22:24 Faraon -36: romanyň soňy | |
ON ÝEDINJI BAP Edil şol wagtda Memfisdäki Ptaha ybadathanasynyň pilonynda nobatçylyk edýän žres faraonyň köşgünden nähilidir bir yşarat edilýändigini zalda maslahat geçirýän ýokary žreslerdir häkimlere habar berdi. Häkimleriň biri it ýylgyryşyny edip: —Megerem, hökümdar biziň bilen ýaraşmakçy bolýan bolsa gerek — diýdi. — Şübhelenýän — diýip, Mefres jogap gaýtardy. Herihor pilona çykdy. Köşkden şoňa yşarat edýärdiler. Ol basym yzyna dolanyp geldi-de, ýygnananlara ýüzlenip: — Ýaş žresimiz tabşyrylan ýumşy aňryýany bilen bitirdi... Bizi tussag etmek ýa-da öldürmek üçin ýany birnäçe esgerli Tutmos bäri gelýär — diýip, nämäniň nämedigini mälim etdi. — Sen bolsa henizem Ramsesiň arkasyny alýarsyň — diýip, Mefres heňkirdi. — Men on arkasyny almaly, alarynam, sebäbi şeýtjekdigime şa aýalyna kasam etdim...Eger-de keramatly Amenhotepiň belent mertebeli gyzy bolmanlygynda, biziň ýagdaýymyz häzirkisinden başgaça bolardy. Mefres: — Ýöne men kasam etmedim! — diýip seslenip, zaldan çykyp gitdi. Häkimleriň biri: — Ol näme hyýala mündükä? — diýip sorady. Herihor egnini gysdy. — Goja halys oglana dönüpdir. Ikindin sagat alty töweregi hiç kim saklamadyk saýlama goşun Ptaha ybadathanasyna bardy. Onuň öňbaşçysy derwezäni kakandan, derrew açdylar. Ol öz meýletinçileri bilen gelen Tutmosdy. Ybadathananyň howlusyna giren baş serkerde Amenhotepiň mitrasyny geýen, daşyny diňe žresler gallan Herihoryň özüne tarap dabaraly ýöräp gelýänini gördi. Baş žres bu ýagdaýa birneme aljyran baş serkerdeden: — Saňa näme gerek, oglum? — diýip sorady. Ýöne özüni çalt ele alan Tutmos: — Herihor! Amon Fiwiliniň baş žresi! Meň ýanymda seniň assiriý hökümdary Sargona ýazan hatlaryň bar, şoň esasynda sen döwlete dönüklik etmekde aýyplanýarsyň. Öz eden işiň üçin faraonyň öňünde jogap bermeli — diýdi. Herihor arkaýynlyk bilen: — Eger ýaş patyşa baky ýaşaýan Ramses On ikinjiniň öz syýasatynda nämäni maksat edinendigine göz ýetirmek isleýän bolsa, goý, biziň ýokary geňeşimize gelsin; ol şol ýerde düşündiriş alar — diýip jogap gaýtardy. Tutmos: — Mejbur edilmegiňi islemeýän bolsaň, gyssagly meň yzyma düşmegiňi teklip edýän! — diýip gygyrdy. — Oglum, seni zorluk etmekden hem-de saňa berilmäge mynasyp jezadan goramaklaryny hudaýlardan towakga edýän. — Gidýäňmi ýa-da gideňokmy? —Men Ramsese bärde garaşýan. Tutmos: — Eýle bolsa, gitme-de, garaşyber, jypdyrun! — diýip gazaply aýtdy. Soňra gylyjyny syryp, Herihora topuldy. Onuň arkasynda duran Ennana derrew aýpaltany galdyraga-da,Tutmosyň boýny bilen sag ýaýjyk süňküniň arasyna şeýlebir urdy weli, gan çar ýana pürküldi. Faraonyň tas iki bölünen ýegre dosty ýere ýazyldy. Birnäçe esger naýzalaryny gezeşip, Ennana topuldylar. Ýöne gysgajyk çaknyşykdan soňra, öz ýygyndaşlaryndan ýeňildiler. Meýletinçileriň dörtden üçüsi žresler tarapyndan satyn alnandy. Ennana gana boýalan aýpaltasyny bulaýlap: — Goý, keramatly Herihor – biziň hökümdarymyz baky ýaşasyn! – diýip gygyrdy. Esgerlerdir žresleriň hemmesi: — Goý, ol baky ýaşasyn! — diýip gaýtalap, özlerini ýere goýberdiler. Hormatly Herihor ellerini ýokary galdyryp, olara minnetdarlyk bildirdi. Ybadathananyň howlusyny terk eden Mefres ýerzemine — Likonyň saklanýan ýerine düşdi. Baş žres edil girelgäniň agzynda bilur şarjagazy çykardy. Ony görenden ýunan gahar atyna atlandy. — Sizi Ýer ýuwutsyn! Siziň jesetleriňiz rahatlygyň nämedigini bilmesin! — diýip hüňürdäp ugrady. Ol ahyry köşeşip, uka gitdi. Mefres ýunana tygy gylawly hanjar uzadyp: — Şu ýaragy al-da, köşgüň bagyna git...Injiriň gür ýerinde Kamany özüne maýyl edip, eliňden alan adama garaş — diýdi. Likon güýçsüz gaharly dişlerini gyjyrdatdy. — Ony gördügiň ukudan açyl — diýip, Mefres sözüni jemledi. Ol çaltlyk bilen gregiňegnine serkerdäniň başgaply ýapynjasyny atdy, aýtmaly gizlin sözi gulagyna pyşyrdady, soňra ýerzeminden ybadathananyň derwezesiniň gizlin gapysy arkaly adamsyz köçä çykardy. Soňra Mefres ýaş oglanyň çaltlygynda pilonyň depesine çykdy, eline dürli reňkli baýdajyklary alyp, faraonyň köşgüne tarap yşarat edip ugrady. Ony gören hem-de yşaratynyň manysyna düşünen bolsalar gerek, sebäbi ýokary žresiň solgun ýüzünde ýigrenji ýylgyryş peýda boldy. Mefres baýdajyklary epledi, pilonyň eýwanyndan çykyp, ýuwaşlyk bilen aşak düşüp başlady. Ol ikinji gata gelende goňur reňkli ýapynjalary gara we ak çyzmykly kaftanlaryny ýapyp duran üç sany adam duýdansyz daşyna aýlandy. Olaryň biri: —Ine-de, hormatly Mefres — diýdi. Olaryň üçüsi-de ýokary žresiň alnynda dyza çökdüler. Mefres doga okamak üçin ellerini ýokary göterdi, birdenem aklyna aýlandy-da: — Siz kim? – diýip sorady. — Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylar. — Meň ýolumy nämüçin bekleýäňiz? Oň elleri, ýuka dodagy titreýärdi. Saklaýjylaryň biri ýokary galmazdan: — Keramatly kişi, mundan birnäçe gün ozal Ötlem-ötlem jaýda bolandygyňy, mälim edilmeseňem, ol ýere barýan ýoly edil biz ýaly gowy bilýändigiňi saňa ýatladyp oturmagyň zerurlygy ýok..Sen örän akylly adam, şeýle ýagdaýlarda biziň nämä hukugymyzyň bardygynam bilýänsiň — diýdi. — Bu näme boldugy? — diýip, Mefres sesini gataldyp sorady. — SizHerihoryň ýollan talaňçy... Ol sözüni tamamlap ýetişmedi:duranlaryň biri elinden tutdy, beýlekisi kellesini ýaglyk bilen ýapdy, üçünjisi bolsa ýüzüne dury suwuklyk pürkdi. Mefres entirekledi-de, ýere ýazyldy. Oňa suwuklygy ýene bir gezek pürkdüler, soňra Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylar jany çykan ýokary žresi äkidip tagçada goýdular, jansyz eline haýsydyr bir papirus gysdyrybam, pilonyň dälizlerinde ýitirim boldular. Edil şeýle eşikdäki adamlar tas Mefres tarapyndan ybadathanadan çykarylyp, adamsyz köçede peýda bolan pursatyndan bäri Likonyň yzyna düşüp gelýärdiler. Olar gregiň çykan ybadathanasynyň derwezesiniň gizlin gapysynyň golaýynda bukuldylar-da, onuň hereketini synlap durdular. Emma basym olaryň biri gregiň elinde haýsydyr bir şübheli zat görensoň, derrew yzyna düşmek bilen boldular. Geň galaýmaly: ukladylan Likon yzarlanýandygyny duýýan ýalydy; ol birden ikibaka köp hereketli köçä, soňra adamlar ibirtdre-zibirt meýdança, iň soňundanam balykçylar ýaşaýan geçelgä sowuldy-da, Nile tarap ylgady. Şol ýerde haýsydyr bir gämileri gyşlatmak, abatlamak üçin edilen emeli aýlagda uly bolmadyk gaýyk tapyp, oňa böküp mündi-de, üýtgeşik çaltlyk bilen beýleki kenara ýüzüp ugrady. Ol bärki kenardan birnäçe ýüz ädim daşlaşanda, bir kürekçiden we üç ýolagçydan ybarat başga bir gaýyk onuň yzy bilen ýola düşdi. Olar derýänyň ortasyna ýetmänkäler, iki kürekçili hem-de üç ýolagçyly ýene bir gaýyk peýda boldy. Gaýyklaryň ikisi-de erjellik bilen Likonyň yzyndan kowýardylar. Bir kürekçili gaýykda Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylar bolup, olar Gün ýaşansoň, daş-töweregi gaplap alan alagaraňkylykda gözlerine agram salyp, öz garşydaşlaryna seredýärdiler. Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylar öz aralarynda: — Bu üç adam kim bolup bilerkä? Olar ilki-hä üç günläp ybadathananyň töwereginde köwejeklediler, häzir bolsa Likonyň yzyndan kowup barýarlar...Ony bizden gorajak bolýan bolaýmasynlar? — diýip pyşyrdaşýardylar. Likonyň kiçijik gaýygy beýleki kenara baryp daýandy. Ukladylan grek ondan böküp düşdi-de, çaltlyk bilen kňşgüň baglaryna ugrady. Ol kämahal çalaja yranýardy, saklanýardy, kellesini tutýardy, soňra göýä haýsydyr bir ýaşyryn güýç özüne çekýän ýaly, ýene aňry ýöreýärdi. Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylarambeýleki kenarda gaýykdan düşdüler, ýöne garşydaşlary eýýäm olardan öňürdip ýetişipdiler. Şeýdibem, geň galaýmaly bäsleşik başlandy: Likon ýüwrük adamyň çaltlygynda patyşanyň köşgüne eňip barýardy, onuň yzyndan üç sany nätanyş, iň yzdanam üç sany Ötlem-ötlem jaýy saklaýjy gaçgagyň söbügini sydyrdyp kowalaýardylar. Bagdan birnäçe ýüz ädim daşlykda aňtaýjy iki topar deňleşdi. Agşamam bolsa daş-töwerek ýagtydy. Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylaryň biri: —Siz kim bolmaly? — diýip nätanyşlardan sorady. — Men Bubastyň tertip-düzgüne gözegüilik edýän edarasynyň ýolbaşçysy. Iki sany ýüzbaşym bilen howply jenaýatkäri yzarlaýan. — Biz bolsa Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylar. Bizem şol adamyň yzynda. Iki toparam ellerini gylyçlarynyň ýa-da pyçaklarynyň sapyna ýetirip, biri-birine seredişdiler. Ahyry tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň ýolbaşçysy: — Siz ony näme etmekçi? — diýip sorady. — Bizde oňa çykarylan höküm bar. — Jesedini taşlarsyňyz-a? — Ähli zady bilen bilelikde — diýip, saklaýjylaryň ulusy jogap berdi. Tertip-düzgüne gözegçilik edijiler öz aralarynda pyşyrdaşdylar. Ahyry olaryň ýolbaşçysy: — Eger siz dogryňyzy aýdýan bolsaňyz, biz size päsgel bermekçi däl. Tersine, eger ol biziň elimize düşäýse, wagtlaýynça size tabşyrarys — diýdi. — Kasam edýäňizmi? — Kasam edýäs. — Onda biz bile gidip bileris. Iki topar birleşdi. Ýöne ýunan eýýäm gizlenipdi. Tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaranyň başlygy: — Nälet siňen! Ol ýene gözümize güýdüşip ýitirim boldy — diýip gygyrdy. — Hiç ýere gitmez! Şol giden ýoly bilen yzyna dolansa gerek —diýip,Ötlem-ötlem jaýy saklaýjylaryň biri jogap gaýtardy. — Oňa patyşanyň jaýynda näme gerekkä? — diýip ýolbaşçy sorady. — Ýokary žresler ony nirädir bir ýerlere öz işleri boýunça ýollaýarlar. Ýöne ol yzyna dolanyp geler. Olar garaşmagy, bilelikde hereket etmegi makul bildiler. — Üçünji gije horlanyp ýörüs — diýip, tertip-düzgüne gözegçilik edijileriň biri pallaýşyna hüňürdedi. Olar burnuslary dolanyp, otuň üstüne gyşardylar. Tutmos gidenden şa aýaly sesini çykarman ýerinden turdy-da, çykalga ýöneldi. Ramses özüni köşeşdirmekçi bolanda, onuň sözüni sypaýyçylyksyz kesdi: — Hoş gal, faraon...Özümiň ertir sen bilen ýene-de faraon hökmünde salamlaşmagyma ygtyýar etmeklerini hudaýlardan dileýän. — Sen muňa şübhelenýäňmi, eje? — Sähneleriň, dönükleriň maslahatyna gulak asýan adama şübhelenmän dagy nädeýin. Olar biri-birine gaharly ýagdaýda aýrylyşdylar. Basym onuň hormatlysynyň giden keýpi ýene dolanyp gelip, ol welmožalar bilen şadyýan gürrüňleşip başlady. Ýöne ikindin sagat altylarda ony biynjyklyk horlap ugrady. Ol golaý adamlaryna ýüzlenip: — Hä diýmän Tutmosyň ýollan çapary gelmeli. Men meseläniň nähili-de bolsa çözülendigine ynanýan — diýdi. — Pylan zat diýmek kyn. Olar geçelgede gaçyk tapmadyk bolmagy mümkin...Ybadathanada garşylyga sezewar bolan bolmagy mümkin...—diýip, baş gaznaçy öz pikirini aýtdy. Birden Hiram: — Ýaş žres görnenok-la? — diýip sorady. — Žresmi? Merhum Samontuwyň ýollan adamymy? — diýişip, welmožalar aljyraňňylyk bilen gaýtaladylar. — Dogrudanam, ol niredekä? Birnäçe esgeri bagy barlamaga iberdiler. Olar ähli ýodajyklary elek-soky etdiler, ýöne žresi Ýer ýuwdan ýalydy. Bu ýagdaý mejlisiň agzalarynyň keýpine sogan dogrady. Olaryň hemmesi howsalaly pikire gark bolup otyrdylar. Gün ýaşanda otaga faraonyň hyzmatkärleriniň biri girip, hanym Hebronyň agyr nähoşlandygyny, onuň hormatlysynyň merjhemet edip, öz ýanyna gelmegini özelenip soraýandygyny gulagyna pyşyrdady. Ramses baga gitmekçidigini aýtdy. Faraonyň näzenin Hebron bilen gatnaşygyndan habarly köşk adamlary biri-birine seredişdiler, ýöne hiç kim ony saklajak bolmady. Sakçy köp goýlansoň, bagda edil köşkdäki ýaly howpsuzdy. Onsoňam Ramsesiň özüne gözegçilik edilmegini halamaýandygy sebäpli, bolmanda daşdan şeýtmegi-de hemme kişi gelşiksiz hasaplaýardy. Faraon dälizde gözden ýiten mahaly ýokary mürze gaznaça ýüzlenip: — Wagt edil çägedäki söweş arabasy ýaly juda haýal gymyldaýar. Belki, Hebronda Tutmosdan habar bardyr? — diýdi. Gaznaçy: — Gönimden gelsem, onuň sanlyja esger bilen ybadathanany darajak bolmagy maňa häzir barypýatan akmaklyk bolup görünýär — diýip jogap gaýtardy. — Eýsem, faraon Aşgarly köllerde tutuş gijeläp Tehennanyň yzyndan kowan mahaly, näme, akylly hereket edipdimi?Ähli zady ýüreklilik çözýär — diýip, Hiram gürrüňe goşuldy. — Dogrudanam, şol ýaş žres nirä ýitirim bolduka? — diýip, gaznaçy ýene öňki sowaly gaýtalady. — Ol soraman geldi, hiç kime söz diýmänem gitdi...Bärde hemme kişi özüni edil dildüwşijiler ýaly alyp barýar... Gaznaçy perişan halda baş ýaýkady. Ramses Tutmosyň kiçi köşgüne derrew ylgap bardy. Ol öýe girende gözi ýaşly Hebron boýnundan aslyşdy. — Men gorkudan ölüp barýan — diýip, gygyryp diýen ýaly aýtdy. — Tutmos üçin gorkýaňmy? Hebron ýüz-gözüni ýigrenç bilen üýtgedip: — Men Tutmosy başyma ýapaýynmy? Meni diňe sen gyzyklandyrýaň, men diňe sen hakda pikirlenýän, diňe seniň üçin gorkýan — diýip jogap gaýtardy. — Seň gorkyňa minnetdarlyk bildirýärin; ol sähel salymlygam bolsa tukatlygymy kowdy! — diýip, faraon gülüp jogap gaýtardy.— Hudaýlar-eý! Nähili agyr gün...Eger sen biziň mejlisimizde bolan bolsadyň!..Eger biziň maslahatçylarymyzyň ýüz keşplerini gören bolsadyň!..Muň üstesine, meniň mertebesi belent ejemem oňa gatnaşmak bilen, biziň ýygnanyşygymyza hormat goýmagy ýüregine düwüpdir. Faraonyň ýokary derejesiniň özümi şeýle bizar etjekdigini ýatsam-tursam göz öňüme getiremokdym. — Bu barada beýle gaty aýtma — diýip, Hebron ony saklady. — Eger Tutmosa ybadathanany eýelemek başartmasa, sen näme etmekçi? — Ony öňbaşçylykdan mahrum ederin, täji sandykda gizläp, serkerdäniň demir başgabyny geýerin. Eger goşunymyň başynda özüm dursam, gozgalaňyň derrew basylyp ýatyryljakdygyna men ynanýan. Hebron: — Haýsynyň? — diýip sorady. — Hä, hawa, men özümizde iki gozgalaňyň bardygyny unudypdyryn; halk — žresleriň garşysyna, žresler — meň garşyma... Ol Hebrony gujagyna alyp, ýumşak sekide oturtdy-da: — Seň şu gün owadandygyňy!..Her gezek seni görenimde, sen maňa başgaça, has eýjejik bolup görünýärsiň! — diýip pyşyrdady. — Maňa azar berme! Kämahal sen meni dişlärsiň öýdüp gorkýan. — Dişlemek? Ýok...Ýöne seni dodagymyň degen ýeri gögerýänçä ogşap bilerdim...Sen özüňiň nähili zybadygyňy bileňok ahyry... —Hökümet agzalary, harby serkerdeler bilen deňeşdireniňde şeýledir...Goýber diýýän! —Men nar agajy bolsamdym!Seni gujaklar ýaly, onuň näçe şahasy bar bolsa, şonça-da ellerim bolsady! Birbada gözleriňden, saçyňdan, dodagyňdan, gursagyňdan ogşar ýaly, onuň näçe gülleri bar bolsa, şonça-da agzym, onuň näçe ýapragy bar bolsa, şonça-da elimiň aýasy bolsady!.. — Tagtyny ýitirmek howpy abanýan hökümdara garanyňda, sen haýran galaýmaly derejede ýeňilkelle. — Men söýgi düşeginde tagtyň aladasyny etmeýärin — diýip, Ramsesoň aýdanyna garşy boldy. Hebron onuň gujagyndan sypjak bolup urunyşyna: — Ýöne seň goşunyň ýeňlişe sezewar edildi ahyry — diýdi. — Ertir täze goşunlar geler, birigün bolsa gaçyp gidenlerem jem bolarlar. Aýdýan-a men, biderek zatlar hakda kelläňi agyrtma...Söýgi pursady tutuş bir ýyllyk hökmürowanlykdan gymmatdyr... Gün ýaşanyndan bir sagat geçeninden soňra Hebronyň ýaşaýan ýerini terk eden faraon ýadaw halda, ýuwaşja ýöreýşine, pikire gark bolup, yzyna dolanyp gelýärdi. Ol žresleriň diňe samsyklyk edip, öz etsem-goýsamlaryna päsgel berýändikleri hakda oýlanýardy. Müsür ýaşap gelýäni bäri onuň ýaly hökümdar bolan däldir, bolmazam... Birden injiriň gür ýerinden egni gara ýapynjaly bir adam çykyp, faraonyň ýoluny gabalady. Ramses gowy syn etmek üçin oňa golaý bardy. Birdenem: — Hä, bu senmidiň, haramzada? Men ahyry seni tapandyryn! — diýip gygyrdy. Ol Likondy. Ramses oň bokurdagyndan tutdy. Ýunanly it ýaly uwlady-da, dyzyna çökdi. Edil şol pursatda faraonyň çep tarapynda ýiti agyry döredi. Ramses: — O-ho, sen asyl dişleýäňemmi? — diýip gygyrdy-da, ýunany iki eli bilen bogdy. Boýun oňurgasynyň hütürdisini eşidibem, ony ýigrenç bilen bir gyra zyňyp goýberdi. Likon janhowluna aýagyny kakyp ýatyrdy. Faraon birnäçe ädim ýöräp, elini agyrýan ýerine ýetirende, hanjaryň sapyna degdi. — Men ýaralanypdyryn-ow! Ramses ýaradan insiz tygy çykaryp, ony gysdy. Ol: «Sakçylardan kimdir biriniň ýanynda ýarany daňar ýaly, bir bölek berk mata ýokmuka?» diýip oýlandy. Huşuny ýitirýänduiigini duýup, ädimini çaltlandyrdy. Öýüniň bosagasyna ýetiberende serkerdeleriň biri oňa tarap ylgap gelşine: — Tutmos öldürildi! Ony dönük Ennana öldürdi! — diýip gygyrdy. — Ennana? — diýip faraon gaýtalady. — Beýlekiler nähili? — Tutmos bilen bile gitmäge isleg bildiren meýletinçileriň ählisini diýen ýaly žresler satyn alypdyrlar... Faraon: — Besdir, munuň soňuna çykmaga wagt boldy! Surnaý çalyp, Aziýa ýygynlaryny jemläň! — diýip gygyrdy. Tüýdük ýaňlandy; azialylar atlaryny alyp, esgerhanadan ylgaşyp çykyp başladylar. Faraon: —Maňa atymy getiriň — diýdi. Ýöne başy güýçli aýlanyp ugransoň, aýdanynyň üstünii ýetirdi: — Ýok...maňa tagtyrowanlary getiriň...Öňünden gaty ýadamaýyn... Birdenem entirekledi-de, serkerdeleriň ellerine ýykyldy. Ol barha gowşaýan ses bilen: — Hä, tas ýadymdan çykan eken...Maňa demir başgabymy hem-de gylyjymy...Liwia ýöriş eden mahalymdaky polat gylyjymy getiriň...Memfese ugraýarys – diýdi. Köşkden elleri çyraly welmožalar we hyzmatkär ylgaşyp çykdylar. Serkerdeler saklap duran faraonyň ýüzüniň reňki öçdi, gözlerini gubar baglady. Ol göýä ýaragyny gözleýän ýaly, elini öňe uzatdy, dodaklaryny gymyldatdy, sähel salymdanam iki dünýäniň: ötegçi hem-de baky dünýäniň hökümdary ses-üýnsüz duran adamlaryň öňünde jan berdi. ON SEKIZINJI BAP Ramses XIII ölen gününden tä jaýlanýança döwleti Amon Fiwiliniň ybadathanasynyň baş žresi, ýogalan faraonyň ýerine wagtlaýyn hökümdar bolan hormata mynasyp Sen-Amon-Herihor dolandyrdy. Ýurduň ýagdaýy gysgajyk möhletde gowulandy. Herihor gozgalaňçylary ýaraşdyrdy, işleýän adamlaryň hemmesine bir zamanda bolşy ýaly, her ýedinji gün dynç bermegi buýurdy. Mundan başga-da, ol žresler üçin berk düzgünnama girizdi, kese ýerlilere, aýratynam, finikiýlere arka durdy, Assiria bilen şertnama baglanyşdy, ýöne Müsüre paç tölemegini dowam etdirýän Finikiany oňa bermedi. Kazylar özlerine berk temmi berlerinden gorkup, işleri süýrenjeňlige salman tiz çözýärdiler. Daýhanlary ýençmäge hiç kimiň haky ýokdy, eger ol arz etmäge wagt tapyp bilse, şaýatlary-da ýeterlik bolsa, her hili kemsidile üçin kazyýete ýüz tutup bilýärdi. Herihor, şeýle-de, faraondyr döwletiň emlägine agram salýan bergileri üzmek bilen meşgullandy. Ol finikilileriň Müsüriň gaznasynyň edenbergisiniň birbölegini geçmegini gazandy, galan berginiň üzülmegi üçin bolsa Ötlem-ötlem jaýdan otuz müň talant mukdarynda pul goýberilmegini talap etdi. Geçirilen bu işleriň netijesinde eýýäm üç aýyň içinde döwletiň durmuşy gowulyga özgerdi. Ine, onsoň adamlar: — Goý, hökümdar Sen-Amon-Herihoryň işleri oňuna bolsun! Jalataý, heleýbaz Ramses On üçünjiniň tozduran Müsürini halas eder ýaly, hudaýlar onuň takdyryna hökümdar bolmagy ýazypdyrlar!.. — diýişýärdiler. Şeýlelikde, sanlyja aý geçipdi, halk bolsa Herihoryň edýän işleriniň diňe ýaş faraonyň ýüreginde beslän ýagşy arzuw-niýetleriniň amala aşyrylmasydygyny eýýäm unudyp ýetişipdi. Tobi47aýynda Ramses XIII-niň mumyýasy patyşa gowagyna goýberilip, Amon Fiwylynyň ybadathanasynda tanymal adamlaryň uly mejlisi boldy. Ol ýerde ýokary žresleriň, häkimleriň, goşunlaryň baş serkerdeleriniň hemmesi diýen ýaly, şol sanda, şan-şöhrata bürenen gündogar goşunyň ýaşuly serkerdesi Nitagor bardy. Şol uly zalda, ýarym ýyl ozal žresleriň Ramses XII-niň Zemin ýüzünde bitiren işlerini seljeren hem-de Ramses XIII-ni halamaýandyklaryny äşgär eden ýerinde welmožalar Herihoryň ýolbaşçylygynda döwlet ähmiýetli örän zerur meseläni çözmäge ýygnanyşypdylar. Ine, tobiniň ýigrimi bäşinji güni günortan Herihor Amenhotepiň mitrasynda tagta geçdi, beýlekiler bolsa kürsülerde ornaşdylar. Mejlis başlady. Göýä mesele öňünden çözlüp goýlan ýaly, ol juda çalt tamamlandy. — Baş žresler, häkimler hem-de serdarlar! — diýip, Herihor söze başlady. — Biz bäri örän gynançly hem-de zerur sebäp bobunça ýygnanyşdyk. Juda gysga, ýöne joşgunly patyşalyk etmeginiň soňy şeýle betbagtçylyk bilen tamamlanan, baky ýaşaýan Ramses On üçünjiniň ýogalmagy bilen... — Herihor uludan dem aldy. — ...Ramses On üçünjiniň ýogalmagy bilen, diňe bir faraonyň däl, eýsem, şöhratly ýigriminji neberäniňem çyragy öçdi. Ýygnananlaryň arasynda nägilelik döredi. Memfisiň häkimi sypaýyçylyksyz söz oklady: — Neberäniň çyrasy öçenok. Belent mertebeli şa aýaly Nikotrisa diri ahyry. Diýmek, tagt oňa degişli! Herihor sähel salym sesini çykarmady. Soňra sözläp ugrady: — Meň belent mertebeli ýassykdaşym, şa aýaly Nikotrisa... Nägilelik gezegi gykylyga ýazdy. Ol wagty bilen ýatmady. Adamlar ahyry köşeşdiler, Herihor sarsman durşuna, sözüni aýdyň dowam etdirdi: — Meň belent mertebeli ýassykdaşym, şa aýaly Nikotrisa oglunyň ölüminden soňra teselle tapmansoň, tagtdan ýüz öwürdi. — Duruň! — diýip, Memfisiň häkimi gygyrdy. — Hormata mynasyp hökümdar şa aýalyny öz ýassykdaşy diýip atlandyrýar. Bu asla garaşylmadyk habar, şonuň üçin hem, barlanylmagy zerur. Herihoryň ümlemegi boýunça Fiwynyň ýokary kazysy altyn gapyrjakdan mundan iki gün ozal Amonyň hormata mynasyp žresi Sen-Amon-Herihor bilen Ramses XII-niň dul galan aýaly, Ramses XIII-niň ejesi Nikotrisa ikisiniň nika baglanyşandygy hakdaky resminamany çykaryp, sesli okady. Agyr ümsümlik aralaşdy. Ýene Herihor gepläp ugrady: — Meň aýalymyň hem-de tagtyň ýeke-täk mirasdüşeriniň öz hukuklaryndan ýüz öwrendigi, şeýlelikde, ýigriminji neberäniň patyşalygynyň bes edendigi sebäpli, bize täze hökümdar saýlamak zerur. Ol paýhasly, gujurly, öňbaşçylyk etmekde özüni tanadan adam bolmaly. Şonuň üçin hem, hormatly welmožalar, bu iň ýokary wezipä meň teklibim... — Herihory saýlamaly! – diýip, kimdir biri gygyrdy. - ...bu iň ýokary wezipä gündogar goşunynyň baş serkerdesi, şöhrata mynasyp Nitagory saýlamaly. Nitagor gözlerini süzüşine, uzak wagtlap ýylgyryp oturdy. Ahyry ýerinden turup: —Men faraonyň derejesini isleýän adam köpdür diýip pikir edýän. Olar, megerem, gereginden hem köpdür. Bagtymyza, hudaýlaryň özleri howply garşydaşymyzy ýoldan aýryp, iň ýokary wezipä has mynasyp adamy bize görkezdiler. Ine, onsoň men özüme mähribanlyk bilen teklip edilen täji almagyň deregine, «Täze neberäniň ilkinji faraony onuň hormatlysy Sen-Amon-Herihor, goý, baky ýaşasyn!» diýsem, akylly hereket etdigim bolsa gerek — diýdi. Mejlise gatnaşyjylaryň az sanlysyndan beýlekileri onuň aýdanyny alyp göterdiler, ýokary kazy bolsa altyn mejimede iki sany täç getirdi. Olaryň ak reňklisi —Ýokarky, gyzyl reňklisi — Aşaky Müsüriňkidi. Täçleriň birini — Osiris ybadathanasynyň baş žresi, beýlekisini hem — Gor ybadathanasynyň baş žresi alyp, olary Herihora gowşurdylar. Herihoraltyn ýylany ogşap, ony kellesine geýdi. Şondan soňra mejlise gatnaşyjylaryň mynasyp hormat goýmak dabarasy başlanyp, birnäçe sagada çekdi. Dabara tamamlanandan soň degişli resminama düzülip, mejlise gatnaşyjylar oňa öz möhürlerini goýdular. Şol pursatdan başlap, Sen-Amon-Herihor hakykatdanam faraon, iki dünýäniň, şeýle-de, öz raýatlarynyň ömrüniň we ölüminiň hökümdary boldy. Oň hormatlysy agşamara öz bolýan otagyna ýadaw halda dolanyp geldi. Oňa Pentuer garaşýan eken. Žres çöpe dönüpdir, ýadawdyygyny, gussalydygyny haly gaçan ýüzi aýdyp durdy. Pentuer özüni aşak goýberende, hökümdar ony ýokary galdyrdy, ýylgyryp: — Sen meň saýlanmagyma öz goluňy çekmediň, maňa mynasyp hormat goýmadyň. Onsoň men haçandyr bir wagt seni Ptaha ybadathanasynda gabawa sezewar ederimden gorkýan. Näme, meň ýanymda galmazlyk kararyna geldiňmi? Menesiň ýanynda bolmagy dogry hasap edýämiň? — diýdi. — Bagyşlaň, siziň hormatlyňyz, ýöne köşk durmuşy meni şeýlebir ýadatdy weli, meň ýeke-täk islegim danalygy öwrenmek. — Ramsesi unudyp bileňokmy? Ýöne sen ony gowy tanaňokdyň ahyry. Meň ýanymda bolsa birnäçe ýyl işlediň. — Meni ýazgarmaň, siziň hormatlyňyz, ýöne...Ramses On üçünji Müsür halkynyň çekýän jebir-jepasyna gynanan ilkinji faraondy. Herihor ýylgyrdy. - Wah, siz alymlar! — diýip başyny ýaýkady. — Ramsesiň ünsüni garamaýaklara çeken sen ahyry, sen! Olar üçin hiç zat etmedigem bolsa, sen entegem oň agysyny aglap ýörsüň. Muny eden ol däl-de, sen!Aklyňyz köp-de bolsa, geň galaýmaly adamlar siz. Menesem şeýle...Dana žres Müsürde iň bir ümsüm adam hasaplanýar, hakykatda bolsa, neberäniň işini gaýtaryp, maňa hökmürowanlyga ýol açan şol!Eger oň paopiniň ýigrimisine Gün tutuljakdygy hakdaky haty bolmanlygynda, Mefres ikimiz, belki, häzir daş döwülýän ýerlerde iki bükülip gezerdik...Ýeri, bolýar, indi gidiber. Meň adymdanMenese tagzym et. Onsoňam meň minnetdar bolmagy başarýandygymy bilip goý — hökmürowanlygyň beýik syry şundadyr. Diňe: «Tagtdan ýüz öwür» diýmese bolýar, başga ähli haýyşyny bitirmäge taýýardygymy Menese ýetir. Sen bolsa dem-dynjyňy alanyňdan soňra meniň ýanyma gel. Men saňa laýyk ýeri saklap goýaryn. Herihor žresiň sadyklyk bilen eglen kellesine elini degirdi. EPILOG Pentuer mehir aýynda Menesiň Zemin bilen Asmany öwrenmek işini üznzksiz dowam edýän ýerine, Memfisiň etegindäki ybadathana bardy. Öz pikirine gümra goja dana ýene Pentueri birbada tanamady. Emma huşuna gelende, ony gujaklady. — Sen, näme, faraonyň şöhraty üçin ýene daýhanlarybulaşyklyga salmaga barýarmyň? — diýip sorady. — Ýok, men seň ýanyňda galyp, saňa gulluk etmek üçin geldim — diýip, Pentuer jogap gaýtardy. Menes oňa ünsli syn edip durşuna: — O-how!.. O-how!.. — diýip, Menes oňa ünsli syn edip durşuna gygyrdy. —Diýmek, köşgüň durmuşy, sylag-hormatlar seň ýüregiňe düşüpdir-dä? Eger şeýle bolsa, şu güne minnetdarlygymyz! Sen meniň pilonymyň çür depesinden dünýä nazar aýlasaň, onuň nähili kiçijikdigini, betnyşandygyny görersiň. Pentuer jogap gaýtarmady. Menes özüniň arasy üzülen pişesine dolanyp bardy. Ol aradan birnäçe sagat geçenden soňra dolanyp geldi.Şägirdi henizem öňki ýerinde otyrdy. Onuň nazary uzaga, Memfes tarapa, faraonyň köşgi görünýän ýere gönügendi. Menes oň öňünde süýtli golça, arpa köke goýdy. Gaýdybam bimazaetmedi. Birnäçe gün ötdi. Pentuer az iýýärdi, az gepleýärdi, gijäni iki ýana byzbydyklap geçirýärdi, gündiz bolsa gymyldaman, bir nokada seredip otyrdy. Pentueriň dünýäden bizar halda beýdip oturmagy Menesi gynandyrýardy. Ine, onsoň ol günleriň birinde žresiň ýanyndaky daşa çökdi-de: — Sen, näme, akyl-huşdan jyda düşdüňmi ýa-da ýöne tümlügiň ruhlary wagtlaýyn ýüregiňi eýeledilermi? — diýip sorady. Oňa sereden Pentueriň gözleri ümezläp durdy. Goja sözüni dowam etdirdi: — Töweregiňe seret! Häzir ýylyň iň bir ajaýyp wagty. Gijeler — uzyn, Asman ýyldyzdan doly, gündizler — sergin. Zemini otlar, güller büredi. Derýanyň suwunyň düýbi görnüp dur.Çöl dymyp ýatyr, ýöne howany her jüre ses, owaz gaplap alypdyr... Eger jansyz Zeminde şeýle täsinlik döreden ýaz pasly saňa hiç hili täsir etmeýän bolsa, diýmek, ýüregiň daşa dönüp gidipdir! Men saňa diýýän, aýňal! Sebäbi sen janly tebigatyň ortasynda edil merhum ýaly. Sen Günüň astynda özüniň ýakymsyz ysy bilen nerkesleriň, benewşeleriň hoşboý ysyny basyp biljek üýşmek gury hapa merzeýäň. — Meň ýüregim agyrýar. — Aýt ahyry, saňa näme boldy? — Men näçe köp pikir etdigimçe, bir zada şonça-da aýdyň göz ýetirýän: eger Ramses On üçünjini taşlamanlygymda, oň gullugynda bolmagymy dowam etdirenligimde, faraonlaryň içinde iň bir adamkärçiliklisi heläk bolmazdy. Oň daşyny dönükler gurşapdy, dostlarynyň ýekejesi-de halas bolmagyň ýoluny görkezmändi. —Onsoň ony halas etmek özüňe başardardy öýdýämiň? Wah, bilimi ýeterlik bolmadyk dananyň tekepbirligi! Tutuş dünýäniň akyly jem bolanda-da, garga sürüsine goşulan laçyny halas edip bilmez, sen bolsa haýsydyr bir ugursyz hudaý ýaly, adamyň ykbalyny özgerdip bilersiň öýdüp, tumşugyňy ýokary tutýaň. — Diýmek, Ramses hökman heläk bolaýmaly eken-dä? — Gürrüňsiz. Iň bolmanda diňe faraonyň söweşiji bolandygy üçin şeýle bolaýmalydy. Sebäbi häzirki Müsürde söweşijilere hormat goýulmaýar. Müsürliler altyn bilezigi — harda polatdanam bolsa, gylyçdan, aýdymçyny ýa-da tansçyny — garadangaýtmaz esgerden, baýlykdyr parasatlylygy — uruşdan ileri tutýarlar.Eger-de zeýtun mehir aýynda bişen ýa-da benewşe tot aýynda gül açan bolsa, jahanda wagtyndaň juda öň ýa-da juda giç peýda bolýan ähli zatlaryň heläk bolşy ýaly, heläk bolardylar. Sen bolsa giksoslaryň döwri üçin doglan faraonyň amenhotepleriň hem-de herihorlaryň asyrynda tagta saklanmagyny isleýärsiň. Bar bolan ähli zatlaryň gül açmaly hem-de ölmeli wagty kesgitlenendir. Ramses On üçünji özi üçin amatsyz wagtda doglansoň, ol öz ornuny başga birine bermelidi. — Ony hiç zat halas edip bilmezmidi? - Men beýle güýjüň bardygyny bilemok. Munuň üstesine, ol öz zamanasynyň hem-de öz ýagdaýynyň talaplaryna jogap bermedi, faraon döwlet pese düşen mahalynda tagta çykdy. Ramses çüýräp ugran agajyň ýaşajyk şahasydy. - Sen döwletiň pese düşendigi hakda şeýle arkaýyn gepleýämiň? — diýip, Pentuer sesini gataltdy. - Men onuň gowşaýanyna eýýäm onlarça ýyl bäri syn edip gelýän, maňa çenli bolsa ony şu ybadathanada özümden ozalkylar görüpdirler. Öwrenişerçe boldy!.. - Bu, näme, welilikmi? - Welilik nämişlesin. Ýöne bizde synag edilen alamatlar bar. Biz baýdaklaryň hereketi boýunça ýeliň ugruny bilýäris; Niliň guýusynyň suwunyň derejesi derýada suwuň ýokary galandygyny ýa-da peselendigini görkezýär; döwletiň gowşandygyny bolsa bize gadym döwürlerden bäri, ynha, şu sfinks mälim edip gelýär. Ol elini piramidalara tarap uzatdy. Pentuer: -Men bu barada hiç wagtda eşitmändim — diýip pyşyrdady. -Biziň ybadathanamyzyň köne ýyl ýazgylaryny okasaň, her gezek Müsür güllän çagy onuň sfinksiniň çöllügiň depesinde howalanyp, mizemez ýagdaýda durýandygyna göz ýetirersiň. Niçikmidir döwlet pese düşmäge gyşarylypugranda bolsa, sfinksi jaýryklar örtýär, dökülýär, çölüň çägesi onuň etegine ýetýär. Soňky iki ýüz ýyl bäri sfinks assa-ýuwaş weýran bolýar. Ony näçe çäge basdygyça, jaýryk onuň bedenini näçe çuň çylgam-çylgam etdigiçe, ýurt şonça-da gurpdan gaçýar. - Onsoň ol gutarnykly heläk bolarmy? - Eger-eger bolmaz - diýip, Menes pert jogap gaýtardy. — Gijäniň yzyndan gündiziň gelşi ýaly, pese düşmeden soňra ýene gülläp ösüş başlanýandyr. Durmuşyň üznüksiz hereketi!.. Diňe pahon aýynda gaýtadan ösüp ýetişmek üçin, käbir agaçlaryň ýapraklary mehir aýynda düşýärler. Müsür — bu müňýyllyk agaç, nebere bolsa — diňe onuň şahalary. Biziň gözümiziň alnynda häzir ýigrimi birinji şahanyň çybyjagy peýda boldy — ne sebäpden gussa çümmelimişin? Şahalaryndan jyda düşse-de, agajyň ýaşamagyny dowam etdirýändigi üçinmi? Pentuer oýa batdy, ýöne onuň garaýşy janlanan ýalydy. Aradan ýene birnäçe gün geçdi. Menes Pentuere: - Biziň azygymyz gutaryp barýar, Nil tarapa gidip, wagtlaýyn iýmitden şaýymyzy tutmaly — diýdi. Ertesi ir bilen žresler eginlerinden ullakan sebetleri asyp, kenar ýakasyndaky obalara ugradylar. Olar daýhanlaryň jaýlarynyň ýanynda aýak çekip, hudaýlaryň şanyna gimn aýdýardylar, soňra Menes gapyny kakyp: - Rehimdar adamlar, dine ynanýan müsürliler, Danalyk hudaýynyň gullukçylaryna sadaka beriň! — diýýärdi. Olara (köplenç aýallar) bir gysym bugdaý ýa-da arpa, köke ýa-da kiçijik kakadylan balyk getirip berýärdiler. Kämahal ikisine ýarak itler topulýardy ýa-da başga dine uýýanlaryň çagalary daş, hapa zyňýardy. Biri birnäçe ýyllaryň dowamynda döwletiň ykbalyna täsir eden, beýlekisi bolsa tebigatyň çuňňur syrlaryna aralaşyp, taryhyň gidişine täsir eden iki dilsiz-agyzsyz gedaýyň şeýdip el serip ýörmegi geň görünýärdi. Has baý obalarda olary gowy garşylaýardylar. Bir gezek dagy toý tutulýan öýde žresleri naharladylar, buza bulen hezzetlediler hem-de gije kümede ýatmaga rugsat etdiler. Syrylan ýüzdür kelle-de, babyryň tüýi düşen derisi-de ýerli ilatda olara hormat döretmeýärdi. Aşaky Müsürde mesgen tutanlar başga dine uýýanlaryň arasynda ýaşansoň, asla dindarlyk bilen tapawutlanmaýardylar, hatda döwletem goldaw bermekden ýüz öwren Danalyk hudaýynyň žreslerini asla äsgerenokdylar. Mal kümede täze kesilen gamyşdan düşekde gyşaryp ýatan Menes bilen Pentuer toý sazyny, serhoş sesleri, aram-aram bolsa şatlanýan myhmanlaryň sene-menesini diňleýärdiler. Pentuer: - Gör, nähili peslik! Bu daýhanlara rehimdarlyk bilen sereden hökümdaryň ýogalanyna sanlyja aý geçdi — ony eýýäm unudypdyrlar. Dogrudanam, adamyň minnetdarlygy wagtlaýyn! — diýenini duýman galdy. - Sen, näme, olaryň ömrüniň soňky günlerine çenli kellelerine gum sepip gezmeklerini isleýämiň? — diýip, Menes närazylyk bilen gepledi. — Sen krokodil aýaly ýa-da çagany tutanda, Niliň tolkunlary eňip barmaklaryny togtadýandyr öýdüp pikir edýän-ä dälsiň-dä? Ýok, olara jesetlere, hatda suwuň ýokary galmagyna, peselmegine garaman, şol eňer gider oturarlar. Halkyň durmuşy bilen hem şeýle bolup geçýändir. Nebereler çalyşýarmy, döwlet uruşlardan, gozgalaňlardan ezýet çekýärmi ýa-da, tersine, ýurt asuda, bagtly durmuşdan lezzet alýarmy — adamlaryň piňine-de däldir, muňa garaman iýmeklerini, içmeklerini, ýatmaklaryny, durmuş gurmaklaryny, işlemeklerini dowam edýändirler. Ýagşa ýa-da jöwza garaman, agaç şeýdip ösýär. Kimiň aýagy sagdyn bolsa, goý, tans etsin, towussyn; kimiň gursagy duýgudan püre-pür bolsa, goý, aýdym aýtsyn, aglasyn. - Ýöne seň döwletiň pese düşendigi hakdaky gürrüňiňden soňra olaryň şady-horramlygyna seretmegiň hoş ýakmaýandygyny boýnuňa al — diýip, Pentuer oň sözüni kesdi. - Asla beýle däl. Sebäbi bu adamlaryň özi döwlet, olaryň durmuşy bolsa döwletiň durmuşy. Hemişe, ähli ýerde adamlaryň birleri-hä şatlanýandyr, beýlekileri-de gussa çekýändir. Her pursatda gözýaş dökülip, gülki ýaňlanýandyr. Taryhyň gidişi şonuň bilen kesgitlenýär. Adamlaryň arasynda şatlyk artylmaçlyk etse, biz: «Döwlet gülläp ösýär» diýýäris, gözýaş ýygy-ýygydan dökülende bolsa, bu ýagdaýy döwletiň pese gaçmasy atlandyrýarys. Sözi kesä çekmeli däl-de, halkyň durmuşyna aralaşmaly. Bu külbede şatlyk höküm sürýärmi, diýmek,bärde halk durmuşy gülläp ösýändir, onsoň seniňem döwletiň pese düşýändigi hakda uludan dem almaga hakyň ýokdur. Seniň wezipäň bagtly külbeleriň has köpelmegi üçin çalyşmakdyr. Danalar ybadathana dolanyp gelenlerinde, Menes Pentueri pilonyň ýokarsyna alyp bardy. Oňa ýüzlerçe ýyldyzyň ýerleşişi lowurdap duran halkajyklar bilen bellenen äpet mermer şary görkezip, gijäniň ýaryna çenli Aýyň hereketine syn etmegi tabşyrdy. Pentuer höwesli ylalaşdy. Ol asman toplumlarynyň günbatara süýşen ýaly bolup, Aýyň ýyldyzlaryň arasyndan duýdurman geçişini, gündogara ýollanyşyny şol gije birnäçe sagadyň dowamynda ömründe ilkinji gezek gözi bilen gördi. Beýle ýönekeý hadysalar hakda Pentuer şoňa çenli daş gulakdan eşidipdi. Ynha, indi ilkinji gezek asmanyň hereketini hem-de Aýyň ýuwaşjadan barşyny görüp, ony şeýlebir şatlyk gurşap aldy weli, özüni ýere goýberip, aglady. Pentueriň kalbyna täze dünýä açyldy, ol eýýäm düşünjä eýe bolansoň, onuň ajaýyplygyny has-da bahalandyryp biljekdi. Aradan birnäçe gün ötenden soňra, baý kärendeçi žreslere ýer belläp, nowhana gazmak hakdaky teklip bilen ýüz tutdy. Ol ikisini iş gidýän mahalynaharlamagy, çekilen zähmet üçin owlakly geçi bermegi borçlandy. Ybadathanada mesgen tutanlar süýde mätäçlik çekensoň, Menes razy boldy. Onsoň Penruer ikisi işlemäge ugradylar. Žresler topragy tekizlediler, ugruny belläp, gazyp ugradylar. Agyr gol zähmeti Pentuere ruhlandyryjy täsir edensoň, ol Menes bilen ikiçäk galan mahaly höwesli gürrüň edýärdi. Ýöne beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolanda weli keýpi gaçýardy. Olaryň gülküleri, aýdymlary onuň çekýän ejirine urna bolýan ýalydy. Menes Gün ýaşanda oba dolanman, Pentuer bilen bilelikde açyk meýdanda ýatýardy. Olar gül-pürçük bolup ýatan çemenlik ýerlere seredip lezzet alýardylar, adamlaryň şatlykly seslerini diňleýärdiler. Bir gezek daýhanlaryň haýyşy boýunça oba ýany oglanjykly gezende žres gelensoň, meýdan işi adatdakysyndan ir bes edildi. Olar sadaka diläp, bir öýden ýbeýleki öýe barýardylar. Oglanjyk fleýtada gussaly saz çalýardy. Soňra gezegi žres alyp, güýçli ses bilen ýarym dini, ýarym dünýewi mazmunly aýdym aýdýardy. Menes bilen Pentuer baýyrda ýatyşlaryna, ýalkym atýan asmana seredýärdiler. Onuň tyllaýy öwüşginine piramidalaryň gara üçburçluklary, ýokarky püri garamtyl-gök palmalaryň goňur düýbi görünýärdi. Žres bolsa her goşgy bendinden soňra ýagşy demini dürsäp, aýdym bilen öýme-öý aýlanyp ýördi. - «Bu adalatly hökümdar, gör, nähili giň göwünli! Ahyrsoňy haýran galdyryp, öňünden edilen çaklama hasyl boldy. Ranyň zamanyndan bäri ähli köne zat ýitýär we onuň ýerine täze zat gelýär. Her günde Gün dogýar we her agşam günbatarda gizlenýär. Erker tohumlandyrýar, aýal hamyla bolýar, her bir kükrek sergin şemaldan dem alýar. Ýöne dünýä gelenleriň ýekejesi-degalmazdan, özlerine taýýarlanylan ýeregidýärler».48 - Bu zatlar nämä gerek? — diýip, Pentuer agzyndan sypdyrdy — Eger, juda bolmanda, durmuşyň hudaýlaryň hem-de päk ahlaklylygyň şanyna ýaradylandygy hakykat bolsady! Ýöne bu ýalan!..Hilegär zannyýaman, öz oglunyň başyna ýeten ganhora äre barýan ene, aşygy söýgüleýän mahaly biwepalygyň pikirini edýän magşuk — ine, kimler gülleýärler, höküm sürýärler! Danalar hiç kime gerekmejek halda ýetde-gütdelikde ýaşaýarlar, asylly, güýç-kuwwaty ýetik adam hatda özünden ýadygärlik galdyrman heläk bolýar. Žres aýdym aýdýardy: - «Eý, hökümdar, bu güni şatlyk bilen püre-pür eýlegin, sebäbi olar saňa köp berlen däldir. Hoşboý yslardan lezzet al, fimiam tütet, seniň ýüregiňi eýeläp, seniň ýanyňda oturan aýal doganyň göwresini lotos otagasy bilen beze. Goý, siziň şanyňyza tans etsinler, aýdym aýtsynlar! Gaýgy-aladany golaýyňa getirmän, şatlyk-şowhuna berliň, sebäbi siziň ümsümligiň ýurduna gitjek günüňiz duýdansyz peýda bolar». Pentuer ýene nägile äheňde gepledi: - Burun üçin hoşboý ysly ýag...Göwre üçin lotosdan otaga...Soňra bolsa ümsümlik!..Dogrudanam, biziň ählimiziň özümize hiç hili peýdasyz kimdir birini suratlandyrýandünýämizden pysaryň keşbine giren bolýan masgarabaz akylly. Dünýäniň bu manysyzlygyny üznüksiz baýramçylyk hökmünde göz öňüne getirip bolýarmyka? Ýagşy-da bir şeýdersiň sen!.. Kimiň garnyny açlyk sypdyrmaýan bolsa, şonuň ýüregi howsaladyr isleg bilen zäherlenendir. Rahatlyk pursady gelip ýetende bolsa, şol ýürek baky ümsümligiň patyşalygy hakdaky pikiri özi bilen äkidip, adam ruhuna ezýet berýär. - «Eý, Neferhotep,49 arassa elli kişi, şatlyk gününi belle ahyry! Seniň öten-geçenleriň ykbaly maňa mälim. Olaryň galalary haraba döndi, şäherleri ýitip gitdi, özleri-de dünýäde asla ýaşamadyk ýaly boldy. Olaryň giden ýurdundan hiç kim yzyna dolanyp gelmedi, ol ýerde nähili ýaşaýandyklaryny gürrüň berip, bizi köşeşdirmedi. Tä özüňizem olaryň giden ýerine gidýänçäňiz şeýle-de bolar» - Saňa asuda deňzi görmek miýesser edipmidi? - diýip Menes sorady. — Ol göýä düýşsüz uky ýaly, şeýle içgysgynçdyr, dogry dälmi? Diňe tüweleý onuň suwunyň tekizligini keşlände, bir äpet tolkun girdaba okdurylyp, beýlekisi bolsa onuň depesinde dim-dik bolup duranda, suwuň ýüzünde-hä ýyldyrym ýalpyldap, onuň çuňunda-da kä gazaply, kä howsalaly sesler ýaňlananda – deňiz, ine şonda ajaýyp bolýandyr. Biz derýada-da şeýle ýagdaýy görýäris. Ol bir ugra akyp ýatyrka jansyz ýalydyr, oňa egrem-bugramlyklar, öwrümler özüne çekiji güýç berýändir. Daglarda-da şeýledir. Üznüksiz belentlik iriziýändir, emma haýran galdyrýan diş-diş beýiklikler, çuňňur jülgeler gözeldir. Žres aýdym aýdýardy: - «Öz kelläňe miro50 guý, öz bedeniňi ýukajyk eşige büre, hudaýlaryň hoşboý ysly zatlaryny çalyn. Egniňe kaşaň lybaslary geý, gaýgy-hasratyňözüňi eýelemegine ýol berme. Sen entek Zemin ýüzündekäň keýpi-sapa üçin ýaşa, özüň üçin gussa güni gelýänçä ýüregiňi tukatlandyrma». - Adamyň ömri-de şeýledir — diýip, Menes sözüni dowam etdirdi. — Lezzet — bu tolkunlar, daglaryň örküçleri, ezýet bolsa — girdap, jülgeler; durmuş diňe haçanda ol hem-de beýleki zatlar utgaşanda, haçandaol biziň seretmekdenlezzet alýan gündogar daglarymyzyň diş-diş ulgamyna meňzeş bolanda ajaýypdyr. Žres aýdym aýdýardy: - «Kimiň ýüregi eýýäm urmaýan bolsa, gussaly aýdymlary eşitmeýän bolsa, ony özgäniň hasraty gynandyrmaz. Şonuň üçin hem, sag-aman ýaşaýanyňa minnetdar bol-da, şatlykly günleriň hözirini gör, olaryň sanyny artdyr». Pentuer oba tarap elini uzatdy. - Eşidýämiň? Kimiň ýüregi urmasyny goýan bolsa, diňe bir özgeleriň hasratyna gynanman, eýsem, nähili ajaýyp bolsa bolubersin, öz durmuşyna-da begenmeýär. Jebir-jepa hem-de ganly gözýaş bilen üzülişmeli bolýan durmuşyň bu gözelligi nämä gerekmişin? — diýdi. Gije düşdi. Menes ýapynjasyna dolandy. - Özüňi her gezek şeýle pikir gurşanda biziň ybadathanalarymyzyň birine git-de, onuň diwarlaryna syn et. Adamlaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň, derýalaryň, ýagtylgyçlaryň şekilleri, edil biziň ýaşaýan dünýämizde bolşy ýaly, biri-birine çyrmaşyp, gysmyljyraşyp durandyrlar. Şol suratlara nadan seretse, ähmiýeti ýokdur, megerem, olaryň hiç birinde: «Bular nämä gerekkä? Kesgiç bilen çotga bular üçin ne beýle azap etdikä?» diýen sowal dörän däl bolsa gerek. Emma paýhasly adam suratlara uly hormat bilen golaýlaşar: ol şolar arkaly geçen asyrlaryň taryhyny öwrenýär hem-de danalygyň syrlaryna akyl ýetirýär – diýip jogap gaýtardy. Soňy. Rus dilinden terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLER Birinji bap: Hemsem-Merer-Amon-Ramses-ses-neter-heg-an – ýazyjy faraonyň doly adyny derejesi bilen bilelikde täzeden dikeltmäge çalşypdyr (terjimesi: onuň alyhezreti – Amonyň eý göreni, hudaýyň ogly, ömrüň hökümdary). • Mitra – ýokary derejeli din wekilleriniň geýen başgaby. • Fimiam – tüteýän ýakymly ysly jisim. • Asyl nusgalardan alyndy. 1. Anfilada – bir hatarda ýerleşen, aralary gapyly birnäçe otag. Ikinji bap: 2. Taran – diwarlarydeşmek, derwezeleri ýykmak üçin ulanylan ujy naýzaly agaç gural. 3. Ramses XII-niň ybadathanalara beren sowgatlary görkezilenden has köp eken. Dördünji bap: 4. Asyl nusgalardan alyndy. 5. Abidos – Ýokarky Müsüriň sekizinj welaýatyndaky şäher. Onda Müsürde has hormatlanylýan mazarlaryň biri bolan „Osirisiň mazary“ we uly gonamçylyk ýerleşipdir. Dini şygyrýetde Abidos şäheriniň ady‚ „günbatar“, „o dünýä“, “merhumlaryň mesgeni“ we ş.m. sözlere sinonim hökmünde ulanylypdyr. 6. Asyl nusgalardan alyndy. 7. Asyl nusgalardan alyndy. 8. Anubis –gadymy Müsürde merhumlaryň we mumlama däbiniň goragçysy, o dünýäniň hudaýy Inpunyň grekçe ady. Ol şagal kelleli adam keşbinde şekillendirilýär. 9. Kolhitler (dogry ýazylyşy: hoahitler) – jynaza däbini ýerine ýetirýän gadymy Müsür žresleriniň grekçe atlandyrylyşy. 10. Asyl nusgalardan alyndy. 11. Hape, Emset, Duamuft, Kebhesneuf (dogry ýazylyşy: Hapi, Imeset, Duamutef we Kebehsenuf) – hudaý Goruň ogullary, merhumlary jaýlama dessurynyň goragçylary we merhum mumlanylýan mahaly çykarylýan iç goşlaryny gorap saklaýjylar. 12. Tum – hudaý Atumyň atlarynyň biri. 13. Neftis (dogry ýazylyşy: Neftida) – ilki merhumlaryň aýal hudaýy.Ol Osirisiň aýal dogany we beýleki bir doganynyň – Osirisiň ganyna galan zalym hudaý Setiň aýaly. 14. Salkit (dogry ýazylyşy: Serket) – hudaý aýal –içýan. Käbir miflerde ol hudaý Goruň aýaly hasap edilipdir. 15. Sibu (dogry ýazylyşy: Geb) – Ýeriň hudaýy. 16. „Merhumlaryň kitaby“. Bu bize gadymyýetden gelip ýeten iň bir ajaýyp ýadygärlikleriň biridir. 17. „Merhumlaryň kitaby“, 75-nji bölüm. 18. „Merhumlaryň kitaby“, 148-nji bölüm. Altynjy bap 19. Ra-Garmahis (gadymy müsürçe: Ra-Garahuti) – Ra – Günüň hudaýy. Ýedinji bap 20. Lýupin – dökün we mal iýmiti hökmünde ulanylýan kösükli ösümlik. 21. Bazalt – ýanardag dag jynsy. 22. Bennu – dogýan Güni aňladýan keramatly guşuň gadymy müsür mifologik keşbi. Semenderiň prototipi. 23. "Merhumlaryň kitabyndan“. 24. Asyl nusgalardan alyndy. 25. Amenemhet – XII neberäniň faraony Amenamhet III (b. e. öňki 1849-1801ý.) göz öňünde tutulýar. Ýazyjy häzir doly ýalana çykarylan, könelen hronologiýany pýdalanypdyr. 26. Ýusup – Bar el-Ýusuf kanaly göz öňünde tutulýar. Sekizinji bap 27. Faraon Seti – XIX neberäniň ikinji faraony (b. e. öňki 1337-1317ý.), Ramses II-niň kakasy Seti I göz öňünde tutulýar. 28. Asyl nusgalardan alyndy. 29. Gadymy Müsür ýaşaýyş pähimliliginiň düzgünleri. Dokuzynjy bap 30. Ýadygärliklerdäki hakyky ýazgy. 31. Asyl nusgalardan alyndy. 32. Asyl nusgalardan alyndy. 33. Asyl nusgalardan alyndy. 34. Asyl nusgalardan alynday. 35. Asyl nusgalardan alyndy. 36. Asyl nusgalardan alyndy. On birinji bap 37. Müsür mili – üç geografik mil. On ikinji bap 38. Asyl nusgalardan alyndy. On dördünji bap 39. Galera – kürek bilen sürülýän uly harby gämi. On altynjy bap 40. 44. Salat – terligine iýilýän bakja oty. 45. Nikotrisa (dogry ýazylyşy: Nikotris) – ol hakdaky rowaýat grek taryhçysy Gerodot tarapyndan saklanyp galypdyr. IV neberäniň şa aýallarynyň arasynda şeýle atlysy bolmandyr. 46. Makara (dogry ýazylyşy: Maat-ka-ra) – XVIII Hatşepsut neberesiniň şa aýalynyň tagt ady. On sekizinji bap 41. Tobi – oktýabr-noýabr. Epilog 42. Mehir – noýabr-dekabr. 43. Asyl nusgalardan alyndy. 44. Neferhotep – Täze Patyşalyk eýýamynyň žresi. "Arfaçynyň aýdymy“ diýlip atlandyrylan Müsür edebiýatynyň meşhur ýadygärligi şonuň adyna berilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |