08:08 Garaşsyzlyk oýlanmalary -3 / dowamy | |
21.
Publisistika
Taryhda şeýle bir mysal bar. Dünýäde ösen döwletler, ösen halklar öz döwletini gaty köp asyrlap saklap bilmeýär. Gadymy dünýäde Müsür görlüp-eşidilmedik derejede ösýär, ýyllaryň geçmegi bilen ol yzagalak ýurda öwrülýär. Mongollar bir zaman dünýäni basyp alýar, emma soň tozap ýatan çarwa ýurduna öwrülýär. Ýöne beýik Hytaýda bir imperatoryň dinastiýasy synany bilen, ikinji dinastiýa başlaýar. Hytaýda taryhyň hemme pursatynda diýen ýaly kuwwatly döwlet bar. Men şonuň bilen köp gyzyklanyp, ahyry hem şonuň sebäbini Konfusiden gördüm. Konfusini hytaýlylaryň pygamber sanýanam, Hudaý sanýanam, akyldar sanýanam bar. Konfusiniň taglymaty ähli taryh boýunça hytaý patyşalarynyň ýurdy edara etmekde platformasy bolupdyr. Konfusiniň taglymaty nämeden ybarat? Konfusiý: «Döwlet ullakan bir maşgala, maşgala kiçijik bir döwlet» diýmegi halaýar eken. Konfusiý: «Goý, ata ata bolsun, ogul ogul bolsun, hökümdar hökümdar, emeldar hem emeldar bolsun» diýen ýörelgäni döwlet ýörelgesi edýär. Şeýle diýildigi näme? Uly uly ýaly bolmaly, kiçi kiçi ýaly bolmaly. Öýde, şäherde, ýa ýat ýerde, tapawudy ýok, ýaşkiçi özünden ýaşulynyň sözlerini kanun hökmünde göräýmeli. Aga inini sylamaly, ini agany, ýakyn ýady hormatlamaly, ýat ýakyny! Hökümdar hökümdarlyk etmeli, emeldar emeldarlygyny! Diňe döwlete gulluk etmeli. Birek-biregi hormatlamak Konfusiý tarapyndan döwlet syýasatyna öwrülýär. Döwlet basgançaklary sylag-hormatdan düzülýär. Eýse, bu taglymat bize ýat taglymatmy? Ýok, türkmeniň ata-baba ýöredip gelýän gadymy ýörelgesi bu. Ulusyny sylan beg bolar! Türkmeniň ulusy kiçisine: «Inim» diýip, kiçisi ulusyna: «Agam» diýip ýüzlenýär. Garrysy ýaşyna: «Oglum» diýse, ogul ýaşulusyna: «Atam» diýýär. «Görogly» eposyna seredip görüň. Görogly beg haýsy ýurda barsa, bir garry adam bilen ataly-ogul bolýandyr. Bizde hem şeýle aragatnaşyk gaty ösýär. «Agam, inim, uýam, daýy, atam, oglum» diýen sözler türkmenleriň birek-birege ýüzlenende, iň ýörgünli sözlerine öwrüldi. Bu gowulykdan nyşan, bu gadymy ýol-ýörelgämiziň ýaňadan dikelmesinden alamat! Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen topragynda gaty köp özgerişlikler boldy! Ýüzlerçe zawod-fabrik gurlup, işläp başlady, agrar Türkmenistan ösen tehnologiýaly Türkmenistana öwrülip barýar. Bir syýasy hem ykdysady ulgamdan başga bir ykdysady, syýasy ulgama geçildi. Müňlerçe-müňlerçe fermerler, mülkdarlar, önüm öndürijiler, zawod-fabrik eýeleri, türkmen baýlary döredi. Dünýädäki iň güýçli ýarag – dil. Dünýädäki iň güýçli zat – söz. Sözüň güýjünden aňyrda güýç ýok. Söz ýurtlar arasyna sowuklyk salýar. Söz ýurtlary dogan edýär. Türkmenistanyň abraýynyň artmagynda halkymyzyň gülerýüzlüliginiň, hoşsözlüliginiň roly kiçidir öýdemok. Syrat köprüsi gyldanam inçemiş diýip aýdardylar. Syýasat – Syrat köprüsinden hem inçe. Magtymguly aýtmyşlaýyn, «Gara daşdan gara gyly saýlap bilýän gözli» döwlet ýolbaşçysy halkyny abadançylykda, agzybirlikde, bolçulykda ýaşadyp biler. Durmuş sözden başlanýar. Gýote: «Adamyň nähili adamdygyny bilmek üçin maňa onuň bilen bäş minut gürleşip görmek ýeterlik, men onuň soňky iki sagadyň içinde nähili gürrüň etjekdigini-de aýdyp bilerin» diýer eken. Söhbetdeş bolmak – özüňi tanatmak. Söhbetdeş bolmak – söhbetdeşiňe özüňi açmak. Söhbetdeşlikde seniň ruhy dünýäň açylýar. Beýik Türkmenbaşymyz ata-babadan döwletment, rysgally kişi, ol serdarlar neslinden. Edil şol bir wagtda-da onuň sadalygy, açyk, päkgöwünliligi onda türkmeniň öňden hormatlap gelýän sypatlarynyň jemlenendigi hakdaky pikire iterýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň keşbinde türkmeniň döwlet baştutany baradaky gadymy ideallary jemlenýär. Asylzadalyk, tutanýerlilik, akyl belentligi, göwün sadalygy, görmegeýlik, oýlanyşyklylyk hem töwekgellik – eger siz Ýusup Has-Hajybyň, Ahmet Ýügnekiniň eserlerini, «Oguznamalary», «Seljuknamany», «Gorkut atany» we beýleki gadymy eserlerimizi okasaňyz, onda türkmeniň patyşa baradaky ideallarynda şu hili häsiýetleriň jem bolanlygyny görersiňiz. Patyşanyň şahsy belentligi döwlet rowaçlygynyň, halk bagtynyň açylmagynyň baş girewi hasap edilipdir. Patyşanyň öz halky üçin açyklygy, olaryň arasynda hiç hili emeli diwaryň bolmazlygy halkyň söýgüsiniň güýçli hem tämiz bolmagyna getirýär. Beýleki döwletlere seredýäris weli, özüniň gündelik zähmet pursatlaryny halkyna doly ýetirip duran, halky üçin ýakyn bir hossara öwrülip giden, telewizor arkaly günde-günaşa halkynyň, her bir öýüň töründe oturyp, döwlet aladalaryny onuň bilen paýlaşyp bilýän özge bir döwlet ýolbaşçysyny biz-ä bilemzok. Halk Türkmenbaşa imrindi, Türkmenbaşy halka özüni aldyrdy. Halk bilen Prezidentimiziň şu hili köňül ýakynlygy barada oýlananyňda, meseläniň ruhy tebigatyna dahylly bir zat ýadyňa düşýär. Ruhumyzyň ýüze çykmasy bolan milli dilimizde soňky döwürlerde bir jümle, söz giňden ýaýrady. Olam «raýat» diýen sözdür. Biziň hemmämiz Türkmenbaşynyň, türkmen döwletiniň raýatlarydyrys. Raýatlar syýasy-ruhy bitewülik bolup duran döwletiň esasy şahs birlikleri, öýjükleridir. Raýatlar arasyndaky gatnaşyklar döwletiň baştutany bolan Prezidentde jemlenýär. Şonuň üçinem Prezident ol gatnaşyklary hukuk hem ruhy taýdan sazlaşdyryjy şahsyýetdir. Hezreti Magtymguly «bir döwlete gulluk etsek» diýip, arzuw edip geçipdir. Raýatlar döwletiň gullugyndadyrlar, döwlet raýatlarynyň goragyndadyr. Göräýmäge, diňe syýasy manyly bu gatnaşygyň düýpli ruhy mazmuny hem ähmiýeti bardyr. Milli-döwlet degişliligi indi biziň üçin düýpli görkezijileriň birine öwrüldi. Ruhumyzyň giňişliginde öň esasy iki degişlilik bardy. Men beýle diýmek bilen şuny göz öňünde tutýaryn: Biziň her birimiz Hudaýyň bendesi hem-de Muhammediň ymmatlarydyrys. Beýik Türkmenbaşynyň döremegi bilen bu ruhy ulgama ýene bir degişlilik gelip goşuldy. Şonuň üçinem biz indi şeýle diýýäris. Biz Hudanyň bendesi, Muhammediň ymmaty, Türkmenbaşynyň raýatlarydyrys. Saparmyrat Türkmenbaşynyň getiren ruhy täzelikleri ylymdyr sungata-da gönüden-göni degişlidir. Ol ylym bile sungatyň düýp manysy, durmuşa gatnaşygy meselesinde bütinleý täze ruhy ýörelgeleri öňe sürdi. Türkmenbaşymyzyň talaby bilen ylymdyr sungat howaýylykdan hem türkmeniň durmuşydyr ýüreginden daşlykdan saplanyp ugrady. Halkyň, döwletiň durmuşy, hajatlary bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk, durmuşda netije bermeýän ylymdyr sungat indi türkmene gerek däl. Bu Türkmenbaşynyň ruhy filosofiýasynyň esasy pursatlarynyň biridir. Özüniň dogrulygy boýunça ol türkmeniň öňden gelýän ýörelgelerine doly gabat gelýär. Döwletmämmet Azady halka, döwlete ruhy gujur berip bilmeýän alymlary üsti kitaply eşeklere deňäpdir. Nähili ýakymsyz hem gönümel, emma jaýdar hem hak meňzetme! Halkyň ruhuna dahyly bolmadyk ylym ýa sungat onuň üçin ýük, taryhyň çarkandakly ýollarynda onuň üçin asgynjaňlykdyr. Beýle artykmaç ýük milletiň fiziki kuwwatynam, ruhy gujurynam pese düşürýär. Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen durmuşy, türkmen geljegi bilen baglanyşykly däl ylmy pudaklaryň döwlet derejesinde perspektiwasyzlygyny yglan etdi. Şunuň bilen jemgyýetiň ruhy üpjünçiliginiň çägindäki ruhy, ýagny ylmy hem medeni gymmatlyklaryň zerurdygyny hem ýeterlikdigini nygtady. Adamzat hat-ýazuwynyň iň gadymy görnüşi toýun kitaplar hasap edilýär. Ine, şol gadymy döwür bilen baglanyşykly bir täsin gürrüň saklanyp, bize gelip ýetipdir. Şeýle uly wagt aralygyndan geçip (bäş müň ýyl töweregi) bize gelmegine, elbetde, ruhy sebäpler bolupdyr. Şonda, aýdylyşyna görä, gadymy akyldardan «Haçan ahyrzaman bolar?» diýip sorapdyrlar. Akyldar näme jogap berendir öýdýärsiňiz: «Haçan-da ekmäge ýer gutaranda hem-de adamlaryň bary emeldar bolanda». Ýetmiş ýyllyk ylym hem medeniýetde ruhy telperlikden beter emeldarlyk ýokundysy bardy. Çünki olaryň işinde durmuş bilen medeniýeti baglaşdyrýan ruhy mazmundan beter halkyň hasabyna ýaşamagyň usuly bolan emeldarlyk emelleri bardy. Ol emel kereplerini ýolup, durmuş, millet, döwlet bilen ruhy baglanyşyklary talap edýän Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu meseledäki beýikligini, gaýtalanmazlygyny, erkinligini görüp haýran galýarsyň. Türkmenbaşymyzyň ruhy sapaklary türkmen milli dil baradaky garaýyşlarynyň täzeliginde hem görünýär. Öňki döwürde: «Dil aragatnaşyk serişdesi» diýmek ýoň bolupdy. Munuň özi dil ýaly beýik hadysa tüýs ýöntem garaýyşdy. Serdarymyz diliň milletiň ruhuny aýan etmegiň özüdigini, ruhuň ýüze çykmasydygyny nygtap görkezdi. Onuň ruhy garaýyşlarynda türkmen dili öz mynasyp ornuny tapdy. Bu meselede onuň ýöredýän syýasaty durmuşylygy we dogruçyllygy bilen tapawutlanýar. Türkmen diliniň taryhy birnäçe ýüzýyllyklar bilen ölçelýär. Emma onuň mertebesi, abraýy hiç mahalam Türkmenbaşy eýýamyndaky ýaly belent derejä ýetmändi. Çünki bu diliň taryhynda diňe Türkmenbaşy türkmen dilini döwletiň dili diýip yglan etdi. Hatda beýik Seljuklar döwletinde-de türkmen diliniň beýle mertebä ýüzi düşmän eken. Milli diliň döwlet derejesine çykarylmagy onuň ösmegi üçin, onuň içki kuwwatynyň, şiresiniň hem baýlygynyň ýüze çykmagy üçin doly mümkinçilikler açýar. Dile döwlet hossar çykanda, onuň ösüşi jedelsizdir, geljegi kepillendirilendir. Milli dilde döwletiň özi gürläp ugranda, ana, şonda ol sözüň doly manysynda taryhy durmuşyň belentligine çykýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň dil taglymaty – munuň özi sözüň oňyn manysynda hem ideologoýadyr, hem täze filosofiýadyr. Dil filosofiýasy türkmen diliniň müňlerçe ýyllyk many hem struktura ösüşini özünde jemleýär. Döwlet diline öwrülende, edebi dil gutarnyklylyga hem giňlige eýe bolýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy göreldesi türkmen dilinde arassa, labyzly hem şirin gürlemegiň janly nusgasydyr. Döwletiň öz gündelik ýaşaýşynda türkmen diline geçmegi, habar serişdeleriniň, döwlet guramalarynyň, tutuş ykdysady, syýasy hem medeni edaralaryň türkmen dilinde sözläp başlamagy diliň ýaşaýşynda juda çylşyrymly, intensiw prosesi emele getirdi. Türkmen dili birnäçe ýyllap ýatyp-ýatyp, birdenem doly güýjünde işläp başlan bir enjamy ýada salýar. Bu ýerde problemalaram ýüze çykýar. Adalgalaryň saýlanyp alnyşynyň, ulanyşa girizmegiň düzgünleri, bu meselede bir çukura tüýkürmek ýaly meseleler bar. Türkmenbaşynyň taryhy aýgytlylygy bilen türkmen dili Türkmenistanyň çäklerinden daşary çykýar. Daşary ýurtlardaky türkmen dil şiwelerini öwrenmek, olaryň türkmen diliniň taryhyny aýdyňlaşdyrmakdaky ornuny kesgitlemek ruhy problemalar bolup ör-boýuna galýar. Milli döwlet, milli dil, milli ruh – biziň ileri tutýan ugurlarymyza öwrüldi, çünki bu ugurlar türkmen milletiniň güýç-kuwwatynyň ýüze çykýan pursatlarydyr. Heý-de biz Garaşsyzlykdan öň, türkmen üçin şeýle taryhy perspektiwa açylmanka, bu hili belentlikleri göz öňüne getirip bilermidikäk?! Aýdylyşy ýaly, soragyň jogaby onuň özündedir. Jogabyň oňynlygy-da düşnüklidir. Beýle oňynlygyň aňyrsynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy hyzmatlary, şahsyýet belentligi durýar. Ruhy plandaky şeýle beýiklik indi Bitaraplyk binasynyň beýikliginiň üstünde Türkmenbaşynyň heýkeliniň goýulmagy bilen öz simwoliki manysyny maddylaşdyrdy. Türkmenbaşynyň parasatlylygy bilen türkmeniň maddy durmuşy onuň ruhy hereketleriniň netijesi bolup durýar. Türkmenbaşy eýýamynda türkmen ruhunyň, aňynyň täze bir açylan sferasy – munuň özi syýasy aňdyr. Dünýä filosofiýasynda «söýgi filosofiýasy» diýen bir düýpli ugur bar. Ol ýerde söýginiň dürli görnüşleri aýdyňlaşdyrylýar hem-de olaryň hersiniň ruhy-filosofiki manysy teswir edilýär. Beýik Gýote: «Ýaşaýyş daragty hemişe gül açýar, ylym bolsa onuň bile deňeşdirilende, öçügsi, solgun görünýär» diýipdir. Gýotäniň beýikligini diý-ä! Dogrudanam, özüm-ä dünýäniň söýgi filosofiýasynda-da söýginiň real durmuşda gabat gelýän birnäçe görnüşleriniň hatda agzalmandygyny görüp, geň galdym. Şol bellenilmedik söýgüleriň biri-de dörediji şahsyýetiň öz döreden zatlaryna bolan söýgüsi, mähridir. Aýdaly, ine, şahyrlaryň arasynda ýörgünli bir tema bar, olar bu hakda geň-enaýy şygyrlaram döredýärler. Şahyryň öz ýüreginden, bagryndan çykan goşgularyna bolam yssy mähri! Munuň özi filosofiýada, psihologiýada köp geň-taňlyklary, täsinlikleri, syrlary açyp biljek ajaýyp ruhy hadysadyr. Şahyrlar öz şygyrlaryna ruhy perzentleri hökmünde garaýarlar. Ol şygyrlar okyjynyň kalbyna siňip, onuň ruhunda hem duýgularynda täze bir sferany – estetiki aňy kemala getirýärler. Edil şular ýaly täsin ruhy hadysalara dörediji şahsyýetiň başga bir tipiniň – döwlet işgäriniň durmuşynda-da syn edip bolýar. Garaşsyz hem Bitaraplyk türkmen döwleti Saparmyrat Türkmenbaşynyň parasatly ruhunyň perzendidir. Ol Türkmenbaşynyň ruhy-syýasy ylhamynyň önümidir. Bu döwlet Türkmenbaşynyň syýasy genisinden döredi we türkmen raýatlarynyň ruhunda täze sfera – syýasy aňy kemala getirdi. Munuň özi adamyň fiziologiki gurluşyndan mysal alyp deňeşdireniňde, üçünji gözüň açylmagy ýaly bir zatdyr. Türkmen halkynyň dünýä gatnaşygynyň täze ugry hem-de täze ölçegleridir. Pikir edip görüň, şahyr seniň ygtyýaryňa öz goşgularyny berýär, sen okaýarsyň, üýtgeşik ruhy ahwalatlary başdan geçirýärsiň, dünýäniň öň güman edilmedik täze taraplary açylýar. Edil şonuň ýaly biz – türkmenler dünýäni ruhy-syýasy görüşi başdan geçirip, aňyň täze bir formasyna eýe bolduk. Türkmenbaşy bize bitewülik berdi, özümizi bitewülik, birlik hökmünde duýmaga mümkinçilik berdi. Türkmenbaşy türkmen döwleti türkmen milleti. Bu üçburçluk ruhy gatnaşyklaryň täze türkmen modelini berdi. Türkmenbaşynyň tahýalyja türkmen balalarynyň başyny sypalap duranyny görenimizde, kalba dolýan buýsanç, guwanç hem mertebe duýgusyndan ýaňa gözümize ýaş aýlanýar, ol duýgularymyz ýürekden gaýdyp, gözümizden nem bolup çykýar. Neneň buýsanmajak?! Sen söýginiň täze bir hilini – ruhy-atalyk söýgüsini synlaýarsyň ahyryn. Ata perzendiniň hossarydyr. Hossar bolsa daşyny goraglaýar, ezizligiňi duýduranok, seniň eliňden tutup, seni belentliklere alyp çykýar. Şonuň üçinem köneler atany Hudaýyň ornunda görüpdirler. Şonuň üçinem biziň dilimizde häli-şindi «Türkmenbaşynyň atalyk aladalary» diýen jümleler ýaňlanýar. Görşüňiz ýaly, munuň özi howaýy ýa owadanlaşdyrylan sözler däldir. Çünki olaryň anyk hem çuňňur ruhy-filosofiki esaslary bar. Türkmen ruhunda açylan syýasy gözýetimler ata aladalary, ata mähri, ata käýinji ýaly düşünjeleriň milletiň syýasy barlygy bolan döwlet bile ony dörediji şahsyýetiň aragatnaşygy babatda ulanmagyň ýerlikli hem anyk, gunt ýaly agramly, manyly boljakdygyny görkezýär. Türkmenbaşynyň sosial özgertmeleriniň ruhy manylary barada biraz gürrüň edeliň. Pýotr birinjiniň döwründe ykdysady, sosial hem hojalyk hajatlary halkyň öňden gelýän durmuşy, ruhy endikleri, pikir galyplary bilen ters düşüpdir. Eýsem-de bolsa, bu problema beýik sosial özgertmeleri amala aşyran ähli beýik şahsyýetleriň – döwlet işgärleriniň çaknyşan meselesi bolupdyr. Pýotr bu meselede çürt-kesik hereket edipdir, ol elini ýa aýagyny çykaran adama dözümli, gaty dözümli tebibiň çemeleşişi ýaly, aýgytly hem garadangaýtmaz bolupdyr. Çünki onuň şahsyýeti, ýasawy şeýle gömelteý eken. Biziň mähriban Türkmenbaşymyzyň sosial özgertmeler babatynda ondan, ýene-de birnäçe döwlet işgärlerinden beýik artykmaçlyklary bar. Türkmenbaşyda, bir tarapdan, hökman bolaýmaly güýçli syýasy erk bar. Onuň ahlak ynamyndan hem ahlak kuwwatyndan gaýdýan syýasy erki raýatlaryna diýenini etdirmäge, geljekki ýaşaýşyň maksatlaryna laýyklykda jemgyýeti täzeden gurnamaga ýol açýar. Şeýle syýasy hem ahlak erkiň bolmasa, iň derwaýys pikirleriňem, iň ýerine düşäýjek meýilleriňem bahasynyň kör köpükdigini taryhyň faktlary tassyklaýar. Pikiri, maksady amal etjek erkiň ýok ýerinde pikiriň bir özünden ne peýda?! Emma Türkmenbaşynyň sosial özgertmeleriniň ruhy tarapy dogrusyndaky gürrüňi eýýäm jemledim etmek onuň sosial-ruhy keşbiniň diňe ýaryny suratlandyrmak bolardy. Türkmenbaşymyzyň bu meselede gaýtalanmazlygyny syýasy erkiniň güýçlüliginden başga ikinji faktor üpjün edýär. Bu faktor onuň çeýeligi hem seresaplylygy, türkmençe aýdanyňda, arkalylygydyr. Hut şu syratlary hem häsiýetleri mynasybetli, Türkmenbaşy türkmen jemgyýetini sosial dartgynlyksyz hem partlamasyz täze ýörelgelere ýuwaşlyk bilen ugrukdyryp goýberdi. Aýdylyşy ýaly, ol hatda garynjanam ynjytmady! Halkyny ynjytman-agyrtman, öz sosial maksatlaryňa ýetmeklik, halkyňy ynjytmazlyk, şol bir wagtda-da onuň psihologiýasyny, köne durmuşa, möwriti öten jemgyýetçilik endiklerine ram eden edem-gylymyny üýtgedip goýbermek – her bir görnükli taryhy şahsyýet şunuň hötdesinden geläýermikä?! Tas mähelläniň derejesine çenli pese düşen köpçüligiň, «maňa azar berme!» diýen terzde hereket edýän, oýlanýan köpçüligiň ýaşaýyş obrazyny üýtgetmek – munuň özi sosial-syýasy gahrymançylykdyr! Erklilik hem ýumşaklyk – agyzlylyk hem polady ýumşaklyk – ine, biziň Türkmenbaşymyzyň ruhy ýasawynda göräýmäge biri-birini çürt-kesik inkär edýän şeýle sypatlar tebigy suratda jem bolandyr. Şol utgaşyk hem türkmeni köp howplardan aman gutardy, onuň ýaşaýyş gämisi taryhyň apy-tupanlaryndan sag-aman geçmäni başardy, çünki ol gäminiň şturwaly ynamly ellerde – Türkmenbaşy ellerindedir. Öz başy aman, malynyň başy tükel, öz aýdyşy ýaly, türkmeniň bitiniňem burny ganamady. Biz häzir Prezidentimiziň bu artykmaçlyklaryny diňe tekrarlap oňýarys, emma onuň düýp sebäplerini tapardan hem olary görkezerden entek ejizdiris. Şonuň üçinem bu ägirt şahsyýetiň köp ruhy sypatlary, ol sypatlaryň üýtgeşik utgaşygy biziň üçin fenomen – geň-taňlyk derejesindäki hadysalar bolup durýar. Elbetde, hemme kişiniň göwnünden turup bolmaz. Jemgyýet özüniň temperamenti, ýasawy, ahlak kämilligi boýunça deň bolmadyk adamlardan durýar. Şonuň üçinem olaryň her birine deň täsir etjek hereketiň bolmagy mümkin däl. Jemgyýetiň sosial hem ykdysady kämilligini, ösüşini gazanmak döwletiň gös-göni mümkinçiligindäki zatlar. Emma kämilligi iki hili topara bölmek mümkin: daşky kämillik hem içki kämillik. Ýokarky agzan ösüşlerimiz daşky kämillige girýär. Içki kämillik bolsa adamyň ruhy kämilligidir, öňküden tapawutlylykda, içki kämilligiň amal bolmasyna döwlet gös-göni däl-de, gytaklaýyn täsir edip bilýär. Bu ýerde esasy işi adamyň özi etmelidir. Adam öz-özüni kämilleşdirmegiň ugrunda işlemelidir. Bu onuň döwletiň öňündäki raýatlyk, ahlak borjudyr. Ýöne döwletem içki kämilligiň özüne bagly daşky faktorlaryny üpjün edip bilýär. Türkmenbaşynyň «Ruhnama» kabul etjekligi hem şol üpjünçilik bilen baglanyşyklydyr. Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhnamasynda» türkmeniň ruhy taryhynda işlenip düzülen ähli ruhy düşünjeler özleriniň bar filosofik çuňňurlygynda giňişleýin aýan hem beýan bolar. Ol düşünjeleriň içki ruhy, intellektual hem emosional mazmuny adamlar düşüner hem olara täsir eder ýaly derejede döwrüň ruhuna laýyklykda, taryhy perspektiwa laýyklykda açylyp görkeziler. Ol düşünjeleriň baky hereketlendiriji ahlak güýji janly, hereketdäki energiýa görnüşine getiriler. Bir akyldaryň aýdan sözi bar: «Adaty zehinleriň urýan nyşanasyny özlerem görýär, il hem görýär… Genileriň urýan nyşanasyny bolsa diňe olaryň özi görýär. Ýogsam weli öňkülerem, soňkularam nyşanany gowy urýarlar». Geniler hakdaky şu ajaýyp hakykaty Türkmenbaşymyzyň ruhy genisi hakynda ulanmak mümkin. Sowukganlylyk, arkalylyk bilen ol indi birnäçe ýylyň dowamynda türkmeni geljege sary alyp barýar. «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer» diýipdir könelerimiz. Biziň käbirlerimiz howlugýarys, emma taryhy ýaşaýşyň ruhy tudanalarynyň haçan, näwagt, nä ýagdaýda bişjekdigini Türkmenbaşymyz gaty oňat bilýär. Şonuň üçinem türkmen oňa öz ykbalyny doly ynandy, onuň şol ynamynda ýalňyşmandygyny bolsa parahatlykda, agzybirlikde hem süýjülikde geçen hem geçýän ýyllar aýdyňlygy bilen görkezip durlar. Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly beýik taryhy şahsyýetler döwletiň ykdysadyýetiniň aladasyny gündelik işine öwürýärler. Çünki döwletiň ykdysadyýeti – milletiň fiziki, beden gujurynyň görkezijisidir. Biz Türkmenbaşymyzyň öz ýurduna aýlanmany gowy görýändigini bilýäris. Çünki Watanymyzyň dürli künjeklerine barmak, görmek onuň aňynda geljek bilen dahylly, döwleti baýatmak hem gurplandyrmak bilen baglanyşykly maksatly pikirleri oýarýar. Türkmen gazyny dünýäniň çar tarapyna çekmek bilen baglanyşykly planlar şeýle hakykata mysal bolup biler. Bu işde ol öz egindeşleri bilen geljegiň onlarça ýyllyk planlaryny işledi. Geljegiň pikirini etmek, maksat tutmak – munuň özi hyýallaryňy şu günüňki ýaly reallyga öwürmek ahyryn. Ykdysadyýeti hem Türkmenbaşynyň beýik ruhy herekete getirýär. Bir adamyň ruhy kuwwaty müňlerçe kilomert ýerlere gaz çekýär – ine, ruhuň fenomeni. 22. Bizde şeýle bir düşünje bar: «Urman-sögmän, gürlet». Adam gürlände, onuň ähli dünýäsi, «gapysy» açylýar. Ähli dünýäsi, «gapysy» açylansoň, adamy tanamagyň müşgili ýok. Gaty sowatly, mertebeli kişidir diýeniňem käte pak çykaýýar. Adamlar käte gürläp, abraý gazanýandyrys öýdýärler. Özüni tanadyp, matlabyny ýaýyp gidendigini özünden özgeler bilýär. Özi welin düşen gününi bilmeýär. Söz – patyşa. Öz patyşaňa hormat goýmaly. Adamyň sözi onuň akylynyň terezisidir. Men bu setirleri sözüne nazym berip, gygyryp, wezipe hantamaçylygy bilen çykyş edýän adamlary görenimde, olar üçin utanýandygymy nygtamak üçin ýazdym. Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň alynmagy bilen biziň üçin geçmiş edebiýatymyzyňam, dünýä edebiýatynyňam estetiki-çeperçilik baýlyklaryny aňly-düşünjeli özleşdirmäge uly mümkinçilikler açyldy. Dünýä edebiýatynda edebi metodlar – realizm, romantizm, fantastika, dürli stiller, dürli žanrlar bar. Bu meselede biziň Garaşsyzlygymyza hyzmat etjek islendik ýörelgeler biziň üçin gymmatlydyr. Garaşsyzlyk ideologiýasyny guraksy, boş sözleriň üsti bilen adamlaryň aňyna ýetirip bolmaz. Munuň üçin adam kalbyna çuňňur täsir edip bilýän, çeperçilik taýdan düýpli eserler gerek. Biziň nusgawy edebiýatymyzyň çeperçilik gazananlary bu meselede esasy çeşme bolup biljek. Nusgawy edebiýatda poeziýa-da bar, kyssa-da, realizm hem bar, romantizmem, fantastika-da bar, mifologiýa-da. Ýetmiş ýyllyk edebiýat hakynda aýdylanda, ol ýüzlerçe ýyllyk türkmen edebiýatynyň taryhynda çeperçilik taýdan pes döwürleriň biri boldy. Ol edebiýatyň umumy kemçiligi – özgä öýkünilip ýazylanlygydyr. Ähli temalar, ideýalar, obrazlar hökman başga ýerden göçürilendi. Diýmek, ol özboluşly milli ruhdan mahrum edebiýatdy. Başga ýerden alnan ideýalaryň hem temalaryň sulbasydy. Muňa aň ýetirmek üçin üýtgeşik akyl ýa sowatlylyk gerek däl. Şol döwrüň merkezi edebiýaty bolan rus edebiýatyndan ähli türkmen eserleriniň diýen ýaly asylbaşky nusgasyny tapyp bilersiňiz. Öýkünme esasynda döredilen, öýkünjeňlik häsiýetinde ýazylan edebiýat halkyň ýüreginde uzak wagtlap mekan tutup bilmeýär. Elbetde, aýdylanlar umumy baha. Ýöne ol umumylygy bilenem dogry bahadyr. Degişli döwrüň edebiýat ylmy-da öýkünjeňlik häsiýetinde boldy. Bu gün biz edebiýatymyzyň, edebiýaty öwreniş ylmymyzyň taryhyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhubelentlik ýolunyň nukdaýnazaryndan täzeçe seretmeli. Taryhy dogruçyl beýan etmeli edebiýatymyzyň taryhy hakda ýalňyş garaýyşlaryň bolmazlygy üçin, türkmen edebiýatynyň köp tomlugy neşir edilse, gowy boljak. 23. Watana bolan guwanç duýgusy türkmeniň ýüregindäki esasy duýgularyň biridir. Türkmen bu gün öz ykbalyny özi gurýar, öz Garaşsyz döwletine eýe bolýar. Munuň özi ruhy, ahlak, psihologik babatda örän düýpli özgerişlikleri döredýär. Şol düýpli özgerişlikleri inçeden suratlandyrmany başarmaly. Prozada roman ýaly uly žanrlaryň ösüş depgini has güýçli bolýar. Sebäbi uly eserler durmuşy has giňden suratlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýazyjylaryň öz raýatlyk borjuna çuňňur düşünmegi bu işde esasy itergileriň biri bolar. Proza eserleri biziň nusgawy edebiýatymyzdaky milli kyssa formalaryny, dessanlaryň žanr aýratynlyklaryny döredijilikli özüne siňdirýär. Türkmen publisistikasy operatiw žanr hökmünde Garaşsyzlygymyzy wasp etmekde hem ile, dünýä ýaýmakda gaty köp işler bitirdi. Ol «Halk! Watan! Türkmenbaşy!» diýen ideýany adamlaryň aňynda berkitmek üçin öz mümkinçiliklerini oňat ulandy. Häzirki poeziýada, publisistikada Türkmenbaşynyň obrazynyň (keşbiniň) döredilmegine, ýaýbaňlandyrylmagyna ýaňy gürrüňi edilen estetiki ideal meselesiniň çäginde seretmek mümkin. Halkyň bir agza bakmagynyň zerurdygy bu gün has äşgär duýulýar. Munuň özi döwletiň ideologiýasy üçin zerurlykdyr. Beýik şahyrymyz Magtymguly: Agyr döwletler aýrylar Bir agza bakmaýan ärden – diýip, welilik bilen aýdypdyr. Bu sözler, bu pähim ýöne bir aýdylaýan zat bolman, türkmeniň taryhy tejribesiniň iň esasy sapaklarynyň biridir. Magtymguly Pyragy hem halkynyň beýik akyldary hökmünde şol taryhy tejribäni çeperçilik taýdan umumylaşdyrypdyr. Şonuň üçinem türkmen halkynyň döwlet baştutanynyň çeper publisistikadaky keşbi kanunalaýyklykdyr. Ol keşp özboluşly simwol. Munuň özi türkmeniň syýasy garaşsyzlyga, ykdysady özbaşdaklyga hem ruhy azatlyga çykmagynyň simwoly. Şu günki hem geljekki türkmen nesilleriniň şeýle pbraz arkaly terbiýelenmegi edebiýatyň esasy funksiýalarynyň biriniň – terbiýeleýjilik funksiýasynyň amala aşyrylýandygyny aňladýar. Türkmen halkyny näçe ýyllaryň dowamynda ruhuna ýat, ahlagyna ýat ideýalar arkaly terbiýelejek boldular. Elbetde, bu halkyň ýüreginde ýer tutmady. Çünki halk diňe öz milli gymmatlyklary bilen ruhdaş gopýan ideýalary hem ideallary kabul edýär. Oguz han, Gorkut ata, Magtymguly, Görogly ýaly şahsyýetleri halk ýadyndan çykaraýmandyr-a! Türkmenbaşynyň obrazynyň edebiýatda, sungatda ör-boýuna galmagyny-da şol aňyrdan gelýän edebi däbiň dowamy diýip aýdyp bolar. Halkyň ynamynyň bir kişide, bir şahsyýetde jemlenmegi ruhy taýdanam, ahlak taýdanam, psihologik taýdanam maksadalaýykdyr hem dogrudyr. Munuň özi halkyň özüniň Serdar bilen bitewi bir göwrä öwrülýändigini aňladýar. Beýle bolmadyk halatynda halkyň ynamynyň böleklenjekdigi, onuň ýaşaýşynyň dagynyklyga düşjekdigi görnüp dur. Türkmen dagynyklygy kän gördi. Onuň nähili gymmata düşýändigini-de her kimden gowy bilýar. Şonuň üçinem syýasy lideriň, döwlet baştutanynyň obrazy halkyň ynanç ýörelegeleriniň, ahlak gymmatlarynyň özeni bolmagy tebigy zatdyr. Munuň özi biziň Jebislik, Agzybirlik syýasatymyza doly gabat gelýär. 24. Türkmen halk döredijiliginde Agzybirlik ideallary öz giň beýanyny tapypdyr. Türkmeniň milli özboluşlylygyny kepillendirýän halk sungatynda – halylarda, keçelerde, dürli senetçilik önümlerinde, türkmen folklorynyň dürli žanrlarynda halk öz ideallaryny beýan edipdir. Bizde entek türkmen halkynyň bitewi etniki taryhy ýazylanok. Emma weli bu iş türkmen alymlarynyň, medeniýeti öwrenijileriniň, ýazyjylarynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenler halk hökmünde häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda kemala geldi. Onuň ata-babalary-da şu toprakda ýatyr. Türkmeniň etniki gelip çykyşy bir däl, dürli ylymlaryň, edebiýatyň, sungatyň, diliň sansyz maglumatlary esasynda ylmy taýdan anyklaşdyrylmaly mesele. Şonuň üçin bu meselede hemmeleriň bitewi tagallasy gerek. Türkmeniň taryhy barada ýazylan işler kän. Ýadyma düşýär, sowet döwründe düşürilen filmleriň birinde bir gahryman «türkmen taryhyny ýazyp oturan adam bolmandyr» diýýär. Öz-özüňi kemsitmek milli mertebäňi depgilemekdir. Türki halklaryň içinde türkmenler ýaly taryhy doly hem giňden beýan edilen halk ýokdur. Muny biz aýdamzok, dünýä belli taryhçy akademik W. Bartold ýazyp gidipdir. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döredilmegi bilen türkmen taryhyny dogruçyl ýazmaga giň mümkinçilikler açyldy. Türkmeniň antropologik keşbi, maddy medeniýeti onuň ata-babalarynyň b.e. öňki asyrlarda-da şu toprakda ýaşaýandygyny doly subut edýär. Ylmyň dürli ugurlaryna degişli materiallary toplabermeli. Emma materiallaryň, faktlaryň dogry logikasyny açmany başarmak üçin dogry teoriýaň bolmaly. Biziň taryha garaýyşlarymyz entegem taryha marksistik düşünilişden doly saplanyp bilenok. Marksizm taryhy birtaraplaýyn düşündirýär: hamana, taryh aşakdan ýokaryk, bir liniýa görnüşinde gidýärmiş. Munuň ýaly ýöntem ülňi bilen türkmeniň taryhyny düşündirip bolmaz. Milletiň taryhy tolkun görnüşinde-de ösüp biler: kä ýokary galýar, kä pese düşýär. Etniki taryh meselesinde-de şeýle. Marksistik teoriýa görä, ilki tireler, taýpalar, soň halk, millet döreýärmiş. Emma türkmeniň taryhy bu shema gabat gelmeýär. Milletiň ösüşi yza serpilende, tire-taýpa gaýtadan döreýän wagtlary bolupdyr. Birgiden milletleriň täze döreýän halklaryň düzümine taýpa bolup girýän mahallary bolupdyr. Diýmek, bu etniki birlikleriň döremegi belli bir taryhy formasiýa bagly däldir. Edil şonuň ýaly, tire-taýpa halk, millet bilen deň taryhy wagtda, onuň düzümi görnüşinde ýaşamagyny dowam etdirip bilipdir. Munuň özi dürli taryhy şertler bilen şertlendirilipdir. Garaz, öwrenmeli zat kän. Aýtjak bolýan zadym – ylma täze teoretiki konsepsiýalar, täze teoretiki modeller zerurdyr. Munuň üçin bolsa öňki ideologik galyplardan çykmak gerek. Ine, mysal üçin, «tire», «taýpa» düşünjeleri bar. Jemgyýetçilik aňynda türkmenlerde olaryň arasynda berk çäk goýulmaýar, bir-biriniň ornuna-da ulanylyp ýör. 70 ýyllyk ideologiýada weli alaga-da olary «plemýa» düşünjesi bilen bir zat hasap edildi-de, olara etniki birlik hökmünde garaldy. Emma bular etniki toparlar däl-ä. Eger şeýle garalsa, onda halk, millet derejesine ýetilmändigi bolýar. Beýle diýilse, onda türkmenler biziň eýýamymyzyň ilkinji döwürlerinde halk, millet hökmünde kemala geldi diýlen, ýalana çykaryp bolmajak maglumata nähili düşünmeli?! Şonuň üçinem ol düşünje gutarnykly etniki birligi däl-de, ykdysady ukladyň manysyny berýän bolaýmasyn?! Orta asyr musulman ylmynda-ha olar köplenç dini toparlar manysynda ulanylýar. Umuman, musulman aňynda, ylmynda düşünjeler gaty köp manylylygy bilen tapawutlanýar, şol bir aňlatmalar her hili mazmuny berip dur. Biziň döwrümiz – täzeleniş döwri. Özem, öňküler ýaly, il gözi üçin ähli zadyň ýöne ýüzjagazynyň däl-de, binýatlaryň, esaslaryň täzeden gurulýan döwri. Mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze milli filosofiýasynyň, milli ideologiýasynyň emele gelýän döwri. Şol prosesi dolandyrmak üçin Türkmenistanda syýasy erk ýeterlik. Türkmen döwleti esasy ideologik ýörelegeleri görkezip biler. Alymlar köpçüliginiň, ýazyjy-şahyrlaryň uly fiziki hem ruhy energiýasy şol ideologiýanyň durmuşa geçirilmegine sarp edilýär. Esasy zat şu prosesiň bitewüligini, okgunlylygyny hem praktiki netijeliligini üpjün etmekdir. Şonda türkmen halkynyň Ruhy taýdan galkynyşy has-da beýgeler. Eýýäm başlanan bu prosesi soňuna çenli alyp gitmäge şertler bar. Iň esasy zat – edilmeli işler aýdyň, ýetilmeli pellahana aýdyň. Bu aýdyňlygy biziň mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy döretdi. 25. Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň taryhy ömründe täze eýýamy – Türkmenbaşy eýýamyny açdy, milletiň ömrüne ömür goşdy. Munuň özi, ilki bilen, ruhy eýýamdyr. Bu ruhy eýýamy dörediji Türkmenbaşy ony türkmeniň asylky, gadymky ruhy düşünjelerinden hem garaýyşlaryndan bejerdi. Ol asylky türkmen garaýyşlaryna ýokary derejede ruhulyk mahsusdyr, durmuşy, onuň ähli taraplaryny ruhy mana-mazmuna ýugurmak mahsusdyr. Geçen ýetmiş ýylyň içinde diňe syýasy ýa hojalyk, ýa ykdysady manysy hem äheňi bolan zatlar indi çuňňur ruhy mazmuna eýe boldy. Mysal üçin, öňler «döwlet» sözüni syýasy bir ýokundyly düşünje diýip bilýärdik. Emma Türkmenbaşy eýýamynda döwlet hem döwletlilik özüniň asylky manysyna gaýdyp gelip, diňe syýasy däl, eýse çuňňur ruhy-filosofiki manyly düşünjelere öwrüldi. Edil şonuň ýaly-da öň «azyk, iýmit» ýaly maddy, hojalyk ýokundyly kategoriýalar biziň aňymyzyň tebigatyny hem häsiýetini kesgitleýärdi. Görnüşi ýaly, ol pes, utilitar, maddy eklenjiň aladasynda, gün görmäniň, has türkmençe aýdylanda, gara garnyň ugrunda gezýän adamlaryň aňynyň ölçegleri hem çäkleridir. Indi bolsa köpümiziň özümiz bilmezden dilimiziň gündelik ýaşaýşyna rysgal, döwlet, bereket ýaly sözler gaýdyp geldi. Aslynda, aňladýan zatlaryndan ugur alyp gaýtsaň, bularyň – öňküleriň hem soňkularyň şol bir predmetleri aňladýandygyny görüp bolýar. Emma bularyň arasynda ägirt uly ruhy aradaşlyk bardyr. «Azyk ýa iýmit» garny doýurmanyň serişdesidir, emma «rysgal» weli sözüň hakyky ruhy manysynda adam bolmanyň, özüňi «adam» diýip duýmanyň serişdesidir. Bu nämäni aňladýar?! Bu biziň ruhumyzyň beýgelendigini aňladýar! Türkmenbaşynyň eýýamy – rysgalyň hem bereketiň, döwletiň hem döwletliligiň eýýamydyr. Türkmenbaşy eýýamynda ýürekden çykan pikirler durmuşymyzy kesgitläp ugrady hem biziň durmuşymyza belent ruhulyk manysyny berdi hem ruhy öwüşgin çaýdy. Hatda diňe baýlyk meselesinde däl, eýsem garyplyk düşünjeleri babatda geçen döwürde ruhumyzyň näderejede ýöntemleşendigini, zatlaşandygyny görüp haýran galýarsyň. Garyplyk – maddy ýetmezçilik diýip düşünildi. Garyplyk – pes pällik, emma şol bir wagtda-da ruhubelentlikdir, çünki durmuşyň ýetmezçiliklerinden ýokary galmakdyr, öz ruhuňy dürli nogsanlardan azat etmekdir. Saparmyrat Türkmenbaşy ruhy düşünjeleri biziň aňymyzda hem durmuşymyzda kesgitleýji faktorlara öwürdi. Ol bizi ruhy taýdan azat etdi. Ol bizi ruhy taýdan halas etdi, ruhumyzy ýöntemlikden, ýalpaklykdan, betnyşan maddylykdan halas etdi. Indi görseň ruhumyzam çuňlaşyp, dünýädir ömürlerem ýürek telwasladyjy manylaşyp, dilimiz labyzlaşyp, sözlerimiziň süýjüsi artyp, terligi açylyp barýandyr. Türkmenbaşynyň eýýamy – türkmeniň gitdikçe türkmenleşýän eýýamydyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamy – ruhumyzyň mazmunyny üýtgeden, has dogrusy, ruhumyzy jana getiren eýýamdyr. Türkmen ideologiýasynyň çeşmeleri biziň edebi geçmişimizde ýatyr. Türkmeniň ýüzlerçe ýyllyk edebi ösüşi köp ruhy tejribeleri ýygnapdyr. Ine, hemmämize tanyş şahsyýeti – Döwletmämmet Azadyny ýatlalyň. Döwletmämmet Azady türkmeniň taryhy ykballary hakda aňly-düşünjeli pikir eden, ony öz döwrüniň ruhy hem ahlak, moral hem intellektual krizisinden alyp çykmagyň ýollaryny gözlän akyldarlaryň biridir. Şeýle akyldarlaryň öňe çykmagynyň faktynyň özi milli öz-özüňi aňlaýşyň ýeten derejesini görkezýär. Döwletmämmet Azady özüni dini-ruhany şahsyýet hökmünde duýsa-da, onda örän güýçli analitiki-taryhy paýhas bolupdyr. Onuň öňe sürýän pikirleriniň teoretiki esaslylygy, filosofiki binýatlylygy haýran galdyrýar. Azadynyň eserleriniň diliniň janly gepleşik dilinden düýpli tapawutlanýandygy aýdylýar. Dogry, emma bu onuň öz halkynyň dilini bilmändigini aňlatmaýar. Azady öz halkynyň ýüreginiň hem paýhasynyň dilini gaty gowy bilipdir, bu babatda onuň deňine ýetenler, şol sanda ony dil meselesinde tankytlaýan adamlaryň arasynda-da az-azdyr. Azadynyň eserlerindäki gahryman türkmen milli psihologiýasynyň etalonydyr. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» atly baş, ömür kitaby bar. Bu eserinde biz türkmeniň döwlet hakyndaky milli flosofiýasyny görýäris. Eseriň eýýäm gurluşynyň özi onuň jemgyýete garaýşyny aňladýar. Dört babyň birinjisinde patyşa hakynda aýdylýar. Patyşa – döwletiň syýasy gurluşynyň ýolbaşsyçy. Haýran galmaly, Azady bu ýerde patyşa bilen işleşmeli adamlary görkezipdir. Munuň özi biziň häzirki zaman mejlisimizi ýada salýar. Soňky baplaryň biriniň baýlara-garyplara bagyşlanmagy nämäni aňladýar? Munuň özi «jemgyýetdäki sosial ylalaşygy, raýatlaryň asudalygy» diýilýän häzirki düşünjäniň aňladylmasydyr. Soňra alymlar – jemgyýetiň intellektual güýçleri, derwüşler – jemgyýetiň moral, ahlak arkadaýançlary barada örän paýhasly ideýalar öňe sürülýär. Azadynyň eserindäki bir epizod gyzyklydyr: iki sany patyşa özara gürrüň edýärler. Biri ikinjisine aýdýar: «Näme üçin seniň döwletiňde alymlar, şahyrlar bar, sen, gowusy, goşunyňy, esgerleriňi köpelt, olar seniň döwletiňi has berk saklarlar». Birinjisi şeýle jogap berýär: «Hawa, ýöne alymlar meniň duşmanlaryma esgerlerden has uly zarba urup bilerler. Olar diňe ýerdäki däl, gökdäki duşmanlarymy-da ýok ederler» diýýär. Nähili ajaýyp döwlet filosofiýasy! Ýöne şahyryň eseri şu günki okyjy üçin düşnüksiz. Şahyryň eserleriniň şu günki dilimize çeper terjime edilmegi gerek. Okyjylar Azadynyň eserlerini edil Keminäni okan ýaly heziller edip okasalar, gör, nähili gowy boljak! Diňe bir Azadymy? Ýok, başga-da örän köp şahyrlarymyz bilen halkymyzyň arasynda dil diwary bar. Biz taryhdan köp şahyrlarymyzyň bardygyny bilýän hem bolsak, olaryň eserleri hakda suwytly zat bilmeýäris. Biz şu günki günde dili şu günki okyjylarymyza düşnükli bolmadyk şahyrlarymyzyň eserlerini çeper terjime etmegi, özem ol eserleri terjime etmegi bäsdeşlik esasynda guramaly. Beýik şahyr Rumynyň, Enweriniň, Muezziniň, As Sulynyň we beýleki ýüzlerçe şahyrlaryň eserlerini halk şu günki dilinde okamalydyr. Bu uly mümkinçiligi, bagty bize mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy berdi! 26. Biz Garaşsyz döwletimizi jar edenimizden Magtymgula uly üns berip başladyk. Türkmeniň kalbynda müdimi orun eýelän bu şahyryň filosofiýasyny mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy döwlet ideologiýamyzyň gönezligi diýip yglan etdi. Sebäbi şahyryň Agzybirlik ideýalary, döwletlilik filosofiýasy, milli hem sosial ylalaşyga çagyrýan pikirleri biziň üçin esasy gymmatlyklardyr. Olar biziň bu günki ýöredýän syýasatymyza gaty dogry gelýär. Şahyryň döredijiliginiň şeýle ähmiýetliligi üçin ony mähriban Serdarymyzyň öwredişi ýaly, hemmetaraplaýyn öwrenmek gerek. Şu ýerde-de ýene täze usullar hem täze çemeleşişler zerurdyr. Elbetde, bu gün beýik şahyry öwrenmek, onuň dürdänelerini dünýä ýaýmak boýunça edilýän işler az däl. Žurnalistlerimiz şahyryň döredijiligini ile ýaýmakda uly iş edýärler. Ýöne biz Magtymgulynyň dünýä edebiýatynyň wekili hökmünde tanalmagy babatda-da köp işleri etmelidiris. Onuň döredijiligi Gündogar edebiýatynyň, dünýä edebiýatynyň kontekstindäki manysy tarapyndan öwrenilmelidir. Şondan soň onuň edebi mirasynyň öňünde öz borjumyzy ýerine ýetirdigimiz hasap edip bilerdik. Şahyryň ajaýyp pikirleri okanyň akylyny haýran edýär. Onuň döredijliginde türkmeniň ruhunyň iň esasy taraplary beýanyny tapypdyr. Ol şahyryň derejesinden ýokardaky şahsyýetdir. Onuň beýikligini ölçemek üçinem, muny subut etmek üçinem ylymda täze ýörelgeler zerur. Täze ylmy kesgitlemeler, ylmy konsepsiýalar zerurlyk edýär. Şahyryň eserleriniň beýikligini görmek, duýmak, adamlara bu hakda gürrüň bermek bir başga, onuň jadysynyň esaslaryny, okyjynyň ýüreginde döreýän duýgularyň sebäbini açyp görkezmek bir başga. Ine, şol «açyp görkezmeklige-de» ylym diýilýär. Adamyň aňy ylmy derejä ýetende, ol belli-belli zatlar hakda töwerekleýin kesgitleme bermek ukybyna eýe bolýar. Şonuň bilenem ol beýleki adamlardan tapawutlanýar. 27. Türkmen halky yslamdan öňem özüni halk hökmünde tanadypdyr. Biziň musulmançylykdan öňki dini garaýyşlarymyz soňra öz urp-adatlarymyza, däplerimize siňip gidipdir. Biziň ideologiýamyz dünýewi ideologiýa. Şonuň üçinem diňe baha berlende, biz milli gymmatlyklaryň nukdaýnazaryndan seredýäris. Milletimiziň taryhynyň näçe irki döwürlerine aralaşdygymyzça, şonça-da gyzykly zatlaryň üstünden barýarys, halkymyzy hasam beýgeldýän hem-de özümiziň has soňraky ýaşaýşymyzyň köp aýratynlyklaryny düşündirýän zatlary tapýarys. Biziň ýelden ýyndam bedewlerimiziň, nepis halylarymyzyň, egin-eşiklerimiziň, köp eserlerimiziň taryhy yslamdan öňki zamanlardan gözbaş alyp gaýdýar. Otparaz bolan ata-babalarymyzyň dünýägaraýşyny düýpli öwrenmeklidigimizi mähriban Serdarymyz ýöne ýere nygtanok. Sebäbi otparazçylyk bütin dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine täsir eden din hasaplanýar. Alymlar hristiançylygyň döremeginde otparazlygyň uly täsiri bar diýýärler. Soňky döwürde dürli ýurtlarda çap edilen kitaplarda bu hakda aýdylýar. Arheologlar otparazçylyk döwürlerinden galan medeni ojaklar bilen iş salyşýarlar. Emma şol döwrüň ideologiýasyny öwrenmegem gerek ahyryn. Otparazçylygyň mukaddes kitaby bolan «Awesta» türkmençe çap edilse, taryha bolan teşneligi gandyrmak üçin uly iş ederdi. Munuň özi biziň köklerimiziň has uzaga gidýändiginiň üstüni açardy. Türkmeniň millet hökmünde döremeginiň sebäplerini şol döwri öwrenmezden, aýan etmek mümkin däl. Halkyň taryhy hakydasy näçe çuňňur bolsa, ol şonça-da özüni ynamly duýýar, özüni arkaly duýýar. Şonuň üçinem yslamyň gelmegi bilen möwç uran medeni ýokary galyşlary-da, yslamy kabul etmek bilen türkmeniň utan taraplaryny-da oňat öwrenmek gerek. Men şu zatlar hakdaky taryhy materiallar bilen tanyşdygymça, milli köklerimizi çuňňur öwrenmek höwesim şonça-da artyp gidip otyr. Şu zatlary öwrenmäge, halka ýetirmäge ömrüňi beresiň, ömrüňi bagyş edesiň gelýär. Halkymyza baý taryhy mirasyny açmak, öwrenmek bagty garaşýar. Halkymyzyň şol bagtyna, dogrumy aýtsam, gözüm gidýär. Ata-babalarymyzyň beýikligine, parasadyna tüýs ýürekden guwanýaryn. Bu zatlaryň bary milli ruhy galkynyşa hyzmat eder. Taryhy bilmek ertirki güne ynam hem buýsançlyk berýär. Öň-ä beýle zatlara ýol bermediler. Dogruçyl ýazylan taryh biziň milli ideologiýamyzyň esasly hem güýçli ideologiýa bolmagynda köp zat edip biler. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, düýnüň beýikligi ertirki günümiziň beýik boljagyna ynam döredýär. Biz ýetmiş ýyllap ateistik ruhda terbiýelendik. Çagalykdan biziň kalbymyzdan Hudaý diýen mukaddes düşünjäni köki-damary bilen sogrup aýyrmaga çalyşdylar. Hudaýyň aýrylan ýerinden bolsa Şeýtanyň mülki başlanýar… Mukaddes duýgularyň ýok edilýän ýerinde hapa duýgular örňeýär. Ogurlyk-jümrilik, talaň, azgynçylyk, jelepçilik, gözboýagçylyk, ýaranjaňlyk we şuňa meňzeş ýaramaz gylyklar şeýtanyň mülkünden çykan bolmaly. Bu ýaramaz gylyk-häsiýetler türkmene ýat bolmaly. Ýöne, galplygyň ömri uzak bolmaýar. Şeýtan düzgüni syndy, halk Hudaýyna gowuşdy. Altyn asyr diňe bir saçagymyzy däl, ruhy dünýämizi hem baý eder. 28. Gazalydan başlap Magtymgula çenli beýik-beýik pirler, ulamalar, ahunlar Hudaýy söýmegi ündäpdirler. Hudaý asmanda ýalňyz, ynsan Zeminde ýalňyz! On dogan bolsa-da adam ýalňyz. Ýigrimi millionly şäherde ýaşasa-da, adam ýalňyz. Adam diňe Hudaýa golaý baryp, Hudaý bilen birleşip bileninde, ýalňyzlyk ýok bolýar, beýik lezzet, beýik ýaşaýyş şondan soň başlanýar. Hudaýa nädip golaýlaşmaly? Magtymguly: «Bir ajy doýurmak haçdyr ýaranlar!» diýse, atasy Döwletmämmet Azady: «Adamyň göwnüni ýykmaklyk Käbäni ýykmaklyk bilen deňdir» diýýär. Hudaýa golaýlaşmak üçin ýagşylyk etmeli, goňşyna, tanşyňa-bilşiňe, ýada-ýakyna. Ýagşylyk eliňden gelmeýärmi, ýagşy söz aýt adama! Adamyň teşneligini gandyrýan suw däl, arak-şerap däl, jennetiň aby-köwseri däl, ýagşy, mylakatly sözdür. «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmy?» diýýär türkmen. Türkmen halky özüni saýyrdyň saýan halk, hemme zamanda öz siňegini gorap, öz erkinligini elinde saklap bilen halk. Isgender Zülkarnaýyna-da, Çingiz hana-da, gaýry duşmanalara-da gaýduwsyzlyk bilen garşy urşan halk, ýöne, näme üçindir, araplara uruşsyz-sögüşsiz ýurdy beräýýärler. Muny SSSR taryhçylary, aýyn bolmasa, nygtaýardylar. Munuň köküne akyl ýetirmeli! Biziň ata-babalarymyzy sak, dah, oguz, gunn (gün), türkmen bolup, birnäçe ýola adyny üýtgedýär, şeýle-de birnäçe gezek Hudaýyny hem çalşyrýar. Möjegi, öküzi, Güni Hudaý saýan halkymyz, ataşparazlygy döreden halkymyz araplar ýeke Hudaýa uýmazlaryndan müň ýyl ozal gunn zamanlary ýeke Hudaýa uýup başlaýarlar. Araplar ýygyn dartyp gelen uçurlary biziň topragymyzda Taňra uýanlar bilen bir hatarda ataşparazlaram, buddaçylaram, hatda isaýylaram, musaýylaram bar eken. Ýöne halkyň aglaba köplügi Taňra uýýan eken. Köp din bolsa agzalalygyň boljagam ikuçsyz. Köpdinlilik zerarly ululy-kiçili gohlar bolup duran eken. Araplar ilki Merwe gelýärler hem öz şertlerini aýdýarlar. Ýa ýeke Hudaýa uýuň, ýogsa-da uýdurjak! Bu Merwiň halky üçin bähbit bolýar, sebäbi olaryň hem ýeke Hudaýy bar, gelmişegiňem. Gelmişek güýçli, olar beýleki dinleri ýok etjek. Şonuň üçin Merwiň Marzbany şäheriň derwezesini açaýýar. Merwiň hökümdaryny – marzbanyny hut Kufa şäherinde Hezreti Alynyň özi kabul edýär. Ol Merwiň marzbanyna «Tarhan hatyny» berýär. Türkmeni, ilki bilen, bir zada ynandyrmak kyn. Türkmen bir ynanandan soň welin, ol ynanan zadyna uýýar, sežde edýär. Özgeleriň hem öz ynanýan zadyna ynanmagyny isleýär. Yslam dini üçin iň köp hyzmat eden, iň köp yhlas eden, iň köp söweş eden türkmenler bolupdyr. Yslamy döreden araplar, goran – türkmenler. Men yslam dini üçin türkmen halkynyň döş gerip söweşendiklerinden däl-de, Gurhany wagyz etmekdäki bitiren hyzmatlarynyň diňe birje ugruny aýdaýyn. Gündogaryň musulman dünýäsinde musulman dinini, Muhammet pygamberiň taglymatyny öwüt-ündew edýän üç sany ugur – mekdep bolupdyr. Şol üç ugry – mekdebi döredenler kimlerdir öýdýärsiňiz? Birinji mekdebi döreden Hoja Ahmet Ýasawydyr. Ol mongollaryň Merkezi Aziýa çozmagyndan hem has öňräk ýaşap geçipdir. Käbir köne ýazgylarda Hoja Ahmet Ýasawynyň 1166 – 1167-nji ýyllar aralygynda dünýäden ötendigi barada maglumat galypdyr. Onuň meşhurlygy barada biziň aramyzda dürli rowaýatlar bar. Ony Türküstanyň Muhammet pygamberi hasaplapdyrlar. «Medinede – Muhammet, Türküsdanda – Hoja Ahmet» diýen pähim ýöne ýere döremändir. Hoja Ahmet Ýasawy 62 ýaşyndan soň, Muhammet pygamberiň ýaşan ýaşyndan artygyny hasaba urman, galan ömrüni ýeriň aşagynda – ýerzeminde geçiripdir. Onuň ýasawyçylyk ugry musulman ylmynda bu gün hem uly ähmiýete eýe. Ikinji mekdep Şyh Nejimeddin Kubranyňkydyr. Şyh Nejimeddin Kubra XII – XIII asyr sopularynyň arasynda iň tanymal şahslaryň biridir. «Onuň ugry musulman dünýäsiniň çar tarapyna ýaýrap gidýän özboluşly merkez bolupdyr. Bu babatda ol özünden öňki X – XI asyryň iňňän görnükli şahsy, şyh Abu Seýit Mähneýini (Mäne babany – O.Ö.) ýadyňa salýar» diýip, görnükli Gündogary öwreniji alym Ý.E.Bertels ýazypdyr. Nejimeddin Kubra öz eziz şäherini – Köneürgenji Çingiz handan goramak üçin eline ýarag alyp söweşen adam. Ýogsam oňa Çingiz han dünýäniň baýlygyny wada beripdir. Üçünji mekdep Bahaweddin Nagyşbendiniňkidir. Bahaweddin Nagyşbendi XIV asyrda ýaşap geçipdir. Bu şahsyýetiň nähili beýikdigi barada döwürleýin metbugatda ululy-kiçili makalalar ýazyldy. Bu üç ugruň – mekdebiň wekilleri yslam dinini öwüt-ündew etmekde biri-birleriniň üstüni doldurypdyrlar. Olar Gündogaryň we Merkezi Aziýa musulmanlarynyň arasynda ýasawyçylar, bahaweddinçiler, kubraçylar diýen üç topara – tarykata bölünipdirler. Türkmen halkynyň musulman dünýäsindäki hyzmatlarynyň düýpli öwreniljekdigine we mynasyp baha beriljekdigine men berk ynanýaryn. 29. Mähriban Serdarymyzyň taglymaty, täze taglymatyň täze däp-dessurlary biziň durmuşymyza şeýlebir mylaýymlyk, zerurlyk bolup girip gitdi welin, biz şol täze giren zatlaryň durmuşymyza şeýle berk ornaşandygynam duýman galdyk. Munuň şeýle bolmagy merhemetli Serdarymyzyň halkyň ýüregini şeýle çuň bilýändiginden gelip çykýar. Täze türkmen ruhy hakda gürrüň gozgalsa, owadan türkmen tanslary göz öňüne gelýär. Öňler: «Tans türkmene juda bir mahsus däl» diýilýärdi. Täze türkmen ruhy täze tanslarymyz deýin kalbymyza ornaşdy. Bu gün türkmen ruhundaky owadanlygy şol täze dörän tanslarda hem görmek bolýar. Biz bu gün täze dörän tans ansambllarymyzyň oýunlaryna örän uly höwes bilen seredýäris. Guwanýarys. Owadan gyzlaryň, görmegeý ýigitleriň jadylaýjy tanslaryna tolgunman seretmek mümkin däl! Şol owadan tans ansambllarynyň, owadan ruhumyzyň döremeginiň gözbaşynda biziň merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy dur. Täze türkmen ruhy täze tanslarymyz bilen bilelikde döräp ugrady. Ine, täze türkmen tanslary – täze türkmen ruhunyň keşbi! Oň tans edilende, biraz geňleýän türkmen indi şol gözelligi joşgun bilen kabul edýär. Soňky döwürde aýdym aýdýanlar we goşgy-gazal düzýänler köpeldi. Munuň ýönekeý bir sebäbi bar: şu günki ruhubelent durmuşynda içsi bolsaňam, gullukçy bolsaňam joşa gelmezlik, goşgy goşmazlyk, aýdym aýtmazlyk mümkin däl! Goşgy-gazal düzýänleriň, aýdym aýdýanlaryň joşguny – döwrüň joşguny, halkyň joşguny. Adamlar aýdym aýtmak, goşgy goşmak bilen öz içki joşgunlaryny, mähriban Serdarymyzyň halka peşgeş beren altyn ýaşaýşyny ruhubelentlik bilen ýüze çykarýarlar. Halkyň içki ahwalatyny duýmak kyn däl. Mähriban Serdarymyz türkmenleriň begençlerini, gynançlaryny derrew ýüze çykarýandygyny, adamlaryň içki ahwalatyny ýüzlerinden duýup bolýandygyny belläpdi. Bu gün adamlaryň joşgunlary ýüzlerinde, dillerinde! Türkmen halkynyň şeýle joşgunlylygy, ruhubelentligi, ýöne ýere däl. Adamlaryň gündelik durmuşlarynda olary joşa getirýän zatlar kän. «Joşaýyn, goşgy goşaýyn!» diýip joşubam bolmaýar, goşgy goşubam bolmaýar. «Ruhubelent bolaýyn!» diýip ruhubelent hem bolup bolmaýar. Joşa gelmegiň üçin, ruhuň belent bolmagy üçin dokuzyň düzüw bolmagy, ýaşaýşyň gowy bolmagy gerek. Ýaşaýşyň gowy bolsa, eliň uzadan ýeriňe ýetse, ruhuň belent bolýar, ýüregiň joşa gelýär. Ine, biziň mähriban Serdarymyzyň esasy üns berýän zatlarynyň biri. Ol türkmen halkynyň ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmagy öz öňünde esasy wezipe edindi. Onda-da nähili gowulaşdyrmak! Mähriban Serdarymyz her bir türkmen raýatynyň, maşgalasynyň agzybir, ruhubelent ýaşamagy üçin durmuş hajatlarynyň birnäçesini mugt etdi. Şol durmuş hajatlarynyň birnäçesiniň mugt bolmagy, birnäçesiniň bolsa mugta barabar bolmagy durmuş kynçylyklaryny aradan aýyrýar. «Salgyt tölemeli, gaza, toga tölemeli» diýen aladasy bolmadyk, dokuzy düzüw, aýlygyny durmuş eşretlerine harçlamaga mümkinçiligi bolan, arkasynda sarsmaz döwleti, atalyk aladasyny edýän mähriban Serdary bolan adamlar neneň joşmasyn?! Olary altyn ýaşaýyş joşa getirýär! Öň alýan aýlyklarynyň esasy bölegini gaz, elektrik, kommunal töleglerine sarp edýän adamlaryň bu gün saçagy ertekilerdäki bolsady ekilen saçaklardanam bereketli. Mähriban Serdarymyz öz çykyşlarynda: «Meni öwmäň» diýýär. Adamlar ony öwenok. Adamlar öz begençlerini aýdýarlar! Agyzlarynyň aşa ýetendigini aýdýarlar. Agyzlarynyň aşa ýetendigi üçin mähriban Serdara minnetdarlyk bildirýärler. Mähriban Serdarymyz hakda bu gün tolgunman, buýsanman, guwanmak gürlemek mümkin däl derejä ýetildi. Onuň hem sebäpleri bar: Bu gün türkmen döwleti diýmek – Saparmyrat Türkmenbaşy diýmek. Watan diýmek – Saparmyrat Türkmenbaşy diýmek. Türkmen ruhy diýmek – Saparmyrat Türkmenbaşy diýmek! Watan hakda oýlansaň hem, türkmen döwleti hakda oýlansaň hem göz öňünde mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň nurana keşbi janlanýar. Bu gün türkmen halky, türkmen döwleti, Watan, Saparmyrat Türkmenbaşy bitewi bir düşünjä öwrüldi. Bu düşünjeleri biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolanok. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň ýüreginde altyn ruh, ruhubelentlik, halallyk, agzybirlik bolup otyr. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň kalbynda ertirki güne ynam sütüni bolup dur. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň ýüregine täze taglymat, abadanlyk bolup girdi. 30. Ruhy baýlyk döwleti saklap duran esasy sütünleriň biri. Şonuň üçinem merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy ruhy baýlyklary döredýän ýazyjy-şahyrlaryň hajatlaryny hiç mahal unutmaýar. Oňa jogap edip ýazyjylar, sungat işgärleri halkyň ýüregine ýol salyp bilýän eserleri döretmäge çalyşýarlar. Çeper eserleriň adamlaryň ýüregine ýol salyp bilşiniň bolsa öz kanunlary bar. Şahyr-ýazyjy bir zady söýdürjek bolsa, ilki özi söýmeli, bir zady ynandyrjak bolsa, ilki özi ynanmaly. Şonsuz täsir diýen zat bolmaýar. Diýmek, mesele şahyryň, umuman dörediji adamyň şahsyýetine baryp direýär. Biziň ýazyjy-şahyrlarymyz halal hem il-gününe wepaly adamlar. Biz XXI asyra başymyz dik, ruhumyz belent hem ýüregimiz hyjuwly barmaly. Beýik Serdarymyzyň daşarky hem içerki syýasatda gazanýan üstünlikleri döredijilik intelligensiýasynyň ylham çeşmesi, halkyň bolsa guwanjynyň gözbaşy bolup durýar. Elbetde, ideologiýa sözüniň öňki, sowet döwründäki manysynda edebiýaty ideologiýalaşdyrmaly däl. Emma watansöýüjilik ygrarlylyk, päkýüreklilik ýaly ideýalary öňe sürmek, ýagny ideýalar ulgamyny öňe sürmek döredijiniň döredijilik örüsiniň daraldygy däl. Bu döredijiniň isleginiň döwletiň islegi bilen sazlaşygy. Bu biçak uly zat. Ylmy dilde aýdanyňda bolsa, ideýalar ulgamsy hem ideologiýadyr, ýöne täze milli, dünýewi ideologiýadyr. Bu meselelerde edebiýatyň hem sungatyň ornuny başga hiç bir zat tutup bilmez. Edebiýat adamlary pespällige, kiçigöwünlilige çagyrýar, olaryň ýüregine aram berýär. Saz sungaty, şygry ynsan göwnüni galkyndyrýar hem ýaşaýşa bolan söýgini oýarýar. Biz sungatyň şeýle inçe tebigatyna hem hyzmatyna oňat düşünýäris. Sungat işgäriniň işini iňňe bile guýy gazmaklyga deňeýärler. Bu ýerde hiç hili ulaltma ýok. Söz gaty inçe zat, ynjyk zat. Ony janlandyrjak bolsaň, adam aňyna täsir etjek bolsaň, ussat bolmak gerek. Magtymgulyny alyp göräýiň. Ýekeje sözüni eýläk-beýläk etjek gümanyň, ýekeje zadyny üýtgetjek gümanyň ýok. Şonuň üçinem oňa: «Sözlerini gyzyla gaplaýmaly» diýýärler. Adamyň ýüreginiň inçe tarlaryna diňe inçe sungat kakyp bilýär. Şol arkaly bolsa olaryň ýüregine watançylyk, adamkärçilik, pespällik, sabyrlylyk ideýalaryny, Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşa buýsanç we hormat duýgularyny duýup bolýar. Diýmek, bu ýerde sözüň täsirliligi sungatyň inçeligine hem kämilligine bagly. Dowamy bar... Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |