02:01 Garaşylmadyk myhman / hekaýa | |
GARAŞYLMADYK MYHMAN
Hekaýalar
Garaşylmadyk myhman bolanynda men bolýan. Hawa, menem bu dünýäde ýaşap ýören käbir adamlar ýaly, pelegiň her tüýsli oýnuny ýakyndan synlap ýöreniň biri. Pelegiň başyňa salan oýnuna düşünmeseň, onda sen onuň oýunjagyna öwrülýäň. Şonda sen öz mertebäňi özüň basgylaýaň. Ýok, eger-de, sen pelegiň oýnuna ýan bermeseň, her hili ýagdaýa duçar bolanyňda-da sabyr edip, ýüregiňdäki ynanjyňy harlamasaň, onda sen ynsan hökmünde şeýle bir beýik mertebä beýgelýän ekeniň. Bagtly ýaşamak üçin nämäniň zerurdygyny, nämäniň bolsa geregem däldigini bilseň, adama şondan başga nähili bagt gerek? Ol bagty men şeýle tapdym… * * * Kakam ýaňy bäş ýaşymdakam aradan çykypdyr. Şol döwre degişli ýatlamalarym meniň üçin diýseň gymmatly. Men köp gijeleri kakamy ýatlajak bolup, gözlerimi ýumup, hyýalymyň garaňky otaglaryny dörüşdiripdim. Ýöne şol otaglarda kakama degişli ýatlamalary asyl tapyp bilmezdim. Ol barada diňe ýekeje waka, edil ak perdäniň arkasynda görünýän ýaly, bulam-bujar bolup huşuma gelýär. Kakam işinden çykyp, gündiziň günortany meni çagalar bagyndan almaga barypdy. Onuň başyndaky papagy bir tarapa gyşardylyp, çümre geýlendi, elinde bolsa içi gurally ýantorbasy bardy. Onuň gelenini penjireden görüp, şeýle bir begenipdim. Men her gün diýen ýaly, ikindinara ejem haçan gelerkä diýip, garaşmakdan ellibizar bolup, gapa tiňkämi dikip oturardym. Ertirden agşama çenli çagalar bagynda gözüňi gapa dikip garaşmaklyk meniň çaga göwnüm üçin iň bir elhenç güzapdygyny siz bilýän hem dälsiňiz. Şonda günortan naharyndan soň birdenkä kakam geläýdi. Ol meniň ýanyma gelip: „Köşek, ýör, hany, zatlaryňy al, ejeň bilen mamaňlara gidýäs!“ diýeninde, men özümi kapasadan çykan guşjagaz ýaly duýupdym. Göwnüm kapasadan çykyp, eýýäm menden öňürti mamamlara hem baryp gelipdi. Kakamyň elinden tutup, ikimiz bileje çagalar bagynyň howlusyndan çykdyk. Ýolda kakam öýde ejemiň garaşyp oturandygyny, ýene bir sagatdan otla münýändigimizi aýtdy. Kakam uly-uly ädimler bilen çalt ýöreýärdi, menem onuň yzyndan galmajak bolup özüme zor salyp, ylgap diýen ýaly ýöreýärdim. Emma biz şunça ýöresek hem bileje öýe ýetip biljek däl ekenik. Öýe barýarkak bolan ýol pajygasy kakamy menden jyda düşürdi. Bir seretsem, kakam ýerde jansyz göwre bolup ýatyr. Meniň bolsa garnymyň bir gapdaly durşuna zerzaw. Garnymyň agyrysyny ýatdan çykaryp, ýerimden turdum-da, kakamyň başujuna baryp oturdym. Onuň buz ýaly sowuk ellerinden tutup: “Kaka, saňa näme boldy? Kaka, kaka…“ diýip, kakamy turuzjak boldum. Kakam turmady. Men onuň hiç haçan turmajagyny bildim, gözlerimden ajy gözýaşlarym paýyrdap gaýtdy. Ony gujakladym, kellämi onuň gujagyna basyp agladym. Horkuldap agladym, ýaňagymdan syrygýan gözýaşlarym kakamyň gyrmyzy gana boýanan köýnegine damýardy… Bir söý bilen kakam aramyzdan bakyga göçüp gideninden soň, biz ejem ikimiz galdyk. Ony oba arçynlygynda süpüriji edip işe ýerleşdirdiler. Kakam ýogalan soň, gün-güzeranymyzam öňki ýaly bolmady, birneme erbetleşipdi. Erbet bolup, juda bir oňuşmazça-da däldi-de, ejem meni oňküler ýaly il bilen deň geýdirip, il bilen deň iýdirjek bolup özüni horlaýardy. Men çaga bolsam-da, muny aňýardym. Ejeme nebsim agyrýardy. Bir tarapdan hem kakamyň aramyzdan gidenine düşünip bilemokdym. Bu zatlaryň bary düýşdür, belkäm, uklap oýansam, bar zat edil öňküsi ýaly bolar öýdüp her gije çaltrak uklajak bolup jan edýärdim. Emma her gezek oýananymda ýanymda diňe ejemiň ýatanyny görýärdim… Nirede bolanda-da, wagt geçip dur. Men mekdebe gatnap başladym. Ejem ikimiz bileje gidip, maňa täze okuw torbasyny aldyk. Öýe gaýdyp gelýärkäk ejemiň aglaýanyny gördüm. – Eje, näme üçin aglaýaň? – Aglamok, balam! Kakaň hem seniň mekdebe gideniňi görüp bilsedi. Men ejemiň aglaýanyny kän görýärdim. Kakam aramyzdan gideninden soň, meniň üçin ol ömrüniň ahyryna çenli hemişe gözýaş döküp gezen ýaly bolup dur. Ol maňa bildirmejek bolýardy. Gözýaşyny menden gizleýärdi. Men, belkem, onuň ýeke dikrary bolamsoň, onuň çekýän her bir ejirini ýüregimden duýup bilýärdim. Ine, ejemiň yzasyny ýüregimde duýup bilenim üçin men heniz çaga wagtym özümi ulaldym hasap etdim. Ejemiň gözýaşlar ummanynda turýan gaýlary çaga gaýygymy bireýýäm agdarypdy… Meniň okuw bilenem wejim bolmady. Sekizinji synpa ýetenimde, ejem erbet kesele ýolukdy. Şondan soň okuwdan hasam sowaşdym. Ejem işe gitmäge ýaramady. Ol birbada şonda-da işlejek boldy, ýöne men oňa ýol bermedim. Okuwdan soň özüme iş tapyndym. Gajar aga meni öz ýanyna şägirt edip alypdy. Ol ýaşy altmyşa ser uran, gaşlak, mäşbürünç sakgally, ýüzi nurana, süňkbaşy iri ýaşuly adamdy. Aýally bolsa-da, perzendi bolmansoňmy ýa-da ol şeýle bir akýürekli, ýagşyzada adam bolany üçinmi, bilmedim, men onuň ussahanasyna iş diýip baran günüm ol meni diýseň mähirli garşy alyp, şägirtlige kabul edipdi. Ol meni şägirdi edip alansoň, men okuwdan sypyndygym ussahana eňerdim. Onuň gasyn-gasyn elleri bilen demiri nädip ýençýändigini, orak, pil, kätmen ýaly gurallary nädip ýasaýandygyny, olary nädip dişeýändigini, garaz, öz halypamyň bilýän inçe sungatyny öwrenjek bolup onuň her bir hereketini sypdyrman synlaýardym. Olam irmän-arman maňa öwredýärdi, Arasynda maňa-da demir ýençdirýärdi. Şeýdip, biz onuň bilen ataly-ogul bolup, bileje işläp başladyk. Ol ýaşuly meni hak-heşdekden hem hor etmedi, aýlygymy wagtynda berdi durdy. Men her gezek aýlygymy alanymda, ejemi begendirjek bolup, lükgeligi bilen puly ejeme getirip bererdim. Ejem şonda-da özünden nägiledi. Meniň ýaşlykdan gara işe baş goşmaly bolanym üçin özüni günäkär saýýardy. „Okuw okamaly halyňa sen näme edýäň?! Men seni ibaly okadyp hem bilmedim“ diýip, meniň ýanymda göwnüme degmejek bolup aýdyp bilmese-de, öz ýanyndan içini hümledip kän gaýtalanyny men anyk bilýärin. Okuwy tamamlanymdan soň, men Gajar aganyň ýanyna ymykly ornaşdym. Islendik sungaty öwrenmek üçin adamda belli bir derejede ukyp bolmalamdyr, ýöne eger-de, adam dowamly şol bir işi edip ýörse, onda ol özüniň endik eden işini sungat derejesine çykaryp bilýär. Menem indi özüm pil ýasap bilýärdim. Ýasaýan gurallarym Gajar aganyňkydan kem däldi. Biziň eden işlerimiziň dabarasy dag aşýardy. Uzak ýerlerden hem gelip, ýörite bizden, ýagny Gajar aganyň ýasany diýip, pil satyn alyp gidýärdiler. Şeýdip, beýik Biribaryň bize nazar salmagy bilen men maşgalamyň günemmasyny aýlap başladym. Bir gün işden ýadap gelipdim, el-ýüzümi ýuwup, ejemiň saçaga goýan naharyny işdämenlik bilen iýip otyrdym. Nahar iýip otyrkam, ejemiň özüme nämedir bir zatlary diýjek bolýanyny, ýöne şol diýjek bolýan zadyny diýmegiň hiç ebeteýini tapman oturanyny aňdym. Ejemiň gözleri begençden uçganaklaýardy, ýüzünde nähilidir bir şatlyk, buýsanç alamatlary bardy. Ahyry ol ardynjyrap ýüregindäkisini aýtdy. – Oglum! Senem indi ýigit çykdyň. Her bir erkek kişi belli bir ýaşa ýeteninde öýlenmelidir. Seniň toýuňy tutsak nädýär?! Hudaýa şükür, men hiç zada ýaramasam hem sen işläp ýörsüň. Karz-kowul edip toý edeli, menem bir diri gezip ýörkäp gelin söýgüläp, agtyklary guwansam armanym ýok. Ejeme hiç zat diýip bilmedim. Birbada, oýurgandym. Ejemiň keseli ýadyma düşdi. Soň özümiziň gallaç durmuşymyz göz öňüme geldi. – Eje, goý, seniň diýeniň bolsun! Ejem hamala meniň beýle jogap bererime garaşmaýan ýaly, göwresine edem edip bilmän oturan ýerinde iki-ýana gozgandy. Çaga ýaly begenişini görenimde menem ýüregimdäki, ötlem-ötlem gapylaryň aňyrsynda dörän, hiç kime aýdyp bilmän ýören söýgimi oňa nädip aýdanymy bilmän galdym. – Eje! Nabat gelnejäniň ortanjy gyzy bar-a. – Hä, halyçy gyzy Sonamy? – Hawa. Sen şonuň häsiýetini nähili görýäň? – Wah, balam, Sona ýaly gyzy duluma gelin edip alyp bilsem, näme armanym bar. Maşgalalary hem tüýs bize ylaýyk. Olar hem biz ýaly, tapanyna şükür edip ýören maşgalalaryň biridir, balam! Şondan soň ejem maňa doly düşündimikä diýýärin. Ol menden artykmaç zat sorajagam bolmady. Soran bolsa, oňa Sona bilen bir gezek duşuşanymy aýtsam aýdardymam. Şeýdip, ejem Sonalara gudaçylyga bardy. Gajar aganyň eden pul kömegi bilen biz ara uzak wagt salman Sona bilen durmuş toýumyzy tutduk. Toýumyza ejem has köp begendi. Emma ol şunça begense-de, kakamyň ýoklugyny ýadyndan çykaryp bilmejekdigini ikuçsuz bilýärdi. Menem bilýärdim. Bu dert onuň süňňüni edil gurt ýaly gemirýärdi, ýüregindäki barça kuwwatyny ýele sowurýardy. Ony şol erbet kesele ýolukdyran, onuň giň hem päk ýüregini bütinleý gabsap alan – ünjüleri boldy. Meniň toýumdan soň ejem üýtgän ýaly bolaýdy. Men biziň toýumyz onuň derdini ýeňledendir öýdüpdim, ýüregindäki ünjüler aýrylandyr diýip oýlaýardym. Ýöne onuň ýüreginde ornaşan ençe ýyllyk hasratlar aýrylman, gaýtam hasam çişipdi. Şol çiş ahyry bir gün partlap, ejemiň ýüregini hemişelik togtadypdy. Biziň gyzjagazymyz iki ýaşyny ýaňy dolduranynda ejem dünýeden gaýtdy. Çagakam kakamyň gujagyna kellämi goýup aglaýşym ýaly, ejemiň göwsüne hem kellämi goýup agladym. Ejemiň egnindäki göwşüldän köýnegine siňen ýakymly der ysyny bar güýjüm bilen demime dartanymda halal ojagymyzy başymyza ýykan „ajal“ maňa şeýle bir edrenç, şeýle bir elhenç bolup göründi. „Görgüli, ýaňy şatlyga ýüzi düşüneninde şeýle bolaýmalymy? Onuň ýerine men giden bolsam bolmaýarmy“ diýip täleýime länet okadym. Bu, öte geçmeklik bolýardy. Men duýgularyma bäs gelip bilmän, şeýle ýalňyş sözleri agzyma alanyma, ejemiň halallyga ýugran paýhasymy hapalanyma toba etdim. Onda-da şol gün, ejemi tabyda mündürip gara ýere tabşyran günüm toba etdim. Çytawun howada obanyň käbir garry-gurty adamlary ýola çykyp, eginlerini gysyşyp, göýä diýersiň ýylanjak bolýan ýaly, biri-birlerini gysmyjyraşyp gamgyn halda bize seredişip durdular. Bizem obanyň adamlary bolup ejemi alyp barýardyk. Ýolda men ýerimi çalyşman, ýapyşan ýerimi göýbermän barýardym. Aňymda her hili garjaşyk pikirler köwsarlaýardy. Men henizem ejemi ýere duwlamaly boljakdygyma ynanyp bilemokdym. Aňymdaky garjaşyk pikirleriň arasyndan özüme tutunara bir direg, ýol tapara bir yşyk gözleýärdim. Soň birden gyzjagazymyň yşnakly ýüzi gözüme göründi-de, meni özüne çagyrýan ýaly, bar pikirlerimi özüne çekdi. Men şonda ýalňyşyma düşünipdim. Beýik Biribaryň maňa beren gününden men ,nädip, nägile bolaýyn? Her näçe şükür etseňem az. Hudaýa şükür, çagam bar, günümiz hem erbet däl. Eger-de, gyzjagazymyň ýüz-keşbi maňa görünmedik bolsa, men ardurja iň gadyrbilmez, iň bir naýynsap adama – Allahyň halamaýan bendesine öwrülmelidim. Öz ýalňyşyma düşünmezdim. Gonamçylyga barýançak dilimde: „Şükür, Hudaýa şükür, toba etdim“ diýen sözleri şol gaýtalandy durdy… * * * Wagt her bir derdiň çäresini tapýan eken. Ejemiň ýoklugyny ýadymyzdan çykaryp bilmesek-de, gam-gussamyz birneme sabaşypdy. Gyzymyz Suraý ers-mers bolup, enaýja gyzjagaza öwrülip barýardy. Biziň ikimizem onuň ugrunda kökenekdik. Men ýene-de Gajar aganyň ussahanasynda işleýärdim. Sona bolsa haly sehinde işleýärdi. Horaşaja jaýymyzda üç bolup, öz bagtymyza özümiz guwanyp ýaşaýardyk. Pulumyzdan artdyryp, gyzymyza täze köýnekdir, täze köwüş alyp berip, oňa mährimizi siňdirýärdik. Sona boş wagt tapsa, oňa goşgy öwredýärdi, gyzykly-gyzykly ertekiler okap berýärdi. Bir gün duýdansyz gelen harasat, gapymyzy kakman içerik kürsäp girdi. Suraý keselläpdi. Gyzymyz hiç zat ýok ýerden gyzdyryp ýatdy. Sona bolsa oňa göz degendir diýip, derrew öýüň içinde ýüzärlik tütetdi. Şol gün agşam unaş bişirildi. Men: „Hä, gyzym, sen derjigip bir unaş iç onsoň, bar keselden saplanaýarsyň“ diýip, düşekde gara suw bolup ýatan gyzymyň maňlaýyny sypadym. Agşam geçdi, ertir tursak, gyzymyzyň gyzgyny gaýtmandyr. Biz ony hassahana alyp gitmeli diýen netijä geldik. Obanyň hassahanasyna bardyk, olar gyzymyzyň ýagdaýynyň agyrdyny, tizara şäher hassahanasyna gidilmelidigini aýtdylar. Biz ol ýerdenem şäherdäki hassahana eňdik. Men geň galýardym. Gyzym oňatja gezip ýördi ahyry, birden oňa näme bolup bilsin? Hernä emgek bolup geçer-dä. Şu pikirler bilen içimi hümledip barýarkam, ýüregimi gorky gurşap aldy. Men nämedendir bir zatdan gorkdum, göwnüme getirýän zatlarymyň bolaryndan gorkdum. Düýnjigem bar zat gowudy. Biz hassahana bardyk. Bir sagadyň dowamynda gyzymyzyň keselini anykladylar. Lukmanyň ýanyna ikimizem bile girdik. Ak ýektaýly, uzyn bir pyýada äýneginiň üstünden bize gözlerini dikip şeýle diýdi: „Gyzyňyzy şu günüň özünde hassahana ýatyrmaly bolarsyňyz. Biz onuň öýkeninde erbet keseliň alamatlaryny anykladyk. Gyzyňyzy operasiýa etmeli bolar. Ýogsam, onuň ejiz bedeni kän uzak çydap bilmez. Gyzyňyz üçin ummasyz puluň gerekdigini hem ýatladaýyn…“ Biziň üstümizden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Sona: „Hiý, eý, Hudaý“ diýip öýmesiniň çowuny öl-myžžyk etdi. Men ony lukmanyň otagyndan daşaryk çykardym. Biz dälizdäki oturgyçlaryň birine çökdük. Ýeri, indi näme etmeli? Edil şu wagt biziň üýşüp duran pulumyz hem ýok. Gyzymyzy bolsa, bu keseliň giresine oklap bolmaz. Men oýlanýardym. Çykalga tapylaýmalydy. Şol wagt ýanymyzda pulumyz bolmansoň, biz gyzymyzy öýe alyp gaýtdyk… Gyzymyz erbet horkuldap üsgürýärdi hem-de derleýärdi. Sona onuň başynda näme etjegini bilmän iki ýana delmirýärdi. Meniň bolsa, gyzymyň ýatan otagyna girmäge-de ýüregim dözenokdy. Gyzymyň ýanyna girip bilmän, gapynyň daşynda çök düşüp, elim bilen kellämi gysyp oýurganýardym. Men hökman bir çykalga tapaýmaly. Şol ummasyz puly kimden sorap bolar? Bize onça köp puly kim bererkä? Öz ýakyn garyndaşlarymdan-a sorajak adamym ýok. Kakamyň ýekeje dogany bar, ol-a maňa pul berer ýaly näme ejemiň patasyna bir geldimi? Ýa, henize deňeç onuň gapysyndan barmasam-da, gyzym üçin onuň ýanyna baraýsammykam?! Ýok-la, ol bize kömek etjek bolsa, kakam aýrylan döwürleri kömek ederdi. Ýeri, onda kimiň ýanyna barmaly? Gajar aga onsuz hem bergimiz başymyzdan agdyk… Men şeýle pikirleri öwrüp otyrkam, Sonanyň gelenini duýdum. Ol aglamjyrap: „Gyzymyz eräp akyp barýar. Bar, nireden hem bolsa şol puly tap. Ýekeje balamyza bir zat bolaýsa, soň men nädip ýaşaryn, hä? Nädip?“ diýdi-de, maňa ýalbarmaga durdy. Men ony köşeşdirjek boldum. „Men häzir gideýin, agşama çenli puly tapyp gelerin“ diýdim-de, öýden çykyp gaýtdym. Puly nireden hem bolsa tapylmalydy? Men göz-görtele gyzymy nädip oda taşlaýyn? Obamyzyň köçesini syryp, daň bilen sopbaş özüm telbe ýaly aýlandym. Jahan mazaly ýagtylansoň, köçämiziň her ýerinde adamlar görnüp başlady. Ussahananyň deňinden telim sapar geçdim. Häzir, men gyzym düşekde ejir çekip ýatyrka nädip elime çekiç alyp demir sozaýyn. Men ýöredim. Bir ýerde durup bilmämsoň ýöremeli bolýardym. Ýöräp barşyma obamyzyň çetindäki mähnet ýeke tuduň ýanyna nädip ýetenimi hem duýmandyryn. Ýeke tuduň saýasynda oturdym, ýokardan aşaklygyna obany synlap, ýene-de pikire çümdüm. Oba-da hereket başlanypdy. Han-ha, Esen padyman obanyň sygyrlaryny çöpläp, sürüni köçe bilen ilerligine guma bakan sürüp barýar. Daýhanlar bolsa eginlerine pildir-kätmenlerini atyşyp, mellek ýerlerine bakan haýdaşyp barýarlar. Her gün şähere gatnaýan awtobus bolsa bireýýäm şäherden gaýdyp gelip, gumaksy ýoldan tozan turuzyp oba girip barýardy. Men bu görnüşi şu belentlikden öň, gör, nijeme sapar synlapdym. Her gezegem obamyň bu görnüşi meniň ruhuma has ýakyn, has üýtgeşik bolup görünýärdi. Ýöne şu sapar welin bu oba meniň ruhumy sykyp, kejebämi darykdyrýardy. Şu obadan hemişelik göçüp gidäýesim geldi. Bu ýerden has uzaga gitsem, belkäm, meniň çagalykdan ýüregimde gemre baglan ünjülerim, hasratlarym biraz hem bolsa ýeňlär, öňküsi ýaly meni kösemez. Ýok, men nirä gitsemem, kölegämden gaçyp gutulyp bilmeýşim ýaly, ýene-de täleýimden, ýazgydymdan gaçyp bilmerin. Eý, ýeke tut! Aýt ahyry, men näme etmeli? Ýeke balam ajalyň zabun holtumyna düşjek bolup dur, men indi nätmeli? Eý, beýik Biribar! Maňa kömek et! Meni ýaman pällerden, ýalňyş ýola girmekden özüň gor-a. Dileg edenimde birhili ýüregim giňäp nepesim durlanan ýaly boldy. Men, beýik Biribaryň daldasy hökmän meniň dadyma ýetişer diýip çyn ýürekden ynandym. Asmana seretsem, guşlar perwaz urýar. Gör, olar nähili erkin. Beýik Biribara guşlara ganat beren bolsa, maňa-da ynanç beripdir. Men ynanýaryn. Beýik Ýaradanyň maňa kömek etjekdigine çyn ýüregim bilen ynandym. Hyýallarym bilen, oýdur-pikirlerim bilen gümra bolup, ýeke tuduň saýasynda wagtyň nädip geçenini duýmandyryn. Men henizem alaçsyzdym. Wah, elim golum-bagly bolup dur-da. Bolmasa, häziriň özünde gyzymy hassahana ýatyrmajakmy?! Atanyň öz balasynyň göz-görtele ölüme tarap barýandygyny görüp, oňa hiç zat edip bilmeýşini size nädip düşündirsemkäm? Muny düşündirip bolmaýar. Şol arada gyzymyň özelenip seredýän ýüzi niredendir peýda bolup maňa seretdi. Men elimi kelemenledip, gözüme görünýän gyzymyň ýüz keşbini kowjak boldum. Şonda-da gyzymyň naýynjar ýüzi hol uzakdan maňa seretdi durdy. Gyzymyň seredişi meni tasdan däliredipdi. Şol pursat hem şeýtanyň pyşyrdylary gulagyma eşidilip başlady. „Sen näme pul diýip gyzyňdan geçjekmi? Gerek bolsa ogurlyk et, jümrilik et. Ýöne bir alajyny tap-da, gyzyňy halas et“ diýen ses meni ýüregimi dilim-dilim edip, içki dünýämi alazenzele etdi. Ilkibaşda men bu ses özümi bermeli däldigime düşündim. Aňym ýerindekä oňa berk gaýtawul berip: „Ýok. Haramlyk edip gyzymy halas edip bilmen!“ diýdim. Emma şunluk bilen hem şeýtan meniň ýakamdan elini çekäýmedi. Ol daşymda müň dürli sapalak gurap, her hili hile-pirimlerini aňyma suňşurdy. „Gajar agadan pul sorap nätjek. Ol bir aňkasy aşan garry. Aýaly hem özünden beter. Öýlerinden pullaryny nireden goýanyny bilýäň. Ümsümjik bar-da al. Kim bilip dur!!!“ Eý, Hudaý! Ýok, men beýdip bilmerin. Ejem menden razy bolmaz. Bir gezek men synpdaş dostum Babalynyň owadan galamyny ogurlapdym. Ejem pahyr muny bilipdir. – Balam! Men saňa beýle galam alyp bermändim-ä? – Hawa, eje! Bu galam Babalyňky. – Sen ony ondan sorap aldyňmy? -Neme-le, eje. Men aýtman alaýdym. – Oglum, iliň galamyny alyp näme etjek? Men näme saňa galam alyp beremokmy? – Eje, ýöne onuň galamlary meniňkiden has owadan-a, eje! – Seret, balam! Dogry aýdýaň, bu galam seniň galamlaryňdan has owadan. Ýöne, Allatagala ol galamy başga bir oglanjyga beripdir ahyry. Şonuň üçinem sen bu galamlar bilen näçe surat çekseňem, çeken suratyň owadan bolmaz. Sebäbi ol seniňki däl. Sen diňe öz galamyň bilen owadan surat çekip bilersiň. Şonuň üçin bar, olary Babala eltip ber. Gaýdyp hem hiç haçan ogurlyk edäýmegin, oglum! – Bolýar, eje! Gaýdyp iliň zadyny almaryn… Men bu betpälden özümi sowjak bolup şunça jan etdim. Bolmady. Ýeke tutudyň ýanyndan, baýyrlykdan aşaklygyna oba tarap ylgadym. Gajar agadan pul ogurlamaly diýen pikirden gaçýan ýaly, yzyma seretmän ylgadym. Ussahanaň deňine ýetenimde demimi dürsäp içeri girdim. Gajar aga ussahanada ýok eken. Sandala söýelgi duran çekiji aldym-da, ätişgir bilen otdan çykaran demirimi ýenjip başladym. Çekiji bat bilen her uranymdan gyzaran demirden ot syçraýardy. Göýä diýersiň, men aňymda tutuşýan betpälimi ýenjip ýoklajak bolýan ýaly, demiri bar güýjim bilen ýençýärdim. Demir ýenjildi, men ony pil sapa dakaýmaly edip goýdum. Ýöne şeýtanyň gursagyma üflän ýaman niýeti welin hiç ýenjilmedi, gaýta barha möwjedi… Gajar agalaryň öýüne girmeli diýen netije geldim. Maňa şu wagta çenli iň köp kömek eden adamyň öýüni talamalydym. Gyzym üçin edýärin, diýip öz-özümi köşeşdirdim. Agşama çenli ussahanada güýmenen boldum. Gijäniň ýarynda, tutuş oba süýji ukada ýatyrka ussahanadan çykdym. Köçe imisallykdy, käbir ýerde uwlaýan itleriň sesi bolaýmasa, başga hiç hili ses-seda eşidilenokdy. Men Gajar agalaryň gapysyna bardym. Haýatdan böküp howla girdim. Öýüň gapysy açykdy. Gajar aga iň çetki otagda ýatýardy. Onuň pully, gulp asylan sandygy bolsa Mama daýzanyň ýatýan otagynda durýardy. Sandygyň üstüne ýygnalýan ýorgandyr-düşekleriň epinleriň arasynda-da gulpuň açary bolmaly. Men öýüň bar ýerine beletdim. Sebäbi Gajar agalarda kän ýatyp turardym, olar menden hiç zadyny gizlejegem bolmazdylar. Olar meni öz ogullary ýaly görýärdiler. Pişik basyşyny etdim-de, birinji otaga girdim. Mama gelneje hor çekip ýatyrdy. Men onuň aýakujundan assyrynlyk bilen ýöräp başladym. Mama gelneje şeýle bir agyr ýatypdyr, görmän aýagyny basanym bilen hem ol gozganjagam bolmady. Şonda-da men gorkýardym. Birinji sapar öý ýarýanym üçin ýüregim agzymdan çykaýjak bolup durdy. Men ahyry ähedem-dessemlän sandygyň ýanyna ýetdim. Sandygyň üstünde duran ýorganlaryň epinleriniň arasyna eli sokdum. Garaňkyda hiç zat görünenokdy, emma şonda-da elim açara sähel degse, onuň açardygyny ýa däldigini biljekdim. Ilki elimi salan ýerimde açar ýok eken. „Ýa, açaryň durýan ýerini üýtgedäýdilermikä?“ diýen pikir meni alas-gopasa saldy. Maňlaýymda düwme-düwme bolup der peýda boldy. Elimi ýene-de bir başga epiniň arasynda saldym-da sermeläp başladym. Elimiň nähilidir bir zada degenini aňdym. Ol açardy. Sandygyň açarydy. Açary tapanyma begenip, sandygyň üstündäki ýorganlary ýekän-ýekän düşürmek bilen boldum. Iň soňky ýorgany ýere goýanym hem şoldy welin, egnime kimdir biriniň eliniň degenini aňdym. Tasdan özümden gidipdim. Ikinji sapar ogurlygyň üstüne tutulýardym. Birinji sapar ejem meni bagyşlapdy. Bu sapar bolsa meni kim bagyşlasyn?! Kimdir biriniň eli egnime degeninde, göýä diýersiň şol el meni gözenegiň aňarsyna iteklän ýaly, men özümi gözenegiň aňarsynda ýaly duýdum. Yzyma gaňyrlyp seretmeli boldum. Gajar aga maňa ýylgyryp seredip dur. Meniň elimde bolsa sandygyň açary sallanyp durdy. Ol myssy ýylgyryp: „Hoş geldiň! Garaşylmadyk myhman!“ diýdi. Kekeçläp, hiç zat diýip bilmedim. Ol ümsüm eli bilen yşarat edip maňa otagdan daşary çykaly diýen ýaly etdi. Biz Mama daýzany turuzman otagdan çykdyk-da, Gajar aganyň otagyna geçdik. Gajar aga otagyň çyrasyny ýakdy. Men onuň gözlerine seredemokdym. Indi, men näme-de bolsa, az-kem soňumy göz öňüne getirip bilýärdim. Häzir Gajar aga meni polisiýa tabşyrar, soň bolsa näme hemmä mälim… Boýnumy burup, dikilgazyk bolup durdum. Ejem pahyra beren sözümde tapylmadym, Gajar aganyň ynamyndan gaçdym. Şeýle bulam-byjarlyga meni kim itdi? Diňe özüm. Men gürläp bilmän bogazym dolup durdy. Birdenkä aglasym geldi, erbet ses edip aglap ötünç sorasym geldi. Saklanyp bilmedim. Kellämi galdyrman: „Gajar aga! Öt günämi, meni bagyşla. Ýekeje gyzym üçin meni bagyşla“ diýip bogazymy saňňyldadyp, Gajar aga ýalbardym. Gajar aga bolsa: „Bu gün kimdir biriniň geljegini-hä bilýärdim welin, geljek adam sensiň öýdemokdym. Kyn güne düşen adam senmidiň asyl?“ diýdi. Men kellämi galdyryp, onuň gözlerine seretdim. Gyzym barada hiç kime ýeke agyz söz aýtmandym. Ol ony nireden bildikä? Ýa Sona aýdaýdymyka? Gajar aga sözüni dowam etdi. – Düýnden bäri egindeş dostum düýşüme girip meni ýatyranok. Ol pahyr mundan on ýyl öň aradan çykypdy. Pahyryň hiç bir hossary ýokdy. Dünýeden gaýtmanka ol meni ýanyna çagyryp, tokga bir altyn uzatdy-da: „Gajar! Men diňe saňa ynanyp biljek. Sen şu altynlary al-da, haçan hem bolsa, kimdir birine kömek gerek bolanynda, ony şol bendä sadaka bergin!“ diýipdi. Menem şol tokga altyny ýygnap goýupdym. Ine, düýnem ol düýşüme girip, halys günüme goýmady „Gije seniň ýanyňa bir bende geler, oňa şol altynlary hökman ber. Goý, ol kynçylykdan dynsyn“ diýýär. Ine, tursam sen dursuň… Men aňk-taňk boldum. Gajar aga näme diýjegimi bilmedim. Öz etmişime utandym, puşman etdim. Şeýtanyň alyna düşen adamyň garagy, dogrudanam, gapylýan eken. Beýik Biribara bil baglamagyň ýerine, men öz nebsimiň sapalagyna aldanypdyryn. Oňa bil baglan bolsam, mesele barybir çözüljek eken. Görsene, Allatagala ýene-de bendesi bilen ýagny men bilen deň bolmandyr… * * * Gajar aganyň beren altyny diňe bir gyzymy keselden däl, meni hem ogurlykdan gutarypdy. Ol altyn meniň ölçeg daşyma öwrüldi. Halal durmuşda ýaşamagyň ölçeg daşyna… Meniň ikinji ogurlyga synanşygym bolsa, Gajar aga bilen ikimiziň aramyzdaky syr bolup galdy. Indi men oňa ömürbaky bergidar. Gara bulutlar gara keçe ýaly bolup asmany büräp, älem-jahany tümlük gaplanda, adam näme üçindir hemişe şonlugyna galar öýdýär. Menem garaňky günlerde ýaşap ýörkäm, bir gün ýagty günleriň hem gelip ýetjekdigine ynanyp bilmändirin. Dargursaklyk edip, ejeme beren lebzimden dänip, haramlyk bilen ýagty güni getirjek bolupdyryn. „Hudaýa şükür. Berenine şükür. Şükür etmeli, berenine kaýyl bolmaly, harama ýanaşmaly däl.“ Şu ýörelgeler ynsany bagta eltýär. Ine, meniň tapan bagtym… Eziz AKAÝEW. | |
|
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |