13:05 Folklor we halk däpleri obrazly söz düzümleriniñ çeşmesidir | |
FOLKLOR WE HALK DÄPLERI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
OBRAZLY SÖZ DÜZÜMLERINIŇ ÇEŞMESIDIR Türkmen diliniň baý we gymmatly söz hazynasynda adaty sözler bilen bilelikde halkyň pähim eleginde elenip, asyr aşyp gelen obrazly söz düzümleriniň, jaýdar aňlatmalaryň, ýiti we göçme manyly frazeologizmleriň, nakyllaryň, atalar sözüniň, aforizmleriň, ganatly sözleriň ýüzlerçesi bar. Biz şeýle häsiýetdäki söz düzümleriniň hemmesini umumylykda obrazly söz düzümleri diýip aňlatdyk. Halkyň paýhas ussahanasynda sünnälenip, ussatlyk bilen döredilen şol dürdäneler dilimiziň, bezegidir. Olar pikiriňi has aýdyň, täsirli we mazmunly edip beýan etmäge kömek edýär. Şonuň ýaly-da, sözleýşiň owadanlygyny, şireliligini artdyrýan aýratyn dil serişdeleridir. Şeýle ajaýyp obrazly söz düzümleriniň döreýiş esasynda halkymyzyň taryhy, dünýägaraýşy, däp-dessury, edebi-folklor eserleri, gün-güzerany we özboluşly milli häsiýeti ýatandyr. Olaryň many çuňlugyna, döreýiş taryhyna, etimologiýasyna ser salnanda, halkymyzyň milli ruhy baýlygyna degişli täsin we gy¬zykly maglumatlary görmek bolýar. Halkymyzyň döreden rowaýatlary, ertekileri, tymsallary we beýleki folklor eserleri hem-de ajaýyp däp-dessurlar şol obrazly söz düzümle¬riniň hemmesine diýen ýaly esas bolandyr. Folklor we däp-dessurlar dilde obrazly söz düzümleriniň ýüze çykmagynyň, sözleýşe siňip gitmeginiň şertidir. Biz bu ugurdan barlag geçirip, obrazly söz düzümleriniň döreýiş taryhyny anyklajak bolanymyzda, olaryň milli folklorymyz we däp-dessurlarymyz bilen berk baglanyşyklydygyna göz ýetirdik we täsin hem gyzykly folklor materiallarynyň, däp-dessur baradaky maglumatlaryň üstünden bardyk. Şol folklor materiallary we däp-dessurlar bolsa, obrazly söz düzümleri bilen birlikde halkymyzyň milli ruhy baýlygy bolup durýar. Olar hakynda gürüň etmek, olaryň üstünde ylmy barlag geçirmek Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňe süren Milli Galkynyş hereketiniň Programmasyna laýyk gelýär. Bu programmanyň özeninde bolsa, Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkyň geçmiş ruhy baýlygyny, folklor we däp-dässurlar mirasyny öwrenmek we rowaçlandyrmak baradaky taglymaty we aladalary ýatandyr. Şu jähetden milli folkloryň we däp-dessurlaryň obrazly söz düzümleri bilen baglanyşygy barada gürrüň etmek maksada laýykdyr. Folklor eserleri halkyň aňyndan, filosofiýasyndan, paýhasyndan, durmuş tejribesinden edil mumiýanyň dagyň daşlaryndan syzylyp çykyşy ýaly syzylyp çykýar. Mumiýanyň ynsan derdine em bolşy ýaly, folklor eserleri halkyň derdine em bolýar, ruhy islegine kanagatlanma berýär. Folkloryň önümi bolan obrazly sözler hem adamlara pikirini dürs hem täsirli, duýguly hem manyly, obrazly hem owadan beýan etmekde esasy serişde bolup durýar. Umuman, adamlaryň bu ugurdaky isleg-talaplaryna hötde gelip bilýär. Şonuň üçinem olar gündelik sözleýişde, kitaplarda, metbugatyň radio-telewideniýäniň dilinde aktiw ulanylýar. Ýene şol obrazly söz düzümleriniň gözbaşynda ýatan folklor nusgalary hemişe ýatlanylyp durulmaýar. Köplenç halatda olar ýatdan çykaňkyrlaýar. Halkyň janly gepleşiginde-de, ýazuw dilinde-de «Mürzeweliň aty ýeser, gamçylasa gaýra basar», «Başarana Mürzewelem bir heň» diýen ýaly obrazly söz düzümleri häli-şindi ulanylýar. Bularyň döreýiş taryhy barada belli folklorçy Ümur Esen gyzykly maglumat berýär. Şol maglumata görä, XVIII asyrda Mürzeweli atly hywaly söwdagär Mary ilini Hywanyň harytlary bilen üpjün edipdir, iline hem ahal-teke atlaryny äkidipdir. Ol hakda halk arasynda aýdym hem döredilipdir. Şol aýdymda Mürzeweliniň Hywadandygy, Baýramaly han bilen ýakyn gatnaşykda bolandygy, at söwdasyny edendigi, pajygaly ölume sezewar bolandygy belli bolýar: Mürzeweli hana-hana, Ak köýnegi doldy gana. Baryň aýdyň Baýram hana Şehit ölen Mürzeweli Mürzeweliň atlary Boýnunda tumar hatlary. Aglaşar Hywa mertleri Şehit ölen Mürzeweli. Taryhdan 1785-nji ýylda Buhara emiri Şamyrat Welnamynyň Mara ýöriş edendigi belli. Halk gürrüňine görä, Mürzeweli şol talaňçylykda bala-çagasyny ýola salyp, özi hem atyna atlanyp basýar gamça. Şonda aljyraňlylykda duşagy çözülmedik at öňe atylmagyň deregine, gamçyladygyça gaýra basýar. Mürzewelem duş¬man galyjynyn pidasy bolýar. Ine, şu ýagdaý hem halk dilinde: «Mürzeweliň aty ýeser, gamçy¬lasa gaýra basar» diýen obrazly söz düzüminiň döremegine getiripdir. Bu söz aýdymda hem orun alypdyr. Mürzewepiň eşegi, Üstünde ýorgan-düşegi. Aglaşar oglan-uşagy Şehit ölen Mürzeweli. Mürzeweliň aty ýeser, Gamçylasa gaýra basar, Üzeňňisin ganym keser Şehit ölen Mürzeweli. «Mürzeweli» aýdymynda ta¬ryhy faktlar, durmuşy pursatlar bar hem bolsa, çeperçilik taýdan gowşak, obrazlar öçügsi bolupdyr, pikir çuňňur beýan edilmändir. Şonuň üçinem halk bu aýdyma adalatly baha berip, «Heňini bilseň «Mürzewe¬li» hem bir aýdymdyr» diýen obrazly söz düzümini döreden bolmagy mümkin. Sözleýişde «aýy dostlugy»diýen obrazly söz düzümi ýörgünli. Bu Magtymgulynyň setirlerinde hem duşýar: ... Bilgin uzak gitmez aýy dostlugy, Gahry gelse depäň üzre daş döker. Bu söz düzüminiň aňyrsynda bir halk tymsaly ýatyr. Bir wagt adam bilen aýy dostlaşypdyr. Tokaýda gezip ýörkäler, dynç almakçy bolup, bir agajyň aşagynda ýatypdyrlar. Aýy wagty bilen uklap bilmändir. Sebäbi, bir ýaşyl siňek peýda bolup, ony ýatmaga goýmandyr. Siňegi hernäçe öldürjek bolsa-da başarmandyr. Ahyry siňek uklap ýatan adamyň depesine gonupdyr. Aýy uly daş bilen siňegi urupdyr. Duýdansyz urgy adamy hem öldüripdir. Şu tymsaldan hem ynamsyz dostluk barada «aýy dostlugy» diýen obrazly söz düzümi galypdyr. Halk arasynda aýdylýan Myraly we Soltansöýün baradaky gürrüňlerden hem birnäçe obrazly söz düzümleri döräpdir. Soltansöýuniň öz wezir-wekillerine goýan şerti baradaky gürrüň hemmä bellidir. Patyşa bir gysga ýorgany üstüne örtüp: «Aýagymy doly ýapar ýaly ediň» diýýär. Hiç kim bu kyn şerti bitirip bilmänsoň, Myraly patyşanyň aýagyna gamçy bilen urýar. Şobada aýagyny ýorganyň aşagyna çeken patyşa garap bolsa: «Ýorgana görä aýak uzat» diýýär. Şondan bäri hem Myralynyň bu sözi ýagdaýa, şerte görä bolmalydygy baradaky nesihata öwrülip gidýär. «Geçme namart köprüsinden» diýen obrazly söz düzümi hem Soltansöýüniň köpri gurduran dul hatynyň köprüsinden geçmeli bolanda, Myralynyň pa¬tyşa ýüzlenip aýdan goşgy setirleriniň bölegidir. Durmuşda kimdir biriniň işi şowlamasa: «Ýyldyza ýörän ýaly bolduk» diýilýär. Bu obrazly söz düzüminiň esasyn¬da dini rowaýat ýatyr. Rowaýata görä, Hurut, Marut atly iki perişde ýerdäki dawalary adalatly çözmek üçin asmandan ýere iberilenmiş. Emma soňra olaryň özleri hem azanmyş. Ola¬ryň ýanyna Zöhre atly owadan, zenan özüniň horlanýandygyny aýdyp, adalat sorap barýar. Harut bilen Marut oňa kömek etmän, pällerini bozýarlar. Muny aňan Zöhre öz päkligini saklap, ýyldyza öwrülip, asmana galýar. Zöhräniň asmanda parlap durşuna göriplik eden Myrryh atly bir bozuk aýal hem Harut-Marudyň jadysy bilen asmana galýar. Emma asman perişdeleri bozuklygy üçin ony daşlap başlaýarlar. Adamlar hem şol ýyldyzyň tarapyna gitmegi bisähet hasaplaýarlar, işiň oňmaýar diýip yrym edýärler. Bir ýaramaz adam barada hem: «Aý ol tüýs myrryhdyr-la» diýilýär. Ine, şeýle rowaýat şu obrazly söz düzümleriniň döremegine çeşme bolupdyr. Halk rowaýatlarynyň arasyn¬da: «Däliden dogry habar» diýen obrazly söz düzümi bilen bagly rowaýata hem gabat geldik. Bu rowaýaty folklorçy Şirli Hudaýnazarow aýdýar. Omar Haýýam serap süzüp, keýpi ýetjek derejesine ýeten wagty, onuň ýanyna Anna diwana diýen zyr däli gelipdir. Şahyr oňa şerap hödürläpdir. Şonda Anna diwana şahyra şeýle jogap beripdir: − Sen-ä Anna diwana meňzejek bolup içýän, maňa menzäpsiň hem. A men içsem kime meňzemeli?! Muny eşiden şahyr: − Däliden dogry habar, Anna däli tüýs ýüregindäkini aýtdy. Men-ä diwanalyga dalaş edip içýän, içensoň Anna diwana kime meňzesin?! − diýenmiş. Şol wagt şahyr «Däliden dogry habar» diýen rubagysyny döredenmiş. Dilimizdäki obrazly söz düzümleri bolan «Kyrk bolmasa, kyrk bir eken-dä», «Öldüreniň kesewisi gögär», «Başyna ala ýabylynyň gününi salmak», «Buz üstünde tozan aramak», «Şertim şahyma etmek», «Palta gaçar etmek», «Habary Ortaguýuda alynmak», «Sakawyň soňuna seretmek», «Itde pişik bolmak» ýaly ýörgünli jümleleriň hersiniň aňyrsynda bir halk gürrüňi ýa-da tymsal, rowaýat ýa-da erteki ýatandyr. Bu bolsa obrazly söz düzümleriniň folklor bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Obrazly söz düzümleriniň halkyň däp-dessurlary we hojalyk durmuş şertleri bilen baglylary-da juda köp. Olaryň gudaçylyk, toý däp-dessurlary bilen baglylarynyň käbirine garap geçeliň. Halk arasynda bir ýere gudaçylyga barylanda ýigidiň hossarlary gyzyň hossarlaryna özleriniň maksadyny şeýle obrazly söz düzümi bilen beýan edipdirler: «Biz-ä size ýitig gözläp geldik, ýitigimiz şu ýerde diýip eşitdik». Munuň manysy: «Gyzyňyzy oglumyza gelinlik üçin söz aýtmaga geldik» diýmegi aňladýar. Gudaçylyk bilen baglanyşykly ýene bir obrazly söz düzümi has gyzyklydyr. Durmuşda kä ýagdaýlarda iki gyz doganyň şol bir öýe gelin bolup düşýän halatlary bolýar. Şeýle bolanda, uly ogly üçin gelin alan ýerlerine kiçi ogly üçin hem barmaly bolýarlar. Şonda gudaçylyga baranlar, olaryň kiçi gyzyny gelinlige dilänlerinde şeýle diýýärler: «Biz-ä size ýene tokly tapan oýum diýip geläýdik». Şu söz aýdylansoň maksat belli bolýar. «Tokly tapan oýum» diýmek: Öňem sizden gyz alyp, döwlet tapdyk, şonuň üçin kiçi gyzyňyza hem kiçi oglumyz üçin söz aýtmaga geldik» diýmegi aňladýar. Halkyň däbine görä, gyz durmuşa çykarylanda, oňa ata-enesi inji berýärler. Inji goýun, sygyr, düýe ýaly örňäp, köpelip gitjek mallardan bolýar. Şu däp bilen bagly aýdylýan täsin obrazly söz düzümi bar. Gelnalyjylar gelni kejebä mündirip, gaýtjak bolup durkalar, atbaşçy bolup gelen ýaşuly gelniň ata-enesinden inji dilemeli bolýar. Şonda ol gelniň hossarlaryna şeýle diýip ýüzlenýär: «Gelen-dä atly gelipdik, indi pyýada gitmelimi?!». Şundan soň gelniň hossarlary: «Sygry bar ýa-da köşegi bar» diýip, näme inji berýändiklerini yglan edýär. «Çöregi bitin bolmak» obrazly söz düzüminiň döreýşi hem türkmenleriň käbir taýpalarynyň arasynda bolýan toý däpleri bilen bagly eken. Gyzy atbaşçy alyp gidenden soň, çagyryjylar yzyndan barýar. Gelin edinen tarap çagyryjylaryň saçagyna çörek salyp goýberýär. Gyzyň hossarlary gelip, uly tolgunma bilen saçagy açýarlar. Şonda çörek bitin çyksa: «Hudaýa şükür, çöregimiz bi¬tin eken» diýşip begenişipdirler. Bu däbiň we aýdylýan sözüň manysy şeýle: Gelin päk çyksa, çagyryja çöregi bitin salypdyrlar. Eger-de, gyz maşgala öň saý-sebäp bilen namysyny gorap bilmedik bolsa, çöregin ortasyndan bir bölegi kesip aýrar ekenler. Munuň, özi, gyzyň ýagdaýyny ile ýaýman, örän inçelik bilen duýduryldygy bolupdyr. Oba ýerlerinde maly aýaklaşma etmek däbi bar. Şonda kimdir biri aýaklaşmaň üstüne gelse: «Et maýly» diýip ýüzlenýär. Oňa şeýle diýip jogap berýärler: «Duşman bag¬ly». Bu däpde «derisine taşlamak» diýen obrazly söz düzümi hem ulanylýar. Eger soýulýan malyň eýesi etiň bahasyny şol wagt almakçy bolsa: «Adamlar, etiň bahasyny derisine taşlamaly» diýýär. Bu diýildigi etiň bahasy soýlan malyň derisi äkidilmänkä, şu pursat bermeli diýmegi aňladýar. Mal soýmak bilen bagly ýene bir jümle bar. Gezip ýören malyň ýykylyp, aýagy agyrsa ýa-da şuňa meňzeş sebäp bilen soýulmaly bolsa: «Pylanyň maly pyçaga gelipdir» diýilýär. Dilimizde köp ulanylýan «serpmeden gaýtmak» we «söw-söw syrmak» obrazly söz düzümleriniň döreýşi geçmişde halkymyzyň ulanan suwaryş desgalary bilen bagly eken. Uly bolmadyk atyzlara akýan suwuň badyny güýçlendirip goýbermek üçin ulanylýan sadaja suwaryş desgasyna serpme diýlipdir. Onuň bilen suwuň badyny serpip güýçlendiripdirler. Serpmeden gaýdan suwuň bady güýçli bolupdyr. Şonuň üçinem batlyrak herekete serpmeden gaýdan ýaly diýilýär. Suwaryş desgalarynyň ýene biri kärizler bolupdyr. Käriz arasy 15-30 metr bolan guýularyň sistemasydyr. Dikana diýlip atlandyrylýan şol guýular ýer astyndan ötükler bilen birleşdirilipdir. Ötükler hem söw diýlip atlandyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen söwleriň diwarlary opurylyp, suwuň akmagyna päsgel beripdir. Şonda söwi barlamaly, ýagny uzaboýuna syrmaly bolupdyr. Bu iş soň-soň söw-söw syrmak görnüşde ulanylyp başlapdyr we bikär gezmek manysyny aňladyp başlap¬dyr. Şeýle jogapkärli we hatarly işiň bikär gezmek ýaly ýaramaz mana-da eýe bolşy täsin. Bu barada köpi gören ýaşulularyň birine sorag berenimde, şeýle diýdi: «Ilçilik-de, mekirräk, ýaltarak adamlar bolýar. Şolar ýalylar beýleki işlerden gaçyp: «Men söw syrjak» diýip, ötüklere girip ýatyberýän bolmaga çemeli. Onsoň «Men söw syrjak» diýen adamyň işden gaçýanlygy aňylyp, ýaňsylanyp, şeýle many alan bolmagy mümkin». Ýoldan çykan, üýtgän adamlara «Nil azan» diýlip käýinilýär. Bu obrazly söz düzüminiň esasynda halkyň boýagçylyk, halyçylyk senedi bilen bagly işler ýatyr. Gökboýaga «nil» diýipdirler. Haly üçin zerur bolan ýüplükleri şeýle boýapdyrlar. Gorküýzä nil atyp, ýüňüň kirini, düýe çalyny we bugdaýyň, süýdüni guýup, hepdeläp, basyryp goýýarlar. Soň aýallar ony açyp görenlerinde, ýüplük boýag almadyk bolsa ýalandan myş-myş ýaýradyp ugraýarmyşlar. «Pylany pahyr ýogalaýypdyr-da», «Pylany gaçaýypdyr-da» diýen ýaly gürrüňlere ynanmaýanlar şol myş-myşy ýaýradýanyň adyny tutup: «Pylany görgüliniň, nili azypdyr» diý¬ipdirler. Mundan görnüşine görä «nil azmak» nyl üýtgäp, wagtynda ýüp boýag almany kösände, döredilen söz bolmaly. Bu baradaky gyzykly maglumaty folklorçy Durdy Hajymyradow berýär. «Kelebiň ujuny ýitirmek», «Eriş-argaç bolmak» obrazly jümleleri hem dokmaçylyk bi¬len bagly dörändir. «Juwazçynyň erkegi ýaly», «Düýe çökerip çemmer işmek», «Garnyňy suwa atmak», «Gäbi azmak», «Alaçaly ýag ýaly», «Mäjum bolmak», «Agza zäk atylan ýaly bolmak», «Burnuny syksaň jany çykjak» diýen ýaly onlarça obrazly söz düzümleri hem ýöne ýerden döremändir. Olaryň hersi bir taryhy sözleýär, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň bir bölegini açyp görkezýär. Bular türkmençiligiň öwşün atýan ülüşleridir. Mukaddes däplerimiziň, edim-gylymymyzyň ajaýyp beýanydyr. Milli ruhy baýlygymyz bolan dilimiz, folklor eserlerimiz hem däp-dessurlarymyz barada edilen şu gürrüňler ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň näderejede beýikdigini görkezýär. Türkmen halky şeý¬le ajaýyp ruhy baýlygy hem özboluşly milli aýratynlygy bilen özüni dünýä tanatdy. Ruhy baýlygymyzyň görünmän ýatan sahypalaryny açmak, öwrenmek we rowaçlandyrmak halkymyzyň mertebesini mundan beýläk-de ýokary göterer. Muňa bolsa Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty we Garaşsyzlyk zamanamyz aýdyň ýol açdy. Nury SEÝIDOW. «Mugallymlar gazeti» gazeti, 1998-nji ýyl, 12-nji oktýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |