19:46 Faraon -29: romanyň dowamy | |
ÝEDINJI BAP Famenot aýynyň birinji ýarymynyň ahyrynda ýaz başlandy. Tutuş Müsürde gök öwüsýän bugdaý deňzi tolkun atýardy, täze sürlen ýerlerde bolsa lýupin²⁴, mäş, noýba, arpa ekýän daýhanlar gydyrdanyşyp ýördüler. Howada pomeranes gülleriniň hoşboý ysy bark urýardy. Suw bütinleý çekilişensoň, gün-günden täze-täze ýer bölekleriniň üsti açylýardy. Osiris-Meri-Amon-Ramsesi jaýlamagyň hysyrdysyndan dynylypdy. Faraonyň lowurdaýan mumyýaly jesedi eýýäm ýokarky gapagynda merhumyň ýüz keşbi şekillendirilen ak tabyda salnypdy. Faraon öz syrça gözleri bilen seredip ýatan ýalydy; oň nurly ýüzünde dünýäniň terk edilendigi üçin däl-de, eýsem, entek Zemin ýüzünde ezýet çekip ýaşamaly adamlaryň halyna sessiz-üýnsüz gynanç bardy. Oň kellesine ak hem-de gök çyzmykly çepes, boýnuna inçe ýüpe düzülen gymmatbaha daşly halka geýdirilipdi; merhumyň gursagynda – ellerini gerip, dyza çöküp oturan adamyň şekili, aýaklarynda – hudaýlaryň, keramatly guşlaryň we hiç bir janly-jandara degişli bolman, göýä giňişlikden seredýän ýaly bolup duran gözleriň şekili bardy. Patyşanyň jesedi, ine, şeýle görnüşde gymmatbaha düşegiň üstünde goýlan, kedr agajyndan ýasalan tabytda ýatyrdy. Oň diwarlary merhumyň ömrüni we edermenligini wasp edýän ýazgydan doludy. Jesediň depesinde adam kelleli täsin gyrgy ganat ýaýýardy; tabydyň ýanynda bolsa merhumlary jaýlamagyň hudaýy, şagal kelleli Anubisiň eşigini geýen žres gije-gündiz nobatçylyk çekýärdi. Mundan başga-da, içki tabyt üçin bazaltdan25edilen agyr tabyt (mazarüsti daş) taýýarlanypdy. Merhumyň daşky görnüşi we ýüz keşbi şekillendirilen şol tabydam (mazarüsti daş) ýazgylar, doga okaýan adamlaryň, keramatly guşlaryň, skarabeýleriň şekilleri bilen örtülendi. Famenot aýynyň on ýedisi güni tabydy, daşdan ýasalan tabyt (mazar üsti daş) bilen bilelikde „merhumlar şäherinden“ patyşanyň köşgüne getirdiler we iň uly dälizdegoýdular. Ony derrew ýas senasyny aýdýan žresler, tanymal toparlaryň wekilleri we merhum patyşanyň hyzmatkärleri doldurdylar. Merhum faraonyň öleň aýdýan aýallary has-da köp bolup, olaryň agy sesleri Niliň beýleki kenarynada eşidilýärdi. Zenanlar: - Eý, hökümdar!..Eý, biziň hökümdarymyz!..Sen bizi nämüçin taşlaýaň? Biz bilen güler ýüzli gürleşen, şeýlebir ajaýyp, hoşgöwün hökümdardyň ahyry!.. Sen indi nämüçin dymýaň?..Sen bizi söýýädiň ahbetin, indi bolsa bizden şeýle uzakda! – diýşip orlaşýardylar. Žresler bolsa şol wagt aýdym aýdýardylar: Birinji hor: „Men tenha Tumdyryn...“ Ikinji hor: „Men oň şuglasyndaky ilkinji Radyryn...“ Birinji hor: „Men özi özüni ýaradýan hudaýdyryn...“ Ikinji hor: „Hem-de özi özüne at berýändir, ony hudaýlaryň arasynda hiç kim saklaýan däldir...“ Birinji hor: „Men ol ýerdäki Gudraty Güýçliniň adyny bilýän...“ Ikinji hor: „Sebäbi men beýik guşBennu26bolamsoň, ähli zady görýändirin27“ Iki gün ses edilip, doga okalandan soň, köşge gaýyk şekilli äpet araba gelip girdi. Oň gyralaryna goýnuň kelleleri we düýeguşuň ýeleginden edilen ýelpewaç bezeg berýärdi, gymmatbaha çadyryň depesinde bolsa bürgüt ganat ýaýyp, faraonyň hökmürowanlygynyň alamaty bolan altyn ýylan owsun atýardy. Köşk aýallarynyň erjel garşylyk görkezmeklerine garaman, keramatly mumyýany şol arabada goýdular. Olaryň bir bölegi tabytdan aslyşsa, beýleki bölegi mähriban jenaby ellerinden aldyrmazlyk üçin žresleri näletleýärdiler, üçünji bölegi saçlaryny ütüp, ýüzlerini dyrnaçaklaýardylar, hatda daşdan ýasalan tabydy (mazar üsti daşy) göterip barýanlary ýumruklaýardylar. Elhenç yzanda-çuwanlykdy. Ahyrsoňy daşyny köşkden Nile çenli uzak aralygy märeke gallanruhynanur çaýlan jesetli araba ýola düşdi. Ol ýerde-de üst-başyna hapa çyrşap, ýüzlerini persala eden, ýas daňyly, ynsan sesine meňzemeýän sesli aglaýan adamlar ýetikdi. Ýas dessuryna laýyklykda, ýoluň uzaboýuna aýdym aýdýan žresler goýlupdy. Birinji hor: «Sen ýalany ýigrenýän adamlaryň arasynda ilkinji bolup Günbatara, Osirisiň mekanyna, Günbatara barýarsyň». Ikinji hor: «Günbatara! Hakykaty juda söýen we ýalany ýigrenen adam gaýdyp direlmez». Arabakeşleriň hory: «Ýas arabasyny çekip barýan, öküzler, Günbatara, Günbatara!..Siziň jenabyňyz yzyňyza düşüp barýar». Üçünji hor: «Günbatara, Günbatara, adalatlylaryň ýurduna! Seň söýýän mekanyň seni küýsäp horkuldaýar, aglaýar». Märeke: «Sag-aman Abidosa git!..Sag-aman Abidosa git!..Sen sag-aman Günbatara ýetediň!..». Legzeban aýallaryň hory: «Eý, biziň jenabymyz! Eý, biziň jenabymyz! Seň Günbatara gidýäniňe hudaýlaryň özleri gözýaş dökýärler!..». Žresleriň hory: «Adamlaryň arasynda örän sarpalanýandygy üçin ol bagtly! Oň ykbaly olaryň öz taýýarlanan tabydynda dynç almaga mümkinçilik berýär». Arabakeşleriň hory: «Ýas arabasyny alyp barýan, öküzler, Günbatara, Günbatara!..Siziň jenabyňyz yzyňyzdan barýar...». Märeke: «Sag-aman Abodosa git!.. Sag-aman Abidosa git!..Günbatar deňze!»28 Her iki ýüz-üç ýüz ädimde duran esgerler topary hökümdary güňleç deprek sesi bilen garşylap, tüýdükleriň şaňňy sesi bilen ugradýardylar. Bu hökümdary jaýlamak däl-de, eýsem, hudaýlaryň ýurduna dabaraly ýörişdi. Arabadan belli bir aralykda daşyny birgiden harby serkerdeler gurşan Ramses XIII, oň yzyndanam şa aýaly Nikotrisany goltuklap, iki köşk hanymy barýardylar. Merhum patyşanyň eýýäm Osirisiň ýanyndadygy, baran eşret mekanyndan juda hoşal bolansoň, Zemine dolanyp gelmekislemejekdiginibilensoň (ýönekeý halk muny bilenokdy), ne ejesi aglaýardy, ne-de ogly. Yzy üzülmeýän ses bilen birnäçe sagada çeken ýörişden soň, içi jesetli araba Niliň kenarynda saklandy. Jesedi gaýyk şekilli arabadan düşürip, hakyky, altyn çaýylan, gazma nagyşdyr suratlar bilen bezelen, ak hem-de goýy gyrmyzy ýelkenli ýük daşalýan gämä mündürdiler. Köşk aýallary mumyýany žreslerden almaga ýene bir gezek synanyşdylar, ýene bir gezek merhumyň şanyna aýdym aýdyldy, saz çalyndy. Soňra patyşanyň jesedini alyp gitmeli gämä şa aýaly Nikotrisa we birnäçe žres mündi. Halk çemen, matam gältäjini zyňyp ugrady. Suwda kürekler şalpyldaşyp başlady. Ramses XII öz köşgüni hemişelik terk edip, Nil arkaly Fiwidäki mazaryna ugrady. Ol aladaçyl hökümdar hökmünde hoşlaşmak üçin ýolda meşhur ýerleriň hemmesine barmalydy. Merhum hökümdar juda uzak ýol geçmelidi. Fiwä çenli ýüz mil töweregi bolup, derýanyň ugry bilen ýokary ýüzmelidi we mumyýa birgiden ybadathanalara baryp, dabaraly gulluklara gatnaşmalydy. Ramses XII baky ýurda göç edeninden birnäçe gün öteninden soňra, gaýgy-hasratdan ýürekleri para-para bolan adamlara görnüp, olary köşeşdirmek, hormat-sylagyny kabul etmek we hudaýýoly bermek üçin, Ramses XIII kakasynyň jesediniň äkidilen ýoluna çykdy. Şol hasratly gün ähli baş žresler,birgiden uly žreslerdirhäkimlerwe gapjygy has galyň mülkdarlar öz gämileri bilen merhum patyşanyň yzyna düşüp gidipdiler. Täze faraon: «Meň töweregimde-hä beýle köp adam bolmasa gerek» diýip, gussaly pikir edipdi, ýöne ýagdaý başgaça boldy. Ramses XIII daşynda ähli serkerdeler, örän köp emeldarlar, tanymal adamlar we pesderejeli žresleriň jem bolmagy, ony begendirenden beter haýran galdyrdylar. Emma buentek diňe başlangyjydy. Sebäbi ýaş faraonyň gämisi Nilde hereket edip ugrandan, birgiden uly hem-de kiçi, arzan hem-de gymmat gaýyklar oňa tarap ýüzüp gaýtdylar weli, tas tutuş derýa şolardan doldy duruberdi. Gaýyklarda öz maşgalalary bilen ýalaňaç daýhanlar, işçiler, bezemen söwdagärler, açyk eşikli finikiler, ykjam ýunan deňizçileri we hatda assirililerdir hettler otyrdylar. Bu märeke indi gygyranokdy-da, eýsem, eňreýärdi, şatlananokdy-da, eýsem, perýat edýärdi. Hökümdaryň aýagy degen gapagy ogşamak we bir goşawuç bugdaýy, mata parçasyy, ýönekeý toýun küýzäni, dürli guşlary, köpüsi bolsa ýönekeý çemeni sowgat bermek üçin, haýsydyr birwekiller topary patyşanyň gämisine salymsaýyn dyrmaşyp çykýardylar. Ine, onsoň faraon Memfisden ugramanka getirilen sowgatlar ýerleşdirilen ýük gämisi gark bolmaz ýaly, birnäçe gezek boşatmaly boldy. Kiçi žresler adamlaryň Beýik Ramsesden başga hiç bir faraony şeýle şatlykly garşylamandyklary barada öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Memfisden Fiwä çenli ähli syýahat şeýle geçdi. Halkyň şowhuny peselmän, tersine, güýçlendi. Etjek-goýjak işleri hakda eýýäm rowaýatlar dörän täze hökümdary synlap şatlanmak üçin daýhanlar meýdanlary, senetkärler ussahanalary taşladylar. Nähili özgerişligiň bolup geçjekdigini hiç kim bilmese hem, halk uly özgerişlige garaşýardy. Diňe bir zat: emeldarlaryň talap edijiliginiň gowşandygy, finikilileriň salgyt ýygnaýan mahalynda öňküsi ýaly ýowuz däldigi, hemişe sadyk müsür halkynyňam indi žresleriň alnynda öňküsi deý ýapyrylyp baş egmeýändigi mälimdi. Garbanyşhanalarda, meýdanlarda, bazarlarda: «Faraon ygtyýar etse bolany, biz derrew tertibi ýola goýarys, keramatly kişileriň merkini bereris. Biziň uly salgyt tölemegimize, arkamyzda ýagyr yzynyň hiç wagtda bitmeýändigine şolar günäkär» diýýärdiler. Memfisden ýedi mil günortada, Liwia dag jülgeleriniň arasynda ynsan eli bilen döredilen Piom ýa-da Faýum atly ajaýyp ülke ýaýylyp ýatyrdy. Bir zamanda ol ýalaňaç daglary amfiteatr gurşap, haňlap ýatan çöketlikdi. Faraon Amenemhet29 Isanyň dogulmazyndan üç ýarym müň ýyl ozal ony gülleýän ülkä öwürmegiň hyýalyna münýär. Ol maksadyny amala aşyrmak üçin çöketligiň gündogar bölegini aýrybaşgalaga-da, daşyna kuwwatly bent aýlaýar. Binýadynyň galyňlygy ýüz ädime golaý bolup, iki gat jaýyň beýikligine barabar bendiň uzynlygy-da kyrk kilometrden gowrakdy. Şeýlelikde, içine üç milliard kub metre (üç kub kilometr) çenli suw ýerleşýän, ýaýrawy üç ýüz inedördül kilometr töweregi ýer eýeleýän howdan döredilýär. Şol howdan dört ýüz müň morg topragy suwarmaga hyzmat edipdir, mundanam başga, daşgyn mahalynda artykmaç suwy özüne kabul edip,Müsüriň uly bölegini duýdansyz suw basmagyndan gorap saklaýar. Merid köli diýlip atlandyrylan äpet howdan dünýäniň täsinlikleriniň biri hasaplanypdyr. Ine, şeýdibem, şol howdan arkaly iňlär siňeksiz çöl ýer bagtly ýaşaýan iki ýüz müňe golaý ilatly, topragy hasylly Piom ülkesine öwrülýär. Ol ýerde palmadyr bugdaýdan başga-da, ajaýyp bägüller ösdürilip ýetişdirilýärdi. Ondan diňe bir Müsürde däl, eýsem, oň çäginden daşarda-da meşhurlyga eýe bolan bägül ýagyny alýardylar. Merid kölüniň bolmagy müsürli bilgeleriň beýleki bir täsin sungaty – Ýusup30kanaly bilen baglanyşyklydy. Ini iki ýüz ädim bolan bu kanal Nilden günbatara onlarça mil uzap gidýärdi. Ol derýadan iki mil aralykda ýerleşip, Liwi daglary bilen çäkleşýän ýerleri suwarmaga gulluk edýärdi we suwy Merid kölüne sowýardy. Faýum ülkesiniň töwereginde birnäçe gadymy piramidalar we ençeme ownuk mertebeli mazarlar beýgelip otyrdylar. Oň gündogar serhedinde, Nile golaý aralykda bolsa meşhur Ötlem-ötlem jaý durdy. Ony gurduranam Amenemhetdi. Ymarat äpet nal şekilli bolup, uzynlygy müň ädimlik, ini alty ýüz ädimlik ýeri eýeleýärdi. Bu ymarat Müsüriň çakdanaşa uly hazynasydy. Onda ençeme şöhratly faraonlaryň, meşhur žresleriň, serkerdeleriň, gurluşykçylaryň mumyýalary, şeýle hem, keramatly haýwanlaryň, aýratynam, krokodilleriň gäpleri bardy. Şol ýerde asyrlaryň dowamynda toplanan, häzirki wagtda, hatda göz öňüne getirmegem kyn bolan, Müsür patyşalarynyň baýlygy saklanýardy. Ötlem-ötlem jaýyň juda goragy gowşakdy, daşyndan golaýlaşyp bolmaýan ýer däldi. Oň goragy diňe žres goşunynyň az sanly esgerlerinden hem-de halallygyň synagdan geçen birnäçe žresden ybaratdy. Beýle edilmeginiň öz sebäbi bardy: birnäçe adamy hasaba almanyňda, hazynany hersi müň bäş ýüz otagly ýerüsti we ýerasty iki gatdan ybarat Ötlem-ötlem jaýyň niresinden gözlemelidigini hiç kim bilmänsoň, hazynahana howpsuz ýagdaýdady. Her bir faraon, her bir baş žres, şeýle-de, her bir baş gaznaçy we kazylarbaşy wezipä girişenden döwletiň emlägini öz gözi bilen görmäge borçludy. Ýöne welmožalardan hiç biriniň hazyna ýol tapmag-a beýlede dursun, eýsem, ymaratyň esasy bölegindemi ýa-da gapdaldan goşmaça salnan jaýdamy, ýeriň üstündemi ýa-da astyndamy — hazynanyň nirede ýerleşýändigini hatda göz öňüne getiribem biljek gümany ýokdy. Olaryň käbirine hazyna Ötlem-ötlem jaýdan uzakda, ýeriň astynda ýerleşýän ýaly bolup görünýärdi. Beýlekiler zerur mahalynda suw basar ýaly kölüň düýbünde ýatan bolmaly diýip çaklaýardylar. Umuman-a, hudaýlaryň emlägine kast eden dinsiziň janynyň jähenneme ýollanjakdygy üçin, welmožalaryň arasynda bu sowalyň änigine-şänigine ýetjek bolupýörenem ýokdy. Eger synanyşyklaryň öňüne gorky böwet bolmanlygynda, kim bilýär, belki, soňunyň nähili gutarjagyndan bihabar adamlaryň arasynda kimdir birine şol ýere eltýän ýoly tapmak başardardy. Hudaýsyzyň paýhasy bilen şol syry açmaga ýürek edip bileniň özüne-de, ähli golaý-goltumlarynadaagyr jeza garaşýardy Şol ýere gelen Ramses XIII ilki bilen Faýum welaýatyna bardy. Ol dübi — köl, ýakalary — baýyr bolan çuň jama meňzeýärdi. Hökümdar ter otlary, hoşboý ysly al-elwan gülleri, palmalaryň depelerini, daň atandan Gün batýança guşlaryň owazy we adamlaryň şadyýan sesleri eşidilip duran injirdir tamarind jeňňellerini teşnelik bilen synlaýardy. Ol, megerem Müsüriň iň bagtly künjegidi. Halk faraony uly şatlyk bilen garşy aldy. Ýaş hökümdary hem-de ýanyndaky golaý adamlaryny gül bilen gömdüler; oňa içi gymmatbaha atyrly birnäçe küýzejik, on talantdanam köp altyn we gymmatbaha daşlary getirdiler. Faraon hamala, şatlyk agaçlarda gülläp,asmandaganat kakyp, köl suwunyň ýüzünde görünýän ýaly ajaýyp ýerde iki gün boldy. Ýöne üçünji gün oňa Ötlem-ötlem jaýa barmalydygyny ýatlatdylar. Ol Faýumy gussa bilen terk edip, birsyhly yzyna seredip gitdi. Emma basym oň ünsüni baýyrdahowalanyp duran, çal reňkli beýik ymarat özüne çekdi. Telim heňňamy başdan geçiren Ötlem-ötlem jaýyň derwezesiniň agzynda faraony žresleriň terkidünýä keşpli uly bolmadyk topary we saç-sakgaly syrylan esgerleriň sanlyja adamdan ybarat goşuny garşy aldy. Ramses: — Bular esgerlere däl-de, žreslere meňzeýärler! — diýip gygyrdy. Ybadathananyň baş žresi: — Sebäbi bularyň hemmesi pes derejäni, ýüzbaşylary bolsa ýokary derejäni aldylar — diýip jogap gaýtardy. Et iýmeýän, sallaň ýaşaýan geň nökerleriň ýüzlerine golaýdan syn edip, faraon olaryň akyllydygyny, tutanýerlidigini duýdy. Ol, şeýle-de, özüniň keramatly şahs hökmünde bu ýerde hiç hili täsir döretmeýändigine göz ýetirdi. Faraonyň kellesinde: «Samontu bäri nädip aralaşyp biljekkä?» diýen pikir peýda boldy. Ol bu adamlary gorkuzybam, satyn alybam bolmajakdygyna düşündi. Olarda ynamlylygyň nyşany güýçlidi weli, göýä, hersiniň ygtyýarynda ruhlaryň ýeňilmezek leşgeri bar ýalydy. Ramses: «Göreli bakaly, bu hudaýdan gorkýan kişiler meň ýunanlarymdyr azialylarymdan gorkarlarmyka? Meň bagtyma, olar şeýlebir ýabany weli, hatda bularyň hopukdyryjydaş keşplerine ünsem bermezler» diýip oýlandy. Žresleriň haýyşy boýunça Ramses XIII ýanyndaky adamlar kelleleri syrylan esgerleriň gözegçiliginde ýaly bolup, derwezäniň agzynda galdylar. Faraon: — Gylyjy-da goýmalymy? — diýip sorady. Baş gözegçi: —Ol bize zyýan berenok — diýip jogap gaýtardy. Ýaş faraon şeýle jogap üçin elindäki gylyç bilen dindar kişini suňşurmaga taýýardy, ýöne saklandy. Iki hatar sfinksleriň arasyndaky uly howludan geçip, faraon we žresler ymaratyň esasy bölegine girdiler. Giňiş, ýöne garaňkyrak ýerde sekiz gapy bardy. Gözegçi: — Siziň hormatlyňyz, hazynahana haýsy gapydan girmek isleýärsiňiz? — diýip ýüzlendi. — Çalt eltjek gapydan. Bäş žresiň hersi eline alawly iki hada alsa-da, olardan diňe biri çyra ýakdy. Olaryň ýany bilen eli nähilidir bir alamatlary aňladýan uzyn tesbili baş gözegçi barýardy. Ramses bilen beýleki üç žres olaryň yzyndady. Eli tesbili baş žres saga sowuldy; olar diwarlary, sütünleri ýazgylardyr suratlardan persala edilen uly dälize girdiler. Ol ýerden darajyk geçelge arkaly ýokary galyp, köp gapyly başga bir dälizde peýda boldular. Olar ýere düşelen daşlaryň biri gyra süýşüp, öňlerinde açylan deşikden aşak düşüp, ýene darajyk ýoda bilen gapysyz otaga tarap ýöneldiler. Ýöne ýolbelet düşnüksiz hata elini degrenden giň açylan diwar olara ýol berdi. Barýan ugurlaryny kesgitlemekçi bolan Remsesýoluny bulaşdyrdydy. Ol diňe žresleriň uly dälizlerden, kiçijik otaglardan, darajyk geçelgelerden zymdyrylyp geçýändiklerini, kä ýokary dyrmaşýandyklaryny, kä aşak inýändiklerini, käbir dälizlerede gapylaryň köpdügini, beýlekilerinde bolsa asla ýokdugyny görýärdi. Şol wagtyň özünde-deýolbelediň bir ýere girmezinden ozal elindäki tesbisiniň bir dänesini süýşürýändigini, kämahal bolsa çyranyň ýagtysyna tesbidäki alamatlary diwarlardaky alamatlar bilen deňeşdirýändigini belledi. Faraon birden: — Biz häzir ýerasty gatdamy ýa-da ýokardamy, nirede? — diýip ýüzlendi. Oň hemralarynyň biri: — Hudaýlaryň ygtyýarynda — diýip jogap gaýtardy. Birnäçe öwrümlerden, birnäçe geçelgelerden geçilen soň, Faraon ýene dymyşlygy bozdy. Ol: — Weý, biz bu ýerde eýýäm iki gezek dagy bolduk ahyry — diýdi. Žresler jogap gaýtarmadylar, Diňe alaw göterip barýan diwarlara yzygiderli alawyny tutýardy. Ramses olary synlap, özleriniň bärde bolmandyklaryny içinden boýun aldy. Uly bolmadyk gapysyz otagda žres elindäki alawy ýere tutdy. Ýerde ýarpy-ýalta dolanankepeni çüýrän, garalyp, gurap giden jeset ýatyrdy — Bu on altynjy nebere mahalynda Ötlem-ötlem jaýa aralaşmakçy bolup, şu ýere gelip ýeten finikiň jesedi — diýip, gözegçi habar berdi Faraon: —Ony öldürdilermi? — diýip sorady. — Açlykdan ölüp galypdyr. Olaryň ýöräp barýanyna ýarym sagat geçipdi. Birden alaw tutup barýan žres dälizdäki tagçany ýagtylandyrdy: ol ýerde-de gurap giden jeset ýatyrdy. Gözegçi: — Siziň merhemetliňiz, bu siziň ataňyzyň patyşalyk süren döwründe bäri aralaşmaga synanyşan bir nubili žresiň jesedi — diýip düşündirdi. Faraon oňa näme bolandygyny soramady. Oň göwnüne özi aşakda bir çuň ýerde bolup, ymarat agramy bilen üstünden basýan ýalydy. Ol indi ýüzlerçe däliziň, geçelgeleriň, otagyň içinden barýan ugurlaryny kesgitlejek bolup kelle agyrdanokdy. Hatda daş diwarlaryň nähili gudrat bilen özlerine ýol berýändiklerine-de, ýere düşelen daşlaryň açylýandygyna-da düşünjek bolanokdy. Ol: «Semontu hiç zat oňarmaz...Diňe şu iki adam ýaly heläk bolany galar...Men oňa bular hakda gürrüň bererin» diýip içini gepletdi. Ýaş faraon özüni hiç wagtda şeýle gamgyn duýmandy, özüniň şeýle bolgusyzdygyna, güýçsüzdigine göz ýetirmändi. Aram-aram göwnüne bolmasa žresler özüni şu gapysyz, darajyk otaglaryň birinde duýdansyz taşlap gidäýjek ýaly duýulýardy. Lapykeçligiň toruna düşen hökümdar töweregindäkileri parçalap taşlamak üçin elini gylyjyna ýetirdi. Ýöne olaryň kömegi bolmasa, bärden çykyp bilmejekdigi hakydasyna gelip, başyny sallady. «Eh, bolmanda sähel salymlyk ýagty jahana çyksadyň!..Bu tümlüge gark bolup oturan üç müň otagly ýerde ölmek juda elhenç bolsa gerek!» Gahrymanlaryň ýürekleri kämahal adaty adamlaryň göz öňüne-de getirip bilmeýän şeýle gaýgy-hasratyna giriftar bolýarlar. Olar ahyry iki tarapyna sekizburç sütünleroturdylan uly dälize ýetenlerinde ýöriş tas bir sagada çekeňkirläpdi. Faraonyň daşyndaky üç žresiň hersi bir tarapa gitdi. Ramses olaryň biriniň sütüne ýaplanyp, soňra hem oň içine girip giden ýaly bolandygyny belledi. Sähel salymdan gapylaryň birinde darajyk geçelge açyldy. Žresler öz ýerlerine dolanyp geldiler. Ýolbelet dört alawýakmagy buýurdy. Olaryň hemmesi şol geçelgä ýöneldiler we seresaplyk bilen içine girdiler. Ymaratyň gözegçisi: — Ynha, ammarlar — diýdi. Žresler derrew sütünlere, diwarlara berkidilen alawlary ýakdylar. Ramses içi bahasyna ýetip bolmajak her hili önümlerden doly otaglaryň uzyn hataryny gördi. Şol hazynada her bir nebere, her bir faraon öz iň gymmatbaha, iň owadan zatlaryny goýupdyr. Bu ýerde iki tigirli ýeňil söweş arabalary, gaýyklar, ýatyş sekiler, stollar, bezeg salnan sandyjaklar, tyllaýa-da ýüzüne altyn çaýylyp,nagyş salnan pil gyýaklary, sadap, dürli reňkli agaçlar bilen haşamlanan tagtlar bardy. Olar adaty bolmadyk we juda ajaýyp sungatyň gaýtalanmajak nusgasy bolan baýlyklaryň her birine senetçi-suratkeşleriň onlarça ýyly sarp edendigi görnüp durdy. Bu ýerde söweş enjamlary, tuwulgalar, galkanlar, gymmatbahaly daşlary lowurdaýan sagdaklar bardy, küýzeler, arassa gyzyldan çanaklardyr çemçeler, gymmatbahaly egin-eşikler we saýlama matadan gurnalan çadyrlar hem öz ornuny tapypdyr. Howanyň gurakdygy we arassadygy sebäpli ýygnalan zatlar ýüzýyllyklaryň dowamynda ne-hä üýtgäpdirler, ne-de zaýalanypdyrlar. Faraon ünsi özünde egleýän zatlaryň arasynda Ramses XII Sargon tarapyndan sowgat berlen assiri köşgüniň ülňüsini gördi. Haýsy sowgady kimiň berendigini faraona düşündirýän baş žres oň ýüzüne ünsli seredýärdi. Ýöne faraonyň ýüzünde şatlyk däl-de, nägilelik bardy. Ol birden: — Maňa aýdyň: garaňky ýerde gizlenen bu baýlyklardan ne peýda bar? — diýip sorady. — Olarda eger Müsüre howp abanaýsa, ýurduň dadyna ýetişjek uly güýç bar. Şu tuwaugalaryň, söweş arabalarynyň, gylyçlaryň birnäçesi arkaly biz ähli assiri hökümdarlarynyň özümize gowy garamaklaryny satyn alyp bilýäris. Eger biz tagt ýerleşýän däliz ýa-da ýarag ussahanasy üçin enjamlary peşgeş beräýsek dagy, megerem, patyşa Assaryň özi-de yrylman durup bilmese gerek. Faraon: — Men bolsa olar bize gowy garajakdygy üçin odur-budur alanyndan, gylyç arkaly ähli zady gaňryp almagy makul bilerler öýdüp pikir edýän — diýdi. Žres: — Synanyp bir görsünler — diýip jogap gaýtardy. — Düşünýän. Megerem, sizde hazynahanany ýok etmegiň usuly bar bolsa gerek. Ýöne şeýdilse, olary hiç kim peýdalanyp bilmez ahyry. — Meň muňa aklym çatanok. Biz diňe özümize tabşyrylan zady goraýarys hem-de özümize buýrulyşy ýaly hereket edýäris. — Eýsem Müsüri häzirki gözgyny ýagdaýyndan halas eder ýaly, bu baýlyklaryň bir bölegini döwletiň gaznasyny berkitmek üçin ulansaň gowy bolmazmy? — Bu bize bagly zat däl. Ramses gaşyny çytdy. Öňündäki närseleri haýran galmazdan synlap durşuna, baş žrese gaýtadan sowal berdi: — Bolýar. Bu nepis önümler assiri welmožalaryna özümize gowy garatmak üçin gerekmişin. Emma Assiri bilen çaknyşmaly bolaýsa, biz ajaýyp zatlara gatybir düşünip barmaýan halklardan çöregi, adamy hem-de ýaragy haýsy serişdelere almaly bolarys? Ýokary žres: — Hazynahanany açyň! — diýip emir etdi. Žresler buýrugy derrew ýerine ýetirdiler. Olaryň ikisi göýä sütüniň içine giren ýaly bolup gözden ýitdiler, üçünjisi bolsa basgançajyk bilen ýokary dyrmaşyp, haşamlanan bezegiň ýanyndaky nämedir bir zady aýlap ugrady. Ýene gizlin gapy açyldy we Ramses hakyky hazynahan girdi. Ol gymmarbaha genji-hazynadan hazynadan doly giň otagdy. Onda altyn çägeden doldurylan humlar, kerpiç ýaly örülen guýma altynlar, çozulypdesselenenaltyn çybyklary bardy. Örülen guýma kümüş tokgalarynyň beýikligiotagyň depesine ýetip, ini birnäçe tirseklik diwary emele getiripdir. Tagçalarda we daş stollarda älemgoşaryň ähli reňkindäki gymmatbaha daşlar: lagyl, topaz, zümerret, ýakut, almaz, şeýle-de, ululygy hozuň, hatda guşuň ýumurtgasyna barabar göwherler ýatyrdy. Olaryň arasynda diňe ýekejesine tutuş şäheri satyn alyp boljak gymmatbaha şaý-seplerem bardy. Gözegçi žres: — Ine, betbagtçylygyň aladasyny edipýygşyran baýlygymyz — diýdi. Faraon: — Siz mundan başga nähili betbagtçylyga garaşýarsyňyz? Halk gedaý, tanymal adamlardyr köşk bergä batan, goşunyň ýarysy azaldylan, faraonyň puly ýok. Heý, Müsüriň şeýle agyr ýagdaýa düşen wagty bolupmydy? — diýip sorady. — Giksoslar tabyn eden mahalynda güni agralypdy. — Ýene on-ýigrimi ýyldan, eger liwililer hem-de hebeşiler öňürtmese, bizi jöhitlilerem dyza çökererler. Ine, onsoň bu ownuk döwlen täsin daşlar jöhitleriň, zeňňileriň sandallaryny bezär... —Arkaýyn boluň, siziň merhemetliňiz, zerur bolan ýagdaýynda diňe bir hazynahana däl, eýsem, tutuş Ötlem-ötlem jaý goraýjylary bilen bilelikde gürüm-jürüm bolar. Ramses öňünde diňe bir zada — baýlyklara eýelik etmäge hiç kimi goýbermeli däl diýen pikire gulluk edýän, takwalaryň durandygyna gutarnykly göz ýetirdi. Faraon altyn tokgalarynyň üstünde ornaşdy. — Diýmek, siz bu baýlyklary halkyň başyna betbagtçylyk abananda gerek bolar diýip saklaýaňyz-da? — Hawa, keramatly hökümdar. — Ýagşy. Ýöne bardy-geldi şeýle betbagtçylyk aralaşaýsa, bu hakda size — hazynahanany goraýjylara kim habar ýetirmeli? — Muň üçin adatdan daşary ýygnak çagyrylmaly. Oňa faraon, on üç baş žres, on üç häkim, tanymal adamlaryň adyndan on üç wekil, on üç serkerde, şeýle-de, söwdagärlerden, senetçilerden, daýhanlardan, hökman ýerli müsürlilerden on üç adam gatnaşmaly. Faraon: — Diýmek, siz şondan soňra hazynany berýäňiz-dä? — Eger ýygnaga gatnaşyjylaryň hemmesi Müsüriň howply ýagdaýdadygy hakda biragyzdan kararagelseler, zerur bolan mukdary bereris. Ýöne... — «Ýönäň» näme? — Ýöne şol karary Amonyň Fiwidäki heýkeli tassyklamaly. Ramses şatlygyny gizlemek üçin başyny aşak egdi. Oň etsem-pessemi eýýäm taýýardy. Faraon öz ýanyndan: «Men şeýle ýygnagy çagyrarynam, oňa gatnaşyjylary biragyzdan ses bermäge yrarynam. Eger men öz azialylarym bilen žresleriň daşyny alsam, Amonyň ylahy heýkeli-de ýygnagyň kararyny tassyklar— diýip oýlandy. Ol gaty ses bilen: — Maňa altyn-kümüş şaýlary görkezendigiňiz üçin sag boluň, dindar kişiler. Olaryň bahasynyň juda gymmatdygy maňa älemşalarynyň arasynda barypýatan gedaýy şa bolmagyma päsgel berenok.Indi bolsa meni iň gysga hem-de iň amattly ýol arkaly daşary çykarmagyňyzy sizden towakga edýän — diýdi. — Häzir Ötlem-ötlem jaýda näçe baýlyk gören bolsaňyz, siziň merhemetliňiziň ony ýene şonça artdyrmagyňyzy arzuw edýäris. Bärden çykmak barada aýdylanda bolsa, diňe bir ýol bar, biz şol arkaly hem yzymyza dolanarys — diýip, gözegçi jogap gaýtardy. Žresleriň biri faraona birnäçe hurma berdi, beýlekisi güýçlendirijiserişde goşulan hamrly mytara uzatdy. Bedeni gurbatlanan faraon şähdaçyk ädim urdy. Ol gülüp: — Bu täsin ýoluň egrem-bugramyna düşünmek üçin men köp zat bererdim — diýdi. Ýolbelet žres aýak çekdi. — Siziň merhemetliňiz, maňa ynanyň, biziň her birimiz şol ýoldan telim gezek geçenem bolsak, ony özümizem bilemzok. — Siz bäri nädip gelip bilýärsiňiz? —Käbir görkezgiçlerden peýdalanýarys. Eger häzir olardan haýsydyr biri ýitäýse, biz bärde açlykdan öleris. Jaýyň içindäkiler ahyry daşky otaglara, olardanam howla çykdylar. Faraon töweregine seredip, birnäçe gezek uludan dem aldy. — Ötlem-ötlem jaýyň ähli baýlygyny berselerem, men olary goramak islemezdim!..Şol daş zyndanda ölüp galmagyň mümkindigi barada oýlananyňda, ýüregiň gorkudan gysylýar — diýdi. — Ýöne oňa öwrenişmegem bolýar — diýip, baş žres ýylgyryp jogap gaýtardy. Faraon özüni ýola salanlaryň her birine minnetdarlyk bildirdi. Soňra: — Meň size nähilidir bir merhemet edesim gelýär. Isleýän zadyňyzy soraň! — diýdi. Ýöne žresler parhsyzlyk bilen dymdylar, olaryň ýolbaşçysy bolsa: — Meň gödekligimi bagyşlaň, hökümdar, ýöne biz näme isläp bileris? Biziň injirimiz, hurmamyz siziň bagyňyzyň miwesi, ir-iýmişi ýaly süýji, suwumyz siziň guýyňyzyň suwy ýaly datly. Bizi baýlygam özüne imrindirenok, sebäbi biziň özümiziňki ähli patyşalaryňkydan köp, şeýle dälmi näme? –—diýip jogap gaýtardy. Faraon: «Men bulary hiç zat bilen öz tarapyma yryp bilmeýän. Emma...men olara adatdan daşary ýygnagyň Amon tarapyndan tassyklanan kararyny bererin— diýip içini gepletdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |