15:04 Gara pişik / hekaýa | |
GARA PIŞIK
Hekaýalar
Ol işe gitmek üçin eginbaşlaryny geýip durka agşamky gören düýşüni ýatlajak bolýardy. Düýşüni ýatlap näme etjekkä? Bu geň adam yrymlar-a aňyrda dursun, göwüne gelen biderek pikir üçin hem ukudan galyp bilýär. Häzirem gijeki gören düýşünde nähilidir bir yşaratyň bardygyna, häzir işde ýa ýolda ony görjekdigine ynanýardy. Özüne niredendir bir ýerden ýolugan galp ynanç onuň ganyna siňipdi. Şol galp ynanjy tutuş bedeninde aýlanýan ýalydy, özi özümi, ynanjy özümi tapawutlandyryp bilenokdy. Ýogsa, ol ýaş-ýeleňem däl, elliň gyrasyndan gädip gelýär. Gören-eşidenleriniň täsiri bilen aňynda dörän ýasama ynançlarynyň aýnasynda özüniň betgelşik, çoça ýüzi diňe şu gün däl, her gün, her sagat gözüne dürtülýärdi. Gapydan çykyp barşyna, köwüşini geýip durka-da, ýüregi şol edrenç duýga gaplanypdy. Ýene bir gezek düýşüni ýatlamaga dyrjaşdy, bolmady. Herniçigem bolsa, howsala düşmejek bolup, batyrgaýlyk bilen gapydan çykdy. Ýüreginiň urşuny üýtgeden, pikirini bulaşdyryp, howsala salan duýgularyňa el bermezlik hem batyrgaýlyk dälmi näme? „Hemme zat gülala-güllük. Asmanam dury, howa-da gowy, guşlaň sesine sered-ä…“ Ol asmana ýylgyryp seretdi. Gara bulutlaryň ýoklugyna, guşlaryň sansyz köp nokatjyklara öwrülip, asmanda gaýmalaşyp ýörenine çaga ýaly begendi. „Asmanda gara bulut ýok bolsa, işim oňuna bolar“. Ol ýene-de bir gezek asmana seretdi-de, duralga bakan maýdalyna ýöredi. Näme üçindir köp nokatlar göz öňünden gitmedi. Köp nokatlar onuň gözünde hatar gurap şol geçdi durdy. Birdenkä, ol özüni guşa meňzedesi geldi. Köp nokatlaryň biri bolup, uç-gyraksyz boşlukda peýwagtyna aýlanasy geldi. „Guşlar, gör, nähili erkin. Olar asmanda ine-gana uçuşyp ýör. Edil, çagakak ýaýnap ýörşümiz ýaly. Çagakam gyz jigim bilen oýun oýnardyk. Ol-a meniň gelnim bolan bolardy. Menem onuň adamsy bolardym. Hatda ol oýnumyzda bileje jaý salýan ýerimiz hem bolýar. Ýalandan oýnalan şol oýunlary häzir ýatlap bir zada düşünýärin. Göwnüme bolmasa, men häzirlerem şol ýalan oýny oýnap ýören ýaly. Gülüşim, seredişim, görşüm… edýän her bir zadymy ýalandan edýän ýaly. Wah, bular bilen hem oňuşsa boljak-la welin, başga bir zadam bar-da. Meniň ynanjym nähilikä? Ol bir çynmyka? Jaýyň gapysyndan kän bir arany açmandy. Kürtüdrip durmadyk bolsa, ýalan bilen ýoluny külterläp gidiberjekdi. Bir gara pişik onuň ýoluny saklap dur. Gara pişik gözlerini tegeläp oňa seredýär hem naýynjar myýawlaýar. Şu ýerde özüniň ýalan bilen çaksyz höwrügenine hasam göz ýetirdi. Gidip barýan ýolundan galmazlyk üçin diliniň haýallyk hem kaýyllyk bilen: „Ýedi ädim yza gaýtmaly“ diýýänini eşitdi. – Edil häzir, ýalandan hem bolsa, ýedi ädim yza ýöräniň gowy. Emma, şunça jan etse-de, ýerinden gozganyp bilmedi. Doňňara daşa öwrülip sowuk gözleri bilen pişige seredýärdi. Şol barmana ýene-de bar güýji bilen özüni yza itjek bolup emgendi. Bolanok. Özi bilen ýalan ynanjyň arasynda serimsal bolup duranyna utanjagynam bilmedi unatmajagynam?! „Öňler-ä gara pişik görsem, aýagym öz-özünden yza teser durardy. Bu gün maňa bir bela bolýar?“ Bolmanda, özüni nämäniň saklaýanyny bir bilsedi. Şony biläýmelidi, sebäp diýseň aýagynyň, diňe bir aýagynyň däl, tutuş bedeniniň öz diýenini etmeýäni çyndy. Şol çyn zat nämekä? „Guş bolup uç!“ Wyždandan çykýan ses ýalan ynanja gurşalan ýüregini silteledi. Çagalykda asma köprüden saňňyldap geçip barýarka-da, yrgyldaýan köpri onuň ýüregini şeýdip silteläpdi. Şu gün ol birinji gezek ýalanyň tersine ýöremeli boldy. Nähilidir bir güýç ony gara pişigiň duşundan süssenekledip goýberdi. Şu ahwalatlar irden bolup geçipdi. Ol häzir kompýuteriň başynda nämedir bir zada güýmenip otyrdy. Ofisdäki işgärler hem edil garynja ýaly birtde-zibirt bolup, hasyrdaşyp ýördi. Garynjalar… Çagaka garynja hininiň üstünden baryşyny diýsene?! „Men olaryň barysyny bir basamda mynjyradaryn“ diýip batyrgaýlyk bilen garynjaň hinine uzyn çöp dykyp näme etjekdiň? Şondan soň, kinniwanja deşikden şeýle bir garynja çogupdy, şeýle bir garynja çogupdy welin, hiniň agzyndan gaçmaga mejbur bolupdy. Şu gün irdenem, çagalygyndan galan aňyndaky galp „ynançlaryň“ hinini gorjap näme etjekdiň? Garynjalar çozsa, tutuş bedenini gurşap alsa, nähili bolar? Beýnisinde garynjalaryň gezmeläp ýörenini duýýan ýaly, endamy jümşüldeýärdi. Gün öýleden sanypdy, işiň ýadawylygy sebäplimi ýa-da beýnisininde gezmeleýän ýüregedüşgüç „garynjalaryň“ gyjyrdysy sebäplimi, özüni erbet ýadaw duýdy. Gözleri bürülýärdi. Kürsüsine siňip barýardy. Uky her näçe depesinden bassa-da ol özüni dürsejek boldy. Ýerinden gozganjyrap, gözlerini owkalaşdyrdy, gerindi. Kompýuteriň ekranyna gözi ilende welin, tas ýüregi ýarylypdy. Gara pişik gözlerini tegeläp, oňa kasty bar ýaly seredip dur. Ol gorkusyna ekrany ýapjak bolup, düwmäni yzly-yzyna basdy. Gara pişik ýitirim bolmady. Gaýtam onuň gara gözleri şeýle bir ulaldy, şeýle bir çuňaldy. Pişigiň gözleri gara girdaba öwrülip, ony özüne dartyp başlady. Ol ahyry elini ekrana söýget etmeli boldy. Gara girdabyň zabun güýji ony özüne çekýärdi. Gara suw bolup ukudan oýandy. Bu zatlaryň düýşlügine begendi. Ol, düýş diýip, düýşem däl. Ýatmajak bolup gözlerini owkalap duranyny bilýärdi, soň gara girdap peýda boldy, birdenem ýene-de ukudan oýandy. Kerebe çolaşan ýaly boldy. „Henizem düýş görüp oturan bolaýmaýyn?“ diýip, töweregine siňe seretdi. Işgärler öýe gaýtjak bolşup ýör. Kompýuter bolsa öçük. Derrew kagyz-depderlerini sumkasyna dykyşdyryp, hemme kişiden öň işden gaýtdy. Işde gören düýşi ýolda gelýärkä-de gününe goýmady. Ol şeýle düýşi birinji gezek görýär. Düýşüň içinde düýş. Düýşüne gara pişik näme üçin girdikä? „Ol meni gara girdaba saljak boldy, men bolsa girmejek boldum. Düýş boljak bolsa, gara girdaba girenimde näme bor öýdýäň?“ Beýnisinde ýene-de garynjalar gezmeleýärdi. Awtobusdan düşüp öýüne ýöräp gelýärkä, birhili, özüni gara girdabyň jümmüşine bakan ýöräp barýan ýaly duýdy. Gybyrdaklap ýöräp başlady. Ulagyň barlygyna-ýoklugyna seretmän ýoldan geçeninde, aýylganç singal sesi ýaňlanypdy. Maşyn ony kakmaga bir garyş galanynda sakga durdy. Maşynyň içindäki adam oňa gygyrýardy. „Agam! Näme, garagyň gapykmy? Bir zat bolsa, ýene sürüji günäkär diýerler“. Sürüjiniň abaý atyşy ony hasam gorkuzdy. Ýoldan geçensoň, yzyna garaman ümdüzine tutdurdy. Ol özüni basyp mynjyradyp barýan ömrüniň aýdyr-günlerinden gaçyp barýana meňzeýärdi. Ýaşan günleri üstüne süsdürlip gelýär. Näme üçindir ömrüniň aşagyna düşesi gelmedi. Bu gün ol özüniň elli ýaşly gartaşan adamdygyna-da ynanasy gelenok. Düýnem, düýnjügem ol çülpeje çagajykdy. Çagady, ýaňy 5-6 alty ýaşlyja oglanjykdy. Ol obanyň uly oglanlary bilen klubdan gelýärdi. Ine, uly oglanlar gyzykly bir zadyň gürrüňini edýär. Aýdylýan gürrüňe doly düşünmese-de, olam olaryň yzyndan galman gelýär. Aý-aýdyň gije. Aý asmanda tegelenip, olaryň tozadyp ýöräp barýan ýoluny ýagtyldyp dur. Şonda olaryň ýoluny bir gara pişik kesipdi. Gara pişik gara salgym ýaly bolup, olaryň öňünden geçipdi. Onsoňam, gara girdaby uly oglanlar görüpdi, ol görüp ýetişmändi. Oglanlar başly-barat ur-tut yza ýöreýär. Ol bolsa oglanlaryň näme edýänine düşünmän, geň alyp seredýär. Oglanlaryň biri gygyrýar. „Samsyk bolma. Näme dursuň, öňümizden gara pişik geç-dä, görmediňmi? Ýedi ädim yza ýöremeseň bir belaň üstünden bararsyň!“. Oglanlara eýerip, çalt-çalt yza ýörejek bolup büdräni şu gün ýaly ýadynda. Şol gün agşam atasynyň ýanynda ýatyrka erbet basyrganypdy. Ertesi gün atasy: „Oglum! Gijesi bilen gara pişik diýip, samrap çykdyň-la. Näme boldy beýle?“ diýip sorapdy. – Ata! Düýn klubdan gelýärkäk, öňümizden gara pişik çykdy-laý. – Çykanda näme, oglum! Pişik pişikdir-dä. – Ýok, ata! Ol gara pişik. Şonuň üçin biz ýedi ädim yza ýöredik. – Oglum! Ol zatlar adamlaryň tapyp ýören biderek ynançlarydyr. Öýüne ýetibereninde, asmandaky guşlara gözi ildi. Olar ýene-de köp nokatjyklar bolup, asmanda nämedir bir zadyň suratyny çekýär. Nepesi durlandy. Näme üçindir, guşlar oňa bu gün aýratyn, üýtgeşik bir jandar ýaly bolup görünýär. Diňe bir jandar ýaly hem däl, göýä diýersiň, guşlar onuň hut öz içinde uçuşyp ýören ýaly. Guş bolup uçaýsa-ha, çagalygyndan bäri özüni yzarlap gelýän gara salgymlaryň hiçisi onuň yzyndan ýetip bilmese gerek. „Wah, guş bolup uçup bolsady. Ýalandanam-a, uçup bolýan däldir. Ýalanjykdan uçaýanyňda-da, pamyk bulutlaryň ýanyna baryp bolmaz“. Gapyň agzynda irdenki gara pişige duşanda, gözünde henizem nokatjylar gaýmalaşýardy. Gara pişik ony görüp myýawlady. Onuň myýawlaýşy bäbegiň aglaýşyny ýadyňa salýardy. Bäbek ýaly aglap duruşyny göreniňde, oňa nebsiňi agyrtman durup boljak däl. Emma ol başga çyn zady hem bilýär. Şu ýaşa çenli ony kowalap gelen gara salgym bu gün bir jandara öwrülip, gapysyna gelen bolmaly. Ýeri, nätmeli? „Salgyma çapmalymy ýa ýok?“. Şol pursatda onuň kellesine bir pikir geldi. „Ýalan, ýalan“ diýip çasly gygyrjak boldy. Emma gursagyndan gaýdýan ses, gemre baglan böwetleri ýara-ýara, dilinden çykanynda pyşyrda öwrüldi. „Ýalan, ýalan“. Her gezek „Ýalan“ diýip pyşyrdanda, gözüniň öňündäki ümez tüýdülýärdi. Pyşyrdy gaýtalandygyça gara salgymyň reňki öçýärdi, gözden ýiteňkirleýärdi. Ahyry, gara salgym gözden ýitdi. Häzir ol diňe pişik görýärdi. Pişigiň reňki welin hiç göze ilenok. Ol begenmek begendi. Çekinmän, ylgap gara pişigiň ýanyna bardy. Pişik duran ýerinde dur. Gara pişigi eline aldy-da, gujagyna basdy. Edil çaga ýaly, eline alyp ýokaryk göterdi-de:. „Garajam! Çagalykdaky gara pişigim. Sag, bol! Sag, bol! Sen meni öz-özümden halas etdiň“ diýip gygyrdy. Pişik janawer bolsa nämäniň nämedigini düşünmän, henizem myýawlaýardy. Gara pişigi alyp öýe girdi. Ertesi gün ukudan oýanyp, şunça sermense-de, tamyň içinden gara pişigini tapyp bilmedi. Ol düýn başdan geçiren wakalaryň düýşdüginem ýa düýşde görlen düýşdüginem bilip bilmedi. Ýöne ol ýeke bir zady welin anyk bilýärdi: şu günki säher şu wagta çenli demine soran säherlerinden has ajaýyp, has üýtgeşikdi. Eziz AKAÝEW. | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |