14:38 Faraon -15: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BAP Žresler dip mirasdüşer agşam ybadathananyň howlusyna dolanyp gelenlerinde, ol ýerde gysga taýaklaryň ujuna berkidilen ýüzlerçe çyra ýanansoň, edil gündizlik ýalydy. Mefresiň yşaraty boýunça ýene-de sazandalaryň, tansçy zenanlaryň we ellerinde sygyr kelleli hudaý aýal Hatoryň heýkelini göteren kiçi žresleriň ýörişi peýda boldy. Arwah-jynlary kowanlaryndan soň, Pentuer öňki gürrüňe dolanyp geldi: - Keramatly atalar, on dokuzynjy neberäniň zamanyndan bäri bizde ýüz müň mer ýer hem-de iki million ilat azalypdyr. Biziň hemmämiz döwletiň girdejisiniň otuz iki müň talant azalandygyny bilýäris, munuň neçüýn şeýle bolandygy, ine, şu ýagdaý bilen düşündirilýär. Ýöne bu Müsüriň betbagtçylygynyň diňe başlangyjydyr. Göräýmäge onuň hormatlysynyň ýene togsan sekiz müň talant girdejisi galýan ýalydyr. Emma faraon şonça alýandyr öýtseňiz, ýalňyşarsyňyz. Men örän hormatly Herihora Towşan welaýatynda15üstüni açmak başardan zady size mysal hökmünde gürrüň bereýin. On dokuzynjy nebere döwründe ol ýerde her ýylda üç ýüz elli talant töleýän ýigrimi müň adam ýaşapdyr.Häzir ol ýerde ýaşaýanlaryň sany zordan on bäş müňe ýetýär, özleri-de bary-ýogy iki ýüz ýetmiş talant töleýärler. Onuň hormatlysy Herihor: „Bu näme üçin beýlekä?“ diýip gyzyklanypdyr. Geçirilen derňew, ine, nämäni aýan edipdir: on dokuzynjy neberäniň zamanynda welaýatda ýüze golaý emeldar bolup, olaryň hersi ýylda müň drahm hak alypdyr; häzir şol çäkde, ilatyň sanynyň azalandygyna garamazdan, hersi ýylda iki müň drahm alýan iki ýüzden gowrak emeldar ýaşaýar. Hökümdar Herihora beýleki welaýatlaryň ýagdaýynyň nähilidigi belli däl,emma faraonyň gaznasynyň ýylda togsan sekiz müň talantyň deregine diňe ýetmiş dört alýandygy jedelsizdir... - Keramatly ata, gowusy elli müň diýip aýt – diýip, Ramses düzediş girizdi. Žres: - Men ony gijräk düşündirerin. Her näme bolsa hem, şa ogly, on dokuzynjy neberäniň döwründe emeldarlara on müň talant tölenen bolsa, indi faraonyň gaznasynyň emeldarlara ýigrimi dört müň talant töleýändigini ýadyňda sakla. Žresleriň arasyna agyr dymyşlyk aralaşdy: olaryň köpüsiniň dogan-garyndaşlary döwlet gullugynda bolup, özleri-de örän ýokary hak alýardylar. Ýöne Pentuer köşeşerli däldi: - Indi bolsa, mirasdüşer, emeldarlaryň hem-de halkyň durmuşynyň ozal nähili bolandygyny, häzir nähilidigini görkezeýin. Žresler: - Belki, muňa wagt ýitirmek hökman däldir?..Ony her kimiň özi görüp bilerdi ahyry...- diýip pyşyrdaşdylar. - Men bolsa edil häzir bilmek isleýän – diýip Ramses kesgitli aýtdy. Pyşyrdy galdy. Pentuer amfiteatryň basgançagy bilen howla düşdi. Mirasdüşer, ýokary žres Mefres we beýlekiler onuň yzyna eýerdiler. Olar boýradan edilen uzyn perdäniň öňünde aýak çekdiler. Pentuer yşarat edenden, ýigrimä golaý ýaş žres elleri ýanyp duran çyraly ylgaşyp geldiler. Ol ikinji gezek yşarat edende perdäniň bir bölegi aşak gaçdy. Duranlaryň agzyndan haýran galmagy aňladýan ses çykdy. Olaryň alnynda ýüze golaý adamyň şekili arkaly durmuşy aýdyň beýan edýän janly surat durdy. Surat üç hatardan ybaratdy: birinjisinde – daýhanlar, ikinjisinde – emeldarlar, iň ýokarda bolsa –kelleleri tirseklik bolup hyzmat edýän iki ýolbarsa berkidilen faraonyň altyndan tagty şekillendirilipdir. Pentuer gürläp başlady: - On dokuzynjy neberede ýaşaýyş şeýle bolupdyr. Daýhanlara syn ediň: olaryň azallary öküzlere ýa-da eşeklere goşulan; pilleri, kätmenleri bürünçden – diýmek, berk. Olaryň nähili uzyn boýly, görmegeý bolandyklaryny görüň-ä! Kuwwatly eldir aýak, gapak ýaly döş, nur ýagyp duran ýüz – häzir şeýle adamlara diňe onuň hormatlysynyň janpenalarynyň arasynda duş gelmek bolýar. Olar wagtly-wagtynda suwa düşüpdirler, endamlaryna hoşboý ysly ýag çalypdyrlar. Aýallary nahar taýýarlamak, eşik tikmek ýa-da gap-gaç ýuwmak bilen meşgullanypdyrlar. Çagalary oýnapdyrlar ýa-da mekdepde okapdyrlar. Şol döwrüň daýhany, görşüňiz ýaly, bugdaý çöregini, kösükli ösümlikleri, et, balyk, gök önüm iýipdirler, buza, çakyr içipdirler. Olaryň küýzeleriniň, käseleriniň owadanlygyna serediň! Erkekleriň çepeslerini, öňlüklerini, ýapynjalaryny görüň – hemmesi dürli reňkli keşde bilen bezelendir. Olaryň aýallarynyň köýnekleriniň keşdeleri has-da nepisdir... Zenanlaryň ählisiniň saçynyň yhlas bilen daralandygyna-da üns beriň! Olaryň iňňebagjyklaryny, ysyrgalaryny, ýüzüklerini diýsene! Şol bezegler bürünçden hem-de reňkli syrçalardan edilipdir; kämahal inçe simjagaz görnüşinde altyndanam ýasapdyrlar. Indi bolsa gözüňizi ýokary – emeldarlara galdyryň. Olar egni ýapynjaly gezipdirler (ýöne daýhanam baýramçylyk günleri edil şeýle ýapynja geýipdir). Olar daýhanlar ýaly ýönekeý, emma doýa garna naharlanypdyrlar. Ýöne olaryň gap-gaçlary daýhanlaryňkydan owadan bolupdyr, sandyjaklaryna-da altyn ýüzükler köp düşüpdir. Olar eşeklere ýa-da öküzlere goşulan arabalarda syýahat edipdirler. Pentuer çapak çarpdy weli, surata jan gird: daýhanalar emeldarlara üzümli sebetleri, bugdaýly, arpaly, nohutly haltalary, çakyrly, buzaly, süýtli, bally küýzeleri, birgiden aw guşlaryny, ak we reňkli matalaryň tutuş böleklerini getirip başlaýarlar. Olary alan emeldarlar az bölegi özlerine galdyryp, has köp bölegi ýokary – tagtyň etegine berýärler. Faraonyň hökmürowanlygynyň alamaty bolan meýdança baýra meňzedilip, üst-üstüne goýlan önümlerden hyryn-dykyn bolýar. Pentuer: - Siz, örän hormatlylar, daýhanlaryň garny dok, eşigi bitin ýaşan zamanynda raýatlarynyň berýän sowgatlarynyň onuň hormatlysynyň gaznasyna zordan sygandygyny görýärsiňiz. Indi bolsa häzir näme bolup geçýändigine syn ediň - diýdi. Ol elini gaýtadan çarpdy – perdäniň indiki bölegi gaçyp, umumy häsiýetde birinjini gaýtalaýan ikinji surat açyldy. - Ynha, size häzirki daýhanlar – diýip, Pentuer gaýtadan gürläp ugrady. Onuň sesinden tolgunýandygy duýulýardy. – Bular çatylgy süňk bolupduransoň,syrkawdyr öýdüp pikir etse boljak; özleri-de hapysa, hatda bedeninezeýtun ýagyny çalmagy-da unudypdyrlar. Oňa derek arkalary taýak bilen persala edilen. Bu ýerde nä-hä öküzler, ne-de eşekler görünýär; azaly aýallardyr çagalar çekensoň, olaryň geregi-de ýok. Daýhanlaryň kätmenleri, pilleri agaçdan bolansoň, çalt döwülýär-de, olardan peýda az. Olaryň hiç hili eşigi ýok, diňe aýallar gödek tikilen köýnekli gezýärler; eneleriniň özlerini bezän keşdeleri olaryň düýşüne-de girenok. Indi biziň daýhanlarymyzyň näme iýýändigine serediň: kämahal - arpa, kakadylan balyk, juda seýrek ýagdaýda - bugdaý çöregi, adatça bolsa – lotosyň çigidi; eti, buzany, çakyry biçäreleriň hiç wagtda görjek gümany ýok. Siz: „Onuň gap-gajy, gündelik durmuşda ulanýan zatlary nirä ýitirim bolupdyr?“ diýip soraýarsyňyz. Onuň içi suwly küýzesinden başga hiç zady ýok. Onsoňam onuň ýaşaýan süreninde beýle goş-golama ýer-de tapylmazdy... Häzir siziň ünsüňizi ýene nämedir bir zada çeksem, maňa käýinmäweriň. Hol-ha, çagalar ýerde gymyldaman ýatyrlar. Olar – bu dünýäden öten körpejeler. Biziň döwrümizde daýhanlaryň çagalary häli-şindi açlykdan hem-de öte agyr zähmetden ölýändir öýdüp, siz asla pikir edýän dälsiňiz. Ýöne ýürek agyrdyjy ýagdaýda ölselerem, olar diri galýanlaryň köpüsinden – gözegçiniň degenekli taýagynyň aşagyna düşýän ýa-da guzy ýaly edilip, finikiýalylara satylýan adamlardan bagtly. Pentuer tolgunmadan boglup başlady; ýöne demini dürsänden soň, ol žresleriň sessiz gaharyna garamazdan, sözüni dowam etdirdi: - Indi bolsa emeldarlara syn ediň: agyr etli, ýagy tibirdäp duran ýaňakly, bezemen! Olaryň aýallary-da ärlerinden kem galanok: altyn bilezikli, ysyrgaly, eşikleri hem şeýle bir nepis tikilen weli, hatda şa aýalyň gözi gitjek! Daýhanyň ne öküzi, ne-de eşegi bar, oňa derek emeldarlar ýa-ha atly, ýa-da kejebeli syýahat edýärler. Özleri-de çakyry saýlap-seçip, iň gowusyny içýärler. Ol elini çarpdy – surat gaýtadan herekete girdi. Daýhanlar emeldarlara çörekli halta, miweli sebet, çakyr, mal getirýärler. Emeldarlar getirilen zatlary, ozal bolşy ýaly, tagtyň eteginde goýýarlar. Ýöne oalr juda az. Patyşanyň hatarynda indi önümlerden dag emele gelenokdy, oňa derek emeldarlaryň hatary agzy-burny bilen doludy. - Häzirki Müsüriň ýagdaýy, ine, şeýle: daýhanlar – gedaý, mürzeler – baý, gazna-da öňküsi ýaly doly däl. Indi bolsa... Pentuer yşarat edenden, garaşylmadyk ahwalat bolup geçdi. Kimdir biriniň elleri faraonyň meýdançasyndan we emeldarlardan çöregi,miweleri, matalary ýygnap ugrady. Önümleriň mukdary göz-görtelegowzansoň, şol ellerdaýhanlary, olaryň aýallaryny, çagalaryny tutup, südenekledip äkidip başlady. Tomaşaçylar näbelli talaňçylaryň bu hereketine haýran galyp seredýärdiler. Birdenem kimdir biri: - Bular finikiýalylar ahyry! Bizi şolar talaýarlar! – diýip gygyrdy. Pentuer: - Hawa, keramatly atalar, bular biziň aramyza sümlen finikiýalylaryň elleri. Olar faraony, mürzeleri talaýarlar, daýhanlary-da, eger olarda ýolup-ütere zat ýok bolsa, gula öwürýärler – diýdi. Žresleriň käbiri: - Häý, näletsiňmişler! Şagallar!..Myrryhlaryň gümüni çekmeli! Döwlete şolardan köp zyýan gelýär – diýip gygyryşdylar. Ümsümlik aralaşan mahaly Pentuer çyralary howlynyň beýlekitarapyna eltmegi buýurdy we öz diňleýjilerini şol ýere äkitdi. Ol ýerde sergä meňzeş bir zat gurnalan eken. - Bulary synlamaga ygtyýar ediň, keramatly atalar – diýip, Pentuer gürrüňe başlady. – On dokuzynjy neberäniň zamanynda bu zatlary bize kese ýerliler getiripdirler: biz Punt ýurdundan hoşboý ysly ot-çöp, Siriýadan altyn, demirden ýasalan ýarag hem-de söweş arabalaryny alypdyrys. Bolany. Sebäbi şol zamanda Müsüriň özünden köp zat öndürilipdir. Dürli şekildäki, dürli reňkdäki bu äpet küýzelere nazar aýlaň! Onlarça müň altyn zerrejikleri, sadap bilen bezelen, dürli reňkdäki agaç ulanylyp ýasalan bu ajaýyp agaç goşy, oturgyjy görýäňizmi? Matany görüň, tikilişini görüň, öwşün atyşyny görüň – heý-de, bu eşikleri synlamakdan göz ýadajakmy? Bürünç gylyçlara, iňňebagjyklara, bileziklere, ysyrgalara näme diýersiňiz? Ýer işlerinde ulanylan gurallary, enjamlary görüň-ä!..Bularyň hemmesi on dokuzynjy neberäniň zamanynda özümizde öndürilipdir. Ol beýleki närselere geçdi. - Häzirki küýzeler nähili? Kiçi, tas bezegiz diýen ýaly; agaç goşlar ýönekeý, matalar gödeksi, birmeňzeş. Häzirki önümleriň ýekejesi-de ne ölçegi, ne berklidgi, ne-de owadanlygy bilen öňküleriň golaýyna baryp bilmez. Nämüçin? Pentuer ýene birnäçe ädim ätdi. Çyralar ony gowy ýagtylandyrýardy. Ol gürrüňini dowam etdirdi: - Ynha, finikiýalylaryň bize jahanyň dürli ýurtlaryndan getirýän harytlary: hoşboý ysly ot-çöpleriň onlarça görnüşi, dürli reňkli aýna, agaç goş, gap-gaç, mata, söweş arabalary, bezeg şaý-sepleri...Biz Aziýadan getirilýän bu zatlaryň hemmesini satyn alýarys. Hormata mynasyplar, finikiýalylaryň mürzeleriň we faraonyň elinden çöregi, miweleri, mallary nädip kakyp alýandyklaryna siz indi düşünen bolsaňyz gerek! Ine, şu kese ýerli önümler çekirtgäniň ösümligiň ýoguna ýanşy ýaly, biziň senetkärlerimiziň ýoguna ýanýarlar. Žres demini dürsäp, ýene gepläp ugrady: - Finikiýalylaryň patyşa, häkimlere, mürzelere getirýän harytlarynyň arasynda altyn birinji orunda durýar. Altyn söwdasy aziýalylaryň Müsüri tozduryşynyň aýdyň mysalydyr. Kim olardan bir altyn talant alsa, ony üç ýyldan yzyna iki talant edip gaýtarmaga borçly. Finikiýalylar köplenç karzdara yzyna gaýtarmaly bergisini ýeňledenden bolup, her talanta otuz iki adam oturýan iki mera ýerini üç ýyla kärendesine alýarlar. – Ol howlynyň hasýagtylandyrylan bölegini görkezip,sözüni dowam etdirdi. – Örän hormatlylar, bäri serediň: bu inedördül ýeriň uzynlygy bir ýüz segsen ädim, ini-de şonça ädim bolup, iki merany äňladýar. Ynha, bu üýşüp duran erkekler, aýallar, çagalar sekiz maşgaladan ybarat. Adamlar-da, ýer-de üç ýyllap aýylganç gulçulykda bolýar. Olaryň eýeleri bolan faraon ýa-da häkim şonça wagtlap bulardan hiç hili bähbit görmeýär, diňe möhleti ötende arryklan ýeri hem-de iň gowy ýagdaýlarda ýigrimi adamy (sebäbi galany jebir-jepa tap getirip bilmän ölýärler) yzyna alýar!.. Duranlaryň arasynda gaharly sesler ýaňlandy. - Men finikiýalynyň karz beren bir altyn talantynyň deregine ilaty otuz iki adamdan ybarat iki meralyk ýeri üç ýyla kärendesine alýandygyny aýtdym. Serediň, gör, nähili köp adamly ýer ülüşi! Indi bolsa bäri bakyň! Ynha, talant diýilýän towguň ýumurtgasyndan kiçiräk altyn bölegi. Keramatly atalar, şeýle söwdany alyp barýan finikiýalylaryň haramzadalygyny göz öňüne getirýäňizmi? Ýöne bir poslamaýan agyr demir diýäýmeseň, şu bolgusyz altyn böleginiň hiç hili gymmaty ýok. Adam altyndan tikilen eşik geýmez, iýip – açlygyny, içip – teşneligini gandyrypbilmez. Eger mendepiramidanyň ululygyndaky altyn bolanlygynda-da, ne-hä hurma, ne-de suw bolan günbatar çöllükde göçüp-gonup ýören liwiýaly kimin gedaýlykda ýaşardym. Ine, şeýle bir bölek peýdasyz demir üçin finikiýaly otuz iki adamy ekläp-saklamagy başarýan ýer ülüşini, onuň üstesine-de, şol adamlaryň özüni hem alýar! Ol üç ýylyň dowamynda ýeri bejerip, ekin ekip, hasyl alyp bilýän; un, buza, mata, egin-eşik taýýarlap bilýän; jaý gurup, agaç goşlary ýasap bilýän adamlaryň zähmetini peýdalanýar. Faraon ýa-da häkim bolsa şol adamlaryň hyzmatyndan üç ýyllap mahrum bolýar. Husyt finikiýaly üçin işlänsoň, şol adamlar ne-hä salgyt töleýärler, ne-de goşunyň yzyndan agyr ýükleri göteripgidýärler.Örän hormatlylar, açlykdan aňkasy aşan, işden, ýenjilmeden halys bolan daýhanlaryň ol ýa-da beýleki welaýatda her ýylda gozgalaň turuzýandygy size mälimdir. Olaryň bir bölegi-hä heläk bolýarlar, beýlekileri-de daş döwülýän ýerlere ugradylýar; diňe finikiýalynyň kimdirbirine bölek altynberýändigi sebäpli, ýirduň ilaty barha azalma bilen! Heý, şundan uly betbagtçylygy göz öňüne getirip bolarmy? Eýsem, şeýle ýagdaýda Müsür ýylba-ýyldan ýerden, adamdan mahrum bolmazmy? Şowly uruşlar-a biziň ýurdumyzy tozdurýar, Finikiýanyň söwdasy-da ony haldan düşürýar. Žresleriň ýüzlerinde kanagatlanma peýda boldy; mürzeleriň bol-telkilikde ýaşaýandygy hakdaky bellige garanda, finikiýalylaryň mekirligi hakdaky belligi diňlemek hoş ýakýardy. Pentuer sözüne dyngy berdi. Soňra mürasdüşere ýüzlenip: - Hudaýyň hyzmatkäri Ramses, sen, ynha, birnäçe aý bäri onuň keramatlysy patyşanyň girdejisiniň ne sebäpden azalandygyny howsala bilen soraýarsyň.Hudaýlaryň pähim-parasaty diňe bir gaznanyň azalman, eýsem, goşunyň-daazalýandygyny subut etdi; faraonyň kuwwatlylygynyň bu iki çeşmesi mundan beýlägem gurar. Eger asman Müsüre ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda biziň ýurdumyzy basyp gelýän betbagtçylyk akymynyň öňüni böwetläp biljek hökümdary ýollamasa, ol döwletiň doly tozmagy bilen tamamlanar. Biziň ýerimiziň-de, adamlarymyzyň-da köp döwründe faraonlaryň gaznasy agzy-burny bilen doly bolupdyr. Diýmek, çölüň eýelän hasylly topragyny ondan gaňryp almaly, halkyň gerdeninden onuň güýç-kuwwatyny gowşadýan hem-de ilatyň sanyny azaldýan agyr ýüki aýyrmaly. Pentuer ýene mürzelerdir emeldarlar barada söz açar öýdüp, žresler biynjalyk boldular. - Şa ogly, seniň özüňem, beýlekilerem halk dok, sagdyn hem-de durmuşyndan razy mahalynda patyşanyň gaznasynyň doly bolýandygyny gözüňiz bilen gördüňiz. Halkyň hal-ýagdaýy peselip, daýhanyň aýallarydyr çagalary azala goşulmaly bolup, bugdaýyň, etiň ýerini lotosyň çigidi tutup başlanda, gaznanyň-da düýbi görnüp başlaýar. Eger sen döwleti uruşlardan ozalky on dokuzynjy neberäniň eýe bolan aňrybaş kuwwatlylygyna eltmek isleýän bolsaň, eger sen faraonyň, onuň emeldarlarynyň, goşunyň ähli zadynyň bolelin bolmagyny isleýän bolsaň, ýurda uzak wagtlapparahatçylygy, halkyňa bolsa gowy durmuşy üpjün et. Goý, ulular ýene et iýsinler, keşdelenen egin-eşik geýsinler; çagalar agyr ýagdaýdan aglaman, öte agyr zähmetden heläk bolman, oýnasynlar ýa-da mekdepdeokasynlar. Şeýle-de, Müsüriň goltugynda zäherli ýylan göterip ýörendigini unutmagyn. Duranlar ony bilesigelijilik hem-de gorky bilen diňleýärdiler. - Halkyň ganyny sorýan, häkimleriň mülküni ellerinden alýan, faraony güýçden gaçyrýan ýylan – finikiýalylardyr. Duranlar: - Olaryň gümüni çekmeli! Olara bergini gaýtaryp bermeli däl, täjirlerini goýbermeli däl, gämilerini kabul etmeli däl! – dioýip gygyryşdylar. Beýik žres Mefres olary köşeşdirip, Pentuere gözi ýaşly halda ýüzlendi: - Seniň agzyň bilen hudaý aýal Hatoryň gürleýändigine men ikirjiňlenemok. Bu diňe bir sen kibi ynsan oglunyň şeýle akylly, hemme zatdan habarly bolup bilmejekdigi üçin däl, eýsem, seniň depäňde iki sany şah şekilli nur görendigim üçin şeýle. Biziň bihabarlygymyzy kowandygyň üçin, seniň beýik sözleriňe minnetdarlyk bildirýärin. Men saňa pata berýärin hem-de meniň ýolumy alyp gidiji etmeklerini sorap hudaýlary çagyrýaryn! – diýdi. Ybadathananyň ýokary derejeli adamynyň islegini goldaýan sesler uzakwagtlap ýatmady. Pentyeriň ikinji gezek mürzeler hakda mesele gozgamandygy üçin, žresler has-da hoşal boldular.Dana salykatlylyk etdi: döwletiň agyr betbagtçylygyny görkezse hem, has aňry gidip, onuň oduny ölçermänsoň, hemmäniň biragyzdan makullamagyny gazandy. Ramses Pentuere minnetdarlyk bildirmedi-de, diňe onuň kellesini gursagyna gysdy. Ýöne beýik pygamberiň wagzynyň mirasdüşeriň kalbynysarsdyrandygyna we oňa, belki, Müsüriň şöhraty, bagty ösüp ýetişjek tohum taşlandygyna hiç kim şübhelenmeýärdi. Pentuer ertesi Gün dogandan, hiç kim bilen hoşlaşmazdan, ybadathananyterk edip, Memfise ugrady. Ramses birnäçe günläp ýuman agzyny açman gezdi; içki dünýäsinde çuňňur özgerişlik bolup geçensoň, ol öz hüjresinde otyrka-da, ybadathananyň garaňky dälizinde aýlanyp ýörkä-de, pikire gümrady. Aslynda-ha Pentuer hiç hili täze zat aýtmandy: Müsüriň ýeriniň we ilatynyň azalýandygyndan, daýhanlaryň aç-hor ýaşaýandygyndan, mürzelerdir emeldarlaryň hyýanat edýändiginden, finikiýalylaryň özlerini talaýandygyndan hemme kişi zeýrenýärdi. Emma pygamberiň wagzy şa oglunyň häzire deňiç bilýän bölek-büçek zatlaryny bir sapaga düzüpdi, olary göz öňüne geler ýaly edipdi, käbir maglumatlary has aýdyňlaşdyrypdy. Pentueriň finikiýalylar baradaky sözleri ony gorkuzdy. Bu halkyň ýurda nähili zyýan ýetirýändigine Ramses häzire çenli düşünmän ýören eken. Özüniň-de daýhanlaryny Dagona kärendesine berendigi sebäpli, onuň gorkusy has-da artdy. Süýthoruň daýhanlardan salgydy güýç bilenalýandygyna ol şaýatbolupdy ahyry. Ýöne özüniň finikiýaly süýthorlar bilen gatnaşygy hakdaky pikir garaşylmadyk netije berdi duruberdi: Ramsesiň finikiýalylar barada gaýdyp kelle agyrdasy gelmedi. Sebäbi mirasdüşeriň kalbynda bu halka gahar-gazap möwç urdugy, özüniň-de belli bir derejede olara ýarandygy sebäpli, ony şobada utanç duýgusy basýardy. Ýöne oňa derek mirasdüşer ýeriň, ilatyň azalmagynyň döwlete nähili heläkçilikli täsir edýändigine gaty gowy düşünensoň, özi bilen ikiçäk mahaly onuň ähli oý-pikiri şu meselede jemlenýärdi. Ol: „Eger häzir bizde Müsüriň ýitiren iki million adamy bolanlygynda, şolaryň kömegi arkaly diňe bir çöllükden hasylly topragy gaňryp almak däl, eýsem, olaryňmeýdanyny giňeltse-de bolardy. Ine, onsoň finikiýalylara seredip oturman, biziň daýhanlarymyz gowy ýaşardylar, döwletiň girdejisi-de artardy. Emma şonça adamy nireden aljak?“ diýip oýlanýardy. Bu sowala tötänlik jogap berdi. Bir gün giçlik ybadathananyň bagynda gezelenç edip ýören Ramses Nitagor tarapyndan gündogar serhetde ýesir alnyp, aýal hudaý Hatora sowgat hökmünde ýollanan gullary gördi. Olar syrdamdylar, kamatlydylar, müsürlilere garanda köp işleýärdiler, gowy naharlanylýandygy sebäpli hatda öz täleýlerinden razydylar. Mirasdüşeriň olara gözi kaklyşandan täze pikir peýda bolup, tas akylyndan azaşypdy. Müsüre köp adam, ýüzlerçe müň, hatda million, iki million adam gerek. Ynha, şol adamlar! Etmeli zat belli: diňe Aziýaaralaşyp, ýolda sataşan ähli adamy tutup, Müsüre ibermeli – bolany. Tä her bir müsürliniň öz guly bolýança urşy bes etmeli däl. Onuň kellesinde ýönekeý we örän uly maksat, ine, şeýdip döredi; ol amala aşyrylanlygynda döwlete – adam, daýhana – işde kömekçi, faraonyň gaznasyna hem – tükeniksiz girdeji bermelidi. Ramses peýda bolan pikire juda şatlandy. Emma ol uzaga çekmedi, ertesi gün onuň kalbynda ýene şübhe oýandy. Müsüriň betbagtçylygynyň gözbaşynda ýeňişli uruşlaryň durandygyny ilki Herihor aýdypdy, Pentuer ony has-da berk nygtady. Diýmek, täze uruşlar ýurduň gülläp ösmegine kömek edip biljek däl-dä? Mirasdüşer: „Herihoram, Pentuerem – beýik danalar. Eger bular urşy zyýanly hasaplaýan bolsa, eger beýik žres Mefres-de, beýleki žresler-de şeýle pikir edýän bolsa, onda urşuň, hakykatdanam, howply pişe bolmagy mümkin. Eger ýalňyş bolsa, şeýle dana hem-de keramatly adamlar bu pikiri goldamazdy“ diýip oýlanýardy. Mirasdüşeriň keýpi gaçdi. Ol Müsüri pese düşmekden halas etmegiňýönekeý usulyny oýlap tapdy, ýöne žresler hut urşuň ýurdy gutarnykly heläkçilige getirip biljekdigini tassyklaýarlar... Emma basym mirasdüşeriň žresleriň dogruçyllygyna ynamyny gowşadan, ýa-da, has takygy, olara bolan öňki ynanmazçylygyny oýaran ahwalat bolup geçdi. Ol bir gün tebipleriň biri bilen kitaphana barýardy. Ýol ol ýere insiz, garaňky däliziň üstünden geçýärdi. Mürsdüşer ýüz-gözüni egşidip, bosagadan ätlemek islemedi. Ol: - Men bu ýol bilen gitjek däl – diýdi. Geň galan hemrasy: - Nämüçin? – diýip sorady. - Sen, näme, keramatly ata, däliziň aňry çetinde haýsydyr bir dönüge jebir sütem-edilen ýerasty gowagyň bardygyny unutdyňmy? - Hä. Pentueriň wagzynyň öň ýanynda eredilen şepbik guýan ýerasty gowagymyzmy? – diýip, tebip bolup geçen wakany ýadyna saldy. - Şeýdibem, adamyň ganyna galdyňyz! Tebip ýylgyrdy. Ol hoşgöwün, ruhubelent, tokga kişidi. Ramsesiň gaharlydygyny görüp, ol utanjyndan sagyndy. Soňra: - Hawa, elbetde, mukaddes syrlary açmak bolmaýar. Biz her bir dabaranyň öň ýanynda muny geljekki žreslere ýatladýarys – diýdi. Onuň gepleýşiniň äheňi Ramsese juda geň bolup görnensoň, tebipden açyk gürlemegini haýyş etdi. Tebip: - Men syry aýan edip biljek däl, ýöne sen, hökümdar, ony gizlin saklamaga söz berseň, men saňa bir hekaýaty gürrüň bereýin – diýdi. Ramses razy boldy. - Bir müsürli žres butparaz Aram ýurdunyň ybadathanalaryna aýlanyp ýörkä, etli-ganly, öz ykbalyndan razydygy görnüp duran, ýöne eleşan eşikli adama gabat gelipdir. Žres şol şadyýan garypdan: „Eşigiňe seretseň-ä, sen aç-hor gezip ýören garyp ýaly, keşbiňe seretseň-de, ybadathananyň hojalygyny alyp barýan žresden kem iýip-içmeýän ýaly. Nämüçin şeýledigini sen maňa düşündirip bilmezmiň?“ diýip sorapdyr. Ol adam töwerekde gulagyň bar bolaýmagyndan howatyrlanyp, eýlesine-beýlesine seredipdir. Soňra: „Meniň öpän naýynjar sesim bolansoň, jebir-jepa döz gelmeli bolýan günäli hökmünde ybadathanada hasapda durup, onuň tabşyrygyny ýerine ýetirýän. Halk ybadat etmäge ýygnanan mahaly, men ýerasty gowaga girýän-de, güýjümiň ýetdiginden nalap, bagyryp başlaýan. Meni bitirýän hyzmatym üçin tutuş ýyllap gowy naharlaýarlar, „ezýet çeken“ her bir günüm üçin bir küýze buza berýärler“ diýip jogap gaýtarypdyr. Butparaz ýurt Aramda, ine, şeýdýärler – Žres barmagyny dodagyna ýetirdi. – Siziň alyhezretiňiz, maňa söz berendigiňizi ýadyňyzda saklaň, biziň eredilen şepbigimiz hakda bolsa nähili isleseňiz, şeýle-de pikir ediberiň! Bu gürrüň Ramsesi tolgundyrdy. Dogry, şol adamyň ybadathanada tä ölýänçä ezýet çekdirilmändigini bilip, onuň kalby aram tapdy, ýöne öňki şübhesi-de ýaňadan oýandy. Žresleriň ýönekeý halky aldaýandygyna Ramses şübhelenmeýärdi. Ol heniz žres mekdebinde okap ýörkä keramatly öküz Apisiň ýörişini görüpdi. Halk Apisiň žresleriň öňüni alyp barýandygyna ynanypdy, ýöne keramatly haýwanyň žresler özüni nirä kowsa, şol ýere gidýändigini her bir okuwçy bilýärdi. Kim bilýär, belki Pentueriň ýörite özüne niýetlenen tutuş wagzy „Apisiň ýörişi“ ýaly bir zatdyr. Sebabi ýere dürli reňkdäki noýba sepelemek aňsat, janly suratlary goýmagam şeýle bir kyn däl. Ol has uly oýny –Setiň Osiris bilen söweşini görüpdi. Oňa ýüzlerçe adam gatnaşypdy. Eýsem, ol hem žresler tarapyndan oýlanyp tapylan ýalançylyk dälmi näme? Oýun hudaýlaryň çaknyşygy hökmünde görkezilse-de, olar şolaryň eşigini geýen adamlardy. Osiris söweşde ölenem bolsa, Osirisi şekillendiren žres kerk ýaly bolup, aman-esen gezip ýördi. Ol ýerde täsinlik baryny görkezipdiler: suw möwç urupdy, gök gümmürdäpdi, üyldyrym çakypdy, ýer goduklapdy, ot atylyp çykypdy...Hemmesi ýalandy! Pentueriň görkezen zatlary nämüçin dogry bolmalymyşyn? Indi mirasdüşerde özüni aldandyklary barada subutnamabardy. Depesinden gyzgyn şepbikguýlan adam bilen bolup geçen ahwalat hilegärlik bolup çykdy! Ýöne bu esasy zat däl. Iň esasy zat Herihoryň uruş islemezligi, Mefresiňem urşa garşy bolmagy. Ramses muňa telim gezek göz ýetiripdi. Ýeri, onsoň Pentueriňki näme? Bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok: ol biriniň-ä kömekçisi, beýlekisiniňem gowy görýän adamy. Mirasdüşeriň kalbynda söweş gidýärdi. Bir görseň-ä, ol ähli zada düşünýän ýalydy, bir görseňem, ähli zat ýene dumana dulanýardy. Bir görseň-ä, kalby umytdan doludy, bir görseňem, hiç zada ynananokdy. OlNiliň suwunyňýokary galyp-peselişi ýaly, sagatsaýyn, günsaýyn, bir görseň-ä, asmana göterilýärdi, bir görseňem, ruhdan düşýärdi. Emma Ramses assa-ýuwaşdan durnukly ýagdaýa geldi we ybadathanany terk etmeli wagty gelip ýetende, onda dörän pikir berkdi. Birinjiden, Müsüriň ýere, adamlara mätäçlik çekýändigi oňa mälim boldy. Ikinjiden, adamlary köpeltmegiň ýönekeý usuly – Aziýa bilen uruşmak. Ýöne urşuň ýurduň betbagtçylygyny artdyrjakdygyny Pentuer subut edipdi. Ine, onsoň: „Ol dogrusyny aýdýarmy ýa-da ýalan sözleýärmi?“ diýen sowal peýda boldy. Žresleriň dogrusyny aýdandygy baradaky pikir mirasdüşerde umytsyzlyk döretdi, sebäbi ol ýurduň ýagdaýyny gowulandyrmagyň başga usulyny bilenokdy. Uruş bolmasa, Müsüriň ilaty-ha ýyldan ýyla azalar gider oturar, faraonyň gaznasynyň-da bergisi barha artmak bilen bolar. Pentuer ýalan sözleýän bolsa näme? Ýöne nämüçin? Megerem, ony Herihor, Memfes, şeýle-de, beýleki žresler yran bolsa gerek. Olar urşa nämüçin garşyka? Şeýtmek bilen, olar näme peýda gazanýarka? Her bir uruş žreslere, faraona ummasyz baýlyk getirýär ahyry! Dogrudanam, žresler ony bu meselede aldaýdylarmyka? Ýalançylygyň olaryň ganynda bardygy çyn, ýöne ýurduň geljegi, ýaşap-ýaşamazlygybaradaky mesele örboýuna galyp durka – şeýle düýpli ýagdaýda, heý-de, ýalan sözläp bolarmy? Ýok, olar hemişe ýalan sözleýärler diýip bolmaz. Sebäbi žresler hudaýlara gulluk edýärler, beýik syrlaryň goragynda durýarlar. Olaryň ybadathanalarynda ruhlar ýaşaýarlar, muňa şol ýere gelen gününiň ilkinji gijesi Ramsesiň özi-de şaýat bolupdy. Ýöne hudaýlar dereje berilmediklere öz altarlaryna golaýlaşmagy gadagan edip, ybadathanalary şeýle gabanjaňlykbilen goraýan bolsa, onda nämüçin olar Müsüri – özleri üçin beýik mukaddesligi goranoklar? Žresleriň doga-dilegi, öwüt-nesihaty bilen berjaý edilen dabaraly ybadatdan birnäçe gün geçenden soň Hator ybadathanasyny terk eden Ramsesi iki sowal horlaýardy: Hakykatdanam, Aziýa bilen uruş Müsüri halys tapdan düşürermikä? Žresler ony – tagtyň mirasdüşerini bu meselede aldap bilerlermikä? DÖRDÜNJI BAP Mirasdüşer birnäçe serkerdäniň hemra bolmagynda, bedew besläp, Habu welaýatynyň paýtagty Bubasta rowana boldy. Paoni aýy geçip, efipi16 başlanypdy. Gün Müsüriň yssy günleriň demine düşjekdigini öňünden duýduryp, al asmanda parlap durdy. Adamlar, haýwanlar yssa tap getip bilmän ýykylýardylar, otlary, agaçlary bolsa olaryň işini görýän çal tozan tutupdy. Bägül ýygymy tamamlanyp, indi ondan ýag ýasamak bilen gümradylar. Meýdanda galla, klewer oragy barýardy. Guýy „durnalary“ sürlen ýerleri suwarmak, olary täzeden ekişe taýýarlamak üçin gyrmançaly suwy irginsiz susýardylar. Injirdir üzüm ýygymyna girişilipdi. Niliň suwy çekilipdi, ýalpaklanan howhanalardan ýakymsyz ys göterilýärdi. Tutuş ýurduň depesine ýukajyk tozan aýlanyp, asmandan Günüň ýakyp-ýandyryp barýan şöhlesi saçylýardy. Muňa garamazdan, mirasdüşeriň keýpi kökdi. Toba edýän adamyň durmuşy ony halys irizipdi; göwün meýlis, aýal, şowhunly, şadyýan durmuş küýseýärdi. Habu welaýatynyň ýeri tekizdi, nowhanalardan ýaňa kesim-kesim bolsa-da, synlan çagyň gözüň dokunýardy. Onda ýerli müsürliler däl-de, haçandyr bir zamanda Müsüri boýun egdiren we ony asyrlaryň dowamynda ýumrugynyň içinde saklan merdana giksoslaryň nesilleri ýaşaýardy. Arassa ganly müsürliler kowlan ýeňijileriň nesillerini ýigrenýärdiler. Ýöne Ramses olara hormat bilen garaýardy. Giksoslar uzyn boýly, gapak döşli, göwresini dim-dik tutup ýöreýän, dogumlydygy ýüz-gözünden görnüp duran güýçli adamlardy. Olar mirasdüşeriň alnynda-da, serkerdeleriň alnynda-da, müsürliler ýaly, ýüzin düşüp ýatmaýardylar; tanymal maşgalalardan ýykan ýaşlara hem gorky-ürküsiz, ýöne ýigrençsiz seredýärdiler. Olaryň arkasynda taýak yzynyňýarasy ýokdy: giksosyň urga urgy bilen jogap gaýtarýandygyny, çendan bolsa özüne ezýet berýäni öldürmekdenem gaýtmaýandygyny bilýän mürzeler olardan gorkýardylar. Mundanam başga, olaryň ilaty goşuny iň gowy esgerler bilen üpjün edip duransoň, giksoslar faraonyň goldawyndan peýdalanýardylar. Şähere golaýlaşyldygyça, göýä tüssejigiň arasyndan ýaly bolup, tozan buludynyň aňyrsyndan ybadathanalarydyr köşkleri görünýän ýer barha janlanyp ugrady. Uly ýoluň hem-de golaýdaky nowhanalaryň ýakasy bilen mal, bugdaý, miwe, çakyr, gül, çörek we durmuşda zerur bolan beýleki närseleri daşaýardylar. Şähere tarap eňip barýan, edil Memfisiň eteginde uly baýramçylyklarda bolşy ýaly, köp hem-de şowhunly adamlaryň, harytlaryň akymy bu ýerlerde adaty ýagdaýdy. Bubastyň daş-töwereginde tutuş ýyllap diňe gijesine köşeşýän bazar başagaýlygy höküm sürerdi. Beýle bolmagynyň sebäbi ýönekeýdi: şäher günbatar Aziýanyň ähli ýerinden zyýaratçylaryň toparyny özüne çekýän gadymy Aştoret ybadathanasy bilen meşhurdy. Her günde Bubastyň golaýynda çadyrlarda we açyk asmanyň astynda otuz müňe golaý kese ýerli adamlaryň: şasularyň, araplaryň, finikiýalylaryň, iudeýleriň, filistimlileriň, hettleriň, assiriýalylaryň we beýlekileriň goş ýazdyrýandygyny aýtsaň, gep çişirildigi boljak däldi. Gazna örän uly girdeji getirýän zyýaratçylara Müsüriň hökümeti hoşamaý garaýardy, žresler olara sabyr-takatlydy, goňşy welaýatlaryň ilaty bolsa olar bilen gyzgalaňly söwda edýärdi. Şähere ýetmäge bir sagat galanda zyýaratçylaryň ýalazy ýerde guran çalamydar çatmalary, çadyrlary göze kaklyşyp ugrady. Bubasta golaýlaşyldygyça olaryň sany barha artýardy, ýolda eýeleri-de barha köp görünýärdi. Olaryň bir bölegi açyk asmanyň astynda nahar bişirýärdiler, bir bölegi üznüksiz gelip duran harytlar satylýan dükanlaryň töweregine üýşüpdiler, ýene bir bölegi bolsa dabaraly ýöriş bilen ybadathana barýardylar. Kä ol ýerde, kä beýleki ýerde daşyna mähelle ýygnap, haýwanlary boýun egdirijiler, ýylanlary jadylaýjylar, türgenler, tansçylar, hokgabazlar öz sungatyny görkezýärdiler. Tutuş mähelläniň üstünden yssy hem-de dowamly gykylyk höküm sürýärdi. Şäheriň esasy köçeleriniň birinde märeke juda köp ýygnanansoň, tertip-düzgüne gözegçilik edijiler mirasdüşere we onuň töweregindäkilere ýol arçamaly boldular. Märeke ony garşylamak-ha beýlede dursun, hatda gelendigini-de görmeýän ýalydy; olar uly bolmadyk köşgüň daşyny alyp duruşlaryna, kimdir birine garaşýardylar. Ilatyň parhsyzlygyndan ynjan Ramses häkimden: - Bu ýerde näme bolup geçýär? – diýip sorady. - Bärde Tir şäherinden bolan knýaz Hiram ýaşaýar. Rehim-şepagatly adam bolansoň, her gün sahylyk bilen sadaka paýlaýar. Şol sebäpli gedaýlar bärden aýrylanok. Mirasdüşer atda oturan ýerinden eýlesine-beýlesine seredip: - Men bärde faraonyň işgärlerini-de görýän. Näme, olaram sadaka sorap, finikiýaly baýyň ýanyna gelýärlermi? – diýip sorady. Häkim sesini çykarmady. Onuň bagtyna, köşge golaý gelnensoň, Ramses Hiramy ýatdan çykardy. Mirasdüşeriň hormatyna guralan meýlis birnäçe güne çekdi. Ýöne onda şatlyk-şowhun kemlik etdi, birnäçe gezek ýakymsyz ahwalatlaram ýüze çykdy. Bir gün mirasdüşeriň aýallaryndan biri onuň alnynda tans edip durşuna, aglap başlady. Ramses ony gujaklap, näme bolandygyny sorady. Aýal ilki jogap bermek islemedi, ýöne jenabynyň mähir-muhabbetine göwni göterilip, gözýaşa boglup durşuna: - Hökümdarym, menem, joralarymam tanymal maşgalalardan, özümizem saňa degişli. Şeýle bolansoň, bize hormat bilen garalmaly...-diýdi. - Elbetde. - Ýöne seniň gaznaçyň biziň çykdajymyzy kemýär. Ol hatda hyzmatkärlerdenem mahrum etmek isleýär, biz bolsa şolarsyz ýuwnup-ardynybam, saçymzy darabam bilemzok ahyry. Ramses gaznaçyny ýanyna çagyryp, saýry maşgaladan bolan zenanlaryň ähli talaplaryny ýerine ýetirmegi emir edip, ony berk gorkuzdy. Gaznaçy hökümdaryň öňünde ýüzin düşüp ýatyşyna, olaryň islän zadyny bitirjekdigine söz berdi. Aradan birnäçe gün geçenden soň, özlerini çakyrdan mahrum edýändiklerinden nägile bolup, köşkdäki gullar tertipsizlik etdiler. Mirasdüşer olara çakyr bermegi buýurdy. Ýöne ertesi gün dabaraly harby ýöriş mahaly onuň ýanyna goşun ýygynlaryndan wekiller gelip, özlerine berilýän eti, çöregi azaldyp ugranlaryndan şikaýat etdiler. Mirasdüşer bu gezegem arz bilen gelenleriň talabynyň ýerine ýetirilmegini emir etdi. Emma basym edil köşgüň derwezesiniň agzynda turan gopgun ony ukudan oýardy. Ramses näme bolandygyny sorady. Garawul duran söweşiji patyşanyň işgärleriniň ýygnanyp, özlerine tölenilmedik haky talap edýändiklerini habar brdi. Gaznaçyny çagyrdylar. Gahardan ýarylaýjak bolýan Ramses oňa agzyna gelenini diýdi. - Bu bolup ýören zatlar näme? Şu ýere gelelim bäri ýekeje günem arz-şikaýatsyz geçenok. Eger bu ýagdaý şeýdip dowam etjek bolsa, men derňew bellärin-de, siziň eli egriligiňiziň soňuna çykaryn – diýip gygyrdy. Sandyrap duran gaznaüy biçäre özüni ýere goýberdi-de: - Meni öldür, jenap, ýöne seniň gaznaň, seniň ammarlaryň, seniň mal howlularyň haňlap ýatyrka, men nädeýin! – diýip hyklady. Gahar erkini alandygyna garamazdan, mirasdüşeriň kellesine: „Belki, gaznaçy günäkär däldir?“ diýen pikir geldi. Oňa gitmegi emir edip, ýanyna Tutmosy çagyrdy. - Bilýäňmi näme, bärde meniň düşünmeýän hem-de endik etmedik zatlarym bolup geçýär: meniň esgerlerim, patyşanyň işgärleri haklaryny alanoklar, meniň aýallarymyň çykdajylary çäklendirilýär. Men munuň sebäbini gaznaçydan soranymda, ol biziň gaznamyzda-da, ammarlarymyzda-da, mal howlularymyzda-da hiç zat galmandygyny aýtdy. - Ol dogrusyny aýdypdyr. - O nähili dogrusyny aýdanmyşyn? – diýip, Ramses gyzyp ugrady. – Patyşa meniň syýahatyma harytdyr altyn bilen iki ýüz talant goýberdi. Näme, şonuň hemmesi sarp ediläýipdirmi? - Hawa – diýip, Tutmos jogap gaýtardy. - Nädip?.. Nämä?..Bizi ýolboýy häkimler myhman almadylarmy näme?– diýip, hökümdar gaharly gepledi. - Ýöne iýen-içen zatlarymyzyň tölegi bizden boldy. - Diýmek, şol kezzaplar, ogrular myhman alan bolup, aslynda bizi ütýän eken-dä? - Gaharlanma. Men saňa hemmesini düşündireýin. - Otur. Tutmos oturgyçda ornaşyp, söze başlady: - Meniň indi bir aýlap seniň aşhanaňdan stol alýandygymy, seniň küýzäňden çakyr içýändigimi hem-de seniň köýnegiňi geýýändigimi bilýämiň? - Seniň muňa hakyň bar. - Ýöne men ozal hiç wagtda beýle iş etmeýärdim ahyry. Men gaznaňa zerep ýetirmezlik üçin, seniň hasabyňa ýaşaýardym, geýinýärdim, şady-horramlyk edýärdim. - Bergileriňi ýatlamagyň geregi ýok. - Seniň köşgüňdäki tanymal maşgalalardan çykan onlarça ýigit şeýle ýagdaýda gezip ýör. Jübüleri boş bolansoň, oalr seniň hasabyňa ýaşap ýörler. - Wagty geler, men olary sahylyk bilen begendirerin – diýip, mirasdüşer onuň sözüni kesdi. Tutmos gürrüňini dowam etdirdi: - Seniň gaznaňa göz dikmäge bizi mätäçlik mejbur edýär. Häkimlerem şeýtmeli bolýarlar. Eger olar başaranlarynda, öz hasaplaryna seniň üçin meýlisem gurardylar, kabul edişligem gurardylar. Ýöne meýlis gurara ýagdaýyň bolmasa, ondan ýüz öwürmeli bolýar...Eýsem, sen şu gürrüňden soňra hem, olary ogry diýip atlandyrjakmy? Ramses pikirli halda otagda aýlanýardy. Ol: - Hawa, men olary ýazgarmaga gyssanypdyryn. Gahar gözümi gapypdyr. Emma men barybir öz köşgümdäki adamlaryň, esgerleriň, işgärleriň ynjamagyny islämok. Aňrym weli takyrap ýatyr... Diýmek, karz almaly bolýan... Ýüz talant ýetrmikä diýýän. Sen nähili pikir edýäň? Tutmos: - Bize hiç kim ýüz talant karz bermese gerek – diýip, ýuwaş ses bilen jogap gaýtardy. Hökümdar oňa tekepbirlik bilen seretdi. - Eýsem, faraonyň ogluna şeýle jogap gaýtarylýanmydyr? Tutmos gussaly ses bilen gürledi: - Meni ýanyňdan kowup bilersiň, ýöne men dogrymy aýtdym. Jübüsi galyň adamyň ýokdugy sebäpli, bize häzir karz berjek tapylmaz. - Dagon näme? – diýip, mirasdüşer geň galdy. – Eýsem, meniň köşgümde ol ýokmy? Ýa-da öläýdimi? - Dagon Bubastda. Ol beýleki finikiýaly täjirler bilen bilelikde uzynly güni Aştoret ybadathanasynda toba edip, doga okap geçirýär. - Ol ne beýle birden dindar bolaýypdyr? Ýa-da meniň ybadathanada bolandygym sebäpli, süýthor-da hudaýlar bilen gürrüňdeş bolmagy zerur hasaplaýarmyka? Tutmos gozgandy. - Finikiýalylar bir habar sebäpli oda-köze düşdüler, hatda agyr ýagdaýa galdylar diýseňem boljak. - O nämäniň habary? - Kimdir biri sen tagta geçeniňde finikiýalylary ýurtdan kowup, olaryň emlägini-de gaznanyň haýryna geçirjekdigiň barada myş ýaýradypdyr. - Aý, oňa çenli finikiýalylaryň wagty köp ahyry – diýip, mirasdüşer ýaňsyly jogap gaýtardy. Tutmosyň bolup oturyşy nämedir bir zat aýtmak isläp, ýöne aýgyt ediňp bilmeýän ýalydy. Ol ahyry sesini peseldip gürledi: - Onuň keramatlysynyň – goý, onuň ömri baky bolsun! – saglygynyň bütinleý gowşap, hal üstündedigi barada „myş-myşlar“ agyzdan agza geçip ýör... Howsala düşen şa ogly: - Ýalan ! Eger şeýle bolsa, men ony bilerdim! – diýip, Tutmosyň sözüni kesdi. - Ýöne žresler faraonyň sag-aman aýak üstüne galmagyny diläp, ogrynça doga okaýarlar. Men muny anyk bilýän – diýip Tutmos pyşyrdady. Ramsesiň akly haýran boldy. Ol: - Meniň kakam agyr syrkaw, žresler doga okaýarlar, men bolsa, hiç zat bilemok - bu nähili beýle bolýar?– diýip gygyrdy. - Aýtmaklaryna görä, patyşanyň keseli tutuş bir ýyla çekip biljekmişin. Ramses elini salgap goýberdi. - Aý, goýsan-aý, ertekileri diňleýäň-de, meni bimaza edýäň. Sen, gowusy, maňa finikiýalylar barada gürrüň ber. Ynha, şol gyzykly. - Men diňe iliň habarly zadyny eşitdim: hamala, sen ybadathanada bolanyňda finikiýalylaryň mekirligine göz ýetirip, olary kowjakdygyň hakda ant içenmişiň. - Ybadathanada? – diýip mirasdüşer gaýtalady. – Ybadathanada meniň nämä göz ýetirendigimi hem-de nähili karara gelendigimi bilýän kim bolup bilerkä? Tutmos egnini ýygryp, dymdy. - Be, ol ýerde-de dönüklik barmyka? – diýip mirasdüşer pyşyrdady. Soňra sesini gataltdy: - Meniň ýanyma Dagony çagyr, men bu gybartlaryň öýjügiini tapyp, soňuna çykmasam bolmaz. - Dogry edýäň, hökümdar, sebäbi tutuş Müsür howsalaly ýagdaýda. Eýýäm häzirden karz pul alar ýaly adam ýok, eger şol gybatlar kök uraýsa, tutuş söwda ýatyp galar. Biziň saýry adamlarymyz gurpdan düşdiler, bu ýagdaýdan çykalga-da görnenok. Onsoňam, jenap, seniň köşgüň-de ähli zatda mätäçlik çekýär. Aradan bir aý geçer weli, şeýle ýagdaý patyşanyň köşgünde hem döremegi ähtimal... - Samahullap durma-da, gyssagly meniň ýanyma Dagony çagyr – diýip, Ramses onuň sözüni kesdi. Tutmos gitmäge gyssandy. Ýöne süýthor gündiz gara bermedi, ol hökümdaryň ýanyna agşam geldi. Onuň egninde gaýmaly ak hiton bardy. Dagony şeýle eşikde gören mirasdüşer: - Siz, näme, akylyňyzdan azaşdyňyzmy? – diýip gygyrdy. – Duruber bakaly, häzir baý, şatlanarsyň-a! Maňa gyssagly ýüz talant gerek. Bar, ugra, özüňem şu işi bitirýänçäň meniň gözüme görünäýme!.. Ýöne süýthor ellerini ýüzüne tutup, aglap başlady. - Bu näme boldugy? – diýip mirasdüşer gaharly sorady. Dagon dyzyna çökdi. - Jenap, meniň ähli emlägimi elimden al, özümi-de, maşgalamy-da sat, hemme zadym, hatda ömrümem seniňki bolsun...Ýöne ýüz talant! Men häzir şeýle puly nireden alaýyn? Onça pul Müsürde-de, Finikiýada-da ýok... Mirasdüşer hezil edip güldi. - Görýän weli, seni Set bulaşdyrypdyr-ow, Dagon! Meniň sizi ýurtdan çykaryp kowjakdygyma indi senem ynanýaňmy? Dagon ikinji gezek onuň aýagyna ýykyldy. - Onuň çyndygyny-ýalandygyny men näbileýin. Men bir ýönekeý söwdagär hem-de seniň guluň. Ömrümiňem, baýlygymyňam ýel üflän ýaly bolmagy üçin göz açyp-ýumasy salym ýeterlik ahyry. Sabyr käsesi dolan mirasdüşer: - Hany, maňa düşündir, bu näme boldugy? – diýip sorady. - Men saňa näme aýtmalydygyny-da bilemok. Bar, biläýenligimde hem,agzymda ullakan möhür bar...Men häzir diňe doga okap, gözýaş dökýän. Ramses: „Eýsem, finikiýalylaram doga okaýarlarmy näme?“ diýip oýlandy. Dagon sözüni dowam etdirdi: - Men saňa hiç hili kömek edip bilemok, ýöne gowy maslahat bereýin: bärde, Bubastda Tir şäherinden bolan meşhur knýaz Hiram ýaşaýar. Ol ýaşy bir çene baran, akylly hem-de örän baý adam. Ony ýanyňa çagyr-da, ýüz talant sora. Belki, ol seniň işiňi bitirer... Dagondan tamasy çykmadyk Ramses Hiramyň ýanyna degişli adamlary ýollajakdygyny aýdyp, ony goýberdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |