16:09 Gaçgak | |
GAÇGAK
Goşgular
Gaçyp çöle çykdy, açyk çöl bilen Gidip barýar, çal giňişlik ýalazy. Bar zat çölüň aýasynda görnüp dur, Görünip dur depe oýy, alaňy. Gözýetim ýok, dünýä saňa bakyp dur, Ylgasaň, kölegäň yzyňdan eňýär. Ýel açýar üstüňi çägä gömülseň, Öz yzyň özüňi yzarlap gelýär. Gyzgyn çölüň ähli janly-jandary Jyklap ýatyr süreninden, hininden. Guşlaram depede pel-pelleşip ýör, Ýylan bakýar bir ojaryň bilinden. Alakalar höküm okaýan ýaly, Aýagyn galdyryp dur oň öňünde. Onuň salgym atyp barýan sulbasy Görnüp durdy sary sähraň gözünde. Gidip barýar göz-göreçleň içinden, Ugur tapman, hem aljyrap, elenip. Guýa duşdy, gözdenem çuň bu guýy Durdy oňa ýekenil dek çenelip. Şuňa giräýmeseň, başga deşik ýok, Günem gökden çöli eredip durdy. Ol guýa özüni oklajak boldy, Guýudanam biri seredip durdy... Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||