12:17 Gadymy türkmen senenamalarynda gyş pasly | |
GADYMY TÜRKMEN SENENAMALARYNDA GYŞ PASLY
Edebi makalalar
Gadym döwürlerden bäri türkmenler tebigatda bolup geçýän hadysalardan ugur alypdyrlar. Dürli hasaplamalary, senenamalary ýöredipdirler. Aýyň, Günüň we ýyldyzlaryň deňizlerde, ummanlarda güýçli tolkunlary, zeminde bolsa dürli hadysalary döredip bilýändigini takyklapdyrlar. Senenamalar diňe bir oturymly ekerançylyk ýa-da maldarçylyk hojalygyny ýöretmekde däl-de, eýsem adamlaryň gündelik ýaşaýyş-durmuşynda giňden ulanypdyr. Gündogar halklarynda bolşy ýaly türkmenlerde Nowruz täze ýylyň başlanýandygyny aňladýar. Şonda gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolup geçýär. Ekerançylyk işlerine girişilýär. Owlak guzy möwsümi başlanýar. Garaz, ýazyň gelmegi bilen ekerançylykda we maldarçylykda iş-alada köpelýär. Türkmemleriň gadymdan gelýän aý-gün we beýleki senenamalaryna laýyklykda täze ýylyň başlanýan ilkinji günunde ýagyş- ýagmyr ýagsa ýagşylyga ýorulýar. Şol ýyl galla we bakja ekinleriniň bol hasylynyň boljakdygynyň alamaty diýlip düşünilýär. Il arasynda nowruzdaky ygal geçiniň şahyny ölläp bilse, şol ýyl rysgally bolar diýlip çaklanylýar. Halkymyz ygally gelen ýyllarda galla hem-de bakja ekinlerini has köp ekipdirler, bol hasyl alypdyrlar. Elbetde, türkmenler hem beýleki türki halklar ýaly ýazyň başlanýan ilkinji güni ekerançylyk işlerini girişipdirler. Parasatly we tejribeli daýhanlar ýandagyň boýy bir sere çemesi galanda, ýere ýyly girip, janlanyp başlanýar diýip hasaplapdyrlar. Ine şondan soň ölçerip, hasaplap ýere tohum sepipdirler. Türkmenlerde “Ýandak - sere, tohum - ýere” diýilmegi hut şonuň üçindir. Oturymly ýerde ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlar gijesi aý-aýdyň bolýan günlerde dürli ösümlikleriň çalt boý alýandygyna göz ýetiripdirler. Şonuň üçin hem olar dolan aýyň (ol aý senenamasyna laýyklykda her aýyň 14-ine we 28-ine bolup geçýär) öňki günlerinde ekin meýdanlaryna tohum sepipdirler, dürli agaçlaryň nahallaryny oturdypdyrlar. Türkmen müneçjimleri (astrologlary), parasatly ýaşululary, ekerançylyk we maldarçylyk işlerinde tejribeli adamlary köpýyllyk hasaplamalara esaslanyp geçirilmeli meýdan işleriniň Aýyň, Günüň we dürli ýyldyzlaryň dogup-ýaşyşyndan, dürli tebigy hadysalardan ugur alyp ýöredipdirler. Hatda olar garynjalaryň, dürli mör-möjekleriň, guşlaryň ösümlikleriň täsin hereketlerinden hem netijeli peýdalanyp bilipdirler. Munuň özi Aý-Gün we beýleki astrologik senenamalar bilen iş salyşýan adamlara tebigatda bolup geçmegi çaklanylýan hadysalary öňünden takyklamaga esas bolupdyr. Garlawaçlaryň pesden uçmagy howanyň ygally, belentden uçmagy bolsa şol gün açyk howanyň boljakdygyny aňladýar diýip, ýaşulular hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine biziň her birimiz häzirki günlerde anyk göz ýetirýäris. Ýene bir bellemeli zat, ol hem türkmen daýhanlary we maldarlary dürli astrologik hasaplamalara , senenamalara esaslanyp, Üçýyldyzyň hem-de Ýaldyragyň dogup-- ýaşýan döwürlerinde bolsa galla ekmek işi togtadylypdyr. Sebäbi şol döwürde ekilen galla ekinleriniň hasyly bişip ýetişmändir. Halk arasynda “Eset-beset” diýen nakylyň asyl manysy hem, megerem, şunda bolsa gerek. Maldarlar bolsa garagyşyň kiçi çille döwründe mallary uzak ýerlere alyp gitmändirler.”Nirede bolsaň şonda bol—gaýly günde öýde bol” diýen atalar öwüdine uýupdyrlar. Pasyllara häsiýetli howanyň üýtgeýşiniň alamatlaryny türkmen astrologlary, esasan, göçýän guşlaryň hereketlerine garap bilipdirler. Ilat arasynda “Guş ýoly” diýen düşünje ýörgünli bolupdyr. Ýaz paslynda ilki gazlar, soňra bolsa durnalar bolelin iýmit gözläp, sowuk ülkelere, howa sowap, gyş golaýlanda bolsa, ilki durnalar, soňra bolsa gazlar ýyly ýurtlara göçüpdirler. Türkmenleriň arasynda “Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy aç” diýen nakyl biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol özüniň ähmiýetini häzirki günler hem ýitirenok. Köp ýyllyk gözegçiligiň netijesinde türkmen müneçjimleri, dürli senenamalary ýöredýän adamlar dürli guşlaryň pasyllar boýunça edýän göçlerinden netijeli peýdalanyp bilipdirler. Şondan ugur alyp, çarwadarlar durnalar nirä tarap toýnak gurap uçsalar, mallaryny şol tarapa sürüp gidipdirler. Munuň özi mallaryň ölüm-ýitimsiz saklanmagyna, dok we ýyly gyşladylmagyna, olardan bol önüm alynmagyna öňyn täsir edipdir. Türkmenleriň senenamalarynda gyş paslynyň başlanýan döwri sebitlere görä tapawutlanýar. Ol ýyldyz senenamasynda ýüz güne, hazarýaka türkmen senenamasynda togsan güne deňdir. Yýldyz senenamasynda gyş döwri 7-nji dekabrdan, hazarýaka türkmen çarwa senenamasynda 14-nji dekabrdan başlanýar. Ýyldyz senenamasynda ýylyň iň amatsyz döwrüne garagyş diýlýär.Ol uly we kiçi çillä bölünýär. Uly çille 7-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Şol döwürde bag nahallaryny ekmek togtadylýar. Kiçi çille 17-nji ýanwarda 7-nji fewrala deňeç döwri öz içine alýar we ekerançylyk we maldarçylyk pudagy üçin synag döwri hasaplanýar. Hazarýaka türkmen senenamasy bäş döwüre bölünýär. Keýik döwri 14-nji dekabrdan 28-nji dekabra çenli dowam edýär. Käbir senamaçylar onuň hasabyny 4-nji dekabrdan ýöredýändiklerini bellemek gerek. Torsuk döwri 29-nji dekabrdan 12-nji ýanwar, tilki döwri 13-nji ýanwardan 27-nji ýanwar , möjek döwri 28-nji ýarwar 11-nji fewral aralygydyr. Bürgüt döwri 12-nji fewraldan 16-njy fewral aralygyny, balyk döwri 17-nji fewraldan 13-nji mart aralygyny öz içine alýar. Bu döwrüň soňky hepdesini senenamaçylar aýratyn üns berilmeli, jogapkärli döwürdir diýip nygtaýarlar. Şeýlelikde hazarýaka türkmen senenamasynyň keýik, torsuk, tilki, möjek döwri 15 güne, balyk döwri 25 güne, bürgüt döwri 5 güne barabar hasaplanýar. Bu senenamanyň döwürlerine ýerde,asmanda we suwda ýaşaýan haýwanlaryň atlary bilen belgilenmegi, şol jandarlaryň jübütleşýän, nesil önderýänýän wagty bilen berk baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Heňňamlar aýlansa-da ata-babalarymyz bu senenamalaryň biziň bagtyýar günlerimize çenli gelip ýetmegi üçin alada edipdirler. Gadymy türkmen senenamalary halkymyzyň milli mirasydyr we olaryň taryhy gymmaty ölçegsizdir. Ozaldan gelýän ata-baba ýörelgelere, hasaplamalara, senenamalara eýerilmeginiň diňe peýda getirýändigine türkmen halky berk ynanýar. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |