15:22 Gandarymyzyñ geçmişini unutmalyñ! | |
GANDARYMYZYÑ GEÇMIŞINI UNUTMALYÑ!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, Türkiýe seýsmiki zonada ýerleşýän ýurdam bolsa, bu boýunça öñüni alyş işleri hiç haçanam geçirilmeýär. Ýurt derejesinde şeýle betbagtlyklaryñ yzasyny köp çekdik, mundan soñam çekjege meñzeýäs. Ýüz müñlerçe jaý ýykyldy, diñe Erzinjan we Marmara ýer titremelerinde 70 müñden gowrak adamymyz kesekleriñ astynda galyp, jan berdi. Şuny birem ýatdan çykarmalyñ... 1939-njy ýylyñ Erzinjan we 1999-njy ýylyñ Marmara ýer titremeleri. * * * Köpimiz bilýän däldiris. Ilki Erzinjan ýer titremesini aýdyp bereýin. 1939-njy ýylyñ 27-nji dekabry... Gije sagat 02:00... Ýer sarsgynynyñ magnitudasy 7.9 balla ýetdi... (Marmaradakydan has güýçli). Sarsgyn 52 sekunt dowam etdi. Erzinjanda we onuñ töwereginde näçe bina bar bolsa, hassahanalaryñ, okuw jaýlarynyñ, edara binalarynyñ barsy ýer bilen ýegsan boldy. Erzinjan ýaýlasy kartadan öçdi. Köpüsi kerpiçden gurlan 116 müñ bina ýykyldy, 33 müñ adam öldi. Käbirleri kesekleriñ astynda galyp, käbirleri sowukdan doñup jan berdi... * * * Ýer titremesinden dört aý öñ - 1939-njy ýylyñ 1-nji sentýabrynda Ikinji jahan urşy başlanypdy. Döwletiñ bar ünsi urşa gönügipdi. Näme bolarka, üstümize çozaýarlarmyka? Türkiýe garyp ýurtdy. Aragatnaşyk ulgamlary heniz ösmändi. Iñ esasy habar-aragatnaşyk serişdesi telegrammady. Emma ýer sarsgyny Erzinjan we onuñ töweregindäki telegraf-telefon sütünlerini agdarypdy, habar-aragatnaşyk doly kesilipdi. Şeýle uly betbagtlygyñ habary-da Ankara bir geçenden soñ gelip ýetipdi. * * * Transport serişdeleri näme diýseñiz, Gündogara iñ esasy transport ulgamy demir ýoludy. Emma bu güýçli ýer sarsgyny demir ýoluny, üstündäki tunneli we köprüleri-de galapyn weýran edipdi, käbirlerini opurypdy. Prezident Ismet Inönü we döwlet üçin taýýarlanan ýörite kömek otlusy Ankaradan ýola çykdy, uly kynçylyklardan soñ Erzinjana baryp ýetdi. Kartadan öçürilen şäherde adamlar gan aglaýardy, on müñlerçe öli we ýaraly ýerde, kesekleriñ aşagynda ýatyrdy. Hassahana, lukman, derman we azyk serişdeleri, hiç zat ýeterlik däldi. Duralgada Ismet paşanyñ boýnuna asylan garry aýal "Meniñ Mämmedimem öldi. Ol seniñ ýanyñda gulluk edipdi" diýip aglaýardy. * * * Işler ýoluna girip başlapdy. Ýurt derejesinde açylan kampaniýalarda kän kömek toplandu. Iñ esasy kömegem azyk we gyşky egin-eşiklerdi. Ankaradan Erzinjana yzly-yzyna kömek ýükli otlular ugradyldy, esgerlerimiz aýaga galdyryldy, telegraf-telefon liniýalary oñaryldy, haraba öwrülen şäherde müñlerçe çadyr guruldy. Giden otly kömek äkidýärdi, gaýdyp gelenler bolsa ýaralylary getirýärdi. Garyp döwlet Ikinji jahan urşunyñ agyr şertlerinde elinden geleni etdi, soñky ýyllarda Erzinjan täzeden guruldy. Erzinjan betbagtlygyndan öñem-soñam ýurdumyzda ownukly-irili nijeme ýer sarsgynlary bolup geçdi... Emma olaryñ iñ esasysy 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustynda bolup geçen Marmara ýer titremesidir. Erzinjandan 60 ýyl soñ... Ýene gije ýarymdan soñ, sagat tegelek 03:02-de... Ikisi-de gijäniñ bir mahaly adamlary süýji ukudan oýarypdy. Şeýle güýçli ýer sarsgynynyñ magnitudasy 7.4 balla ýetipdir diýildi. Gorkunç hadysa bolup geçipdi... Ankara bilen bir hatarda Türkiýäniñ çar künjünde bildiren bu ýer titremesinde Ýalowa, Göljük, Adapazary ýaly ýerlerde on müñlerçe bina ýumruldy... Gazaba seretseñizläñ, uly-uly jaýlara çenli deñze gapgaryldy. * * * Ýöne bu gezekki şertler 1939-njy ýylyñ Erzinjan ýer titremesindäki ýaly däldi. Kömekler has ýerbe-ýer edildi. Tomus aýydy, hiç kim sowukdan gatap ölmedi. Mälim edilen resmi maglumatda ölenleriñ sany 18.773 adam diýilip görkezilýärdi. Wagtynda biz bu görkezijini mazaly barladyk, hadysany hut özi başdan geçirenlerden soradyk. Çaklamalar wepat bolanlaryñ sanyny azyndan 40 müñe golaýlatdy. Agyr şikes ýeten jaýlary hasaba almanda 133 müñ jaý ýykyldy. * * * Gynansak-da, käbirleri şol betbagtlygy-da öz hapa syýasatlary üçin ulanmaga utanmady... Gazetlerde "Şol gije ölenleriñ köpüsi içgilidi, şol sagatda jelepçilik edýärdiler" diýip ýazdylar. Türbanly gyzlar jelepçilik edip ýörkä (!), ölenleri ýazgarmak üçin "7.4 ball az boldumy?" diýip plakat açdylar. * * * 1939-njy ýylyñ Erzinjan ýer titremesiniñ şertleri 1999-njy ýylyñ Marmara ýer titremesiniñ şertleri bilen meñzeş däldi. Aradan geçen altmyş ýylyñ dowamynda Türkiýe mazaly ösüpdi. Aragatnaşyk we transport liniýalary gurlup, käbir awtoulag we demir ýollary ulanmaga berilipdi, haýyr-sahawat guramalary güýçlenipdi... Pasylam gyşyñ ortasyndaky ýaly däldi. Ýer titrän ýere kömek ediş toparlary şobada ugradylypdy. Ýaralar agyram bolsa dañyldy, ýöne ölen öldi, Marmara sebiti harabalyga öwrülipdi. * * * Ýer sarsgyny bagyşlamaýar, muña ýene bir gezek şaýat bolduk. Şindi täze ýer sarsgynlaryna garaşyp otyrkagam gerekli öñüni alyş işlerini geçiremzok. Güýmeñ-saýmañlyk we äwmezeklik dowam edýär. Ynha-da, soñky ýer sarsgyny... Partizanlyga we häkimiýetiñ syýasy bähbitlerine pida berilen, döwletiñ opurylan ýer sarsgyny... "Indi bir gaýtalanmasyn-da!" diýýäris, emma gaýtalanjagyny bilibem garaşýarys. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |