06:45 Fýodor Bakulin | |
FÝODOR ABRAMOWIÇ BAKULIN (1846-1879)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
“...F.Bakulin “Песни у туркмен и поэт их Махтумкули” (“Türkmenlerdäki aýdymlar we olaryň Magtymguly şahyry”) ady bilen (seret: “Известия Кавказского отдела русского географического общества” – ЗВО, Т. 1, Тифлис, 1872) özi hakda az-kem maglumat berip, onuň iki goşgusyny rus dilinde ýaýradýar. F.Bakuliniň ýöredýän pikirleriniň arasynda şu hili maglumatlar bar: “Bagşy halkyň söýgüli şahyrlaryndan biriniň: Aman mollanyň, Magtymgulynyň we başgasynyň eserini ýa improwizirleýär ýa-da aýdyp berýär. Magtymgulyny ähli türkmenler, özleriniň taýpalaryna garaman, has aýratyn sylaýarlar... Magtymgulynyň öwlüýä-mukaddesligi türkmenleriň arasynda şek-şübhe döretmeýär; türkmenler onuň ähli ýazan we aýdan zatlary ir-u-giç berjaý bolmalydyr diýýärler” (8 sah.). Soňra F.Bakulin Magtymgulynyň: Ýomut-gökleň täsip edip özünden, Turdy goşun, öňi-ardy bilinmez – we: Ata çykan aňly bolsa her ýerden, Akly känden kesen başy gerekdir (10 sah.)– setirleri bilen başlaýan goşgularynyň rusça sözme-söz terjimesini ýerleşdiripdir. Elbetde, ýüz ýyl mundan öň ýaýradylan terjimede originaldan daşa çykylýan ýer az däl. Mysal üçin, ýokarkyiki setiriF.Bakulin: Наступилоутро, ивсадникисобираютсяотовсюду, Умна голова, хотя бы и отрезанная, всё же пригодна– diýip, birneme nädogry terjime edipdir. Emma olara garamazdan, “F.Bakulin Magtymgulynyň ady, döredijiligi bilen rus okyjylaryny, belli bir derejede, ilkinji gezek tanyş edenleriň biri bolupdyr” diýip, akademik Baýmuhammet Garryýew “Magtymguly” atly kitabynda belläp geçipdir. F.Bakuliniň ady agzalsa-da,türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda onuň ömri we ylmy mirasy dogrusynda suwytly bir aýdylan zat tapmadyk.Şonuň üçinem biz meýilnamaly işimizde ХХ asyryň ahyrlarynda türkmenleriň pähimdar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ilki bolup ýüzlenenleriň biri, rus diplomaty Fýodor Bakulin hakynda başardygymyzdan az-da-kände gürrüň etmegi maksat edindik. *** Fýodor Abramowiç Bakulin 1846-njy ýylyň 4-nji martynda Sankt-Peterburg şäherinde eneden dogulýar. Ol Lazarew gündogar dilleri institutyny 1863-nji ýylda altyn medal bilen tamamlapdyr. Institutda okan ýyllary ol mugallymy Iwan Aleksandrowiç Zinowýewiň zehinli okuwçylarynyň biri bolýar. I.A.Zinowýew soň Konstantinoplda diplomatik işlerde işläp, özüni tanadan adam. Bakulin Zinowýewiň ýolbaşçylygynda Eýranda-da işläpdir. 1870-nji ýylda Bakulin Astrabatda rus konsulynyň wezipesini ýerine ýetiripdir, üç ýyldan soň hem konsul bolup gulluk edýär. Ol pars we türkmen dillerine suwara eken. Ýerli adamlar bilen çalt dil tapyşyp bilýänligi hem-de oňat diplomatik başarnyklary üçin ol Eýranda gulluk eden döwürleri uly hormat-sylaga mynasyp bolýar. Ýöne onuň şol ýerde gyzzyrma bilen kesellemegi işini dowam etdirmäge päsgelçilik döredipdir we özüni yzyna almaklaryny haýyş edipdir. Sankt-Peterburga dolanyp gelenden soňam ol keselden saplanyp gidibermändir. 1879-njy ýylyň 29-njy martynda ol şol keseldenem ýogalypdyr. Ýogalanda ol bary-ýogy 33 ýaşynda eken. Şeýle zehinli adamyň aradan çykmagy rus diplomatiýasy üçin uly ýitgidi.F.A.Bakulin edebiýatdan daşdaky adam däldi. Ol syýasy ugurda işlese-de, rus, ýewropa, gündogar edebiýaty we sungaty bilen çynlakaý gyzyklanypdyr.Bakulin ýogalmazyndan öňki ýyllarda “Eýran bilen söwda gatnaşyklaryndan oçerkler” (Spb. 1875),“Maşatdan Owganystana çenli gündogar ýollaryndaky bellikler” (1879) atly kitaplaryny ýazyp, rus okyjylaryna hödürlemäge ýetişipdi. 1874 -- 1878-nji ýyllar aralygynda onuň N.Lomakin bilen alşan hatlary saklanyp galypdyr. Bu hatlary okap, olaryň türkmen topragyndaky işleri bilen azda-kände tanyş bolýarsyň. Şonuň üçin hem, biz olaryň hatlarynyň käbirini öz işimizde peýdalanmagy makul bildik. Birki agyz Nikolaý Pawlowiç Lomakin barada. Ol 1830-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Bakuwda Tbilisi guberniýasynda dworýan maşgalasynda dünýä inipdir. Ilkinji terbiýäni Polosk kadet korpusynda alýar. Dworýan polkuny tamamlaýar. 1848-nji ýyldan artilleriýa brigadasynda gulluk edip başlaýar. 1850-1863-nji ýyllardaky Kawkaz urşuna gatnaşýar. Kawkaz boýun egdirilenden soň Dagystanda,1870-nji ýylda hem Maňňyşlak otrýadynyň naçalnikligine bellenipdir. Dört ýyldan soň ol Zakaspi harby bölüminde gulluk edipdir, soňra Krasnowodsk otrýadynyň naçalnikligine bellenipdir. Lomakin Hywa ýörişine Maňňyşlak otrýadynyň komandiri hökmünde gatnaşypdyr we bu ýörişde ol aýratyn tapawutlanypdyr.Hywany basyp almakdaky gaýduwsyzlygy üçin oňa general-maýorlygy, altyndan ýarag hem-de keramatly Wladimiriň 3-nji derejeli ordeni berilýär. Şeýle hem, bu agyr söweşlerde batyrlygyny we edermenligini göz öňünde tutup, germanimperatory ony Galkan ýyldyzy hem-de Gyzyl Bürgüt ordeniniň 2-nji derejesi bilen sylaglaýar. Eýran şasy bolsa oňa Ýolbars we Gün ordeniniň 1-nji derejesini beripdir. Lomakin taryhdan belli bolşy ýaly, Gökdepe ekspedisiýasyna hem gatnaşýar. 1881-nji ýylda ol Tbilisi guberniýasynyň harby naçalnikligine bellenilýär. Üç ýyldan hem 24-nji ýerli brigadanyň komandiri bolýar. 1886-njy ýylda Lomakine general-leýtenant çini berlipdir. 1887-nji ýylyň 19-njy iýulynda diwiziýa komandirlik edýär. 1890-1897-nji ýyllarda general Lomakin 12-nji korpusyň wagtlaýyň komandiri bolýar. 1897-nji ýylyň 16-njy iýunynda otstawka çykýar. Ol 1902-nji ýylyň 14-nji fewralynda-da Tbiliside tarpa-taýyn ýogalypdyr. Indi bolsa şo döwrüň harby işgäri bilen diplomat adamyň alşan hatlaryna nazar aýlalyň. Lomakiniň Bakuline ýazan hatyndan: “Merhemetli hökümdar ФёдорАбрамович! Siziň 16-njy iýuldaky hatyňyzy düýn aldym we oňa bada-bat jogap ýazmaga oturdym.Merwdäkirus ýesiri hakynda men ozal eşitdim. Ol Türküstan artilleriýasynyň esgeri. Tekeler ony geçen gyş Halatawdan Petr-Aleksandrowskä gidilýärkä, Amyderýanyň sag kenarynda ýesir alan ekenler. Ony ýesirlikden boşatjak bolup menem, Amyderýa okrugynyň naçalnigi hem näçe dyrjaşsak-da, şu wagta çenli başa barmady. Çarwa eýýäm Etrek tarapa göçüpdir, olar biziň çaklerimizde. Gulam Ryzany ýesirlikden boşatmak üçin men elimden gelenini ederin. Eger ony boşatmak başartsa, men muňa örän begenerdim. Saýyp-ihtiar ýomutlaryň kimleriň tabynlygynda ekenligine şonda göz ýetirer. Saýyp-ihtiara ýazan hatymyň göçürmesini maglumat üçin size iberýärin (terjimede). Pars çinownikleriniň ýomutlary (çarwa) boýun egdirmekleri hakda edýän hereketleriniň, berýän dostluk wadalarynyň Etrekden bärik geçmeýändigini hem aýtmaly. Geçen hepdede men Hywa hanyndan we polkownik Iwanowdan hat aldym. Hywada asudalyk. Amyderýa ugradylmaly ylmy ekspedisiýa eýýäm ýola düşdi, häzir ol derýa boýunda; ýöne gämili ýokary akym bilen gitmek enteg-ä başardanok. Merwi, ahally tekeler häzirlikçe ýuwaşadylar. Alamançylyk barada häzir hiç zat eşidilenok.Biziň ýomutlarymyz asudalygyny saklaýarlar hem boýun egýärler. Çarwalar häzir guýularyň başynda, Bugdaýlyda, Şaýyrdy Şyh diýen ýerlerde. Bir bölegi bolsa Balkanda. Golaýda Ahal tekeleri Hywa hanyna (nämüçindir olar özlerini Hywa tabyn saýýarlar) we polkownikIwanowyň huzuryna on sany kethudany iberipdirler. Özleriniň tabynlyklary we wepalydyklary...hakynda aýdypdyrlar. Elbetde, olaryň bu gürrüňlerine hiç hili ynam etmek bolmaz. Kazak Popow hakynda bolsa men elimden gelenini ederin... Geçen aýyň ýarymynda Hywadan polkownik Gluhowskiniň bir ýüz otuz düýeden ybarat kerweni geldi. Çuňňur hormat we wepadarlyk bilen, Siziň sadyk guluňyz bolmaga taýýar N.Lomakin. 1874-nji ýylyň 4-nji awgusty. Krasnowodsk”. * * * “Merhemetli hökümdar Fýodor Abramowiç! ...Tutuş geçen aýda men Krasnowodskide bolmadym. Astrahana gitdim. O ýerde Peterburgdan gaýdyp gelýän maşgalamy garşyladym. Maksadym hem Kawkaz daglyk uprawleniýesiniň naçalnigi general Frankin bilen sataşmakdy. Sebäbi ol Zakaspi ülkesi bilen baglanyşykly Peterburgda geçirilenmaslahatlara gatnaşypdy. Eger-de mundan Siziň habaryňyz ýok bolsa (dokumentleriň göçürmesini siziň wekiliňize hemem Astrabat stansiýasynyň naçalnigine iberipdim), biziň üçin örän ähmiýetli we gyzykly dokumenti Size-de maglumat üçin iberýärin. Meniň ýomutlar bilen gepleşigim we Astrabada barmagym Peterburgda goh döredenem bolsa, işiň soňy netijeli boldy, ülkämiziň we halkymyzyň peýdasyna haýyrly boldy. Üstümizdäki aýyň 16-syna çenli men Etrekde,soňam äze berkitmäniň ýerini öwrenmek üçin men bäride gyşa çenli bolaryn. Häzir men polkownik Glyhowskiniň kerwenini ýeterlik harytlar bilen üpjün etmegiň aladasynda. Kerwen bilen bile Uzboýy gutarnykly öwrenmek üçin, aýratynam onuň orta böleginde (Balyişmeden Sarygamyşa çenli aralygy) barlaglar geçirer. Şonuň üçinem ke Kerwen Uzboýyň ugry bilen Igden Çaryşla tarap ýörär. Beýleki bir ylmy ekspedisiýa Balkanyň gazylyp alynýan baýlyklaryny (naftagil, ozekrit, nebit we başga zatlary) öwrenip ýör. Ýakynda meniň ýanyma abraýly teke hanlarynyň biri, ilatyň arasynda täsiri uly, akylsyzam däl, bize belli Sopy han teke gelip gitdi. Ol özleriniň tabynlygyny bildirdi. Tiz wagtdan Teke bilen Krasnowodsk aralygynda kerwen söwda ýoluny açmagy wada berdi... Siziň sadyk guluňyz N.Lomakin. 1874-nji ýylyň 4-nji oktýabry. Krasnowodsk”. *** “Merhemetli hökümdar Fýodor Abramowiç! ...Meniň Krasnowodskide Astrabada gaýdan wagtym bäş ýüz sany teke otuz sekiz wýorstlykdaky Hali Serdar (belki-de, Hally Serdardyr – A.Ç.) obasynyň üstüne dökülipdir. Oba gyrgynçylyga berlipdir. Şol wagtlar meniň öýümde bolup, meniň myhmansöýerligimden peýdalanan Sopy han indi şol obany gyrgynçylyga beren adamlaryň ýesirlikden boşadylmagy üçin uly töwakga bilen menden haýyş edip, maňa hat göýberipdir. Biziň Çekişlerden Baýataja çenli ýol geçmegimiz özüniň gowy netijelerini berer. Atabaý we japarbaý tireleriniň kethudalarynyň ählijesi garşylymak üçin biziň öňümizden çykdylar. Düýelerdir atlaryny, goýun baryny bizden gysganmadylar. Muny olar bize hyzmat üçin göwünjenlik bilen etdiler. Gije-gündiz diýen ýalyçep kenardaky türkmenler biziň ýanymyza (o çarwalar tekelerden gorkularyna derýadan bärik aşypdyrlar) gelip, söwda edýärler. Size tanyş Musa hanyň tabyn bolup biziň ýanymyza gelmegi, onuň öz hyzmatlaryny hödürlemeginiň öz manysy bar. Onuň bu hereketleri şol etraplarda ýaşaýan ilata uly täsir etjekdigi gümansyz. Musa han öz ýany bilen otuz wekil alyp gelipdir. Onuň ýanynda öz tiredeşlerinden başga-da ak, güjük, daz, igdir we beýleki çarwa ilatynyň adamlary hem bar. Ruslaryň ýanyna ilki gelen atabaýlar. Eşidişime görä Musa han saýyp-ihtiýaryn beren sowgatlaryna garaman henize çenli onuň ýanynda bolmandyr. 4-nji oktýabr” 1875 “...Iwanowyň Amydan geçip, ýomutlary, boýun bolmadyklary, kontribusiýa tölemedikleri derbi-dagynedip, yzyna -- Daşoguza sag-aman gaýdyp barandygy hakdaky habary düýn aldym. Ýazda Uzboýy öwrenmek baradaky giňişleýin maglumatlary taýýarlap bermegi maňa teklip etdiler. Men bu işi tekelere tabşyrmagy makul bilýän, çünki olaryň bu işe göwünjenlik bilen girişerler diýip tama edýärin. Muny olar özleriniň wepadarlygyny we boýundyklaryny subut etmek we onuň Ali hezretleriniň ünsüni özlerine çekmege çalyşýandyklaryny aňlatmak üçin şeýle ederler. Sopy han altyn medal bilen sylaglanyldy. 3-nji mart”. *** “Porfiriý Mihaýlowiçiň maňa aýtmagyna görä, Siziň otrýadymyza gelip, birnäçe gün boljakdygyňyz hakda eşidip, men şu gün örän begendim. Şeýle bolsa, onda Siz biziň iň hormatly myhmanymyz bolardyňyz. Munuň üçin Size ähli amatlyklary dörederis. Mundan daşgary,Siziň bu ýere gelmegiňiz, biziň umumy dostlarymyz-türkmenler üçinem gaty peýdaly bolardy. Men 1-nji sentýabrda Çekişlerde bolaryn. Şo gün Siz Çekişlere gelip bilseňiz, gowy bolardy. Munuň üçin Porfiriý Mihaýlowiç Size “Týulen” gämisini äberer.Çekişlerden Siz otrýad bilen Baýataja baryp, birnäçe gün dynç alyp, soňam kazaklar bilen bilelikde bir ýa iki günde ýene Çekişlere dolanyp geliň, bellenilen günde Size “Týulen” garaşar. Munuň hemmesi bir hepdeden gowrak wagtyňyzy alar. Siziň näçe biziň bilen köp boldugyňyzça, biz şoňa şat. Bu ýerdäki türkmenlerbaradaky işimiz hakda men Size häzir hiç zat ýazmaýaryn, çünki mundan öň bu hakdaky maglumaty resmi ýagdaýda Size iberipdim; Mollagaradan Çekişlere çenli bolan ýörişimiz hakdaky habary ýakyn geljekde ibererin... Jenap Wenýukowiç Horasan, Türkmenistan, Hindistan we beýlekiler dogrusynda, şeýle hem ýokary Etregiň öwrenilişi hakda jenaplar Bekker bilen Giliň jenap Stebniskä iberen ýazgylaryny Porfiriý Mihaýlowiçe tanyşmak üçin iberdim. Soň ol bu gyzykly ýazgylaryň hemmesini Size ugradar. 1875-nji ýylyň 22-nji awgusty, Çekişler”. * * * “Baýatajy, 7-nji sentýabr. Garaşylmadyk ýagdaýyň ýüze çykmagy bilen Siziň bize gelip bilmezligiňize, Siziň bilen didarlaşyp bilmänligime gaty gynandym. Otrýad 1-nji oktýabrda Çekişlere gelip, bir aý töweregi şo ýerde boljak. Belki-de, şo wagta çenli Siziň boş wagtyňyz bolmagy mümkin. Eger şeýle bolanlygynda, wagt tapyp gelip bilseňiz, men örän hoşal bolardym... Maňa ynanylan otrýad Çekişlere sag-aman geldi. Adamlaryň saglygy gaty gowy. Bugdaýly hem Şaýyrdy ýaly. Biz bu ýerde dört müňe golaý öýli çarwadarlara duşduk. Olar gündogarly çarwalar. Bugdaýly bilen Şaýyrdydaýaşaýanlara günbatarly çarwalar diýilýär. Olar toplum-toplum bolup, Etregiň sag kenaryna -- Baýatajydan Baýramolum geçelgesine çenli aralyga ornaşypdyrlar. Olaryň ornaşyşyşeýle tertipde: gojuklar, salahiler, goçanlar, badraglar, ýemirler, igdirler, gulaglar, garrawiler, atabaýlar, begler, ilgaýlar, dazlar, düýejiler, ganýokmazlar, ýene-de igdirler. Size mälim bolşy ýaly, olar biziň çarwalarymyzyň has ýaramazy,olardan ýaňa parslara gün ýok bolara çemeli. Ýöne olar biziň otrýadymyzy gujak açyp hemem ynanmak bilen garşyladylar. Günbatar сarwalary-da – Bugdaýly we Şaýyrdy-da-da şeýle garşyladylar. Bäride-de, o ýerde-de ýekeje obada bizi görüp, göçüp gitmediler. Ýol ugurlarynda olar öz düýe we goýun sürülerini arkaýyn bakyp ýörler. Öňümizden çykan atlylary hem şeýle. Erkek adamlaram, aýallaram, çagalaram ýüzläp-ýüzläp biziň bolan ýerimize gelip, söwda edýärler. Biziň esgerimiziň türkmenler bilen gujaklaşyp barýanlaryny hem görmek bolýar. Köpüsi bolsa biziň doktorymyzdan kömek sorap gelýärler... Parslar bilen kürtler hem biziň ýanymyza gelip gidýärler. Birtopary hywaly adamlar bilen algy-bergisini üzlüşmek barada Hywa hanynyňam kömegini sorasa, birtopary öňki wagtlar mallaryny sürüp gaýdan çarwalaryň üstünden şikaýat edýärler... Etregiň demirgazygygyndaky öri meýdanlaryny biziň eýeleýändigimiz hakynda birnäçe türkmeniň astrabatly pars häkimiýetine arz edendikleriniň habaryny men Siziň iberen maglumatyňyzdan ozal eşitdim. Atabaýlardanüç-dört sanysy, şondan köp däl, özleriniň hem il içinde gepi-sözi ýöremeýän adamlar, amatly pursatdan peýdalanyp, dogrudanam, Astrabada baryp, oruslaryň Taýyrdyda ýerleşýän öz obalaryndaky öri meýdanlarynda düýelerini bakýandyklary hakda we indi nätmelidigi dogrusynda sorandyklary hakykat. Gubernator olaryň bu şikaýatlaryna olaryň bizin gelmegimiz bilen howsaladüşüp ýörmezlikleri we biziň kanuny talaplarymyzy berjaý etmekleri hakynda jogap hat ýazypdyr, muny men öz gözüm bilen gördüm. Haşal hanyň Daňatarda ýigrimi bäş düýäni talandygyna men kän bir ähmiýet bermeýärin. Çünki, birinjiden-ä, Han Döwletiň (“Elgeldi han we başg.) garyndaşlary golaýda atabaýlaryň düýelerine eýe çykypdyrlar, başda olaram şonça düýe ogurlan ekenler. Ikinjidenem, ýakyn wagtda Musa han bilen beýleki atabaýkethudalary meniň ýanyma geljekler, olar Haşal hanyň düýeleri yzyna bermek meselesini pars häkimiýetinden öňürti çözerler... Eger men Markozow ýaly bolan bolsam, onda bir biderek zat üçin Etrekden geçip, onlarça türkmeniň ganyna galyp, näçe müň öýleri ýakyp, uly goh turuzmaly bolardym. Daşkendin öňünde uly bir iş bitiren kişi bolardym. Görüşýänçäk hoş. Alla Sizi öz penasynda aman saklasyn. Size wepadar N.Lomakin”. * * * “Çekişler. 21-nji oktýabr. Hormatly Fýodor Abramowiç “Eýran bilen söwda gatnaşyklaryndan oçerkler” atly kitapçaňyzy ibereniňiz üçin men Size gaty minnetdardyryn. Geçen ýyl Astrabatda we Siziň öýüňizde myhmançylykda bolan günleriniň gowy ýatlama bolup meniň hemişe ýadymda galar. Porfiriý Mihaýlowiçden Size gylyjyň gerekdigini eşidip, Çekişlerden gelenimden soň, haý diýmän ony Size iberipdim. Ol Size gowuşdymy? Ol Siziň derdiňize ýarasa, men örän şat bolardym. Çekişlerden gelenimden soň, biziň çarwa kethudalarymyz gelip, özlerini Miangalada şa bilen boljak duşuşyga çagyrýandyklary hakda, ýöne olaryň bu duşuşyga gidesleriniň gelmeýändikleri hakda öwran-öwran aýtdylar. Men olaryň bu duşuşyga gatnaşmalydyklaryny tekrarlaýaryn, çünki bularyň ýylyň bir möwsüminde olaryň öri meýdanlarynda sürülerini bakýandyklaryny aýtdym. Ýöne men bularyň şa bilen boljak maslahata gatnaşmajakdyklaryny öňünden anyk bilýärin. Eger gidiläýende-de olaryň haýsydyr bir zat üçin bizden nägile bolanlarynyň gatnaşmaklary ahmal. Men astrabatly we mazendranly häkimiýet wekilleriniň tutuş Etregi, şeýle hem, onuň demirgazykdaky ýerleriniň hem Eýrana degişlidigi, ýöne bu ýerleriň tekelerden goramak üçin oruslara berlenlligi hakda türkmenleriň arasynda bolgusyz gürrüňi ýaýradýandyklarynyň anygyna ýetdim.Bu gürrüňleriň teýiniň boşdugyny bilerleri ýalymen çarwalaryň ählisine hat iberdim. Hatda men biziň Eýran bilen serhetimiziň Etrekden başlanýandygyny, ýomutlaryň ýaşaýan demirgazyk Etrek ýerleriniň Russiýa, günortasynyň hem Eýrana degişlidigini, şonuň üçinem demirgazykda göçüp-gonup ýörenleriniň Russiýa tabyn bolmalydygyny, günortasyndakylaryň hem Eýranyň raýatlarydygyny ýene bir gezek düşündirdim. Gökleňler gürrüňsiz eýranly raýatlardyr: olar hemişe Eýranyň çäklerinde ýaşaýarlar we olara salgyt töleýärler. Olar şu ýylyň tomsy demirgazyk Etregiň çarwalarynyň on dört sany düýesini we üç atyny ogurlap gidipdirler. Munuň üçin Eýran tarapynyň çäre görmegini, bize degişli ýerlerde oňa tabyn raýatlarynyň beýle iş etmekleriniň öňüni almaklarynyň gerekdigini ýatladyp, men resmi ýagdaýda missiýa ýüz tutmakçy, eger muňa meniň güýjüm ýetmese, onda ony biziň ygtyýarymyzda goýmaklaryny maslahat bererin. Gylyç han tarapyndan gandöküşiklere men haýran. Wagşyýana bu işiň bir beýik milletiň goşunynyň öňünde garaw görülmän edilýän wagşyýanalyga näme diýersiň? Etrekden geçýän çala-mydar serhet biziň el-aýagymyzy daňýar! Bu wagşyýanalykdan ýene kim horluk çekýär? Elbetde, ýene-de Eýranyň özi! Size Maşady -- Misserian hakda nämedir bir zatlar mälim bolsa, maňa ol hakda giňişleýin habar bermegiňizi towakga edýärin. Nähili şäher bolupdyr, kimler ony ýykyp-ýumrupdyr... meniň bu zatlar hakynda gaty bilesim gelýär... Türkmenler birhili adamlar: göýä Dana atalyny (Daňatardyr belki – A.Ç.) Astrabatda tutupdyrlar, şony boşadyň – diýip, töwellaçylar gelipdir. Aýalyňyza tagzym edýänligimi oňa ýetirmegiňizi haýyş edýärin. Size wepadarlyk bilen, N.Lomakin. P.S. Şu wagt Haşal hanyň ogurlan düýelerini yzyna gaýtaryp getirendigini aýtdylar. Aýtmaklaryna görä, bu mesele hakda gubernator çagyrsa-da, Astrabada barman, biziň kethudalarymyzyň talap etmegi bilen ol düýeleri yzyna gaýtaryp beripdir”. *** 1876-njy ýyl. Aşyr adasy, 3-nji mart. Tizden-tiz teke meselesiniň çözülmegi gaty möhüm. Mesele çözülmese, onda munuň ýakyn wagtlarda biziň öňümizde päsgelçilik döretjegi bes-belli. Bu mesele hakda onuň Alyhezretlerine maglumatyň iberilenligini ýüregimden we uly gizlin syr hökmünde men Size habar berýärin. Ýöne biziň bu möhüm işimize Ýewropanyň gündogar baradaky syýasaty päsgelçilik döretmegi ähtimal. Biz şuny häzirlikçe gaty gizlin saklamaly. Munuň özi ýomutlara ýaýrasa, olardanam tekelere ýetmegi gaty ahmal. Tbiliside meni Onuň Alyhezretleri gowy kabul etdi... Tbiliside Siziň pars söwdasy hakdaky kitapçaňyz bilen köpler gyzyklanýar. Menden kitabyňyzy okamaga soradylar we olar Siziň zähmetiňize uly gadyr goýup, onuň dowamyny ýazmagyňyza umyt baglaýarlar...Köne tanşymyz Süleýman han näme işleýär? Onuň ýene-de şo betbagt Astrabat prowinsiýasyny dolandyrýandygyny eşidip, ony gutladym. Ýöne ol haty almandyr öýdýän, çünki maňa entek hatyň jogaby gelenok. Sizi hormatlaýan we wepadar N.Lomakin”. * * * “Krasnowodsk. 25-nji maý. Göz öňünde tutýan Teke ýörişimiz wagtlaýynça yza süýşirildi. Iňlisleriň Merw üçin howatyrlanmaklary we şanyň tekä garşy Horasan tarapdan goşunyny sürüp gaýtmagynyň ýatyrylmagy, gürrüňsiz, muňa sebäp bolandyr. Belki-de, men ýalňyşýandyryn. Ýöne irde-giçde tekä ýörişiň boljakdygyna men ynanýaryn. Bu näçe çalt amala aşyrylsa, şonça-da gowy... Oriýentalistleriň öňümizdäki kongresiniň başlanmagyna az wagt galdy. Men şo wagtlar ýörişe taýýarlyk görmegin aladalary bilen başagaý bolup, bu kongrese azda-kände nähili gatnaşjakdygymbelli däl. Kaufman maňa albom iberipdir, ol şeýle albomy kongrese-de iberipdir. Size wepadar N.Lomakin. (Lomakiniň albom diýýäni pars görnüşlerinden suratlar. Şeýle hem, parslaryň egin-eşikleriniň we olaryň durmuşlaryndan düşürilen suratlar bolmaly. F.A.Bakuliniň garyndaşlarynyň öýünde şeýle albomyň häli-häzire çenli aýawly saklanýandygy hakda onuň terjimehalyny öwreniji alym W.Alekseýew habar berýär – A.Ç.). * * * “Krasnowodsk, 11-nji iýun. ...Men gyzykly bir dokumenti, general-adýutant Kaufmanyň general Iwanowa Tekäniň işi hemem Hywanyň günortasynda göçüp-gonup ýören türkmen tire-taýpalary bilen bagly görkezmeleriniň göçürmesini Size iberýärin. Geçen gezek Tbilisiden alty sany Zakaspi ülkesiniň kartasyny alypdym, şonuň birini hem Size iberýän... Size wepadarlyk bilen N.Lomakin”. *** F.A.Bakulin ýogalandan soň, onuň mirasy bilen ilkinji gezek gyzyklananlaryň biri-de Walentin Alekseýewiç Žukowskidir. Türkmen ylmy jemgyýetçiligi Žukowskini onuň gadymy Merwiň harabaçylyklary hakyndaky düýpli ýazylan ylmy işi bilen ýakyndan tanyşdyr. W.A.Žukowskiý F.A.Bakuliniň toplap giden maglumatlarynyň esasynda “Rus imperatorynyň konsuly F.A.Bakulin babizmi öwreniş taryhynda” atly makalasyny ýazýar (seret: ZWORAO, T.XXIV,1916, 33-90 sah.). Görnükli alymy Eýranda babalar akymynyň döreýiş taryhy gyzyklandyrypdyr. Ol makalasynda özüniň türkolog däldigi üçin “Bakuliniň türkmenler dogrusynda toplan maglumatlarynyň näderejede gymmatlydygyna baha bermejekdigini hem aýdypdyr”. Şu sebäpli hem ol maglumatlary A.N.Samoýlowiçiň ulanmagy üçin oňa wagtlaýyn gowşurandygyna hem ýaňzydypdyr. 1961-nji ýylda D.E.Bertelsiň SSSR YA-nyň Aziýa halklarynyň instituty tarapyndan çap edilýän Gündogary öwrenijileriň arhiwi býulleteninde “F.A.Bakulin” atly çaklaňja makalasy çap edilipdir (seret: 1-nji goýberiliş, L., 3-5 sah.). Makalada Bakuliniň W.A.Žukowskiniň 17-nji fondunda ýerleşdirilen Bakuliniň maglumatlarynyň saýhallaşdyrylyp özbaşyna aýry - 110-njy fondda saklanýandygy habar berlipdir. Şeýle hem, makalada biziň ünsümizi aýratyn özüne çeken bir habar aýdylypdyr. Fondda saklanylýan hatlaryň birinde, has takygy, baron F.R.Osten-Sakeniň 1876-njy ýylyň 5-nji ( ?) hatyndan Bakuliniň türkmenler hakynda maglumatlar toplaýandygyny, bu babatda düýpli bir iş ýazjakdygyny okamak bolýar. Bu hakda Bakuliniň özi şol ýylyň 5-nji iýunynda ýazan jogap hatynda ýazypdyr. Soňra D.E.Bertels Bakuliniň maglumatlary saklanylýan fondda türkmenlere degişli hähili golýazmalaryň bardygyny mälim edip, şeýle habar beripdir:“Türkmenler hakdaky maglumatlar: Krasnowodsk otrýady bilen türkmenleriň arasynda bolup geçen garpyşyk dogrusynda 5-nji noýabrda (ýyly- ?) rus wekiliniň 343-nj gizlin hatyna jogapnamasynyň garalamasy; türkmenleriň astrabatly parslaryň üstüne dökülmegi baradaky gysgajyk ýazgylar; Atamyrat hanyň Aşyr agasyndaky Astrabat stansiýasynyň naçalnigine hatynyň göçürmesi; kapitan-leýtenant Uhtomskiniň goly bilen tassyklanan Orenburg general-gubernatorynyň hatlarynyň göçürmesi; Türkmenlere dahylly 25 hat – türkmenleriň hereketleri baradaky habarnama, türkmenleriň hereketleri barada ýazylan habarnamalaryň terjimesi edilen depder. Astrabat şäheri we türkmenler baradaky ýazgy; “Pars hökümeti tarapyndan hasaba alnan kitapça(podatnoý reester) - Astrabat welaýatynyň serhedinde göçüp-gonup ýören türkmenler barada bellik”. “Ýokarky Etrek tarapda polkownik Bekker bilen poruçik Gil tarapyndan täzeden geçirilýän gözlegler barada” (polkownik Stebliskiniň ýazgylaryndan); tire- taýpalaryň we olaryň ýerleşişi we ş.m. dogrusyndaky parsça ýazgyly depder; Bulýuklaryň düzümi. Elbursdan demirgazykdaky bulýuklaryň düzümi (ikisem pars dilinde); Japarbaýlaryň tire-taýpa gurluşy; “Gökleň türkmenleriniň” (Gürgen) tireleriniň atlary. Rusça terjime edilen. Türkmen tireleriniň atlary. Türkmen tireleriniň haýsy ýerlerde ýerleşýändigini görkezýän sanaw. Tire-taýpalaryň haýsy ýerlerde, haýsy ilatly punktlarda we ş.m. görkezýän dürli maglumatlar (pars dilinde); Çarwadar türkmenleriniň ýaşaýyş durmuşy we däp-dessury baradaky kagyzlaryň garalamasy. Türkmenlere dahylly habarlaryň rus diline geçirilen göçürme kagyzlar. Jemi 27 hat. Ýomut türkmenleri baradaky bellik. Fonddaky maglumatlaryň arasynda general-maýor N.P.Lomakiniň işlerine degişli hatlar hem gyzyklydyr. Bu hatlar onuň Maňňyşlak otrýadynyň komandiri wagtyndaky döwri öz içine alýar.Lomakiniň Bakuline ýazan hatlary (olaryň sany jemi 12 hat) “Russkaýa starina” žurnalynda, 1913-nji ýylda Alekseýew diýen adam tarapyndan çap edilen eken. Ýöne bulardan başga-da Bakuliniň fondunda Lomakiniň ýene iki haty saklanýar. Şeýle hem, fondda Lomakiniň turzan gohy barada Aşyr adasynyň deňiz stansiýasynyň naçalnigi Porfiriý Mihaýlowiç Zaýkine ýazylan hatyň garalamasy; Wasiliý Nikolaýewiç diýilýän adamyň Lomakiniň özüni alyp barşy hakdaky hatynyň garalamasy; Krasnowodsk otrýadynyň şowsuz ekspedisiýasy hakynda hem-de Lomakiniň hereketleri hakynda Tährandaky rus wekiline iberilen hatlaryň garalamasy. P.M.Zaýkiniň Lomakin dogrusyndaky iki haty, Lomakiniň Astrabat gubernatory bilen duşuşygy we onuň türkmen çarwadarlarynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly geçiren gepleşikleri hakdaky hatlaryň garalamasynyň hem Bakuliniň 110-nji fondunda saklanýandygy aýdylýar. Şeýle hem, Moskwada, RGALI-de A.P.Beržäniň 1870-nji ýylyň 15-nji dekabryndan 1971-nji ýylyň 10-njy mart aralygynda 3 sahypadan ybarat Bakuline ýazan haty f. 1726. op. 1. ed.hr. 1), Konstantin Stepanowiç Weselowskiniň 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda 1 sahypadan ybarat (f. 1726 op. 1 ed. hr. 2), W.Grigorýewiň 1976-njy ýylyň 5 (17) awgustynda 1 sahypadan ybarat (f. 1726 op. 1 ed.hr. 3), I.N.Holmogorowyň 1868-nji ýylyň 31-nji martynda iki sahypadan ybarat (f. 1726 op. 1 ed. hr. 4) ýazan hatlary aýawly saklanylýar. F.A.Bakuliniň “Oçerki torgowli s Persiýeý: Azerbaýdjan, Mazanderan, Asterabad” (Sankt-Peterburg, tin. M-wa put. Soobş. (A.Benke), 1875) atly kitaby hem öz döwründe okyjylaryň uly gyzyklanmasyny döredipdir. Lomakiniň bu kitap bilen gyzyklanmasy barada onuň Bakuline ýazan hatlarynyň birinde-de aýdylýar.F.A.Bakulin “Zametka o putýah na wostok ot Meşheda w Afganistan” atly kitapça ýazýar. Bu kitapça 1879-njy ýylda Sankt-Peterburg şäherinde, doganlar Panteleýewleriň çaphanasynda (Kazan köçesiniň 33-nji jaýy) neşir edilipdir. Kitapça sözbaşy, “Maşatdan Hyrada çenli ýol”, “Maşatdan Hyrada çenli başga bir uzak ýol”, “Hyratdan Kandagara”, “Kandagardan Kabula” atly döpt bölümden ybarat. Awtor sözbaşyda Maşatdan Owganistana çenli aralyk ýoluň ýewropalylar tarapyndan toplanan maglumatlarynyň o diýen kämil däldigi üçin şu kitapçany ýazmaga girişendigini aýdýar. Munuň üçin ol özüniň ýerli adamlar bilen, ýa bolmasa, Owganystan bilen häli-şindi söwda edip ýören täjirler, kerwen ýollaryna belet adamlar bilen gürrüňdeş bolandygyny hem kitapçanyň başynda ýaňzydypdyr. “Göwnüňe bolmasa, bu aralyk ýoluň Eýranyň çäklerinde ýaşaýanlar üçin, bolmanda, pars hökümeti üçin aýan bolaýjak ýaly weli, ýöne bu şeýle däl eken. Şol bir aralyk hakynda biri-birine ters gelýän ölçegler bar” diýip, Rus imperatorynyň Eýrandaky konsuly F.A.Bakulin ýazypdyr. Ol kitaby Astrabatda işlän döwri, ýagny 1876-njy ýylda ýazyp tamamlapdyr. Awtor öz kitabynda Maşatdan Owganystana, ýagny Kabula çenli aralyk ýolda 70 sany ululy-kiçili obalaryň, şäherleriň atlaryny agzap, şol ilatly ýerleriň bir-birinden näçe farsahda ýerleşýänligi hakda doly maglumat berýär. Biz kitapçany okap, Maşatdan Hyrada çenli ýoluň 12 geçelgeden, ýagny 55 farsahdan, Maşatdan Hyrada çenli başga bir ýol bilen gitseň, 66 farsahdan, Hyratdan Kandagara çenli 21 geçelgeden, ýagny 112 farsahdan, Kandagardan Kabula çenli 23 geçelgeden, ýagny 113 farsahdan ybaratdygyna göz ýetirýäris. Şol döwürlerde 1 farsahyň 6-7 kilometre barabar bolandygy mälimdir. Astrabatda Rus imperatorynyň konsuly bolup işlän döwürlerinde türkmenler bilen gowy gatnaşykda bolan, her bir mesele ýüze çykaýýan halatynda-da türkmenlere arka çykan Fýodr Abramowiçiň ömri gysga bolupdyr. Gysga ömrüne garamazdan, ol gündogar edebiýatynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny ýaýmakda görnükli iş bitiripdir. Bu babatda onuň ady türkmen edebiýaty ylmynyň taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Biziň bu çaklaňja işimiz hem F.A.Bakuline bagyşlanyp, ol hakdaky öňki bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirer. Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Gündogar golýazmalary instituty -- Aziýa muzeýi tarapyndan çapa taýýarlanan “Bakulin Fýodr Abramowiç” atly kitap bu gündogary öwreniji alymy we diplomaty hakynda edilen göwrümli işdir. Kitabyň awtory Igor Wadimowiç Bazilenko. Iş 2018-nji ýylda Moskwada, Gündogar edebiýaty neşirýaty tarapyndan çap edilipdir. Gynansak-da, bu kitaby ele salmak başartmady. Fýodr Abramowiç Bakulin 1879-njy ýylyň 28-nji martynda, 34 ýaşynda Peterburgda ýogalýar. Dul galan aýaly Sofiýa Semýonowna Bakulina, gyz familiýasy Pasýewiç, 1880-nji ýylda Gatçinada ýerleşýän Baggowutowskaýa köçesiniň 2/1 jaýyny satyn alyp, ömrüniň ahyryna çenli (ol 1909-nji ýylyň 7-nji aprelinde aradan çykypdyr) şol ýerde ýaşapdyr. Iki gatdan ybarat bu jaý agaçdan ýasalypdyr. Birki agyz bu jaýyň taryhy barada. 1862-nji ýylda imperator köşgi ministrliginiň baş arhitektory Roman Iwanowiç Kuzmine (1811-1867) bu jaýyň ýeri rus imperatory Aleksandr 11 tarapyndan sowgat berlipdir. Kuzminden soň bu jaýy görnükli lukman S.P.Botkin satyn alýar. Tutuş on ýylyň dowamynda her ýyl tomus ol bu ýerde dynç alýan eken. N.A.Nekrasow, I.A.Turgenew ýaly başga-da görnükli adamlar bu ýerde öz saglyklaryny bejerdýän ekenler. Botkin olara däri-derman edip, saglyklaryny bejeripdir. Soň bu jaýy, ýaňy belläp geçişimiz ýaly, Bakuliniň aýaly satyn alypdyr. Allaýar ÇÜRIÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |