21:46 Garaşsyzlyk oýlanmalary -2 / dowamy | |
11.
Publisistika
Allatagala ynsan üçin millionlarça nusgany döredipdir. Balarylar hem şol nusgalaryň biri. Serediň, müňlerçe ary bir gapyrjagyň içinde ýaşaýar. Bir ene arynyň diýenini edýär. Gün dogandan Gün ýaşynça gülden-güle gonup, bal ýygnaýar. Haýsydyr bir syçan ýa alaka ýaly jandar arylaryň öýüniň ýanynda öläýse, ol porsap ýetişmänkä ählisi üýşüp, maslygyň ysy çykaýmaz ýaly, daşyny mumlaýarlar. Sebäbi olar maslygy äkidip, ýok edip biljek däl! Olar balyna ýakymsyz ysyň aralaşmagyna ýol bermeýärler. Ary hiç mahal nektary ýaramaz güle gonmaýar. Bardy-geldi onuň balyny aljak bolup, – aýy bolsun, ýa başga bir jandar bolsun, – bala golaýlaşsa, çozup, ony çakýarlar. Ýogsa ary çaksa özüniň öljegini bilýär, emma şonda-da balyny gorap ölmegi borç bilýär. Hapa ýere gonan aryny gapyrjaga goýbermeýärler. Ol ýalňyz galýar, ýalňyz galsa-da, ol hökman ölýär! Köpler şu güni üçin ýaşaýar, balarylary ertirden agşama çenli ertirki güni üçin zähmet çekýär. Bal arylarynyň, garynjalaryň zähmetsöýerligine, dogrymy aýtsam, gözüm gidýär. Türkmene has gowy zähmet çekmegi öwrenmek gerek. Biz hakyky zähmet çekmegi öwrensek, dünýäde iň baý halk bolarys. Dünýäde iň baý halk bolmak üçin, ymgyr köp hazynaly toptagy Allatagala türkmene eçilipdir. Baýlygyň gapysy – alyn derde. 12. Beýik seljuk-türkmen soltany Alp Arslan gaty adalatly adam bolupdyr. Ol söweşsiz boýun bolan ýurduň ilatyny hormatlap, hökümradyna sylag-serpaý hem ýapar eken. Emma onuň garşysyna ýarag alyp çykyp, urşanyň weli, dat gününe bolupdyr. Wizantiýada ol bir şähere barýar, gabaýar. Şäher hökümdary çörek-duz bilen ony garşylaýar. Alp Arslan duzuny dadyp, hoş bolýar. Ine, şol gezek onuň nökerleriniň biri talaňçylyk edipdir. Ony tutup, soltanyň ýanyna getirýärler. Soltan oňa ölüm jezasyny berýär. Şonda ýaňky esger: – Soltanym, eden bet işim ölüm jezasyna bap gelýär. Ýöne meniň Sizden birje haýyşym bar: ýurtdan çykanyma bir ýarym ýyl boldy, meni Merwe ýolladyp, şol ýerde jezalandyraýyň. Ölmezden ozal ýurdumy bir göreýin! – diýipdir. Soltanyň ýadyna Watan düşýär. Ol hem uzak ýörişlerden, uzak aýraçylykdan ýadan eken. Onuň kalbynda Watanyň jemaly janlanyp, ýurdy göz öňüne gelip, göwni bozulyp, nökeriň günäsini geçipdir. Soltan Alp Arslan ýurdundan gaty alysda wepat bolýar. Onuň jesedini arynyň balyna gaplap, ytygsatman Watanyna getirip jaýlaýarlar. Jüneýit hanyň iň soňky wesýeti hem türkmen topragynda jaýlanmak eken. Eziz topragymyz bar. Eziz Watanymzy bar. Diňe dirä däl, merhuma-da şu mährem topragymyz gerek! Watanyňda ýaşap ýörseň, «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölünçä aglar» diýen pähim barada, Watanyň gadyr-gymmaty barada juda bir oýlanyp hem durmaýarsyň. Ýöne, niçik, türkmen topragyndan aýagyňy üzseň, ýüreg gysyp, tizräk ýurduňa dolanasyň gelýär. Men Moskwada, Ankarada döredijilik saparynda birnäçe gezek boldum. Şonda Watanyňy küýseýşiňi hiç bir zat bilen ölçär ýaly däl. Men bu setirleri söz owadanlamak üçin aýdamok. Ýok, men halysalla ýürejigimi aýdýaryn, meniň bu sözlerimiň hakykatdygyna özge ýurtda dört-bäş gün elkin ýatan kişi aňryýany bilen göz ýetirýändir. Türkmen öz türkmen topragyna juda örklenen. Türkmeňiň bu toprak bilen diňe bir bagry däl, on iki synasy hem badaşan. Meniň Watan hakdaky beýik ynanjym şeýle: atadan, eneden, serden, oguldan-gyzdan aýry düşülýär, bu aýry düşmäniň jiger awusyna adam ogly, hernäçe kyn hem bolsa, çekip-çydaýar. Ýöne türkmen öz türkmen topragyndan aýra düşmä welin, çydap bilmeýär. Iň agyr jeza türkmen topragyndan aýra düşmek! Eý, Hudaýa hudawende, bagty arşa göterilen türkmen ogluňy türkmen topragyndan aýra salma! Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy: «Biz Watanymyzy başymyza täz etmelidiris!» diýip, örän jaýdar aýtdy. Türkmen topragy mukaddes toprak. Bu toprakda ata-babalarymyzyň mähri ýatyr. 13. Beýik rus kinorežissýory Eldar Rýazanowyň «Ykbalyň oýny ýa-da süňňüňiz ýeňil bolsun!» atly iki seriýaly komediýasyny görmedigimiz, gülüp-gülüp heziller etmedigimiz ýokdur, gyzykly, gülküli kino, ýöne hakykatyna seredeniňde, aglap oturmaly film. Paýtagtymyz Aşgabadyň sowet döwründäki keşbini ýatlaň, welaýat şäherlerini ýatlaň. Dört gatly betondan guýlan, görk-görmekden, estetiki duýgudan daş jaýlar. Emma şol jaýlar bilen hem halkymyz doly üpjün däldi ahyryn. Şol jaýlary edinmek hem görgüdi. Bu meňzeş jaýlar, bu meňzeş şäherler nämäniň netijesi? SSSR-iň uzak döwürde alyp baran syýasatynyň netijesi! Ol ulgam halklary inkubatoryň jüýjesine meňzetdi. Aýlyklarymyz hem, durmuşymyz hem, pikirlerimiz hem meňzeş boldy. Görkezme bilen işlenildi, görkezme bilen ýaşaldy. Biziň beýnimizi galyba saldylar. Mankurtlar döredi. Şol pikir galybyndan saplanaýmak weli, ýeňil-ýelpaý iş däldi. Men näme üçin bu zatlaryň gürrüňini edýärin? Meniň bu zatlar hakda näme üçin gürleýändigimiň sebäbini aňan bolsaňyz gerek. Men ýetmiş ýylda guran köp gatly jaýlar bilen Garaşsyzlyk alanymyzdan soň Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda gurulýan beýik binalaryň tapawudyny nygtamak isleýärin. Çünki ýetmiş ýylda gurlan binalar bilen Garaşsyzlygyň dokuz ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda gurlan binalary bir göz öňüňize getirip görüň. Şonda bir äriň nähili gudratlary döredip bilýändigine aňsatja göz ýetirip bilersiňiz. Biri beýlekisine meňzeýän ymarat ýokdur! Owadandan-owadan ymaratlary biziň mähriban Serdarymyz gurdurýar. Beýik Serdarymyz ýurdumyzyň beýik baş Binagäri! Beýik Binagärimiziň binalaryna bu gün dünýä seredýär, dünýä aňk bolýar. Nesip bolsa, ýigrimi birinji asyryň birinji-ikinji onýyllygynda Aşgabat bütinleý täze şäher bolar! Onda bir galypdan çykan ýaly jaýlar bolmaz. Ýene on ýyldan Aşgabadyň köçesinden ýörän adam milli binagärligimiziň täsinlikler dünýäsine seýran eder. Aşgabat diňe paýtagt şäheri bolmaz, Aşgabat ýigrimi birinji asyryň milli binagärlik sungatynyň açyk asmanyň astyndaky ajaýyp sergisine – merkezine öwrüler. Muňa mähriban Serdarymyzyň alyp barýan gurluşyklary şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat şäheri tanalmaz ýaly özgerdi. Bu gün Aşgabady görmäge göz gerek! Aşgabat şäheri – merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň täzeden döreden şäheri. Şäher täzeden doguldy. Aşgabat ak mermer şähere öwrüldi. Mähriban Serdarymyz owadan ýurt gurýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran ýurdy XXI asyrda dünýädäki iň gözel, iň baý, iň agzybir, iň jebis ýurt bolar! Onuň şeýle boljakdygyna şu günlerki bitirilen we bitirilýän işleri, gurlan we gurulýan binalary, zawodlary, fabrikleri göreniňde, oraşan görýärsiň. 14. Bu wakany gürrüň beren türkmen ýaşulusyny 18 ýaşap-ýaşamanka urşa alypdyrlar. Ol fronta ýetmänkä uruş tamamlanyp, ýesir düşen nemes esgerlerini garawullamaly bolupdyr. Ýesirlere jaý saldyrypdyrlar. Nemes ussasy, eden işini sünnäläp, her bir kerpijiň dürli tarapyndan synlap, iň göni tarapyny daşyna edip, edil öz jaýyny salýan ýaly, yhlas edýärmiş. Ýöne onuň haýallygyna takady ýetmedik ýaňky türkmen ýigidi: – A-haw, seniň bolşuň nähili! Sen sünnäläp durma-da, jaýyň bitenini bil! Näme, öz jaýyňy salýamyň? – diýipdir hem-de «Basymrak bol» diýip, nemes ýesirini gyssapdyr. Nemes ýesiri özüni garawullaýan esgeriň ýeňinden tutupdyr-da: – Siziň gurýan jaýlaryňyz näçe wagta gidýär? – diýip sorapdyr. Esger: – Elli-altmyş ýyla gidýändir – diýip jogap beripdir. Şonda ýesir: –Biziň gurýan jaýlarymyz baky durýar. Şonuň üçin hem sen meni howlukdyryp, azar berme. Men «Bäş ýyl ýesirlikde boldum» diýip, nemesligimi ýitirip bilmen – diýip, jogap beripdir. Türkmen halkymyzda dünýä halklaryna nusga bolup biljek örän köp asylly gylyk-häsiýetlerimiz bar. Olar hakdaky rowaýat şekilli gürrüňler halk arasynda ýaşap ýör. Men, esasan, türkmeniň batyrlygyny, mertligini, söweşjeňligini, wepalylygyny, myhmansöýerligini göz öňünde tutýaryn. Şol asylly gylyk-häsiýetlerimizdäki aýratynlyklary, tymsallar, hekaýatlar, rowaýatlar bilen jemläp, bitewi bir görnüşde halka ýetirmegiň örän möhümdigine, şu iş edilse, ýaş nesli terbiýelemekde uly orun eýelejekdigine berk ynanýaryn. Biz asylly sypat, häsiýet hakda tymsaly, mysaly, rowaýaty özge halklaryň tymsallaryndan, hekaýatlaryndan, rowaýatlaryndan gözläp ýörmeli däl. Dünýä halklaryndaky asylly sypatlaryň ählisi türkmende bar. 15. Tebigatyň oýanyp, möwç urýan, ondaky ýaşaýşyň manylylygy hem gözelligi babatda iň belent derejä ýetýän döwri – bahar paslydyr. Biziň Garaşsyzlyk ruhumyz hem ruhumyzyň garaşsyzlygy öz manysy hem ajaplygy boýunça şol bahary ýadyňa salýar. Şunda beýik Magtymgulynyň bahar baradaky goşgulary, ylaýta-da Nowruz hakyndaky ajaýyp hem joşgunly şygry ýadyňa düşýär. Deňeşdirme deňeşdirme bolýar. Ol ähli babatda hakykaty doly aýdyp bilmeýär. Bahar, näme diýseňem, az wagtlyk hem geçegçi hadysa. Şu tarapdan biziň bu günki ajap durmuşymyzy bahara deňemek biraz bärden gaýtma bolar. Umuman, düýpli jemgyýetçilik hadysalaryny aňlatmakda tymsalyň, deňeşdirmäniň güýçlüligi onuň ejizligi bile des-deň zatdyr. Jemgyýetçilik – bir hili hadysa, tebigat başga hili hadysa. Adamyň içki dünýäsi bularyň hijisi bilenem barabar zat däl. Bu üç sferadaky bolýan hadysalary biri-birine getirmek mümkin däl, maksadalaýyk däl. Diňe göçme manyda, bir ujuny aňdyrmak üçin deňeşdirmek bolar! Beýle deňeşdirmäniň maksady – adamlaryň estetiki duýgusyna täsir etmek, olarda guwanç duýgusyny joşdurmakdyr. Bu bolsa ýazyjy-şahyrlaryň öňünde durýan wezipedir. Türkmen ruhunyň sowulmaz baharyny wasp etmegi jana-jan wezipämiz hasaplaýaryn. Özem şunda bir-biriňi gaýtalaman, has özboluşly, has täze sözleri hem obrazlary tapmaga çalyşmaly. Başgaça aýdanyňda, temalaryň meňzeşligine, birligine garamazdan, çeper eserleriň obrazlylygy, çeperçiligi özboluşly bolmaly. Şu günümiz ajap, çünki uly üstünliklere ýetdik, ýöne geljegimiz mundan-da oňat boljakdygy mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň alyp barýan asylly işlerinden hem äşgär görünýär. Ýazyjy-şahyrlar jemgyýetiň iň duýgur wekilleri hökmünde geljegimiziň eşretini hem eşretimiziň geljegini ilden öň görmeli. Görmek bilenem, ile-de görkezmeli! Diýmek, şu ýerden şu günki türkmen şygrynyň tebigatyna, aýratynlygyna degişli ikinji alamat görünýär. Türkmen şygry diňe wasp ediji bolman, eýsem, düşündiriji, görkeziji şygyr bolmaly. Şygryň adam ýüregine täsir etmekde öz artykmaçlyklary bar. Bizi şol artykmaçlyklary syýasatymyzyň düýp manysyny düşündirmäge, ertirki günümiziň eşretli boljagyny görkezmäge hyzmat etdirmeli. Elbetde, munuň üçin häzirki durmuşyň jümmüşinde ýaşamaly, onuň okgunly öňe gidişine gaty belet bolmaly. Biz işjeň hem janly durmuş pozisiýasyna, durmuş obrazyna öwrülmeli. Çeper sözüň güýji hem gudraty uly. Adam ruhubelent bolmasa, durmuşda köp zat edip bilmez. Adam öz hususy bähbidiniň, maşgala bähbidiniň çäklerinden çykyp, Watana hyzmat etmäni başarmaly. Şeýle başarnygyň döremegi üçin bolsa ruhuň belent, kalbyň ynamly bolmagy gerek. Biziň Magtymguly, Seýdi, Andalyp ýaly beýik milli şahyrlarymyz adamlary ruhubelentlikde, şu günki güne guwanç, ertirki güne ynamlylyk ruhunda terbiýelemäni başarypdyrlar. Sebäbi olaryň ilki bilen özleri ruhubelent hem halkynyň geljegine ynamly adamlar bolupdyr. Şeýlelikde, bu günki türkmen söz sungaty, birinjiden, wasp ediji, ikinjidenem, düşündiriji häsiýetde bolmaly. Şoňa laýyklykda-da onuň esasy iki tarapy kemala gelýär: birinjisi – gözellik, ikinjisi – manylylyk. Bularyň ikisi-de des-deň zerurlykdyr. Gözellik şygry bolup biläýjek kemçiliklerden – göwnüçökgünlikden hem ideýa nädogrulygyndan halas eder. Manylylyk – boş sözlülikden hem pöwhelikden aman saklar. Şeýdip, biziň şygyrlarymyz tebigylyga eýe bolýar. Öz ussatlyk hem adamçylyk borçlaryny abraýly bitirýän şahyrlaryň gadyry hemişe bilinýär. Garaşsyz döwletiň mynasyp raýaty bolan ruhubelent adamyň çeper obrazyny döretmek – ine, – ýazyjy-şahyrlaryň baş wezipesi! Kynçylykda peselmeýän, ejizlemeýän, dok gününde eselmeýän şol ruhubelent şahsyýetiň töwerekleýin obrazynyň ähli adamlar üçin täsir ederlikli boljakdygyna men berk ynanýaryn. Sungatda položitel ideal diýen düşünje bar. Položitel ideal – adamyň iň oňat gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän tipdir. Biziň, Garaşsyz döwletimiziň edebiýatynyň položitel idealy, ilki bilen, ruhubelent adamdyr. Sähel kynçylykda müzzerip duran ýa bir öz bähbidini bilýän gahrymandan okyjy hiç zat öwrenip bilmez. Milli ruhly, watana wepaly, belent ahlakly, arassa kalply, ruhubelent gahrymanyň obrazyny döretmek üçin ýazyjy-şahyrlarymyz zehinini hem zähmetini gaýgyrmaýarlar. Elbetde, ruhubelent adam ýerden üzňe, howaýy adam bolmaly däl, ýogsa onuň okyja täsiri gowşak bolar. Eýsem ol janly, ýagşyny-ýamany gören, durmuşyň içinde hereket edip, Watana wepalylygyny görkezen adam bolmaly. Biziň günlerimizde şeýle adamlar örän köp. Biz – ýazyjy-şahyrlar durmuşdan şeýle adamlary tapmaly hem olaryň obrazlaryny umumylaşdyryp, garaşsyzlygyň estetiki idealyny – nusgasyny döretmeli. Çeper sözüň, edebiýatdyr sungatyň durmuşa täsirini nädip ýönekeýje düşündirip bolar?! Sungatyň, şol sanda edebiýatyň durmuşa täsirini şeýleräk göz öňüne getirýärin: durmuşy faktlar çeper obrazlylyk ideýa gymmatlygy (ideologiýa). Edebiýaty durmuş bilen baglanyşdyrýan esasy halka çeper obrazlylykdyr. Sebäbi çeper eserde ýygnalan ýalaňaç faktlaram, gönümel aýdylýan pikirlerem öz-özlüginde çeper täsir döretmäge ukyply däldir. Ýazyjynyň eseriniň ideýasy, çeperçilik terlige hem özboluşlylyga garaşlylykda täsirli bolýar. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk Türkmenistanyň ruhy derejesiniň belentligini üpjün etmek üçin has özboluşly, has original eserleri döretmeli. Ylaýta-da, poeziýa garanda durmuşy has giň, has dürli röwüşlerde, hemmetaraplaýyn suratlandyrmaga has ukyply bolan proza žanryna uly orun degişli. Proza eserleri bizde az ýazylanok. Emma, näme üçindir, onuň gerimi dar görünýär. Garaşsyzlyk we Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen prozaçylary üçin görlüp-eşidilmedik giňişligi hem erkinligi açdy. Iň esasy tekrarlamak islän zadym – biz her hili synpy, partiýalylyk galyplaryndan azat bolduk. 16. Sosialistik realizm diýilýäniň düýp manysy «ähli ýazyjylar durmuşy şol döwrüň totalitar häkimiýetiniň görüşi ýaly görmelidir hem görkezmelidir» diýmeklige syrygýardy. Elbetde, sosialistik realizmiň ýasama zatdygy, janly durmuşa dahylynyň azdygy görnüp dur. Beýle ýörelge halkyň milli ruhy, öňki edebi däpleri bilen bir ýere sygyşmaýardy. Beýle edebi usullar biziň bu günki ýöredýän ideologiýamyza ters gelýär. Sebäbi olar düýp manysy boýunça synpylyga syrygýar. Biziň Garaşsyzlyk Türkmenistanymyzda synpy agzalalyga, sosial näsazlyga alyp barjak, belli bir synpy beýlekilerden ileri tutmak gadagan edilendir. Biziň ideologiýamyz milli jebislige, sosial sazlaşyklylyga çagyrýar. Sosialistik realizmiň möwritini ötürenligine garamazdan, onuň düzgünleriniň biweçligi, teoretiki nädogrulygy entegem akylly-düşünjeli ýalana çykarylmaýar. Eger ýazyjylaryň özleri şeýle kemçiliklere, möwritini ötürenligine göz ýetirmeseler, olaryň döredijiliginiň şeýle näsazlyklardan doly saplanyp bilmejekdigi öz-özünden düşnükli hakykat. Sosialistik realizm usulynyň ideologik esasy bolan marksizm-leninizmiň özüni wagtyň ýüz görmezek ýumrugy kül-peýekun etdi. Biziň ýetmiş ýyllyk edebiýatymyzyň esasy döredijilik metody hem şol dünýägaraýşa esaslanýar. Emma beýle diýildigi şol döwürde oňat eserler asla döredilmedi diýmegi aňlatmaýar. Halka estetiki lezzet beren oňat eserlerem döredildi. Ýöne şol usulyň galyplary ýazyjylaryň ylhamyny kössekledi, çäklendirdi. Ylaýta-da taryhy temadan ýazylan eserlerde halkymyzyň milli geçmişi ýoýlup görkezildi. Indi biziň edebiýatymyzyň dünýägaraýşynyň esasy – Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň milli ideologiýasy. Edebiýatçylarymyz üçin esasy ideýa gymmatlyklary umumadamzat ruhy baýlyklary bilen utgaşan milli gymmatlyklarymyz bolmaly. Biz şol nukdaýnazardan, şol ýörelgelerden ugur alyp, durmuşy çeper suratlandyrmaly. Edebiýatyň hem sungatyň umumy ideologik esaslarynyň milli ideologiýamyz bolmalydygy düşnükli. Häzirki pursatda edebiýatyň hem sungatyň şol ideologiýadan gelip çykýan ideýa hem estetiki prinsipleri hakda gürrüň etmek ýerliklidir. Şu günki türkmen edebiýatynyň hem sungatynyň esasy ideýa prinsipleri diýip aşakdakylary görkezmek bolar. 1. Dünýewi dünýägaraýyş. «Dünýewi» sözüniň türkmen dilinde iki hili manysy bar. Bir prinsipde şol manylaryň ikisi hem şöhlelenendir. Birinjiden, munuň özi – «dünýä» sözünden bolup, dünýägaraýşyň giň bolmaldygyny, dünýäniň iň progressiw filosofiki modellerini öz içine almalydygyny aňladýar. Ikinjiden, şeýle prinsip türkmen edebiýatynyň hem sungatynyň öz göz öňünde tutýan maksatlary boýunça dini bolmaly däldigini aňladýar. Bizde din bilen döwlet aýrybaşgalaşandyr. Häzir hem biz döwletiň, döwlet syýasatynyň edebiýata-sungata gatnaşygy barada gürrüň edýäris. Düşünişmezlikler bolmaz ýaly, bu hakda anygrak aýtmak gerek. Elbetde, biziň halkymyz hemişe dini gymmatlyklara uýup gelen halk. Ýöne dini syýasata öwürmek, ony ahyrky maksada öwürmek biziň üçin maksadalaýyk däldigi barada mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy örän dogry aýtdy. Häzir tutuş edebiýatyň, sungatyň bitewi bir ideýa prinsipi göz öňünde tutulýar. Aýdaly, aýry-aýry ýazyjy-şahyr dine ynanyp biler, uýup biler, ol her kimiň öz hukugy. Gep – umumy prinsip hakda barýar. 2. Umumadamzat gymmatlyklary. Munuň özi biziň döwletimiziň Bitaraplyk statusyndan gös-göni gelip çykýan ideýa prinsipidir. Adamzat öz taryhynyň bütin dowamynda birnäçe ideýa hem ahlak prinsiplerini işläp düzüpdir. Parahatçylyk, doganlyk-dostluk prinsipleri we jynsparazlygyň, milletparazlygyň iň bir ýaramaz zatlar hökmünde ykrar edilmegi ýaly prinsipler munuň içine girýär. 3. Milli gymmatlyklar prinsipi. Munuň özi biziň tutuş ideologiýamyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Özem şu meselede millilik bilen milletparazlygyň asla bir zat däldigini, olaryň arasynda berk çägiň goýulýandygyny hiç mahal ýatdan çykarmaly däldir. Millilik – munuň özi öz milletiňe söýgi hem buýsanç, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna goşant goşandygyna guwanç. Milletparazlyk bolsa özge milletlere ýigrenç. Türkmen halkynyň ruhuna beýle zat mydama ýat bolupdyr. Milli hakydanyň oýanmagy biziň beýik Garaşsyzlygymyz bilen baglanyşykly. Indi türkmen halky bitewi türkmen milletine öwrüldi. Häzirki türkmen 70 ýyl mundan ozal türkmen däl, onuň bitewi millete öwrülmegi bitewi ykdysadyýetiň, bitewi syýasy ulgamyň döremegi esasynda bolup geçdi. Edebiýatyň hem sungatyň millilik ideýasy-prinsipi ýetmiş ýylda ýok edilmedik iki negatiw zadyň – synpylygyň hem tireparazlygyň soňuna çenli doly inkär edilmegini aňladýar. Indi islendik türkmende milli aňyň rüstemligi aýdyň duýulýar, onuň ruhy keşbinde milliligiň esasy orny eýeleýändigi görünýär. 4. Şahsyýet gymmatlygy prinsipi. Bu ideýa prinsipi ýokarky prinsiplerimiziň bitewileşýändigini aňladýar. Edebiýatda hem sungatda esasy zat adam, adam obrazy. Ähli ideýalar şonuň üsti bilen aňladylýar. Milli Garaşsyzlyk özüniň ahlak hem adamkärçilik syparlary boýunça bütinleý täze şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam etdi. Türkmeniň milli häsiýetleriniň iň oňatlaryny özünde jemleýän gahrymanyň obrazy döredilmeli. Adamlar idealsyz ýaşap bilmezler. Türkmende ideal hemişe bolupdyr. Merkezi asyrlarda Gorkut ata, Görogly, soňky üç asyrda Magtymgulynyň liriki gahrymany – ine, türkmen öz nesillerini hut şolaryň mysalynda, milli ruhda terbiýeläp gelipdir. Häzirki taryhy döwürde biziň edebiýatymyz hem sungatymyz akylly-başly döredilen täze estetiki idealy öňe çykardy. Munuň özi hem adamlaryň ruhy hajatlarynyň kanagatlandyrylmasy boldy, hem Garaşsyzlygyň ruhy binýatlarynyň hasam berkedildigi boldy. Biziň kalbymyza nur çaýýan, öňe – uly-uly üstünliklere ruhlandyrýan idealymyz bar. Ol biziň mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşydyr. 17. Biziň milli edebiýatymyz hem sungatymyz nähili estetiki prinsiplerde guralýar? Elbetde, biziň ýazyjylarymyz sosialistik realizmiň çeperçilik ülňülerinden resmi taýdan birmahal ýüz dönderdiler. Emma, näme-de bolsa, ýetmiş ýyllyk endik birbada aňsatlyk bilen aýrylyp gidibermeýär. Geçen döwürde bizde täze tipli, täze žanrlary öz içine alýan edebiýat emele gelipdi. Metbugat şol döwürde ösdi. Onsoň döräninden beýnisi şol estetiki prinsipler bilen bekän edebiýat hem sungat olardan ýuwaş-ýuwaş saplanýar. Aslynda, ýetmiş ýyllyk edebiýatyň estetiki prinsipler meselesinde gaty gowşak ýerleri bar. Ol, şowakör ýaly, diňe sosialistik realizmi bilýär. Geçmiş edebiýatymyzyň düýp estetiki aýratynlyklaryny aňly-düşünjeli aňlardan-a ol has bärden gaýdýar. Sebäbi bilgeşleýin geçmiş edebiýaty taglym taýdan az öwredildi. Biz indi-indiler edebi mirasymyzy düýpli suratda öwrenmäge başlaýarys. Beýleki tarapdan, dünýä edebiýatynyň çeperçilik köpdürlüligi-de şol döwürdäki ýazyjylardan daşarda galdy. Sebäbi dünýäniň sosialistik hem kapitalistik lagere, «özleriniňkä» hem «ýatlara» bölünmegi dünýäniň iň oňat, ösen edebiýatyndan ýazyjylaram, okyjylaram binesip goýdy. Garaşsyzlyga, baky Bitaraplyga ýetmegimiz bilen türkmen edebiýatymyz ata-baba akabasyna düşdi. «Ata-baba akabasy» diýip, men nämeleri göz öňünde tutýaryn?! Mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen edebiýatymyza ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna esaslanýan täze akaba döredip berdi. Ol akaba – ol ýol ruhubelentlik ýoludyr. Sosialistik realizm metodyna esaslanyp döredilen eserleriň nähili boşdugyny, täsirsizdigini, «hakykaty hakyky görkezýän» diýip, durmuşy hakyky görkezmändigini subut edip, özüniň döreden täze «ýoluny» döredijilik işgärlerine eçildi. Bu gün edebiýatymyzda öňki sosialistik realizm metody däl-de, ruhubelent metody, usuly bilen eser döretmelidigi aýdyňlaşdy. Ruhubelentlik metody, usuly näme? Ruhubelentlik usuly – Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhubelentlik ýoly halky galkyndyrmagyň, ruhy sütün bolmagyň, halkyň ruhuny götermegiň usulydyr. Edebiýatyň wezipesi, ilkinji nobatda, adamlaryň göwünlerini herhili çykgynsyz pursatlarda-da göterip bilmegi başarýan, täze-täze üstünliklere hyjuw, hyruç döredýän, ýaşaýşa höwes oýarýan, ähli kişileri söýmäge, mätäje kömek, goldaw bermäge galkyndyrýan bolmalydyr. Ruhubelentlik ýoly – täze ýol, täze usul. Bu usul beýik Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ýoldur, usuldyr. Şu usul bilen eser döredilende, bitirilýän işiň gadyr-gymmatynyň has-da ýokary bolýandygyna bada-bat göz ýetirýärsiň. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhubelentlik ýoly diňe bir edebiýatyň öňünde goýlan ýol däl. Bu Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan ruhy sferanyň ähli pudaklarynyň – sungatyň, medeniýetiň öňünde hem goýlan aýdyň ýoldur. Türkmeniň ruhy belent bolmalydyr! Ine, biziň mähriban Serdarymyzyň baş ýörelgesi. 18. Taryhçylarymyz türkmen halkynyň gatnaşmagynda on ýedi sany ullakan imperiýanyň – hanedanlygyň, ýetmiş dört döwletiň gurlandygyny tekrarlaýarlar. Türkmen diňe Türkmenistanyň territoriýasynda däl, Hytaýdan Müsüre, Ortaýer deňzinden Hindi okeanyna çenli aralykda ululy-kiçili kän döwleti berkarar edipdir. Oguz han zamanyndan bäri Sibire tapgyr-tapgyr gyzyl agtaryjylar, ýakut, göwher, gaýry gymmat bahaly magdanlary agtaryjylary ýollap, Sibiri öz hazynasyna öwrüpdirler. Sibirde duş gelýän käbir ýer, şäher atlary hut Oguz hanyň ýollan hazyna agtaryjylaryndan galan atlardyr. Yslamyň uly din bolup dünýä ýaýramagyna türkmeniň goşandynyň möçberi uludyr. Beýik soltan Mahmyt Gaznawy Hindistana onlarça gezek ýöriş edýär, şol ýörişleriň maksady talaňçylyk däl, ýok, Hindistany musulmanlaşdyrmakdan ybarat! Hindistanyň aglaba ýerlerini musulmanlaşdyrany üçin Mahmyt Gaznawa keramatly titul berilýär. Mahmyt Gaznawynyň imperiýasyny syndyran Seljuklar bolsa musulman dünýäsine howp salyp duran Wizantiýany – hristian dünýäsiniň merkezini musulmanlaşdyrýarlar. Musulman dünýäsine on iki ýola uly ýöriş gurulýar. Tutuş hristian Ýewropasynyň birleşen güýjünden dörän «haçly ýörüşleriň» öňünden çykyp, olary kül-peýekun edenler hem seljuk nesilleri. Ynha, şol meýdan – döredijilik işgärleri üçin tarp meýdan. «Haçly ýörüşler» hakda roman ýazyp, spektakl goýup, çeper filmi surata düşürip, dünýä jemgyýetçiliginiň agzyna-diline düşüp, beýik iş bitirip bolar. Öz taryhyňy özüň götermeseň, özge göterip berip bilmez! Emma türkmen geçmişde näçe köp döwlet döredenem bolsa, olaryň hiç biri hem tutuş türkmen halkynyň, tutuş türkmen topragynyň bähbidini aramandy. Olaryň birentegi dini ideologiýa uýan bolsa, bir topary döwleti esaslandyran tiräniň adyny baýdak edip, şol tiräniň bähbitlerini ileri tutupdylar. Iň gynançly ýeri hem tire-taýpalaryň pytramagyna sebäp bolupdylar. Awşarlar öz döwletini gurýarlar weli, awşarlar özüni beýleki türkmenlerden beýik sanyp başlaýarlar. Türkmen dilinde «tire-taýpa» diýmegimiz dünýä möçberinde alanyňda, tire-taýpa hem däl. Dünýäniň uly döwletleri: Hindistan, Hytaý, Braziliýa ýaly onlarça döwletlerde bellibir halk ýaşamaýar diýen ýaly. Onlarça dilde gepleýän, bir-birine asla düşünmeýän halklar bir halk bolup, bir döwlet bolup, ýaşap ýörler. Biziň «tire-taýpa» diýýänimizde bir-birine düşnüksiz söz hem ýok. Beýle ýagdaýda türkmeni tire-taýpa bölmek bolmaýar, biz bir halk, bir dogan, bir türkmen! 19. Görogly bitewi bir döwletiň agysyny aglady. Azady bitewi bir döwletiň agysyny aglady. Magtymguly bitewi bir döwletiň agysyny aglady. Türkmeniň bitewi bir özbaşdak döwletini gurmak bagty biziň paýymyza düşdi. Bütin taryhda doly jemlenip bilmedik türkmen halky ýaşyl baýdagyň astynda mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda birleşdi, şeýle döwletiň gadyryny bilmek gerek! Türkmen halkyny bagtyýar durmuşa ýetiren Saparmyrat Türkmenbaşynyň gadyryny bilmek gerek! Ynha, biz seljuklar döwletine tüýs ýürekden buýsanýarys. Seljuklar imperiýasy – türkmen imperiýasy, ýöne şol zamanda wezirlik eden Nyzamylmülk türkmenler barada gysgaça ýazgy galdyrypdyr. Ol ýazgy bada-bat ünsüňi çekýär hem geňirgendirýär. Ol «Syýasatnama» atly kitabynyň ýigrimi altynjy babynda şeýle ýazýar: «Türkmenler içýakgyç köpsanly bolsalaram, olaryň bu ýurtda uly hukuklary bardyr, sebäbi ýurt berkarar edilip ugranynda olar bimöçber hyzmat görkezendirler, horlukdyr jepa çekendirler. Onsoňam olar biziň gandüşer hossarlarymyzdyr. Şonuň üçin olaryň ogullaryndan müň sanysyny atma-at sanawa girizip, köşgüň gulamlary edip saklamak gerekdir. Olar gullukda ýeterlik wagt bolanlaryndan soň, ýarag tälimini, gullugy ele alarlar, adamlar bilen ysnyşarlar, raýata öwrülip, gulam bolup hyzmat ederler, onsoň olaryň tebigatyndaky wagşyýanalyk dep bolar. Zerurlyk çykan halatynda, olar bäş müň bolup, on müň bolup, atly bolup, özleri üçin bellenen gullukda gulamlar ýaly hatara durup, gulamlar ýaly ok-ýarag dakynyp, hyzmat ederler. Goý, olar bu ýurtda kemsinmesinler…» Nyzamylmülküň şeýle janykmagynyň sebäbi nämede? Sebäbi ýurt başyna geçen serkerdeleriň hiç birisi hem – Togruldyr Çagry beg hem, Alp Arslan hem, Mälik şa hem öz ýanlaryna türkmen doganlaryny ýurdy edara etmek işine çekmändirler. Iki türkmen biri-birine göwnüýetmezçilikli garapdyr. Her kim özüni han saýypdyr. Netijede hem ganly çaknyşyklar bolupdyr. Ýurt başyna geçen türkmen serkerdeleri, ine, şu howp sebäpli, öz ýanlaryna türkmenleri çekmändirler. Türkmen serkerdeleriniň öz halkyna şeýle ýowuz, rehimsiz garamagyna beýik wezir biparh garap bilmändir. Ine, taryhda düýpli öwrenilmeli mesele. 20. Taňrynyň zemindäki ýaradan gudratlarynyň iň kämili, iň beýigi, iň paýhasly bolan ynsan million-million ýyl garaňky gowaklarda ýaşap, tebigy güýçleriň garşysyna göreşip, ýaşaýyş üçin jeňňellerde garpyşyp, birek-birek bilen gyrlyşyp, örän ýowuz hem gazaply döwürleri başdan geçirdi. Adamzadyň paýhasly ýaşaýşy onuň aly hezretleri Kitaby keramatlaşdyryp bilen zamanyndan başlady. Şol keramatly kitaplary döredenler Musa, Budda, Isa pygamber derejesine göterildi. Hakyň resuly, biziň Pygamberimiz Muhammet Aleýhissalam bolsa Gurhandan başlap, dört sany beýik kitabyň asmandan inendigine kepil geçdi! Sözi Allanyň derejesine çenli göterdi! Söz – beýik Allatagalanyň ynsana beren iň keramatly peşgeşi! Söz – ynsanyň miwesi! Ýöne ol miwe oňa Alla tarapyn berilýändir. Mukaddes, keramatly kitaplaryň döremegi bilen adamzadyň gara güýje sarpa goýýan zamanasy tamamlanyp, Söze – Paýhasa sarpa goýýan zamanasy başlanýar! Bular adamzadyň taryhyndaky iki sany äpet döwür. Adamzat üçünji etapyň öň ýanynda dur! Bu gün türkmen halky mukaddes kitaba garaşýar! Ol mukaddes Kitap Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhnamasy» bolar! dowamy bar. . Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |