20:11 Faraon -28: romanyň dowamy | |
ALTYNJY BAP Hiram faraonyň ýanyna agşam sagat dokuz töweregi geldi. Oň egninde memfisli söwdagärleriň geýýäni gara geýim bardy. — Ne beýle gizlenýäň? Meň köşgüm, näme, zyndanmy ýa-da heýwere kesellileriň saklanýan öýümi? — diýip, faraon onysowuk-sala garşylady.. — Wah, hökümdar! — diýip, garry finikialy uludan dem aldy. — Sen Müsüriň hökümdary bolalyň bäri, degişli adama duýdurmazdan kim seň bilen gürleşmäge het etse jenaýatkär hasaplanýar-a... Faraon: — Ýeri onsoň siz meň sözlerimi kime ýetirmeli? — diýip sorady. Gözlerini asmana diken Hiram gollaryny göterip: — Hökümdar, öz duşmanlaryň kimdigini sen bilýäň ahyry! — diýip jogap gaýtardy. — Olary ýatlamak gerek däl. Seni nämüçin çagyrandygymybilýämiň? Men birnäçe müň talant karz almak isleýän. Görgüsi ýaman Hiram aýak üstünde zordan durdy. Faraon oňa kadadan çykyp oturmagy mürähet etdi — bu örän uly abraýdy. Hiram ynjalykly ýerleşip, demini dürsänden soňra: — Ummasyz puly başga ýol bilen gazanyp bolýarka, karz almak nämä gerek?.. — diýdi. — Men Ninewiany basyp alanymdamy? — diýip, faraon oň sözüni böldi. — Ýöne ol bu golaýda boljak däl, maňa bolsa pul häzir gerek. Hiram: — Men uruş barada däl-de, gazna gyssagly köp mukdarda pul hem-de yzygiderli girdeji getirjek iş barada aýdýan — diýip jogap gaýtardy. — O nähili işmişin? — Bize Ortaýer deňzini Gyzyl deňiz bilen birleşdirjek kanal gazmaga ygtyýar et hem-de ýardam ber. Faraon kürsüden atylyp turdy. —Seň ýadyňa oýun düşýär, garry. Kim şeýle işiň başyna baryp biljekmişin, kim Müsüri howpa sezewar etmek islejekmişin? Deňiz bizi basar ahyry... — Haýsy deňiz?..Başgasyny bilemok, ýöne Ortaýer deňzi bilen Gyzyl deňiz-ä basmaz — diýip, Hiram arkaýyn jogap gaýtardy. — Müsürli žresleriň, bilgeleriň bu mesele bilen meşgullanandyklaryndan hem-de ony örän bähbitli iş hasaplandyklaryndan men habarly. Dogrudanam, şondan bähbitlisini pikirlenip tapaýmak kyndyr.Emma.olaryň ähli zady özleri edesi gelýär, has takygy, şol mesele bilen faraonyň meşgullanmagyny islänoklar. Ramses: — Hany seň subutnamaň? — diýip sorady. — Meň subutnamam ýok, ýöne men žresi ýollaýyn, ol saňa ähli çyzgylary, hasaplamalary düşündirer. — Kim ol žres? Hiram sagyndy. Birsalym sesini çykarman oturdy. Soňra: — Men muň öz aramyzda galjagyna ynanyp bilerinmi? Ol saňa, hökümdar, maňa garanda köp hyzmat edip biler. Oňa ençeme syr hem-de žresleriň ençeme gezek eden ...haramzadalygy mälim. Faraon: — Söz berýän — diýip jogap gaýtardy. — Ol žresiň ady Samontu, Memfisiň golaýyndaky Set ybadathanasynda gulluk edýär. Ol juda akylly adam, ýöne oňa pul gerek, özi-de öte şöhratparaz.Žresler ösmäge ýol bermänsoň, ol maňa siziň merhemetliňiz islese, özüniň.žresleriň toparynyň merkini berjekdigini aýtdy. Ol žresleriň köp syryny bilýär.O-ho-ho, gaty köp syryny!.. Bu žresiň barypýatan dönükdigine düşünen Ramses çuňňur oýa gitdi. Ýöne ol şol bir wagtyň özünde Samontunyň özüne juda gymmatly hyzmatkär bolup biljekdigine akyl ýetirdi. Faraon; — Ýeri bolýar, men Samontu barada oýlanyp görerin. Indi bolsa az salymlyk, bar, hamala, kanal gurupdyrys diýeli. Maňa ondan nähili peýda bolmaly? Hiram çep eliniň barmaklaryny büküp, sanap ugrady: — Birinjiden, Finikia Müsüre bäş müň talant tölenilmedik pajy berer. Ikinjiden, Finikia şol işi alyp barmaga hukugy üçin bäş müň talant tölär. Üçünjiden, iş başlan mahaly biz Müsüre ýylda müň talant salgyt, mundan başga-da, ol bize näçe işçi berse, şonça-da talant töläris. Dördünjiden, biz her bir Müsür bilgesi üçin siziň merhemetliňize ýylda bir talantdan bereris. Bäşinjiden, siziň merhemetliňiz, iş tamamlananda bize kanaly ýüz ýyl möhlet bilen kärendesine berersiňiz, bizem oň üçin ýylda müň talant töläris. Eýsem, bu az gurdejimi? Faraon: — Siz häzir...şu gün siz maňa şol bäş müň talant pajy berermisiňiz? — diýip sorady. — Şertnama baglaşyldygy biz on müň bereris, şeýle-de, salgydyň hasabyna üç ýyl öňünden oň üstüne ýene üç müňi goşarys. Ramses XIII pikirlendi. Finikililer şol kanaly geçirmegi Müsür faraonlaryna ozalam telim gezek teklip edipdiler, ýöne hemişe žresler bu pikire erjellik bilen garşy durupdylar.Müsürli žresler faraonlara Gyzyl deňiz bilen Ortaýer deňziniň Müsüri gark edip biljekdigini nygtaýardylar. Ýöne, ynha, Hiram şeýle zadyň bolmajakdygyny, žresleriň muny bilýändigini tassyklaýar. Faraon uzak wagtlap pikirlenenden soň: — Siz ýüz ýylyň dowamynda her ýylda müň talant tölejekdigiňize söz berýärsiňiz. Şol çägelikde gazyljak kanalyň örän bähbitli işdigini aýdýarsyňyz. Bu maňa garaňky görünýär, şoň üçin hem, Hiram, men ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyna şübhelenýän...—diýdi. Finikialynyň gözleri ýaldyrady. — Hökümdar, men saňa ähli zady aýdaýyn. Emma bu syry açmazlygy towakga edýän. Sebäbi bu Haldeý hem-de Müsür žresleriniň, hatda tutuş Finikianyň iň beýik syry. Dünýäniň geljegi şoňa bagly! — diýdi. —Ýeri bakaly, Hiram! — diýip faraon ýylgyrdy. Finikiýaly sözüni dowam etdi: — Hökümdar, hudaýlar saňa danalyk, gujur-gaýrat, pähimlilik peşgeş beripdirler, şoň üçin hem sen bize degişli adam. Sen ýer ýüzündäki hökümdarlaryň arasynda bu syry aýan edip boljak ýeke-täk hökümdarsyň, sebäbi diňe sen beýik işleri amala aşyrmaga ukyply. Sen henize çenli hiç kime ýetmek miýesser etmedik şeýlebir güýç-kuwwata eýe bolarsyň... Faraon kalbynda ýakymly buýsanç duýdy, ýöne ony gizlemegi başardy. Ol: — Sen meni heniz etmedik işlerim üçin öwme-de, gowusy şol kanaldan Finikianyň we meň döwletimiň nähili peýda görjekdigini aýt!— diýip, Hiramy saklanmaga mejbur etdi. Hiram kürsüde has jaýlaşykly oturdy-da, pyşyrda geçdi: — Hökümdar, Assiria bilen Babyldan gündogarda, günortada hem-de demirgazykda edrenç mahluklar mesgen tutan çöllügiňem, batgalygyňam ýokdugyny, tersine, ymgyr giňişlikde ýurtlaryň, döwletleriň ýaýylyp ýatandygyny bilip goý. Şol ýurtlar şeýlebir uly welin, özüniň ýol geçmäge ezberligi bilen at alan siziň merhemetliöiziň pyýada goşuny olaryň serhetlerine ýetmek üçin gündogara tarap iki ýyllap ýöremeli bolardy. Ramses garşysynda oturanyň jypdyrýandygyny bilse hem, oňa ýalan sözlemäge mümkinçilik berýän adamyň edişi ýaly, gaşlaryny ýaňsy bilen galdyrdy. Hiram egninl bildirer-bildirmez gysdy-da, gürrüňini dowam etdi: — Babyldan gündogarda hem-de günortada, beýik deňziň ýakasynda ýüz milliona çenli adam ýaşaýar; olaryň kuwwatly patyşalary, Müsüriňkidenem dana žresleri, gadymy kitaplary, ellerinden dür dökülýän ussalary bar.Şol halklar diňe bir müsürliler ýaly,ussatlyk bilen mata öndürmän, öý goşlaryny, gap-gaç ýasaman,eýsem, örän gadymdan bäri Ýeriň üstünde hem-de Ýeriň astynda Müsürdäkiden has ajaýyp, baý ybadathanalary gurýarlar... — Dowam et! Dowam et! — diýip, faraon oňa gop berdi. Ýöne hökümdaryň finikialynyň gürrüňine gyzygýarmy ýa-da oň jypdyrmasyna gahary gelýärmi ýüzünden aňmak kyndy. — Şol ýurtlarda göwher, gymmat bahaly daşlar, altyn, mis bar.Şol ýurtlarda bugdaýyň, gülüň, miwäniň haýran galdyryjy tohumlary ösüp ýetişýärler. Galyberse-de, şol ýurtlarda şeýlebir tokaýlar bar weli, içinde azaşdygyň bir aýlap ýol tapjak gümanaň ýok. Olaryň agaçlary siziň ybadathanalaryňyzyň sütünlerinden-ä ýogyn, palmalardan-da beýik.Şol ýurtlaryň ilaty hoşgöwün, mylaýym.Eger sen şol ýere gämide iki ýygyn ýollasaň, Müsüriňkidenem giň ýeri basyp alardyň, Ötlem-ötlem jaýyňkydanam baý hazyna eýe bolardyň. Ertir, eger sen ygtyýar etseň, men saňa şol ýerlerde taýýarlanýan matalaryň, agajyň, bürünç önümleriniň nusgalaryny ibereýin. Mundanam başga, täsin güýje eýe bolan mumyýa-da ýollaýyn; adam ondan datdygy bes, alnynda bakylygyň derwezesi açylyp, diňe hudaýlara elýeterli bolan bagty görýär. Faraon: — Maňa matalaryň, önümleriň nusgalaryny iber, mumyýa hakda aýdylanda bolsa...zerurlyk ýok! Bakylygyň lezzetini görmäge, diňe hudaýlara elýeterli bolan bagtdan meýmiremäge ölenimizden soňra ýetişeris...—diýdi. — Assiriadan gündogarda bolsa iki ýüz million ilatly has uly ýurt ýaýylyp ýatyr. Faraon: — Seň milliona halys diliň öwrenişipdir! –—diýip ýylgyrdy. Hiram elini gursagyna ýetirip: — Dogry sözleýändigime ata-babalarymyň puhlaryndan hem-de öz mertebämden ant içýärin! — diýdi. Oň beýle pert ant içmesi haýran galdyransoň, faraon hereket edip başlady. Hirama ýüzlenip: — Dowam et! Dowam et! — diýdi. — Juda täsin şol ýurtlarda gyýak gözli, sary bedenli adamlar ýaşaýarlar. Olaryň patyşasy «asmanyň ogly» diýlip atlandyrylyp, ýurtlary dana adamlaryň kömegi arkaly dolandyrylýar. Ýöne olar žres däl, özleri hem Müsürdäki ýaly hökmürowanlykdan peýdalanmaýarlar. Şol halklaryň däp-dessurlary müsürlileriňkä meňzeş. Olar ýogalan ata-babalaryna hormat goýýarlar, olaryň bedenleriniň aladasyny edýärler. Adamlar biziň žreslerimiziň hatyna meňzeş haty ulanýarlar, ýöne bize bütinleý nätanyş matadan tikilen uzyn eşikli gezýärler, oturgyçjyk şekilli sandal geýýärler, kellelerini bolsa ýiti burçly gapyrjajyklar bilen örtýärler.Olaryň jaýlarynyň üçekleri-de ýiti burçly bolup, gyralary ýokary eplenen. Şol adaty bolmadyk halklar Müsüriň bugdaýyndan has köp hasyl getirýän däneli ösümlikleri ösdürip ýetişdirýarler hem-de ondan hamrdanamgüýçli içgi taýýarlaýarlar. Şeýle-de, olarda ýapragy adama güýç, şadyýanlyk berýän, hatda uky bilen göreşmäge ýardam edýän ösümlik bar. Şol ýurtlaryň adamlary kagyz ýasamagy başarýarlar, ony dürli suratlar bilen bezeýärler. Olarda toýun bolup, ýakylandan soňra aýna ýaly ýalpyldaýar, demir ýaly seslenýär...Eger siziň merhemetliňiz ygtyýar etse, men size şol halklaryň önümleriniň nusgalaryny iberip biljek... Faraon: — Sen gaty täsin zatlary aýdýarsyň, Hiram! Ýöne men şol täsinlikler bilen siziň gazmakçy bolýan kanalyňyzyň arasynda hiç hili baglanyşyk göremok — diýdi. — Men häzir gysgajyk düşündireýin.Kanal taýýar bolanda Finikia bilen Müsüriň gämi ýygynlary Gyzyl deňze çykarlar, ondanam aňry gidip, aradan birnäçe aý geçenden soňra gury ýer bilen asla baryp bolmajak ýere — şol baý ýurtlara ýeterler.Siz, näme, siziň merhemetliňiz, öz alnyňyzda şol ýerlerde ele salyp boljak örän uly hazynany: altyny, gymmatbaha daşlary, däneli ösümlikleri, agaçlary göreňzokmy?Ine, onsoň siziň altynyňyzyň häzirki misden köp boljakdygyna, agajyň sypaldan gymmat bolmajakdygyna, guluň hem sygyrdan arzan boljakdygyna ant içýän...Hökümdar, sen diňe kanal gazmaga rugsat et hem-de bize tölegi bilen elli müň sany esger ber. Hiramyň sözleri Ramsesetäsir etdi. Ol: — Elli müň esger — diýip gaýtalady. —Ýeri, onsoň siz maňa munuň üçin näçe berersiňiz? — Men eýýäm aýtdym ahyry. Iş alyp barmaga hukuk berlendigi üçin her ýylda müň talant, işçiler üçin hem bäş müň talant. Munuň üstesine, olary özümiz naharlaýarys. — Olara görgi görkeziljek diýsene! — Hudaýlar bizi penasynda aman saklasynlar! — diýip, Hiram sesini gataltdy. — Işçileriň heläk bolanyndan bize ne peýda? Siziň merhemetliňiziň esgerleri kanalda, häzirki berkitmelerde ýa-da ýollarda işleýişlerinden köp işlemezler. Hökümdar, gör, Size nähili şöhrat geler! Gazna nähili girdejiler girer.Müsüre nähili peýdalar geler!Iň bir garyp daýhanyňam agaçdan öýi, birnäçe baş maly bolar, megerem, gullarynyň bolmagy-da mümkin.Hiç bir faraon döwleti şeýle belende göteren däldir, şeýle beýik işleri amala aşyran däldir!Dünýäniň çar künjeginden haryt daşalmagyny ýeňilleşdirjek kanal bilen deňeşdireniňde jansyz hem-de peýdasyz piramidalar nämemişin?.. — Esasy zat bolsa, meň gündogar serhetde elli müň esgerim bolar — diýip, faraon oň aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Elbetde! — diýip, Hiram gygyryp diýen ýaly, oň sözlerini alyp göterdi.—Saklamasy siziň merhemetliňize agyr düşmejek şeýle uly güýç barka, Assiria Finikia elini uzatmaga ýürek edip bilmez. Ummasyz girdejini wada berýän ajaýyp meýilnama Ramses XIII-ni begendirdi, ýöne muny ýüzüne çykarmady. Ol: — Hiram, sen maýyl ediji geljegi beýan edýäň.Özi-de şeýlebir maýyl ediji weli, men oň aňyrsynda haýsydyr bir ýaramaz pikir gizlenýän bolaýmasyn diýip howatyrlanýan. Şoň üçin hem, meň özümem bu barada gowy pikirlenmeli hem-de žresler bilen maslahatlaşmaly — diýdi. Finikialynyň ýakasyndan köz atylan ýaly boldy. Ol: —Žresler muňa hiç wagtda razy bolmazlar! Hudaýlar meň dine dil ýetirýändigimi bagyşlasynlar, ýöne eger döwletde ýokary häkimiýet žresleriň eline geçäýse, aňyrsy iki-üç aýdan olaryň bize kanalyň gurluşygyna başlamagy teklip etjekdiklerine men ynanýan — diýdi. Ramses oň ýüzüne sowuk ýigrenç bilen garady. — Žresleriň aladasyny maňa goý-da, gowusy aýdýan zatlaryň dogrudygyny subut et. Öz erk-ygtyýarym bilen döwletiň bähbitleriniň arasynda duran päsgelçilikleri aýryp bilmänligimde, men barypýatan ýaramaz patyşa bolardym. Ýere çenli eglen Hiram: — Sen hakyky beýik hojaýynsyň, hökümdar! — diýip pyşyrdady. Gijäniň gylla ýarydy. Finikialy faraon bilen hoşlaşdy. Soňra Tutmos bilen bilelikde köşgi terk etdi. Ol ertesi gün nätanyş ýurtlaryň baýlyklaryndan nusgalar salnan sandyjagy Dagondan iberdi. Sandyjagyň bir böleginde hudaýlaryň heýkeljikleri, hindi matalarydyr ýüzükleri, haşhaşyňçigidini, beýleki böleginde bolsa bir goşawuç tüwi, çaýyň ýaprajyklary, surat bilen bezelen birnäçe farfor kürüşgejikler, kagyzyň ýüzüne reňkdir tuş bilen çekilen suratlar bardy. Faraon olary ünsli synlap, tüwini-de, kagyzy-da, oň ýüzünde şekillendirilen gyýak gözli, burçy çüri başgaply adamlary-da ozal hiç wagtda görmändigini öz ýanyndan boýun aldy. Ol ähli zady — daglary, agaçlary, öýleri, köprüleri, gämileri Müsüriňkiden başgaça bolan haýsydyr bir täze ýurduň bardygyna indi şübhelenenokdy. Faraon: «Şol ýurt köp asyrlaryň dowamynda ýaşap gelýän bolsa gerek. Biziň žreslerimiz ony bilýärler, baýlygyny bilýärler, ýöne dymýarlar.Hilegär dönükler! Žresler faraonlaryň erk-ygtyýaryny çäklendirmek, soňra tagtdan agdarar ýaly, olary gedaýa öwürmek isleýärler. Eý, meň ata-babalarym hem-de mirasdüşerlerim! Men sizi muň soňuna çykjakdygyma şaýat bolmaga çagyrýaryn. Men pähinm-paýhasy arşa götererin, ýöne ikiýüzlüligi ýok ederin, Müsüri uzak-uzak ýyllar imisalalykda ýaşadaryn» diýip oýlandy. Oýa çümen faraon gözlerini galdyranda, özüniň görkezmesine garaşyp duran Dagony gördi. Faraon süýthora ýüzlenip: — Seniň sandyjagyň gaty täsin eken. Ýöne...men sizden ony islämokdym — diýdi. Finikialy daraklygyna basyp ýöräp geldi we faraonyň alnynda dyz çöküp: — Sen haçan sarpaly Hiram bilen şertnama gol çekmäge merhemet etseň, Tirdir Sidon özleriniň ähli baýlygyny seň dabanyň astynda goýarlar — diýip pyşyrdady. Ramses gaşlaryny gerdi. Özüne şert goýmaga ýürek edip bilen finikialynyň bihaýalygy ony gazaba mündürdi. Ol: — Men entek pikirlenjek. Gelen netijämi soňra Hirama mälim ederin. Gidip bilersiň, Dagon — diýip, sowuk jogap gaýtardy. Finikiýaly gidenden soň, Ramses ýaňadan oýa batdy. Oň kalbynda nägilelik artyp başlady. «Bu alyp-satarlar meni özlerine ýakyn hasap edýärler. Hym!..Olar şertnama gol çekmäge mejbur etmek üçin, meni bir halta tylla bilen gyzykdyrjak bolýarlar.Faraonlaryň hiç biri beýle bihaýalyga ýol bermezdi. Besdir!Assaryň ýollan çaparynyň öňünde ýüzin düşüp ýatýanlan maňa: «Goluňy goý, onsoň gerek zadyňy alarsyň...» diýip bilmezler. Akmak finikili alakalar patyşanyň köşgüne aralaşyp, ony öz süreni hasaplaýarlar!» Ol näçe pikirlendigiçe, Hiram bilen Dagonyň özlerini alyp baryşlaryny şonça-da aýdyň ýatlaýardy, şonça-da gahar-gazaby artýardy. «Olar nädip het edip bilýärler?Olar maňa şert goýmaga nädip het edip bilýärler?» Faraon Tutmosy çagyrdy. Şepesi dessine peýda boldy. — Gulluk, hökümdar! — Derejes kiçii serkerdelerden birini Dagonyň ýanyna ýolla, oň mundan beýläk gazna edaramyň ýolbaşçysy däldigini mälim etsin. Ol şeýle uly wezipäni eýelärden samsyk! — Sen onsoň kime merhemet etjek? —Entek bilemok. Müsür ýa-da ýunan söwdagärleriniň arasyndan birini tapmaly bolar.Juda bolmasa, žreslere ýüz tutarys. Bu habar derrew tutuş şa köşgüne ýaýrady, aradan bir sagat geçmänkä-de, Memfise çenli baryp ýetdi. Gündiz-ä şäheriň hemme ýerinde finikileriň faraonyň merhemetinden mahrum bolandygy barada gürrüň etdiler, agşam bolsa garamaýak ilat ýigrenji gelmişekleriň dükanlaryny ýykyp-ýumrup başlady. Žresler ýeňillik bilen dem aldylar. Hatda Herihor keramatly Mefresiň ýanyna gelip: — Biziň jenabymyzyň halkyň ganyny sorýan butparazlardan ýüz öwürjekdigini meň ýüregim syzýardy. Men oňa nähili görnüşde bolsa-da, minnetdarlygymyzy bildirmeli diýip pikir edýärin — diýdi. — Belki, oň öňünde öz hazynahanalarymyzyň gapylaryny açyp goýmalydyr? —diýip, keramatly Mefres teýeneli gepledi. — Howlukmaň, gadyrdan.Oň kimdigi maňa eýýäm aýan, şol ýigide ýekeje gezek özümizden üstün çykmaga ýol bersek, görjegimiz görgi bolar. — Eger ol finikiler bilen arasyny kesse näme? — Ol şeýtse, diňe utuş gazanar — finikilere bergisini bermez. Herihor uzak wagtlap dymandan soňra: — Meň pikirimçe, ýaş faraonyň merhemetini özümize öwürmegiň pursady geldi. Käte ganygyzgynlyk etse-de, ol minnetdar bolmagy hem başarýar. Men muny öz başymdan geçirdim. — diýdi. — Agzyňdan çykan söz ýalňyş bolup dur-aý! — diýip, kesir Mefres oň gepini böldi. — Birinjiden, şazada entek faraon däl, sebäbi oňa ybadathanada täç geýdirilenok. Ikinjiden, ol hiç wagtda faraon bolmaz, sebäbi ýokary žresiň derejesini almaga ýigrenç bilen garaýar. Ahyrynda hem, oň merhemeti bize däl-de, şazadanyň her ädimde kemsidýän hudaýlarynyň merhemeti gerek. Gahardan boglan Mefres demini dürsäp, sözüni dowam etdi: — Ol Hator ybadathanasynda bir aý bolup, iň ýokary danalygy öwrendi; yz ýanyndanam finikiler bilen baryş-geliş edip ugrady. Munuň üstesine, ol Aştoret ybadathanasyna gatnap, ähli dinleriň kada-kanunlaryna ters gelýän işi etdi — şol ýerden žres gyz aldy.Soňra hemmä eşitdirip, meň takwalygymyň üstünden güldi.Ol özi ýaly bulagaýlar bilen gatnaşygy ýola goýdy, finikileriň kömegi arkaly döwletiň syrlaryny osmadaklap bildi.Tagta geçeni, has dogrusy, tagtyň birinji basgançagyna aýak goýany ýaňy weli, eýýäm žresleri masgaralap, daýhanlardyr esgerleriň başyny-gözüni aýlap, öz dostlary bolan finikiler bilenýaňadan ýygjam gatnaşyp ugrady.Sen, näme, bu zatlaryň hemmesini unudaýdyňmy, gadyrly Herihor? Eger unutmadyk bolsaň, agzyndan süýt ysy gitmedigiň biziň üçin nähili howpludygyna düşüneňokmy? Ol girdaplaryň arasynda ýüzüp ýören döwlet gämisiniň başynda dur ahyry! Düýn-ä ýanyna finikileri çagyryp, bu günem olar bilen agzy alaran telbäniň ertir döwletiň tepbedini okajak nämedir bir zat etmejekdigine kim kepil geçip biler? Herihor baş žresiň gözlerine içgin seredişine: —Ýeri, onsoň mundan näme many gelip çykýar? — diýip sorady. — Oňa minnetdarlyk bildirer ýaly, bizde hiç hili esasyň ýokdugy hakdaky many gelip çykýar. Eger şeýtsek, bu biziň ejizdigimizi aňladar. Ol her edip, hesip edip, pul aljak bolar, biz bolsa bermeris! — Onsoň...bi...neme...soňra näme? — diýip, Herihor ýene sowal berdi. — Soňra, goý, döwleti dolandyrsyn, goşuny pulsuz köpeltsin — diýip, Mefres gaharly jogap gaýtardy. — Eger onuň aç goşuny ybadathanalary talap ugrasa näderis? — Ha-ha-ha — Mefres hahahaýlap güldi Mefres birden gülküsini kesip, agras keşbe girdi, baş egdi-de, ýaňsyly äheňde: — Bu bolsa meň däl-de, seň işiň, gadyrdan! Döwleti telim ýyllap dolandyran adam şeýle howpa taýýar bolup durmaly — diýdi. Herihor ätiýaçly gürledi: — Aýdaly...aýdaly men döwlete howp salýan ýaramazlygyň garşysyna serişde tapypdyryn. Ýöne seň özüň, Sarpaly ata, hawa, seň özüň baýry baş žres hökmünde žresler toparyny hem-de mukaddeslikleri kemsidýänleriň temmisini bermäge taýýarmyň? Olar bir pursat biri-biriniň gözlerine seredip durdular. Mefres: — Sen menden taýýarmyň diýip soraýarmyň? Men taýýarmy?Maňa taýýarlanmak gerek däl. Mukaddeslige dil ýetirýänleriň islendiginiň ýoguna ýanmak üçin, hudaýlar meň elime asman oduny berdiler — diýip jogap gaýtardy. — Ýuwaş! Goý, şeýle bolsun! — diýip, Herihor pyşyrdady. Mefres sözüniň üstüni ýetirdi: — Žresleriň ýokary geňeşiniň razyçylygy bolsun ýa-da bolmasyn, tapawudy ýok, men öz etmeli işimi ederin. Gämi suwuň düýbüne çöküp barýarka kürekleýjiler bilen düşünişjek bolmagyň nämä peýdasy barmyşyn? Ikisi keýpsiz ýagdaýda aýrylyşdylar. Edil şol gün agşam faraon olary öz ýanyna çagyrdy. Olar çagyrylan wagtda ýeke-ýekeden peýda bolup, faraona baş egdiler-de, hersi bir burçda biri-birine seredip durdular. Faraon: «Bä, agyzlary alardymyka? Ýeri bolýar-da bu erbet däl» diýip, Ramses içini gepletdi. Aradan birneme wagt geçenden soňra keramatly Sem bilen pygamber Pentuer içeri girdiler. Ramses beýik ýere geçdi, dört žrese garşysyndaky pes oturgyçlary görkezip: — Keramatly atalar! Men sizi henize çenli mejlise çagyrmadym, sebäbi meň ähli görkezmelerim diňe harby meselelere degişli boldy... — diýdi. Herihor: — Seň muňa hakyň bar, hökümdar! — diýip, oň sözüniň arasyny kesdi. — Men döwleti berkitmek üçin şeýle gysga möhletde başaran işlerimi etdim. Serkerdelere niýetlenen iki täze mekdep açdym, bäş ýygyny gaýtadan ýygnadym. Mefres: — Seň muňa hakyň bar, hökümdar — diýip seslendi. — Men beýleki harby özgertmeler halda aýdyp durjak däl, sebäbi, Keramatly atalar, olar sizi gyzyklandyrmaz... —Seňki dogry, hökümdar — diýip, Herihor bilen Mefres bir agyzdan tassykladylar. Faraon bu iki ýokary wezipeli adamözüni goldamaz öýdüpdi, ýöne beýle bolmady. Olaryň özi bilen ylalaşmagyna göwni göterilen faraon: — Ýöne başga bir meselä nobat ýetdi. Meň hudaýa deň bolan kakamyň jaýlanylmaly güni golaýlaýar, gaznada bolsa ýeterlik derejede serişde ýok...—diýdi. Mefres oturgyçdan turdy. — Osiris-Meri-Amon-Ramses adalatly patyşady. Ol öz halkyny uzak ýyllap asudalykda ýaşatdy, hudaýlaryň şanyna şan goşdy. Siziň hormatlyňyz, dindar faraonyň ybadathanalaryň hasabyna jaýlanylmagyna ygtyýar et — diýdi. Ramse XIII oň sözlerine haýran galdy, kakasyna goýulýan sylag-sarpa tolgundy. Ol diýmäge söz tapmaýan ýaly, birsalym dymyp oturdy. Soňra: — Meň hudaýa deň bolan kakamy şeýle sarpalaýandygyňyz üçin size örän minnetdar, merhemetli atalar. Size öz razyçylygymy berýärin hem-de ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin — diýdi. Ol kellesini eline goýdy-da, göýä içinden öz-özi bilen oňuşmaýan ýaly bolup, az salym oturdy. Birdenem başyny galdyrdy. Oň ýüzi ýagtylypdy, gözleri uçganaklaýardy. Faraon: — Keramatly atalar, siziň maňa oňat garaýandygyňyz meni tolgundyrýar. Eger kakamyň hatyrasyny şeýle belent tutýan bolsaňyz,onda maňa-da ýüregiňizde ýamanlyk ýokdur diýip pikir edýän — diýdi. —Sen, näme, muňa şübhelenýämiň? — diýip, baş žres Sem sorady. — Sen dogry aýdýarsyň — diýip, faraon dowam etdi. —Men size öňden ters pikirlisiňiz öýdüp, nädogry müňkürlik edipdirin. Ýöne ýalňyşymy düzedip, siz bilen açyk gürleşmekçi. Herihor: — Goý, hudaýlar seň işiňi oňuna etsinler, hökümdar! — diýdi. — Gepi köpeldip oturman, göni aýdaýyn. Meň hudaýa deň bolan kakam ýaşynyň birçene ýetmegi hem-de syrkawdygy sebäpli döwlet işlerine köp güýç, wagt sarp edip bilmedi. Men bolsa heniz ýaş, sagdyn, erkin. Şoň üçin hem, döwleti özüm dolandyrmak isleýän, dolandyrarynam. Serkerde öz goşunynapähim-paýhasyna daýanyp, öz meýilnamasyna daýanyp ýolbaşçylyk etmäge borçly, menem döwleti şeýdip dolandyraryn. Meň synmaz erkim, ine, şeýle, ondan el çekmerin. Ýöne tejribäm aňryýany bilen ýetigem bolsa, wepaly hyzmatkärsiz, dana maslahatçysyz aljak galamyň ýokdugyna gowy düşünýän. Şeýle bolansoň, men kämahal her hili meseleler boýunça siziň pikiriňizi sorap duraryn. Herihor: — Biz şoň üçin sarpaly hökümdaryň ýanynda ýokary geňeş hökmünde hereket edýäris ahyry — diýdi. — Ýagşy — diýip, faraon söhbedini joşgunly dowam etdirdi. — Maňa edil häzir bir meselede siziň hyzmatyňyz zerur. Herihor: — Buýruň, hökümdar! — diýdi. — Men Müsür halkynyň durmuşyny gowulandyrmak isleýän. Ýöne beýle uly işde gyssanmaçlyk diňe zyýan getirip bilýär. Şoň üçin hem, men halka ilki köp zat däl-de, az zat bermekçi.Olar alty gün işläp, ýedinji gün dynç alarlar. Pentuer: — Bu kanun edil Müsüriň özi ýaly gadymy. On sekiz nebere şalygynda-da şeýle bolupdy – diýip belledi. Mefres: — Şeýle edilse, her bir işgär ýylda elli gün dynç alar, ýagny öz jenabyny elli drahmdan mahrum eder. Döwlet bolsa million işçi güýjünden ýylda on müňe golaý talant ýitirer. Biz muny ybadathanalarda eýýäm hasapladyk — diýdi. — Dogry — diýip, Pentuer oň sözlerini tassyklady.— Çykdajylar bolar. Ýöne diňe ilkinji ýylda...Sebäbi ine-gana dynç alyp, bedenini berkiden halk soňky ýyllarda artygy bilen işläp berer. — Sen muny dogry aýdýaň —diýip, Mefres gürrüňe goşuldy. — Ýöne, her näme-de bolsa, birinji ýyl on müň talant zerur bolar. Men-ä ýigrimi müň talantam ýetmezmikä diýýän. — Sen dogry aýdýaň, merhemetli Mefres — diýip, faraon ony goldady. — Meň öz döwletimde geçirjek özgertmelerim üçin ýigrimi, hatda otuz müň talantam şeýle bir uly pul bolmaz.Şoň üçin hem, maňa siziň kömegiňiz zerur, Keramatly kişiler. — Biz seň her bir islegiňi doga-dilegler, ýörüşler bilen goldamaga taýýar — diýip, Mefres mälim etdi. — Şeýdeweriň! Özüňiz-de doga okaň, garamaýak halky-da doga okamaga höweslendiriň. Emma ondan başga döwlete otuz müň talant beriň. Baş žresler dymdylar. Faraon birsalym garaşdy. Soňra: — Näme sesiňi çykaraňok? — diýip, Herihora ýüzlendi. — Hökümdar, gaznada hatda Osiris-Meri-Amon-Ramsesi jaýlamaga-da serişde ýokdugyny özüň aýtdyň ahyry. Biz otuz müň talanty nireden almaly? — Ötlem-ötlem jaýyň hazynasy näme? — Ol diňe döwlete juda zerur mahalynda el gatyp bolýan hudaýlaryň emlägi – diýip, Mefres jogap gaýtardy Ramses XIII gahardan ýarylaýjak boldy. Ol eli bilen tagtyň tutalgasyny urup: —Şonça pul daýhanlara berilmeýän bolsa, maňa gerek! — diýip gygyrdy. — Eger bir iş edilse, sen ýylda otuz müň talantdanam köp alyp bilersiň, Müsürem iki esse alar. — Nädip? — Örän ýönekeý. Finikilileri ýurtdan çykaryp kowmagy emir etmeli, hökümdar. Faraon yzgytsyz žresiň üstüne özüni oklarly göründi. Oň ýüzi agardy, dodaklary tirpildeýärdi, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Emma özüne erk etmegi başardy. Haýran galaýmaly arkaýyn äheňde: — Ýeri, bolýar. Eger siz maňa peýdaly maslahat berip bilmejek bolsaňyz, men onsuz oňaýaryn...Biz finikilere karz alnan pullary gaýtarmaga söz beripdik ahyry. Sen bu barada pikir edeňokmy, Mefres? — diýdi. Mefres: — Bagyşla, hökümdar, men şol pursatda başga zat barada pikirlenipdim.Seň ata-babalaryň hudaýlara hem-de ybadathanalara berýän sowgatlarynyň diňe şolara degişlidigini, müdimilik degişli boljakdygyny papiruslarda däl-de, eýsem, bürünçlerdir daşlarda belläpdirler. — Size-de degişlidigini... — diýip, faraon ýaňsyly aýtdy. — Döwlet saňa nähili derejede degişli bolsa, edil şol derejede, hökümdar. Biz şol hazynany hem goraýarys, hem köpeldýäris, ony dargatmaga hakymyz ýok — diýip, žres gödek jogap gaýtardy. Gahardan boglan faraon ýygnanyşygy taşlap, iş otagyna gitdi. Oň ýagdaýy rehimsiz aýdyňlyk bilen me-saňa mälim bolupdy. Ol indi žresleriň özüni ýigrenýändiklerineaçyk göz ýetiripdi.Geçen ýyl Menfisiň goşun birikmesini bermedik, diňe köşkden daşgary hereketlere razy bolmagy sebäpli hökümdar eden, her bir ädimini assyrynlyk bilen yzarlan, üstünden gizlin maglumat ýazan, oňa — tagtyň mirasdüşerine Assiriýa bilen baglanyşylan şertnama hakda hiç zat aýtmadyk, Hator ybadathanasynda aldan, Aşgarly köllerde bolsa günäsini geçjekdigine wada beren ýesirleri gylyçdan geçiren, özlerine aşa göwni ýetmekden gözleri gyzaran şol öňki dikmelerdi. Faraon Herihoryň tagzym edişini, Mefresiň garaýşyny, ikisiniňem gepleýiş äheňini ýatlady. Daşky hormat goýujylygyň aňyrsyndan salymsaýyn ulumsylyk, öňden gelýän ýigrenç jyklap durdy. Oňa pul gerek, žresler bolsa doga-dileg wada berýärler. Muň üstesine-de, olar faraona Müsüriň ýeke-täk hökümdary däldigini kakdyryp aýtmakdanam çekinenoklar. Ýaş faraon biygtyýar ýylgyrdy; ol öz hojaýynyna: «Seň süriňe erk etmäge ygtyýaryň ýok» diýýän hakyna tutulan çopany göz öňüne getirdi. Emma hakykatda oň gülki ýadyna düşenokdy. Gaznada ýedi, aňry gitse on güne ýetjek müň talant galypdy. Ýeri, soňra näme?..Emeldarlar, hyzmatkärler, iň esasysy hem — hak almak-ha beýlede dursun, açlyk çekjek esgerler näme diýerler?.. Baş žreslere ýagdaý, elbetde, mälim; eger olar ýaş faraona kömek etmäge gyssanmaýan bolsalar, diýmek, olaryň maksady heläklemek...Özi-de ýakyn günlerde, entek kakasy jaýlanmanka heläklemek isleýärler... Çagalyk döwründe bolup geçen bir waka Ramsesiň ýadyna düşüi. Ol žres mekdebinde okaýan mahaly hudaý aýal Mutuň hormatyna baýramçylyk geçirilipdi. Çykyş edenleriň arasynda tuituş Müsüre belli wäşi-de bardy.Ol işi şowsuz gahrymany suratlandyrypdy. Gahryman buýruk berýärdi, ýöne ony diňleýän ýokdy. Oň gaharyna berilýän jogap gülküdi. Ol üstünden gülýänlere temmi bermek üçin paltanygarbap alanda, oň elinde paltanyň sapy döwlüpdi. Ahyrsoňy oň üstüne ýolbars goýberipdiler. Biçäre gahryman ökje göteripdi. Ýöne görlüp oturylsa, yzyndan ýolbars däl-de, ýolbars derisini geýen doňuz kowalan eken. Okuwçylardyr mugallymlar betbagt gahrymanyň üstünden gözlerini ýaşardyp gülüpdiler, kiçijik şazada bolsa keýpsiz halda oturypdy; oň beýik işleri etjek bolup, gülki astynda heläk bolan adama ýüregi awapdy. Çagalykda başdan geçirilen ahwalaty we duýgysy oň hakydasynda häzir ýaňadan janlandy. Ol: «Žresler meni edil şol gahryman ýaly etjek bolýarlar» diýip içini gepletdi. Ony lapykeçlik basmarlady. Faraon iň soňky talant sarp edildigi, özüniň hökmürowanlygynyň, şoň bilen birlikde-de, ömrüniň tamam boljakdygyna düşünýärdi. Ýöne birden oň pikiri başga ugra gönükdi. Faraon otagyň ortasynda aýak çekdi. «Maňa näme garaşyp biler? Diňe ölüm...Men özümiň şöhratly ata-babalarymyň, Beýik Ramsesiň ýanyna rowana bolaryn. Ýöne men olara goranmazdan heläk bolandygymy aýdyp bilmen-ä.Ýogsam men Ýerdäki ömrüň betbagtçylygyndan soňra, müdimilik masgaraçylyga giriftar bolaryn». Bu nähili bolýar? Ol — ýalňyz Aziýa goşuny bilen hötdesinden gelip bolmajak liwilileriň merkini beren serdar, gel-gel indi bir bölek ikiýüzlülerden yza çekilmelimi?Diýmek, Mefres bilen Herihoryň Müsürdir faraonyň üstünden höküm sürmek isleýändigi sebäpli, oň goşunlary açlyk çekmeli, millionlap daýhan ine-gana dynç almaly däl, şeýlemi?Eýsem, bu ybadathanalary oň ata-babalary gurmanmy näme? Eýsem, olary harby oljalar bilen dolduran şolar dälmi näme? Söweşleri ýeňen kim — žreslermi ýa-da esgerlermi? Ýeri, onsoň hazynalara kimiň hukugy bar? Žresleriňmi ýa-da faraonyň hem-de oň goşunlarynyňmy? Ýaş faraon egnini ýygyrdy we Tutmosy çagyrmagy emir etdi. Wagtyň giçdigine garamazdan,şanyň ynamdar ýarany derrew geldi. Faraon: — Bilýäňmi näme, žresler maňa karz bermekden boýun towlaýarlar, gaznanyň bolsa düýbi görnüp ýatyr—diýdi. Tutmos göneldi. — Olary zyndana taşlamagy buýurmakçymy? — diýip sorady. — A sen muňa ýürek edip bilermiň? — Müsürde biziň hökümdarymyzyň hem-de serdarymyzyň buýrugyny ýerine ýetirmejek serkerde ýokdur. — Eger şeýle bolsa... — diýip, faraon haýal gepledi. — Eger şeýle bolsa...hiç kimi zyndana gabamagyň geregi ýok.Meň özüme ynamym hem-de olara ýigrenjim ýeterlik. Ýolda ýatan maslygy gören adam ony ýüzi demirlenen sandyga saljak bolmaz-da, deňinden aýlanyp geçer. — Ýöne syrtlany gözenege salýarlar ahyry — diýip, Tutmos oňa garşy boldy. — Entek ir. Men bolmanda kakam jaýlanýança olara rehim etmekçi, ýogsam olar merhumyň keramatly mumyýasyny kemsitmäge-de, ruhuny ynjytmaga-da ukyplydyrlar...Indi saňa tabşyryk şeýle: ertir Hiramyň ýanyna git-de, oň bilen gürrüňini eden žresimizi meň ýanyma ibermelidigini aýt. — Tabşyrygy bitirerin. Emma men, hökümdar, halkyň şu gün memfisli finikilileriň öýlerini weýran edendigini saňa ýetirmelidirin. —Şeýlemi! Beýtmek nämä gerek? Tutmos sözüni dowam etdi: — Ýene bir zat: meň göwnüme bolmasa, Pentuere daýhanlardyr işçileriň ýagdaýyny öwrenmegi emir edeliň bäri, žresler häkimlere hem-de tanymal adamlara meçew berýän ýaly bolup dur.Žresler, hökümdar, seň daýhanlaryň bähbidine tanymal adamlara ezýet berjekdigiňi aýdyp, olarda howsala döredýärler. —Tanymal adamlaram muňa ynanýarlarmy? — Ynanýanlaram bar, emma köpüsi munuň žresleriň seň garşyňa guraýan pirimidigini göni aýdýarlar. Faraon: — Men, dogrudanam, daýhanlaryň durmuşyny gowulandyrmagy ýüregime düwen bolsam näme? — diýip sorady. Tutmos: — Sen, hökümdar, ýüregiňe düwen ahli zadyňy edersiň — diýip jogap gaýtardy. — Ine, şeýle jogaba men düşünýän! — diýip, Ramses XIII şatlykly seslendi. —Özüňem arkaýyn bol, tanymal adamlara-da olaryň meň görkezmämi ýerine ýetirmek bilen hiç zat ýitirmejekdiklerini, tersine, hal-ýagdaýlarynyň gowulanjakdygyny, abraýlarynyň has artjakdygyny aýt. Müsüriň baýlygy ahyrsoňy nämynasyp adamlaryň ellerinden alnyp, wepaly hyzmatkärriň eline berilmelidir. Faraon ynamdar ýarany bilen hoşlaşyp, dynç almaga gitdi. Sähel salymlyk göwnüçökgün hala düşmegi häzir oňa gülkünç görünýärdi. Ertesi günorta golaý finikialy söwdagärlerden wekilleriň gelendigini oň merhemetlisine ýetirdiler. Faraon: — Olar, megerem, öz jaýlarynyň harap edilendigi üçin arza gelen bolsalar gerek? — diýip sorady. — Ýok, saňa sowgat gowşurmak isleýärler — diýip, kömekçisi jogap gaýtardy. Hakykatdanam, Rabsunyň ýolbaşçylygynda on iki söwdagär sowgat-salamly gelipdiler. Faraon olary garşylamaga çykanda, söwdagärler ýüzün düşdüler. Rabsun köneden gelýän däp boýunça özlerine — ömür, emläklerine — howpsuzlyk eçilýän hökümdaryň huzuryna ýönekeýjesowgatlaryny goýmakçy bolýandyklaryny mälim etdi. Olar altyn pyýalalary, tylla zynjyrlary, gymmatbaha daşlar bilen doldurylan badalary stoluň üstünde goýup ugradylar. Rabsunyň özi bolsa tagtyň basgançagyna papirusly mejimäni goýdy; onda finikialylar goşuny üpjünlemek üçin iki müň talant bermäge hat üsti bilen borçlanýardylar. Olaryň getireni jemi üç müň talanta barabar elýetmez sowgatdy. Faraon özüne wepaly söwdagärlere mylaýymlyk bilen minnetdarlyk bildirdi we olara howandarlyk etjekdigine söz berdi. Olar hökümdaryň ýanyndan begenip gitdiler. Ramses XIII ýeňillik bilen dem aldy. Gaznanyň tozmagy, şeýlede žresleriň garşysyna zorlukly usula ýüz urmak zerurlygy on gün gaýra tesdirildi. Agşam ýene Tutmosyň goragy astynda oň merhemetlisiniň iş otagynda Hiram peýda boldy. Ol bu gezek ýadawlykdan nalamady-da, özüni ýere goýberip, zaryn ses bilen akmak Dagony näletläp ugrady: — Men şol murdaryň biziň Gyzyl deňze kanal çekmek baradaky şertnamamyzy siziň merhemetliňize ýatlatjakdygyny aňýadym.Hernä, ol atsyz-sorsuz ýitip gidäýedi-dä.Hernä, ony heýwere keseli gemräýedi-dä.Goý, oň çagalary doňuz baksynlar, agtyklary jöhit bolup dogulsynlar.Emir etdigiň bes, hökümdar, Finikianyň näçe baýlygy bolsa, hiç hili şertnama, dilhaty talap edilmezden, seň huzuryňa getirilip goýlar. —Ol sözüniň yzyny pyşyrda ýazdyrdy. — Şeýle kuwwatly hökümdaryň ýeke sözi ýele sowrar ýaly, biz, näme, assirialymy ýa-da ...žreslermi? Faraon: — Eger men, Hiram, sizden gaty köp mukdarda pul talap eden bolsam, näderdiňiz? — diýip sorady. —Näçe? — Aýdaly, otuz müň talant. — Edil häziriň özündemi? — Ýok, bir ýylyň dowamynda. — Sen ony alarsyň — diýip, Hiram pikirlenmezden jogap gaýtardy. Faraon oň sahylygyna haýran galdy. — Ýöne men size nämedir bir zady girewine bermeli bolaryn-a... — Diňe, hälki bir, görnüş üçin — diýip, finikialy jogap gaýtardy. — Siziň merhemetliöiz žreslerde şübhe döremez ýaly, magdan alynýan ýerleri bize girweine berýär — wessalam, gürrüň tamam. Eger bir gapdalda žresler bolmanlygynda,Finikia size ony hiç hili girewsiz, dilhatsyz beredi. Faraon: —Ýeri, onsoň kanal näme? Men şertnama edil häzir gol çekmelimi? — diýip sorady. — Ýok, sen şertnamany öz islän mahalyň baglaşarsyň. Ramses şatlykdan uçaýjak boldy. Ol şa hökmürowanlygynyň hezilligini häzir, özi-de finikiler arkaly duýdy. Faraon indi tolgunmadan özüne erk edip bilenokdy. Ol: — Hiram, men edil şu günüň özünde size — finikialylara Ortaýer deňzini Gyzyl deňiz bilen birleşdirjek kanaly gurmaga ygtyýar edýän — diýdi. Goja faraonyň aýagyna ýykyldy. — Seň ýaly beýik patyşany dünýä owal-ahyr gören däldir! — diýip gygyrdy. Faraon: — Ýöne sen bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmaly dälsiň, sebäbi meň şöhratymyň duşmanlary gapyl däldirler. Aýdanymy tassyklamak üçin bolsa, men saňa özümiň patyşalyk ýüzügimi berýän — diýip, jadyly daşlar bilen bezelgi Goruň ady oýulyp ýazylan ýüzügi barmagyndan sogurdyda, finikialynyň barmagyna geýdirdi. Juda tolgunan Hiram: — Tutuş Finikianyň baýlygy seň hyzmatyňdadyr! — diýip, öňki aýdanyny gaýtalady. — Sen tä Gün şöhlesi öçýänçä adyňy şöhratlandyrjak beýik gahrymançylygy amala aşyrýaň! Faraon oň çal başyny gursagyna gysdy we oturmagy emir etdi. Ol uzak wagtlap dymandan soňra: — Şeýlelikde, biz indi ýaran bolduk. Men bu ýaranlyk Müsüri hem-de Finikiany bagtly ýaşaýşa ýetirer diýip tama edýän — diýdi. — Diňe olary däl, eýsem, tutuş dünýäni! — diýip, Hiram dabaraly seslendi. — Ýöne, knýaz, sen maňa bir zady aýt: sen neçün maňa beýle ynanýaň? — Men seň häsiýtiňde pähim bardygyny bilýän.Eger sen, hökümdar, faraon bolmanlygyňda, birnäçe ýyldan soň baý finikialy söwdagär hem-de biziň Geňeşimiziň ýolbaşçysy bolardyň. — Mümkin — diýip, Ramses jogap gaýtardy. — Emma size berilen sözüň yzynda durmak üçin men ilki žresleri mynjyratmaly. Bu — göreş, ýöne göreşiň nähili gutarjakdygy belli däl. Hiram ýylgyrdy. — Hökümdar, eger gazna boş mahaly seni terk etsek, biz-ä barypýatan pes adamlar bolarys, duşman başyny galdyrsa-da, sen göreşde ýeňilersiň! Serişdesiz adamyň gaýraty bolmaz, gedaý patyşadan bolsa goşuny-da, tabynlygyndakylar-da, welmožalar-da ýüz öwürýändirler.Sende, hökümdar, biziň altynymyzyň, jansyzlarymyzyň, munuň üstesine-de, öz goşunyň, harby serkerdeleriň bardygy üçin, piliň ýanynda içýanyň hiç zat bolşy ýaly, žresler saňa batyrynyp bilmezler. Olary aýagyň bilen basypmynjyradarsyň.Aslynda-ha bu meň işimem däl-le.Siziň merhemetliňiz, bagda gelmegi mürehet eden adamyňyz, baş žres Samontu garaşýar. Men gideýin. Indi oň ýyldyzy dogdy.Siziň merhemetliňiz emir etdigi bes, men otuz müň talant tapmaga jan ederin... Hiram ýene oň alnynda ýüzin düşüp ýatdy. Soňra Samontuny köşge ýollajakdygyny aýdyp, çykyp gitdi. Basym baş žres geldi. Ol Set ybadathanasynyň gullukçysyna mahsus bolşy ýaly, sakgalyny, gür, hüžžük saçyny syrdyrmaýan eken. Žresiň ýüzi agrasdy, gözlerinde paýhas alamatlaryuçganaklaýardy. Ol gereginden artyk ýallaklaman, sypaýyçylyk bilen tagzym etdi we faraonyň içiňden geçip barýan nazarynyň öňünde arkaýyn durdy. Hökümdar: — Otur — diýdi. Žres ýerde oturdy. Ramses: — Sen maňa ýaraýaň. Seň göwräňi tutuşyň, ýüzüň giksosyňky. Olar bolsa meň goşunymda iň batyr esgerler — diýdi. Birdenem: — Biziň žreslerimiziň assiriler bilen şertnamasy hakda Hirama sen aýtdyňmy? — diýip sorady. Samontu gaşynyçytman: — Men — diýip jogap gaýtardy. — Şol nejislige senem gatnaşdyňmy? — Ýok, men olaryň dildüwşigini diňledimSiziň merhemetliňiz ähli köşklerde bolşy ýaly, ybadathanalaryň diwarlary gizlin deşilen; şol deşikler arkaly, hatda pilonlaryň depesindende ýe astyndaky gürrüňi eşitse bolýar. Faraon: — Ýeriň astynda-da ýokarky otaglarda ýaşaýan adamlar bilen gürleşip bolýar...—diýip belledi. — Hawa.Olar «hudaýlaryň seslerinieşidýärler»—diýip, žres agras keşpde oň aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. Faraon ýylgyrdy. Diýmek, oň ejesi bilen kakasynyň ruhunyň gürleşmändigi hakdaky çaklamasy dogry bolup çykýar-da! Ramses: — Sen şeýle ähmiýetli döwlet syryny finikialylara nämüçin ynandyň? — diýip sorady. — Sebäbi men bize-de, finikilere-de zyýan ýetirjek masgaraçylykly şertnamanyň öňüni almak isledim. — Sen tanymal müsürlilerden kimdir birine duýdurybam bilerdiň ahyry? — Kime? — diýp žres sorady. — Herihor bilen dikleşerden ejiz adamlaramy ýa-da üstümden gizlin maglumat ýetirip, ezýetli ölüme duçar etjek adamlaramy? Men ony Hirama hiç wagtda duşuşmaýan adamlarym bolan welmožalar bilen gatnaşýandygy üçin aýtdym. — Herihor bilen Mefres şeýle şertnamany nämüçin baglaşdylarka? — diýip, faraon oň anygyna ýetjek bolup çintgedi. — Meň pikirimçe, olar kemakyl adamlar. Ikisini beýik haldeý žresi Beroes gorkuzdy. Ol žreslere on ýyllap Müsüriň depesinde agyr täleýiň abanyp durjakdygyny, eger biz şol on ýylyň içinde Assiria bilen urşa başlasak, derbi-dagyn ediljekdigimizi aýtdy. — Olaram muňa ynandylarmy? — Beroesiň olara täsinlik görkezendigi görnüp duran zat. Megerem göterilen bolmagam ahmal.Bu, elbetde, täsin ýagdaý, ýöne Beroes ýerden ýokary galyp bilýän bolsa, biziň Finikiany ne sebäpden elden gidermelidigimize düşünemok. — Diýmek, senem geň-taňlyga ynanaňok-da? — Käbirine ynanýan. Göwnüme bolmasa, Beroes, hakykatdanam, adaty bolmadyk zatlary amala aşyrýan ýaly. Biziň žreslerimiziň bolsa diňe halky hem-de hökümeti aldamakdan başga oňarýan zady ýok. — Sen žresleriň toparyny ýigrenýäň öýdýän? Samontu elini gerdi. — Olaram meni halanoklar, Sete hyzmat edýändigim üçin masgaralaýarlar. Şeýlede kellelerini, aýaklaryny ýüpjagazyň kömegi arkaly aýlandyrmaly bolýan hudaýlar nähili hudaý boldugy? Ýa-da takwasyraýan, özlerini köp zatdan saklansyraýan, aslynda weli hersiniň on aýaly bolan, bir ýylda on, ýogsa-da ýigrimi talant sowýan, altarlarda goýulýan sadakalardan ogurlaýan, akly-da ýokary mekdepleriň okuwçylaryndan telli-pelli tapawutlanýan žresler nähili žres boldugy? — Ýöne seň özüňem finikilerden gelýän sadakany alýaň ahyry? — Weý, men olardan almasam, başga kimden alaýyn?Diňe finikiler öz gämilerini gark etmez ýaly, Sete çynlakaý sarpa goýýarlar. Bizde bolsa ony diňe garamaýaklar sarpalaýarlar. Eger men şolaryň sadakalary bilen oňmaly bolanlygymda, öz çagalarym bilen bilelikde açlykdan ölerdim. Faraon; «Bu žres ybadathananayň syrlaryny paş edýänem bolsa, erbet kişi däldigi görnüp dur. Muň üstesine, ol, megerem, geplejek gepini bilýän, diňe belet zadyny aýdýan adam bolsa gerek» diýip içini gepletdi. Hökümdar ýene: — Sen Ortaýer deňzini Gyzyl deňiz bilen birleşdirmeli kanal barada nämeler bilýärsiň? — diýip sorady. — Ol iş maňa mälim. Mundan baryp-ha birnäçe ýüz ýyl ozal oň taslamasyny biziň bilgelerimiz işläp düzüpdirler. — Eger şeýle bolsa, ony nämüçin henize çenli ýerine ýetirmändirler? — Žresler kese ýerlileriň Müsüre dökülip, biziň ynamymyza, şonuň bilen birlikde-de, öz girdejilerine zeper ýetirerler öýdüp gorkýarlar. — Hiramyň Uzak gündogarda ýaşaýan taýpalar barada aýdanlary ugrunda barmy? — Çyn gürrüň. Biz olar hakda öňräkden bäri bilýäris. Özümizem şol ýurtlardan haýsydyr bir gymmatly daşlary, suraty ýa-da nepislik bilen ýasalan önümleri bäş-on ýyl bäri däl-de, bireýýämden bäri alyp ýörüs... Faraon ýene pikire batdy. Ol birden: — Eger men seni öz maslahatçym edip bellesem, maňa wepaly gulluk edermiň? — diýip sorady. — Janymy gaýgyrman gulluk ederin. Ýöne men faraonyň maslahatçysy bolaýsam, meni ýigrenýän žresler gazaba münerler. — Sen nähili pikir edýäň: olary syndyryp bolarmy? — Ap-aňsatja! — Eger men olardan dynmak islän ýagdaýymda, sen maňa nähili maslahat berip bilersiň? — Ötlem-ötlem jaýyň hazynahanasyna eýe bolmaly. — Sen oňa aralaşyp bilermiň? — Mende käbir görkezgiçler bar. Galanyny özüm taparyn, sebäbi nireden gözlemelidigini bilýän. — Ýeri, onsoň soňra näme etmeli? — Soňra Assiria bilen gatnaşykda bolup, döwlete dönüklik edendikleri üçin, Herihor bilen Mefresiň garşysyna jenaýat işini gozgamaly. — Oňa subutnamany nireden tapjak? — Biz ony finikilileriň kömegi bilen taparys. — Şeýtsek, Müsür üçin haýsydyr bir howp döremezmi? — Hiç hili. Mundan dört ýüz ýyl ozal faraon Amenhotep Dördünji žresleriň hökmürowanlygyny agdaryp, ýeke-täk hudaý Ra-Gormahise23ynanmagy ýola goýýar.Şunlukda, ol, elbetde, beýleki hudaýlaryň ybadathanalaryndaky hazynalary ele salýar. Baryp-ha şol wagtda ne halk, ne goşun, ne-de tanymal adamlar žresleriň tarapyny çalmandylar.Onsoň öňki ynam bireýýäm synan biziň häzirki zamanymyz barada aýdyp oturmak gerekmi? — Amenhotepe kömek eden kim? — Ýönekeý žres Eýe. Ramses žresiň ýüzüne çiňerilip: — Amenhotepden soňra oň tagtyna eýe bolan žresmi? — diýip sorady. Ýöne Samontu özüni ýitirmedi. Ol: — Şol ýagdaý Amenhotepiň döwlete garanda Ranyň şöhraty hakda köp aladalanan bolgusyz hökümdar bolandygyny aňladýar — diýip, arkaýyn jogap gaýtardy. Ramses: — Sen, dogrudanam, dana! — diýip, gygyryp diýen ýaly aýtdy. — Saňa gulluk etmäge şatdyryn, hökümdar! Faraon: — Men seni öz maslahatçym edip belleýän. Ýöne sen ýanyma gizlin gelmeli dälsiň,meň köşgümde ýaşarsyň –—diýdi. — Bagyşla, hökümdar, ýöne Ýokary geňeşiň agzalary döwletiň duşmanlary bilen gepleşikler geçirýändikleri üçin zyndana taşlanýança, meň köşkde bolmagym peýda garanda köp zyýan getirer. Men siziň merhemetliňize aýan däl-de, gizlin gulluk etsem, maslahatlar bersem, ikimize hem gowy bolar. — Diýmek, sen Ötlem-ötlem jaýyň hazynahanasyna ýol tapyp biljek-dä? — Hökümdar, sen Fiwiden dolanyp gelýänçäňiz, maňa ýol tapmak başardarmyka diýýän. Hazynany köşkde ýerleşdirip, kazyýet Herihordyr Mefresi jogapkärçilige çekse, Siziň merhemetliňiz ol ikisini aklap hem bilersiňiz, hawa, ine, şondan soňra men faraonyň rugsat bermegi bilen aç-açan gezerin, gaýdyp men tarapdan adamlarda gorky döredýän Sete gulluk etmerin. — Sen ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyna ynanýamyň? — Ömrümden kepil geçýän. Halk Sizi sylaýar, şol sebäplemhalkyýokary derejeli dönükleriň garşysyna aýaga galdyrmak kyn bolmaz.Beýik Ramsesiň zamanyndan bäri esgerler faraonlaryň içinde senden başga hiç kime şeýle gulak asan däldirler.Bu güýçleriň öňünde kim durup biljekmişin?Munuň üstesine-de, finikililer bilen dünýäde iň uly güýç bolan pul-da seň hyzmatyňda bolar. Samontu gitmekçi bolan mahaly faraon oňa öz aýagyna ýykylmaga rugsat etdi we gunt ýaly altyn zynjyr, ýakut bilen bezelen bilezik sowgat berdi. Uzak ýyllap gulluk etse-de, her bir welmoža beýle merhemete mynasyp bolmaýar. Samontunyň gelmegi we beren wadalary faraonyň ýüregini täze ynam-umytdan doldurdy. «Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyny ele salyp bolsady». Oň ujypsyzja bölegi-de tanymal adamlaryň finikililere bolan borçlaryndan boşatmaga, daýhanlaryň durmuşyny gowulandyrmaga, faraonyň girewine goýlan mülklerini yzyna almaga ýeterdi.Ýurduň görküne görk goşjak nähili ymaratlar salnardy!..Hawa, Ötlem-ötlem jaýyň hazynasy ähli aladany aradan aýrardy. Şonuň üçinem finikilileriň Ramsese bermekçi bolýan ummasyz karzyndan ne peýda? Karzy haçanam bolsaýa-ha bir wagt göterimi bilen üzmeli bolar, ýa-da ir-u-giç beýleki patyşa mülklerini girew goýmaly bolar. Bu bolsa ýurduň tozmagynyň öňüni alyp bilmez-de, diňe oň möhletini yza süýşürer. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |