17:46 Garlawaçlar | |
GARLAWAÇLAR
Edebi makalalar
Topraga ýyly girip, baglar gül-gunçalap başlanda sürüsinden bölünen garlawaçlaryň bir topary obamyzda peýda boldy. Halkymyz olara keramatly guşlaryň biri hökmünde garaýar we garlawaçlar hakynda täsin rowatlary döredipdirler. Çüri ganat, gaýçy guýruk, gelşiklije guşjagazlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň germaçlarynda we tejegorlarynda amatlyja orun tapyp, höwürtge gurmagyny obadaşlarymyz gowuluga ýordular. Yzgarly toprakdan, mallaryň ýüňlerinden, guşlaryň ýelek-perlerinden, otlaryň sypallaryndan gurulan bina kiiinwanja we ýarym jam şeklli boldy. Höwürtgede ýumurtgalaryň peýda bolmagy bilen garlawajyň mäkiýany aglaba wagtyny şol ýerde geçirmeli bolýardy. Onuň höwri günbatarda gyzyl şapak görüninçä çybyn-çirkeý awlamagyň aladasy bilen başynagaýdy. Garlawaç jüýjeleriniň peýda bolmagyna olaryň hossarlarynan has begenýän ýaly höwürtgäniň daşynda pelpelleýän kowumdaşlary şatlanyşyp jürküldeýişdiler! Jüýjeleriň doýurmak üçin hossarlary indi günde ýüzlerçe gezek uçuş etmeli bolýardylar. Kyrk gün çemesi wagt geçende garlawaç jüýjeleri özbaşdak aw etmäge ukyply boldylar. Uly garlawaçlara goşulanda olar uçuşda çakgan, awuna okgunlydylar. Güýz paslynyň öňüsyrasynda garlawaç sürüsi obamyzdan uçup gitdi... Aňzakly gyş sowlup, bahar pasly ýetip gelýär. Diňe obamyzyň çagalary däl-de, uly ýaşlylary-da garlawaçlaryň uçup gelmesine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki halkymyz bu owadanja guşlaryň mekan tutunan ýerinde hemişe agzybirligiň, asudalygyň, abadançylygyň we rysgal-döwletiň bolýandygyna berk ynanýar. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |