00:25 Faryseddin Aktaý | |
DEÑSIZ-TAÝSYZ AKTAÝ
Taryhy şahslar
Memluk türkmen döwletiniň ilkibaşky taryhynda ady köp agzalýan gerçekleriň biri Faryseddin Aktaýdyr. Hiç zatdan heder etmedik, gorky-ürki, çekinjeňlik, ýaýdanjaňlyk ýaly häsiýetlere asla per bermedik, Taňrydan özge kimdir biriniň öňünde dyz epmelidir öýtmedik bu serkerde hakda uzyn söhbetlere girişiberer ýaly maglumatlar ýok. Muňa garamazdan bu gerçek hakda, onuň harby ussatlygy, ugurtapyjylygy, dilewarlygy, sesiniň haýbaty bilen ýürekleri sermisal edýän häsiýeti dogrusynda az hem bolsa, juda ähmiýetli maglumatlar saklanyp galypdyr. Dürli çeşmelerde, taryhy we edebi eserlerde beýan edilen maglumatlary bir ýere jemlemek arkaly Aktaýyň mysaly keşbini aňymyzda janlandyryp bilýäris. Taryhyň örän az, ýöne uly many çykaryp boljak ujypsyz ýazgylarynda «Ýanbermez, örän ýürekli, gaýduwsyz, Alladan başga hiç zatdan gorkmalydyr öýtmeýän türkmendigi» welin öwran-öwran gaýtalanýar. Bahry memluklarynyň baş serkerdesi bolan Aktaý dogumy-gaýraty bilen her kesi özüni diňlemäge tabyn eder eken. Fatymylar döwründe esasy harby düzüm hökmünde orta çykmagy başaran bahry memluklarynyň wakalary agzalsa, şol ýerde hökman Aktaý ýatlanyp geçilýär. «Bahry memluklary» diýlen goşun taryhy maglumatlara görä arassa oguz ýigitlerinden düzülen we harby taýdan ýokary ussatlyga eýe bolan goşundyr. Müsüriň buýsanjy we esasy rysgal çeşmesi bolan Niliň hatyrasyna «Nil derýasynyň esgerleri» diýlip atlandyrylmagy, bahry memluklarynyň halyfatyň we döwletiň düzüminde neneňsi abraýyndan peýdalanandygyny görkezýär. Taryhy çeşmeler Eýýuby döwletini esaslandyran Nejmeddin Eýýubynyň hem bahry memluklaryna degişlidigini tassyklaýar. Fatymylar döwleti synandan soňra, onuň harby mümkinçiligi dolulygyna eýýubylaryň eline geçýär. Nejmeddin Eýýup emir Alaeddin Aýtekin Bundukdaryny tussag etdirende onuň ähli memluklaryny, hyzmatkärlerini we mal-mülküni öz ygtyýaryna geçirýär. Şeýdibem Aktaý Nejmeddin Eýýubyň esasy serkerdeleriniň biri bolup galýar. Aktaý bu ýerde hem öz ukyp-başarjaňlygy bilen ýokary derejelere ýetmegi başarýar. Döwlet dolandyryş we harby ussatlyk babatda ählitaraplaýyn taýýarlygy geçen memluklar eýýuby döwletini edara edýän esasy adamlara öwrülýärler. Möhüm permanlary soltanyň çykarýandygyna garamazdan, ýurduň içindäki we ýöriş mahalyndaky düzgünleri kesgitlemek üçin memluklar öz pikirlerini gögerdip bilipdirler. Memluklaryň sagdyn garaýşy, çaklamasy, göz öňünde tutýan seljermeleri hut garaşylýan netijäni hem beripdir. Aktaýy beýleki memluklardan tapawutlandyrýan esasy häsiýetleriň biri onuň hiç kesden eger-eger howatyr etmändigi, öz pikirini, garaýşyny gönümel aýdyp bilenligidir. Söweş meýdanynda ýowuz, söhbet meýdanynda gönümel, öz maksady ugrunda jan aýamazak, gaýduwsyz serkerde Aktaý ynamlylygyň esasy nusgasy hökmünde görlüpdir. Aktaý öz ýoldaşlaryny hem edil özi ýaly terbiýelemäge çalşypdyr. Olaryň arasynda wepalylyk we arkalaşyk esasy äht ekeni. Agzybirligiň güýji bilen döwletiň iň ýokary wezipelerine aralaşmagy başaran memluklar Eýýubylar döwleti gowşap ugranda esasy güýç hökmünde saklanyp galýar. Dolandyryş jylawy ähli babatda memluklaryň eline geçýär. Bu gün-erte synjak döwlete ýeke-täk mirasdar – memluklar. Ine, şu ýerde hem Aktaý hakdaky maglumatlar taryhy sahypalarda öňkülerine görä birneme köpelip başlaýar. Bahry memluklary bilen beýleki memluklaryň arasynda tagt islegi aýdyň ýüze çykmasa-da, her toparyň ol ýere özüniň barmak isleýändigi welin wakalaryň taryhy yzygiderliginde aýdyň duýulýar. Aktaý tagta eýe bolmak hukugy babatyndaky garaýyşda, ilki bilen, özüni, juda bolmanynda, bahry memluklaryndan haýsydyr birini mynasyp görüpdir. Ýesir düşen Pereň patyşasyny azatlyga goýbermek babatda haçparazlar bilen eýýubylaryň arasynda geçirilen gepleşiklere eýýuby tarapyndan iberilen harbylar memluklardan ybarat bolupdyr. Bellenilen tölegi töläninden we haçparazlar Dimýat şäherinden çykanlaryndan soňra, Pereň patyşasy azatlyga goýberilipdir. Haçparazlar bu şäherden çykyp gidenlerinde Müsür esgerlerine serkerdelik etmek gelip çykyşy türkmenlerden bolandygy doly ykrar edilýän Yzzeddin Aýbeg atly memluga ynanylypdyr. Şeýlelikde Aýbegiň abraýy artyp ugrapdyr. Näme üçindir Aktaý, Beýbars ýaly has güýçli, dogumly memluklaryň bar wagtynda Şejeretüddüriň we beýleki uly emirlerleriň soltanlyk-atabeglik wezipesini dolandyrmagy hem Aýbege ynanmaklaryna kän bir nägilelik bildirip durmandyr. Ol öz pikririni erkin aýdyp bilipdir. Şonuň üçin hem özüniň ykrar edilen derejesine bil baglan Aktaý daşky duşmanlary dep etmek meselesi birýüzli sowlandan soňra, ähli adamlary çagyryp, eýýubylaryň neberesinden birini soltan bellemekligi teklip edipdir. Onuň sözünden çykmagy töwekgellik saýandyklary sebäpli hiç kim oňa garşy çykmandyr. Eýýubylarda bolsa erkek göbeklilerden alty ýaşly Eşref Musa ibn Melik Mesgutdan başga tagty ynanar ýaly adam bolmandyr. Netijede, alty ýaşly Musany Aktaýyň teklibi boýunça soltan diýip yglan edýärler. Emma onuň ýerine ýetirmeli döwlet işlerini dolandyrmagy bolsa ýene-de baş atabeg Aýbege ynanylýar. Resmi taýdan ykrar edilmedigem bolsa, döwleti dolandyrýandygy üçin özüni soltan hökmünde görýän Aýbeg bolsa, Aktaýy esasy garşydaşy hasaplap, ony tagt höweslerinden saplamak we bu ýerden uzaklaşdyrmak üçin dürli hile-hyýallara ýüz urup ugraýar. Bu babatda eýýuplylar döwletiniň aradan çykan soltanynyň aýaly Şejereteddür hem Aýbeg bilen pikirdeş çykýar. Aýbeg «Üstün çykyp gelse-de, biziň bähbidimize, bir sebäp bilen, aradan aýrylsa-da, biziň bähbidimize» diýen pikire uýup, Aktaýyň ýolbaşçylygyndaky goşun bölegini Müsüri eýelemek üçin ýörişe çykan Damask häkimi Melik Nasyryň garşysyna ýollaýar. Aktaý bu söweşde üstün çykýar. Aktaýyň halk arasyndaky abraýy öňkülerden hem beýgelip başlaýar. Aktaý soltan bolmak hyýalyny hakykata öwürmegiň wagty geldi hasap edýär we munuň üçin iň ygtybarly ýoluň Şejereteddür bilen goş birikdirmekdigine göz ýetirýär. Eýýuby hökümdarlarynyň tagtyna geçmek üçin olaryň iň soňky zenan hökümdary Şejereteddüriň göwnüni awlamak gerek bolupdyr. Zenan soltanyň göwnünde kimiň mesgen tutup-tutmanlygy Aktaýyň serine däl. Esasy zat munuň şeýle bolmagyny Aktaý isleýär. Aktaý Şejereteddüriň ýanyna göni barýar-da, özüne durmuşa çykmagyny gönümel teklip edýär. Şejereteddür beýle teklibe garaşmaýan ekeni, ol: «Heniz meniň serimde durmuşa çykmak meýli ýok, bar aladam, ünjim Damaskyň häkimi Melik Nasyrdan dynmak. Özümi, çagalarymy, Müsüri şol howpdan aman-esen saklamak» diýip jogap berýär. Şejereteddüriň bu sözlerini durmuş gurmaga razylyk hökmünde kabul eden Aktaý «Melik Nasyr howpy aradan aýrylandan soňra» bu işleriň öz islegine görä çözüljekdigine doly ynanypdyr. Edil şol wagtlar ikinji bir sözaýdyjy Kutuz gelýär. Ol Şejereteddüre Aýbege durmuşa çykmak teklip edýär. Şejereteddür Kutuza-da: «Müsüriň alkymynda Melik Nasyryň esgerleri barka, durmuş toýy hakda pikir edip bilmerin» diýip, jogap berýär. Şondan soň Aýbegiň özi goşuna baş bolup, Melik Nasyrdan ymykly dynmak üçin ýörişe çykýar. Melik Nasyry gaýdyp özüni dürsemez ýaly edýär. Melik Nasyr meselesi aradan aýrylýar. Pursatdan peýdalanyp, Beýbars Şejereteddüriň ýanyna barýar we öz ussady Aktaýa beren sözüne wepa görkezmegini, oňa durmuşa çykmagyny ýatladýar. Beýbarsyň çeper sözlüligi Şejereteddüriň aňyna ýiti täsir edipdir. Şejereteddür iki pikiriň arasynda galyp ikirjiňlenipdir. Ikiden birini saýlamaly, biri – Aýbeg, beýlekisi – Aktaý. Pikirlerini saldarlap gören hem-de Aktaýyň aşa dogumlydygyndan ýaýdanan Şejereteddür Aýbegi saýlaýar. Ol Aýbegiň sawçysy Kutuza: «Ussadyňa mälim et, men ýarym şalyk bilen kanagat edip biljek däl. Soltan bolanda, men onuňky» diýip ýaňzydýar. Aýbeg bu sözlerden netije çykaryp, Musany tagtdan düşürmelidigini aňýar. Ony tussag etdirýär we zyndana salýar. Aýbegiň bu hereketleri Aktaýyň gaharyny getiripdir. Soltanlyk maşgalasyna beýle daraşmaly däldigini, döwlete dahylly haýsydyr bir meseläni çözjek bolsa beýleki memluklar bilen geňeşip, maslahatlaşyp, soňra bir pikire, dogry çözgüde gelmelidigini ýatladýar. Sözi ýer almadyk Aktaý gaharyna bäs edip bilmän, Aýbegiň ýurdy dolandyrmakdan asgyndygyny subut etmek üçin ýurduň her ýerinde bulagaýlyk döredýär. Aýbeg bu ýagdaýlaryň öňüni almak isläp, Aktaýy eglişige çagyrypdyr. Olara Isgenderiýýäni mülk hökmünde bermäge boýun bolupdyr. Beýleki memluklara hem gymmatbaha serpaý ýapmaga borçlanypdyr, emma Aktaý munuň bilen ylalaşmandyr. Aktaýyň ýokary galdyran ýaragynyň gana boýalman ýere inmeýändigini bilýän Aýbeg dessine hereket etmegiň zerurdygyna göz ýetirýär. Aktaý Şejereteddüri öz ýoldaşyna hyýanat etmekde aýyplap, ony patyşalyk köşgünden çykarmagyň pikirine münüpdir. Şejereteddür hem bu pirimi öňünden aňýar, Aktaýdan derhal dynmagyň wajypdygyna düşünýär. Ol täze ýanýoldaşy Aýbege maslahat berip, Aktaýyň garşysyna gitmezligi, onuň bilen dostluk gatnaşyklaryny berkitmegi ündeýär. Mazaly bişirilen pirim ahyry netijesini berýär. Giçlik nahara çagyrylan Aktaý eden-etdilikde aýyplanylýar. Aktaýyň jezalandyrylmaga laýykdygy aýan edilýär. Dildüwşüge laýyklykda, patyşalyk köşge – Jebel galasyna zyýapata geljek Aktaýyň öňünden ýanynda ýakyn esgerleri bolan Kutuz çykmaly we onuň janyna kast etmeli edilýär. Kutuz bu iş üçin Bahadur we Sanjar atly ýigitlerini saýlap alýar. Şeýlelikde Aktaý möhüm meseläni maslahatlaşmak üçin köşge çagyrylýar. Beýbars dagy Aktaýyň ýeke özüniň gitmezligini towakga etseler-de, Aktaý ýanyna az sanly memlugyny alyp, köşge tarap ýola düşüpdir. Köşgüň gapysyna baranlarynda Aktaýyň ýanyndaky memluklaryň köşge girmegine idin bermän, onuň bir özüni içeri salypdyrlar. Aktaýy garşylan Kutuz oňa ähli ýaraglaryny şol ýerde goýup girmekligi ündäpdir. Aktaýyň bu sözlere gahary gelip, olara sögünipdir. Şeýdibem Şejereteddüriň salgy beren pirimi amala aşypdyr. Aktaýyň janyna kast edipdirler. Kutuz bilen Aktaýyň arasyndaky dartgynlylyk Kutuzyň ýeňşi bilen tamamlanypdyr. Aktaý hakdaky taryhy maglumatlary orta asyr taryhçylarynyň eserinde okamak bolýar. Aktaýyň müňlerçe adamlyk goşuna baş bolup, Gazze sebitine ýöriş edendigi, ol ýerde haçparazlary derbi-dagyn edip, Müsür iline ýeňiş bilen dolanyp gelendigi nygtalýar. Hiç bir soltan, hiç bir hökümdar hem Aktaýy doly özüne tabyn edip bilmändir. Onuň çäkden çykýan gözsüz batyrlygy käteler gedemlige-de ýazaýýan eken. Aktaýyň häsiýetine belet adamlar üçin-ä bu adaty bir zada öwrülipdir. Ondan aýyp-syn, öýke-kine etjegem bolup durmandyrlar. Muňa garamazdan Aktaý öz memluklaryny welin örän gowy görüpdir. Serkerdelik, harby sungat, ugurtapyjylyk, gözsüz batyrlyk, dogum-huruçlylyk babatda deňsiz-taýsyz hasaplanylan Faryseddin Aktaýa Farys (söweşiji) lakamynyň berilmegi hem muny tassyklaýar. «Eger-de ol nämedir bir zatdan gorkýan bolsa, diňe Alladan gorkýandyr. Galan zatlar onuň piňine-de däl» diýen söz Aktaýa doly manysynda degişli görlüpdir. Aktaý hemişe adalata daýanan, wadasyna wepaly, lebzine ygrarly, meşhur serkerde, ýagşylyk etmegi, sadaka bermegi söýen ynsan hökmünde suratlandyrylýar. Şol bir wagtda-da onuň birje – tagt tamakinligi hatasynyň bolandygyny hem-de şol ugurda sarp eden yhlasyny ýatlaýarlar. Eger-de soňy gedemlige ýazýan çäksiz gaýratyny soltan hökmünde ykrar edilen adamlaryň hyzmatynda goýup bilenliginde, Aktaý taryhyň sahypalaryna has aýratyn öwüşgin bilen siňerdi. Aslynda-da, memluk döwletiniň taryhy hakda söz açylanda buýsanç bilen ýatlanylýan bäş adamyň biri hem Aktaýdyr. Ol bäş adam Aýbeg Türkmen, Seýfeddin Kutuz, Zahyr Beýbars, Farys Aktaý we Sanjar Halabydyr. Rahmet GYLYJOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |