22:03 Faraon -33: romanyň dowamy | |
ON IKINJI BAP Pentuer ýygnaga gatnaşmaly wekilleri saýlamak üçin ýurda aýlanýan mahaly, Fiwyda ýaşap ýören Ramses XIII ýegre dosty Tutmosy öýerdi. Ilki daşyny egindeşleri gallan iki dünýäniň hökümdary altyn çaýylan söweş arabasyny münüp, Fiwynyň sylagly häkimi, hormata mynasyp Antefiň köşgüne ugrady. Tanymal welmoža gyzyna gudaçylyga gelen hökümdary edil derwezäniň agzynda garşy almaga gyssanyp, gymmatbaha sandalyny çykardy we Ramsese ýere düşmäge dyzynda durup kömek etdi. Beýle garşylanmadan göwni hoş bolan faraon muňa jogap edip, elini oňa ogşamaga uzatdy, mundan beýläk Antefiň özüniň dosty bolýandygyny, hatda tagt ýerleşen zala aýagy köwüşli girmäge hukugynyň bardygyny mälim etdi. Olar Antefiň köşgüniň uly zalyna baranlarynda, faraon egindeşleriniň arasynda: — Hormatly Antef, eger seniň örän hormatly ata-babalaryň owadan mazarlarda ýaşaýan bolsa, onda saňa — olaryň nesline Müsüriň häkimleriniň arasynda taý geljeginiň ýokdugyny men bilýärin.Edil meniň patyşa ýüregimde bolşy ýaly, meniň köşgümde, goşunymda ýegre dostum, saýlama goşunyň ýolbaşçysy Tutmosyň birinji orny eýeleýändiginden sen, megerem, habarly bolsaň gerek. Danalaryň pikirine görä, iň gymmatly daşy iň owadan ýüzüge goýmaga dözmeýän baý zadyň lezzetini bilýän däldir. Seniň nesliň, Antef, maňa hemmeden zyýada, Tutmosam hemmeden mähriban, şonuň üçin hem, men sizi garyndaş etmäge geldim. Eger seniň gyzyň, näzenin, akylly Hebron Tutmosa durmuşa çykmaga razylyk berse, bu niýetimiz ap-aňsat hasyl bolar duruberer — diýdi. Hormatly Antef oň bu sözlerine: —Siziň hormatlyňyz, dirileriň hem-de merhumlaryň hökümdary! Tutuş Müsüriň, onuň ähli zadynyň saňa degişli bolşy ýaly, bu öý-de, içindäki hemme ýaşaýjylar-da seniň eýeçiligiňdedir. Şonuň üçin hem, meniň gyzym Hebronyň öz ýegre dostuň Tutmosyň aýaly bolmagyny isleýän bolsaň, biz garşy däl — diýip jogap gaýtardy. Faraon Tutmosyň ýylda ýigrimi talant hak alýandygyny, mundan başga-da, dürli welaýatlarda uly mülkleriniň bardygyny Antefe aýtdy. Hormatly Antefem öz ýalňyz gyzy Hebronyň her ýyl elli talant alyp başlajakdygyny, faraonyň köşk adamlary haýsy welaýatda düşleseler, gyzyň kakasynyň mülklerinden peýdalanyp biljekdiklerini mälim etdi. Antefiň oglunyň ýokdugy sebäpli, salgytlardan boş uly emlägi haçandyr bir wagt, elbetde, eger faraon ygtyýar etse, Fiwynyň häkimi wezipesi bilen bilelikde Tutmosa geçer. Gudaçylyk gürrüňi tamamlanandan soňra olaryň ýanyna Tutmos gelip, gyzyny özi ýaly garamaýaga dözýändigi, şeýle hem, ony gowy terbiýeländigi üçin Antefe minnetdarlyk bildirdi. Saýlama goşunyň ýolbaşçysy bolan Tutmosyň boş wagtynyň ýokdugy sebäpli, juda uzaga çekjek dabaralara gatnaşyp biljek däldi. Antef ýylgyryp durşuna: — Saňa bagt hem-de çakdanaşa çydamlylyk arzuw edýän, oglum. Sebäbi meň söýgüli gyzym eýýäm ýigrimi ýaşy arka atdy, Fiwyda geýinjeňlikde onuň bilen deňleşip biljek ýokdur, gylygy-da özboluşlydyr...Hudaýlardan ant içýän, tutuş Fiwyimeniň ýumsam — ýumrugymda, açsam — aýamda, ýöne hökmürowanlygym gyzymyň bagynyň gapysynda gutarýar. Şeýle bolansoň, seniň ýokary derejäň oňa uly täsir edip bilmez öýdüp gorkýan — diýdi. Hoşgöwün Antefa öz myhmanlaryny nahara çagyrdy. Ol ýere daşyny joralary gurşan näzenin Hebronam geldi. Nahar iýilýän zalda iki we dört adama niýetlenen birnäçe stoljuklar hem-de olardan birneme beýik bir stol bardy. Ol faraona niýetlenendi. Antefe hem-de söwer dostuna sylagyň alamaty hökmünde onuň hormatlysy Hebronyň ýanyna baryp, gyzy öz stoluna çagyrdy. Hebron, hakykatdanam, ezip içäýmeli diýilýänlerdendi, özi-de erkek kişileriň başyny-gözüni aýlamakda tejribesi ýetik gyza meňzeýärdi. Bu Müsürde seýrek bolýan zat däldi. Oň geljekki ärine asla üns bermeýändigini, öz oturan tarapyna köpmanyly seredýändigini Ramses basym duýdy. Bu hem Müsürde geň ýagdaý däldi. Myhmanlar saçak başyna geçdiler. Saz çalnyp, tansçy zenanlar oturanlara çakyrdyr gül paýlap ugradylar. Ramses gyza ýüzlenip: — Men saňa näçe köp seretdigimçe, şonça-da haýran galýaryn, Hebron. Eger bäri haýsydyr bir keseki giräýenliginde, ol saňa bagtly gelin däl-de, hudaýdyr ýa-da ýokary žres gyzdyr öýderdi — diýdi. Gyz: —Ýalňyşýaň, hökümdar. Men häzir bagtly, ýöne gelin bolýandygym üçin däl... — diýip jogap gaýtardy. Faraon: — Bu nähili beýle? — diýip sorady. — Men äre çykmaga meýilli däl. Kimdir biriniň aýaly bolanymdan, Isidanyň baş žresi bolanymy makul bilýän. — Weý, onda durmuşa çykmaň näme, oturybermeli ekeniň-dä! — Men muny öz at-abraýyny dowam etdirjek mirasdüşer isleýän kakam üçin edýän. Iň esasy-da, muny seniň isleýändigiň üçin, hökümdar... —Dogrudanam, Tutmos saňa ýaranokmy? — Men muny diýemok. Tutmos görmegeý, Müsürde öňüne adam geçmeýän geýinjeň ýigit, aýdymy gowy aýdýar, oýunlarda baýrak alýar, siziň hormatlyňyzyň saýlama goşunyna ýolbaşçylyk bolsa ýurtda iň ýokary wezipeleriň biri. Ýöne barybir kakamyň haýyşy hem-de seniň emriň bolmanlygynda, hökümdar, men onuň aýaly bolmaga razylyk bermezdim...Ýöne men barybir onuň bilen ýassyk paýlaşman. Tutmos meniň kakamdan aljak baýlygy, derejeleri bilen oňar, galan gerek zatlaryny-da tansçy zenanlardan tapar... — Ýeri,onsoň ol aýaldan maňlaýynyň bolmajakdygyndan habarlymy? Hebron ýylgyrdy. — Men Antefiň däl-de, iň soňky parashitiň gyzy bolaýanlygymda-da, barybir söýmeýän adamyma degişli bolmajakdygymy ol eýýämden bäri bilýär. Men diňe özümden ýokarda durýana köňül berip bilerin. Ramses: — Dogrudanam? — diýip geň galdy. — Men ýigrimi ýaşymda, diýmek, eýýäm alty ýyl bäri daşymyň erkegi egsilenok. Ýöne men olaryň näjüre milletdigine çalt göz ýetirdim...Häzir men alym žresler bilen gürrüňdeş bolmagy, altyn ýaşlaryň aýdymlaryny, söýgi boýun almalaryny diňlemegi makul bilýän. — Eger şeýle bolsa, men seniň ýanyňda oturmaga het edip bilmeýärin, Hebron. Sebäbi men altyn ýaşlara-da degişli däl, žres danalygyna-da eýe däl. — Wah, hökümdar, sen olardan ýokarda ahyry! — diýip, gyz hyjuwly jogap gaýtardy. — Sen duşmany dyza çökeren serkerde. Sen edil ýolbars ýaly edenli,çaý-çaňňalak ýaly ýiti gözli. Seniň alnyňda san-sajaksyz adamlar ýüzin düşüp ýatýarlar, döwletler sandyraýarlar...Seniň adyň Tirde, Ninewiýada nähili gorky döredýändigini biz, näme, bilemzokmy? Seniň gujur-gaýratyňa hudaýlaryňam gözi gidýän bolsa gerek. Ramses oňaýsyz ýagdaýa düşdi. — Ah, Hebron, Hebron! Meniň ýüregimde nähili ynjalyksyzlyk döredýändigiňi sen bir bilsediň! Gyz: — Men hut şu sebäpli Tutmosa durmuşa çykmaga rugsat berdim-dä. Men seniň golaýyňda bolaryn, seýregem bolsa, seni görerin, hökümdar — diýip, jogap gaýtardy-da, ýerinden galyp, çykyp gitdi. Olary assyrynlyk bilen synlap oturan Antef ýüregi ýarylan ýaly bolup Ramsesiň ýanyna geldi. — Hökümdar! Meniň gyzym ýakymsyz bir zat diýäýen-ä däldir? Ol edil baş bermeýän ene arslan ýalydyr — diýdi. —Köşeş. Seniň gyzyň örän akylly, salykatly. Oň bärden gitmeginiň sebäbi bolsa, hormata mynasybymyz, seniň myhmanlary juda şatlandyrýan çakyryň bilen baglanyşykly. Hakykatdanam, nahar iýilýän zalda goh-galmagal höküm sürýärdi, öý eýesine kömek etmelidigini ýadyndan çykaran, kellesi göçen Tutmosyň sesi hemmäniňkiden batly çykýardy. Antef: — Men saňa bir zady gizlin aýdaýyn: biçäre Tutmos Habronyň ýanynda özüni örän seresaply alyp barmasa, işi gaýdar — diýip pyşyrdady. Bu ilkinji meýlis daň atynça dowam etdi. Dogry, faraon ol ýerde uzak eglenmedi. Ýöne beýlekiler galdylar. Ahyry Antef kimsi kürsülerde, kimsi ýerde göz-gülban bolup ýatan lül-gammar myhmanlary ýekänme-ýekän öýlerine ugratdy. Aradan birnäçe gün geçenden soňra, nika baglanyşma dabarasy boldy. Antefiň köşgüne ýokary žresler Herihor bilen Mefres, goňşy welaýatlaryň häkimleri, fiwyly ýokary wezipeli adamlar geldiler. Soňra saýlama goşunyň serkerdelerine baş bolup Tutmos, iň soňundanam onuň hormatlysy Ramses XIII peýda boldular. Faraonyň ýanynda ýokary mürze, ýaý atyjylaryň ýolbaşçysy, atly goşunyň ýolbaşçysy, ýokary kazy, baş gaznaçy, ýokary žres Sem hem-de harby serkerdeler bardylar. Bu saýry adamlar hoşgöwün Antefiň ata-babalarynyň zalynda jemlenenden soňra, ol ýerde daşyny joralarydyr öýdeniçerleri gallan ak köýnekli Hebron peýda boldy. Antef Amonyň, öz kakasynyň heýkelleriniň hem-de beýik ýerde oturan Ramses XIII-niň alnynda hoşboý ys tütetdi. Hebronyň aladasyndan dynýandygyny, oňa şaý-sep berýändigini mälim etdi. Soňra gyzyna icinde papirusda ýazylan we kazyýet tarapyndan tassyklanan delilnama bolan altyn gapyrjagy berdi. Gysgajyk iýip-içmeden soňra gelin welaýatyň sekiz emeldarlary göterjek oňat bezelen kejebä mündi. Oň öňünden — sazandalardyr aýdymçylar, töwereginden — ýokary wezipeli adamlar, iň yzdanam —uly märeke barýardy. Dabaraly ýörüş faraonyň jaýlanan mahalyndakydan az bolmadyk adamlaryň arasy bilen, Fiwiniň iň gözel köçelerinden Amonyň ybadathanasyna tarap ugrady. Märeke ybadathananyň germewiniň daşynda galdy, ýaş çatynja, faraon, welmožalar bolsa sütünler zalyna girdiler. Şol ýerde Herihor Amonyň perde tutulan heýkeliniň öňünde hoşboý ys tütetdi, žres zenanlar mukaddes tansy ýerine ýetirdiler. Soňra Tutmos papirusa ýazylan delilnamany okady: — «Men, Tutmos, onuň hormatlysy Ramses On üçünjiniň saýlama goşunynyň ýolbaşçysy, Fiwynyň häkimi Antefiň gyzy, Hebron, seni aýal edip alýaryn. Meniň aýalym bolmaga razylyk berendigiň üçin, häzir saňa on talant gowşurýaryn. Seniň geýjek egin-eşigiň üçin ýylda üç talant, öýüň çykdajylary üçin bolsa her aýda bir talant bererin. Bizden doguljak çagalardan ulusy meniň häzir eýelik edýän hem-de geljekde ýygnap biljek emlägimiň mirasdüşeri bolar. Eger men seniň bilen aýrylyşyp, başga bir aýal alsam, emlägimi girew goýup, saňa kyrk talant tölemäge borçlanýaryn. Biziň oglumyz mirasdüşeriň hukugyna eýe bolanda, saňa ýylda on bäş talant tölemeli bolar. Başga aýaldan bolan çagalarymyň ikimiziň ilkinji oglumyzyň emläginden talap etmägehukugy ýokdur»42 Ondan soňra ýokary kazy Hebronyň adyndan delilnama okady. Onda ýaş öý bikesi öz ärini gowy iýdirip-geýindirjekdigini, onuň öýüniň,maşgalasynyň, öýdeniçeriniň, hojalygynyň, gullarynyň aladasyny etjekdigine wada berýärdi, şeýle-de, ärine öz eýelik edýän we geljekde kakasyndan aljak emlägini dolandyrmaga tabşyrýardy. Delilnamalar okalandan soňra Herihor Tutmosa çakyrly bada uzatdy. Öýlenýän ýigit onuň ýarysyny içdi, näzenin Hebron bolsa dodagyna çalaja degirdi. Ondan soňra ýaş çatynjalar goýy gyrmyzy perdäniň öňünde hoşboý ys tütetdiler. Amon Fiwylynyň ybadathanasyndan çykan ýaşlardyr olaryň golaý adamlary sfinksleriň bagýodasynyň içi bilen faraonyň köşgüne tarap ugradylar. Märeke, esgerler olaryň aýaklarynyň aşagyna gül oklap garşyladylar. Tutmos ozal Ramsesiň otaglarynyň birinde ýaşaýardy, ýöne durmuş toýuny tutan güni faraon oňa injirleriň, mirtalaryň, baobablaryň kiçiräk tokaýlygy gurşan seýilgähiň jümmüşinde ýerleşen owadan çaklaňja köşgi sowgat berdi. Ýaşlar adamlaryň gözlerinden daşda, dünýäden üzlen ýaly bolup, bagtly günleriň hözirini görüp ýaşap biljekdiler. Şol ümsüm ýerde adamlar juda seýrek görnensoň, hatda guşlaram olardan gorkup uçjak bolanokdylar. Ýaş çatynjalar täze jaýda peýda bolanlarynda, iň soňky däp ýerine ýetirildi. Tutmos Hebronyň elinden tutup, Isidanyň heýkeliniň öňünde ýanyp duran oda eltdi. Mefres gelniň depesinden bir çemçe mukaddes suw guýdy. Hebron elini oda sähelçe galtaşdyrdy, Tutmos bolsa oň bilen bir döwüm çöregi paýlaşdy, şundan beýläk emlägiň, hyzmatkärleriň, mal sürüleriniň hojaýynydygynyň hem-de öz äriniň gyrnagydygynyň alamaty hökmünde gelniniň barmagyna öz ýüzügini geýdirdi. Dabaranyň tutuş dowamynda žresler toý senalaryny aýdyp, hudaý Isidanyň heýkelini jaýyň içinde aýladylar. Žres zenanlar mukaddes tanslary ýerine ýetirdiler. Ol halk oýunlary, meýlis bilen tamamlandy. Faraonyň näzenin Hebronyň ýanyndan aýrylmaýandygy, Tutmosyň bolsa özüni olardan daşrakda saklap, diňe myhmanlara hödür-kerem edýändigi toýa gatnaşanlaryň hiç biriniň nazaryndan sypmady. Asmanda ýyldyzlar peýda bolan çagy keramatly Herihor meýlisi terk etdi. Onuň yzysüre ýokary wezipeli adamlaryň birnäçesi assyrynlyk bilen turup gitdiler. Gijäniň ýaryna golaý Amon ybadathanasynyň aşagynda ýerleşýän otaglaryň birine demi daş ýarýan adamlar: ýokary žresler Herihor, Mefres, Mentesufis, Fiwiniň baş kazysy hem-de Abs, Gorti, Emsuh welaýatlarynyň häkimleri ýygnandylar. Mentesufis galyň sütünlere äňedip çykdy, gapyny ýapyp, çyralary öçürdi; pessejik otagda diňe Goranyň uly bolmadyk heýkeliniň öňünde bir çyra ýanýardy. Ýokary wezipeli adamlar üç sany daş oturgyçda ornaşanlaryndan soňra, Absyň häkimi: — Eger menden oň hormatlysy Ramses On üçünjini häsiýetlendirmegi talap etseler, men ony başarmazdym — diýdi. Mefres saklanyp bilmän: — Däli! — diýip gaharly aýtdy. Gürrüňe Herihor goşuldy: — Oň dälidigi ýa-da sagdygyhakda pylan zat diýip biljek däl, ýöne juda howply adamdygy-ha belli. Assiria gutarnykly şertnama hakda bize eýýäm ikinji gezek ýatlatdy. Häzir bolsa, meniň eşidişime görä, Müsüriň ýaraglanyp başlandygy sebäpli ynjalyksyzlanyp ugrapdyr. Mefres: — Oň bir alajy tapylar-la. Iň ýamany şol hudaýsyz, hakykatdanam, Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyna göz gyzdyryp başlapdyr — diýdi. Emsuhyň häkimi-de: — Men-ä onuň daýhanlara beren wadasyny ähli zatdan howply hasaplaýan. Eger ýönekeý halk her ýedinji gün dynç alyp başlasa, döwletiň, şonuň bilen birlikde biziňem girdejimiz gürrüňsiz azalar. Munuň üstesine, faraon olara hususy ýer-de bölüp beräýse-hä...—diýip, öz pikirini aýtdy. Pikir derýasyna gark bolup oturan kazy: — Ol şeýtmegem isleýär — diýip tassyklady. — Dogrudanam, şeýtmekçimikä? —diýip, Gortiniň häkimi sorady. — Meň göwnüme bolmasa-ha, ol diňe pul almak isleýär. Belki, oňa Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyndan birneme emlemelidir? — Golaýyna-da eltmeli däldir! —diýip, Herihor zarply gepledi. — Howp döwletiň däl-de, faraonyň üstüne abanýar –—bu ikisi bolsa bir zat däl. Ýadyňyzda saklaň, bendiň tä suw syzylyp geçýänçä berk bolşy ýaly, Ötlem-ötlem jaýam biz ilkinji tokga altynyna el urýançak dolup durandyr. Nädersiň beýleki tokgalaram ilkinji tokganyň yzyna düşüp gaýdaga-da, sähel salymdan hazynanyň düýbi görnäýse...Onsoňam biz hudaýlaryň hem-de döwletiň hazynasy arkaly kimi goldamaly? Ynanja jort atýan, žresleri kemsidýän, halka meçew berýän erni suwlamy? Eýsem, ol Assardan gowumy? Dogry, Assar wagşy, ýöne bize zyýan ýetirenok. Kazy: — Faraonyň öz ýegre dostunyň öýlenýän güni onuň gelni bilen göz-gaş kakyşyp oturmagy gelşiksiz — diýdi. Gortiniň häkimi: —Hebronyň özi ony gyzykdyrýar! — diýip, kazynyň aýdanyna garşy çykdy. Emsuhyň häkimi: — Aýal diýeniň hemişe erkek kişä guýruk bulaýandyr. Ýöne günä iş etmezligi üçin, adama akyl-paýhas berlipdir — diýdi. — Eýsem, faraon Müsürdäki ahli aýallaryň äri dälmi näme? Onsoňam günäler hudaýlaryň kazyýetine dahylly, bize bolsa diňe döwlet meseleleri degişli — diýip, Absyň häkimi pyşyrdap aýtdy. — Ol howply adam! Howply! — diýip, Emsuhyň häkimi ellerini, kellesini titredip gaýtalady. — Ýönekeý halkyň ýolbaşçyny sylamagy bes edendigine, bu gün-ertir gozgalaň turuzjakdygyna hiç hili şübhe ýok. Ine, şonda ýekeje-de ýokary žres ýa-da häkim diňe bir öz güýjüne, emlägine däl, hatda ömrüne hem ynamly bolup bilmez. Mefres: — Mende gozgalaňyň garşysyna bir ýol bar — diýdi. — Nähili? — Birinjiden, özlerine şeýle uly ýeňillikleri wada berýän kişiniň aklynyň düzüw däldigine halkyň iň pähimli adamlaryny ynandyrmak bilen, onuň öňüni alsa bolar. Gortiniň häkimi: — Oň kellesiniň kemi ýok, gaty dürs işleýär. Ýöne diňe näme isleýändigine düşünmek gerek...— diýip pyşyrdady. —Ol däli! Däli! — diýip, Mefres öňki aýdanyny gaýtalady. — Oň öweý agasy-da özüne maýmyndyr öýdüp ýör, parashitler bilen serhoşlyk edýär. Garaşyň, bu hem şondan gowy bolmaz... Gortiniň häkimi saýhally gepledi: — Akly düzüw adamy telbe saýmak ýaramaz hem-de hiç zada ýaramsyz usul. Sebäbi halk ýalany duýdugy, bize ynanmagyny bütinleý bes eder. Ine, onsoň gozgalaňa garaşyberiň! Mefres yza tesmedi: — Eger men Ramsesi däli saýýan bolsam, diýmek, subutnamam bardyr. Diňläň, aýdaýyn! Welmožalar gozgalaň tapdylar. Mefres sözüni dowam etdirdi: — Siz aýdyň, heý-de, akly ýerindäki, geljekde tagtyň mirasdüşeri bolmaly adam birgiden aziýalynyň gözleriniň alnynda öküz bilen söweşermi? Akly düzüw müsürli, üstesine-de, şazada gijeden-gije finikiý ybadathanasynyň töwereginde köwejeklär ýörermi? Özüniň başdaş aýalyny hiç hili bahanasyz edil gyrnakýaly edip, öz hyzmatkärleriniň bolýan jaýyna taşlarmy? Onuň aýalynyňam, çagasynyňam ölümine hut şol ýagdaý sebäp bolupdy. Oturanlar elheder aldylar. — Biz bu zatlaryň hemmesini Bubastda gördük. Mundan başga-da, Mentesufis ikimiz onuň serhoş şady-horramlygynyňam şaýady bolduk. Şonda eýýäm ýarym däli mirasdüşer dine dil ýetiripdi, žresleri masgaralapdy. — Hawa, şeýle ýagdaý bolupdy — diýip, Mentesufis onyuň aýdanyny tassyklady. Mefres sözüni has gyzyp dowam etdirdi: — Siz nähili pikir edýäňiz, heý-de, akly düzüw adam baş serkerdekä sanlyja liwiý garakçysyny ele saljak bolup, goşunyny taşlap gidermi? Men daýhanlara ýer hem-de her ýedinji gün dynç bermek ýaly birgiden zatlaryň gürrüňinem edemok. Sebäbi olar meniň ýaňky aýdanlarym bilen deşňeşdirilende ownuk zatlar. Men sizden soraýan: hiç zat ýok ýerden şunça jenaýaty eden adamy men nädip akly düzüw hasaplaýyn? Oturanlardan ses çykmady. Gortiniň häkimi biynjalyk görünýärdi. Ol: — Ýersiz-ýere adamyň göwnüne degmez ýaly, ilki ähli zady ýagşy ölçerip-dökmeli — diýdi. Söz gezegini Herihor aldy: — Keramatly Mefre Ramsesi telbe hasaplap, oňa merhemet edýär. Hakykatda biz ony başgaça, dönük diýip atlandyrmaly. Oturanlara ýene ynjalyksyzlyk aralaşdy. — Hawa, Ramses On üçünji diýlip atlandyrylýan adam — dönük. Sebäbi ol diňe bir özüne Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyna ýol açar ýaly jansyzlary, ogrulary gözlänok, diňe bir her edip, hesip edip, Assiria bilen Müsür üçin zerur bolan şertnamany baglanyşmakdan ýüz öwrenok... Kazy: — Agyr aýyplama — diýdi. — Munuň üstesine, siz eşidýäňizmi, Gyzyl hem-de Ortaýer deňizleriniň arasynda kanal gazmak hakda nejis finikiýler bilen dilleşýär. Bu kanal Müsür üçin iň uly howp bolup durýar, sebäbi biziň ýurdumyzy göz açyp-ýumasy salymda suw basyp biler! Bärde mesele eýýäm Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyna degişli däl-de, eýsem, biziň ybadathanalarymyza, öýlerimize, meýdanlarymyza, nadanam bolsa, hiç hili günäsiz alty million halkymyza degişli; iň soňunda-da, biziň özümiziň, çagalarymyzyň ömrüni howp astnda goýýar. Gortiniň häkimi: — Eger şeýle bolaýsa, onda...— diýip pyşyrdady. — Hormata mynasyp Mefres ikimiz munuň, hakykatdanam, şeýledigine, gürrüňi edilýän adamyň Müsüre owal-ahyrda görlüp-eşidilmedik zyýan ýetirjekdigine kepil geçýäris. Şu sebäpli hem, biz, hormata mynasyp adamlar, sizi ýurdy halas etmegiň ýollaryny ölçerip-dökmek üçin ýygnadyk. Ýöne biz näçe gyssagly hereket etsek, şönça gowy, sebäbi bu adamyň etsem-goýsamlary edil çöldäki tüweleý ýaly okgunly. Olar birden biziň başymyza ýetäýmesin! Ýürekgysdyryjy otagda birsalym ümsümlik höküm sürdi. Ahyry Emsuhyň häkimi seslendi: — Bu ýerde ara alyp maslahatlaşar ýaly näme bar? Biz köşkden alysda ýerleşýän welaýatlarda oturamyzsoň, bu telbäniň etsem-goýsamlaryny bilmek-hä beýlede dursun, hatda olary aňmandyrysam...Onsoňam eşideniňe ynanmagam kyn...Ine, nämüçin men bu işi, keramatly atalar Herihor, Mefres, size tabşyrmak laýykatly bolar diýip pikir edýän. Keseliň üstüni açan siz, dermanynam tapyň-da, ulanyň. Eger sizi jogapkärçilik biynjalyk etse, onda ýokary kazyny özüňize kömekçi edip alyň... — Hawa, hawa, ol dogry aýdýar! — diýşip, ynjalyksyz oturan welmožalar ony goldadylar. Mentesufis gysga taýagyň ujuna berkidilen çyrany ýakdy we hudaýyň heýkeliniň öňünde duran stoluň üstünde papirus goýdy. Onda: «Döwlete howp abanmagy bilen baglylykda, gizlin geňeşiň ygtyýary Herihoryň eline geçýär. Mefres bilen baş kazy oňa kömekçi bellenilýär» diýen ýazgy bardy. Gizlin ýygnanyşyga gatnaşanlaryň gollary bilen berkidilen resminama gapyrjaga salnyp, altaryň etegindäki buky ýerde gizlenildi. Mundan başga-da, oňa gatnaşanlaryň her biri Herihoryň ähli buýruklaryny ýerine ýetirjekdigine we dildüwşige ýokary wezipeli adamlardan ýene on sanysyny çekjekdigine ant içdi. Heriihoryň özi bolsa Assirianyň şertnamabaglanyşylmagyny gazanmakçy bolýandygy, emma faraonyň oňa gol çekmek islemän, finikiýler bilen kanal çekmek barada dilleşýändigi, şeýle-de, haýynlarça Ötlem-ötlem jaýa aralaşmaga hyýal edýändigi hakda subutnamalaryny gowşurmagy wada berdi. — Meň ömrüm, mertebäm siziň eliňizde. Eger aýdan zadym nädogry bolsa, meni ölüme hňküm ediň, jesedimi-de otlamaga beriň — diýip, Herihor aýdanynyň üstüni ýetirdi. Baş žresiň hakykaty sözländigine indi gizlin ýygnaga gatnaşanlaryň şübhelenjek gümany ýokdy, sebäbi müsürlileriň hiç biri öz jesedini ýakylmaga sezewar etmäge, ýagny öz ruhuny heläklemäge töwekgellik etmeýärdi. Tutmos toýdan soň birnäçe güni Hebron bilen bilelikde faraonyň özüne sowgat beren köşgünde geçirdi. Emma ol her gije esgerhana gelip, serkerdelerdir tansçy zenanlaryň üýşmeleňinde şady-horramlyk edýärdi. Ýoldaşlary onuň bolup ýörşünden Tutmosyň Hebrona diňe baýlygy üçin öýlenendigini aňýardylar (aslynda-ha bu ýagdaý hiç kimi geň galdyranokdy). Aradan bäş gün geçenden soňra Tutmos faraonyň ýanyna gelip, oňa ýene gulluk etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýlelikde, ol gelnini diňe gündiz görýärdi, gijesine bolsa faraonyň otaglaryny garawullaýardy. Bir gezek agşam faraon oňa: — Bu köşkde ogryn jyklar ýaly, diňlär ýaly burçlar şeýlebir köp weli, meniň her bir ädimim sanalýar. Hatda meniň hormatly ejeme-de haýsydyr bir syrly sesler ýüzlenip başlapdyrlar. Men žresleri kowanymdan soňra, Memfisde şol seslere suw sepilen ýaly bolupdy weli...Men bärde hiç kimi kabul edip bilemok, öz hyzmatkärlerim bilen maslahatlaşmak üçin köşkden çykyp, howpsuz ýere gitmeli bolýan — diýdi. Faraonyň ýapynjasyny gözleýändigini gören Tutmos: — Siziň hormatlyňyzy ugratmalymy? — diýip sorady. — Ýok. Bärde gal. Meniň otagyma hiç kim girmesin. Hawa, ol hatda ejem ýa-da baky ýaşaýan kakamyň kölegesi bolsa-da, goýberäýmegin. Meň ýatandygymy, hiç kimi görmek islemeýändigimi aýt. Faraona başgaply ýapynjasyny geýmäge kömek edip duran Tutmos: — Edil emir edişiň ýaly bolar — diýip jogap gaýtardy. Bagda peýda bolan Ramses aýak çekip, töweregini ünsli synlady. Soňra çaltlyk bilen özüniň Tutmosa sowgat beren kiçi köşgüne tarap ugrady. Garaňkyrap duran bagýodada kimdir biri: — Kim gelýär? — diýen sowal bilen ony saklady. — Nubia — diýip, faraon jogap gaýtardy. Sowal beren öz nobatynda: — Liwia — diýip jogap gaýtardy-da, göýä gorkýan ýaly bolup, derrew götinjekledi. Bu onuň hormatlysy faraonyň saýlama goşunynyň serkerdesidi. Faraon oňa çiňerilip seretdi-de, birden: — Hä, bu asyl senmidiň, Ennana? Sen bärde näme işleýäň? — diýip, batly ses bilen sorady. — Bagyň içine aýlanyp ýörün. Men bagda ogrular peýda bolmaz ýaly, her gije birnäçe gezek şeýdýän. — Dogry edýäň — diýip, faraon oýlanyp durşuna jogap gaýtardy. — Ýöne serkerdäniň ilkinji borjunyň dilini dişiniň aňyrsynda saklamakdygyny ýadyňda saklagyn. Ogrynyň merkini ber, emma ýokary wezipeli adamy görseň, saklajak bolma. Kimdigini bil, ýöne dym, daşyňa çykarma! Hatda ol ýokary žres Herihoram bolsa... — Hökümdar, ýöne maňa gije Herihora ýa-da Mefrese hormat bilen salam bermegi emir etmäweri! — diýip, Ennana gygyryp diýen ýaly aýtdy. — Olary görenimden gylyjymyň öz-özünden gynyndan süýnüp çykmajakdygyny ynamym ýokdur... Ramses ýylgyrdy. Soňra: — Seň gylyjyň — meň gylyjym. Şoň üçin hem, ol öz gynyndan diňe men emir eden mahalym çykyp biler — diýip jogap gaýtardy. Ol Ennana baş atyp, ýoluny dowam etdirdi. Faraon basym tokaýlygyň gür ýerinde gizlenip oturan derwezäniň ýanynda peýda boldy. Gulagyna çybşyldy eşidilen ýaly bolansoň, derrew: — Hebron? — diýip seslendi. Egni gara ýapynjaly biri Ramsese tarap ylgap gaýtdy. Iol gele-gelmäne faraona gysmyljyrady-da: — Bu senmi, hökümdar? Bu senmi? Men saňa juda köp garaşdym! — diýip pyşyrdady. Faraon gujagynda towlanýan näzenini elinde göterdi-de, dalbara alyp gitdi. Ýolda onuň egninden ýapynjasy gaçdy. Ramses ony galdyrmakçy boldy, ýöne soňra pikirini üýtgetdi... Ertesi gün örän hormatly şa aýaly Nikotrisa Tutmosy öz ýanyna çagyrdy. Oňa sereden faraonyň ýegre dostunyň ini jümşüldäp gitdi. Şa aýalynyň ýüzünde gan-pet ýokdy, içine çöken gözleri akly üýtgän adamyňky ýaly hanasyndan çykyp barýardy. Ol öz kürsüsiniň ýanynda duran oturgyjy görkezip: — Otur— diýdi. Tutmos oturmaga ýürek edip bilmedi. — Otur!..Meniň saňa häzir aýtjak zadym barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmajakdygyňa-da ant iç! Tutmos: — Öz kakamyň kölegesinden ant içýän! — diýdi. Şa aýaly ýuwaşlyk bilen gepledi: — Meni diňle! Men saňa oglanlykdan ejeň diýen ýaly bolandyryn...Şonuň üçin hem, eger syry paş eýleseň, hudaýlar seniň temmiňi bererler. Ýok... Diliňe eýelik etmeseň, meň maşgalamyň depesinden inen apat seni-de sypdyrmaz... Tutmos nämäniň nämedigine düşünmezden, diňläp otyrdy. Ol: «Şa aýaly däliräpdir!» diýip howsalaly oýlandy. — Bäri... penjirä...hol agaja seret.Meň öten agşam penjiräniň aňyrsyndaky agaçda näme görendigimi bilýämiň? — Megerem, oň hormatlysynyň öweý doganyny gören bolsaňyz gerek. — Ýok, ol däldi...Meň oglum Ramsesdi...Meň Ramsesim... — Agaçdamy? Öten agşammy? — Hawa. Çyranyň ýagtysy oň ýüzüne, göwresine açyk-aýdyň düşüp durdy. Oň egninde ak hem-de gök çyzmykly hiton bardy. Seredişi telbe adamyňkydy. Betbagt dogany ýaly manysyz gülüp, «Seret, eje, men eýýäm uçup bilýän. Ne Seti, ne Beýik Ramses, ne-de Heops şeýdip asmana göterilmegi oňaran däldirler! Meniň ganatlarymyň ösüşine seret!» diýdi. Olmaňa elini uzatdy, menem gaýgy-hasratdan ýaňa näme edýänimem bilmän, penjireden oňa çala galtaşdy. Soňra agaçdan towusdy-da, gaçyp gitdi. Tutmos ony howpurgap diňledi. Birdenem maňlaýyna ýumruklady. — Ol Ramses däl! — diýip aýgytly gepledi. — Siziň göreniňiz Ramses däl-de, oňa juda meňzeş adam, nejis ýunan Likon. Sol oň oglunyň ganyna galypdy. Häzir žresleriň elinde gezip ýör.Hawa, gije siziň ýanyňyza gelen Ramses däl! Bu iki haramzada Herihor bilen Mefresiň pyrryldygy. Şa aýalyň ýüzünde umyt peýda boldy. Ýöne basym ýitdi. — Men, dogrudanam, öz oglumy tanamadymmykam? — Likonyň Ramsese haýran galaýmaly derejede meňzeşdigini aýdýarlar. Myrryhlar! Olary kerçeseňem azdyr! Şa aýaly oslagsyz: — Faraon agşam öýde boldumy? — diýip sorady. Tutmos aljyrap, gözüni aşak goýberdi. — Diýmek, bolmandyr-da? Ol: — Boldy — diýip, ynamsyz jogap gaýtardy. — Ýalan sözleýäň! Ýöne maňa juda bolmanda, bir zady aýt: oň egninde ak hem-de gök çyzmykly hiton barmydy? Tutmos: — Ýadyma düşenok...—diýip, ysgynsyz jogap gaýtardy. Şa aýaly ýerinden turup, sandykdan başgaply goňur ýapynja çykardy. —Ýene ýalan sözleýäň! Eýsem, ýapynja, ynha, şu ýapynja meniň oglumyňky dälmi näme? Ony meniň gulum şol agajyň düýbünden tapypdyr. Faraonyň gijäniň ýaryndan soňra egni ýapynjasyz dolanyp geleni, hatda bagyň bir ýerinde ýitirendigini aýdany Tutmosyň güpbe ýadyna düşdi. Ol nämedir bir zadyň pikirini edip ikirjiňlendi. Ýöne soňra: — Ýok, şa aýaly, ol hökümdar däl-de, Likon. Žresleriň bu hokgasy hakda onuň hormatlysyna gyssagly habar ýetirmeli — diýip kesgitli gepledi. Şa aýalynyň gözlerinde umyt uçgunlary peýda boldy. Ýöne barybir: — Eger ol Ramsesiň özi bolsa näme? — diýip, ýene bir gezek sorady. Tutmos ýaýdandy. Onuň Likona degişli çaklamasynyň dogry bolaýmagy ähtimaldy. Ýöne nämedir bir zat: «Şa aýaly, hakykatdanam, Ramsesi gören bolaýmasyn?» diýen şübhe döredýärdi. Ol yzyna gijäniň ýary ötenden soňra dolanyp gelipdi, egninde ak hem-de gök çyzmykly hiton bardy, ýapynjasyny ýitiripdir...Onuň dogany-da däli bolupdy...Onsoňam, heý-de, ene ýüregi ýalňyşarmy?.. Tutmosyň kalbynda müňkürlik oýandy. Oň bagtyna, şol pursatda şa aýalynyň ýüregi umytdan yşyklanypdy. — Seň maňa Likony ýatladanyň gowy boldy. Mefres oňa pena bolup, Ramsese öz ogluny öldürmekde şübhelenipdi...Indi bolsa faraony biabraý etmek üçin şol haramzadany ulanýan bolmagy mümkin. Nähili bolanda-da, meniň diňe saňa ynanan zadymy hiç kimiň ýanynda agzyňdan gaçyraýmagyn. Eger Ramses...Eger ol, hakykatdanam, şeýle betbagtçylyga uçran bolsa, belki, wagtlaýyndyr, sagalar gider...Şeýle «myş-myşlary» ýaýratmaly däl. Hatda onuň özüne-de hiç zat aýtma. Eger bu žresleriň jenaýatçylykly pyrryldygy bolsa, onda has-da ägä bolmak gerek. Beýle ýalançylyga ýüz urýan adamlar güýçli bolup bilmez weli, şonda-da... — Men muň magadyna ýeterin. Eger biläýsem... Şa aýaly ýalbaryjy äheňde elini uzadyp, batly gepledi: — Ýöne muny Ramsese aýtma, ata-babalarymyň kölegelerinden haýyş edýän. Faraon olaryň günäsini geçmez, hemmesini kazyýete berer. Şeýtse-de, çoçgara çolaşarys: ýa-ha döwletiň ýokary wezipeli adamlary ölüme höküm edilerler, ýa-da kazyýet olary aklar, ine, onsoň...Iň gowusy sen Likony yzarla, edil ýyrtyjy haýwan, edil ýylan ýaly edip, rehim etmezden öldür... Tutmos ýagşy köşeşen şa aýaly bilen hoşlaşdy. Ýöne onuň özüniň gorkusy artypdy. Ol: «Žresler tarapyndan zyndanda saklanýan nejis grek Likon entek diri bolsa, agaçlara dyrmaşyp, şa aýalyna görnüp ýörmezdi-de, bireýýäm ökje götermegi makul bilerdi. Eger ol maňa ýüregini açanlygynda, şol myrryhlardan goramagy haýyş edenliginde, özüm onuň gaçmagyny ýeňilleşdirerdim, üstesine, sahylyk edip, sowgadam bererdim...Ýöne hiton, ýapynja näme? Ene nädip aldanyp bildikä?» diýip oýlanýardy. Şondan soňra Tutmos faraondan gaçgaklap başlady, onuň gözüne seretmäge ýürek edip bilmedi. Ramsesiňem Tutmosdan gaçgaklaýandygy üçin, olaryň dostlugy sowap ugrady. Ýöne bir gezek gije faraon söwer dostuny ýene ýanyna çagyryp: — Meň Hiram bilen zerur gürrüňim bar. Dolanyp gelýänçäm meniň ýatyş otagymyň ýanynda garawulçylyk et. Kim meni görmek islese-de, içeri goýberäýmegin — diýdi. Ramses köşgüň syrly galareýalarynda gizlenen mahaly Tutmos ynjalyksyzlygyň toruna düşdi. Ol: «Belki, žresler bildirmän oňa haýsydyr bir keýpib kök edýän zährimary berendirler-de, hökümdar ysytma tutup ugrajagyny duýdugy öýden gaçmak bilen bolýandyr? Hym! Görübereris!» diýip oýlandy. Faraon, giç, gijäniň ýaryndan soňra gaýdyp geldi. Dogry, egninde ýapynja bardy, ýöne özüniňki däldi, esgerleriň geýýänidi. Howsala düşen Turmos özüni ýene şa aýalynyň çagyraryna garaşyp, daňa çenli kirpikli gözüni çalmady. Şa aýaly ony çagyrmady. Ýöne irki gözden geçiriliş mahalynda serkede Ennana öz ýolbaşçysyna kelam agyz söz aýtmakçydygyny mälim etdi. Olar aýratyn otagda ikiçäk galanlarynda Ennana Tutmosyň aýagyna ýykylyp, häzir eşitjek zadyny hiç kimiň ýanynda agzamazlygy towakga etdi. Ýüregi bitakat urup ugran Tutmos: — Eýgilikmi? — diýip sorady. — Öňbaşçy, düýn gijäniň ýary töweregi meniň iki esgerim bagda ylgap, ynsana mahsus bolmadyk ses bilen gygyryp ýören ýalaňaç adamy tutupdyrlar. Ony meniň ýanyma alayp geldiler...Aýdyp bilemok...Öňbaşçy, öldür meni... Ennana ýene Tutmosyň aýagyna ýykyldy. — Şol ýalaňaç adam...Şol ýalaňaç adam...Wah, oda galdym men, aýytmaga dilim baranok... — Kim eken? — diýip, Tutmos gorkuly sorady. — Men başga hiç zat aýdyp biljek däl — diýip Ennana hyklady. — Men öz ýapynjamy çykaryp, keramatly ýalaňaç teni ýapdym...Ony köşge alyp gitmek isledim, ýöne...ýöne hökümdar maňa galmagy hem-de dymmagy emir etdi. — Ol soňra nirä gitdi? — Bilemok. Özümem seretmedim, esgerlerime-de seretmäge ygtyýar etmedim. Ol seýilgähiň jümmüşinde ýitirim boldy. Men ölümden gorkyma adamlara bolup geçen zady unutmagy buýurdym. Ennana gürrrüňini tamamlady. Özüni ele alyp ýetişen Tutmos sowuk gürledi: — Men-ä seň beren gürrüňiňe düşünmämsoň, näme diýjegimem bilemok. Bir gezek çakyry çakdanaşa içemsoň, özümem ýalaňaç halda ylgapdyryn. Aýňalan mahalym bolup ýörşüme üns bermediklere gymmatbaha sowgatlarjoşdum. Diýjek bolýan zadym: daýhanlardyr, işçiler hemişe ýalaňaçdyrlar,Ennana, beýik adamlar bolsa — haçan özlerine ýaran mahalynda şeýlegezýändirler. Eger men ýa-da tanymal adamlardan kimdir biri kellesiniň üstünde durmak hyýalyna münse, akylly hem-de dindar serkerde muňa geň galmaly däldir. Ennana öz ýolbaşçysynyň ýüzüne çiňerilip seredişine: — Düşünýän. Muny öz esgerlerime gaýtalap aýtmak bilen çäklenmän, derejesi özümiňkiden uly adamlaryň islän zadyny etmäge hakynyň bardygyny olar biler ýaly, hatda şu gün agşam köýnegimi çykaryp, bagyň içine aýlanmaga ýykaryn — diýip jogap gaýtardy. Emma faraony ýa-da oňa edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş birini az sanly adamlaryň görendigine garamazdan, şol täsin gezelenç hakdaky „myş-myşlar“ örän çalt ýaýrady. Aradan birnäçe gün ötenden soňra parashitlerden başlap suw daşaýjylara, emeldarlardan başlap söwdagärlere çenli Fiwiniň ähli ýaşaýjylary agalarynyň tagtdan çetleşdirilmegine sebäp bolan betbagtçylyga Ramses XIII-niň hem uçrandygy barada biri-biriniň gulagyna pyşyrdaşýardylar. Faraona goýulýan hormat, saglygy üçin howatyrlanma şeýlebir ýokarydy welin, bu hakda daşyndan aýtmaga, aýratynam, nätanyş adamlaryň arasynda dil ýarmaga çekinýärdiler. Hawa, bolup geçen gelşiksiz ahwalaty hemme kişi bilýärdi. Ondan diňe Ramses bihabardy. Bu habaryň tutuş ýurda ýaýramagy has-da geňdi. Oň ybadathanalaryň tagallasy bilen agyzdan agza geçen bolmagy ähtimaldy, sebäbi islendik habary sähelçe sagadyň içinde Müsüriň bir çetinden beýleki çetine ýetirmegiň syryny diňe žresler bilýärdiler. Şol gabahat «myş-myşlary» Tutmosa hiç kim gönüläp aýtmasa-da, faraonyň saýlama goşunynyň ýolbaşçysy ony her ädimde duýýardy. Ol öýdeniçerleriň, gullaryň, esgerleriň, köşgi üpjün edijileriň patyşanyň aklynyň üýtgändigi hakda gürrüň edýändiklerini, diňe aram-aram köşk adamlaryndan kimdir biriniň özlerini eşidäýmeginden çekinip sem bolýandyklaryny olaryň özlerini alyp baryşlaryndan aňýardy. Ahyry gaharly hem-de ynjalyksyz Tutmos Fiwynyň häkimi bilen gürleşmegi makul bildi. Tutmos oň köşgüne baran mahaly Antef ýarysy seýrek ösümliklerden doldurylansoň gülhana meňzeýän zalda goýlan ýumşak sekide ýatyrdy. Onuň ortasynda çüwdürim gyrmyzy suw pürkýärdi. Burçlarynda hudaýlaryň heýkelleri durdy. Diwarlary tanymal häkimiň işini beýan edýän suratlar bezeýärdi. Oň başujynda duran gul düýeguşuyň ýeleginden edilen ýelpewaç bilen öz jenabynyň bedenini sowadýardy. Ýerde oturan welaýatyň mürzesi edilen işler barada hasabat berýärdi. Tutmosyň ýüzi juda howsalaly görnensoň, häkim mürzedir guly ugratdy. Sekiden galyp, hic kimiň özlerini diňlemeýändigine göz ýetirmek ücin ähli burçlara seredip cykdy. Tutmos: — Meň gaty gadyrly ýassykdaşym, hanym Hebronyň hormata mynasyp kakasy, meň näme barada gürrüň etjekdigimi aňýandygyňy hereketiňden görýän — diýdi. — Fiwiniň häkimi hemişe ätiýaçly bolmaly. Men, şeýle-de, onuň hormatlysynyň saýlama goşunynyň ýolbaşçysy bäri biderek zat üçin gelmez diýip çaklaýan — diýip, Antef jogap gaýtardy. Olar birsalym biri-biriniň gözlerine seredip durdular. Soňra Tutmos gaýnatasynyň ýanynda ornaşdy-da: — Sen döwletiň duşmanlarynyň biziň hökümdarymyz hakda ýaýradýan nejis «myş-myşlaryndan» habarlymy? — diýip sorady. Häkim jogap gaýtarmaga gyssandy: — Eger gürrüň meniň gyzym barada barýan bolsa, onda Hebronyň jenabynyň indi özüňdigiňi, şeýle bolansoň, menden nägile bolup bilmeýändigiňi saňa mälim edýärin. Tutmos elini perwaýsyzlyk bilen salgap goýberdi. — Haýsydyr bir zannyýaman adamalar, hamala, faraonyň aklyndan azaşandygy hakda «myş-myş» ýaýradýarlar. Atam, men ony eşidip-eşitmedigiňi soraýan? Antef kellesini şeýlebir gümürtik ýaýkady weli, onuň «hawany» aňladýany-da, «ýogy» aňladýany-da belli bolmady. Ol birsalymdan: —Adamyň akmaklygy edil deňiz ýaly uç-gyraksyzdyr. Ol özüne ähli zady sygdyryp biler...—diýdi. — Bu akmaklyk däl-de, žresleriň jenaýatçylykly hokgasy. Olaryň golunda oň hormatlysyna juda meňzeş adam bolup, žresler şol haramzadany özleriniň nejis pirimleri üçin ulanýarlar. Ol häkime grek Likonyň gürrüňini, Bubastda eden jenaýatyny aýdyp berdi. Antef: — Mirasdüşeriň çagasynyň ganyna galan Likon hakda eşidipdim. Ýöne Mefresiň Likony Bubastda ele salyp, Fiwä getirendigi, däli faraon bolansyramagy üçin, ony patyşanyň bagyna goýberendigi barada sende tutaryk barmy?-diýip sorady. — Ynha, şonuň üçin hem, mertebä mynasybymyz, men senden näme etmelidigini soraýan-da? Sebäbi men saýlama goşunyň ýolbaşçysy bolamsoň, biziň jenabymyzyň mertebesini, howpsuzlygyny goramaly. — Näme etmeli? Näme etmeli? — diýip, Antef gaýtalady. — Ilki bilen, hudaýsyz «myş-myşlarynyň» faraonyň gulagyna ýetmezligi üçin jan etmeli. — Nämüçin? — Sebäbi uly betbagtçylyk bolar. Likonyň dälisyraýandygyny, özüni faraon hökmünde görkezýändigini eşitse, biziň jenabymyz gazaba müner. Gaty gazaba müner...Onsoň, elbetde, özüniň gaharyny Herihor bilen Mefrese gönükdirer...Belki, diňe gaharlanar...Belki, olary zyndana taşladar...Belki-de, öldürer...Emma näme etse-de, olaryň garşysyna ýeterlik tutarygy bolmazdan eder. Ýeri, şonda näme? Häzirki döwürde Müsür hudaýlaryň ýoluna sadaka bermegi halanok, ýöne nähak ýerden kemsidilen žresleriň arkasynda durup biler...Ýeri, şonda näme? Men bu ahwalat neberäniň tepbedini okar diýip pikir edýän... —Nähili alaç tapmaly? — Ýekeje çykalga bar. Şol Likony tapmaly-da, Mefres bilen Herihoryň ony gizläp saklandyklaryny, däli faraon bolansyramaga mejbur edendiklerini ynandyrmaly. Jenabyň özüňe bolan merhemetinden mahrum bolmak islemeýän bolsaň, muny sen etmeli! Tutaryk! Köpräk tutaryk gerek! Bizde Assiriadaky ýaly däl. Ýokary žresleri kazyýetsiz jezalandyryp bolmaýar, hiç bir kazyýet bolsa ýeterlik tutaryksyz temmi bermez. Onsoňam faraonyň iýmitine haýsydyr bir keýp kökleýji zährimary goşmandyklaryna sen ne beýle ynanýaň?Öz adamlaryny tanamak üçin kesgitlenengizlin sözüň haýsydygynybilmeýän, hiç wagtda köşkde, seýilgähde bolmadyk adamy gije ýollanyňdan, şeýtmek has ýeňil ahyry...Men Likonhakda kimdir birinden, megerem, Hiramdan bolsa gerek, eşidipdim. Ýöne Likonyň Fiwide nädip şeýle geň-taňlyklary görkezip bilýändigine aklym haýrandyr. Tutmos: —Ýogsa-da, Hiram niredekä? — diýip sorady. — Ol siziň toýuňyzyň yzysüre Memfise gitdi. Sanlyja gündenem Hitendençykdy. Tutmos: «Ennananyň ýanyna ýalaňaç adamyň getirilen gijesi faraon Hiram bilen duşuşmaga gitjekdigini aýdypdy. Ýöne Hiram Fiwydan gaýdan bolsa nätjek. Diýmek, onuň hormatlysy eýýäm şol wagt näme gepleýändigini bilmeýän eken» diýip oýlandy. Tutmos yzyna haly teň dolanyp geldi. Ol bu heniz görlüp-eşidilmedik ýagdaýda nähili hereket etmelidigini bilmek-hä beýlede dursun, hatda näme pikir etmelidigini hem bilenokdy. Eger şa aýaly Nikotrysa bilen gürleşen mahaly seýilgähde peýda bolan adamyň žresler tarapyndan ýollanan Likondygyna berk ynanan bolsa, häzir onuň ynamy yrgyn atýardy. Ramsesi her gün görüp duranTutmos şeýdip özüni ýitiren bolsa, keseki adamlaryň ýüreklerinde nämeler bolup geçmelidi? Çar ýandan öz hökümdarynyň dälidigini eşidip dursalar, faraonyň hem-de onuň etsem-goýsamalarynyň iň bir wepaly tarapdarlarynda-da şüýhe döräp biljekdi. Bu žresler tarapyndan Ramses XIII edilen ilkinji urgudy. Ol kiçijik urgy bolsa hem, netijesi kiçi-girim däldi. Tutmos diňe bir şübhelenmän, eýsem, ezýet çekýärdi. Ol daşyndan ýeňilkelle ýaly bolup görünse hem, aslynda adamkärçilikli, gujurly ýigitdi. Onsoň häzir, öz jenabynyň mertebesine, kuwwatlylygyna şek ýetirilýärkä, Tutmosa hereketsiz oturmak agyr düşýärdi. Özüni düýbüni duşmanyň köwýändigini görübem, nalajedeýinlik bilen seredip durmakdan başga hiç zat oňarmaýan gala goşunynyň ýolbaşçysy ýaly duýýardy. Bu pikiriň Tutmosy gaty horlamasy bähbide boldy-da, hut şonuň täsiri bilen, kellesinde batyrgaý pikir döredi duruberdi. Tutmos bir gezek ýokary žres Seme sataşanda, ondan: — Biziň hökümdarymyz hakda nähili «myş-myşlar» ýaýradýandyklaryny bilýärmiň? –—diýip sorady. Sem Tutmosa birhili üýtgeşik seredişine: — Faraon ýaş, ol hakda her hili «myş-myşlar» ýaýrap biler.Ýöne ol maňa degişli däl: men onuň hormatlysyna dine gulluk etmegi öwredýärin. Özümem muny mümkin boldugyndan gowy ýerine ýetirmäge çalyşýaryn, galan zat bilen işim ýok — diýip jogap gaýtardy. — Seň faraonyň wepaly guludygyňy men bilýän, žresleriň syrlaryna aralaşmak hyýalymam ýok. Ýöne seniň ünsüňi bir kiçijik zada çekmek isleýän. Keramatly Mefresiň faraonyň oglunyň ganyna galan, onsoňam onuň hormatlysyna juda meňzeş bolansoň nejis hokgalary çykaryp ýören jenaýatkär grek Likony gizläp saklaýandygyny men ynamly çeşmeler arkaly bilýän. Goý, hormata mynasyp Mefres juda sylanylýan žresler toparyny biabraýçylyga duçar etmesin hem-de ganhory basymrak kazyýete tabşyrsyn. Sebäbi biz bardy-geldi Likony ele salaýsak, Mefresiň diňe bir öz ýokary derejesinden däl, eýsem, kellesindenem mahrum boljakdygyna söz berýän. Biziň döwletimizde garakçylara arka durýanlar, hökümdara meňzeş adamy ýaman niýet bilen peýdalanmak üçin gizleýänler temmisiz galdyrylýan däldir! Mefres Likony tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysynyň elinden alan mahaly onuň ýanynda bolan Sem, belki, özüne jenaýat şärikliginde şübheleniler öýdüp howatyrlanan bolsa gerek, oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Şeýle-de bolsa, gorkan öňürder etdi: — Men özüni masgaralaýan şübhäni Mefrese ýetirerin. Ýöne, hormata mynasybyz, kimdir birini jenaýat eden hasaplap, ýalan günä ýükleýän adamlara nähili jeza garaşýandygyny bilýärmiň? — Bilýän, öz üstüme jogapkärçiligem alýan. Mem aýdýan zadyma şeýlebir ynamly weli, şübhämiň soňunyň nähili gutarjakdygy asla birahatlandyranok. Bu hakda birahatlanmgy hormatly Mefrese goýýaryn. Goý, ol meniň öňünden duýdurmakdan herekete geçmezligimi dileg etsin! Ikisiniň eden gürrüňiniň soňy netijeli boldy. Şondan soňra faraona bir almany iki bölen ýaly meňzeş adam hiç kimiň gözüne ilmedi. «Myş-myşlar» weli ýatanokdy. Tutmos hökümdar birden žreslere dahylly oýlanyşyksyz hereket edäýmesin diýen gorky bilen, bu barada ýanynda dil ýarmansoň, Ramses XIII hiç zatdan habarsyzdy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |