08:29 Garaşsyzlyk oýlanmalary -4 / dowamy | |
31.
Publisistika
Saz, şekillendiriş sungatlary milli çeperçilik däplerimizi has güýçli suratda özleşdirmek ýoly bilen gidýär. Merkezi asyrlarda şekillendiriş sungatynda türkmen mekdebiniň bolandygyny bilýäris. Şol mekdebiň däplerini özleşdirmek gerek. Galyberse-de, biziň söz sungatymyzdaky söz arkaly döredilen şekilleriň stiline, formasyna üns berip görüň. Munuň özi özboluşly ýol, dünýäni özboluşly suratda görmek ahyryn. Yslam dünýäsinde şekillendiriş sungatyna kembaha garalmagy ol sungatyň funksiýasynyň tebigy suratda edebiýatyň üstüne ýüklenilmegine getiripdir. Şeýdip, biziň žiwopisimiz edebiýatyň içine giripdir. Indi şol aýratynlyklary doly aýdyňlaşdyrmaga wagt ýetdi. Yslamdan öňki döwre degişli, b.e. öňki döwrüň küýzelerindäki, humlaryndaky gfariki şekiller näme? Şol şekiller hem sungat eseri, hem praktiki funksiýasy bolan elementler. Göräýmäge, ýönekeý ýaly görünse-de, olaryň dilini açmak örän kyn hem mukaddes iş. 32. Biziň taryh filosofiýamyzdan durmuş filosofiýamyz hem medeniýet filosofiýamyz gelip çykýar! XXI asyrdaky baş ruhy wezipe türkmen müňlerçe ýyllyk bitewi ruhy ösüşiniň 110 ýylda üzülen halklaryny gaýtadan dikeltmekdir. Munuň üçin bolsa nesilleriň arasyndaky içki ruhy baglanyşyklary dikeltmeli. Biziň ruhy ideologiýamyz Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan örän düýpli akylly-başly işlenen, bir-birini inkär etmän, gaýta, bir-biriniň üstüni ýetirýän, özara baglanyşykly ideologik konsepsiýalaryň hem ýörelgeleriň ulgamydyr. Şol ulgamyň özeni, ulgam dörediji prinsipi – edebiýaty, sungaty hem medeniýeti, umuman, ruhy ýaşaýşy düýpli milli esaslara geçirmek prinsipidir. Biziň milli ruhy ideologiýamyzyň esasynda dini hem däl, synpy hem däl, partiýalaýyn hem däl, eýse umumadamzat gymmatlyklary bile dialektiki gatyşan milli ruhy gymmatlyklar ýatýar. Muňa dogry düşünmek örän möhüm, şol sebäpli meseläniň ýene bir tarapyny aýdyňlaşdyrmaly: bular hatda etniki gymmatlyklar hem däldir. Sebäbi etnik ideýa bolanda jyns, gan, tohum ýaly badalgalardan ugur alyp, ol ahyr netijede milletparazlyga getirýär. Beýik Serdarymyzyň döreden taglymatynyň esasynda beýle biologik däl-de, ahlak – adamkärçilik prinsipleri ýatýar. Türkmeniň milli ideologiýasy – şu milletiň syýasy, ykdysady, sosial hem ruhy ösüşiniň netijesinde dörän, mazmuny boýunça umumadamzat gymmatlyklarynyň düzümine girýän, ýöne görnüşi boýunça gaýtalanmajak milli ideýa gymmatlyklarydyr. Munuň özi umumadamzat gymmatlygy däldir diýen manyny bermeýär, sebäbi umumadamzat hem milli ýörelgelerimiziň arasynda inkärlik däl-de, ykrarlyk baglanyşygy bar. Milli gymmatlyklaryň ugur alyş nokady hem ahyrky maksady adamdyr, onuň hukuklary hem borçlarydyr. Munuň özi dini gymmatlygyň inkär edilmegi däldir, sebäbi diniň ahlaky prinsipleri biziň milli ruhumyzyň süňňüne siňendir. Munuň özi milletiň düzümindäki synplaryň hem taýpalaryň deň tutulýandygyny, hiç biriniň ileri tutulmaýandygyny aňladýar. Şu ýörelgeler edebiýatymyzy hem sungatymyzy ösdürmäge XXI asyr üçin mähriban Prezidentimiziň ruhy maksatnamasynyň baş ýörelgeleridir. 33. Bu gün biziň kyblaýy älemimiz, beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy taryhçylar, sungat, medeniýet we edebiýat işgärleri bilen duşuşdy. Men ilki telewideniýedäki çykyşy diňledim. Soň Beýik Serdarymyzyň çykyşyny gazetden okadym. Mähriban Serdarymyzyň her bir çykyşy türkmen halky üçin ullakan şatlyk. Çeperçilik intelligensiýasynyň wekilleriniň, taryhçylaryň öňünde täze, aýdyň wezipe goýulýar. Beýik Serdarymyzyň her bir çykyşy meni taryh hakda, edebiýat hakda, türkmen halkynyň ruhy durmuşy hakda düýpli oýlandyrýar. Ata-babalarymyz bile öz aramyzdaky ruhy üznüksizligi dikeltmek hem berkitmek wajyp wezipe. Adamyň öňünde taryhy, taryhy-medeni faktlary goýmagyň özem bir uly iş. Ýöne onda watançylyk duýgusyny, onda watançynyň şahsyýetini kemala getirmek üçin adamyň taryhy hakydasyny oýarmaly. Diňe estetiki taýdan güýçli täsir edip bilýän eserler bu işiň hötdesinden geler. Özem gürrüň diňe zehin hakynda däl. Gep – dörediji adamyň şahsyýet kämilligi, onuň şahsyýetiniň ahlak kämilligi hem arassalygy hakda barýar. Şu ýerde biziň milli gahrymanynyz Göroglynyň sözlerini ýatlamak ýerliklidir: Külli türkmen balasyny Men söýer men ili bilen. Nähili söýgi, nähili buýsanç! Şu sözleri aýdýan adamyň ýüregindäki mähir diňleýjiniň ýüregine baryp, onda buýsanç gözýaşyny döredýär. Dörediji adamyň şahsyýeti il-güne, Watana şonuň ýaly arassa, bimatlap söýgüden başlanýar. Ýa-da beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Türkmen ilim, eý, adamzat! Azat il, güzer gözlär men – diýen setirlerini çada salyň. «Türkmeniň» goşgusynda bolsa ol öz ýurdunyň gülüni-gunçasyny gözüniň garasyna deňeýär. Adam üçin gözüniň garasyndan – görejinden ileri näme bolsun! Hawa, bular çeperçiligi güýçli setirler, şol güýçlüligiň aňyrsynda-da, ilki bilen, hemme zatdan öňürti, Watana söýgi ýatyr. Ýüreginde watana söýgüsi bar şahsyýet onuň ruhy geçmişine-de yhlasly bolýar. Ol halkyň ruhy hakydasyny öz emer-damaryna, ganyna siňdirmäge ukyply bolýar. Ol hakyda ýürekde gaýnabam, ajaýyp sungat eserleri bolup, dünýä inýär. Şeýle eser özünde ägirt ruhy energiýany saklaýar, ol energiýa okyja geçip, onuň ruhunyň köklerine iýmit berýär. Ruhy energiýanyň iň güýçlüsi, adam ýüregine iň täsirlisi – saz. Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynda dünýäde iň bir beýik hem özboluşly saz medeniýetini döredipdi. Garaşsyzlyk ýürekleriň joşgunyna ýol açansoň, sanlyja ýylyň içinde ajaýyp saz eserleri döredildi. Biziň saz medeniýetimizde uly täze sahypa-da açyldy – türkmen harby sazlary döredildi. Muny biziň döwlet Garaşsyzlygymyzyň gös-göni netijesi diýip aýtmak bolar. Sebäbi öz watany, garaşsyz Watany bolanyň harby marşlary hem bolaýmaly! Beýle zat öň ýatsak-tursak küýümize-de gelmändi. Harby marşlaryň watançylyk duýgusyny oýarmakdaky güýji, hyzmaty deňsiz-taýsyzdyr. Ony diňlän adamyň ownuk aladalary, ynjyny ýatdan çykaryp, edil nyzamdaky esgerleriň bitewülige öwrülişi ýaly, ruhy taýdan Watanyň bir bölejigine öwrülýänligi haýran galmaly zat. Garaşsyzlyk ýyllary içinde sungat şunuň ýaly täze žanrlary, görnüşleri kän döredi. Sebäbi Garaşsyzlyk ýürekleri erkinlige çykardy. Harby marşlary ýatlamak bilen aýtjak bolýan zadym: olary üns berip diňleseňiz, hökman türkmen halk sazlaryna baryp direýändir. Halk sazlarymyz bolsa beýik medeniýetdir. Saz öwrenijilerimiz onuň köklerini entek tapyp bilenoklar. Olaryň gözlegleri XIX asyrdan aňryk geçenok. Sebäbi olar sazlaryň awtorlygyny kesgitlejek bolanlarynda, bagşy-sazandalar hakyndaky XIX asyrdan galan rowaýatlara daýanýarlar. Ýok, biziň saz medeniýetimiz türkmeniň has ösen döwründen – Merkezi asyrlardan galan bolmaly. Sebäbi onda örän üýtgeşik filosofiýa, adam medeniýetiniň has ösen derejesinde peýda bolýan filosofiýa bar. Saz – türkmeniň kalby! Türkmeniň taryhy hakda, Bartoldyň aýdyşy ýaly, geçmişi hakda şeýle köp ýazylan halk başga ýok. Şonuň üçinem, aňsadyna bakyp, öňki bar zatlar bilen oňňut edip ýörmeli däl, gözlemeli. Has aňyrrak gitmeli. Elbetde, munuň üçin has güýçli intellektual şahsyýet gerek. Diňe sazdan däl, başga zatlardanam baş çykaryp bilýän, yslam medeniýetiniň «diline düşünip» bilýän şahsyýet gerek. Onsoňam türkmen medeniýetiniň ösüş aýratynlygyny bilýän intellektual gerek. Aýdaly, näme üçin nusgawy sazlarymyz XIX asyrda ýaşan saz döredijiler bilen baglanyşdyrylýar? Sebäbi bizde öňden gelýän däpleriň rüstemligi bar. Dörediji özünden uly bir zat goşjak bolup oturanok. Esasan, kämilleşdirýär. Şonuň üçinem öňküleriň ady ýitýär-de, has soňkularyň ady galýar. Hawa, medeni ösüşimiziň şular ýaly filosofiýasy bar. Hadysalary düşündirmäge diňe şeýle filosofiýalaryň gaýraty çatýar. Ol kanunalaýyk XX asyr saz medeniýetinde-de dowam edýär. Ine, Nury Halmämmedowyň sazlaryny alyp göreli. Ajaýyp sazlar. Dürli kinofilimlere ýazylan sazlar. Ol filmler ýuwaş-ýuwaş galyp barýar; sazlar bolsa durmuşymyzda köp orun alýar. Öňräk žurnalistleriň biri «Aýgytly ädime» ýazylan sazlar hakynda «olary diňleýän weli, filmiň wakalary göz öňüme gelýär» diýen manyda makala ýazypdyr. Ol sazlaryň mazmuny Halnazar baý bile Artygyň ýaka tutuşmagy däl-ä! Ol sazlaryň köki baryp antik medeniýetimizden – Awesta döwründen gaýdýar. Olarda Merkezi asyr türkmeniň dünýä filosofiýasy bar! Nury Halmämmedow ýöne olary bir ýere jemläp, bir forma salypdyr. Halkdan alyp, halka-da beripdir. XXI asyr sungat işgärleri-de halkyň müň ýyllyk taryhy hakydasyny düýpli öwrenip, şonça döwürde gazanylanlary jemläp, beýik eserleri döretmäge ukyply bolmaly. Uly, müňlerçe ýyllyk aralygy alanyňda, wagtyň geçmegi bilen professional medeniýet halkyň medeniýetine öwrülýär. Adamam galanok, has uzaga gitse, at hem galanok, diňe halk galýar. Döredilen ajaýyp zatlar galýar. Ine, mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň çykyşyny diňlänimden soňky sere gelen pikirlerim şular. 34. XXI asyr türkmen edebiýaty hem sungaty şu asyryň iň gowy taraplaryny umumylaşdyrar. Onuň iň oňat gazananlaryny ösdürer, ýöne has uly üstünlikler gazanmak üçin, meniň pikirimçe, sowet döwrüniň galyplaryndan çykmak gerek. Ösüş gapma-garşylyklaryň biri-birini inkär etmesi arkaly bolup geçýär. Ýöne, göwnüňe bolmasa, häzirki edebi hem medeni ösüşimizi kämahal inkär etmek ýoly bile göz öňüne getirjek bolýarlar. Bize dialektiki inkär etme gerek. Ine, soňky döwürde ýazylan käbir eserleri alyp okaýaň weli, ýazyjynyň paýhasynyň hili täze demokratik, garaşsyz ülňülere laýyklykda üýtgemändir-de, şol öňki ülňüde galypdyr. Aýdaly, öň garamaýak halkyň wekili oňat häsiýetleriň çürbaşy edilen bolsa, öň işan-mollalar erbetligiň öýjügi edilen bolsa, indi olary uçdantutma perişde ýaly edilip görkezilmek meýli bar. Ýok, öň «gara» diýen zadyňa indi «ak» diýeniň, «ak» diýeniňe-de «gara» diýeniň ösüşi asla aňladanok. Gaýtam, tersine, seniň aňyň şol öňküligine galandygyny görkezýär. Elbetde, biziň ideologiýamyz täzelendi. Emma durmuşa dialektiki seretmeli. Synpy ülňülerden saplanmaly-da, adamçylyk ülňülerine geçmeli. Munuň üçin bolsa, täze dünýägaraýşy, filosofiýany edinmeli. Gürrüň edebiýat hem sungat barada gidýär. Şonuň üçinem geçen döwrüň eserlerine baha berlende, olaryň türkmeniň ruhy hem estetiki ösüşine goşan goşandygyny göz öňünde tutmaly. Ine, Nurmyrat Saryhanowyň eserleri. Elbetde, ýazyjynyň özi çylşyrymly döwürde ýaşapdyr. Şol döwrüň ýaramaz syýasatyna laýyk käbir eserlerem döredipdir. Ýöne ony oňat ýazan eserleri halas edýär. Şol eserler türkmeniň edebi ösüşiniň bir etapy bolup galypdyr. Şonuň üçinem olary okanyňda, häzirem olaryň täsirinden aýňalyp bilmän gezýärsiň. Diýmek, mehaniki inkär etme – «degene gözüm menden däl» etmek. Dialektiki inkär etme – her meseläni anyk çözmek, ýagşyny hordadan saýlap-seçmek diýmekdir. Şeýle ýol bilen saýlanyp-seçilen edebi hem medeni mirasymyz Garaşsyzlygymyzy berkitmäge hyzmat edip biler. Alymlaryň paýhasy her bir faktyň oňat hem ýaramaz, gerekmejek hem gerek taraplaryny ölçäp bilýän terezi derejesine ýetip bilmese, ýetjek sepgidimiz guwandyryjy bolmaz. XXI asyr türkmen edebiýaty hem sungaty XX asyrdaky üstünlikler bile öňki döwürdäki gazananlaryny dialektiki suratda sintezlär we türkmen medeniýetiniň, nesip bolsa, Altyn asyry bolar. Edebiýatyň hem sungatyň praktiki ösüşine bat bermek üçin, şeýle ösüşi ideologik-teoretiki taýdan esaslandyrmak gerek. Türkmen halkynyň ruhy ösüşini üpjün etmek iki ugurda amala aşyrylýar. Birinjisi, medeni-ruhy mirasy öwrenmek. Munuň özi, öz gezeginde, iki wezipäni göz öňünde tutýar. Birinjiden, ruhy-medeni mirasyň ähli faktlaryny toplamak, ýygnamak hem-de öňde durýan wezipeleriň nukdaýnazaryndan toparlara, hillere bölüp, rejeleşdirmek. Ikinjiden bolsa, olary şu günüň hem geljegiň ruhy durmuşynyň hajatlaryna ýardam eder ýaly, teoretiki paýhasyň eleginden geçirmek. Munuň özi olaryň iş ýüzünde «direlmegi», «gaýtadan jana gelmegi» bolar. Biziň maksadymyz adamlary terbiýelemek. Terbiýelemeklik olaryň ýüregini, aňyny milli ruhy-medeni mirasyň nygmatlary bilen iýmitlendirmek diýmekdir. Hawa, bu ýöne bir söz obrazlylygy däl. Bu biziň jana-jan praktiki wezipämiz. Ikinjisi, türkmen halkyna Garaşsyz hem Bitarap döwletiň syýasatyny düşündirmek. Biziň Mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygyndaky syýasy, ykdysady hem sosial ädimlerimiziň filosofik-ideologik manysyny açmagy türkmen alymlary hem medeniýet işgärleri başarmalydyrlar. Munuň üçin olaryň intellektual gorunyň artdyrylmagy, olaryň öz professional hem ahlak kämilligini artdyrmaklary gerek. Ýokarda biziň taryhyň ewolýusion ösüşine gapdaldan zor salmaly däldigi hakda aýtmagymyz ýöne ýere däl. Munuň özi fatalizm hem, pessimizm hem däldir. Türkmen mert halkdyr. Ol ruhybelent halk. Şonuň üçinem taryhyň ewolýusion ösüşine zeper ýetirmezligiň çäklerindäki taryhy işjeňlik hem taryhy optimizm gerekdir. Beýik Magtymguly: Jahanda ýaman işdir Gury gelip, boş gitmek – diýipdir. Türkmen şu pende uýup gelen, hemişe işjeňlik görkezen halkdyr. Bizem edebiýat hem sungat işgärleri hökmünde XXI asyryň türkmeniň ruhyýetiniň Altyn asyry bolmagynda öz goşandymyzy goşmalydyrys. 35. Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik taryhy gahrymançylygy bilen müňlerçe ýyllyk taryhly türkmeniň durmuşynda ikinji müňýyllygyň hem üçünji müňýyllygyň sepgidinde täze eýýam, täze zaman açyldy. Şol eýýamyň öňkülerden hil tapawudyny men şeýle göz öňüne getirýärin: Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy aýgytlylygy bilen türkmen halky sözüň doly manysynda türkmen milletine öwrüldi. Munuň özi wagt taýdan uzak aralykda seredeniňde onlarça ýa ýüzlerçe ýylyň däl, eýsem müňýyllygyň taryhy wakasy, müňýyllyk ähmiýetli wakadyr. Gep çeper ulaltma barada däl-de, wakanyň taryhy gabarasy hem beýikligi barada gidýär. Elbetde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmeniň taryhy ýaşaýşyndaky oýnan taýsyz roluna dürli nukdaýnazarlardan, dürlüçe baha berip bolar, baha berilmelidir hem. Juda inçe syýasatçy, beýik ykdysatçy, parasatly döwlet işgäri, täsin ruhy lider hökmünde Beýik Serdarymyzyň möçberinde tanalan sypatlary anyk işleri hem ädimleri bilen aýan boldy. Bu hakykatdyr. Emma bu günki gün, XXI asyryň bosagasynda, Beýik Serdarymyzyň hyzmatlary barada has uly ölçegi – müňýyllyk ölçegini ulanmaga borçludyrys hem haklydyrys. Bu ölçegiň görkezijileri bolsa şeýle diýýär: Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkyny türkmen milletine öwürdi. Eýsem-de bolsa, munuň özi has durmuşy sözler bilen aýdylanda nämäni aňladýar?! Munuň özi halkdan tapawutlylykda milletiň ykdysady, jemgyýetçilik, syýasy hem ruhy taýdan bitewileşendigini, bir göwrä öwrülendigini aňladýar. Halky bölüp bolýar, emma millet weli bölünmezdir. Munuň özi türkmeniň taryhy ömrüniň, dowamatynyň ýüz däl, müňýyllyk aralyga çenli uzandygyny aňladýar. Munuň özi şu mahala çenli özge milletleriň kölegesinde ýaşap gelen, şonuň üçinem göze görünmedik türkmeniň taryhy ýaşaýşyň güneýine çykandygyny aňladýar. Galyberse-de, munuň özi türkmeniň indiki müňýyllyklara uzap gitmeginiň kepili bolan zady özüniň daýanç nokadyny, direnmäge söýgedini tapandygyny aňladýar. Taryhyň çarkandakly ýollarynda kän horlanan türkmen öz-özüni tapdy, öz «menini» tapdy. Bu taryhy özgerişleriň binýadynyň esasynda anyk, inkär edip bolmajak taryhy fakt – Beýik Serdarymyzyň döreden Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň barlygy ýatýar. Görogly beg ýüzlerçe duşmana garşy söweşip, onlarça ýerine ýara salynsa-da, ýyldyz gördügi gutulyp gidýär. Ýyldyz görmek onuň üçin ömrüň kepili. Üçünji müňýyllygyň bütin dowamynda türkmen üçin ömrüň kepili bolup Beýik Serdarymyzyň guran milli döwleti hyzmat eder. Entek şol döwlet barka, türkmene hiç hili howp bolup bilmez. Biz nähili çylşyrymly, kyn pursatlarda bolsagam, bizi şo döwlete ynanç, Beýik Serdarymyzyň şahsyýetine ynanç alyp çykar. Ine, biziň müňýyllyga ýeterlik daýanç nokady diýýänimiz hem şudur. Daýanç nokadyny tapan milletiň, adamyň ýetmejek menzili, almajak galasy bolmaz. Hatda durmuşyň her hili pursatlarynda-da türkmen täze müňýyllygyň dowamynda «Meniň Türkmenbaşym bar!» diýip başyny belent tutup aýdar. Galan zatlaryň bary onuň üçin owunjak zatlar, ýeke pursatlyk aladalar bolup görner. Munuň özi sözüň hakyky manysynda Ruhuň belentligidir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döredijilik işgärlerine uly üns hem alada bilen bakýar. Olaryň döredijilik zehininiň aňrybaş derejede açylmagy, türkmen milletine, döwletine hyzmat etmegi üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilikleri döredýär. Çünki durmuş üçin, ýaşaýyş üçin, ruh üçin dörediji şahs aýgytlaýjy rol oýnaýar. Emma taryhyň gözi, nazary bilen seredeniňde, biziň iň uly döredijimiz Saparmyrat Türkmenbaşydyr. Beýik Serdarymyz döwlet döretdi, onuň awtory boldy, Garaşsyzlygyň hem dünýäde ýeke-täk resmi Bitaraplygyň awtory boldy. Biziň – döredijilik intelligensiýamyzyň saz, edebiýat, teatr hem gaýry çeper döredijiliklerimiz bolsa Beýik Serdarymyzyň şol taryhy, baş, esasy, iň uly döredijiliginiň bölekleri hem kanunalaýyklygy, tebigy netijesi hökmünde ýüze çykýar. Beýik Serdarymyz türkmeniň XXI asyrynyň – altyn asyrynyň awtory boldy, täze beýik-beýik binalaryň awtory boldy, ägirt uly ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik hem ruhy özgertmeleriň awtory boldy. «Ruhnama» – türkmeniň ýaşaýyş, dünýä, döwlet, adam, ömür ýaly baş pelsepeler baradaky ýörelgeleriniň hem duýgy-düşünjeleriniň jemidir. Halkyň taryhy tejribesi, ýaşaýyş sapaklary, onuň ruhy aladasy hiç mahal ýitip – ýok bolup ýa howada eräp gitmeýär. Energiýa ýitmeýär, Ruh bolsa ýaşaýyş energiýasynyň Ýer ýüzündäki iň güýçli görnüşidir. Şol sebäpden ruh gor görnüşinde jemlenip-jemlenip, halkyň ruhy hakydasynda gatlak-gatlak bolup siňip galýar. Ol Saparmyrat Türkmenbaşy kimiň ärleriň dörärine garaşyp, köp ýatýar. Ine, Beýik Serdarymyz kibi ägirt taryhy şahsyýetler hem şol gordan döreýär. Taryhy şahsyýetleriň üsti bilen ruhuň şol tükenmez, kör galmaz çeşmesi ýuwaş-ýuwaşdan milletiň gündelik durmuşyna gaýtadan ornaşýar. Şeýdip millete gaýtadan jan gelýär. Türkmenbaşynyň şahsyýeti – türkmen ruhunyň generatorydyr. Diýmek, «Ruhnamada» türkmeniň müňlerçe ýyllyk ruhy ölçegleri beýan bolar. Emma olar Türkmenbaşy zamanyna laýyklykda, Türkmenbaşy nukdaýnazaryna laýyklykda, Türkmenbaşyçylyk ölçeglerine laýyk beýan bolar. Şonuň üçinem biz umumylaşdyrma tertibinde: «Ruhnama» – munuň özi düýpli ideologik hem filosofik manyda Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyr diýýäris. Ol Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmeniň müňlerçe ýyllyk geçmişiniň beýikliginden şu gününe hem geljegine getiren beýik habarydyr, hoş habarydyr, baş kitabydyr. Türkmeniň geçmişiniň çuňňurlygy bilen geljeginiň beýikligi Beýik Serdarymyzyň belent şahsyýetinde sepleşýär. Ruhnama-da düýp manysy boýunça şol gepleşik taglymaty görnüşindäki beýan bolar. Üçünji müňýyllygyň türkmeni Ruhnamany ele alar-da, «Ine, meniň dünýä baradaky sözüm! Heý, onuň egsigi – kemi barmy?!» diýip, özge milletleriň ýüzüne buýsançly garar. Şu taryha buýsanç üçin sag bol, Türkmenbaşy! Türkmeniň iň täze taryhynyň her aýy hem her ýyly Türkmenbaşynyň şahsyýet belentliginiň täze taraplaryny açyp gidip otyr. Giňişlik taýdan alanyňda, biziň milli liderimiz dünýä möçberindäki şahsyýete öwrüldi, munuň aýdyň subutnamasy – Bitaraplyk ideologiýasy hem statusydyr. Taryhy wagt taýdan alanyňda, Türkmenbaşy Oguz handan bäri iň uly şahsyýetdir, munuň aýdyň subutnamasy – Garaşsyz türkmen döwletiniň döremegi. Bir-ä Oguz hanyň, birem Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwleti ähli türkmen taýpalaryny öz içine alypdy. Iň arzyly, doly milli bitewülik diňe şu wagtlarda döredi. Galan ähli türkmen han-soltanlarynyň uçdantutma ähli taýpalary birikdirip bilmändigine, olardan närazy bolan taýpalaryň bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda türkmeniň taryhynyň şular ýaly aýratynlyklary-da öz aýdyň beýanyny tapar. Halkyň öňbaşçysy bilen millet bolýandygyny, şol bolmasa onuň erkiniň ýitýändigini biziň geçmiş taryhymyz görkezdi. Tutuş millet möçberinde diňe Oguz han hem Türkmenbaşy öňbaşçy bolup bildiler. Galan onlarça döwletlerimiz diňe taýpa döwleti ýa-da taýpa birleşikleriniň döwletidi. Türkmenbaşynyň ruhy taglymatynyň düýp milli manysy hut şundan ybaratdyr. Oguz han atamyz takmynan 5 müň ýyl mundan owal ýaşap geçipdir. Saparmyrat Türkmenbaşymyzy Hudaý türkmene ikinji müňýyllygyň sepgidinde berdi. Diýmek, şeýle möçberdäki şahsyýetler müňlerçe ýyldan bir gezek berilýär. Olaryň şahsyýetinde halkyň müňlerçe ýyllyk ruhunyň jemlenmegi-de tebigy kanunalaýyklykdyr. Şonuň üçinem, Ruhnama asyrdan asyra geçip gitjek namadyr, ýagny kitapdyr. Biziň pikirimizçe, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasy türkmeniň taryhynda wagt taýdan alanyňda dördünji taglymatdyr. Ondan öň biziň taryhy durmuşymyzda özboluşly, gaýtalanmaz üç sany taglymat bolupdy. Bular Gorkut atanyň taglymaty. Göroglynyň taglymaty. Magtymgulynyň taglymaty. Bu taglymatlaryň hersiniň özboluşlylygy Türkmenbaşy zamanasy üçin hem ähmiýetli bolan bir düýpli taryhy-filosofiki meselede aýdyň görünýär. Ol mesele halk, döwlet hem şahsyýet we olaryň özara mynasybeti baradaky meseledir. Gorkut ata biziň eýýamymyzyň ilkinji asyryndan başlap, tä yslama çenli döwrüň taryhy tejribesini jemleýär, ol yslamdan öňki gymmatlyklary yslam gymmatlyklary bilen sepleşdirýär. Gorkut ata döwletiň hem şahsyýetiň gymmatyny ykrar etmek bilen bir wagtda halky ileri tutýar. Görogly ikinji müňýyllygyň başky ýarysyndaky taryhy-ruhy tejribäni jemleýär we döwlet bilen halkyň gymmatyny ykrar etmek bilen bir wagtda şahsyýeti ileri tutýar. Soňky asyrlaryň tejribesini jemleýän Magtymguly şahsyýeti hem halky ykrar etmek bilen bir hatarda döwleti ileri tutýar. Görnüşi ýaly, bu üç gymmatlygyň mynasybeti olarda deň däl. Şonuň üçinem milli bitewülige ýetmek kyn bolupdyr. Diňe beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň taryhy hereketlerinde olaryň üçüsinem deň hatarda goýmany hem millet möçberindäki bitewüligi gazanmagy başardy. Oguz hanyň döwründäki milli bitewülikden häzirki bitewülik taryhy şertleri hem manysy boýunça köp tapawutlanýar. Beýik Serdarymyzyň taryhy hereketleri, işleri ruhy beýany, jemlenmesi bolan Ruhnama soňky iki müňýyllygyň iň uly hem iň düýpli ruhy hadysasy bolar. Onuň mazmunynda ruh hem dünýä, ruh hem döwlet, ruh hem millet, ruh hem şahsyýet, ruh hem döredijilik, ruh hem watan, ruh hem iman, ruh hem ahlak, ruh hem durmuş ýaly düýpli meseleler özüniň tüýs türkmençe beýanyny tapar. Ruhnama – mähriban Serdarymyzyň pähiminiň, paýhasynyň, parasadynyň we irginsiz çeken zähmetiniň jemi. Iň esasy zat – Ruhnamanyň Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymaty bolup dünýä inmegi hem asyrlarboýy ýaşajaklygydyr. 36. Türkmende «Öňüm gelenden, soňum gelsin!» diýen pähim bar. Bu biziň şu günümiz üçin dörän pähime meňzeýär. Sebäbi XX asyryň ahyrynda türkmeniň soňy geldi. Türkmeniň bagty açyldy. Biziň owadan bagtymyzy beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy açdy. Her bir halk öz ýurdundaky bir ajaýyp zady bilen ýa-da bir beýik şahsyýeti bilen tanalýar. Eger ýatda galar ýaly zady ýa-da şahsyýeti bolmasa, onda şol ýurt dünýä ýurtlarynyň arasynda ýatda galmaýar. Şu güne çenli «türkmen» diýilse, ilki bilen halylarymyz, ahal-teke atlarymyz göz öňüne gelýärdi. Türkmenistan şu iki kämilligi bilen tanalýardy. Biziň kämilligimiziň üstüne ýene bir kämillik goşuldy. Ol kämillik – şahsyýet kämilligi. Özge ýurtlarda eýýäm Türkmenistan hakda, türkmen halky hakda gürrüň gitse, bu ýurduň beýik şahsyýeti, beýik ýurt baştutany Saparmyrat Türkmenbaşy ilki bilen ýatlanýar. Bu gün biziň beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy dünýä ýüzüne halkyny örän gysga döwürde bagta ýetirmegiň, abadançylygyň, agzybirligiň beýik nusgasyny görkezdi. Öz eziz halkyny altyn ýaşaýyşda ýaşatmak işine ömrüni bagyş eden, halkyň eşretli ýaşamagy üçin gije-gündiz aladalanýan mähriban Serdarymyzy näçe hormatlasaň, näçe taryplasaň az. Mähriban Serdarymyzyň «Watany başymyza täç edeliň!» diýen ganatly sözleri bar. Şu pikire esaslanyp, şeýle diýesim gelýär: Türkmeniň bagtly ýaşamagy, altyn durmuşda ýaşamagy üçin ömrüni bagyş eden eziz Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşyny depämize täç etmelidiris! 1991-1998 ý. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |