21:33 Garaşsyzlyk oýlanmalary | |
GARAŞSYZLYK OÝLANMALARY
Publisistika
1. Türkmen ruhunyň anyk ruhy düşünjeler babatda täzelenmeginiň aňyrsynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ägirt syýasy erki ýatýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň ägirt uly syýasy erki halkynyň bäş ýyllyk, on ýyllyk däl, onlarça ýyllyk, hatda ýüzlerçe ýyllyk ykbalyny kesgitlemäge ukyplydyr. Biziň dilimizde «parasatly pikirler» diýen jümle bar. Geçen ruhy telperlik – sowet döwründe köp düşünjeler, jümleler many taýdan bir-birine şeýle bir meňzeşleşipdir, olaryň arasyndaky çäk ýitipdir. Bu-da ruhuň ýöntemleşmeginiň bir mysalydyr. Çünki many hadysasy diliň hadysasydyr, dil bolsa iş ýüzündäki, hereketdäki ruhdur. Ine, häzir, häzirlikçe köpimiz «akyl», «paýhas» hem «parasat» ýaly düşünjeleri biri-birinden tapawutlandyryp bilemzok. Emma türkmen ruhunyň «men» diýen wagtlarynda, türkmen diliniň goýazylygyny, köpmanylygyny ýitirmedik zamanlarynda, Gorkut atamyz aýtmyşlaýyn, oguz zamanlarynda bularyň arasynda dag bile deňiz ýaly tapawut bolupdyr. Aýdaly, parasatly pikirler – munuň özi geljegi görýän, durmuşyň haýsy ugurlara tarap barýandygyny öňünden kesgitleýän pikirlerdir. Şu manyda biziň Prezidentimiz parasatly kişidir – ol geljegi ýöne çaklaýanok, ol geljegi görýär. Halkyň diliniň senasyna öwrülen «Türkmeniň Altyn asyry» düşünjesi-de şeýle parasatlylygyň netijesidir. Özüniň düýp tebigaty boýunça Türkmeniň Altyn asyry düşünjesi – ruhy düşünjedir, sebäp diýeniňde durmuşyň ähli ugurlary – ykdysady, jemgyýetçilik, medeni ugurlar boýunça görlüp-eşidilmedik ösüşi göz öňünde tutýanlygyna garamazdan, ol şolaryň barynyň binýady hökmünde Ruhy galkynyşy aňladýar. Hemme zat ruhdan başlanýar, ruh ýaşaýşyň hereketlendiriji güýjüdir. «Altyn asyr» diýen parasatly pikiri adamlaryň aňyna siňdirmezden, ony döretmek mümkin däl. Şol pikiriň ruha ornaşmagyndan, her bir türkmeniň ruhunda şineläp döremeginden hem türkmeniň Altyn asyry başlanar. Diýmek, ol eýýam başlanandyr. Türkmen halkynyň ynam-ygtykatynyň, däp-dessurlarynyň musulman halklarynyň ählisiniňkiden düýpli tapawutlanýandygy hakda örän köp gürrüň edilýär. Eýsem beýle aýratynlygyň düýp sebäpleri nämeleden ybarat? Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu sowalyň jogabyny özüniň çykyşlarynda örän aýdyň berdi. Umuman, aýdanyňda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy köklerimiziň, däp-dessurlarymyzyň dowamatyny şeýle bir ilik-düwme düşündirýär welin, ähli zat düşnükli, aýdyň bolýar duruberýär. Mähriban Serdarymyz türkmen halkynyň Oguz handan ruhy gözbaş alan ähli däp-dessurlaryny, ynam-ygtykatyny, edim-gylymlaryny asyrlardan aşyryp şu günümize ýetirendigini subut etdi. Oguz hanyň ýoly yslamyň içinde ýitip gidäýjek ýalydy. Ýöne türkmen halky öz Oguz han ýoluny yslamyň içine salyp, ezizläp, şu günümize ýetirdi. Oguz han ýoly yslamyň içinde ýitip gidäýmedi. Halk yslamy köre-körlük bilen däl-de, akylly-başly, aňyrdan gelýän ruhy ýolunyň esasynda kabul etdi. Dini ynançlar babatda ruhy özboluşlylyk, ýagny türkmençilik – yslamyň ähli musulman milletleri üçin umumy ýörelgeleriniň türkmeniň yslamdan öňki ynançlary bilen, türkmeniň taryhy ýaşaýşyndan gelip çykýan durmuşy aýratynlyklary bilen utgaşygydyr. Şeýle utgaşyk iş ýüzünde yslamyň özboluşly keşbini, türkmen keşbini kemala getiripdir. Munuň özi öz gezeginde halkyň praktiki durmuşyna täsir edip, özboluşly milli urp-adatlarynyň, däpleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Gurhanda gadagan edilmeýänligine garamazdan, türkmenlerde at eti iýmit hökmünde ulanylmandyr. Edil şonuň ýaly-da, «Görogly» eposynyň, beýleki halk dessanlarynyň, çeper eserleriň şaýatlyk etmegine görä, arak-şeraby resmi yslamyň gadagan edýänligine garamazdan, türkmen ýigitleri üçin gatybir nätanyş zatlar bolmandyr. Musanyň dininde sygryň, goýnuň iç ýagy haram bolsa, ol Muhammet pygamberiň dininde halal. Elbetde, men bu ýerde ýeke-täk faktlary ýatlap geçýärin. Emma şeýle faktlaryň birgiden ulgamyny biziň medeni hem edebi mirasymyzdan tapyp bolýandygyny kim inkär edip biler?! Milli ruhy özboluşlylyklar babatda «ýagşy-ýaman» ýaly subýektiw ülňüleri ulanmak nädogrudyr, çünki olar halkyň ýaşaýşyndan gelip çykýan obýektiw häsiýetli hadysalardyr – umumylaşdyryp, şolaryň esasynda ruhy özbaşdaklygyň konsepsiýalaryny guramakdyr. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy bu möhüm işde döredijilik işgärleriniň paýhasynyň analitiki häsiýetde bolmalydygyny yzygiderli nygtaýar. 2. Biziň taryhçylarymyzyň, etnograflarymyzyň, edebiýatçylarymyzyň medeni miras, taryhy geçmiş hakynda ýazan işlerini okanyňda, bir düýpli kemçilik, has dogrusy, ýetmezçilik bada-bat göze ilýär: ýazylan işler ýöne beýan etme, faktlary toplama, olary sanap çykma derejesinden ýokary galyp bilmeýär. Bilimliligiň şeýle derejesini netijesiz ylymlylyk diýip pikir edýärin. Emma, hany, ol faktlardan çykarylýan taglymy netijeler, hany ol faktlaryň derweňi esasynda gurnalýan taglymy konsepsiýalar? «Taglymy netije ýok» diýmek «soňsuz gürrüň» diýmek ahyryn. Çünki diňe degişli taglymy-ideologiki umumylaşdyrmanyň bar ýerinde ylmy gös-göni häzirki praktiki durmuş bilen baglanyşdyryp bolýar. Ine, ylym bile durmuşyň janly arabaglanyşygynyň umumy halkasy: Faktlar taglymy netije praktiki durmuş. Şu arabaglanyşyk ikinji halkanyň ýetmezçiligi sebäpli ylmyň boş bir zada öwrülmegine getirýär. Faktlaryň ýöne bir sanalmagy biziň milli ruhda terbiýelenmeli ýönekeý adamlarymyzyň beýnisine, psihologiýasyna hiç hili täzir etmeýär. Sen alym bolsaň, şol faktlary ylmy taýdan umumylaşdyr-da, olaryň aňyrsynda ýatan janly kanunalaýyklygy düşündir. Diňe şeýle halatda seniň ylmy gözlegleriň miweli bolup biler. Diňe şeýle halatda ylym hem sungat biziň Garaşsyzlygymyza hem Bitaraplygymyza hyzmat edip bilýän janly durmuş hadysasyna öwrülip biler. Mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy bize janly durmuşa täsir edip bilýän, biziň ruhy garaşsyzlygymyzy berlidip bilýän ylym, edebiýat hem sungat zerur diýip ýöne ýere nygtanok. Öňki döwürden miras galan, durmuş, adamlaryň ruhy hajatlary bile bagly bolmadyk, milli praktikamyz bile hiç hili dahyly hem ilteşigi bolmadyk ylym indi özünden edilýän talaplary ödäp bilmez. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ylymlar Akademiýasyny ýapmak baradaky pikirini şol döwürde geňlänler bolupdy. Birnäçeleriň öňden gelýän pikiriçe, ylmy göýä Ylymlar Akademiýasyz göz öňüne getirip boljak hem däldi. Mähriban Serdarymyz öz çykyşlarynyň birinde Ylymlar akademiýasynda, ylmy-barlag institutlarynda işleýän 12 müň ylmy işgäriň işden boşadylmagy bilen ylmyň we önümçiligiň hiç zat ýitirmändigini belledi. Diýmek, 12 müň ylmy işgär ylma we önümçilige ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmaga hiç hili goşant goşman, bikärlik edipdir. Bizde «peýdasyz perişde» diýen düşünje bar. Peýdasyz bolsa, perişde bolanda näme? Köne ülňüleri täze ülňülere çalyşmaly. Ähmiýetli, peýdaly zatlary gözlemeli, tapmaly. Güýji, täsiri bolmadyk ylmy sözem, çeper sözem adamyň bu gulagyndan girip, o gulagyndan çykyp gidýär. Oňa «doglanda öli doglan söz» diýip aýdyp bolar. Beýik Magtymgulynyň ajaýyp bir goşgusy bar. Pyragy şeýle diýýär: Niçe mollaň okan ylmy hebesdir, Jemagatsyz azan bir gury sesdir. Eýsem Magtymguly azanyň adamsyz, jemagatsyz ýerde okalmaýandygyny bilmeýärmi näme?! Ýok, ol adamlaryň köňlüne, ýüregine täsir etmekden ejiz gelýän azany – sözi göz öňünde tutýar. Biziň dünýewi zamanymyzyň türkmen diline geçirip aýdanyňda, ol ideologik täsir ediş güýjünden mahrum zatlaryň gürrüňini edýär. Ýeri gelende aýtsam, şahyryň bütin döredijiligi adamlaryň aňyny özgertmegiň, milli ýörelgelere netijeli gulluk etmegiň aýdyň mysalydyr. Sözümi jemläp aýtsam, mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy ähli adamlardan, ylmyň, edebiýatyň, sungatyň ähli ugurlarynda işleýän işgärlerinden anyk bir zady talap edýär, ol hem edilýän her bir işiň peýdaly netijesiniň bolmagy. Bu talaby her bir adam öz işleýän ýerinde berjaý etmegiň hötdesinden gelse, ýurtda gazanylýan üstünlikleriň deňi-taýy bolmaz. Beýik Serdarymyzyň bu talaby altyn ýaşaýşyň altyn açarydyr. 3. Biziň ruhy garaşsyzlygymyza hyzmat edip biljek ylym hem medeniýet – munuň özi durmuşy maksatlary, praktiki maksatlary göz öňüne tutýan paýhas bolmalydygyny Saparmyrat Türkmenbaşy öwran-öwran nygtaýar. Şeýle hem Serdarymyz edil tebigat ylymlarynyň – biologiýanyň, geologiýanyň, ykdysadyýetiň wekillerinden öz ykdysady garaşsyzlygymyza hyzmat etmegi talap edişi ýaly, gumatitar ylymlaryň wekillerinden hem ruhy garaşsyzlygymyza gulluk etmelidiklerini nygtaýar. Ruhy önümçiligiň işgärleri hem, nebit tapýan, binalary salýan, hasyl alýan, bir söz bilen aýdanyňda, maddy baýlyklarymyzy köpeldýän adamlar ýaly, janly ruhy gymmatlyklary döretmeli. Ýokary okuw jaýlarynda, ylmy-barlag institutlarynda, dürli metbugat hem gaýry edaralarda zähmet çekýän alymlar, ýazyjylar, sungat işgärleri döwletiň çykarýan maddy çykdajylarynyň ruhy öwezini doldurmaly. Ine, çeperçilik intelligensiýasynyň öňünde durýan möhüm, gaýragoýulmasyz wezipe. Munuň üçin bolsa bize hil taýdan täze ylym hem medeniýet gerek. Hil taýdan täze ylmyň hem medeniýetiň nähili bolmalydygyny bolsa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy garaşsyzlyk ýyllary içinde eden çykyşlarynda, sözlän sözlerinde doly aýdyňlygy bilen beýan etdi. Esasy wezipe: mähriban Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini talap edilişi ýaly, ýokary hilde, ýokary derejede ýerine ýetirmek. 4. Täze ylym diňe bir «näme» däl-de, «näme üçin» diýen soraga jogap berip bilýän ylym bolmaly. Mähriban Serdarymyzyň öňde goýan wezipesi ýerine ýetirilende, diňe faktlary ýygnaýan däl, olaryň sebäbini düşündirýän, şeýdibem, adamlaryň öz ruhy geçmişine, taryhyna garaýşyny kemala getirip bilýän, olaryň geljege bolan ynamyny, geçmişe buýsanjyny terbiýeläp bilýän ylym peýda bolar. Mysal üçin, biz türkmen halylarynyň taryhyna degişli faktlary, olaryň dünýäde iň nepis, iň owadan halylardygyny bilýäris. Emma şol gudratlylygyň anyk syrlary nämeden ybarat? Ine, şu hakda ylmy delilli gürrüň edip bilýän, açyş edip bilýän, şol arkaly-da türkmeniň şu günki hem geljekki nesillerine buýsanjy terbiýeläp bilýän ylym gerek. Türkmen halkynyň etnografiýasyna degişli halylar, palaslar bizde örän kän, özem olar dürli-dürli nagyşly, gölli owadan halylara, palaslara seretdigiňçe seredesiň gelýär. Türkmeniň özge halklaryňka meňzemeýän keçeleri, dürli torbalary ýöne bir hojalyk esbaplary däl. Çünki olaryň ýüzündäki nagyşlar, göller, şekiller milletimiziň ruhy-ideologiki gymmatlyklaryny, onuň ýaşaýşa, dünýä, tebigata garaýyşlaryny özünde jemleýän hem sungat eserleri, hem ruhy-ideologik hadysalarydyr. Aýdaly, keçelerdäki, türkmen howlularyndaky tamdyrlaryň ýüzündäki, hatda öňki mazarlaryň başujunda goýulýan goç şahynyň şekili türkmen ruhunyň haýsy, nähili aýratynlygyny aňladypdyr?! Munuň özi simwol ahyryn, munuň özi türkmeniň dünýä, nesil, rysgal, döwletlilik barada sözlän özboluşly dili ahyryn. Goç, goýun – rysgalyň, nesil tükeniksizliginiň, döwletliligiň simwoly. Türkmen ýöne ýere «goç ogul», «goç ýigit» diýmeýär. Merkezi asyrlarda dünýä ýaň beren Garagoýunly, Akgoýunly türkmen döwletlerini ýada salyň. Ýa-da beýik Magtymguly Pyragynyň: Gargyş gurduň zürýadyny azaldar, Goýun kibi çar tarapa il bolgul! – diýen ideologik pendini aňymyzda aýlalyň. Pikir edip otursaň, şujagaz pursatda dört sany ruhy pudakdan – etnografiýadan, dilden, taryhdan hem edebiýatdan goç, goýun bile baglanyşyly mysal getirdik. Bir ýerde durmazlyk, çar tarapa il bolmak Oguz han atamyzdan gelýän ýörelge-öwüt ahyryn! Görseňiz, faktlaryň hemmesi bir ulgama düzülip, uly-uly zatlaryň üstüni açyp barýandyr! Türkmen halkyna şol beýik ruhy gymmatlyklaryň syryny açmak bagty garaşýar. Mertebesi belent Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda türkmen halky deňsiz-taýsyz taryhy özgerişleri başdan geçirýär. Indi dokuz ýylyň içidir, biz binýady berkden berk tutulan Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik hem ruhy babatlarda gülläp ösüşine şaýat bolýarys. Türkmenbaşynyň taryhy öňdengörüjiligi hem syýasy çeýeligi, hem inçeligi mynasybetli, türkmen halky bolup biläýjek kynçylyklardan sag-aman sowlup geçip, täze bir jemgyýeti üstünlikli gurýar. Bu günler bolsa biz milletiň ösüşiniň hil taýdan bütinleý täze zamanynyň – türkmeniň Altyn asyrynyň bosagasynda durus. Şeýle Altyn asyr üçin şu gün ähli syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik hem ruhy esaslar döredildi diýip magat aýtsa bolar? Türkmen milletiniň bu arzyly Altyn asyrynyň ruhy gatnaşyklar babatdaky kepilnamasy – bu Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda kabul ediljek beýik Ruhnamadyr. Jemgyýetçilik pikirinde «Ruhnama» barada soňky döwürde durnukly bir pikir kemala geldi: Ruhnamanyň mazmuny Türkmenbaşymyzyň Garaşsyz hem Bitarap döwlet gurmak boýunça, ony berkitmek hem ösdürmek boýunça eden taryhy işleriniň dowamynda eýýäm iş ýüzünde kemala geldi hem ýüze çykdy, indem ony diňe belli bir ulgama düzäýmek, rejeläýmek galdy. Beýik taryhy şahsyýetiň ruhy ýörelgeleri bolan baş kitaby onuň işleriniň hem sözleriniň jeminden düzülipdir. Şu ýerde hezreti Muhammet pygamberiň «Hadyslaryny» agzamak ýerlikli bolsa gerek. Türkmenbaşymyzyň Ruhnamasynda hem onuň türkmen halkyny Garaşsyzlyga we Bitaraplyga, indem Altyn asyra alyp gitmek baradaky aladalary, hereketleri öz mynasyp beýanyny tapmalydyr. Sap ruhy-taryhy nukdaýnazardan aýdanyňda, Ruhnama täze – Türkmenbaşyçylyk dünýägaraýşynyň ruhy binýadyny düzmelidir. Çünki Türkmenbaşyçylyk dünýägaraýşy, Türkmenbaşyçylyk taglymaty – munuň özi soňky onýyllykda dünýä ýaň salan hem özüniň ylmy, filosofik we ideologik taraplary boýunça täze hilli pikirleriň ulgamydyr. XX asyryň ahyrynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň üýtgeşik taryhy hereketleri üýtgeşik ruhy gymmatlyklary-da hasyl etdi. Munuň özi diňe bir ýurduň ýa sebitiň däl-de, bütin dünýäniň çäklerindäki hadysadyr. Şol sebäpden ol gymmatlyklary bir ýere jemlejek Ruhnama dünýä halklary, adamzat gymmatlyklary üçin täze bir pikir bolar. Onlarça ýyllaryň dowamynda diňe bir syýasy-ykdysady däl, eýsem ruhy taýdanam has öňki beýik geçmişi bilen deňeşdireniňde, juda pese düşen türkmeniň ýekeje onýyllygyň dowamynda birden beýle galkynyşy gudrat bolup görünýär, elbetde, bu gudratdyr hem. Emma şol bir wagtda-da gudratyňam kämahal sadaja düşündirilişi hem bolup biler. Bu düşündiriliş şuňa syrygýar: Beýik halkyň bir alamaty bar: ýüregedüşgüç, birsydyrgyn pese düşmelerden soň, ol birden ýokary galýar gidiberýär. Ine, birden, bu halkyň içinden bir merdana är dörär-de, onuň ähli ruhy hem ahlak güýçlerini jemläge-de, taryhy taýdan juda az wagtyň içinde onuň egninden galdyrar ötägider. Biziň Saparmyrat Türkmenbaşymyz şeýle beýik şahsyýetleriň hataryndadyr. Milletiň müňýyllyklara uzaýan ruhy güýjüni hem gujuryny bir özünde jemlemek üçin beýle şahsyýetler juda seýrek hem adatdan daşary kişiler bolmalydyr. Ýetmiş ýylda ýoň bolan, ruhumyzy ýoňladan ideologiýa ruh bilen durmuşyň gatnaşygy barada nädogry düşünje beripdi. Hamana, maddy durmuş ilkinji, ruh-da onuň kölegesimiş. Emma taryhy hakykat munuň tersinedigini görkezýär. Ruh rüstemdir, ruh ileridir, ähli ykdysady, jemgyýetçilik hem gaýry barlyklar ruhuň üstünde gurnalýar. Bularyň bary ruhy energiýadan gözbaş alýar, jan alýar. Meniň pikirimçe, şu pelsepe beýik Türkmenbaşynyň bize hem biziň taryhymyza beren esasy ruhy sapaklarynyň biridir. Islendik bina, ilki bilen, täze ruhy gymmatlyklar, pikirler, garaýyşlar şekilinde ruhda gurulýar, soň şol ruhy täze hakykat durmuşda özüniň maddylaşmasyny tapýar. Biz bu hakykata Prezidentimiziň şahsyýetinde göz ýetirýäris. Ilki Garaşsyzlyk, soň Bitaraplyk ruhy-syýasy, ruhy-taryhy gymmatlyk hökmünde Türkmenbaşynyň kalbynda, ruhunda döredi hem täze jemgyýetçilik-syýasy giňişligiň – Türkmenistan diýilýän döwletiň döremeginde amal boldy. Ine, indem ol gymmatlyklar gözel Aşgabadyň merkezinde Bitaraplyk binasy, Garaşsyzlyk binasy diýilýän ymaratlarda öz maddy amalyny tapdy. Diýmek, biziň bütin durmuşymyzyň, barlygymyzyň gözbaşy Türkmenbaşynyň ruhundadyr. Gözel Aşgabadyň maddy-fiziki keşbiniň şeýle çalt özgermegi üýtgeşik hem kalbyňy heýjana getiriji hadysadyr. Şol bir wagtda-da bu hadysa türkmen halkynyň ruhy-taryhy perspektiwasyndan seredenimde, men bu ýerde beýik simwoliki ruhyýeti görýärin. Munuň özi Türkmenbaşynyň türkmen döwleti baradaky beýik ruhy-syýasy pikirleriniň maddy keşbe girmegidir. Gep diňe bir binalarda däldir, ýogsam şunuň özem uly zat, emma esasy many şol binalaryň aňladýan ruhy simwolikasyndadyr: Bularyň bary döwletlilik pikirleriniň, döwlet gujurynyň, döwlet mertebesiniň, eger isleseňiz, döwlet ar-namyslylygynyň nyşanydyr. Binalar bizde öňem bardy, emma döwletlilik gujur-gaýraty, mertebesi hem ar-namysy biziň küýümize-de gelmändi. Diýmek, Saparmyrat Türkmenbaşy ýöne bir binalar guranok, ol biziň döwlet mertebämizi, ar-namysymyzy bina edýär. Hawa, türkmen durmuşynyň islendik ugurlarynda bolup geçýän özgertmeleriň şular ýaly çuňňur ruhy manysy-simwolikasy – nyşany bardyr. Bularyň baryna – Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy döredijilik genisiniň ruhy syrly manylarynyň ýüze çykmasydyr diýip kesgitleme beresiň gelýär. 5. «Goç» simwolynyň aňyrsynda türkmeniň stihiýalaýyn ýüze çykan halk ideologiýasy ýatyr. Bu günki gün biz Beýik Serdaryň syýasatynda halk ideologiýasyny resmi ideologiýa görnüşine geçirýäris. Rysgal, döwletlilik, nesilleriň dowamaty – biz bulary bu günki gün täze türkmen ideologiýamyzyň üç sütüni bolan Agzybirlik, Asudalyk, Jebislik görnüşinde göz öňüne getirýäris. Magtymgulynyň «çar tarapa il bolmak» çagyryşynda şu günki beýik syýasatymyz – Bitaraplygyň şekili görünmeýär. Türkmen döredijilik intelligensiýasy, alymlar şeýle kanunalaýyklaryň üstüni açmaly, biziň şu günki beýik syýasatlarymyzyň tötänlik ýa SSSR zamanyndaky ýaly, belli bir toparyň bähbidiniň aňladylmasy däl-de, türkmen halkynyň ruhunyň özeninden gelip çykýan prinsiplerdigini, şol prinsipleri, halkyň köňül-telwasyny mähriban Prezidentimiziň iş ýüzünde amal eden Gahrymandygyny halka doly aýdyňlygy bilen düşündirmek gerek. Türkmen halky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen halky üçin ymgyr köp işleri bitirendigini bilýär. Şol bitirilen beýik işler nämelerden ybarat? Elbetde, ol beýik işleriň hemmesini hem sanap aňyrsyna çykar ýaly däl. Ýöne, şol beýik, asylly işleri halka doly ýetirmek döredijilik işgärleriniň öňündäki jana-jan mukaddes parzydyr. Bu biziň geljekki nesliň öňündäki parzymyzdyr hem. Munuň üçin irginsiz, zehinly hem köne ülňülerden tapawutly pikirlenip bilýän ruhy döredijiler gerek. Döwlet syýasatyny şol durşuna ýaýratmak, ile ýaýmak hem uly zat. Ýöne ony alym öz ýerinde ylmyň diline, sungat işgäri sungatyň diline geçirip, ylmy hem ruhy taýdan esaslansyrsa, ana, şonda ruhy ösüşe has degerli goşant goşuldygy bolar diýip pikir edýärin. Emma bu proses iki-ýeke, üzlem-saplam, özakymlaýyn däl-de, anyk ylmy konsepsiýalar, bitewi ylmy prinsiplere daýanýan ýörelgeler görnüşinde gitmelidigine beýik Serdarymyz aýratyn ähmiýet berýär. Ylmyň, edebiýatyň hem sungatyň her bir ugurdan ösüşiniň, temalaryň işlenişiniň, çözgüdiniň durmuşynyň ruhy talaplaryna doly jogap berip bilýän konsepsiýalarynyň gerekdigini mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy alymlar, döredijilik we sungat işgärleri bilen duşuşygynda aýtdy. Şol konsepsiýalardanam biziň Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň ideýa gymmatlyklarynyň ulgamy, ýagny ideologiýasynyň ylmy esaslandyrmalary ösüp çykýar. Mähriban Serdarymyzyň röwşen taglymaty günsaýyn rowaç alýar. Röwşen taglymat Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletini, türkmen halkyny älemgoşar deýin Ýer ýüzüne ýalkym saçdyryp, giň jahana tanadýar. 6. Ideologiýa – jemgyýetçilik meselelerini aňlamagyň hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmegiň ýörelgeleriniň ulgamy hasaplanýar. Munuň özi milli bähbitleriň jemlenen beýanydyr. Emma millet hem aýry-aýry raýatlardan durýar. Biziň ideologiýamyz bu iki düşünjäniň sazlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Döwletiň hem borjy-hukuklary bar, raýatlaryň hem borjy-hukuklary bar. Döwletiň borjunyň çeşmesi – raýatlaryň hukugydyr. Döwletiň hukuklarynyň çeşmesi – raýatlaryň borçlarydyr. Türkmen demokratiýasynyň bu prinsipleri döwlet bile raýatyň arasyndaky gatnaşyklaryň anarhiýa ýa totalitarizme ösüp geçmeginden saklaýar. Şeýle gatnaşyklaryň janly şekilini döretmek, elbetde, aňsat iş däl. Bu döredijiniň zehin goruna bagly, onsoňam sözüň täsirli bolmaly. Çeper, çeper-publisistik sözüň täsiriligini esasan üç sany zat üpjün edýär: – sözüň ýürekden çykýanlygy; – zehinlilik; – irginsiz zähmet. Ine, biziň öňümizde duran anyk ýörelge. Ýörelgäň anyk bolanda, maksadyň aýdyň bolanda, menzile ýetmegiň müşgili ýok. Anyklyk, aýdyňlyk menziliňi has ýakynlaşdyrýar, işiňi has ýeňilleşdirýär. 7. Biziň ýazyjy-şahyrlarymyzyň içinde özüniň ýürekden çykýan, zehinly sözi hem zähmetsöýerligi bilen Garaşsyz döwletimiziň mundan beýlägem pajarlap ösmegine gulluk edýänleri köp. Olar türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny hem baky Bitaraplygyny, mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitirýän asylly işlerini täsirli, özboluşly beýan etmekde ep-esli işler bitirdiler. Gazet-žurnallaryň sahypalarynda olar şahyrana sözüň ähli mümkinçiliklerini, gudratyny ulanmaga çalyşýarlar. Türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw edip gelen Garaşsyzlygynyň düýp manysyny hem ähmiýetini açyp görkezmek üçin olar poeziýanyň ähli forma köpdürlüligini ulanýarlar. Şeýlelikde, şygyr garaşsyz Türkmenistanyň edebiýatynyň iň esasy žanry bolmagynda galýar. Şygyr biziň nusgawy edebiýatymyzyň ýüzüniň tuwagy bolupdy. Onuň sebäbi hem şygyr halkyň gündelik durmuşy, her günki şatlyk-begenji bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halky özüniň ýasawy boýunça şahyrana halk. Bizde ýaşlygynda şygyr ýazmaýan, amatly pursatlarda şygry hiňlenip aýtmany halamaýam adam ýokdur. Şahyrlarymyzyň Garaşsyzlyk temasyndan köpsanly ajaýyp şygyrlary döretmegi biziň durmuşymyz üçin jana-jan zerurlyk boldy. Sebäbi gündelik metbugatyň hajatlaryny bitirmekden başga-da, ol şygyrlar mekdepler, okuw jaýlary, çagalar baglary üçin, ýaşlary watançylyk, milli ruhda terbiýelemek üçin zerur. Gaty bir üşükli bolmasaň hem bu Garaşsyzlyk döwrümizde bir ajaýyp hakykaty duýup bolýar. Meniň buýsanýan bu ajaýyp hakykatym – bütin türkmen halkynyň bu gün galkynandygy: bütin türkmen halkynyň şahyr ýürekli halka öwrülendigi. Döwürleýin metbugatdaky, radiodaky, telewideniýedäki çykyş edýän ýönekeý adamlaryň – daýhanlaryň, çopanlaryň we dürli kärdäki adamlaryň öz ýürek joşgunlaryny goşgy setirlerine geçirmekleri we guwanç bilen şygyr okamaklary – bular halkyň ruhy keşbi. Bagtyýar durmuş türkmen halkyny joşa getirdi. Asylam zanna şahyrana halk bolan türkmen halky uçdantutma şahyr halka öwrülip barýar. 8. Türkmen şygry özüniň bütin taryhynda aýdym-saz bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Aslynda türkmen şygrynyň tebigatyny hem taryhyny sazy göz öňünde tutmazdan öwrenmek maksadalaýyk däl. Hatda şygyr ýazýan şahyrlaram şu aýratynlygy göz öňünde tutsa, munuň özi olaryň eserleriniň has täsirli çykmagyna ýardam eder. Häzirki wagtda biziň telewideniýämizde şygyr ýygy-ýygydan okalýar. Munuň özi gowy zat. Ýöne şygyr okamagyň şowly ýa şowsuz çykmagy onuň owazlylygyny duýşuňa hem şol owazlylygy diňleýjä ýetirmäni başarşyňa bagly. Ýöne esasy aýdyljak bolunýan zat – şygyr sungatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda san hem hil taýdan möwç alyp, ýokary göterilmegi öz gezeginde aýdym-saz sungatynyň ösmegine düýpli täsir etdi. Şygyr meselesinde-de, aýdym-saz meselesinde-de ideýalylygy-da, çeperçiligi-de deň derejede üns berilýär. Sebäbi çeper eseriň, hususanam, şygryýetiň jadyly güýji, onuň okyjynyň kalbyna täsir ediş ukyby şol ikisiniň «nikasynyň» şowlulygyna baglydyr. Guşuň iki ganaty bar. Goşgynyň ideýasy sagdyn, çeperçiligi ýokary bolanda, şahyryň ganatlanan ylhamly pikiri adamyň ruhy dünýäsine uçup baryp bilýär. Biziň beýik şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlaryny alyp göräýiň. Nähili akylly, adamy haýran galdyryjy, dogrulygyny inkär edip bolmajak pikirler nähili akgynlylyk, owazlylyk hem endamyňy tikeneklediji meňzetmeler arkaly beýan edilipdir. Bizde bu günki gün adamlaryň ýüreklerindäki duýgulary, şatlygy hem begenji ussatlyk bilen görkezip bilýän şahyrlar bar. Olar türkmeniň Garaşsyz döwletde ýeten beýik bagtyny şahyrana joşgun bile suratlandyryp bilýärler. Meniň bilşimçe, biziň günlerimiziň türkmen şygryýeti özüniň häsiýeti boýunça wasp ediji şygyrlardan durýar. Bu bütinleý tebigy ýagdaýdyr. Sebäbi 110 ýyllyk baknalykdan çykan türkmen öz ýeten derejesine guwanmaga-da, buýsanmaga-da haklydyr. Şahyrlar bolsa öz halkynyň sesi, sözi hökmünde ýetilen menzilleri çeper söz bile wasp edýärler. Ol söz howaýy ýa ýasama däl, ol sözler şahyryň kalbynyň tüýs jümmüşinden çykýarlar. Adam ýaş wagty şygyr bile hasam köp gyzyklanýar. Sebäbi ýaşlyk joşguny, durmuşa söýgi, ýaşaýşyň mährini hem gyzygyny duýmak ony öz erkine goýanok. Halkyň, milletiň ykbalynda-da şoňa meňzeş pursatlar bolýan ekeni. Halkyň joşguny bu gün içine sygman şygyr bolup, aýdym-saz bolup, dünýä ýaň salýar. Hut biziň Garaşsyzlyk döwrümizde diňe bir professional poeziýanyň däl, eýsem ýönekeý adamlaryň dördeýän halk poeziýasy – folklor gaty ýokary galdy. 9. Ozalam bir baýyň ýeke ogly bar eken. Baý ogluna gaty-gaýrym zat diýmändir, ejesem «ýalňyz bala» diýip ony läliksiredip ugrapdyr. Günleriň bir güni baý ogluna: – Ertir irden bazara git-de, talabançylyk et, talap agtar, öýe gazanç etmän, teňňesiz geläýme – diýipdir. Ogly bir hepdeläp irden gidip, «gazanç» edip, agşam gelipdir. Bazar güni baý ogluny alyp, bazara barýar-da: «Halan zadyňy al» diýýär. Ogly sähel salymda dürli zatlary alyşdyryp gelýär. Baý oglunyň alan zatlaryny synlap, öýe gelip aýalyna: – Ogluňa ýeke teňňe beräýseň eşitdim-eşitmedim diýme! – diýýär-de, ogluna indiki hepde hem talap etmegi tabşyrýar. Ogly ejesinden pul soraýar. Ejesi ogluny näçe gowy görse-de, adamsyndan gorkusyna garaköpük hem berip bilmeýär. Lälik ogul, kynam bolsa gidip, talap agtaryp, işlemeli bolýar. Bir hepde işleýär. Soň baý ýene ogluny alyp, bazara gidýär hem aýlanyp ýörşüne ogluna: «Ozalky bazarda alan zatlaryň ýaly zatlary al» diýýär. Ogly: – Goýsanaý, kaka, men bu pullary nägünlük bilen gazandym, ol zatlary başyma ýapaýynmy? – diýip, bazardan puluny sowman gaýdypdyr. Şonuň üçinem türkmen aga: «Puly gazanana sowdur!» diýýär. Çagalara ilki pul gazanmany öwretmeli, pul sowmany oňa durmuş öwreder! Men bu tymsaly Garaşsyzlyk döwrümizde çagalarymyza işlemegi öwretmegiň, zähmete söýgi döretmegiň zerurdygyny nygtamak, käbir maşgalalarda: «Biz agyr günde ýaşadyk, indi agzymyz aşa ýetdi, çagalarymyz beri biziň gören görgülerimizi görmesin!» diýip hamraklyk bilen çagalarymyzy läliksiredýänligimiz, bu hamraklygyň soňunyň gowulygyň üstünden eltmeýändigini tekrarlamak üçin getirdim. Bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýeke-täk gapysy bar: ol – zähmet! Zähmet bagtyň, bolçulygyň gapysydyr! 10. SSSR döwründe ýokary okuw jaýlarynda bäş ýylyň gylla ýarynda talyplara öz ugrundan däl-de, partiýa taryhy, ateizm, marksizm-leninizm taglymatlary okadyldy. Garaşsyz ýurdumyzda mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy talyplara turuwbaşdan diňe öz ugurlary boýunça bilim berilmegini talap edýär. Bu bolsa ýaşlaryň örän çuň bilimli hünärmenler bolmagyna ýol açdy. Sowady çagalar bagyndan, mekdepden, ýokary okuw jaýlaryndan alany bilen çäklenmek bolmajakdygyny, halkyň örän sowatly bolmagy üçin gazet-žurnallaryň, telewideniýäniň, radionyň, ýazyjylaryň çeper eserleriniň esasy çeşme bolmalydygyny merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy nygtaýar. «Muhammet pygamberimiz sowatsyz bolupdyr» diýip diňe bisowat adam aýdyp biler. Muhammet pygamber hadyslarynda okamaga aýratyn ähmiýet berýär. Ol: «Ylym Hytaýda-da bolsa gidip, öwreniň!» diýip nesihat berýär, ol «Ylymly, dana adam bilen eden söhbetiň birniçe günäni ýok edýär» diýip, ylym almagy öwran-öwran pent edipdir. Ýigrimi birinji asyr ýyldyzlara howa gämileriniň gidip geljek asyry bolar, şol asyrda türkmen halkynyň dünýäniň öňdebaryjy sowatly, ýokary medeniýetli halk bolmagy üçin göreşmegiň beýik Serdarymyzyň baş maksatlarynyň biridigine onuň çykyşlaryny diňläniňde açyk göz ýetirýärsiň. «Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli – müňüni» diýýär türkmen. Biz bu gün öz pähim-paýhasymyz bilen dünýäni aňk etmeli. Bu babatda mähriban Serdarymyz örän jaýdar aýtdy: «Türkmen gadymy taryhda söweşjeňligi, batyrlygy bilen dünýäni basyp alan bolsa, bu gün türkmen öz pähim-paýhasy bilen dünýäni aňk eder!». Dowamy bar ... Osman Öde | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |