00:00 Gahrymanyñ obasynda | |
GAHRYMANYÑ OBASYNDA
Goşgular
Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Aýdogdy Tahyrowa bagyşlanýar Arapgala - bir kiçijik oba bu, Göni köçelerde aýlandym ýördüm. Gahryman bürgüdi dogran topragyñ Ýüzüniñ tuwagyn, nurun eý gördüm. Gahrymanyñ arzuwlary, şöhrady Galypdyr şu ýerde, bozman ýel, ýagyş. Ony ýatlap hiñlenýärler agaçlar, Ony ýatlap ygşyldap dur ak gamyş. Ýönekeý obada ýönekeý mirap, Onuñ käri teşneligi gandyrmak. Arzuwy topragy gül bilen bezäp, Yzynda şaglaýan baglar galdyrmak. Arzuwy çagalañ gülküsin eşdip, Diñlemek dutaryñ şirin sazyny. Adamlañ bagtyýar bolmagy üçin, Bagyşlamak bütin ömrün, özüñi. Ýöne bir gün garaldy-da Günbatar, Dünýä sarsyp gitdi, başlandy uruş. Faşistik ordanyñ ýaragy gyzyp, Bozuldy asuda, gül ýaly durmuş. Başga-da ýüz müñläp obalar ýaly, Arapgala ugratdy öz perzendin. Duşman bilen arslan kimin söweşdi, Şeýledir ykbaly söweşde merdiñ. Söweşdi ol eziz Arapgalanyñ, Her bir oraçasy, işigi üçin. Ýene Kremlin çür başyndaky Lowurdaýan ýyldyzyñ yşygy üçin. Gelin ýaly näzik berýozalarny, Söýüp, ene toprak üçin söweşdi. ...Jeñe gyzan bürgüt duýdansyz halda, Ýesir bolup ganym eline düşdi. Duşman ganhor gözün çala güldürip Mikrofon getirýär seniñ öñüñe. Diýýär: "Aýt, munda jennet mysaly, Ýesirlige düşüñ - bagt şu diñe!" Öñünde mikrofon. Mañlaýda tüpeñ. Ömür bilen Ölüm señ öñüñde dur. Kemelýär, kemelýär berilen pursat, Seniñ hökman bir zat aýtmagyñ zerur. Göz öñüne geldi kiçijik gyzyñ, Arapgala gözleñ öñünde ine. Birdenem, "Mert bolgun, mert bolgun, balam!" Diýip pyşyrdady çal saçly ene, - Gyryñ faşistleri, gyryñ, aýamañ!.. Şu sözler agzyndan ot bolup çykdy. Tüpeñ mäşesine elin ýetiren Faşistleñ gözünde ýyldyrym çakdy. Elleri, aýagy sandyrýan fris, Görlüp-eşdilmedik mertligi gördi. Aýdogdy şeýtdi-de edermenlige - Ölmez-ýitmezlige gadamyn urdy. ...Arapgala - bir kiçijik oba bu. Göni köçelerde aýlandym ýördüm. Gahryman bürgüdi dogran topraguñ Ýüzüniñ tuwagyn, nurun eý gördüm. Samat ŞAKIR, tatar şahyry. Terjime eden: Orazmyrat GURDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 31.12.1977 ý. | |
|
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |