16:20 Faraon -13: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP Indi Ramsese bir zat aýandy: ol ýa-ha kakasynyň tabşyrygyny bitirmeýär, ýa-da žresleriň emrine tabyn bolmaga mejbur bolýar. Bu pikir onda gahar-gazap döretdi. Ol ybadathanalarda gizlenýän syrlara aralaşmaga gyssananokdy, onuň deregine öz hormatyna guralýan meýlislere höwesli gatnaşýardy. Göwün açmagyň uly ussady Tutmosam dolanyp geldi. Ol şa ogluna Sarradan gowy habar getirdi. Onuň sag-salamatdygyny, daşyndan gowy görünýändigini aýtdy. Ýöne Ramses muňa şeýle bir tolgunmady. Sebäbi žresler çaganyň geljegine dahylly juda gowy täleýnama düzüp, şa ogluny haýran galdyrypdylar. Olar hudaýlaryň sahylyk edip ogul sowgat berjekdigini, eger kakasy ony söýse, oglunyň durmuşda uly orny eýelejekdigini tassyklapdylar. Mirasdüşer bu welilik satmanyň ikinji bölegini ýaňsa alyp, Tutmosa ýüzlenip: - Bu danalaryň geň adamdyklaryny! Olar çaganyň geljekki kakasy bolan meniň bilmeýän zadymy – ogul doguljakdygyny bilýärler; soňra-da meniň ony söýjegim-söýmejegim barada ikirjiňlenýärler. Hatda gyzjagaz dünýä inäýende-de, ony apalajakdygym belli dälmi näme? – diýdi. Onuň şöhratly geljeginiň aladasyny etmek žreslere galmandyr. Bu barada meniň özüm alada ederin!..-diýdi. Pahon68 aýynda Ka welaýatyna baran mirasdüşeri häkim Sofra juda dabaraly garşylady. On şäherinden Atribe çenli bary-ýogy ýedi sagatlyk pyýada ýol hem bolsa, Ramses oňa üç güni sarp etdi. Ybadathanalaryň syrlaryna aralaşmakçy bolýan mahalynda doga okap, posty berjaý etmelidigi baradaky pikir kellesine geldigi, ony derrew şady-horramlyk özüne çekerdi. Onuň golaý adamlary muňa düşünensoň, meýlis yzyna meýlisdi. Mirasdüşeriň geçýän ýollarynda ýene güllerini galgadyşyp şadyýan gygyryşýan, saz çalýan märeke peýda bolýardy. Olar Atribe golaýlaşanlarynda ilatyň şatlygy ýetjek derejesine ýetipdi. Äpet göwreli haýsydyr bir işçi-hä hatda özüni arabanyň aşagyna oklady. Ramses atlaryň başyny çekende bolsa, birtopar ýaş zenan märekeden saýlanyňp, onuň arabasyny gül bilen gömdüler. Ramses: „Diýseň-diýmeseň, olar meni söýýär!“ diýip oýlandy. Ol Ka welaýatynda häkimden ne-hä faraonyň girdejileri barada sorady, ne ussahanalara aýlandy, ne-de özüne mürzeleriň hasabatlarynyň okalyp berilmegini talap etdi. Ol barybir hiç zada düşünmejekdigini bilensoň, entek žresleriň syrlaryna aralaşýança, bu işi entek goýbolsun etmegi makul bildi. Diňe bir gezek, hudaý Sobekiň belentlikde duran ybadathanasyny gören Ramses daş-töwerege syn etmek üçin, onuň pilonlaryna çykyp görmek isleýändigini aýtdy. Hormata mynasyp Sofra mirasdüşeriň islegini derrew bitirdi we Ramses diňde birnäçe sagady lezzetli geçirdi. Ka welaýatynyň hasylly tekiz topragy bardy. Onlarça nowhanalardyr Niliň gollary göýä kümüş hem-de gök reňkli sapaklardan örülen tar ýaly bolup, ony ähli ýerini kesip geçýärdi. Noýabrda ekilen gawun, bugdaý eýýäm ýetişipdi. Meýdanda ýalaňaç adamlar gyrmyldaşyp, ýa-ha hyýar ýygýardylar, ýa-da pagta tohumyny sepýärdiler. Nirä seretseň tertipsiz gurluşykdy; käýerde tutuş şäherjikler göze ilýärdi. Gurluşyklaryň köpüsi, aýratynam, meýdandakylar üçegi sypal, palma ýapraklary bilen basyrylan toýun kepbelerdi. Onuň deregine şäherjikdäki öýler gapylardyr penjireleriň ýerleri garalyp duran, tekiz üçekleri uzakdan ak güpe meňzeýän daşdan gurlan jaýlardy. Köplenç şeýle „güpüň“ aşagynda öňküden birneme kiçiräk, soňra ýene bir has kiçi jaýlar bolup, olaryň hersi başga reňkdedi. Ýaşyl meýdanyň ortasynda pytraňňy ýerleşip, palmalardyr akasiýalar bilen gurşalan şol jaýlar Müsüriň nurly Gününiň astynda äpet göwher, lagyl, ýakut daşlary ýaly bolup görünýärdiler. Bu görnüş diňiň depesinden garap duran Ramsesiň ünsüni özünde egledi. Ol iň owadan jaýlaryň ybadathanalaryň degre-daşynda ýerleşýändigini, adamlaryň köpüsiniň olaryň töweregindäki meýdanlarda der dökýändiklerini belledi. Ramsesiň kellesine: „Iň baý mülkler žreslere degişli!“ diýen pikir geldi-de, ol howalanyp oturan ybadathanalardyr çaklaňja ybadathanalara ýene bir gezek nazar aýlady. Ýöne Herihor bilen ýaraşandygy hem-de özüniň indi žresleriň hyzmatyna mätäçdigi sebäpli, onuň bu hakda uzak kelle agyrdasy gelmedi. Ertesi gün hormata mynasyp Sofra mirasdüşer üçin Atrib şäheriniň gündogar çetinde birnäçe aw gurady. Ilki nowhanalara gonýan guşlary ýaý bilen atyp aldylar, soňra olaryň onlarçasyny ullakan tor gurup tutdular, şeýle-de, elguşlary awa saldylar. Soňra mirasdüşer hem-de onuň golaý adamlary gündogar çöllügiň jümmüşine aralaşyp, itlerdir babyrlar bilen haýwanlary awlap ugradylar. Olar ýüzlerçe haýwanlary öldürdiler , tutdular. Päkize asmanyň astyndaky göwün açmanyň, çadyrdaky ýatymlygyň mirasdüşeriň ýüregine düşüp ugrandygyny aňan hormata mynasyp Sofra aw-şikary bes edip, öz myhmanlary bilen Atribe dolandy. Olar şähere günortan sagat dörde golaý geldiler. Häkim adamlaryň hemmesini öz köşgüne bol bezelen saçaga çagyrdy. Şa ogluny hammama Sofranyň özi alyp gitdi, ol suwa düşüp çykýança şol ýerde boldy, öz gapyrjagyndan bedene çalynýan hoşboý ysly ýaglary çykaryp berdi. Soňra mirasdüşeriň saçyny tetripleýän dellegiň işleýşini synlady. Iň soňundanam merhemet edip, özüne niýetlenen täze egin-eşigi kabul etmegini Ramsesden dyza çöküp ýalbardy. Ol täzelikde dokalan matadan tikilen köýnekden, göwher bilen bezelen öňlükden, altyn tutulan juda berk, emma şeýle ýuka hem-de ýumşak bolansoň, gysymyňa gysaýmaly matadan tikilen ýapynjadan ybaratdy. Mirasdüşer mylaýymlyk bilen razyçylyk berdi, şeýle ajaýyp sowgady hiç wagtda almandygyny aýtdy. Häkim Ramsesi meýlis zalyna alyp baran mahaly Gün eýýäm batypdy. Ol sütünlerdir mozaika bilen gurşalan uly howludy. Tutuş diwarlar uruşlary, deňiz syýahatlaryny, aw awlanylyşyny şekillendirýän suratlar bilen bezelip, olar Sofranyň ata-babalarynyň durmyşynyň beýanydy. Howlynyň depesinde üçegiň deregine dürli reňkdäki ganatyny ýaýyp duran kebelek bolup, şol ganatlar howany salkynlatmak üçin göze görünmeýän gullar tarapyndan herekete getirilýärdi. Sütünlere berkidilen bürünç çyralardan ýakymly ys ýaýraýardy. Zal iki bölekden ybarat bolup, olaryň biri boşdy, beýlekisi nahara çagyrylan adamlara niýetlenen stollardyr kürsülerden doludy. Onuň töründäki tagta sekide, gapdallary açylýan oňat bezelen çadyrda Ramses üçin stol hem ýörite ýer taýýarlanyp goýlandy. Her stolda uly gül küýzeler ýa-da palmaly, akasiýaly, injir agaçly çelekler durdy. Mirasdüşeriň stoly zala ýakymly ys ýaýradýan hwoýa ösümligi bilen bezelendi. Ýygnanan myhmanlar şa ogluny şadyýan ses bilen garşyladylar. Ramses zal doly görnüp duran çadyryň içine geçenden soň, onuň golaý adamlary stollaryň başynda ornaşdylar. Arfalar owaz eýläp ugradylar. Zala gymmatbaha şaý-sepleri öwşün atýan, gursaklary açyk, aňyrsy görnüp duran köýnekli zenanlar girdiler. Olardan iň owadan dört gyz Ramsesiň daşyna aýlanyp, galanlary onuň tanymal adamlarynyň ýanynda oturdylar. Howada bägülleriň, landyşlaryň we benewşe gülleriň atyr ysy bark urýardy. Ramsesiň çekgesi tirpildäp başlady. Ak, açyk gyzyl we gök köýnekli gullardyr gyrnaklar süýji nygmatlary, gowrulan guş hem aw etini, balyk, çakyr, miwe, şeýle-de, oturanlar kellesine geýer ýaly, gülden ýasalan otaga getirip başladylar. Äpet kebelek ganatyny kakmasyny artdyrdy. Boş zalda tansçy zenanlar, howada hereket edijiler, masgarabazlar, hokgabazlar gezekli-gezegine çykyş edip ugradylar. Olardan kimdir biri has ussatlyk görkezende, tomaşaçylar oňa öz otagasyndan gül ýa-da altyn ýüzük oklaýardylar. Hökümdaryň, häkimdir onuň maşgalasynyň hormatyna aýdylýan sesler bilen arasy kesile-kesile, naharlanma birnäçe sagada çekdi. Ýolbarsyň altyn dyrnakly derisi düşelen ýörite ýerde gyşaryp ýatan Ramsese döpt hanym hyzmat edýärdi. Olaryň biri hökümdary ýelpeýärdi, beýlekisi başyna geýen otagasyny çalşyryp durýardy, galan ikisi agzyna nahar tutýardy. Nahar iýişlik tamamlanyp gelýärkä, beýlekilere garanda has höwesli gürrüň edýän gyzy oňa bir bulgur çakyr uzatdy. Onuň ýarysyny Ramsesiňň özi içdi, galanyny gyza berdi; ol içip bolandan soňra hem, dodagyndan öpdi. Gullar derrew çyralary öçürdiler, kebelek ganat kakmasyny bes etdi, Ine, onsoň garaňky zala ümsümlik aralaşdy. Ony diňe zenanalaryň tolgunçly gülküleri bozýardy. Birdenem gyssanmaç golaýlaşyp gelýän adamlaryň aýaklarynyň tapyrdysy, erkek kişiniň gyryljyk sesi eşidildi. Ol: - Goýberiň meni!.. Mirasdüşer nirede?.. Hany mirasdüşer? – diýip gygyrýardy. Zalda başagaýlyk başlandy. Zenanlar gorkudan aglaşýardylar, erkekler: - Bu näme boldugy? Mirasdüşeriň janyna kast ediljek bolunýarmy? Eý, sakçylar! – diýşip gygyryşýardylar. Döwülýän gap-gaçlaryň jyňňyrdysy, oturgyçlaryň jatyrdysy eşidilýärdi. Içeri kürsäp giren nätanyş: - Mirasdüşer nirede? – diýip gygyrdy. Zaldan: - Sakçylar! Mirasdüşeri goraň! – diýen ses ýaňlandy. Gysga taýaklara berkidilen çyralary alyp geldiler. Zalda döwlen hem-de agdarylan agaç goşlar çalam-çaş bolup ýatyrdy. Nahara çagyrylanlar olaryň aňyrsyndan jyklaşýardylar. Tagta sekide oturan mirasdüşer egninden gujaklap şumşaryşýan näzeninleriň ellerinden sypdy. Ýasama saçy hüžžeren Tutmos kim şa ogluna golaýlaşsa, süýr depesinden indermek üçin bürünç küýzäni eline aldy. Gapylaryň agzynda ýaraglanan birnäçe esger peýda boldy. - Bu näme boldugy? Bärde kim bar? – diýip, häkim gorkuly seslendi. Ýygnanalar başagaýlygyň günäkärini diňe indi gördüler. Endamy garagäz, arkasy ganjaryp duran ýara yzly, äpet göwreli adam edil tagta sekiniň öňünde ellerini mirasdüşere uzadyşyna, dyzyna çöküp otyrdy. Häkim: - Ynha, garakçy! Tutuň ony! – diýip gygyrdy. Tutmos küýzäni ýokary galdyrdy, gapylaryň agzynda duran esgerler tagta sekä tarap ylgadylar.Ýaraly adam ýüzüni tagta sekiniň basgançajygyna goýup: - Müsüriň Güni, merhemet eýle! – diýip towakga etdi. - Esgerler ony tutmakçy bolanlarynda, Ramses biçäräniň ýanynda peýda boldy. - Oňa degmäň! – diýip, ol esgerlere gygyrdy. Soňra äpet kişä ýüzlenip: - Menden saňa näme gerek? – diýip sorady. - Men saňa öz kinelerimizi beýan etmekçi bolýan, hökümdar! Sofra hökümdaryň ýanyna baryp, onuň gulagyna: - Bu – giksos. Onuň bulaşyk sakgalyna, saçyna seret. Munuň üstesine, garakçynyň bihaýalyk bilen bäri urduryp girmegi onuň ýerli müsürli däldigini görkezýär – diýip pyşyrdady. - Sen kim? – diýip, Ramses sorady. - Men – Bakura, Sehemdäki ýer gazyjylar toparyndan. Biz häzir işsiz, sebäbi Otoý bize...buýransoň... Gahardan ýarylaýjak bolýan Sofra: - Munuň arakhordygy, dälidigi görnüp dur ahyry! Ol seniň bilen şeýdip gepleşmäge neneň het edip bilýär? – diýip, onuň gulagyna gaýtadan pyşyrdady. Ýöne Ramses häkime şeýle bir gyňralyp seretdi weli, ol ýaranjaňlyk bilen tagzym edip, yza tesdi. - Hawa, Otoý size näme buýurdy? – diýip, hökümdar Bakuradan sorady. - Ol, hökümdar, bize üýşüp Niliň kenaryna barmagy, özümizi suwa oklamagy, ýollaryň çatryklarynda durup, sizi şatlykly ses bilen garşylamagy buýurdy. Şeýdenimiz üçin degişli pul tölejekdigine söz berdi...Ynha, indi iki aýdyr, hökümdar, ne arpa çöregi, ne balyk, ne-de bedenimize çalar ýaly zeýtun ýagy - biz hiç zat alamzok! - Sen muňa näme diýjek? – diýip, hökümdar häkimden sorady. - Arakkeş, garakçy...Bihaýa jypdyrun!.. – diýip, Sofra jogap gaýtardy. - Ýeri, onsoň siz ol ýerde meniň hormatyma näme diýip gygyryşdyňyz? - Näme buýrulan bolsa, şony! Aýalymdyr gyzym-a beýlekiler bilen bilelikde: "Goý, ol baky ýaşasyn!“ diýip gygyrdylar, menem özümi suwa oklap, seniň gaýygyňa otaga zyňdym. Munuň üçin maňa ýarym deben bermelidiler. Sen, alyjenap, Atrib şäherine gitmek isläniňde, men buýruk boýunça özümi at toýnagynyň astyna oklap, arabany sakladym. Hökümdar hahahaýlap güldi. - Dogrudanam, men öz meýlisimiz şeýle şatlykly tamamlanar öýtmändim!.. Ýeri, onsoň saňa arabany saklandygyň üçin näçe tölediler? - Üç deben wada berselerem, ne maňa, ne aýalyma, ne-de gyzyma hiç zat bermediler. - Günüňizi nädip aýlaýaňyz onsoň? - Sadaka ýa-da daýhanlardan gazanmak başardýan odur-budur bilen. Biz şeýle agyr mätäçlik sebäpli üç gzezek aýaga galyp, öýe dolanmak isledik. Ýöne serkerdelerdir mürzeler, bir görseň-ä, bize tölejekdiklerini wada berdiler, bir görseňem, bizi ýençmegi buýurdylar... - Meniň hormatyma gygyryşanyňyzyň sylagyny ýetiripdirler-ow? – diýip, mirasdüşer gülüp durşuna söz oklady. - Hawa, jenap...Düýn bizde has uly gozgalaň boldy. Hormata mynasyp häkim Sofra her onunjy adamy saýgylamagy buýurdy. Taýak hemmä-de ýetdi weli, maňa ýeteni olardan artyk boldy, sebäbi, birinjiden-ä, boýum uzyn, ikinjidenem, üç agzy: özümi, aýalymy, gyzymy eklemeli. Seniň alnyňda ýüzin düşüp ýatmak hem-de öz arzymyzy aýtmak üçin, men ýenjilen halda olaryň elinden sypdym. Eger günäli bolsak, bizi ýenç, mürzeler düşýän paýymyzy tölesinler, ýogsam biziň özümiz, aýallarymyz, çagalarymyz açlykdan gyrylýarys... - Bu bir telbe-le! Siziň alyhezretiňiz, munuň maňa nähili ýitgi çekdirendigine seretmäge maňa ygtyýar ediň. Men bu kül edilen stollar, gap-gaçlar, küýzeler üçin on talant berilse, almazdym. Birneme özüne gelip ugran myhmanlaryň arasynda nägilelik başlandy. Olar: - Tüýs garakçy!.. Serediň-ä, hakyky giksos bi, onda entek Müsüri tozduran ata-babalarynyň näletysiňen gany möwç urýar. Şeýle gymmat bahaly agaç goşdy... Şeýle gymmatly gap-gaçdy... Ählisini kül-uşak etdi! - diýşip pyşyrdaşýardylar. - Öz hakyny almadyk işgärleriň birje gozgalaňy şu ähli baýlyga garanda döwlete köp zyýan ýetirýär – diýip, Ramses kesgitli aýtdy. Myhmanlaryň arasynda: - Mukaddes sözler...Bulary heýkele ýazyp goýmaly! Gozgalaň adamlaryň işden ünsüni sowup, patyşanyň ýüregini gam-gussadan doldurýar... Oşçileriň iki aýlap öz haklaryny alman gezmekleri ýolbererliksiz ýagdaýdyr – diýen sesler ýaňlandy. Hökümdar bulut ýaly üýtgäp duran köşk adamlaryna mese-mälim ýigrenç bilen seretdi-de, häkime berk sargady: - Saňa şu ezýet çekýän adama esewan bolmagy tabşyrýan. Men onuň saçynyň ýekeje tarynyň-da gaçmajagyna ynanýan. Şeýle-de, ertir tutuş topary görüp, munuň aýdýanlarynyň dogrudygyny barlamak isleýän. Şeýle diýdi-de, Ramses häkimdir myhmanlary aljyraňňy ýagdaýda goýup, çykyp gitdi. Ertesi gün mirasdüşer Tutmosyň kömegi bilen geýnip durşuna, ondan: - Işgärler geldilermi? – diýip sorady. - Hawa, hökümdar, olar daňdandan bäri seniň buýrugyňa garaşýarlar. - Şol...Bakura-da olaryň ýanyndamy? Tutmos ýüzüni çalarak çytyp: - Geň ýagdaý bolup geçipdir: hormata mynasyp Sofra ony özüniň köşgüniň boş ýerzemininde bekläp goýmagy buýrupdyr. Myrryhyň eden işini gör-ä: çakdanaşa güýçli bolansoň, çakyr duran beýleki ýerzeminiň gapysyny döwäge-de, birnäçe örän gymmat küýzeleri agdar-düňder edip, şeýle bir içipdir...- diýip, jogap gaýtardy - Näme, näme? - Içip-içip, ölüp galypdyr. Ramses: - Senem onuň çakyrdan ölendigine ynanýamyň? - diýip, gaharly gygyrdy. - Ony öldürendikleri barada subutnama bolmasa, ynanman dagy nädeýin – diýip, Tutmos jogap gaýtardy. Ramses: - Men olary gözlärin! – diýip zarply aýtdy. Ol gazaba münen ýolbars ýaly arlap, otagda eýläk-beýläk ylgady. Ramses köşeşende, Tutmos: - Hökümdar, günäni görünmeýän ýerden gözleme; sen hatda şaýatlary-da tapmarsyň. Eger kimdir biri şol işçini häkimiň buýrugy boýunça bogup öldüren bolanlygynda hem, ol hergiz boýun almaz. Merhumyň-da hiç zat aýtmajakdygy belli. Aslynda-ha onuň häkimden nägileligine kim gulak gabartjakmyşyn?..Bärde hiç bir kazy derňew işini alyp barmaga razy bolmaz – diýdi. - Eger men emir etsem näme? - Onda olar derňew geçirerler-de, Sofranyň günäkär däldigini subut ederler. Häkimleriň hemmesi, olaryň dogan-garyndaşlary, desmalçylary seniň duşmanyňa öwrüler-de, özüň gelşikzis ýagdaýa düşersiň. Şa ogly otagyň ortasynda pikire çümüp durdy. Tutmos sözüni dowam etdirdi: - Galyberse-de, hemme kişi hamala biçäre Bakuranyň arakhor ýa-da däli, iň esasy hem, keseki bolandygyny aýdýarlar. Eýsem, hakyky, akly düzüw müsürli, hatda bir ýyllap iş hakyny tölemänlerinde-de, has artyk ýenjenlerinde-de häkimiň köşgüne okdurylyp girmäge, şeýle çirkin ses bilen hökümdary çagyrmaga ýürek edip bilermidi? Ramses başyny atdy, goňşy otagda köşk adamlarynyň durandygyny görüp, ýuwaş ses bilen: - Bilýämiň, Tutmos, men bu syýahata ugralym bäri, Müsür göwnüme başga bir ýurt ýaly...Kämahal özümden: „Men bu ýurtda ýat adam-a däldirin-dä hernä?“ diýip soraýan. Aram-aram bolsa meniň ýüregimi howsala gaplaýar, edil gözümiň öňünde örtük bar ýaly: golaýymda nejislik edilýär, men weli göremok... - Sen ony görjegem bolma, ýogsam saňa biziň hemmämizi daş döwülýän ýere ugratmaly ýaly bolup görner – diýip, Tutmos gülüp jogap gaýtardy. – Ýadyňda sakla, häkim bilen emeldarlar – bular seniň sürüleriň çopanlarydyr. Eger kimdir biri özi üçin bir golça süýt sagyp alaýsa ýa-da goýun öldüräýse, sen onuň ne-hä ganyna galarsyň, ne-de kowarsyň. Sebäbi seniň goýnuň köp, çopan tapmak bolsa ýeňil däl. Eýýäm geýnen hökümdar öz ýaranlary bolan žresler, serkerdeler we emeldarlar üýşüp duran kabulhana geçdi. Olar bilen bilelikde köşkden daşky howla çykdy. Howlynyň meýdany giňdi. Oturdylan akasiýa agaçlarynyň saýasynda hökümdara işgärler garaşýardy. Olar surnaý ýaňlanandan ýerlerinden atylyp galdylar we bäş hatara düzüldiler. Daşyny golaý adamlary gallan Ramses ilki ýer gazyjylara uzakdan syn etmek üçin birden aýak çekdi. Olar ak çepesli, buduň üsti şeýle reňkdäki daňyly, ýalaňaç adamlardy. Olaryň arasyndan goňur müsürlileri, gara negrleri, sary aziýalylary hem-de Liwiýanyň, Ortaýer deňziniň adalarynyň ak oturymly adamlaryny tapawutlandyrmak kyn däldi. Birinji hatarda – külüňli, ikinjide – kätmenli, üçünjide – pilli ýer gazyjylar durdular. Dördünji hatar gazylyp çykarylýan syrykdyr iki bedräni saklap duran , bäşinji hatarlar gazylyp çykarylýan topragy daşaýjylardan ybaratdy. bärdäkileri syrykdyr iki bedräni saklap durdular; aňyrdakylary bolsa ullakan zemmer – gapyrjaklar bolup, olaryň hersiniň ýanynda iki adam bardy. Öňde, on ädimden gowrak daşlykda ussalar durdular; olaryň her biriniň elinde ýogyn taýak we agaçdan sirkul ýa-da üçburçluk bardy. Ramses olaryň ýanyna golaýlaşanda, duranlar biragyzdan: „Goý, ol baky ýaşasyn!“ diýip gygyryşdylar-da, dyza çöküp, ýüzin düşüp ýatdylar. Hökümdar olara turmagy buýrup, ünsli garamagyny dowam etdirdi. Olar sagdyn, güýçli adamlardy; iki aý bäri diňe sadaka bilen ýaşaýana meňzänokdylar. Hökümdaryň ýanyna häkim Sofra öz golaý adamlary bilen geldi, ýöne Ramses ony görmeýänden bolup, ussalaryň birine: - Siz ýer gazyjylarmy? – diýip ýüzlendi. Ol özüni ýere goýberdi-de, sesini çykarmady. Ramses egnini ýygryp, işçilere gygyrdy: - Siz Sehemdenmi? - Olar biragyzdan: - Biz sehemli ýer gazyjylar – diýip jogap gaýtardylar. - Iş hakyňyzy aldyňyzmy? - Aldyk. Biziň garnymyz dok, özümizem bagtly, onuň hormatlysy faraonyň hyzmätkärleri - diýip, olaryň hemmesi ýene biragyzdan her bir sözi pert-pert aýtdylar. Hökümdar: Çepe öwrüliň! – diýip buýruk berdi. Işçiler öwrüldiler. Olaryň tas her biriniň arkasynda taýakdan galan çuňňur hem ýygjam ýaralar bolsa-da, täze däldi. "Meni aldaýarlar“ diýip, hökümdar oýlandy. Ol işçilere gazarma dolanyp barmagy buýrup, öňküsi ýaly häkime üns bermän, köşge öz bolýan ýerine ugrady. - Senem maňa olar sehemli işçiler diýjekmi? – diýip, ol ýolda Tutmosdan sorady. - Weý, muny saňa olaryň özleri aýtdy ahyry! – diýbip, Tutmos jogap gaýtardy. Ramses aty getirmeklerini emir etdi we şäheriň daşynda düşlän öz goşun ýygynyna tarap ugrady. Ol uzyn güni esgerlere tälim bermek bilen geçirdi. Günorta golaý häkimiň yzyna düşen onlarça ýükçi çadyr, gap-gaç, iýmit, çakyr göterişip, tälim berilýän meýdança geldiler. Emma hökümdar olary yzyna – Atraba ugratdy. Esgerleriň günortan naharyny edinmeli wagty gelende bolsa, ol özüne kakadylan et bilen süle çöregini getirmeklerini buýurdy. Ol liwiýaly hakyna tutma ýygyndy. Iňrik garalan çagy hökümdar ýaraglaryny goýmagy emir edip, olar bilen hoşlaşanda, esgerlerdir serkerdeler aklyndan azaşan ýaly boldular. Olar: "Baky ýaşa!“ diýip gygyryşyp, hökümdaryň el-aýagyny ogşadylar, naýzalardyr ýapynjalardan kejebe ýasap, ýolda ony götermegi özlerine mertebe bilip, aýdym bilen köşge çenli alyp gitdiler. Häkimdar welaýatyň emeldarlary liwiýaly wagşylaryň mirasdüşere uly şatlykly söýgüsinui hem-de onuň esgerlere mähirli gatnaşygyny görüp, ynjalyksyzlandylar. - Gör, nähili hökümdar! Eger ol islese, bu adamlar bizi-de, çagalarymyzy-da gylyçdan geçirerler – diýip, beýik mürze Sofranyň gulagyna pyşyrdady... Gamlanan häkim içinden hudaýlara ýüzlenip hem-de özüni olaryň merhemetli penakärligine tabşyryp, uludan dem aldy. Ramses öz köşgüne giçlik dolanyp geldi. Öýdeniçer oňa ýatmak üçin başga otag berendiklerini aýtdy. - Näme sebäpden? - Siziň ýatýan otagyňyzda zäherli ýylan görüpdirler. Gaty gizlin ýere sümensoň, näçe gözleselerem, tapmak başartmandyr. Täze ýatyş otagy häkimiň öýüne ýanaşyk duran goşmaça salnan jaýdady.Çar ýanyny sütünler gurşan dörtburç otagyň alebaster diwarlary aşakda – güldandaky ösümlikleri, ýokarda bolsa – zeýtunyň we lawryň ýapraklaryndan girlýandlary şekillendirýän reňkli barelýefler bilen örtülendi. Otagyň ortasynda gara agaç, piliň gyýagy we altyn bilen owadanlanan ýörite ýer taýýarlanyp goýlupdyr. Ýatyş otagy iki gysga taýaga berkidilen, ýakymly ys ýaýradyp duran çyra bilen ýagtylandyrylýardy. Sütünleriň düýbünde üsti çakyrly, iýmitli hem-de bägülden ýasalan otagaly stoljuk durdy. Ýokarda kendir mata bilen ýapylan dörtburç deşik bardy. Ramses suwa düşenden soň, ýumşak düşege geçdi. Öýdeniçer çetki otaga gitdi. Çyralar ýanyp söndi. Otaga gülleriň hoşboý ysy siňen şemal girýardi. Ýokarda arfanyň pessaý owazy ýaňlanýardy. Ramses başyny göterdi. Ýatyş otagynyň kendir matadan üçegi açyldy-da, asmanda Şir ýyldyzlar topary we onda has nur saçýan Regul ýyldyzy göründi. Arfanyň owazy has batly ýaňlanyp ugrady. "Meniň ýanyma hudaýlar myhmançylyga geljek däldir-dä hernä?“ diýip, Ramses kinaýaly ýylgyrdy. Otagyň ýokarsyndaky deşikde ýagtylygyň giň, aýdyň, ýöne ýiti bolmadyk zolagy göründi. Birneme wagt geçenden soň, ýokarda güllerden ýasalan dalbarly altyn gaýyk peýda boldy; onuň sütünleri bägülden girlýandlar bilen örtülendi, depesi bolsa benewşedir lotos bilen bezelendi. Ýaşyl ösümlikler oralan ýüpli altyn gaýyk ýere sessiz indi; gülleriň arasyndan üýtgeşik owadan ýalaňaç gyz çykdy. Onuň bedeni göýä mermerden ýonulyp ýasalan ýalydy, tolkunlaýan dury saçyndan bolsa ýakymly ys bark urýardy. Özüniň howa gaýygyndan çykan näzenin dyz epdi. - Sen Sofranyň gyzy-ha dälsiň-dä? – diýip, mirasdüşer ondan sorady. - Bildiň, hökümdar. - Oňa garamazdan, meniň ýanyma geldiňmi? - Seniň kakamy bagyşlamagyň üçin ýalbarmaga geldim... Ol betbagt!.. Günortandan bäri ýas baglap, gözýaş döküp ýatyr. - Eger men ony bagyşlamasam näme? Gidiberjekmi? - Ýok – diýip gyz pyşyrdady. Ramses ony özüne çekip, hyjuwly öpdi. Mirasdüşeriň gözleri ýanyp ugrady. - Ony munuň üçin bagyşlasa bolar – diýdi. - Sen, gör, nähili hoşgöwün! – diýip, gyz şa ogluna gysmyljyrap, begençli seslendi. Soňra sözüniň üstüni ýetirdi: - Şol telbe işçiniň oňa ýetiren zyýanynyň öwezini dolmagy-da buýrarmyň? - Buýraryn. - Meni öz ýanyňa köşge-de alarmyň? - Alaryn, sen eýjejik ahyry. Gyz onuň boýnuna oraldy. - Dogrudanam?.. Hany, maňa golaýdan seret... Müsüriň näzeninleriniň arasynda men diňe dördünji orundadyryn. - Bu näme diýdigiň? - Memfisde ýa-da Memfise golaý ýerde seniň ilkinjiň ýaşaýar. Bagtyma, ol jöhit. Ikinji – Sehemde. Ramses: - Men-ä ol hakda hiç zat bilemok – diýdi. - Wah, sen ýazyksyz kepderi! Sen, belki, üçünjini-de, Ondakyny-da bilýän dälsiň? - Näme, ol hem meniň öýüme degişlimi? Näzenin ony lotosyň güli bilen uran boldy-da, batly ses bilen: - Gadyrbilmez! Bir aýdan soňra sen men barada hem şeýle diýersiň... Ýöne men öz göwnüme degdirmerin – diýdi. - Edil öz kakaň ýaly... Gyz onuň sözüni agzyndan kakdy: - Sen, näme, ony entegem bagyşlaňokmy? Birden gidibermäýin... - Ýok, gal... gal!.. Hökümdar ertesi gün Sofranyň öz hormatyna guran dabarasyna gatnaşdy, märekäniň öňünde onuň welaýaty dolandyryşyny öwdi, özüne On şäherinde getirilen gap-gaçlaryň, enjamlaryň ýarysyny serhoş işçi tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezine sowgat berdi. Şol sowgatlaryň beýleki ýarysyny häkimiň gyzy, näzenin Abeb indi köşk hanymy hökmünde aldy. Ýöne munuň bilen kanagatlanman, egin-eşikler, atlar, gyrnaklar üçin Ramsesiň gaznasyndan özüne bäş talant bermäge-de mejbur etdi.Mirasdüşer agşam pallap oturyşyna, Tutmosa: - Patyşa – meniň kakam bir hakykaty: aýallaryň gymmat düşýändigini gulagyma guýupdy - diýdi. - Olar ýok bolsa, ýamany şoldur – diýip, bezemen ýigit jogap gaýtardy. - Ýöne mende dördüsi bar. Men olaryň ikisinden-ä ýüz öwrüp biljek? - Sarradanammy? - Ýok, ony ynjydyp bolmaz, aýratynam, ogul dünýä injek bolup durka... - Eger sen gowy şaý-sep belleseň-ä, bu gumrulara är tapylardy... Mirasdüşer ýene pallady. - Şaý-sep barada diňläsim gelenok. Men ahyry bärden sypyp, žresleriň arasynda ýaşaryn. E-e-eh! Gör, nähili bagt! - Sen, dogrudanam, bu barada pikir edýämiň? - Pikir etmeli bolýar. Belki, men faraonlaryň ne sebäpden garyp düşýändiklrerini ahyrsoňy olardan bilerin. E-e-eh!.. Şeýle bir dynç alaryn... ÝIGRIMI BÄŞINJI BAP Edil şol gün tagtyň mirasdüşeriniň örän hormatly adamy, pul bilen iş salyşýan edaranyň hojaýyny, finikiýaly Dagon Memfisde öz köşgüniň sütünleriniň eteginde goýlan ýumşak sekide gyşaryp ýatyrdy. Ony çeleklerde ýetişdirilen ýakymly ysly hwoýa ösümlikleri gallaýardy. Iki gara gul baý kişiniň bedenini ýelpeýärdi, onuň özi bolsa maýmynjyk bilen güýmenip oturyşyna, mürzäniň hasabatyny diňleýärdi. Birden demir başgaply, gylyçdyr naýza bilen ýaraglanan, eli galkanly gul (harby enjamlar Dagona ýaraýardy) içeri girip, Memfisde ýaşaýan täjir, hormatly Rabsunyň gelendigini habar berdi. Myhman baş egip girdi-de, Dagona göz gatagy bilen şeýle bir seretdi weli, ol derrew mürzä we gula çykmagy buýurdy. Soňra ätiýaçly adam bolansoň, oturan ýeriniň ähli burçuna seredip çykdy-da, myhmana: - Indi gepläberseň bolar – diýdi. Rebsun derrew esasy gürrüňe geçdi: - Tirden knýaz Hiramyň gelendigi siziň merhemetliňize mälimmikä? Dagon ýumşak sekiden atylyp turdy. - Goý, onuň özüni-de, knýazlygy-da heýwere keseli alyp ýatsyn! – diýip gygyrdy. Myhman sowukganlylyk bilen gürrüňini dowam etdirdi: - Ol edil maňa ikiňiziň araňyzda düşünişmezlik bolandygyny aýtdy... - Düşünişmezlik diýilýäni näme? – diýip, Dagon gygyrmasyny dowam etdi. – Ol garakçy meni talady, zadyma el urdy, tozdurdy... Men öz gämilerimi kümüş getirtmek üçin Tiriň beýleki gämileriniň yzy bilen günbatara ugradanymda, şol myrryh Hiramyň gämi sürüjileri olary otlap, suwuň düýbüne çümdürmek isläpdirler... Netijede, meniň gämilerim yzyna garaýanyk, bölek-bölek halda boş dolanyp geldiler... Goý, ony asmanyň ody ýakyp öldürsin!.. Süýthor edil guduzlan ýalydy. - Eger Hiramda siziň merhemetliňiz üçin bähbitli iş bar bolsa näme? – diýip, myhman sowukganlylygyny saklap sorady. Dagonyň gursagynda möwç urýan harasat şobada ýatdy. - Onda maňa dahylly näme iş bolup biljekka? – diýip, ol örän arkaýyn äheň bilen sorady. - Ony siziň merhemetliňize Hiramyň özi aýdar. Ýöne ol ilki siz bilen duşuşmaly. - Eger şeýle bolsa, goý, meniň ýanyma gelsin. - Ol bolsa siz onuň ýanyna barmaly diýip pikir edýär. Sebäbi ol Tiriň Ýokary mejlisiniň agzasy. - Garaşsyn... Men barýançam ölüp gidäýmezmika!.. Myhman kürsini Dagonyň ýatan ýumşak sekisine tarap süýşürip, onuň buduna kakdy. - Dagon, akylly bol. - Men, näme, akylly dälmi? Onsoňam sen nämüçin maňa “siziň merhemetliňiz” diýeňok? - Akmak bolma, Dagon. Eger ol seniň ýanyňa gelmese, senem onuň ýanyna barmasaň, siz iş barada nädip gepleşjekmişiňiz? Puluň hojaýyny gaýtadan gyzyp ugrady: - Seniň özüň akmak, Rabsun! Sebäbi eger men Hiramyň ýanyna gidip, şu hoşamaýlyk sebäpli öz gazanjymyň ýarysyny ýitirmesem, goý, meniň elim gurasyn! Myhman pikire gitdi. Soňra: - Ynha, dana sözler. Men saňa, ine, näme aýtmakçy: senem, Hiramam meniň ýanyma gelýäňiz-de, şol ýerde oýlanyşýaňyz. Dagon kellesini bir gapdala gyşardyp, gözüni mekirlik bilen gypyp: - Rabsun, hany, dogryňy aýt: sen munuň üçin näçe aldyň? – diýip sorady. - Näme üçin? - Meniň seniň ýanyňa baryp, şol deýýus bilen gepleşjekdigim üçin. - Bu iş bilen tutuş Finikiýa gyzyklanýar, men ondan gazanç etmek islämok – diýip, Rabsun gaharly jogap gaýtardy. - Goý, saňa bergileri şu “hakykat” ýaly edip gaýtaryp bersinler! - Eger men mundan nämedir bir zat gazanýan bolsam, olary maňa asla bermesinler! Diňe Finikiýa munda hiç zat ýitirmese bolýar! – diýip, Rambsun ýirgrenç bilen gygyryp aýtdy. Sene – meneli gürrüň tamamlandy. Myhman çykyp gitdi. Dagon iňrik garalmazynyň öň ýanynda alty sany gul götermeli kejebä mündi. Öňden elleri syrykly hem-de iki gysga taýaga berkidilen çyraly iki çapar haýdaşyp barýardy; kejebäniň yzyndan dabanyndan depesine çenli ýaraglanan dört hyzmatkär gelýärdi – ýaraglar howpsuzlygyň hatyrasyna däl-de, eýsem, Dagonyň soňky wagtlar göýa esger ýaly, öz töweregini ýaragly adamlaryň gurşamagyny halaýandygy üçin göterilýärdi. Ol kejebeden hondanbärsi bolan bolup düşdi we her ýanyna bir gul alyp (üçünjisi onuň depesinde saýawan göterýärdi), Rabsunyň öýüne girdi. Ol hojaýyndan: - Ol... neme... Hiram nirede? – diýip, ulumsylyk bilen sorady. - Ol bärde ýok. - O nähili ýokmuşyn? Men, näme, oňa garaşmalymy? - Hiram bu otagda ýok, ol şundan üçünjide – meniň aýalymyň ýanynda. Ol ýassykdaşyma myhmançylyga geldi. Süýthor özüni ýumşak sekä goýberdi – de: - Men onuň ýanyna barjak däl! – diýdi. - Sen goňşy otaga geçersiň, ol hem şol ýere barar. Uzaga çekmedik sene – meneden soň, Dagon onuň bilen ylalaşdy we öý eýesiniň ümlemegi bilen, goňşy otaga geçdi. Şol bir wagtyň özünde beýleki otagdan gysga boýly, çal sakgally, başy altyn halkaly, altyn öwüşginli eşikli adam çykdy. Otagyň ortasynda duran öý eýesi: - Ynha, bu onuň jenaby, Tiriň Ýokary mejlisiniň agzasy, knýaz Hiram. Bu bolsa onuň alyhezreti – tagtyň mirasdüşeriniň hem-de Aşaky Müsüriň hökümdarynyň pul bilen iş salyşýan edarasynyň hojaýyny, örän hormatly Dagon – diýdi. Iki tanymal myhman ellerini gursaklaryna goýup, biri-birine tagzym etdiler we otagyň ortasynda aýratyn goýlan oturgyçlara geçdiler. Hiram boýnundan asylan ullakan altyn medaly görkezmek üçin köýnegini birneme açdy. Dagon muňa jogap hökmünde şa ogly Ramsesden alan ýogyn altyn zynjyryny oýnap başlady. Ýaşuly: - Men, Hiram, jenap Dagon, size salam berýärin hem-de uly baýlyk, işiňizde üstünlik arzuw edýärin – diýdi. - Men, Dagon, jenap Hiram, size salam berýärin hem-de maňa isleýän zadyňyzy özüňize-de arzuw edýärin. - Siz, näme, meniň bilen sögüşip ugradyňyzmy? – diýip, Hiram oňa herreldi. - Weý, bu ne gep boldugy? Rabsun, hany aýt, eýsem, men onuň bilen ýaňkalaşýanmyy?- diýip, Dagon öý eýesine ýüzlendi. - Gowusy siziň merhemetliňiz iş barada aýtsyn – diýip, Rabsun ony köşeşdirdi. Huram sähel salym dymandan soň: - Siziň Tirdäki dostlaryňyz meniň üstüm bilen size gyzgyn sallam ýolladylar – diýdi. - Olar maňa başga hiç zat ýollamadymylarmy? – diýip, Dagon ýaňsyly sorady. Hiram sesini gataldyp jogap gaýtardy: - Eýsem, olardan size başga näme gerek? - Öý eýesi ara goşuldy: - Ýuwaş!.. Sögüşmeseňizläň!.. Hiram birnäçe gezek uludan dem alyp: - Dogry aýdýaň, agyz alardyşmaly däl. Finikiýa agyr günler aralaşyp gelýär-diýdi. - Näme, deňiz biziň Tirimizi ýa-da Sidony gark edipdirmi? – diýip, Dagon ýene kinaýaly seslendi. Hiram tüýkürindi-de, ondan: - Siz ne sebäpden bu gün beýle gaharly? – diýip sorady. - Men özüme "siziň merhemetliňiz“ diýlip ýüzlenilmese, hemişe gaharlydyryn. - Eger şeýle bolsa, siz nämüçin maňa „siziň jenabyňyz“ diýip ýüzleneňzok? Men knýaz ahyry!.. - Belki, siz Finikiýada knýazsyňyz. Ýöne Assiriýada weli siz islendik welmožanyň ýanyna baranyňyzda, resmi kabul edilýän jaýyň girelgesinde üç günläp irikge bolýarsyňyz. Kabul edileniňizde bolsa, her bir finikiýaly söwdagär ýaly, garnyňyňzida ýatýarsyňyz. Hiramyň ýakasyndan köz oklanan ýaly boldy. Ol: - Sizi gazykda oturdyp biljek wagşynyň alnynda, eýsem, özüňiz näderdiňiz? – diýip gygyrdy. Dagonyň jogaby nagt boldy: - Özümiň näme etjekdigimi men bilemok. Ýöne men Müsürde mirasdüşer bilen bir ýumşak sekide oturýaryn. Ol öňkiniň üstüne häzir hökümdaram boldy. Oda galan öý eýesi: - Ylalaşaweriň, siziň merhemetliňiz!.. Ylalaşaweriň, siziň jenabyňyz!..- diýip, olara höre-köşe edýärdi. - Ylalaşmaly!..Men bu jenabyň ýönekeý bir finikiýaly jerçidigi bilen ylalaşýan. Ýöne özüni alyp barşyny gör-ä: maňa bolmalysy ýaly hormat bilen garanok – diýip Dagon gygyrdy. Hiramyň sesi onuňkydanam gaty çykdy: - Meniň ýüz sany gämim bar! - Onuň hormatlysy faraonyň bolsa ýigrimi müň sany şäheri, şäherçeleri, obalary bar1 Rabsunam sesini gataldyp, gürrüňe goşuldy: - Siz tutuş işiňem, tutuş Finikiýanyňam tepbedini okarsyňyz! Hiram ýumruklaryny düwse-de, sesini çykarmady. Sähel salymdanam Dagona ýüzlenip: - Ýöne, siziň merhemetliňiz, siz şol ýigrimi müň şäherden hakykatda faraona degişlisiniň şeýle bir kän däldigini boýun almalysyňyz – diýdi. Dagon: - Siziň jenabyňyz, siz ýedi müň sany şäheriň-ä ybadathanalara, ýedi müň sanysynyň-da tanymal welmožalara degişlidigini aýtmakçy bolýaňyzmy? Nähili bolanda hem, patyşa ýene alty müňi galýar – diýip jogap gaýtardy. - Juda beýle-de däl! Eger, siziň merhemetliňiz, ondan žreslerde girewine duran üç müňe golaýyny hem-de biziň finikiýalylarymyza kärendesine duran iki müňe golaýyny aýyrsaň... - Siziň jenabyňyz dogry aýdýar – diýip, Dagon onuň bilen ylalaşdy. – Ýöne barybir iki müňe golaý örän baý şäher galýar. - Sizi Tifon bulaşdyrdy! – diýip, Rabsun heňkirdi. – Bärde faraonyň şäherlerini sanap oturmaňyz näme, häý, ony... Dagon ýumşak kürsüden atylyp galdy-da: - Hüş-ş! – etdi. Rabsun: - Finikiýa betbagtçylyk aralaşyp gelýän mahaly...-diýende, Dagon onuň sözüni kesdi: - Onuň nähili betbagtçylykdygyny maňa ahyrsoňy bilmage rugsat ediň. Öý eýesi: - Hirama aýtmaga ýol berseň, bilersiň – diýip jogap gaýtardy. - Goý, aýtsyn. - Hiram: - Biziň doganymyz Asarhaddonyň "Gäminiň golaýynda“ diýlip atlandyrylýan myhmanhanasynda näme bolup geçendigi siziň merhemetliňize mälimmikä? – diýip sorady. Dagon ýigrenç bilen: - Içi meýhanaly myhmanhana saklaýanlaryň arasynda meniň doganym bolmaz – diýip, onuň sözüni kesdi. - Gylyjyň sapyny gysymlan Rabsun: - Lal bol! Sen edil uklap ýatyrka üýrýän it ýaly samsyk! – diýip gaharly gygyrdy. Dagonam ondan kem oturmady, ol hem pyçagynyň sapyna el ýetirip; - Bu... bu süňk satýan ne beýle gaharlanan bolýar? – diýdi. Öz nobatynda elini biline ýetiren çal sakgally knýaz : - Hany, özüňizi ele alyň! Sögüşmäň! – diýip olary köşeşdirdi. Şol wagt olaryň üçüsiniňem burunlarynyň deşigi giňelipdi, gözlerinden uçgun syçraýardy. Ahyry beýleki ikisinden öň köşeşen Hiram hamala hiç zat bolmadyk ýaly, gürrüňe başlady: - Mundan birnäçe aý ozal Asarhaddonyň myhmanhanasynda Harran şäherinden gelen Phut diýen biri düşläpdir... - Ol haýsydyr bir žresden bäş talant almaga gelipdir – diýip, Dagon gürrüňiň arasyny kesdi. - Ýeri, soňra näme bolupdyr? – diýip, Hiram sorady. - Hiç zat. Ol bir žres zenanyň goldawyna daýanypdyr hem-de onuň maslahatyna eýerip, özüne bergidar adamy gözlemäge Fiwä gidipdir. Hiram: - Seniň akylyň-a çaganyňky, diliň-de heleýiňki ýaly. Şol harranly ýöne bir harranly bolman, eýsem, haldeý, ady hem Phut däl-de, eýsem, Baroes – diýdi. - Baroes... Baroes... Men bu ady nirededir bir ýerde eşidipdim...- diýip, Dagon nämedir bir zady ýadyna saljak bolşuna, özbaşyna gepledi. - Eşidipmidiň? – diýip, Hiran ýigrenç bilen sorady. – Baroes Babylda iň bir dana žresleriň biri, assiriýaly knýazlaryň hem-de hut patyşanyň maslahatçysy. Süýthor: - Kimiň maslahatçysy bolsa, şonuňky bolsun, faraonyňky bolmasa bolýar. Meniň onuň bilen ne işim bar? – diýdi. Rabsun kürsüden atylyp turdy-da, Dagonyň edil burnunyň düýbünde haýbat atyp: - Saňa faraonyň aşhanasynyň ýuwundysy bilen baga bakylan ýişik diýerler. Meniň Müsür bilen asla işimiň bolmaýşy ýaly, seniňem Finikiýa bilen asla işiň ýok. Eger başarsaň, sen watanyňy bir drahma saradyň. It!.. Pis açan!..-diýdi. - Dagonyň ýüzi duw-ak bolsa hem, arkaýyn ses bilen jogap gaýtardy: - Bu dükançy näme samrap dur-a? Tirde meniiň ogullarym deňizde ýüzmegi öwrenýärler; Sidonda gyzym adamsy bilen ýaşaýar. Men öz baýlygymyň ýarysyny Ýokary mejlise karz berdim. Ondan hatda on göterimem alamok. Bu dükançy bolsa maňa Finikiýa bilen işiň ýok diýýär... Gulak goý, Rabsun, men Finikiýanyň her bir gämisi, Tiriň, Sidonyň, hatda Zarpatyň, Aşibunyň her bir daşy barada aladalanýan - seniňem aýalyň, çagalaryň, ata-babalaryň alamatlary barada şeýle aladalanmagyňy arzuw edýän. - Dagon dogry aýdýar – diýip, Hiram onuň häsini ýetirdi. Puluň hojaýyny gaýtadan gyzyp ugrady: - Gel-gel, men Finikiýanyň aladasyny etmeýän boldummy? Jübülerini galňadar ýaly, men bäri Finikiýadan näçe adamy çekdim? Mundan näme bähbit gördüm? Men alada etmeýän boldummy?..Hiram meniň iki gämimi hatardan çykardy, uly girdejiden mahrum etdi. Ýöne muňa garamazdan, daş bilen urany aş bilen urýan: Finikiýa dahylly mesele ýüze çykanda, men onuň bilen bir otagda otyryn... Rabsun: - Sebäbi sen gürrüň kimdir biriniň ýagyrniçligini otlamak barada bolar öýdüp pikir edensiň – diýdi. - Sen ajal barada-da şeýle pikir edäýediň, samsyk! – diýip, Dagon jogap gaýtardy. – Hiramyň Memfise söwda işi bilen gelmejegine düşünmez ýaly, men, näme, çagamy? Wah, Rabsun!..Sen meniň elimde iki ýyljyk atýatagy arassalaýan oglanjyk ýaly hyzmat etsediň! Hiram stoly ýumrugy bilen hütüledip: - Besdir! – diýip gygyrdy. - Beýdip otursag-a, biz haldeý žres baradaky gürrüňi hiç wagtda gutarmarys – diýip, Rebsun şeýle bir sowukganlylyk bilen madyrdady weli, ol ýap-ýaňyja ýüzünden alnan adama meňzänokdy. Hiram üsgürindi. - Ol adamyň, hakykatdanam, Harranda öýi, ýeri bar, özi-de şol ýerde Phut diýlip atlandyrylýar. Ol ýanynda hettli täjirleriň sidonly täjirlere ýazan hatlary bolansoň, biziň kerwenimize goşupdyrlar. Žres finikiýçe oňat gürlänsoň, dogry hasaplaşansoň, artykmaç hiç zat talap etmänsoň, biziň adamlarymyz ony sylapdyrlar. – Hiram sakgalyny gaşady-da, sözüni dowam etdirdi. – Ýöne ýolbars öküziň derisini ýapynsa hem, onuň eteginden bolmanda guýrugynyň ujy sallanyp çykar durar. Akylyň öýjügi bolan Phut özüni gaty ynamly alyp barsa hem, kerwenbaşy assyrynlyk bilen onuň goşuny barlap görüpdir. Ol hudaý Aştoretiň şekili bolan medalondan başga üýtgeşik bir zat tapmandyr. Şol medalony görenden, kerwenbaşynyň ýüregi urmasyny goýupdyr. Finikiýanyň medalony hette nireden düşüp ýör? Kerwen Sidana gelenden, ol derrew bu barada ýaşululara habar berýär. Edil şol wagtdan başlap hem, tertip-düzgüne gözegçilik edijiler Phuty gözden salmaýarlar. Ýöne ol juda akylly bolansoň, Sidanda ýaşan günleri töweregine özüni aldyrmagy başarýar. Ol doga okaýar, hudaý aýal Aştorete gurban berýär, ähli zady altyn bilen töleýär, hiç kimden karz almaýar, hiç kime karz bermeýär, diňe finikiýalylar bilen tanyşlyk açýar. Bir söz bilen aýdylanda, töweregi şeýle bir bulaşdyryp goýberýär weli, gözegçilik gowşaýar-da, ol arkaýyn Memfise ýetýär. Bärde biziň ýaşulularymyz ýene onuň ädimini sanap ugraýarlar. Emma hiç zat tapmaýarlar, diňe ol Harran şäheriniň ýönekeý ýaşaýjysy däl-de, eýsem, agramly adam bolaýsa gerek diýip çaklaýarlar. Diňe Asarhaddona ony tötänleýin yzarlamak, has takygy, diňe yzyň üstünden barmak başardypdyr: hamala, Phut tutuş gijäni bärde täsiri uly bolan köne Seta ybadathanasynda geçirenmişin. Dagon: - Ol ýerde diňe ýokary žewsler zerur mesele üçin ýygnanyşýarlar – diýdi. Hiram sözüni dowam etdirdi: - Bu entek hiç zady aňladanokdy, ýöne biziň täjirlerimiziň biri mundan bir aý ozal Babyldan geň habar bilen dolanyp geldi. Ondan gowy sowgat alan Babyl hökümdarynyň köşk adamlarynyň biri Finikiýa howp abanýandygyny aýdypdyr... “Sizi assiriýalylar basyp almak isleýärler, ysraýyllylary bolsa müsürliler dyza çökererler. Beýik haldeý žresi Beroes olar bilen ylalaşyk baglanyşmak üçin fiwyly žresleriň ýanyna ýollandy” diýipdir. Haldeýli žresleriň müsürlileri öz doganlary hasaplaýandyklaryny siz bilmelisiňiz. Beroesiň patyşa Assaryň köşgünde täsiriniň uludygy üçin, şol ylalaşyk baradaky “myş-myşlar” hakykata örän ýakyndyr. Dagon dyrnaklaryny gemrip oturşyna: - Finikiýa asseriýalylara näme üçin gerekkä? – diýip sorady. Hiram: - Eýsem, ogra özgäniň ammmary näme üçin gerek? – diýip sowala sowal bilen jogap gaýtardy. - Beroesiň müsürli žresler bilen ylalaşygynyň nähili ähmiýeti bolup bilsin? – diýip, pikire batyp oturan Rabsun gürrüňe goşuldy. Dagon: - Seniň akmakdygyňy! Žresler öz mejlislerinde nämäni karar etseler, faraon diňe şony ýerine ýetirýär ahyry – diýdi. Hiram sözüni dowam etdirdi: - Aladalanmaň, faraon bilen hem ylalaşyp bolar. Birgiden adam hem-de sowgatlar bilen ilçi Sargonyň Müsüre gaýtmakçydygyny Tirde bilýärler. Ol, hamala, Müsürde hökümet agzalary bilen duşuşyp, Assiriýanyň faraonlara paç töleýändigini Müsür resminamalaryna ýazmazlyk barada ylalaşjakmyşyn. Hakykatda bolsa, ol biziň deňzimiz bilen Ýewfrat derýasynyň arasynda ýerleşýän ýurtlary paýlaşmak barada ylalaşyk baglaşmak üçin gaýdýar. Rabsun: - Olaryň hemmesini ýer ýuwutsyn! – diýip gargyndy. Hiram: - Sen bu barada näme pikir edýäň, Dagon? – diýip sorady. - Eger size, hakykatdanam, Assar çozsa, nähili hereket edersiňiz? Hiram gahardan sandyrady. - Näme?.. Biz maşgalamyz, ähli goş-golamymyz bilen gämilere münerdik-de, şol itlere diňe harabaçylykdyr gullaryň çüýräp ugran jesetlerini galdyrardyk... Biz, näme, mundan has baý täze watanymyzy esaslandyryp boljak, Finikiýadan has uly, gözel ýurtlaryň bardygyny bilemzokmy? Dagon: - Hudaýlar sizi beýle ahyrky alaçdan gorap saklawersinler! – diýdi. Hiram sözüni dowam etdirdi: - Mesele-de, ine, şunda. Häzirki Finikiýany tepbedi okalmakdan halas etmeli. Sen, Dagon, munuň üçin köp zat edip bilersiň. - Mysal üçin, näme? - Beroes olar bilen duşuşypdyrmy, şeýle ylalaşygy baglaşypdyrmy – žreslerden şu zatlary anyklamaly. Dagon: - Bu juda kyn ahyry! Ýöne, kim bilýär, maňa ähli zady gürrüň berjek žresi tapmak başardaýmagy-da ähtimal. - Sen köşk adamlaryndan kimdir biri arkaly Sargon bilen ylalaşygyň baglanyşylmagyna-da päsgel berip bilermiň? – diýip Hiram sorady. - Bu hem juda agyr. Ol meniň bir özüme eýgertmez. - Men saňa kömek ederin. Altyn bilen bolsa Finikiýa üpjün eder, ol ýerde eýýämden toplamagy gurap başladylar. Rabsun: - Men saňa iki sany talant bererin – ýuwaş ses bilen aýtdy. Dagon: - Men on talant bererin, ýöne men öz zähmetime näme almaly? – diýip sorady. Hiram: - Näme?.. Bar, bolýar, on gämi – diýip jogap gaýtardy. Dagon: - Sen näçe gazanýaň? – diýip sorady. - Näme, azmy? On bäş sanysyny alarsyň. - Men senden näçe gazanýanyňy soradym – diýip Dagon berke tutdy. - Ýigrimi sanysyny bererin. Razymy? - Aý, bolýa-da. Siz maňa kümüş ýurduna ýoly görkezermisiňiz? - Görkezeris. - Özüňiziň galaýy çykarýan ýeriňizedemi? - Bolýar... - Ýantaryň emele gelýän ýerinedemi? – diýip Dagon soňky sowalyny berdi. Knýaz Hiram: - Bir gün-ä ajal aparyp, senden ymykly dynarys! – diýip jogap gaýtardy-da, oňa mähir bilen elini uzatdy. – Şol iki gämi üçin mundan beýläk maňa dişiňi çarhlap ýörmersiň-ä? Dagon uludan dem aldy. - Unutjak bolaryn. Ýöne... eger siz meni şol wagt kowmanlygyňyzda, meniň şeýle bir baýlygym bolardy!.. - Besdir! – diýip Rabsun gürrüňe goşuldy. – Finikiýa barada aýdyň. - Sen Beroes barada hem-de ylalaşyk barada kimiň üsti bilen bilmekçi? – diýip, Hiram Dagondan sorady. - Sorama. Žresler goşulansoň, bu barada geplemek howply. - Ylalaşyga kimiň üsti bilen päsgel berip biljek? - Menmi... men şol işi, megerem, mirasdüşeriň üsti bilen etsem gerek. Mende onuň dilhaty köp Hiram goluny göterdi. - Mirasdüşer? Örän gowy. Ol faraon bolmaly ahyry. Belki, bu gün-ertir bolaýmagy hem ähtimal. Dagon stoly ýumruklap: - Hüş-ş!.. Şeýle gürrüň edýändigiň üçin seniň diliň gurasyn! – diýdi. Rabsun ýumrugyny süýthoryň burnuna deger-degmez bulaýlap: - Heý, sen çişik! – diýip gygyrdy. - Heý, sen samsyk söwdagär! – diýip, Dagon ýaňsyly ýylgyryp jogap gaýtardy. – Sen, Rabsun, döwlet işlerine burnuňy sokmaly däl-de, köçede kakadylan balykdyr suw satmaly. Müsüriň paýtagtynda bäş ýyl bäri ýaşap ýören senden-ä öküziň Müsüriň hapasyna bulaşan toýnagy-da kän akyllydyr!.. Seni doňuzlar lak-luk atsyn! - Ýuwaş! Ýuwaş! – diýip Hiram ara goşuldy. – Siz maňa gürrüňi jemlemäge ýol bereňzok. Rabsun: - Geple, sen dana kişi bolaňsoň, meniň ýüregim sende – diýdi. Hiram gürläp ugrady: - Sen, Dagon, mirasdüşere täsir edip bilýän bolsaň, bu örän gowy. Sebäbi eger mirasdüşer Assiriýa bilen ylalaşyk baglanyşmak islese, ol baglanyşylar, özi-de ony biziň hamymyza biziň ganymyz bilen ýazarlar. Eger mirasdüşer Assiriýa bilen uruşmak islese, žresleriň onuň garşysyna ähli hudaýlary çagyrandyklaryna garamazdan, ol öz maksadyna ýeter. - Biderek zat-la! – diýip, Dagon garşy çykdy. – Žresler juda isledimi – bolany, ylalaşyk taýýardyr. Ýöne, belki, olar islemezler... Hiram: - Ine, şonuň üçin hem, biziň harby serkerdeleriň hemmesini öz tarapymyza çekmegimiz zerur – diýdi. - Ony etse bolar... - Häkimleri-de. - Häkimleri-de yrsa bolar... Hiram sözüni dowam etdirdi: - Mirasdüşeri-de öz tarapymyza çekmeli. Ýöne ony bir özüň Assiriýa bilen urşa iteklejek bolsaň, bu saňa başartmaz. Adam diýeniň edil arfa ýalydyr: onuň kirşi köpdür-de, on barmak bilen çalmalydyr. Sen bolsa, Dagon ýeke barmaksyň. - Weý, men on bölege bölünip bilmen-ä. - Emma sen bäş barmakly el ýaly bolup bilersiň. Sen uruş isleýändigiňi hiç kime bildirmeli däl, ýöne mirasdüşeriň her bir aşpezjigi, her bir dellegi, hammamçylar, hammallar, mürzeler, serkerdeler, arabakeşler – bularyň ählisi Assiriýa bilen uruş islär ýaly, mirasdüşerem bu barada ertirden agşama çenli, hatda uklap ýatyrka-da eşider ýaly hereket etmeli. - Şeýle-de bolar. Hiram: - Sen onuň oýnaşlaryny tanaýarmyň? – diýip sorady. Dagon elini salgap goýberdi. - Samsyk gyzjagazlar-la. Bezenip-beslenmekden, ýüz-gözüne reňk, bedenine ýakymly ysly ýag çalmakdan başga hiç zat barada pikir edenoklar. Olary kim nireden tapyp, Müsüre getirýär – bu mirasdüşeriň magşuklaryny gyzyklandyranok. Hiram: - Onuň ýanyna bizi gyzyklandyrýan zady biljek zenan salmaly – diýdi. - Ony nuireden tapjak? - diýip Dagon sorady. Sähel salymdanam gygyryp diýen ýaly gepledi: - Dur-la, biri bar!..Sen Aştoretiň žresi Kamy tanaýarmyň? - Näme? Keramatly hudaý Aştoretiň žresi müsürliniň oýnaşy bolmalymy? - Sen, näme, onuň özüňki bolmagyny dogry tapýarmyň? – diýip, Dagon ony çakdy. – Eger köşge golaýlatmak zerur bolsa, biz ony hatda ýokary žresem ederis. - Dogry aýdýaň – diýip, Hiram onuň bilen ylalaşdy. - Bu dini masgaralamak bolýar ahyry! – diýip Rabsun gaharlandy. Hiram: - Aý, näme, şeýle işi eden žres ölübem biler – diýdi. - Dagon sähel salymlyk dymandan soň: - Bize diňe jöhit Sarra päsgel bermese bolýar. Ol çaga garaşýar, mirasdüşerem häzirden perzendini söýýär. Eger ogul dünýä inse, galan zatlaryň ählisi yza süýşerler – diýdi. - Bizde Sarra üçin hem pul tapylar – diýip, Hiram mälim etdi. - Ol hiç zadam almaz!.. Şol ýakymsyz aýal hut öz elten gymmatbaha altyn kubogymy-da yzyna gaýtardy – diýip, Dagon gaharly aýtdy. - Ol özüni çürkejeksiň öýdüp pikir edendir – diýip, Rabsun tikenli söz oklady. Hiram başyny ýaýkady. - Biynjalyk bolar ýaly zat ýok-la. Altynyň aralaşyp bilmeýän ýerine ata, ene, oýnaş aralaşýandyr...Olaryň aralaşyp bilmeýän ýerine bolsa... - Pyçak...-diýip Rabsun pyşyrdady. - Zäher...-diýip Dagon pyşyrdady. - Pyçak gödek usul bolýar – diýip, Hiram gürrüňi jemledi. Ol sakgalyny sypalap, pikire batdy. Ahyry ýerinden galyp, eşiginiň epininden hudaý Aştoretiň şekili bolan üç altyn doga düzülen goýy gyzyl lenta çykardy. Soňra pyçagy gynyndan çykaryp, lentany üç bölek edip kesdi-de, dogaly iki bölegi Dagona we Rabsuna berdi Soňra üçüsi-de hudaý aýalyň ganatly heýkeli duran burça ýöneldiler. Gollaryny gursaklaryna gowşurdylar. Hiram ýuwaş ses bilen, ýöne her bir jümläni örän aýdyň aýdyp, kasama başlady: - Saňa, ömrüň enesi, tä mukaddes şäherleriň duşmanlarynyň merki berilýänçä dynç almagyň nämedigini bilmezden, öz ylalaşygymyzy dogry berjaý etmäge kasam içýäris. Goý, biziň duşmanlarymyzy açlyk, kesel, ot gyryp tüketsin!.. Eger aramyzda kimdir biri kasamyň yzynda durup bilmese ýa-da syry paş eýlese, goý, onuň betbagtçylyklardan, her hili biabraýçylykdan gözi açylmasyn! Goý, onuň içini açlyk düýt-müýt etsin, gana dolan gözlerinden uky gaçyp gitsin! Goý, şol betbagta ýüregi awap, oňa kömek etmäge gyssanan adamyň eli gurasyn! Goý, onuň saçagyndaky çörek çüýrän tokga bir zada, çakyr bolsa ýakymsyz ysly ganly iriňe öwrülsin! Goý, onuň eziz çagalary gyrlyp tükensin, öýüni nikasyz doglanlar dolduryp, ony biabraý edip kowsunlar! Goý, ol hemmeler tarapyndan ýekirilip, telim gün ezýet çekip ýatandan soňra, ýalňyzlykda ölüp gitsin! Goý, onuň nejis jesedini ýer-de, suw-da almasyn; goý, ony ot-da ýakmasyn, wagşy haýwanlar-da iýmesin! Goý, şeýle bolsun!.. Ýarysyny Hiram aýdan, ýarysyny bolsa gahar-gazapdan endireýän ses bilen üçüsi-de bilelikde gaýtalan aýylganç kasamdan soňra, myhmanlar demini dürsär ýaly, Rabsun ikisini nahara çagyrdy. Çakyr, saz, tansçy gyzlar olara häzirlikçe öňde duran işleri unutmaga mejbur etdi. (Birinji kitabyň soňy). Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |