22:46 Garaşdyr meni | |
GARAŞDYR MENI
Goşgular
Teniñden dem alsyn müñ aşyk setir, Inçe bile sarap, çolaşdyr meni. Ýabana gitmäýin, ýolumy ýitir, Uzyn dalbaryña dolaşdyr meni. Ynam doga däldir, boýnuña dakma, Ýürege ýerleşdir, çakylma, çakma, Garyndaşlar bilen sazlygmy sakla, Duşmanlarym bilen ýaraşdyr meni. Mydam ýaşyl öwser diñe arçalar, Ýazlar kirin ýuwar, gyşlar gar çalar, Synsa uçar ahyr göwün syrçalar, Bir ullakan dünýä ulaşdyr meni. Bent köpelip barýar, setirler uzap, Kyrk ýylyny geçdik, dowamy uzak, Näçerägi şatlyk, näçesi - güzap, Güzapdan soñ ýeñşe garaşdyr meni. Walla, bir ahynam çekmedim başkañ, Gözden daş salmadym ýanyñdan daşkam, - Garaşaryn - diýip, söz berdim ýaşkañ, Az görseñ, ýene-de garaşdyr meni. ▶ TÜRKMENIÑ TOÝY Hasap bolan ýerde deñ daýy-ýegen, Algy bar, bergi bar, sergisi ýokdur. Döwletiñe guwan, barlygña begen, Türkmeniñ hiç kime bergisi ýokdur. Alnyñda böwet ýok baglara badyñ, Halal derden önýär gazanan zadyñ, "Türkmen" diýp, tutulýan buýsançly adyñ, Öwünip, äleme ýaýmasy ýokdur. Kim öñe düşürdi Wagty dünýäde? Bu gün kim has şat bagtly dünýäde? Prezidentim barka ýagty dünýäde, Türkmeniñ toýy bor, gaýgysy ýokdur. ▶ ARKAÝYN Penjiräñ demir berki ýok, Asmana doýup bakaýyn. Gijeden gorky-ürki ýok, Ertir turýaryn arkaýyn. Hem gözüm dok, hem göwnüm dok, Bäş million şirden arkaly. Gijelerimden ünji ýok, Ertirlerimden arkaýyn. ▶ AŞGABAT Daglary suw içende, Baglary suw içende, Şäherleriñ içinde Aşgabat han, Aşgabat. Ýaraşarmy başga at, Aşgabat ~ bu ýagşy at, Berer halal yşga bat, Aşgabat, jan Aşgabat. Bir goltugy ~ Parfiýa, Ýet döwürleñ parhyna, Dönüp pelek çarhyna, Aýlanar jan, Aşgabat. Gupbalardan jygaly, Ýerasty dür-lagyly, Ýeriñ ýüzi sygarly Alar myhman, Aşgabat. Aýy dogar gyñaçly, Ýyldyz göz, gije saçly, Dünýä nuruny saçdy, Tugly soltan, Aşgabat. Ýerden çogar ýüz çeşme, Özi gül, güle teşne, Toýly bukjany çöşle, Köşgi-eýwan, Aşgabat! Ökdem EMINOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |