01:38 Gaýrat gerekdir | |
GAÝRAT GEREKDIR
Goşgular
...Ah, bagtly bolmagy kimler başarmaz, Bagtsyzlyga welin gaýrat gerekdir. Goçmyrat Orazberdiýew Kimse gider ilki ömrün satmaga, Soň alarman, aby-haýýat gerekdir. Şiri goýup, şagal-tilki atmaga, Mydama bürgüt deý saýýat gerekdir. Agzybirlik maşgalanyň daýanjy, Deňlik bagtdyr saglyk bolsa guwanjy, Enäniň söýenji atanyň genji, Döwletiň çür başy zürýat gerekdir. Bu günüň geçensoň dolanmaz wagtyň, Halal ojagyňdan arzandyr tagtyň, Bilinmez, bol bolsa gadry hem bagtyň, Köňüle kä mahal perýat gerekdir. Kemala getirýän maýadyr neri, Gyzylam gögerder zähmetiň ýeri, Boýaga, gyzyla... gaplanan peri, Görke däl, edebe saýýat gerekdir. Emelsiz iş görse kellesin gaşar, Hereket rysgaly özüne daşar, Ah, bagtsyz bolmagy hemmeler başar, Bagtlylyg welin gaýrat gerekdir. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||