15:33 Gaýtalanýan ýalñyşlyk | |
GAÝTALANÝAN ÝALÑYŞLYK
Publisistika
Şeron Stoun diýlende biziñ ýurdumyzda ilki bilen-ä "Aýratyn duýgy" ("Основной инстинкт"/"Temel İçgüdü”) çeper filmi, soñam "Möjekler mekany" (“Kurtlar Vadisi”/"Долина Волков") serialy ýada düşýär. Aktrisa soñky günler ýene mediýanyñ ünsünde: ol gözüne ýaş aýlap, batan "Silicon Valley" bankyna baýlygynyñ ýarsyny - 30 million dollaryny giderendigini mälim etdi. Muny eşdenimde beýik iñlis alymy Isaak Nýuton ýadyma düşdi! Oñ näme dahyly bar diýseñizläñ? Düşündirjek bolaýyn: Karl Marksa taryhçy meşhurlygyny gazandyran kitaby - 1851-nji ýylyñ dekabryndan 1852-nji ýylyñ martyna çenli ýazan "Lui Bonapartyñ on sekizinji brýumeri" ("Восемнадцатое брюмера Луи Бонапарта") atly monografiýasydyr. Kitapda Marks "halypasy" Gegele salgylanyp şeýle diýýär: "Gegel bir ýerde şeýle kesgitleme berýär: "Ähli uly taryhy wakalar hökman iki gezek gaýtalanýar". Gegel sözüne şuny goşmagy ýatdan çykarypdyr: birinjisinde tragediýa, ikinjisinde komediýa bolup!" Marks monografiýasynda respublikany atasyndan galan mülk ýaly görýän buržuaziýany, uly pomeşikleri, maliýe aristokratlaryny, açgöz we mugthor býurokratiýany, buthanany, ylmy, metbugaty, harbylary, döwlet agdarlyşyklary bilen birlikde Fransiýanyñ 1799-1851-nji ýyllar aralygyny gürrüñ berýänem bolsa, özeninde kapitalistik döwlet teoriýasyny orta atýar. (Hem şu eserinde, hem ondan öñ ýazan "Fransiýada synpy göreş" kitabynda Marks döwlet düşünjesi boýunça ýurdumyzdaky añy bulaşyk çepçilerimize ýeterlik teoretiki düşünjäni berýär). Dowam edeliñ: * * * Häzir batan banklaryñ - maliýe şereketleriniñ gürrüñini edýäris: "Silicon Valley Bank", "Signature Bank", "Credit Suisse", "Silvergate Capital"… Ýene on uly bankyñ batjakdygy öñe sürülýär. ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden şeýle diýdi: "töwekgellik etdiñiz, muña kapitalizm diýilýär". Dogry aýdýar. Özem bu bolýan zatlar täzelik däl... Marks 1856-njy ýylyñ iýunyndan 1857-nji ýylyñ maýyna çenli çykyş eden "New York Tribune" gazetiniñ sahypalarynda bu meselä degip geçipdi. Mysal üçin, şol döwür Doganlar Pereýrler tarapyndan gurlan Fransiýanyñ iñ uly banky "Credit Mobilier" maliýe şereketine beren üst-üste beren gipotezalary arkaly nähili batandygyny ýazdy. (Özem şol ýyllar Krym urşy sebäpli Osmanly döwletine-de karz pul beren Doganlar Pereýrler Rotşild maşgalasynyñ iñ uly bäsdeşidi). Marks bu batyşy şotlandiýaly Jon Lonyñ (1671-1729) "Günorta deñizi" kompaniýasyn6ñ kagyz pul çykaryp eden urha-urlugyna meñzetdi. Muña "Günorta deñiz şary" diýip at berildi. Ynha, Isaak Nýuton hem puluny şu ýerde ýitirdi! Mundan sapak alyndymy? Alynarmy, gaýtam yzyndan ýene Lonyñ "Missisipi şary" bolup geçdi! Ýagny, banklaryñ we batýanlaryñ atlary üýtgeýär, emma ahyrky netije elmydama hemişeki pellä baryp direýär: Gorp... * * * Ýetmişinji ýyllarda Italiýada inflýasiýa we walýuta syýasatynda krizisler bolup geçende, şobada Marksyñ birmahalky ýazyp giden makalalary ýatlandy, onuñ aýdan sözleriniñ dogrudygy nygtaldy... 2000-nji ýyllarda ABŞ-da mortgage (ipoteka) bilen başlan global krizis bolup geçdi, şobada Marksyñ ("Credit Mobilier"-iñ möwjeden gurluşyk partlamasy we maýa goýumy telbeligi ýaly) birwagtky makalalary ýatlandy, onuñ dogry aýdandygyna ünsi çekildi... Häzirem şoña meñzeş ýagdaý gaýtalanýar... Ahyrky netije üýtgeýärmi? Ýok. Çykalga gapysy bolmadyk kapitalizm labirintiniñ içinde beýnisini gurçuk iýen goýun kimin pyrlanylýar! "Kazino ykdysadyýeti" dowam etdigisaýy, düýn Nýuton, şu gün Şeron Stoun puluny elden gidermegine dowam eder. Ýagny, utulan hemişe siz bolarsyñyz, hormatly okyjylar... Täze saýlawlar ýakynlaşyp gelýär. Heý, arifmetiki bileleşik hasaplaryndan daşgaryn ykdysady model boýunça gürrüñ edýän barmy? Ýok. Göwnüñize almañ welin, maksatnama boýunça üýtgeşigräk makalany okamaga-da hiç kimiñ sabyr-takaty galmandyr. Ýagdaý şeýle bolansoñ, gaýtalanyp duran şol bir ýoly başga-başga adamlaryñ yzyna düşüp geçjek bolsañyz, ýol üýtgemeýär, üýtgemezem. Düýp mesele ýolda! Özüniñ atatürkçidigini aýdýanlara çenli "täze kapitulýasiýalara diñe men ýol açyp bilerin" diýýän bolsa, biz kime näme düşündirip bileris? Ýurdumyzyñ milli şahyry Mehmet Akif Ersoý näme diýipdi, bilýäñizmi: "Heý, sapak alynýan bolsa, taryh gaýtalanarmydy?" ("Hiç ibret alınsaydı, tekerrür mü ederdi tarih?") Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |