13:43 Galp demokratiýa we hakyky demokratiýa | |
GALP DEMOKRATIÝA WE HAKYKY DEMOKRATIÝA
Publisistika
Asly hindi, gelip çykyşy boýunça emigrant Rişi Sunagyñ Angliýada premýer-ministr wezipesine saýlanmagy bilen musulmanlaryñ girýän sosial mediýa platformalarynda onuñ garşysyna we peýdasyna çekişmeler möwç aldy. Käbirleri Sunagyñ kapitalyñ adamydygyny, Rotşild maşgalasy bilen iñlis korollygynyñ arasyndaky gizlin ylalaşygyñ soñunda ol wezipä oturandygyny, başgalary "onuñ gaýynatasynyñ dört milliard dollary bar, pulunyñ güýji bilen şol wezipede oturdy" diýýär. Başga-da birtopar heñe gelmejek bolar-bolmaz pikirler öñe sürülýär. Suratda: Rişi Sunak 2021-nji ýylyñ sentýabrynda "Truva" neşirýatynda çapdan çykan "Wagtdan yza galanlar" ("Zamanın Gerisinde Kalanlar") atly kitabymda bu barada şeýle diýipdim: "Häzir Günbatardaky birnäçe ýurt korollyk bilen, yslam dünýäsindäki ýurtlaryñ birnäçesi bolsa respublika formasynda dolandyrylýar. Respublika režimindäki Eýran, Müsür, Päkistan ýa Türkiýe has demokratmy ýa-da korollyk bilen dolandyrylýan Gollandiýa, Belgiýa, Angliýamy?" diýen soraga beriljek jogabyñ nähili boljagyny çaklamak kyn bolmasa gerek. Häzirki wagtda köp sanly yslam ýurdunda etniki azlyklar, aýratynam musulman däller dürli basyşlara we çäklendirmelere uçrap, hak-hukuklary gysylýar. Germaniýadan Gollandiýa, Fransiýadan Angliýa çenli birnäçe Ýewropa ýurdunda bolsa ýüzlerçe asly aziýaly syýasatçy ministr, halk deputaty, partiýanyñ ýa-da şäher sowetiniñ başlygy ýaly wezipelerde işläp gelýär. Şu günki gün üçin Stambuly, Tährany ýa-da Kairi hristian we asly ýewropaly munisipalitet başlygynyñ dolandyrýandygyny pikir etmek beýlede dursun, göz öñüne getirmegem mümkin däl. Emma Günbatar medeniýetiniñ paýtagty Londony ençeme ýyl bäri goñras tenli päkistanly, Rotterdam marokkoly musulman dolandyrýar we Berlindäki nemes parlamenti Bundestagda onlarça türk halk deputaty bolup otyr. Bularyñ hiç biri-de şol wezipelere ýetmek üçin öz dillerinden, dinlerinden ýa-da milli gelip çykyşlaryndan ýüz öwürmediler, gaýtam tersine: öz öýlerinde ene dillerinde gepleýärler, namaz okaýarlar we Orazada agzyny bekleýärler. Olaryñ şol wezipeleri eýelemegini üpjün eden Günbatar demokratiýasydyr. Şeýle bolýan bolsa, yslam dünýäsiniñem galp demokratiýa oýnuny oýnamakdan el çekip, Günbatardaky ýaly hakyky demokratiýa gol ýapmagy gerek. Galyberse-de, hemişelik syýasy durnuklylyga, hakyky harby güýje we ykdysady ösüşe ýetmegiñ ýoly diñe demokratiýadan geçýär. Emma Günbatardaky demokratiýa yslam dünýäsinde ýalñyş düşünilýändigi üçin Günbatar musulmanlar tarapyndan köplenç ikiýüzlilikde, ikitaraply syýasat ýöretmekde aýyplanýar. Bu aýyplamalar doly ýerliksizem däl, ýöne musulmanlar bir zada düşünmeli: Günbatar demokratiýany diñe öz geografiki giñişligi üçin isleýär, öz çäklerinden daşynda bolsa döwletleriñ nähili dolandyrylýandygy bilen gyzyklanjak bolup duranok. Günbataryñ daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny demokratiýa, adam hukuklary, hukugyñ öñdeligi ýaly hemmetaraplaýyn gymmatlykkar däl-de, öz bähbitleri kesgitleýär. Şonuñ üçinem ABŞ-dyr Ýewropa bileleşigi Saud Arabystany, Kuweýt, Katar ýaly dinçi patyşalyklar, Päkistan, Türkiýe, Müsür ýaly ýarym demokratik ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýär, Ysraýylyñ palestin topraklaryny basyp almagyna göz ýumýar. Ýeri gelende, Günbatar "El-Kaide", owgan mojahet partiýalary we Taliban ýaly reaksioner dinçi toparlara-da ogryn-dogryn goldaw berýär, olary duşmanlaryna (Sowet Soýuzyna) garşy ulanýar, soñra ýolaýyrda gelende bolsa, olary terrorçy gurama yglan edip, söbüklerine münýär. Yslam dünýäsinde bolsa kän wagtdan bäri galp demokratiýa oýny oýnalýar. Bu ýurtlarda demokratik ýurtda bolmaly ähli zatlar bar: parlament, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralar, syýasy partiýalar, metbugat serişdeleri, sindikatlar (profsoýuzlar, kärdeşler arkalaşyklary). Daşyndan göräýmäge bar ýaly bolup görünýän saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyñ, söz azatlygy, sindikatlaşmak ýaly hak-hukuklar eýlesinden-beýlesinden gyrp-çyrp edilip, gitdigiçe gysylýar, aýratyjam demokratiýa barha agramyny ýitirýär. Munyñ deregine bu ýurtlaryñ jemgyýetinde we dolandyryş apparatynda totalitarlaşmak artýar, wagtal-wagtal orta çykýar karizmatiki liderlerem güýjüñ depesine çykandan soñ demokratiýanyñ ýolundan gyşaryp, totalitarlygyñ yza çykyp bolmaýan köçelerinde ýitip gidýär. Birnäçe yslam ýurdunyñ bolsa demokratiýa piñine däl, hemme zat diñe bir adamyñ ýa-da diñe bir neberäniñ agzyna bakýar. Häkimiýetdäki kişi kürsini ömrüniñ ahyryna çenli hiç kime berenik, ol ölende bolsa ogly ýa-da iñ ýakyn orunbasary, ýa bolmasa garyndaşy ýerine geçýär. Bu ýurtlaryñ dolandyryş formasynyñ respublikadygy hiç zady üýtgemeýär. Özbegistan, Azerbaýjan ýa-da Gazagystan munuñ iñ bärki mysallary. Ýarym asyra golaý wagt bäri ýurtlaryny demir ýumruk bilen dolandyran Hüsni Mübärek, Saddam Hüseýin, Muammar Kaddafi dagy ykbaly keç gelip agdarylmadyk bolsa, Müsürde, Liwiýada, Yrakda hem şol ýagdaýlar gaýtalanardy, bu ýurtlary olaryñ ogullary ýa-da iñ ýakyn adamlary dolandyrardylar. Edil häzirki Siriýada bolşy ýaly." Günbataryñ, hususanam iñlisleriñ kolonial-basybalyjylykly geçmişi hemmelere mälim. Bu boýunça müñlerçe kitap ýazyldy, kinofilmler surata düşürildi. Astekleriñ, maýýalaryñ, aborigenleriñ, indeýleriñ gadymy siwilizasiýalarynyñ köküni köwlediler. Muña garamazdan Günbatar elmydama (ABŞ, ÝB, Kanada, Awstraliýa) demokratiýanyñ läheñ adasy bolup galmagy başardy. Şu günki gün owganlysyndan siriýalysyna, afrikalysyndan aziýalysyna çenli ähli göçegçileriñ Günbatara gitjek bolmalary-da şol sebäpli. Günbatarda diñe baýlyk ýok. Adam hukuklary, demokratiýa, hukugyñ öñdeligi ýaly gymmatlyklaram bar. Suratda: Aýdan Özoguz Hut şonuñ üçin işçi türk maşgalasyndan çykan Aýdan Özoguz Federatiw Germaniýanyñ Mejlisiniñ başlygynyñ orunbasary bolup bilýär, hindistanly emigrant Rişi Sunak premýer-ministriñ wezipesinde oturyp bilýär. Yslam dünýäsi şumatky başdan geçirýän (açlyk, gytçylyk, içerki gapma-garşylyklar, ykdysady krizis ýaly müñlerçe meseleden dörän) haosdan we bulaşyklyklardan halas bolmak, hemişelik syýasy durnuklylyga we ykdysady ösüşe ýetmek islese galp demokratiýa oýnuny derhal bes edip, hakyky demokratiýanyñ ýoluna girmeli. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 27.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||