22:53 Gadymy edebi nusgalar: Dünýäniñ ýaradylyşy | |
DÜNÝÄNIŇ ÝARADYLYŞY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ähli zatdan owal ýönekeýje bir suw bar ekeni. Ýer, Gök, Aý, Güneş hem ýok ekeni. Keramatly Gara han /Gaýra han/ bilen Adam bar ekeni. Bularyñ ikisi-de bir gara gaz şekilinde suwuñ ýüzünde uçar ýörer ekenler. Gara han hiç zada düşünmeýärdi. Bir gezek adam ýel öwüsdirip, suwy tolkundyrypdyr hem-de Gara hanyñ ýüzüne suw syçradypdyr. Şeýle edende hem özüni hudaýlardan has güýçli saýypdyr, örän belentlere uçmak isläpdir. Emma uçup bilmändir-de suwa gaçyp, suwuñ düýbüne çümüp başlapdyr. Näme etse-de gark boljakdy: “Tañrym, maña bir kömek et!” diýip, gygyrmaga başlapdyr. Gara han kömege ýetişipdir. Adam gark bolman, suwuñ ýüzüne çykypdyr. Ondan soñra Gara han: “Berk bir daş döresin!” diýipdir. Suwuñ düýbünden bir gara daş ýokary göterilipdir. Gara han bilen Adam bu daşyñ üstünde oturypdyrlar. Gara han Adama: “Suwa çüm-de, suwuñ düýbünden toprak çykar!” diýip, buýruk beripdir. Adam ony ýerine ýetiripdir. Suwuñ düýbünden alan topragyny Gara hana getirip beripdir. Gara han Adamyñ äkelen topragyny suwuñ ýüzüne sepipdirde: “Ýer döresin!” diýip, höküm edipdir. Höküm ýerine ýetipdir. Şeýdibem, Ýer ýüzi ýaradylypdyr. Gara han ýene Adama: “Suwa çüm-de, suwuñ düýbündäki toprakdan getir!”diýip, emr edipdir. Adam suwa çümen mahaly: “Bu sapar özüm üçin-de toprak alaýyn” diýip, pikir edipdir. Iki eliniñ owujyna toprak baryny doldurypdyr. Bir elindäkini Gara handan gizlemek üçin, agzyna salyp saklapdyr. Maksady ony Gara handan gizläp saklap, özi üçin bir ýer ýasanmakçydy. Şeýle pikir bilen bir elindäki topragy getirip, Gara hana uzadypdyr. Gara han bu topragy-da suwuñ ýüzüne sepipdir-de: “Köpel!” diýip, buýruk beripdir. Edil Gara hanyñ suwa sepen topragy ýaly Adamyñ agzynyñ içinde saklan topragy-da köpelmäge başlapdyr. Adam muña düşünmän, nätsemem demim kesilip, ölerin diýip gorkupdyr. Gaçmaga başlapdyr. Emma, nirä gaçsa-da, ýanynda Tañrydan gaçyp gutulyp bilmejekdi. Hiç bir alaçsyz galyp, Tañra ýalbarmaga durupdyr. Gara han Adamdan: “Agzyñdaky topragy näme üçin sakladyñ?” diýip, sorapdyr. Adam: “Özüm üçin ýer ýasanmak niýeti bilen sakladym” diýip, jogap beripdir. Gara han hem: “Beýle bolsa agzyñdakyny dök-de, özüñi halas et!” diýipdir. Adam agzynda saklan topragyny döküpdir. Olar ýere dökülip, kiçijik depeler emele gelipdir. Şondan soñra Gara han: “Indi sen gaty günäkär bolduñ” – diýipdir. Maña garşy gitdiñ. Senden soñra saña uýanlar, seniñ ýaly, ýagşylyga ýamanlyk diýip düşünerler, seniñ dek erbet adamlar bolarlar, maña yktykat edenler bolsa, oñat hem arassa düşünjeli bolarlar. Güneşe hem ýagtylyga olaryñ ýüzi düşer. Mundan soñra seniñ adyñ Erlik bolsun! Günälerini menden gizleýänler seniñ adamlaryñ bolsun, günälerini senden gizleýänler bolsa meniñki bolsun!…” Şol zamanlar Ýer ýüzünde şahasyz, pürsüz bir agaç bitenmiş. Gara han bu şahasyz, pürsüz agajy görüp, ony halamandyr: “Şahasy, püri bolmadyk agaja seretmek gowy däl. Sonuñ üçin bu agajyñ bir demde dokuz şahasy bolsun!” diýipdir. Şahasyz, pürsüz agaç bir demde dokuz şahaly bolup duruberipdir. Gara han muny görüp: “Bu dokuz şahanyñ hem ählisiniñ bir ýere birleşýän ýeri bolan kökünden dokuz adam döresin hem- de olar dokuz millet bolsun!” diýipdir. Bu zatlar bolup durka Erlik bir uly gürrüldi eşidipdir. “Bu geñ zat nämekä?’ diýip, oña düşünmänden soñ, Gara hanyñ ýanyna baryp, gürrüldiniñ sebäbini sorapdyr. Gara han hem: “Men bir hökümdardyryn, senem özüñe bir hökümdarsyñ. Eşidýän gürrüldini edýänler meniñ adamlarymdyr” diýip, jogap beripdir. Erlik ol adamlary özüne bermegi Gara handan soranda, ol: “Ýok! Sen git, işiñ bilen bol!” diýip jogap beripdir. Erligiñ jany ýanypdyr. “Hany bir dur bakaly, men gidip şol adamlary görüp geleýin” diýip, mähelläniñ üýşen ýerine barypdyr. Ol ýerde adamlardan başga-da, ýabany haýwanlar, guşlar hem başga-da köp bilinmeýän ýaradylan zatlar bar ekeni. Erlik: “Gara han bulary nädip ýaradyp bildikä? Bular bu ýerde näme iýip, näme içýärlerkä?” diýip, geñirgenipdir. Ol şeýdip, geñirgenip durka adamlar agaçlaryñ miwelerinden iýmäge başlapdyrlar. Erlik görse, adamlar agaçlaryñ diñe bir tarapyndaky miweleri iýýärdiler, beýleki tarapyndakylara ellerini degirmeýärdiler. Baryp munuñ sebäbini sorapdyr. Adamlardan alan jogaby şeýle bolupdyr: “Tañry bize ol tarapdaky miweleri iýmegi gadagan etdi.Biz-de şonuñ üçin, ol miwelerden iýmeýäris. Güneşiñ dogýan tarapyndaky rugsat edilen miwelerden iýýäris. Şu duran ýylan bilen köpek hem şol miweleriñ iýilmezligi üçin garawulçylyk edýär”. Bu jogap Erligiñ ýanan janyny begendiripdir. Agajyñ añyrsynda bolan doganaý /Törüngeý/ diýen bir adamyñ ýanyna barypdyr-da oña: “Gara han size ýalan sözläpdir. Siziñ gadagan edilen miwelerden-de iýmegiñiz gerek, ol örän süýjüdir, dadyp görseñiz bilersiñiz” diýipdir. Şonda ol ukuda ýatan ýylanyñ agzyna giripdir-de, oña agaja çyk diýip aýdypdyr. Ýylan hem agaja çykyp gadagan edilen miwelerden iýipdir. Doganaýyñ aýaly Eçe (eje) hem şol olaryñ ýanlaryna gelipdir. Erlik Doganaý bilen Eçäniñ-de miwelerden iýmeklerini talap edipdir. Doganaý Gara hanyñ sözüne gulak asyp, gadagan edilen miwelerden iýmändir. Emma aýaly Eçe, saklanyp bilmändir-de, iýipdir. Miwe örän datlydy. Eçe olardan alyp, äriniň agzyna-da salypdyr. Şol pursatda-da Doganaý bilen Eçäniň tüýleri döküliberipdir. Birden utanmaga başlapdyrlar. Gaçyp hersi bir agajyň aňyrsyna duwlanypdyr. Şol wagt Gara han hem ol ýere gelipdir. Adamlaryň ählisi gaçyp bir ýerlerde gizlenipdirler. Gara han: “Doganaý! Eçe! Doganaý! Eçe! Niredesiňiz?” diýip, gygyrmaga başlapdyr. Doganaý bilen Eçe: “Biz agaçlaryň arasynda. Saňa görünmäge utanýarys” diýip, jogap beripdir. Soňra olar bolan işleri bir – bir düşündiripdirler. Gara hanyň gahary gelip, hersiniň etmişine görä, olara aýry – aýrylykda jeza beripdir: “Indi sen-de Erligiň ülşi bolduň. Ynsanlar saňa duşman bolsun, seni görenlerinde urup, ýenjip öldürsinler”diýip, ilki jezany ýylana beripdir. Eçä ýüzlenip şeýle diýipdir: “Sen Erligiň sözüne uýduň, gadagan edilen miwäni iýdiň, şoňa görä-de jezaňy çekersiň, Çaga dograrsyň. Dogranyňda-da azap, güzap hem jepa çekersiň. Ahyrda-da ölersiň, ölüm awusyny dadarsyň”. Doganaýa-da jeza berip, şeýle diýipdir: “Erligiň zadyny iýdiň. Meniň sözümi diňlemediň. Mydama Erligiň aýdanlaryna gulak asdyň. Beýle adamlar onuň ülkesinde ýaşar, garaňky dünýäde ýaşamaly bolarlar. Meniň yşygymdan, nurumdan mahrum bolarlar. Meniň sözümi diňlän bolsadyň, meniň ýaly bolardyň. Mundan soňra dokuz ogluň, dokuz gyzyň bolar. Ondan soň men adam döretmerin. Geljekde adamlar senden önerler. Indi öz eliň, öz ýakaň. Näme etseň şony et!” Gara han Erlige hem gaharlanyp: “Näme üçin meniň adamlarymy aldadyň?” diýipdir. Erlik şeýle jogap beripdir: “Diledim, bermediň. Men-de olary azdyryp, öz tarapyma çekdim. Mundan soňra-da hemişe şeýle ederin. Atly gaçsalar, atdan düşürip azdyraryn. Içip – içip serhoş bolsalar, biri – birine küşgürip uruşdyraryn. Suwa girseler, agaçlara çyksalar, şonda-da olary azdyraryn”. Gara han: “Beýle bolýan bolsa, üç gat ýeriň aşagynda Aýy, Güni bolmadyk bir dünýä bardyr. Seni şol taýa taşlaryn” diýip, Erligi jazalandyrypdyr. Bu işler bolup gutarandan soň, Gara han ähli ynsanlary birden jezalandyrypdyr: “Mundan beýläk öz iýjegiňizi özüňiz gazanarsyňyz. Ony öz güýjüňiz, öz eliňiz bilen edersiňiz. Mundan soňra meniň nygmatlarymdan size iýmek ýokdur. Su günden başlap siz bilen ýüzbe – ýüz durup gürleşmerin. Indi size Gök Oguly /Maýteräni/ ibererin”- diýipdir. Gök Ogul gelip adamlara köp işleri etmegi öwredipdir. Arabany-da Gök Ogul ýasapdyr. Aýry-aýry otlaryň köklerini hem özüni iýmegi-de adamlara öwredipdir. Bu işler bolup duran wagty Erlik Gök Ogula ýalbarmaga başlapdyr: “Eý, Gök Ogul, maňa kömek et, Gara handan ýanyna barmaga gursat bermegini sorap ber. Maňa kömek et!” Gök Ogul Erligiň bu haýyşyny aýtsa-da, Gara han ony kabul etmändir. Gök Ogul altmyş ýyllap ýalbaryp gezipdir. Onuň öwezine altmyş ýyldan soň, Gara han Erlige şeýle habar beripdir: “Duşmançylyk etmegini taşlasaň, adamlara ýamanlyk etmegiňi goýsaň, saňa ýanyma gelmäge rugsat ederin” - diýipdir. Erlik ýamanlyk etmezlige söz berenden soň, Gara hanyň huzuryna çykypdyr, oňa sežde edipdir-de: “Meni bagyşla, maňa gursat ber, menem özüme gök asman ýasanaýyn” diýip, ýalbarypdyr. Gara han oňa razylyk beripdir. Rugsat alandan soň, Erlik özi üçin gök asman ýasanypdyr. Ýaranlaryny ýanyna toplapdyr, olary ýasan gök asmanynda ýerleşdiripdir. Özi-de olaryň baştutanlygyna geçipdir, kän mähelleli bolupdyr. Keramatly Gara hanyň /Kaýra hanyň/ iň gowy gullaryndan Uly Kişi bu ýagdaýy görüp gaharlanypdyr. Biynjalyk halda şeýle piker edipdir: “Biziň sadyk ynsanlarymyz Ýer ýuzünde jepa çekip ýörler. Erligiň ýaranlary bolsa asmanda keýp çekip ýörler. Bu iş gowulyga meňzemeýär”. Ol şeýle howsala bilen, birazrak Gara hana-da baýrynyp, Erlige garşy uruş yglan edipdir.Ýöne Erlik uly güýç bilen oňa garşy çykypdyr hem ot bilen urup, Uly Kişini gaçyp gitmäge mejbur edipdir. Uly Kişi göni Gara hanyň huzuryna barypdyr. Gara hanyň: “Nireden gelýärsiň?” diýen soragyna Uly Kişi “Erligiň ýaranlarynyň gök ýüzünde oturmaklaryna, olara garanyňda biziň oňat görýän adamlarymyzyň Ýer ýuzünde horlanan halda ýaşamaklaryna janym ýanýar. Bu erbet bir ýagdaý” diýip, Erligiň ýaranlaryny ýere düşürmek, asmany başlaryna ýykmak üçin, Erlik bilen söweş etmek isledim. Ýöne güýjüm ýetmedi, ol meni ýeňdi” -diýip, gussa önen aglamjyrap jogap beripdir. Gara han bolsa munuň üçin gaharlanyp oturmaly däldigini aýdypdyr: “Erlige menden başga hiç kişiniň güýji ýetmez-diýipdir. Erligiň güýji seniňkiden galadyr. Emma bir gün geler, seniň güýjüň Erligiň güýjünden has artyk bolar”. Bu söz Uly Kişiniň gaharyny gowşatdy, ýüregini ynjaltdy. Şol rahatlanyşyna-da kem-kemden uka gidipdir. Günler geçipdir. Uly Kişi bir gün güýçlenýändigini duýup başlapdyr. Şonda Gara han Uly Kişini ýanyna çagyrypdyr-da: “Indi bar gidiber, güýçlendiň. Erligiň asmanyny başyna ýykar ýaly saňa güýç berdim, maksadyňa ýetersiň! Öz güýjümden güýç berip, seni keramatlandyrdym” diýipdir. Uly Kişi birbada geňirgenipdir: “Ýaýym ýok, okum ýok, naýzam ýok, egri gylyjym ýok. Bir boş elim bar. Diňe bilegimiň güýji bilen Erligi nähili ýok edip bilerin?” Gara han Uly Kişä bir naýza beripdir. Uly Kişi naýzany alyp, Erligiň guran asmanyna gidipdir. Erligi ýeňipdir. Ol gaçyp gidipdir. Onuň ýaşan asmanyny asty-üstün edipdir, gyryp-gyrjaşdyrypdyr. Erligiň guran asmany bölek-bölek bolupdyr. Ýer ýüzüne dökülipdir. Şoňa çenli düp-düz bolan Ýer ýüzi soňra harsaň daşlar, sommak-sommak daglar bilen dolupdyr. Gözel Taňrynyň bezäp-besläp döreden owadan Ýer ýüzi egri-bugry bolupdyr. Erligiň ähli nökerleri-de ýere dökülipdir. Suwa düşenleri gark bolupdyr, agajyň üstüne gaçanlary, daşlaryň üstüne düşenler ölüpdir. Haýwanlaryň arasyna gaçanlary haýwanlaryň aýaklarynyň astynda galypdyr. Yagdaý şeýle bolandan soň, Erlik baryp, Gara handan özüne bir Ýer sorapdyr: “Meniň ýasan gök asmanymyň ýumrulmagyna sen rugsat berdiň. Meniň indi barara ýerim galmady” diýipdir. Gara han Erligi ýeriň aşagyndaky garaňkylyklar ýurduna kowupdyr, üstüne-de ýedi gat ýerden gulp urupdyr: “Bu ýerde Günüň hem Aýyň yşygyny görmersiň, gowy bolsaň, ýanyma alaryn, erbet bolsaň-da çuňluklara kowaryn” diýipdir. Erlik hem: “Beýle bolsa ynsanlaryň janyny alaýyn” diýip, öz islegini bildiripdir. Gara han: “Ýok, olary-da saňa bermerin. Isleseň özüň-özüňkileri döret” diýipdir. Rugsat alandan soň, Erlik eline çekiç, bir körük hem bir sandal alyp urmaga başlapdyr. Her uranda bir haýwan peýda bolupdyr. Ýzly-yzyna gurbaga, ýylan, aýy, doňuz hem beýleki ýaman ruhlar Ýer ýüzüni doldurypdyr. Ahyrda Gara han gelip çekiji, sandaly, körügi Erligiň elinden alyp, oda atypdyr. Körük bir aýal, çekiç hem bir erkek adam bolupdyr. Gara han aýaly tutup, ýüzüne tüýküripdir. Tüýkürip bolup-bolmanka ol aýal bir guş bolup, uçup gidipdir. Bu guş eti iýilmeýän, tüýi ýelegi hiç bir zada ýaramaýan Kurdaý diýilýän guş bolmaly. Gara han erkek adamy tutup, onuň-da ýüzüne tüýküripdir. Ol hem bir guş bolup, uçupdyr. Adyna Ýalban guşy diýipdirler. Bularyň ählisinden soňra Gara han ynsanlara : “Men size mal berdim, aş berdim. Ýer ýüzünde oňat, gözel hem tämiz näme bar bolsa, olary size bagyşladym, hemaýatkäriňiz boldum. Siz hem indi ýagşylyk ediň. Men göge çykjak” diýipdir. Ýzyndanam kömekçi ruhlaryna şeýle diýipdir: “Gün Aşan, sen içgi içip, akylyny ýitirenleri, ýaşajyk çagalary, gylýallaryň taýlaryny hem sygyrlaryň gölesini gora, olara erbetlik gelmesin. Sag wagtlarynda ýagşylyk edenleriň ruhlaryny ýanyňa al, özüne kast edenleri alma. Baýlaryň malyna göz dikenleri, hyrsyzlary, başgalara duşmançylyk edenleri gorama. Meniň hakym üçin söweşip ölenleriň ruhlaryny-da ýanyňa al, olary meniň ýanyma getir”. Soňra ol adamlara şeýle diýýipdir: “Adamlar! Size kömek etdim. Erbet ruhlary sizden daşlaşdyrdym. Indi olar adamlardan iýer ýaly zat dileseler, adamlar olara iýer ýaly zat bersinler. Emma erbet ruhlaryň naharlaryndan iýmesinler. Eger iýäýseler, olara goşularlar. Indi men siziň araňyzdan gidýärin. Emma ýene gelerin. Gaýdyp gelmez diýip, meni unutmaň. Gaýdyp gelenimde, eden ýagşylyklaryňyzyň hem ýamanlyklaryňyzyň ählisiniň hasabyny alaryn. Indi meniň ornuma Akja Dag, Uly Kişi hem Gün Aşan dagy gelerler, size hemaýatçy bolarlar. Akja Dag, örän hüşgär bolgun! Erlik seniň eliňden ölenleriň ruhlaryny ogurlajak bolsa, Uly Kişä aýtgyn, ol güýçlüdir. Gün Aşan, sen-de diňle! Erbet ruhlar ýeriň aşagyndaky garaňkylyklar ülkesinden ýokary çykmasynlar. Çykaýsalar, derrew Gök Ogulyň ýanyna git-de, oňa habar ber. Oňa güýç – kuwwat berendirin, erbet ruhlary kowar. Ýeňiş Ata Aýy hem Güni gorap saklar. Uly Kişi Ýeriň ýuzüni hem gögüň ýüzüni goramaly bolar. Gök Ogul ýaramazlary gowulardan uzaklaşdyrar”. Bu sözleri aýdandan soňra, Gara han adamlardan kem – kemden uzaklaşyp, gözden ýitip gidipdir. Uly Kişi Gara hanyň tabşyryklaryny bir-bir ýerine ýetiripdir. Çeňňek ýasapdyr, balyk tutupdyr. Tüpeňi, därini oýlap tapyp, açyş edipdir, belka awlapdyr. Soňra günleriň bir güni Uly Kişi öz-ozüne şeýle diýipdir: “Su gün bir ýel geler, ol meni göterip alyp gider”. Uly Kişiniň aýdyşy ýaly, bir ýel gelip ony asmana alyp gidipdir. Akja Dag oňa derek ynsanlara : “Uly Kişini gudratly Gara han öz ýanyna äkitdi. Indi ony görmersiňiz. Bir gün geler, ol meni-de ýanyna çagyrar. Nirä islese, şol ýere giderin. Siz öwrenen zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň. Gara han siziň şeýle etmegiňizi isleýär” – diýipdir. Adamlara öz peýwagtyna goýup, bir gün ol-da uçup gidipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |