12:34 "Galatasaraýly" dört futbolçy | |
"GALATASARAÝLY" DÖRT FUTBOLÇY
Sport we turizm
"OÝNADYM, oýnatdym, oýnadalyñ" (“OYNADIM, Oynattım, Oynatalım/ Erman Toroğlu Kitabı”) atly 2022-nji ýylda çapdan çykan kitaby ýap-ýañy okamaga mümkinçilik tapdym. Žurnalist Hamit Turhan Erman Torogly bilen eden uzyn gürrüñdeşligini kitaplaşdyrypdyr. Kitapda futbol dünýäsine dahylly birgiden gyzykly maglumatlar bar. Emma Toroglynyñ Şansal Büýükaka hakda aýdanlaryndan başga kitap mediýada o diýen seslenme getirmedi. Ýa-da "men görmändirin" diýäýeýin! Hamit Turhan Erman Toroglgynyñ şu aýdanlaryna ünsüñizi çekesim gelýär: "ABŞ-da okaýan körpe oglum Tunjanyñ ýanyna barýardym. Uçara mündüm. Iñ yza geçip ukyny urdym. Bäş sagat geçesoñ oýandym, hajathana gitdim. Uçaryñ yzynda hostesler we stýuardessalar bilen iki agyz gürrüñ etdim. Hostesiñ biri: "Öñde bussinesde dört sany "galatasaraýly" futbolçy bar" diýdi. Kim diýip soradym. Okan, Arif, Küçük Hakan dagynyñ bardygyny, ýöne dördünjini tanamaýandygyny aýtdy. Şeýle düşündim, bu syýahatdan iki aý öñ Arda Turanyñ bir žurnaliste beren interwýusyny okapdym. Arda şonda "Toparda her kim maña kömek edýär. Orhan Agabeý (Ak) maña "Rolex" sagadyny sowgat etdi" diýýärdi. Menem bir futbolçy başga bir futbolça nämüçin "Rolex" sagadyny sowgat berýärkä diýip pikir etdim. Çak bilen "bu nirde bolsa Orhan Akdyr" diýdim. Hostes hem "Galatasaraýyñ" janköýeri eken. Orhan Ak däldir diýip aýak diräp durdy. "Gel, jedel edeli" diýdim. Biderek ýere jedelleşdik. Gyzam "men häzir bileýin ony" diýdi. Gidende "Birden meniñ soraýanymy aýdaýma" diýip tabşyrdym. "Bolýar" diýip gitdi. Bäş-alty minutdanam geldi. "Halypa, jedeli siz utduñyz" diýdi. Galatasaraýly futbolçylar Nýu-Ýorkdan soñ hökman Pensilwaniýa gidäýmelidi. Menem oglumyñ ýanyna - Boston Nýu-Hempşire..." * * * FETÖ-futbolçylar gatnaşygy boýunça açylan derñew işleri, soraga çekilmeler degişli ýerlere baryp ýetibermedi! Meniñ pikirimçe-hä, derñew işleri açylmanka ýatyryldy. Ýeri bolýa. Sözi ýene Erman Toroglyna bereýin, ol diýseñ gymmatly maglumatlary berýär: "Emre Belezoglyny tanaýañyz. Futbolçylygy bilen birlikde başga aýratynlyklary-da dillere düşüpdi. Olam Fethullahyñ toparyndan bolmagydy. Emräniñ Ýewropadan Türkiýä gaýdyp gelişlerinde we "Fenerbahçä" geçişinde bir zat ünsümi çekipdi. Emre "Newcastle United"-den "Fenerbahçä" geçende (01.07.2008 ý.) sary-gök zolakly toparda 5-nji belgili köýnekçäni geýipdi. Emma dört sezon oýnandan soñ "Atletico Madrid"-e gitdi. (01.07.2012 ý.). "Atletico Madrid"-de alty aý futbol oýnady we ikilenç "Fenerbahçä" geldi. (01.02.2013 ý.). Ýogsa-da, ikilenç "Fenerbahçä gelenden soñ Emre näçinji belgili köýnekçäni geýdi, ýadyñyza düşýärmi? Men aýdaýyn: 25-nji! Bu köýnekçäniñ belgisi size bir zat añladýarmy, biljek däl? Ikinji "Fenerbahçe" başdan geçirmesi bir ýarym sezon dowam eden Emre Belözogly "Başakşehire" transfer bolanda (09.07.2015 ý.) ýene 25-nji belgili köýnekçäni geýdi! Haçana çenli? Dört sezondan soñ gaýtadan "Fenerbahçä" gaýdyp gelýänçä (02.07.2019 ý.). "Fenerbahçä" üçünji gezek transfer bolanda bolsa, bu gezek köýnekçe belgisi üýtgäp, ýene 5-nji belgä öwrülipdi. Arada näme üýtgedi-de, hem "Fenerbahçede", hem "Başakşehirde" ýedi sezon geýen 25-nji belgili köýnekçeden ýene 5-ji belgä gaýdyp gelindikä? Ol ýerinem size goýýan, gadyrly okyjylar..." Emre Belözoğlynyñ 5-nji belgili köýnekçäni nämüçin geýendigini bilýärin, Fatih Terimiñ "Galatasaraýda" oýnan ýyllarynda onuñ bilen bitewileşen köýnekçe belgisidi. A 25-nji belgi näme? Torogly Fethullah Gülen bilen bitewileşen plakat belgisine yşarat edýärmi? Ýa-da Pensilwaniýa? FETÖ-futbolçylar gatnaşygy hemişe tapmaçalygyna galdy. Haýp. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |