GADYMY GÖZBAŞLY JÜMLELER
■ Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de gan
«Ýaman ada galsaň, söň düzeleniňe ynanmaýarlar» diýen manyny berýän bu nakyl beýleki musulman halklarynyň arasynda hem bar. Nakylyň «Burining esa ham ogzi kon, emasa hem ogzi kon» diýen özbekçe nusgasyna alymlar böriniň dilini sallap gezýändigini, şonuň üçin onuň agzynyň hemişe gan ýaly gyzyl bolup görünýändigini beýan edip, ýüzleý düşündiriş beripdirler.
Nakylyň döreýiş gözbaşynda Gurhanyň «Ýusup» süresiniň we Ýusup aleýhissalam hakyndaky kyssalaryň, dessanlaryň mazmuny ýatyr. Ýusubyň doganlary kakalary Ýakupdan Ýusuby sähra alyp gitmek üçin soraýarlar. Şonda doganlary Ýusuby sährada bir gurruk guýa taşlap, onuň köýnegini gana bulap gelýärler we kakalaryna: «Ýusuby böri iýdi» diýip aldaýarlar. Bu waka Gurhanyň «Ýusup» süresiniň on ýedinji we on sekizinji aýatlarynda şeýle berilýär: «Olar: «Eý, atamyz! Biz ylgamaga sähra tarap gitdik. Biz Ýusuby onuň rahatlygy üçin goşumyzda goýduk. Şonda ony gurt iýipdir. Sen biziň bu sözümize çynymyzy aýtsak hem ynanmarsyň» diýip aýtdylar», «Olar Ýusubyň köýnegine ýalandan gan çalyp getirdiler». Gurhana esaslanyp, Ýusup hakda döredilen kyssalarda oglanlar kakalaryny ynandyrmak üçin bir börini (gurdy) tutup, onuň agzyna gan çalýarlar. «Olaryň öňünden bir böri çykdy. Bular ony tutup, goluny boýnuna baglap, agzyna gan sürtüp, Ýakup alaýhyssalamyň ýanyna alyp geldiler. Olar: «Ýusuby iýen böri budur» diýdiler» (Nasyreddin Rabguzy. Kyssasy Rabguzy).
Ine, Ýusuby iýmedik, günäsiz gurduň agzyna şeýdip gan çalynmasy «Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de gan» diýen sözüň döremegine, onuň hem soňra nakyla öwrülip galmagyna esas bolýar.
■ Tükezzibana tutmak
Aýdýan gürrüňini, gepini uzaldyp, şol bir zady köp gaýtalap oturmaklyga «Tükezzibana tutmak» ýa-da şeýle adamlara «Aý, buýa tükezzibana tutdy-ow» diýýärler: «Bularyň ýaňkalaşmalarynyň tükezzybana tutanyny bilen Geldi dogtor ýerinden turup, sagadýna seretdi...».
Bu aýtgy öz gözbaşyny Gurhandan alýar. Gurhanyň elli bäşinji ýetmiş dokuz aýatly «Rahman» süresiniň aýatlarynyň düzüminde gelýän «tükezzibäni» sözi bar. «Fä bi eýýi alai rebbikümä tükezzibäni» («Bes, eý, adamlar we jynlar, siz öz Belent Taňryňyzyň nygmatlarynyň haýsy birine müňkür bolýarsyňyz?») diýen bu aýat «Rahman» süresinde on üçünji tertipde gelýär we soňra iki aýatdan, soňabaka köplenç bir aýatdan gaýtalanyp durýar. Umuman, bütin süre okalanda «tükezzibäni» sözi otuz bir gezek gaýtalanýar. «Tükezzibänili» aýatyň şeýle köp gaýtalanmagynyň sebäbi, süräniň beýleki aýatlaryndaky mazmuny nygtamak, tassyklamak, aýdylýan pikire ünsi çekmek üçindir. Şeýlelikde, halk köpçüligi Gurhanyň şu süresi okalanda köp gaýtalanýan «tükezzibani» sözüni belläp, gutarmaýan, köp gaýtalanýan gürrüň babatda «tükezzybana tutmak» aýtgysyny döredipdir.
■ Başa inen towky
Birine bir zat ýa-da bir kişi azar berse, oňa «Başa inen towky boldy» diýilýär. Bu aýtgynyň döreýiş gözbaşy Adam ata hakyndakv rowaýatlardan gaýdýar. Aýtgydaky towky sözüne edebiýatçy alym G. Nazarow: «Towky» sözüniň asyl manysy tagan ýaly tegelek gyzgyn otly halka diýmekdir» diýip düşündiriş berýär. «Kyssasy Rabguzy» kitabyndaky kyssalaryň mazmunyna görä, oňa «Towky nälet − nälet duzagy» hem diýilýär. Ol suwda ezilmejek, otda köýmejek, agyrlygy ýüz batmana barabar zatmyş. Allatagala Adamyň keşbini taýýar edip goýansoň, Azazyl gelip, masgaralap oňa tüýkürýär. Hudaýtagaladan Jebraýyl alaýhyssalarma: «Bu tüýküligi alyp towky nälet edip goý» diýip, perman bolýar. Azazyl Adama sežde etmänligi üçin Iblis, şeýtan adyny alýar we towky nälet onuň başyna salynýar. Allatagala Adama ýüzlenip şeýle diýýär: «Azazyly seniň üçin şeýtanir-rajym edip, ondan asmanlaryň täjini alyp, oňa towky näleti saldym». «Perişdeler seždeden başlaryny göterip görseler Iblis sežde kylman, onuň gerdenine towky nälet düşüpdir».
Şeýtanyň başyna düşen towky bilen baglanyşykly rowaýatyň mazmuny Magtymgulynyň goşgularynda hem şöhlelenýär:
Adam sujudynda tekepbir urdy,
Azazyl diýr towky düşen günler, heý. («Günler, heý»)
Ol ki boýun sunmady Taňrynyň permanyna,
Saldy towky-lagnaty boýnuga şeýtan eýledi. («Nury-iman eýledi»).
■ Taýak atsaň, ýere düşjek däl
Sözleýişde bir zadyň köplügi, gürlügi aňladyljak bolnanda «Taýak atsaň ýere düşjek däl» diýýärler. Bu aýtgynyň gözbaşy Nuh aleýhyssalam hakdaky hekaýatlardan gaýdan bolmaly. «Kyssasy Rabguzy» kitabynda şeýle diýilýär: «Elkyssa, Nuh alaýhyssalamyň zamanynda bu älem Gündogardan Günbatara çenli tamlar biri-birine bitişip durdy. Tamlaryň üsti bilen Gündogardan Günbatara çenli ýere düşmän baryp bolýardy. Ýer ýüzünde ekin ekmäge ýer galmandy. Şonuň üçin adamlar daglaryň üstüne toprak daşap, daşlaryň üstünde ekin ekerdiler. Eger asmandan taýak taşlasaň, ol adamlaryň başyndan başga ýere düzmezdi» diýýärler.
■ Behiştden çykan taýak, ýüwürder ýalaň aýak
Bu nakyl asylky döreýşinden soňra, «Başa düşen taýak, ýüwrüder ýalaň aýak» diýen gömüşde üýtgeşmä sezewar bolupdyr. Nakylyň asly dini rowaýatdan gaýdýar. Adam ata bilen How ene şeýtanyň alyna gidip, behiştden kowlansoň, ýerde gün-güzeran üçin zähmet çekmeli bolýarlar. Jennetden öküz bilen taýak hem iberilýär. Adam ata öküzi taýaklap, aýak ýalaň halda ýer sürüp, bugdaý ekýär. «Öküz janawer öň jennetde erkin otlap ýören bir mal eken. Bir gezek ol ýöremän, saklanýar. Hezreti Adam ony taýak bilen urdy. Öküz: «Eý, Adam! Sen meni näme üçin urýarsyň?» diýdi. Adam: «Sen meniň permanyma boýun bolmadyň» diýdi. Öküz: «Sen hem Hudaýtagalanyň permanyna boýun bolmadyň, emma ol seni urmady» diýdi. Hezreti Adam öküziň bu sözüne haýran galdy. Allatagaladan: «Eý, Adam! Sen oňa: «Allatagala seni urmak üçin taýak iberipdir diý» diýip, bir owaz geldi. Hezreti Adam ol sözleri diýdi, öküz bialaç boldy» (Nasyreddin Rabguzy. Kyssasy Rabguzy).
Ine, nakyldaky behiştden inen taýagyň manysy şol rowaýatdan gaýdýar.
Nury SEÝIDOW.
«Türkmen dili» gazeti, 2009-njy ýyl, 8-nji aprel.
Türkmen dili