňra özüne buza, sarymsakly esger çöregini getirmeklerini emir etdi. Hereketsiz galanbaş žres her zat buýrugy aňry geçirdi. Kiçi žres eşiden zadyna şübhelenen ýaly bolsa hem, tabşyrygy ýetginjek oglanlardyr göze görnüp ugran gyzlara gaýtalady. Ýetginjek oglanlar öz gulaklaryna ynanmaýan ýaly, ilki-hä äm-säm boldular, soňra derrew köşge siňdiler. Olar çärýek sagat geçenden soňra ýüzleriniň ganyny gaçyryp geldiler,sarymsakly esger çöreginiň hiç ýerde ýokdugyny žreslere pyşyrdap ýetirdiler. Faraon ýylgyrdy, mundan beýläk aşhanada hemişe ýönekeý naharlaryň bolmalydygyny tabşyrdy. Soňra kepderi, bir bölek balyk, bugdaý çöregini iýip, üstünden şerbet içdi. Ol naharlaryň süýji taýýarlanandygyny, hamryňam ajaýypdygyny öz ýanyndan belläp, «Köşgüň aşhanasy ummasyz pul ýuwudýan bolsa gerek» diýip oýlandy. Öten ata-babalarynyň hormatyna hoşboý ys kükedip, hökümdar maglumatlary diňlemek üçin, patyşanyň iş otagyna ugrady. Ilkinji bolup Herihor gepledi. Ol faraony birinji gezek garşy alandakysyndanam has aşak eglip, sesini sandyradyşyna, hökümdary liwilileri ýeňmegi bilen gutlady. — Sen, hökümdar, edil çölde mesgen tutan çarwadarlaryň bolgusyz çadyryna hüjüm eden tifon ýaly bolup, liwilileriň üstüne eňdiň. Sen uly çaknyşygy az sanly ýitgi bilen ýeňdiň, hudaýlaryň pata beren gylyjy bilen ýekeje urgy edip, urşy tamamladyň. Bize, garamaýak adamlara, çaknyşygyň nähili gutarjakdygyny öňünden duýmak başartmady. Herihory sulhy almaýan faraon ýigrenjiniň gowşap ugrandygyny aňdy. Herihor dowam etdi: — Şoň üçin hem, hökümdar, ýokary geňeş edermen ýygynlara on talant sylag bellemegi senden sadyklyk bilen haýyş edýär. Seň özüň bolsa, ýalkymlyhökümdar, adyň gapdalyna: «Ýeňşe alyp barýan» diýlip ýazylmagyna ygtyýar et. Faraony heniz oglan saýyp, uguny ýekeleýän Herihoryň öte geçmegi Ramsesi özüne getirdi Ol: — Men assiri goşunynyň külüni göge sowrup, ybadathanalary Ninewiadyr Babylyň baýlygy bilen dolduranymda, siz maňa mundan başga nähili lakam berersiňiz? —diýip sorady. Baş žres: «Ol bu barada arzuw etmesini goýjak däl öýdýän!..» diýip oýlandy. Faraon bolsa oň howatyrlanmasyny tassyklap: — Biziň goşunymyzyň sany näçe? — diýip sorady. — Bärde, Memfisiň etegindemi? — Ýok, tutuş Müsürde. Baş žres: — Siziň hormatlyňyzyň on sany ýygny bardy. Gündogar serhetde hormata mynasyp Herihoruň on bäş sany ýygny bar. Nubiýa bimaza bolup ugransoň, on sany ýygyn günortada dur.Olaryň bäşisi bolsa tutuş ýurtda goşun bölümlerine bölünip ýerleşdirilen — diýip, baş žres jogap gaýtardy. — Diýmek, bary-ýogy kyrk sany-da? — diýip faraon sanady. —Olardan näçe esger çykar? — Altmyş müň töweregi. Faraon kürsüden atylyp turdy. — Ýüz ýigrimi müň söweşijiniň deregine altmyş müňe golaýmy? Bu näme boldugy? Siz meň goşunymy nätdiňiz? — diýip hemleli gygyrdy. — Bizde uly goşun saklar ýaly serişde ýok... — Eý, hudaýlar! – diýip, faraon kellesini tutup gygyrdy. –—Ýene sanlyja aýdan biziň üstümize assiriler çozjak ahyry! Biz bolsa elimiz ýaragsyz... Herihor: — Biz Assiria bilen deslapky şertnamany baglaşdyk ahyry — diýdi. — Şeýdip harby hökümet agzasy däl-de, aýal jogap berip biler. Arkasynda goşun durmaýan bolsa, şertnamanyň näme ähmiýeti bolsun?Bizi mynjyratmak üçin Assiria goşunynyň ýarysy-da ýeterlik ahyry! — Merhemetli hökümdar, ynjalyksyzlanmagyňyzy towakga edýän. Assirilileriň lebzinden dänendigi hakda ilkinji habar gelip ýetdigi bizde ýarym million söweşiji taýýar bolar. Faraon oň ýüzüne hahahaýlady. — Nä-me? Nireden şonça söweşiji boljakmyşyn? Sen öz aklyňdamy beri? Sen papiruslaryňy dörüşdirip ýörmek bilen gümra, men bolsa tälimlerde ýa-da türgenleşik häsiýetli harby hereketlerde bolmak üçin, tas ýekeje güni-de sypdyrman, ýedi ýyly goşunda geçirdim. Ýeri, onsoň siz birnäçe aýyň içinde ýarym million söweşijiden ybarat goşuny nädip ýygnajakmyşyňyz? — Tutuş tanymal adamlar aýaga galar. — Seň tanymal adamlaryňdan ne peýda bolsun?Olar esger däl-ä! Ýarym millionlyk goşun üçin bolmanda bir ýüz elli ýygyn zerur. Bizde bolsa, siziň aýdyşyňyz ýaly, bary-ýogy kyrk goşun bar.Häzir malbakýan, ýer sürýän,özmülklerinde küýze ýasaýan ýa-da ajy suw içýän, ýatan çöpigaldyrmaýan şol adamlar harby işi nädip öwrensinler? Müsürliler — ýaramaz esgerler. Men olara her gün syn edemsoň, muny gaty gowy bilýän. Liwi, ýunan, hetheniz çagaka ýaýdyr sapandan gowy atýar, ujy tommarçakly serdesselere-de oňat erk edýär. Ol aýak düzmegi bir ýylda şeýle bir gowy öwrenýär weli, hoşuňa gelsin. Müsürlä bolsa üç ýyl öwretseňem, aýak düzüşi telli-pellidir. Dogry, ol gylyç tutmagy, naýza zyňmagy iki ýylda özleşdirýär, emma nyşanany urmagy öwrenmegi üçin weli, oňa dört ýylam az bolýar.Şeýle bolansoň, siz bary-ýogy birnäçe aýyň içinde goşun däl-de, ýarym million süri ýygnarsyňyz. Ony başga bir süri — assiri sürüsi göz açyp-ýumasy salymda tary-mar edip taşlar. Sebäbi assirilileriň ýygynlary ýaramaz tälim berlen, güýçsüz bolsa hem, assiri esgeri daşdyr peýkam atmagy, sünçmegi, kerçemegi, iň esasy zadam — uruş-sögüşe meýilsiz müsürlä asla häsiýetli bolmadyk zady — söweşe edil wagşy haýwan ýaly okdurylmagy başarýar. Biz duşmanymyzy düzgün-nyzamly hem-de oňat tälim berlen ýygynlarymyzyň edil taran6ýaly urýandyklary üçin ýeňýäris. Biziň hatarlarymyzy bozmak üçin hatardaky esgerleriniň ýarysyyny gyrmaly. Ýöne hatarlar ýokmy, diýmek, Müsüriň goşunlary-da ýokdur. — Sen hakykaty aýdýarsyň, hökümdar — diýip, Herihor ynjalyksyz faraona jogap gaýtardy. — Ýagdaýy şeýle derejede bilmek diňe hudaýlara berlendir. Müsüriň güýjüniň gowşaýandygyny, ony berkitmek üçin köpýyllyk işiň zerurdygyny menem görýän. Assiria bilen şertnama baglaşmakçy bolýandygymam şoň üçin. — Siz ony eýýäm baglaşdyňyz ahyry. — Wagtlaýynça. Sargon patyşanyň syrkawdygyny bilip hem-de siziň jenabyňyzdan gorkup, tagta çykýançaň şertnama gutarnykly gol çekmegi yza süýşürdi. Faraon ýene gazaba mündi. Ol: — Nä-me? Diýmek, olar, hakykatdanam, Finikiany eýelemegiň kül-külüne düşüpdirler-dä? Men öz patyşalyk edýän ýerime masgaraçylykly höküme gol çekerin öýdüp tama edýärlermi? Siziň hemmäňizi ýaramaz ruhlar eýeläpdirler!..— diýip gygyrdy. Kabul edişlik tamamlandy. Herihor bu gezek hökümdaryň alnynda ýüzin düşüp ýatdy. Ol faraonyň ýanyndan dolanyp gelşine: «Faraon maglumatymy diňledi, bu meň hyzmatymdan ýüz öwürmändigini aňladýar. Men oňa Assiria bilen şertnama gol çekmelidigini aýtdym, diýmek, işiň ulusy edildi. Belki, entek Sargon bize gaýtadan geler...Ýöne bu ýigit ýolbars...hatda ýolbarsdanam geçiren gazaply pil...Ony diňe ýokary žresiň agtygy bolandygyüçin faraonetdiler ahyry. Ol özüni şeýle ýokary göteren şol elleriň... biljekdiginede düşünenok» — diýip pikirlenip barýardy. Merhemede mynasyp Herihor daşky tamda aýak çekdi. Nämedir bir zat hakda oýlandy. Soňra öz bolýan ýerine gitmän, şa aýaly Nikotrisanyň ýanyna ýöneldi. Bagda hiç kim ýokdy, diňe her ýerräkde oturan haremhanalardan ses eşidilýärdi. Ýogalan faraonyň aýallary günbatara göç edeniň ýasyny tutýardylar. Olaryň gynanjy ýürekden çykýan ýaly bolup görünýärdi. Herihordan soňra täze hökümdaryň iş otagyna ýokary kazy girdi. Ramses: — merhemede mynasyp, sen maňa näme aýdyp biljek? — diýip sorady. — Mundan birnäçe gün ozal Fiwiň golaýynda adaty bolmadyk ahwalat ýüze çykdy. Haýsydyr bir daýhan aýalynyň we üç çagasynyň ganyna galyp, soňra özüni keramatly howdanda gark edipdir. — Aklyndan azaşypmy? — Megerem, açlyk mejbur eden bolsa gerek... Faraon oýa çümdi. Birhaýukdan: — Geň ýagdaý. Meň saňa başga bir sowalym bar. Soňky wagtda haýsy jenaýatlar has köp duş gelýär? — diýip sorady. Baş kazy ýaýdanjaň halda durdy. Sabyr käsesi dolan faraon: — Çekinme-de, aýt, menden hiç zat gizleme. Men Müsüriň batga çümendigini bilýän, ony çekip çykarmakçy bolýan. Munuň üçin men belanyň körüginiň nirededigini bilmeli — diýdi. Kazy: — Has köp duş gelýäni... has adaty jenaýat — gozgalaň edilmegi — diýip jogap gaýtardy. Soňra gyssanmaçlyk bilen aýdanynyň üstüni ýetirdi: — Ýöne diňe garamaýak halk aýaga galýar. Faraon: — Men diňleýän — diýdi. Kazy dowam etdi: — Zerur enjamlar bilen doly üpjün edilmändigi sebäpliKosemde daş örüjilerdir daş döwüjiler aýaga galypdyrlar. Sehemde daýhanlar paç ýygnaýan mürzäni heläkläpdirleli. Melkatisde hem-de Pi-Hebitde ýene-de daýhanlar kärendeçi finikiýlerň jaýlaryny otlapdyrlar.Olar ediljek iş üçin özlerine gaznadan hak tölemelidigini aýdyp, Kasyň golaýynda nowhana gazmakdan ýüz öwrüpdirler. Iň soňunda hem, porfirdaşlary döwülýän ýerlerde sürgündäkiler gözegçileri ýenjipdirler, tutuş toplumy bilen deňze gaçmaga synanyşypdyrlar. Faraon: — Seň aýdaýanlaryň meň üçin asla täzelik däl. Ýöne sen bu barada nähili pikir edýäň? — diýdi. — Bar zatdan ozal günäkärleriň temmisini bermeli... — Men bolsa bar zatdan ozal işgäriň ýetmezini ýetirmek gerek diýip pikir edýärin. — diýip, faraon jogap berdi. — Aç öküz ýerden galyp bilmez, aç at yraň atyp barşynabirden güpürdäp ýykylýar. Eýsem, aç adamdan işlemegi hem-de ýagdaýynyň ýaramazdygy barada dil ýarmazlygy talap edip bolarmy? — Diýmek, siziň merhemetliňiz... Faraon oň sözüni agzyndan aldy: — Pentuer şol işleri derňemek üçin iştopar döreder. Men bolsa häzirlikçe günäkärlere temmi berilmegini isleýän. Ýüregi ýarylara gelen kazy: — Beýdilse, gozgalaň başlanar ahyry! — diýip howsalaly seslendi. Faraon başyny ellerine diräp,dymdy, nämedir bir zadyň pikirineçümdi. Ol ahyry: — Ýeri, bolýar. Goý, kazylar öz işlerini etsinler...ýöne olara ýowuz daramasynlar...Pentuer bolsa, goý, hut şu gün iştopary çagyrsyn — diýdi. Birsalym geplemän oturyp, soňra aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Dogrusy, Müsüre aralaşan şeýlebulam-bujarlykda görkezme bereniňden, jeň meýdanynda görkezme bermek has ýeňil. Baş kazy gidenden soň, Ramses ýanyna Tutmosy çagyryp, oňa Ürgün köllerden dolanyp gelýän goşunlary faraonyň adyndan kabul etmegi, serkerdelerdir esgerlere ýigrimi talant paýlamagy emir etdi. Soňra faraon öz ýanyna Pentueri çagyrmagy buýurdy. Ol gelýänçä bolsa baş gaznaçyny kabul etdi. Faraon: — Meň gaznamyzyň ýagdaýynyň nähilidigini bilesim gelýär – diýdi. Baş gaznaçy: — Häzirki wagtda ammarlarda, mal howlularda, sandyklarda, takmynan, ýigrimi müň talantlyk emläk bar. Mundan başga-da, her gün paçlar gelip gowuşýar — diýip jopgap gaýtardy. — Her gün gozgalaňlaram bolup dur — diýip, faraon oň aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Onsoň biziň girdejilerimiz bilen çykdajylarymyz nähili? — Biz her aýda goşuna ýigrimi bäş müň talant sarp edýäris. Faraonyň köşgüne-de her aýda iki müň talantdan üç müň talanta çenli. — Dogrudanam? Ýeri, onsoň jemgyýetçilik işlerine nähili çykdajylar edilýär? Baş gaznaçy gözlerini aşak goýberip: — Häzirki wagtda olar mugt ýerine ýetirilýär — diýip madyrdady. — Girdejiler nähili? — Näçe çykdajy etsek, şonça-da alýarys... — diýip, gaznaçy burnuna salyp jogap gaýtardy. Faraon oň jemini çykardy: — Diýmek, biz ýylda kyrk-elli müň talant girdeji alýarys. Ýeri, onsoň galanlary nirede? — Finikililere, käbir süýthorlara, söwdagärlere, iň soňunda-da žreslere girewine goýlan. — Ýagşy. Ýöne faraonlaryň altyndan, aktylladan, kümüşden, beýleki gymmatbaha daşlardan ybarat el degrilmesiz gaznasy bar ahyry. Onda näçe baýlyk bar? — Ol düzgün mundan on ýyl ozal bozulyp, hazyna sarp edildi... — Nämä? Kim üçin? — Köşgüň hajatlary üçin, häkimlere, ybadathanalara sowgat üçin... — Köşk özi üçin serişdeleri gündelik salgytlardan alýar ahyry, şeýle bolansoň, sowgatlar meň kakamyň tutuş hazynahanasyny tükedip biljekmi? — Biziň atamyz Osiris-Ramses sahy hökümdar bolansoň, uludan-uly sadakalary beripdi... — Mysal üçin, nähili sadakalar? Men bu zatlaryň änigine-şänigine ýetmek isleýän — diýip, faraon gürrüňi gaharly dowam etdirdi. — Anyk maglumatlar resminamalar saklanýan ýerdedir. Diňe umumy sanlar meň ýadymda... — Aýt! — Mysal üçin, Osiris-Ramses özüniň bagtly patyşalyk süren döwründe ybadathanalara ýüze golaý şäher, ýüz ýigrimä çenli gämi, baş sany iki million mal, iki million halta bugdaý, ýüz ýigrimi müň at, segsen müň gul, iki ýüz müň çelege golaý hamrdyr şerbet, üç million tegelek çörek, otuz müň gymmatbaha egin-eşik, üç ýüz müň küýze bal, zeýtun ýagyny hem-de hoşboý ysly zatlary sowgat berdi. Mundanam başga, bir müň altyn talant, üç müň kümüş, on müň tagta bürünç, elli müň gara bürünç talant, alty million sübse, bir müň iki ýüzsany hudaýlaryňheýkellerini, üç ýüz müňe golaý gymmatbaha daşlary joşdy.7Beýleki sanlar häzir meň ýadyma düşenok, ýöne olaryň ählisi ýazgy edilen... Faraon ellerini ýokary serip, hahahaýlap güldi. Ýöne birden gazaba mündi-de, stoly ýumruklap gygyrdy: — Öz girdejileri bolan bir bölejik žresiň şonça hamry, baly, sübsäni, egin-eşigi sarp etmegi, heý, boljak zatmydyr? Olar keramatly kişileriň zerurlygyndan ýüzlerçe esse artyk uly girdejiler-ä! — Siziň merhemetliňize žresleriň onlarça müň garamaýaga hemaýat edýändiklerini, hassalary bejerýändiklerini hem-de ybadathanalaryň hasabyna ýigrimä golaý ýygny saklaýandyklaryny unudandygyny ýatlatmaga ygtyýar ediň. — Olara şonça ýygyn nämä gerekmişin?..Faraonlar olary diňe uruş mahalynda ulanýarlar ahyry. Hassalar hakda aýdylanda bolsa, olaryň hersi özüniň bejerilendigi üçin ýa-ha pul töleýär, ýa-da ybadathana işläp berýär. Garamaýaklar...Olaram ybadathanada işleýärler: hudaýlara suw çekýärler, dabaraly ýörüşlere gatnaşýarlar, iň esasy zat bolsa — žreslere täsinlik döretmäge kömek edýärler. Ybadathanalaryň derwezeleriniň agzynda hut şolaryň ýiten akylyyzyna gaýtarylyp getirilýär, gapylan gözi açylýar, ker bolan gulagy eşitdirilýär, ysmaz bolanyň el-aýagyna ýaňadan jan berilýär ahyry! Halk bolsa şol täsin bejermeleri görüp, dogany has-da yhlasly okaýar, sahylyk edip, hudaýlara has-da uly sadakalary getirýär. Garamaýaklar — ybadathanalaryň öküzleri, goýunlary ýaly bir zat. Olar žresler üçin arassa girdeji çeşmesi. Sypaýçylygy elden bermedik gaznaçy faraona zordan zordan garşy çykdy: — Ýöne žresler ähli sadakalary saga-sola sowrup ýörmeýärler. Olary toplap, gaznanyň köpelmegine hemaýat edýärler. — Näme üçin? — Birden döwletde nähilidir zerurlyk dörän mahalynda ulanmak üçin. — Ýeri, onsoň şol gaznany kim görüpdir? —Meň özüm gördüm. Ötlem-ötlem jaýda gizlenen hazyna azalman, tersine, nesilden-nesle köpelip gidip otyr. Haçanda... Faraon oň sözüni kesdi: — Haçanda assirililer žresler tarapyndan şeýle täsin usul bilen dolandyrylýan Müsüri eýelän mahalynda, bärden ýüküni tutup gider ýaly! — Ol aýdanynyň üstüni ýetirdi. —Sag bol, gaznaçy. Men Müsüriň ýagdaýynyň örän ýaramazdygyny bilýärdim, emma döwletiň bütinleý tozdurylandygyndan bihabardym. Ýurtda gozgalaňlar, goşun ýok, faraon el serip otyr...Ýöne Ötlem-ötlem jaýdaky hazyna weli, nesilden-nesle artyp gidip otyr!..Eger her bir nebere, diňe nebere, kakamyň ybadathanalara ummasyz köp sowgatlary eçilişi ýaly, sahylyk edenbolsa, Ötlem-ötlem jaýda eýýäm on dokuz müň altyn talant, altmyş müňe golaý kümüş talant bolmaly. Žreslerde näçe bugdaý, mal, ýer, gul, şäher, egin-eşik, gymmatbaha daş bar — munuň hasabyny çykarmak iň bir ökde hasapça-da başartmaz!.. Baş gaznaçy hökümdaryň ýanyndan keýpsiz halda gitdi. Ýokary derejeli adamlar bilen juda açyk gürrüň edendigi hakda oýlanan faraonam özünden hoşal däldi. ÜÇÜNJI BAP Kabulhanada nobatçylyk edýän garawullar Pentueriň gelendigini habar berdiler. Faraonyň alnynda ýüzin düşen žres haýsydyr bir görkezmesiniň bardygyny-ýokdugyny sorady. Faraon: — Men saňa görkezme berjek däl-de, eýsem, bir zat soramakçy. Müsüriň çar ýanynda gozgalaň turýandygyndan sen habarlysyň...Daýhanlar, işçiler, hatda tussag edilenler aýaga galýarlar...Deňizden başlap, tä magdan kärhanasyna çenli gozgalaň! Diňe meň esgerlerimiň gozgalaň turzup, meni däl-de, bolmanda Herihory faraon diýip yglan edäýmekleri galdy...— diýdi. — Goý, sen baky ýaşarsyň! Müsürde özüni seň üçin pida etmejek hem-de seň adyňa minnetdarlyk sözlerini aýtmajak adam ýokdur — diýip, žres jogap gaýtardy. Hökümdar gaharly gepledi: — Faraonyň näderejede gurupdan düşüp, güýçsüzdigini bilenliginde, her bir häkim özüni öz welaýatynyň hojaýyny diýip yglan ederdi!.. Men patyşalygyň iki täjini miras alsam, nähilidir bir ähmiýete eýe bolaryn öýdüpdim weli...Ýöne eýýäm ilkinji günden özümiň diňe Müsüriň öňki hökümdarlarynyň kölegesidigime göz ýetirýän! Eýsem, puldan, goşundan, iň esasy zat hem — wepaly hyzmatkärlerden mahrum faraon şondan başga näme bolsun?..Men alnynda fimiam tütedilip, sadaka berilýän hudaýlaryň heýkeli ýaly bir zat. Ýöne heýkeller-ä ejizje, güýçsüz, sadakalary symyşlap ýören žreslerem semräp gidip barýarlar. Ýogsa-da, men bu zatlary näme üçin aýdýan-a? Senem şolaryň tarapynda ahyry!.. Pentuer: — Seň, hökümdar, patyşalyk sürüp ugran ilkinji günüňden, şeýle sözleri diýmegiň meň ýüregimi agyrdýar. Eger bu hakda «myş-myş» Müsüre ýaýraýsa...—diýip jogap gaýtardy. Faraon oň sözüni kesdi: — Men özüme nämäniň ezýet berýändigini kime aýdyp, derdimi ýeňledeýin? Sen – meň maslahatçym, sen meň ömrümi halas etdiň ýa-da bolmanda halas etmäge synanyşdyň. Bu gowy zat. Men seni, elbetde,özüňe aýan eýleýän zadymy – faraonyň ýüreginde gopýan harasady daş-töwerege jar etsin diýip maslahatçy bellämok. Ýöne seň aýdýanyň jany bar... Faraon otagda gezmeläp ugrady. Uzaga çekmedik dymyşlykdan soňra juda arkaýyn äheňde: — Men saňa meň döwletimde yzy üzülmeýän gozgalaňlaryň sebäbini anyklar ýaly iş toparyny döretmegi tabşyrypdym. Men diňe günäkärlere temmi berilmegini, bigünä adamlara-da adalatly bolunmagyny isleýän — diýdi. Žres: — Goý, Hudaý seni penasynda aman saklasyn. Men, hökümdar, seň emriňi ýerine ýetirerin. Ýöne gozgalaňyň sebäpleri maňa derňewsizem mälim — diýip pyşyrdady. — Eýle bolsa, hany, düşündir bakaly! — Men bu barada ozalam telim gezek aýdypdym. Zähmetkeş halk aç, ol güýçýeterden agyr işleri bitirýär,salgydy-da juda köp töleýär. Kim ozal Gün dogandan iňrik garalýança işlän bolsa, indi işe Gün dogmazyndan bir sagat öň başlap, ony iňrik garalandanam bir sagat soň tamamlamaly. Mundan sähel wagt ozal ýönekeý adam her on günden öz ata-enesiniň mazaryna zyýarat edip, olaryň ruhlary bilen gürleşip, hudaýyň ýoluna niýetlenen zatlaryny eltip bilýärdi. Häzir bolsa olaryň hiç birinde boş wagt ýok. Eger ozal daýhan her günde üçsany bugdaý çöregini iýen bolsa, häzir ýekeje arpa çöreginiň dişine degmeýän günleri bar. Eger ozal nowhanalardaky, bentlerdäki hem-de ýollardaky iş salgyt hasap edilen bolsa, häzir salgydy olaryň özleri tölemeli, jemgyýetçilik işleri bolsa mugt ýerine ýetirilýär. Ynha, gozgalaňlaryň sebäbi! — Men döwletde tanymal adamlaryň iň garyp wekili! — diýip, faraon kellesini tutup, batly aýtdy. — Islendik daýhan öz malyna zerur bolan iým-de, dynç-da berip bilýär. Meň malym bolsa hemişe aç, sütüni süýnen! Maňa näme etmelidigini aýt!.. — Jenap, sen maňa aýtmagy emir edýämiň? — Haýyş edýän...Buýurýan...Nähili isleseň, şeýle-de kabul et...Aýtsaň bolýar. — Osirisiň hakyky ogly, goý, seň ýurduň abadan bolsun! Etmeli zadyň bolsa, ine, şu:.Ilki bilen, hökümdar, ozal bolşy ýaly, jemgyýetçilik işleri üçin hem hak tölemegi emir et. — Elbetde. — Soňra ýer işleriniň diňe Gün dogandan iňrik garalýança dowam etmelidigi hakda görkezme ber. Halk her onunjy däl-de, eýsem, ýedinji — ajaýyp nebereleriň döwründäki ýaly ýedinji gün dynç alsyn. Soňra jenaplaryň daýhanlary girewine goýmaga, mürzeleriň bolsa olary ýençmäge, zalymlyk bilen ezýet bermäge hukugynyň ýokdugyny emir et. Iň ahyrynda-da...hiç kim ellerinden alyp ýa-da girewine goýup bilmez ýaly, ýeriň ondan ýa-da ýigrimiden bir bölegini daýhanlara hususyýetçilige ber. Eger daýhanyň maşgalasynda bolmanda şu otagyň düýbi ýaly ýer bolsa hem, ol dagy-duwara açlyk çekmez. Jenap, tozap ýatan çöl ýeri daýhanlara hususyýetçilige ber, nädersiň birnäçe ýyldan al-ýaşyl öwsüp otursa!.. Faraon: — Sen gowy gepleýäň, ýöne durmuşyň däl-de, ýüregiň aýdýan zatlaryny gepleýäň. Ynsanyň pikirleri, hatda iň bir bähbitlisi-de, wakalaryň tebigy ýagdaýyna hemişe gabat gelip durýan däldir — diýdi. Pentuer: — Siziň merhemetliňiz, men şeýle tejribelerden hem-de oň netijelerinden habarly. Ybadathanalaryň käbirinde her jüre tejribeleri geçirýärler. Hassalary bejerýärler, çagalara ylym berýärler, mallardyr ösümlikleriň iň gowy tohumlaryny köpeldýärler, iň soňunda-da, adamlaryň ahlagyny düzedýärler. Munuň soňynähili bolýar? Ýalta, hor daýhany gowy naharlap, her ýedi günden dynç berýärler weli, onuň «eýläm-beýläm agyrýar» diýjek gümany ýok;.Işjanly, ýeri öňküsine garanda köp sürýär. Hakyna tutulan işçinisim gamçy bilen näçe saýgylasaňam, gula garanda şadyýandyr, gowy işleýändir. Aç hem-de işden maýrylýan maşgalalara garanda garny dok maşgalalarda çaga köp dogulýandyr; erkin adamlaryň nesli sagdyndyr, güýçlüdir, gullaryňky bolsakeselbentdir, hyrsyzdyr, özleri-de ogrulyk etmäge, ýalan sözlemäge meýillidir.Galyberse-de,ýereýesiniň işleýän öz ýeri bugdaýdyr gök önümi guluň işleýän ýerinden ýarym esse köp berýändigi ykrar edilen. Ynha, ýene bir täsin ýagdaý. Adamlar meýdanda aýdym-sazyň astynda işlänlerinde, diňe olaryň özleri däl, eýsem, ýer sürýän mallary-da az ýadaýan eken! Bularyň hemmesi biziň ybadathanalarymyzyň mülkünde tassyk boldy — diýip jogap gaýtardy. Faraon ýylgyrdy. — Bo-how! Eýle bolsa, onda menem özümiň mülklerimde, magdan kärhanalarymda saz ýaňlandyrmaly bolaryn-ow! Ýöne eger žresler seň maňa gürrüň beren täsinlikleriňe göz ýetiren bolsa, näme üçin öz mülklerindäki daýhanlara-da şeýle çemeleşmeýärkäler? Pentuer başyny aşak goýberdi. Soňra uludan dem alyp: — Sebäbi žresleriň hemmesi dana däl, hemmesiniň ýürekleri sap däl...— diýip jogap gaýtardy. — Hä! Bardyň üstünden! — diýip, faraon gygyrdy. — Indi bolsa, sen Pentuer, daýhanyň ogly, maňa aýt: žresleriň arasynda myrryhlaryň, samsyklaryň bardygyny bilseňem, nämüçin sen olaryň garşysyna göreşmekde maňa gulluk etmek isläňok?..Ilki žreslere meň emrime boýun bolmagy öwretmesem, daýhanlaryň durmuşyny gowulandyryp bilmejekdigime sen düşünýäň ahyry! Pentuer ellerini gabşyrdy. — Jenap, žresler bilen çaknyşmak hem-ä günä, hem-de howply!Faraonlaryň telimsi şeýle göreşe başlapdy, ýöne ony ahyryna çenli alyp baryp bilmändi. — Sebäbi olary sen ýaly adamlar goldamandyrlar!.. — diýip, faraon gazaply gepledi. —Dogrudanam, işsiz-pişesiz, özleri-de juda köp adamdan ybarat garakçylar toparynyň öz ýanlarynda bolmagyna akylly, arassa žresleriň nädip çydaýandyklaryna men hiç wagtda-da düşünmesem gerek. Pentuer başyny ýaýkady. Birsalym dymyp oturdy. Soňra gepläp ugrady: — Keramatly žresler topary otuz müň ýyl bäri Müsüriň ykbalynyň aladasyny edip gelýär. Döwleti häzirki derejä — tutuş dünýäniň haýran galýan derejäsine hut şolar ýetirdi. Kemçilikleriniň bardygyna garamazdan, şol topara munuň neneň başardandygyny nädip düşündirmeli? Ony žresiň danalyk şuglasy ýaýylyp duran çyradygy bilen düşündirmeli. Çyra hapa, hatda ýakymsyz ysly bolup biler, ýöne ol özünde hudaýyň oduny saklaýandyr — şol bolmanlygynda adamlaryň arasynda garaňkylyk hem-de nadanlyk höküm sürerdi.Sen, hökümdar, žresler bilen göreşmek barada aýdýarsyň. Oň meň üçin nähili gutarjagyny bilýämiň? Eger sen utulsaň, men betbagt bolaryn, sebäbi sen daýhanlaryň durmuşyny gowulandyryp bilmersiň. Eger sen utsaň, nähili bolar? Eý-how! Men ony görmän, gözlerimi müdimilik ýumsam, gowy bolar!..Sebäbi sen çyrany döwersiň, kim bilýär, belki-de, sen Müsüriň hem-de tutuş dünýäniň depesinde müň ýyl bäri ýanyp duran danalyk yşygyny-da öçürersiň. Meň jenabym, men, ine, nämüçin žresleriň keramatly topary bilen şeýle çaknyşyga goşulmak islämok. Men şol çaknyşygyň golaýlap gelýändigini duýup, özümiň bolgusyz gurçukdygym sebäpli oň öňüni alyp bilmejekdigim üçin ezýet çekýärin. Hawa, ýa-ha saňa, ýa-da danalygy ýaradyjy Hudaýa dönüklik etmeli boljakdygym sebäpli men oňa goşulmakçy däl... Pentueri diňleýän faraon otagda pikirli halda eýläk-beýläk gezmeleýärdi. Ol: —Hym!.. Aý, bolýar-da, nähili isleseň, şoň ýaly hereket et. Seň esger däldigiň sebäpli,saňa gaýratsyzlygyňa gyjalat berip bilmen.Sen maňa maslahatçy bolup bilmeýäň.Ýöne barybir sendendaýhanlaryň gozgalaňlarynyň derňewi bilen meşgullanmagy haýyş edýän. Haçan seni ýanyma çagyranymda özüňdäkipähim-paýhasyň näme emir edýändigini maňa aýdarsyň — diýip, parahat äheňde gepledi. Pentuer faraon bilen hoşlaşyp, dyzyny epdi. Faraon gyzmaçlyk bilen gepledi: — Her näme bolsa hem, meň hudaýyň oduny öçürmek islemeýändigimi bilip goýgun. Goý, žresler ybadathanalarynda özleriniň pähim-paýhaslydyklaryndan lezzet alsynlar, ýöne, goý, olar meň goşunymy dargatmasynlar, masgaraçylykly şertnamalary baglaşmasynlar, onsoňam, goý, patyşanyň hazynahanasyna el urmasynlar. Olar özleri tarapyndan nalajedeýinlik, ýaramazlyk bilen dolandyrylansoň, halys tozan döwleti saklamaga serişde bererleri ýaly, men derwezeleriniň agzynda gedaý dek el serip durar öýdüp pikir edýän-ä däldirler-dä hernä?..Ha-ha-ha!..Pentuer, men öz hukugymbolan hem-de öz güýjüm ýetýän zat hakda hudaýlardanam dilemen...Gidip bilersiň... Žres baş egşine götinjekledi, gapa ýetibem, ýüzin düşüp ýatdy. Faraonyň bir özi galdy. Ol: «Adamlar – edil çaga ýaly. Herihor akylly ahyry. Ol uruş başlanaýsa, Müsüre ýarym million esgeriň gerekdigini bilýär, olara söweş tälimini öwretmelidigini bilýär, şonda-da esgerleriň, ýygynlaryň sanyny azaldypdyr.Baş gaznaçy-da akmak däl, ýöne faraonyň tutuş hazynasynyň ötlem-ötlem jaýa geçirilmegini ýüregi bilen makullaýar, ony tebigy zat saýýar.Galyberse-de, Pentuer...Geň adamdygyny!..Ol daýhanlaryň gowy iýmitlenmeklerini, ýere eýelik etmeklerini, dem-dynç almaklaryny isleýär...Gowy pikir...Ýöne şeýdilse, meň onsuzam bolgusyz girdejim has-da azaljak ahyry. Eger men oňa: «Žreslerden patyşalyk hazynany almaga kömek et» diýäýsem, meni hudaýsyz, Müsüriň çyrasyny öçürjek adam hasaplar.Täsin adam!Daýhanlary bagtyýar durmuşda ýaşatmak barada gürrüň gitse, tutuş ýurdy agdar-düňder etmäge taýýardyr, ýöne baş žresiň ýakasyndan ebşitläp tutaga-da, zyndana oklamaga weli, asla ýürek ädip bilmez. Ol meň öz girdejilerimiň ýarysyndan boýun towlamagymy örän arkaýynlyk bilen talap edýär, emma Ötlem-ötlem jaýdan ýekeje-de mis debeni alyp çykmaga gaýratynyň çatmajakdygyna ynanýan» diýip oýlanýardy. Ramses ýylgyryp, pikirl ýöretmesini dowam etdi: «Hemme kişiniň bagtly bolasy gelýär. Ýöne niçikmidir umumy bagtyýarlyk üçin nämedir bir zat etmäge synanyşýaň weli, göýä dişi sogrurylýan adam ýaly, derrew eliňden ýapyşýarlar...Şoň üçin hem, hökümdar aýgytly bolmaly. Meň Hudaýa deň saýylan kakam daýhanlary äsgermän, žreslere bolsa gereginden artyk ynanyp, ýalňyşypdyr.Ol maňa ýeňil bolmadyk miras galdyrypdyr.Ýöne men barybir hemmesiniň hötdesinden gelerin. Ürgün köllerde-de ýagdaý ýeňil däldi. Bärdäkidenem kyndy. Bu ýerdäkileriň hemmesi lakgy, gorkak. Ol ýerdäkiler bolsa elleri ýaragly, ölüme gitmäge taýýar adamlardy. Diňe ýekeje söweş biziň ine-gana on ýyllap döwleti dolandyrýan wagtymyzda bilmeýän zadymyzyň üstüni açýar. Kim özüne: «Men päsgelçiligi ýeňip geçerin!» diýýän bolsa, hökman ýeňip geçer. Emma kim ýöwsellik etse, ol hökman yza çekilmeli bolar». Iňrik garaldy. Köşkde garawullar çalyşdy, uzakdaky dälizlerde gysga taýaklaryň ujuna berkidilen çyralar ýakyldy.Diňe hökümdaryň rahatlygyny bozmazlyk üçin çakylyk bomasa hiç kim girip bilmeýärdi. Ukusyz gijeden, eýläk-beýläk selpemekden, iş-aladadan halys laky-tak bolan faraon özüni kürsä goýberdi. Oň göwnüne eýýäm ýüz ýyl bäri patyşalyk sürüp ýören ýalydy, piramidalaryň golaýynda bolanyna entek bir günem geçmändiginre ynanyp bilenokdy. «Bary-ýogy ýekeje gün!..Aý, ýok-la, boljak zat däl-ä bi!..» Soňra birden oň kellesinde öz gursagynda öňki ötüp-geçen faraonlaryň ruhlarynyň bar bolaýmagynyň ähtimaldygy hakdaky pikir peýda boldy. Megerem, şeýledir, ýogsam bireýýäm bolup geçen, haýsydyr bir tanyş zadyň bu duýgusy onda nireden peýda bolsun? Bary-ýogy iki aý ozal hötdesinden gelmerin öýdüp gorkan zadynyň — döwleti dolandyrmak işiniň şeýle ýönekeý bolup görünmesi nämeden? «Bary-ýogy ýekeje gün ötüpdir! Meň göwnüme bolsa, men bärde müň ýyl bäri oturan ýaly!» Ol birden: — Oglum!.. Oglum!.. — diýen basyk sesi eşitdi. Faraon kürsüden laňňa galdy. — Bärde kim bar? — diýip gygyrdy. —Bu men!..Sen, näme, meni unudaýdyňmy? Faraon sesiň ýokardanmy, aşakdanmy ýa-da burçda duran Osirisiň uly heýkelindenmi — nireden gelýändigini aňyp bilmedi. Ses ýaňadan ýaňlandy: — Oglum! Hudaýlaryň özüňi ýalkamaklaryny isleýän bolsaň, olaryň erk-ygtyýaryna hormat goýgun.Hawa, hudaýlara hormat goýgun, sebäbi olaryň goldaw-hemaýaty bolmasa, Zemin ýüzündäki aňrybaş güýç-kuwwat hem biderek bir zatdyr, ötegçi kölegedir.Seň öz ýalňyşlaryňa örtenip-bişmegiň meň täze mesgen tutan ýerimde — Tümlügiň bagtyýarlyk ýurdunda keýpimi bozmaz ýaly, hudaýlara hormat goýgun! Ses kesildi. Faraon çyra getirmegi buýurdy. Otagyň bir gapysy gulplydy, beýlekisiniň öňünde bolsa garawul durdy. Keseki biriniň otaga girip biljek gümany ýokdy. Ýigrenç bilen howsala faraonyň ýüregini tary-mar edýärdi. Bu näme boldugy? Dogrudanam, oň bilen kakasynyň ruhy gepleşdimikä? Ýa-da bu ses žresleriň täze primlerimikä? Ýöne žresler diwarlaryň galyňlygyna garamazdan, oň bilen uzak aralykdan gürleşip bilýän bolsalar, ony gizlin diňläbem bilýändirler. Eger şeýle bolsa, onda dünýäniň hökümdary gabawa düşen wagşy haýwandan başga hiç zat däl! Dogry, patyşanyň köşgünde adamlaryň biri-birini gizlin diňlemegi adaty zatdy. Emma faraon juda bolmanda öz iş otagynda ondan çekinmeli däldigine, žresleriň bihaýalygynyň işikden ätläp bilmejekdigine ynanýardy. Eger bu ruh bolsa näme?.. Faraon agşamlyk naharyny iýmän, düşege geçdi. Ol uklap bilmerin öýdýärdi, ýöne ýadawlyk howsaladan rüstem geldi. Aradan birnäçe sagat geçenden soň, ony jaňjagazlaryň sesi we ýagtylyk ukudan oýardy. Gurrandaz žres asman ýagtylgyçlarynyň ýerleşişi hakdaky maglumat bilen gelen eken. Faraon maglumaty diňledi. — Merhemetli pygamber, sen ertirden başlap öz maglumatyňy sarpa mynasyp Seme ýetirseň nädýär? Ol meň dine dahylly meseleler boýunça orunbasarym... Gurrandaz žres faraonyň asmanyň ýagdaýyna parhsyzlygyna juda geň galdy. — Siziň merhemetliňiz, ýyldyzlaryň hökümdarlara berýän görkezmelerini äsgermezlik edýärmi? — Berýän? — diýip faraon gaýtalady. — Ýeri, onsoň ýyldyzlar maňa nämäni öňünden duýdurýarlar? Gurrandaz edil şeýle sowala garaşyp duran bolmaga çemli, sebäbi pikirlenmezden jogap gaýtardy: — Gözýetim wagtlaýynça tutulan. Dünýäniň hökümdary entek hudaýlaryň emrine düşünmäge alyp barýan hakykat ýoluna gadam basanok. Ýöne ol ir-u-giç ony, oň bilen bilelikde-de uzak, bagtly durmuşy, şan-şöhrata beslenen patyşalyk sürmegi tapar. — Şeýlemi asyl!Sag bol, keramatly kişi. Men özümiň nämä yhlas etmelidigimi indi bilýän, şoň üçin hem, görkezmelere eýermäge jan ederin. Senden bolsa mundan beýläk merhemete mynasyp Seme ýüz tutmagyňy ýene bir gezek haýyş edýärin. Aýdyşym ýaly, ol meň orunbasarym bolansoň, sen ýyldyzly asmandan nähilidir bir öwrenerli zat aňdygyň, ertir irden hökman maňa bu barada aýdar. Žres başyny ýaýkaýşyna, faraonyň ýatylýan otagyny terk etdi. Ramses: «Ukynyň-a işini gördi» diýip janyýangynly oýlandy. Birdenem kömekçisi: — Beýik merhemetli şa aýaly Nikotrisa mundan bir sagat ozal senden duşuşyk soramagy maňa emir etdi — diýip ýetirdi. — Häzirmi? Gijäniň ýaryndamy? — diýip, faraon geň galdy. — Ol seň edil gijäniň ýarynda ukudan oýanýandygyňy aýtdy. Faraon oýlandy-da, altyn zalda özlerini hiç kim diňlemez diýip çak edensoň, şa aýalyna şol ýerde garaşjakdygyny kömekçisine aýtdy. Ol egnine ýapynja atdy, aýagyna bagjygyny daňman sandal geýdi we zaly gowy ýagtylandyrmagy buýurdy. Soňra hyzmatkärlere özüni ugratmazlygy buýrup, otagdan çykdy. Ejesi zalda büdür-südür kendirden tikilen ýas eşikli otyrdy. Şa aýaly faraony görenden dyza çökmekçi boldy, ýöne ogly ony ýokary galdyryp, gujaklady. Ol ejesinden: — Eje jan, şeýle bimahal çak özüňi azara goýupsyň weli, näme, juda zerur bir ahwalat ýüze çykdymy? — diýip sorady. — Men ýatmadym...doga okadym — diýip, şa aýaly jogap gaýtardy. — Ah, meň oglum! Seň pähim-paýhasyň derwaýys gürrüňiň bardygyny saňa assajadan aýtdy. Men seň kakaň hudawy sesini eşitdim... Ýeňsesi gatap ugran faraon özüne zor salyp: — Dogrudanam?..— diýdi. — Seň baky ýaşaýan kakaň nädogry ýola düşendigiňi çuňňur gynanç bilen maňa aýtdy. Sen baş žreslik derejesini almaga çalyşmakdan boýun towlaýarsyň, hudaýyň hyzmatkärlerini kemsidýärsiň.Seň hudawy kakaň: «Eger Ramses hudaýlary öz garşysyna öjükdirse, eger žresler ondan ýüz öwürse, oň ýanynda kim galjakmyşyn? Oň Müsüri-de, özüni-de, neberäni-de heläk etjekdigini sen oňa aýt, hökman aýt!» diýdi. Faraon: — Eý-how! Gör, olar meni näme bilen gorkuzýarlar! Özi-de patyşalyk edip ugran ilkinji günümde!It gorkýan mahaly beýlekilerden gaty üýrýändir. Eje jan! Bu gorkuzmalar ýaramazlygyň alamaty, ýöne meň üçin däl-de, eýsem, žresler üçin şeýle!.. — diýip gazaply gepledi. — Ýöne bu sözleri seň kakaň aýtdy ahyry — diýip, ejesi tukat ses bilen gaýtalady. Faraon: — Meň baky ýaşaýan kakam hem-de atam Amenhotep arassa ruhlar bolansoň, meň ýüregimi bilýärler, Müsüriň gözgyny ýagdaýyny görýärler. Meň ýurduň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin jan edýändigim sebäpli olar maňa päsgel bermek islemeýärler — diýip jogap gaýtardy. Ogluna howatyrly sereden ene: — Sen, näme, kakaň ruhunyň özüňe maslahat berýändigine ynanaňokmy? — diýip sorady. — Bilemok, ýöne biziň köşgümiziň dürli künjeginden eşidilýän ruhlaryň seslerini žresleriň haýsydyr bir hokgasy diýip çaklamaga mende esas bar. Emma hudaýlar, ruhlar däl-de, diňe žresler menden çekinýärler. Bizi gorkuzýanlar ruhlar däl, eje jan! Oglunyň sözleri mese-mälim täsir eden şa aýaly oýa batdy. Ol öz ömründe geň-taňlyklary kän görüpdi we şolaryň käbiri özüne-de şübheli bolup görnüpdi. Ol: — Eger beýle bolsa, sen seresaply däl, oglum. Şu gün günortadan soňra meň ýanyma Herihor geldi. Ol seň bilen duşuşygyndan juda nägile bolupdyr. Herihor seň žresleri köşkden daşlaşdyrmakçy bolýandygyňy aýtdy — diýdi. — Olar meň nämäme gerekmişin? Aşhanadyr ýerzeminime edilýän çykdajyny artdyrmak üçin saklaýmasam... Ýa-da olar maňa näme aýdýanymy diňlemekleri, näme edýänime seretmekleri üçin gerekmi? Şa aýaly: — Eger žresler seni hudaýsyz diýip yglan etseler, tutuş ýurt gozgalaň tapar — diýip, olaryň tarapyny tutmagyny dowam etdi. — Ýurt eýýäm biynjalyk.Ýöne žresleriň günäsi boýunça. Onsoňam Müsür halkynyň dindarlygy barada-da mende başga pikir döräp ugrady. Aşaky Müsürde hudaýlara nähili dil ýetirilýändiginden, Ýokarky Müsürde bolsa merhumlaryň nähili talanýandygyndan habarly bolanlygyňda, sen biziň halkymyz üçin žresleriň keramatly bolmagyny bireýýäm bes edendigine göz ýetirerdiň, eje jan! — diýip, faraon jogap gaýtardy. — Bu Müsüri dolduran gelmişekleriň täsiri! Aýratynam, finikilileriň...diýip, şa aýaly azymly gepledi. — Munuň kimiň täsiridiginiň tapawudy näme? Müsüriň indi heýkelleri-de, žresleri-de adatdan daşary zatlar hasaplamaýandygynyň özi hem ýeterlik. Eger sen, eje jan, tanymal toparyň, serkerdeleriň, esgerleriň näme diýýändiklerini eşidenligiňde, bu ýurtda her bir düzgün-tertibiň weýran bolmazlygy üçin faraonyň erk-ygtyýaryny žresleriň erk-ygtyýaryndan ýokarda goýmaga wagt ýetendigine düşünerdiň. — Sen Müsüriň hökümdary, pähim-paýhasyňam aňryýany bilen ýetik – diýip, şa aýaly uludan dem aldy. —Öz bilşiňçe hereket et.Ýöne seresap bol, oglum!..Hawa, seresaply bol!Içýan depesinden basylanam bolsa, oýlanmazak ýeňijini çakyp bilýändir. Eneli-ogul gujaklaşdylar. Faraon öz ýatyş otagyna dolanyp bardy. Ýöne uky harama çykypdy. Faraon bilen žresleriň arasynda çaknyşygyň, has takygy, göreş diýlip atlandyrylmaga-da mynasyp, has takygy adatybolmadyk ýürekbulanjy bir zadyň başlanandygy mesaňa-mälimdi; ýöne serkerde oň hötdesinden nädip gelmelidigini entek bilenokdy. Munda duşman hany? Oň wepaly goşuny kimiň garşysyna söweşmeli? Faraonyň alnynda ýüzin düşüp ýatýan žresleriň garşysynamy? Ýa-da entek faraonyň hakykatyň ýoluna düşmändigini görkezýän ýyldyzlaryň garşysynamy? Bärde kim, näme bilen ýaka tutluşmaly? Belki, garaňkylykda eşidilýän ruhlaryň sesleri bilen göreşmelidir? Belki-de, ýüregi ýarylara gelip, ondan žresleri kowmazlygy özelenip haýyş edýän mähriban ejesi bilen darkaş gurmalydyr? Faraon özüniň bütinleý güýçsüzdigini duýup, düşekde eýläk-beýläk togalanýardy. Ýöne birden kellesine: «Meň barmaklaryň arasyna siňen hapa meňzeýän duşman bilen ne işim?Goý, olar boş dälizlerde maňa haýbat atsynlar, goý, özlerine ynanmaýandygym üçin maňa gaharlansynlar.Men höküm ederin. Kim hökümimi ýerine ýetirmezlige het etse-de, ony öz duşmanym saýyp, garşysyna tertip-düzgüne gözegçilik edijileri, kazyýeti, goşuny ulanaryn» diýen aýgyda geldi. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |