10:04 Faraon -30: romanyň dowamy | |
SEKIZINJI BAP Faraon we oň nökerleri Faýumy terk edip, Nil bilen ýokarlygyna, günorta iki hepdeläp ýüzdüler. Olaryň daşyny gaýyklaryň sürüsigaldaýardy, şatlykly sesler bilen garşylaýardylar, gül desseleri bilen gömýärdiler. Derýanyň gök öwüsýän iki kenarynda-da,daýhan külbeleriniň hatary, injir we palma agaçlarynyň kiçiräk tokaýlygy uzap gidýärdi. Gök salýan agaçlaryň arasyndan, häli-şindi haýsydyr bir şäherjigiň ak jaýjagazlary çala göze ilýärdi ýa-da ymaratlary dürli reňkli, ybadathanalary beýik pilonly uly şäherler peýda bolýardylar. Günbatarda Liwi daglarynyň ulgamy salgymlap görünse, gündogarda hatar-hatar Arap daglary barha derýa ýakynlaşýardy. Olaryň döw ýaly adamlar tarapyndan gurnalan galalaryň ýa-da ybadathanalaryň harabalygyny ýatladýan sary, açyk gyzyl ýa-da garalyp duran tüňňi-saňňy gaýalaryny saýgarmak bolýardy. Niliň ortasynda göýä diňe düýn ýokary ýüzüp çykyp, bu gün bolsa eýýäm gaba ösümlikler bilen örtülen, san-sajaksyz guş sürüsi mesgen tutan adajyklar duş gelýärdiler. Faraonyň goh-galmagaly ýetik dabaraly ýörüşi peýda bolandan, gorkan guşlar derrew asmana göterilýärdiler we gämileriň ýokarsynda aýlanyşlaryna, halkyň güýçli sesine öz seslerini goşýardylar. Bularyň ählisiniň ýokarsynda bulutsyz asman bolup, Gün özüniň ähli zada jan berýän ýagtysyny saçýardy. Şol şugla hatda gara topragyň-da keşbi üýtgäp, daşlar älemgoşaryň ähli reňkine boýalypdylar. Wagt çalt hem-de ýakymly geçýärdi. Bu soňy gelmeýän şowhunly sesler ilki faraonyň gaharyny getirenem bolsa, soňra öwrenişip, adamlara üns bermesini goýdy. Ol indi resminamalar bilen tanşybam, töweregindäkiler bilen maslahat geçiribem, hatda ýatybam bilýärdi. Faýumdan otuz-kyrk mil daşlykda, Niliň çep kenarynda Siut diýen uly şäher bardy. Ramses şol ýerde birnäçe gün dynç aldy. Merhum patyşanyň mumyýasynyň entek Abidosdadygy, Osirisiň mazarynyň ýanynda dabaraly doga okalýandygy sebäpli, faraonyň bu ýerde saklanmagy zerurdy. Siut Ýokary Müsüriň has baý şäherleriniň biridi. Ol ýerde ak we gara toýundan meşhur gap-gaçlar ýasalýardy, mata dokalýardy; şäherde baş bazar bolup, oňa çöl içinde başly-barat oturan obalardan harytlargetirýärdiler. Şeýle-de, Siutda şagal kelleli Anubisiň agza-dile düşen ybadathanasy bardy. Faraon şol şäherde ikinji gün bolýarka ýanyna halkyň ýagdaýyny derňeýän iştoparyň başlygy žres Pentuer geldi. Faraon: — Maňa ýetirmeli täzeligiň barmy? — diýip sorady. — Bar. Tutuş Müsür seniň işiň oňuna bolmagyny dileg edýär, hökümdar. Duşuşýan adamlarymyň hemmesiniň kalby umyt-ynamdan doly, seniň pähim-parasatly patyşa bolup, ýurdy galdyrjakdygyňa ynanýarlar. Faraon: — Men öz raýatlarymyň bagtly ýaşamaklaryny, halkyň erkin dem almagyny isleýän. Haçandyr bir wagt bolşy ýaly, Müsüriň ilatynyň sekiz milliona ýetmegini, çöllügiň eýelän ýerlerini yzyna gaňryp almagyny isleýän. Der döküp işleýän adamlaryň her ýedinji gün dynç almaklaryny hem-de her bir daýhanyň öz hususy bölek ýeriniň bolmagyny isleýän — diýdi. Pentuer mähirli faraonyň öňünde özüni ýere goýberdi. Ramses oňa dikelmegi emir etdi. Soňra: — Ýöne özümiň agyr gussa çümen wagtymyň bolandygyny boýun almak gerek. Men öz halkymyň agyr güne düşenini görýän, oňa kömek etmek isleýän, ýöne maňa gaznanyň düýbüniň görnüp ýatandygyny habar berýärler. Birnäçe müň talantlyk nagt pul bolmasa, meň hiç hili özgertme geçirip bilmejekdigime sen gowy düşünýäň ahyry.Emma men bu gün arkaýyn: Ötlem-ötlem jaýdan zerur bolan serişdeleri almagyň usulyny tapdym — diýdi. Pentuer hökümdara geň galyp seretdi. — Hazynany saklaýjy maňa näme etmelidigini düşündirdi. Ähli gatlagyň hersinden on üç wekiliň gatnaşmagynda umumy ýygnak geçirmeli eken.Eger olar Müsüriň mätäçlik çekýändigini aýtsalar, Ötlem-ötlem jaý gymmatly zatlary berýär...Eý, hudaýlar! Ol ýerdäki hazynanyň birnäçesine... ýok, diňe ýekejesine halka her ýylda elli gün dynç berip boljak!..Olary uly peýda getirer ýaly, nädip ulanyp boljakdygynyň pikirini etmegem kyn! Pentuer başyny ýaýkady. Soňra: - Hökümdar, altyn million müsürli meniň hem-de meniň dostlarym bilen bilelikde seniň şol hazynadan almagyňy ilkinjileriň hatarynda goldar. Ýöne...sen özüňi aldama: döwletiň ýüz sany ýokary wezipeli adamlary muňa garşy bolarlar, senem hiç zat almarsyň – diýdi. Faraonyň girre gahary geldi. — Olar, näme, meni haýsydyr bir ybadathananyň eýwançasynyň öňünde el serip sadaka soramaga mejbur etmek isleýärlermikä? — Ýok — diýip žres jogap gaýtardy. — Olar bir gezek el urlan hazynanyň ýuwaş-ýuwaşdan boşap galaryndan gorkarlar.«Bular Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyny gazanç çeşmesine öwürmek isleýän bolaýmasynlar?» diýip,özleriniň iň wepaly hyzmatkärlerine müňkürlik ederler. Ine, onsoň göriplik olaryňgulagyna: «Beýlekiler şeýdýän bolsa, biz ondan nämüçin peýdalanmaly dälmişin?» diýip pyşyrdar...Saňa bolan ýigrenç däl-de, eýsem, birek-birege ynanmazçylyk hem-de bahylçylyk olary garşy bolmaga iterer. Faraon ony diňläp köşeşdi, hatda ýylgyrdam. — Eger ol seniň aýdyşyň ýaly boljak bolsa, ikirjiňlenme, mähriban Pentuer. Amonyň ne sebäpden faraonyň hökümdarlygyny ýoly goýandygyna hem-de oňa adamyň başarnygyndan artyk güýç-kuwwatdan paý berendigine men häzir akyl ýetirdim. Ol, goý, iň saýry adamlar bolaýsyn, ýüz sany haramzadanyň döwleti heläkläp bilmezligi üçin şeýdipdir. –—Ramses kürsüden turup, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. — Sen meniň halkyma aýt: sabyr edip işlesinler...Maňa wepaly žreslere aýt: olar hudaýlara gulluk etsinler, älem-jahanyň Güni bolan danalyga eltýän ýoly öwrensinler. Keçjal, şübheli welmožalary bolsa maňa galdyr. Eger olar meni gaharlandyrsalar, ählisiniň bagtyna boran ýagdyraryn! Žres: — Hökümdar! Men saňa hemişe janym-tenim bilen gulluk ederin — diýdi. Ýöne Pentuer onuň bilen hoşlaşan mahaly ynjalyksyzdygyny ýüzi aýdyp durdy. Siutdan on bäş mil daşlykda, derýadan ýokarlygyna, ümsüm Arap gaýalary Nile golaýlaşýar diýen ýalydy, munuň tersine, Liwiý daglary ondan şeýlebir daşlaşýardy weli, ol ýerde ýaýylyp ýatan jülge, megerem, Müsürde iň inli jülgedi. Şol ýerde iki sany belent hormatly şäher: Tin bilen Abidos ýanaşyk otyrdy. Müsüriň ilkinji faraony Menes şol ýerde doglupdy; ýüz müň ýyl ozal öz dogany Tifon tarapyndan haýynlarça öldürilen Osirisiň keramatly jesedi şol ýerde jaýlanypdy. Galyberse-de, bu beýik wakalaryň hormatyna ady hiç wagtda unudylmajak faraon Seti31şol ýerde ybadathana gurdurýar. Oňa tutuş Müsürden zyýaratçylar dökülip ugraýar. Her bir hudaýa ynanýan adam ömründe bir gezek şol mukaddes topraga maňlaýyny degräýmelidi. Şeýle bolansoň, mumyýasy Abidosda aýlanmak, bolmanda ybadathananyň diwarlaryndan daşlykda saklanmak miýesser eden kişi, hakykatdanam, bagtlydy. Patyşa bolansoň we juda dindardygy bilen tapawutlanansoň, Ramses XII-niň mumyýasy şol ýerde birnäçe gün boldy. Şonuň üçin hem, Ramses XIII-niň ýurdy dolandyrmagy Osirisiň mazaryna hormat goýmakdan başlamagy geň däldi. Seti ybadathanasy ne-hä iň gadymky, ne-de Müsüriň has şanly ybadathanalaryna degişlidi. Ýöne ol Müsüriň binagärlik usulynyň üýtgedilmän, arassa saklanylandygy bilen tapawutlanýardy. Onuň hormatlysy Ramses XIII ol ýere bardy we ýokary žres Sem bilen hudaýýoly berdi. Ybadathana degişli bolan ýer bir ýüz elli morg giňişligi tutýardy; onda içi balykdan doly howuzlar, gülhanalar, miweli baglar, bakjalar, şeýle-de, öýler, hastakygy, žresleriň köşkleri bardy. Çar ýanda ýa-ha jahanyň dört ýurduna tarap çekilen bagýodany, ýa-da boýlary gyradeň diýen ýaly hatara ekilip, kiçiräk tokaýlygy emele getiren palmalar, injirler, pyrtykallar, derekler, akasiýalar ösüp otyrdylar. Hatda bu ýerdäki ösümliklerem žresleriň hüşgär gözlerinden sypmandyrlar: olar tebigy däl-de, eýsem, geometriýa şekilleriň emeli görnüşini alyp, nädogry, emma owadan toparlary emele getiripdirler. Ýönekeý halk ot ekilen ýolýakalardahudaýlaryň ýa-da keramatly haýwanlaryň şekillerini görer ýaly, dana bolsa ieroglifler bilen ýazylan parasatly pikirleri tapar ýaly, otluk ýerler dürli reňkler bilen bezelen hala meňzeýärdi. Baglaryň merkezi bölegini uzynlygy dokuz ýüz ädim we ini üç ýüz ädim bolan gönüburçluk tutýardy. Onuň daşyna aýlanan onçakly beýik bolmadyk diwarda hemme kişä görnüp duran bir derweze we onlarça gizlin gapylar bardy. Zyýaratçylar derwezeden daş düşelen howla girýärdiler. Ybadathana howlynyň ortasyndady; ol uzynlygy dört ýüz elli ädim we ini bir ýüz elli ädim bolan gönüburçly ymaratdy. Derwezeden ybadathana ýolbars bedenli we adam kelleli sfinksleriň bagýodasy alyp barýardy. Olar iki hatar bolup, her tarapda on sfinks biri-biriniň gözlerine seredýärdiler. Bularyň arasyndan diňe ýokary derejeli adamlar geçip bilýärdiler. Sfinksleriň bagýodasynyň gutaran çetinde, derwezäniň garşysynda iki ýädygärlik — iki inçe, beýik dörtburç sütün hellewläp görünýärdi. Olarda faraon Setiniň tutuş taryhy ýazylgydy. Ybadathananyň agyr derwezeleri diňe ýadygärliklerden soňra görünýärdi. Olaryň iki tarapynda pilonlar diýlip atlandyrylýan kesilen piramidalar görnüşindäki iki kuwwatly desga howalanyp durdy. Olaryň diwarlary Setiň ýeňişlerini ýa-da onuň hudaýyň ýoluna beren sadakalaryny şekillendirýän suratlar bilen persala edilendi. Bu derwezeden indi daýhanlar däl-de, eýsem, diňe baý şäherliler we aýratyn hukukly gatlaklardan bolan adamlar geçip bilýärdiler. Derwezeler peristile, ýagny köpsanly sütünler saklaýan galareýalar gurşan howla eltýärdi. Peristilde on müňe çenli doga okaýan adam ýerleşip bilýärdi. Saýry adamlaryň gipostile, ýagny depesini iki hatar beýik sütünler saklaýan birinji zala girmäge-de hukugy bardy. Gipostile dine ynanýanlaryň iki müňe golaýy sygýardy. Bu zal ýönekeý adamlar üçin iň soňky çäkdi. Hatda žres derejesini almadyk iň ýokary derejeli adamlaryňam diňe şol ýerde doga okamaga we „dini açyş“ zalynda hudaýyň perde tutulan heýkeline diňe şol ýerden syn etmäge hukugy bardy. «Açyş» stolunyň aňyrsynda „hudaýýoly stollarynyň“ zaly bolup, žresler ol ýerde dine ynanýanlaryň getirýän sadakalaryny goýýardylar. Ondan aňyrda «dynç alyş» zaly bolup, hudaý dabaraly ýörüşiň öň ýanynda we dolanyp gelenden soňra dynç alýardy; iň soňunda ybadathana ýerleşip, hudaý hemişe şol ýerde bolýardy. Ullakan bölek daşdan oýulyp ýasalan ybadathana dardy we garaňkydy. Onuň çar ýanynda içinde hudaýyň egin-eşikleri, gap-gaçlary, enjamlary we gymmatbaha şaý-sepleri bolan özi ýaly ybadathanajyklar ýanaşyk durdular. Ol özüniň hiç kim aralaşyp bilmeýän bukalgasynda ýatýardy, ýuwunýardy, endamyna hoşboý ysly ýaglary çalýardy, iýýärdi, içýärdi, hatda ýaşajyk, owadan näzeninleri kabul edýän bolmagy-da mümkindi. Ybadathanajyga diňe ýokary žres we eger dereje alan bolsa, patyşalyk edýän faraon girýärdi. Ol ýere aralaşan ýönekeý adamyň janyndan jyda düşjekdigi belli zatdy. Her bir zalyň diwarlarydyr sütünleri ýazgylardan we düşündirişli suratlardan doludy. Howlyny gurşaýan peristilde Müsüriň ilkinji hökümdary Menesden başlap, tä Ramses XII-ä çenli ähli faraonlaryň atlary ýazylyp, suratlary görkezilendi. Diňe saýry adamlar aralaşyp bilýän gipostilde Müsüriň we onuň dyza çökeren halklarynyň geografiýasy, statistikasy görkezme usulynda beýan edilendi; «açyş zalynda» — ýylnama we astronomiki kartalar; «hudaýýoly stollarynda» we «dynç alyş» zalynda — dini däp-dessur mazmunly suratlar; kilisede bolsa — o dünýädäki kölegeleri nähili çagyrmalydygy we tebigatyň güýçlerine nädip aýdanyňy etdirmelidigi barada maslahatlar bardy. Juda çylşyrymly beýan edilensoň, ýönekeý adamlar hiç wagtda akyl ýetirip bilmejek bu maslahatlara hatda Ramses XII-niň zamanyndaky okumyş žreslerem düşünenokdylar. Ýok bolup barýan çylşyrymly düşünjäni janlandyrmak diňe haldeý Beroese başardypdy. Abidos köşgünde iki gün dynç alan Ramses XIII ybadathana gidermen boldy. Faraonyň egninde ak köýnek, altyn sowut, narynç we gök çyzmykly öňlük, bilinde polat gylyç, kellesinde bolsa altyn başgap bardy. Häkimler iki tigirli söweş arabasyna goşulan düýeguş ýelekli atlaryň uýanyndan tutup geldiler. Faraon golaý adamlarynyň gallamagynda ýuwaşjadan Osirisiň öýüne tarap ugrady. Ybadathana ýeten faraon arabany halka niýetlenen daşky derwezeleriň ýanynda saklap, ýere düşdi. Onuň beýtmesi märekä ýarady, žresleri-de begendirdi. Faraon sfinksleriň bagýodasyny pyýada geçdi. Keramatly kişileriň salamyny alyp, giň derwezeleriň iki tarapynda oturan ýagdaýda şekillendirilen Setiň heýkelleriniň öňünde hoşboý ys ýaýratdy. Peristilde ýokary žres faraonlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilen suratlaryna onuň ünsüni çekdi we öz suratynyňam çekilmegi üçin niýetlenen ýeri görkezdi; gipostilde oňa geografiki kartalaryň we statistiki jedwelleriň ähmiýetini düşündirdi. 2Dini açyş» zalynda Ramses Osirisiň äpet heýkeliniň öşňünde hoşboý ys ýaýratdy; şol ýerde ýokary žres oňa Merkuriý, Wenera, Aý, Mars, Ýupiter we Saturn saýýarlaryna bagyşlanan sütünler bilen tanyşdyrdy. Olar nur saçýan hudaýyň heýkeliniň töwereginde durdular. Ramses: — Sen alty saýýar bar diýýäň weli, men-ä bärde ýedi sütün görýän. Bu nähili beýle bolýar? — diýip sorady. Baş žres: — Bu sütün ýedinji saýýar bolan Ýeri aňladýar — diýip, ýuwaş ses bilen jogap gaýtardy. Geň galan faraon düşündiriş talap etdi, ýöne dana sesini çykarman, soňky açyşlara gezek gelende agzynyň möhürlenendigini eliniň hereketi bilen düşündirdi. «Hudaýýoly stollaryndan» ýuwaşja ýaňlanýan ýakymly saz eşidilip, žres erkekleriň we žres zenanlaryň hory oňa goşulyp dabaraly tansy ýerine ýetirýärdiler. Faraon özüniň altyn başgabyny, gymmatbaha sowudyny çykardy, Ötlem-ötlem jaýa tabşyrylman, eýsem, hudaýyň hazynahanasynda galmagyny isläp, olaryň ikisini-de Osirise hudaýýoly berdi. Oň bu sahylygy üçin ýokary žres hordaky tirsildäp duran, iň näzenin on bäş ýaşly tansçy gyzy hökümdara sowgat berdi. Aşygy alçy gopan gyzyň erni bir ýere gelenokdy. Ramses «dynç alyş» zalyna baryp, tagta geçdi, onuň dini işler boýunça orunbasary ýokary žres Sem bolsa sazyň astynda hudaýyň heýkelini çykarmak üçin kiçijik ybadathana girdi. Basym jaňlaryň gulagyňy gapyp barýan sesi eşidildi we alagaraňky zalda altyn gaýyk peýda boldy; oňa tutulan perde göýä içinde janly bir zat oturan ýaly ýuwaşjadan gymyldaýardy. Žresler özlerini ýere goýberdiler, Ramses bolsa ýukajyk perdeden gözüni aýranokdy. Birdenem olaryň biri açyldy-da, faraon adaty bolmadyk hoşroý çagajygy gördi. Ol özüniň juda akylly gözleri bilen faraona seredýärdi. Müsüriň hökümdarynyň ini jümşüldäp gitdi. Žresler: — Ynha, Gor! Gor!— dogýan Gün, ol Osirisiň hem ogly, hem atasy, öz ejesiniň äri, ejesi bolsa onuň aýal dogany — diýip pyşyrdaşýardylar. Ybadathananyň diňe içinde dabaraly ýörüş başlandy. Öňden arfaçylar we tansçy zenanlar, olaryň yzyndan şahlarynyň arasy altyn galkanly ak öküz, soňra žresleriň iki hory, ondan soň hudaýy göterip barýan ýokary žresler, soňra ýene horlar, iň soňundan bolsa sekiz žresiň egnindäki tagtyrowanda oturan faraon barýardylar. Ýörüş ähli zallary we ybadathananyň galareýasyny aýlanandan soňra, hudaý bilen Ramses «dynç alyş» zalyna dolanyp geldiler. Keramatly gaýygy görer gözden gizläp duran perdeler ikinji gezek syrylyp, naşyja çaga faraona ýylgyryp seretdi. Soňra Sem gaýygy we hudaýy kiçijik ybadathana alyp gitdi. Çagajyk özüne juda ýaransoň, ony ýygy-ýygydan görüp durmak islän faraon: «Menem ýokary žres bolaýsammykam?» diýip oýlandy. Ýöne ol ybadathanadan çykyp, Güni hem-de ýüz-gözleri gülüp duransan-sajaksyz märekäni görüp, özüniň hiç zada düşünmeýändigini içinden boýun aldy. Müsürli çagalara meňzemeýän körpeje nireden peýda bolduka? Onuň gözlerinde görnüp duran çakdanaşa akyl nireden peýda bolduka? Onsoňam bu zatlar nämäni aňladýarka? Birdenem ganyna galynan ogly ýadyna düşdi. Ol hem şeýle enaýyja bolup bilerdi! Ine, onsoň Müsüriň hökümdary ýüz müň raýatyň alnynda gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. — Berk ynandy!..Faraon berk ynandy!.. Ol Osirisiň jaýyna girdem weli, ýüregi ýumşady!.. — diýip, žresler öz aralarynda pyşyrdaşdylar. Şol gün ybadathananyň diwarynyň aňyrsynda doga-dileg eden batyl bilen iki ysmaz sagaldy. Žresleriň geňeşi şol güni gudratly günleriň hataryna girizmegi we ybadathananyň daşky diwaryna gözýaş dökýän faraony, dertden sagalan maýyplary şekillendirýän suratlary çekmegi karar etdi. Günortadan soň faraon öz köşgüne dolanyp gelip, maglumatlary diňledi. Ýygnanan welmožalaryň hemmesi çykyp gidenden soňra onuň ýanyna Tutmos gelip: — Žres Samontu saňa özüniň wepalylyk duýgusyny mälim etmek isleýär — diýdi. — Ýagşy, alyp gel ony. — Hökümdar, ol köşgüň diwarlarynda gulak bardygyny ynamly aýdyp, seň özüni harby düşelgedäki çadyrda diňlemegiňi örän towakga edýär. Faraon: — Ol beýle gizlinlikde näme aýtjakka? — diýdi. Soňra özüniň agşamy düşelgede geçirjekdigini köşkdäkilere mälim etdi. Gün batmazynyň öň ýanynda faraon Tutmosy ýanyna alyp, özüniň wepaly ýygynlaryna aýlanmaga gitdi we şol ýerde Tutmosyň buýrugy boýunça aziýalylar goraýan patyşa çadyrynyň üstünden bardy. Agşam zyýaratçylaryň ýapynjasyny geýen Samontu geldi. Onuň hormatlysyna edep bilen salam berdi-de: — Göwnüme bolmasa, haýsydyr bir adam ýolboýy meni yzarlap gelen ýaly. Häzir ol seniň çadyryňdan uzak bolmadyk aralykda saklandy. Ony žresler yzyma salan bolaýmasyn? — diýdi. — Tutmos faraonyň emrini ýerine ýetirmäge daşary ylgap çykdy. Dogrudanam, hol aňyrrakda bir nätanyş serkerde durdy. Tutmos ondan; — Sen kim? — diýip sorady. — Men — Ennana, Isidanyň ýygnynyň ýüzbaşysy...biýäre Ennana. Sen, näme, meni unutdyňmy? Bir ýyldan gowrak ozal Pi-Bailosda geçirilen harby hereketlerde men keramatly skarabeýleri görüpdim... — Hä, bu senmidiň? — diýip, Tutmos geň galdy. — Ýöne seniň ýygnyň Abidosda bolmaly däl ahyry? — Seniň agzyň — hakykatyň ojagy. Žresler bizi, hamala diýersiň, daýhanlar ýa-da jöhitler ýaly, kanal çekmäge mejbur edensoň, merkezden uzakda, Meniň eteginde bir göz-gülban ýerde durus. — Ýeri, onsoň sen bäri nädip düşdüň? — Men birnäçe gün rugsat aldym-da, teşnelik heläk edýän sugun ýaly, çeşmä tarap eňdim. — Saňa bärde näme gerek? — Men hökümdardan özümi takyr kellelerden goramagy haýyş etmäge geldim; ezýet çekýän esgerlere duýgudaşlyk edýändigim üçin, olar meniň derejämi ýokarlandyranoklar. Tutmos ynjalyksyz halda çadyra dolanyp geldi we Ennana bilen bolan gürrüňi faraona ýetirdi. — Ennana? — diýip faraon gaýtalady. — Hä, hawa, ýadyma düşdi...Ol bize öz skarabeýleri bilen iş bolupdy, soňra Herihoryň merhemeti boýunça elli taýagam iýipdi. Diýmek, ol seniň aýtmagyňa görä, žreslerden nägile-dä? Hany, ony bäri getir! Faraon Samontuwa çadyryň gapdaldaky bölegine girmegi emir etdi, gowy görülýän ýigidi bolsa Ennananyň yzyndan ýollady. Işi şowuna bolmaýan serkerde derrew geldi, faraonyň alnynda ýüzin düşüp ýatdy, soňra dyzynda durup, demi-demine ýetmän gürläp ugrady: — «Men her gün doganda we ýaşanda Ra-Gormahise, Amona, Ra, Ptaha hem-de beýleki hudaýlara mynajat edip, Müsüriň hökümdary, seniň aman-esen gezip ýörmegiňi dileg edýän! Seniň ýaşamagyňy dileg edýän! Seniň işiň öňuna bolmagyny, özümiňem bolmanda seniň dabanyň yzlaryny görüp bilmegimidileg edýän!»32 Ilkinji gezek edep saklaýan faraon Tutmosdan: — Muňä näme gerekkä? — diýip sorady. Tutmos: — Oň hormatlysy, saňa näme gerekdigini soraýar? — diýdi. Ikiýüzli Ennana ýokary galman, faraonyň gowy görýän ýigidine öwrüldi. — Sen bize şatlyk, ömür berýän hökümdaryň gözi hem-de gulagy. Şeýle bolansoň, men saňa edil Osirisiň kazyýetinde bolşy ýaly jogap bereýin. Men hudaý Isidanyň žres ýygnynda on ýyl bäri gulluk edýän. Alty ýyly gündogar serhetlerde söweşip geçirdim. Meň deň-duşlarym ýokary derejelere ýetdiler, men bolsa henizem ýüzbaşy. Munuň üstesine, hudaýdan gorkýan žresleriň buýrugy boýunça meni häli-şindi ýençýärler. Olar meni näme üçin beýle kemsidýärkäler? «Gündizlerine diňe kitaplar hakda pikir edýärin, gijelerine bolsa okaýaryn, sebäbi kellesine agram salmazdan, keýgiň gaçyşy ýaly edip, olara juda çalt seredip çykýan akmak kişi ýenjilýän eşege meňzeşdir. Ylym-bilime şeýle teşnedigime garamazdan, men öz sowatlylygym bilen öwünmeýärin-de, eýsem, hemme kişiden maslahat soraýaryn. Sebäbi her kimden nämedir bir zat öwrenmek mümkin, sylag-sarpaly danalara bolsa hormat goýýaryn!» Faraon müsürliniň köp geplemegi özüniň borjy we ýolbaşçyny hormatlamagyň iň ýokary aňladylmasy hasaplaýandygyny bilýärdi. Şonuňüçin hem, ol takatsyzlyk bilen eýläk-beýläk gezmelese-de, Ennanany diňlemegini dowam etdirdi. Ennana bolsa gyzyp gidip otyrdy: — «Men ýat öýde aýallara seretmeýärin; hyzmatkärlere degişli zatlary berýärin, özümem üleşik mahalynda hiç kim bilen jedel etmeýärin. Hemişe hoşal ýüzli gezýärin, ýolbaşçylara hormat goýýaryn, uly adam dik duran bolsa, oturmaýaryn. Men ýüregedüşgünç däl, çagyrylmasam ýat öýe girmeýärin. Gözlerimiň görýän zatlary hakda dymýaryn, sebäbi köp gepleýän adamyň ýanyndakylaryň gulaklarynyň kerdigini bilýärin. Danalyk ynsanyň içi dürli jogaplardan doly ammardygyny öwredýär. Şonuň üçin hem, men hemişe diňe gowy jogaby saýlap alyp, şony berýärin, ýamanyny bolsa gulpda saklaýaryn. Başgalaryň töhmetini gaýtalamaýaryn. Özüme tabşyrylýan işleri hemişe mümkin boldugyndan gowy ýerine ýetirýärin»33 Ýeri, onsoň men olardan näme peýda görýärin? Garnym aç, ýyrtyk-ýirik eşikli gezýärin, taýak persala edensoň, arkan ýatyp bilemok. Žresleriň toparynyň batyrlyk, paýhaslylyk berýändigini kitaplardan okaýan. Ýöne, megerem, ir zamanlarda şeýle bolan bolsa gerek, sebäbi häzir žresler akyllylyga dodak çöwürýärler, batyrlygy bolsa serkerdelerden taýak bilen urup çykarýarlar... Faraon: — Men hä diýmän uklaryn — diýdi. Tutmos towakgaça ýüzlendi: — Ennana, sen okumyş adamdygyňy faraona ynandyrdyň.Indi bolsa özüňe näme gerekdigini gysgajyk aýt. — Peýkam nyşana meniň haýyşymyň hökümdaryň keramatly dabanyna baryp ýetişi ýaly, şeýle çalt baryp ýetmez. Takyr kelleleriň hyzmatynda bolmak meni halys irizdi, žresler ýüregimi gam-gussa gark etdi,şeýle bolansoň, men faraonyň goşunyna gulluk etmäge geçmeli, bu islegim başa barmasa-da, telim gezek Müsüriň duşmanlaryny howsala düşüren gylyjym bilen özümi öldürmli —başga alaç ýok. Men žresleriň ýygnynda ýüzbaşy bolanymdan, onuň hormatlysynyň goşunynda onbaşy, hatda ýönekeý esger bolmaga-da taýýar.Olara hudaýaynanýan müsürli däl-de, eýsem, doňuz ýa-da it gulluk edip biler. Gürrüňini ahyry jemlän Ennana soňky jümläni şeýlebir gaharly aýtdy weli, faraon Tutmosa grekçeläp: — Ol saýlama goşuna al. Žresleri halamaýan serkerde bize gerek bolar — diýdi. Tutmos: — Oň hormatlysy, iki dünýäniň hökümdary seni öz saýlama goşunyna almagy emir etdi — diýip gaýtalady. Hoş habara göwni galkynan Ennana özüni salymsaýyn ýere goýberip, hökümdara minnetdarlyk bildirişine, götinjekläp çadyrdan çykdy. Faraon Tutmosa ýüzlenip: — Onuň lakgyldysyndan ýaňa meniň bokurdagym gijeýär. Alym mürzeler ýaly uzyn-uzyn samraman, pikirlerini gysga beýan etmegi men hökman müsürli esgerlere, serkerdelere öwretmeli — diýdi. Ennanany sulhy almadyk Tutmos: — Oň kemçiligi diňe şol bolsa, oňuşsa bor-la weli...— diýip pyşyrdady. Faraon Samontuwy çagyrmagy buýurdy. Ýanyna gelen žrese ýüzlenip: — Gorkma, yzyňdan gaýdan serkerde seni yzarlap gaýtmandyr. Ol beýle ýumşy ýerne ýetirerden samsyk. Ýöne eli gaty eken. Bize gerek bolar. Indi bolsa özüňi beýle seresaply bolmaga nämäniň mejbur edendigini maňa aýt — diýdi. — Men Ötlem-ötlem jaýyň hazynahanasyna eltýän ýoly tapdym. Faraon başyny ýaýkady. Ýuwaş ses bilen: Bu örän agyr iş. Men yzyndan pişik kowalap gelýän syçan ýaly bolup, dälizlerde, zallarda tutuş bir sagatlap terslin-oňlyn aýlandym. Geçilen ýollary ýatda saklamak-ha beýlede dursun, hatda şonuň içinde ýeke özüm aýlanmaga-da hiç wagtda ýürek edip bilmejekdigimi saňa boýun alaýyn. Gün şöhlesiniň astynda ölmek, megerem, şatlyk bolsa gerek, emma körsyçanam azaşjak hinde ölüp galmak...O-ho-how!...—diýdi. Samontu: — Şeýle-de bolsa, biz ony tapyp, ele salmaly — diýdi. Faraon: — Eger hazynanyň belli bir bölegini saklaýjylaryň özleri berse näme? — diýip sorady. — Entek Herihor, Mefres, olaryň ýaranlary dirikäler, muny etmezler. Hökümdar, maňa ynan, bu welmožalar diňe bir zat — seni edil körpeje ýaly edip gundamak isleýärler... Faraonyň gahardan ýaňa ýüzi agardy. — Men olaryň özlerini zynjyr bilen gundaýmaýyn!..Ýeri, onsoň sen ol ýere nädip barmakçy? — Men bärde, Abidosda Osirisiň mazaryndan hazynahana eltýän ýoluň doly çyzgysyny tapdym. —Sen onuň bärdedigini nädip bildiň? — Set ybadathanasyndaky ýazgydan. — Çyzgyny haçan tapdyň? — Seniň baky ýaşaýan kakaň mumyýasy Osiris ybadathanasyndabolan mahalynda. Men patyşanyň jesedini ugradypdym, ine, onsoň «dynç alyş» zalynda gije nobatçylyk edýärkäm ybadathanadan tapdym. Ramses güldi. — Sen baş žres däl-de, serkerde bolmaly adam — diýdi. — Diýmek, saňa Ötlem-ötlem jaýyň hazynahana eltýän ýoly belli-dä? — Ol maňa ozal bellidi, ýöne indi mende zerur bolan görkezgiçlerem bar. — Maňa düşündirip bilermiň? — Höwes bilen düşündirerin, zerur bolan mahalynda saňa çyzgynyň özüni-de görkezip biljek. Şol ýol Ötlem-ötlem jaýyň daşyndan egrem-bugram bolup dört gezek aýlanýar. Özi-de iň ýokarky gatdan başlanyp, iň aşakda — ýeriň eteginde gutarýar. Mundan başga-da, ýol ugrunda birnäçe deşikler bar. Ol, ine, şol sebäpli juda uzyn. — Ýeri, onsoň sen birgiden gapyly bir zaldan beýlekisine nädiş geçjek? — Maksada alyp barýan her gapyda: «Döwletiň iň beýik syryny biljek bolýan we özüniň mukaddeslige şek ýetirýän elini hudaýlaryň emlägine uzadýan dönügiň bagtynyň ýatdygydyr. Ol maslyga öwrüler, ruhy bolsa eden günäsi özüne ezýet berensoň, birahat halda garaňky ýerlerde sergezdan bolar ýörer...» diýen jümleler bar. — Sen onsoň şol ýazgydan gorkaňokmy? — Seni, hökümdar, liwiý naýzasynyň görnüşi gorkuzýarmy? Gorkmak garamaýak halka gelişýändir, maňa gelişmez; men gerek bolsa, olardanam gorkuly sözleri ýazyp bilerdim. Faraon birsalym pikire batdy. Soňra: — Sen dogry aýdýarsyň, naýza ony yzyna serpikdirip biljek üçin gorkuly däldir, galp ýol-da hakykatyň sözüni bilýän danany haýran galdyryp bilmez...Sen öňüňdäki diwarlarlardan, sütünlerden nädip geçjek? —diýip sorady. Samontu biperwaýlyk bilen egnini ýygyrdy. — Meň gulluk edýän ybadathanamda-da Ötlem-ötlem jaýa garanyňda has kynlyk bilen açylýan gizlin girelgeler köp. Sen dogry aýdýarsyň: gizlin söz kime mälim bolsa, şol hem ähli ýerden geçer — diýip jogap gaýtardy. Faraon elini kellesine diräp, uzak wagtlap bir zadyň pikirini etdi. Soňra: — Eger sen şol ýolda betbagtçylyga giriftar bolsaň, men gynanaryn — diýdi. — Edenim ugruna bolmasa, men ölümimi şol ýerde taparyn. Ol kimi aýap goýýar, hatda faraona-da howp salmaýarmy näme?..Senem Aşgarly köle tarap batyrgaý gadam urupdyň, ýogsam bolmanda ol ýerden yzyňa dolanjakdygyňa ynamyň ýokdy ahyry. Hökümdar, menem Ötlem-ötlem jaýa baryp görýän adamlaryň geçýän uzak ýoluny geçmeli bolaryn diýip pikir etme. Men iňgysga ýoly taparyn. Özüň şol ýere barýançaň Osirisiň hormatyna otuz doga okamaly bolardyň, men bolsaýekeje doga okap-okamankaň, eýýäm barmaly ýerime ýetendirin. — Ol ýerde, näme, başga çykalgalaram barmyka? — Gürrüňsiz. Men olary hökman tapaýmaly. Sebäbi men sen ýalygündiz ýa-da esasy girelgeden gitmekçi däl. — Nädip gitjekmişiň? — Daşky diwarda gizlin girelgeler köp, akylly saklaýjylar olary hiç wagtda goramaýarlar. Men olary bilýän...Köşkde gije garawullaryň sanlyjasy bolýar, ýöne olaryňam agramly bölegi hazynahany hudaýlaryň gorajakdyklaryna, garamaýaklaryň bäri gelmäge gorkjakdyklaryna berk ynanansoň, ukudan galmaýarlar...Mundan başga-da, žresler-ä daň atandan Gün batynça doga okamaga ybadathana üç gezek gidýärler, esgerler-de açyk asmanyň astynda dini dessurlary berjaý edýärler. Olar doga okap ýetişmänkäler, men eýýäm jaýda bolaryn. — Azaşmazmyň? — Weý, meň elimde çyzgy boljak ahyry. Öz howsalasyny gizlemäge güýji ýetmeýän faraon: — Eger çyzgy galp bolsa näme? — diýip sorady. — Eger sen Ötlem-ötlem jaýyň hazynahanasyna eýe bolmasaň näme?..Eger finikiýler pikirini üýtgedip, wada berlen karz puldan boş çykarsa näme?..Eger esgerler açlyk çekip, halk öz ynamynda aldansa näme?.. Maňa ynan, hökümdar, men öz döwletime garanda, Ötlem-ötlem jaýyň galareýasynda howpsuz ýagdaýda bolaryn. —Ýöne garaňkylyk, howuňy basýan garaňkylyk!..Geçip bolmajak diwarlar! Çuňluk, arasynda azaşmazlyk mümkin bolmadyk ýüzlerçe öwrüm-öwrüm ýol!..Pikir et, Samontu: adamlar bilen söweşmek oýunjak zatdyr, tümlük hem-de syr bilen söweşmek bolsa aýylganç zatdyr! Samontu ýaňsyly ýylgyrdy. — Sen, hökümdar, meň durmuşymy bileňok...Men ýigrimi ýaşymdakam Osirisiň žresidim... Ramses: — Senmi? — diýip, geň galyp sorady. —Men. Nämüçin Sete gulluk etmägi makul bilendigimi gürrüň bereýin. Bizi dag işçilerine uly bolmadyk ybadathana gurup bermek üçin Sinaý ýarym adasyna ýollapdylar. Gurluşyk alty aýa çekipdi. Men boş wagtym köp bolansoň, daglara aýlanyp, gowaklara serederdim. Olary görme kemini goýan däldirin!..Birnäçe sagat ýöreseňem, aňyrsyna çykyp bolmajak uzyngysylar; diňe emedeklemelibolýan insiz ötelgeler; her birinde tutuş ybadathana ýerleşip biljek äpet gowaklar... Men ýerasty deýalary, kölleri, hrustal köşkleri, öz eliňi görüp bolmaýan gije ýaly garaňky ýa-da, tersine, göýä ikinji Gün nur saçyp duran ýaly ýagty gowaklary gördüm. Men telim gezek san-sajaksyz ötelgelerde azaşyp, ýol tapman kösendim, telim gezek elimdäki çyra öçdi, telim gezek jandan umyt üzüp, uçut gaýadan aşak indim!..Gowrulan arpa iýip, teşneligimi çyg daşlary ýalap gandyryp, birnäçe güni gowaklarda ýalňyzlykda geçiren wagtlarym boldy. Köplenç ýagty jahana çykjakdygymy-çykmajakdygymy bilemokdym. Ýöne men tejribe topladym, gözüm ýiteldi, hatda şol elhenç jülgeleri haladymam. Şeýle bolansoň, häzir Ötlem-ötlem jaýyň oýnawaç gizlin ýerleri hakda oýlanamda gülkim tutýar. Adamyň guran ymaraty Zeminiň dilsiz-agyzsyz hem-de göze görünmeýän ruhlarynyňgaldyran mähnet ymaratlarynyň ýanynda körsyçanyň hinidir. Men günleriň birinde elhençligiň üstünden bardym-da, ol meni özümi başga bir hudaýa bagyşlamaga mejbur etdi. Sinaý käniniň günbatarynda dag bölegi bolup, onuň jülgelerinde häli-şindi ýerasty gümmürdiler eşidiler durardy; Ýer yranyp, çendan ýalyn görnerdi...Bilesigelijilik günüme goýmansoň, ine-gana aýlanyp çykmak isläp, şol ýere ugradym. Sähel görünýän uly çat açan ýer arkaly ýol gözläp ýörşüme, äpet gowaklaryň tutuş ulgamynyň üstünden bardym; olaryň gümmeziniň eteginde äpet piramida ýerleşjekdi. Şol ýerde aýlanyp ýörkäm, çüýrän maslygyň ysy burnuma urdy; şeýle bir ýürekbulanç ys weli, derrew ökje götermekçi boldum. Ýöne özümden rüstem çykyp, ys gelýän gowaga girdim. Gören zadymy diýsene...Biziňkiniň ýaryça gysga, emma çendenaşa ýogyn, tagaşyksyz, penje bilen gutarýan elli hem-de aýakly adamy göz öňüne getir, hökümdar. Inli, iki tarapy ýepbeşik, ýokarsy horazyň kekeji ýaly tolkun görnüşli guýrugy-da munuň üstüne goş; çakdanaşa uzyn boýny, ondaky itiň kellesini-de munuň üstüne goş. Iň soňunda-da arkasy gyşaryp duran teňňeli nägehana harby enjamlary geýdir...Indi bolsa şeýle keşpli jandary aýak üstünde, ellerini hem-de döşüni gaýa diräp duran ýagdaýda göz öňüne getir! Faraon: — Özi-hä ýigrenji bir zat eken-ow!Men-ä ony derrew öldürerdim — diýdi. —Ol ýigrenji däldi. Onsoňam, pikir edip gör, hökümdar, şol zadyň boýy ýadygärlik ýaly beýikdi. Ramses XIII nägile yşarat etdi. — Samontu, göwnüme bolmasa, sen öz gowaklaryňda düýşde aýlanan ýaly — diýdi. — Hakykaty aýdýandygyma çagalarymyň ömründen ant içýän, hökümdar!..Eger şol nägehan harby enjamlardyr teňňeler bilen örtülen jandaryň keşbinde gowagyň içinde däl-de, eýsem, giňiş ýerde ýatanlygynda, guýrugy bulen bilelikde uzynlygyna elli ädim bolardy...Gorka, ýigrenje garamazdan, men gowaga birnäçe gezek dolanyp baryp, oňa örän ünsli syn etdim. — Ol, näme, diri ekenmi? — Ýok, ol jesetdi, bireýýäm ölüp giden nägehanyň jesedidi, ýöne biziň mumyýalarymyz ýaly saklanypdyr. Ony howanyň adaty bolmadyk guraklygy saklapdyr; bize mälim bolmadyk duzuň saklan bolmagy-da ähtimal. Ol meň iň soňky açyşym bolupdy, gaýdyp gowaga girmedim. Ýöne gören zadym barada pikir edip, özüme Osiris ýolbars, pil, at...ýaly uly haýwanlary ýaradýar; Set bolsa ýylany, ýarganaty, krokodili...ýaradýar. Meniň gören nägehanymy, megerem, Set döreden bolsa gerek. Ol biziň Günüň astynda görýän ähli zatlarymyzdan uly hem-de aýylganç, diýmek, hudaý Set hudaý Osirisden güýçli diýdim. Ine, şu pikir meni Sete berk ynandyransoň, Müsüre dolanyp gelenimde onuň ybadathanasynda ýerleşdim. Žreslere öz açyşym hakda gürrüň berenimde bolsa, olar şeýle nägehanlaryň ýene köpüsini bilýändiklerini aýtdylar. Samontu demini dürsedi-de, gürrüňini dowam etdirdi: — Hökümdar, eger sen haçandyr bir wagt biziň ybadathanamyza gelip görmek isleseň, men mazarlardaky täsin hem-de aýylganç jandarlary: hažžyk kelleli, ýarganat ganatly gazlary, guwlara meňzeş, emma düýeguşdan uly hažžyklary, Nilde ýaşaýanlara garanda üç esse uly krokodilleri, boýy itiňki ýaly gurbagalary görkezeýin...Biziň mazarlarymyzda saklanýan şol jandarlaryň käbiri mumyýa, käbiri gaňňyl bolup, ählisi gowaklardan tapylan. Halk biz şol jandarlara tagzym edýändiris öýdýär, hakykatda bolsa biz olaryň gurluşlaryny öwrenýäris, haraplanmakdan goraýarsys. Faraon: — Men seň sözleriňe olary öz gözüm bilen görenimde ynanaryn. Sen maňa şeýle haýwanlaryň nädip peýda bolup bilýändiklerini aýt — diýdi. — Meň hökümdarym, biziň ýaşaýan dünýämiz telim gezek beýik özgerişlere sezewar bolupdyr. Hut Müsüriň özünde Ýeriň teýinde gizlenen şäherleriň, ybadathanalaryň harabalary bar. Bir zamanda Aşaky Müsüriň ýerini deňiz aýlagy eýeläpdir, Nil bolsa öz suwuny biziň jülgämiziň tutuş inine zogduryp guýupdyr. Has ir wagtda bolsa bärde, biziň döwletimiziň ýerinde deňiz çaýkanypýatypdyr, biziňata-babalarymyzam häzirki günbatar çöllügiň eýelän ýerinde ýaşapdyrlar. Ondanam ir döwürde, mundan onlarça müň ýyl ozal Ýer ýüzünde biziň ýaly adamlar däl-de, maýmyna meňzeş jandarlar bolupdyr; ýöne olar çatma gurmagy-da, o:t tutmagy-da, serdesse, daş bilen uruşmagy-dabaşarypdyrlar. Şolzamanda atlar, öküzler bomandyr, emma piller, kerkler, ýolbarslar häzirkisinden iki ýa-daüç esse uly eken. Ýöne mähnet pillerem iň gadymy nägehanlar däl. Olardan öň uçýan, ýüzýän, gury ýerdfe süýrenýän äpet jandarlar ýaşapdyrlar. Şol jandarlardan ozal Ýer ýüzünde diňe suw öküzleridir balyklar, olara çenli bolsa diňe häzir ady-sory galmadyk ösümlikler bar eken... Ramses: — Has ir zamanlarda nähili bolupdyr? — diýip sorady. — Has ir zamanlarda Zemin ýüzi yns-jynssyz bolup, suwlaryň ýüzünde hudaýyň ruhy gaýmalapdyr. Faraon: — Men bu hakda käbir zatlary eşidipdim. Ýöne sen, öz aýdyşyň ýaly, biziň ybadathanamyzda bar bolan nägehanlaryň mumyýalaryny görkezýänçäň, aýdýanlaryňa ynanman — diýdi. — Eger sen ygtyýar etseň, men gürrüňimi tamamlaýyn. Hawa, men Sinaý gowagynda nägehanyň jesedini görenimde huşum başymdan uçdy, ençeme ýyllap hiç bir gowaga girmäge ýürek edip bilmedim. Ýöne Setiň žresleri şol geň jandarlaryň nireden peýda bolandygyny düşündirenlerinden soňra, gorky aýryldy-da, onuň ornuny bilesigelijilik eýeledi. Onsoň häzir meniň üçin Ýeriň astyndaky gowaklarda aýlanmakdan, garaňkyda ýol gözlemekden ýakymly pişe ýok. Şeýle bolansoň, Ötlem-ötlem jaýda aýlanmak maňa patyşanyň bagynda aýlanandan agyr düşmez. — Samontu, men seniň adama mahsus bolmadyk batyrlygyňy, danalygyňy örän hormatlaýan. Sen şeýlebir geň zatlary gürrüň berdiň weli, dogrudanam, mende hem gowaklara aýlanmak islegi döredi. Kim bilýär, belki, haçandyr bir wagt men seniň bilen bilelikde Sinaýa giderin. Ýöne barybir sen Ötlem-ötlem jaýyň hötdesinden gelip bilmersiň öýdüp gorkýan. Şonuň üçin hem, öňünden gaçgaklap, men müsürlileriň mejlisini geçireýin. Olar maňa Ötlem-ötlem jaýyň hazynahanasyndan peýdalanmak hukugyny bererler. —Munuň hiç wagtda zyýany degmez. Emma meniň azabym barybir reýgan bolmaz, sebäbi Mefres bilen Herihoryň hazynany bermäge razy boljakdygy gümana — diýip, žres jogap gaýtardy. — A sen maksadyňa ýetjekdigiňe ynanýamyň? — diýip, faraon anygynaýetmek üçin çintgedi. — Müsür ýaşap gelýäni bäri men ýaly ýol bilýän adam owal-ahyrda bolan däldir. Şeýle bolansoň, bu göreşde ýeňmek, aslynda-ha ol göreş däl-de, güýmenje bolup görünýär, maňa asla kyn düşmez. Käbir adamy garaňkylyk gorkuzýar, men bolsa ony halaýan, hatda gire görüp bilmek ukybymy-da ýitiremok; beýlekileri zallaryň, galareýalaryň anfiladasyndan baş çykaryp bilenoklar, men bolsa muny aňsat başarýan; ýene birleri gizlin girelgeleri açmagyň syryny bilenoklar, maňabolsa onuň üçin kelle agyrtmak gerek däl. Eger men ýokarda sanap geçenlerimden başga hiç zat başarmanlygymda-da, eýýäm bir-iki aýda Ötlem-ötlem jaýa eltýän ýoly tapyp bilerdim. Ýöne mende bilýän zatlarymdan başga-da, şol geçelgeleriň jikme-jik çyzgysy hem bar ahyry. Men özümi bir zaldan beýleki zala geçirjek sözleri-de bilýärin. Ýeri, onsoň maňa näme päsgel bersin? — Ýöne barybir sen ýüregiňde muňa ikirjiňlenýärsiň. Sen öz yzyňa düşüp gelýän ýaly bolup görnen serkerdeden gorkduň ahyry! Žres egnini ýygyrdy. — Men hiç zatdan, hiç kimden gorkamok. Men diňe seresaply adam: hemme zady nazara alýan, hatda gapjalmagymyň mümkindiginiňem pikirini etdim — diýip, sowukganly jogap gaýtardy. Ramses: — Eger ele düşäýseň, saňa aýylganç gynamalar garaşýar! — diýip pyşyrdady. — Tutup bilmezler! Men Ötlem-ötlem jaýyň göni ýeriň aşagyndaky gatyndan saňa baky ýagtylyk şalyk sürýän ýurduň gapysyny açaryn! — Onsoň öz hereketiňe ökünjek dälmi? — Ýok. Men beýik maksada ýetmek — döwletde Herihoryň ornuny eýelemek üçin töwekgellik edýän ahyry... — Seniň şol ýeri eýelejekdigiňe ant içýän. —Elbetde, aman galan ýagdaýymda. Dagyň çür başyna kert gaýanyň erňegi bilen çykmaly bolýandygy üçin, meniňem aýlanyp ýörşüme aýagym typyp, aşak güwläp gaýtmagym mümkin. Ýöne munuň zeleli ýok. Sen, hökümdar, meniň çagalarymyň ykbaly hakda alada edersiň ahyry? Faraon: — Eýle bolsa, ýola düş. Sen meniň birinji maslahatçym bolmaga mynasyp — diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |