01:27 Köñül kerweniniñ ýüki | |
KÖŇÜL KERWENINIŇ ÝÜKI
Edebiýaty öwreniş
1995-nji ýylda Daşkentde Guldurdy «Ahmyrym ertirde» atly kitabynyň ilkinji ekzemplýaryny eline alanda «Ine, meniň köňül kerwenimiň ýüki» diýipdi. Şol mahal onuň «Köňül kerweni» ady bilen ýene bir tomlugyny çykarmak pikiri bardy... Gurdurdyny durmuşda ynandyrmak kyn. Ol ähli zada şübhe bilen seredýär. Ony ynandyrmak kynam bolsa, ol indi goşgy ýazmaly däl diýen pikire şeýle bir ynanypdy welin, ol ynanjynyň nädogrudygyny ençeme mertebe subut etseň hem ol, barybir, ýene öňki pikirinde galýardy. Men Guldurda köp babatda düşünsem hem onuň indi goşgy ýazmaly däl diýen ynamyna düşünip bilemokdym. Şükür, ol ýene edebiýat meýdanynda ylham bedewini segredip ugrady. Şu makalamda men esasan, şahyr G.Sähetdurdyýewiň «Ahmyrym ertirde» kitabyna hem-de «Gaýypdan bir owaz» poemasyna salgylanaryn. «Ahmyrym ertirde» kitabynyň pafos bitewüligi liriki gahrymanyň şahsyýet hökmündäki bitewüliginde has aýdyň ýüze çykýar. Dürli temalarda, dürli stilde, žanrda, dürli formalarda ýazylan şygyrlary okap çykanyňda ýeke-täk, bitewi liriki gahryman özüniň indiwidual gylyk-häsiýeti, durmuş idealy, okyja meňzeş hem asla meňzeş däl taraplary bilen gutarnykly şahsyýet hökmünde töwerekleýin göz öňüne gelýär. Şu tarapdan alanyňda, häzirki zaman türkmen poeziýasynda özüniň şahsy naturasyny, durkuny bilniksizden poeziýasyna geçirip bilen şahyr az-az bolsa gerek. Guldurdy joşup gürlän çagy goşgularyna ýakynlaşýar. Kitapdaky goşgular tematiki prinsipe laýyklykda birnäçe bölüme bölünipdir. «Gözüm röwşeni» diýen birinji bölümde Watan, esasanam onuň tebigaty baradaky; «Eý hüýri-jenan» atly ikinji bölümde söýgi hakyndaky; «Köňül kerweni» bölüminde şahyryň öz durmuşy, başdan geçirmeleri; «Bolana polat bol» diýen dördünji bölümde bolsa uruş temasyndaky şygyrlar ýerleşdirilipdir. Şahyryň kämillik döwründe döredilen şol tematiki siklleriň bir liriki gahrymany bar. Birinji bölümde biz onuň tebigata ogullyk gatnaşygyny görýäris. Bu ýerde özüniň gelip çykyşy, şäher siwilizasiýasydyr tebigata gatnaşygy boýunça şäherli hem däl, obaly hem däl, hut şäher eteginde doglan, ýaşaýan adamy görýäris, onuň psihologiýasyny, ruhy ymtylmalaryny, arzuw-telwaslaryny synlan ýaly bolýarys. Ikinji bölümde biz ýene şol ýigidi – kalby arassa, çekinjeň, mekir-aldan daşda duran, öz intim duýgularyny, realdan beter hyýaly magşugy bilen söhbetlerini sözleýän şäher eteginde ýaşaýan aşyk ýigidi, obanyň romantiki, ideal söýgüsinden eýýäm daşlaşan, şol bir wagtda-da şäheriň «ten» söýgüsine entek baryp ýetmedik ýetginjegi görýäris. Men onuň ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamalary esasynda «Hindi söýgüsi» atly liriki powest ýazdym. «Köňül kerweni» şol liriki gahrymanyň kämillik döwrüni, onuň graždanin, adam hökmünde bişişen wagtyny öz içine alýar. «Awtoportrete ştrihler» hem-de «Tünüň ýary» atly awtobiografik gahrymanly eserlerindäki awtobiografik gahryman, biziň pikirimizçe, liriki «meniň» esasy gönezligidir. Liriki gahryman tipiki, sungat kanunlary boýunça döredilen, şonda-da epiki gahrymandan özüniň liriki kysyma degişliligi, dünýäni duýşunyň indiwidual başlangyçlara esaslanýanlygy bilen tapawutlanýar. Şu hili tapawutlara eýe bolan liriki gahryman hatda eposda-da bolup bilýän eken. * * * Awtoportret awtobiografiýa däl. Biografiýadan tapawutlylykda portret sungat eseri. Muňa degişli goşgyny doly okap çykanyňda hasam oňat göz ýetirýärsiň. Damarda gaýnagy synmaýan hyruç, Awusy ýürege dökülýär yşkyň. Hyýalbent. Huşumda düýşümi görýän. Kän ýalňyşyp, özüm bilen tanyşdym. Galapyn Gürlesem, uýalýan soňra. Beliň aldym, sar galmady ýürekde. Ýöne munda dymyp ýaşamak – mekru, Dünýämize çyn sözümiz gerekdir. Ýaýal. Ynha-ynha... deprenmeýärin. Ahmyrym ertirde. Ertiriň bolsa Öz ýetik ýüki bar (Düýnkiňem – urna. Çökerýär, Ertämem bişeýkel onsoň). Gün ýaşanda göwne giňlik dileýän, Ölçegli gündiz-u daňlarymyz bar. Hasap agajyna bellik eden deý Ýyllar çyzyk çekýär maňlaýymyza. Liriki «meniň» öz-özüne analizi diýip kesgitläp boljak bu şygyrda G.Sähetdurdyýewiň tutuş poeziýasyna mahsus aýratynlyklar jemlenipdir. Gahrymanyň özüne berýän häsiýetnamasy anyklygy hem gutarnyklylygy bilen tapawutlanýar. Birinji bendiň birinji setirindäki häsiýetnama şahyryň graždanlyk goşgularyndaky liriki «meniň» mikrokesgitlemesidir. Dogrudanam, «Subordinasiýa», «Jenaýat», «Dört barmak» ýaly şygyrlardaky liriki gahrymanyň sosial aktiwligi, hyjuwlylygy, onat ideallara ymtylyşy hem wepalylygy gürrüňi edilýän şygryň ilkinji setirine oňat geçipdir. Şahyryň şol goşgularynda öz-özünden, tebigy suratda ýüze çykýan graždanlyk pozisiýasy, içki sosial hyjuwy degişli setirde onuň öz adyndan içki umumylaşdyrma hökmünde berilýär. Diýmek, bu ýerde tutuş döredijiligiň içki bitewüligi hakda-da, sistemany emele getirýän duýgy-pikir gaýtalanmalaryň kanunalaýyklygy hakda-da esasly gürrüň etmek boljak. Onsoň goşgynyň her setiri ýa-da bendi awtoportrete bir ştrih bolup, şol ştrih tutuş poeziýanyň planynda goşgy, sikl möçberindäki mazmuna, şol derejedäki çeper maglumata geçip gidýär. «Awusy ýürege dökülýär yşkyň» setiri bolsa eýýäm liriki «meniň» söýgi temadaky häsiýetli aýratynlyklarynyň ştrih derejesine çenli jemlenmesi bolup durýar. Şahyryň söýgi lirikasy köplenç paşmadyk söýginiň ahy. Paşmadyk söýginiň ahyndan başga ejiri, güzaby, jepasy hem bar. «Ikimiz», «Eý hüýri jenan», «Dostlamdan gyra çekilip...», «Okuwdan soň gaýdyp barýas...», «Ahyr bir gün» ýaly goşgularda şol jebir hem güzap beýan edilýär. Bu ýerde liriki «men» şeýle sypaýy, öz paşmadyk, alynmadyk söýgüsi üçin hiç kimi gönertlemeýän, diňe hyýalynda ýaşaýany üçin magşugyna minnetdar ýigit hökmünde göz öňüne gelýär. Onuň söýgüsi otlukly, däliredip barýan mejnun yşky hem däl, ol söýginiň esasy häsiýetnamasy «mähir» sözi bolsa gerek. Ýigidiň sypaýylygy «Ikimiz» şygrynda bir wagtky ýaryna, indiki biriniň maşgalasyna duşanda salamlaşman geçip gidişinde-de görünýär. Soňlugy bilen «Gaýypdan bir owaz» atly ajaýyp poema öwrülen ol pyrkat şygyrlarynda şeýle setirler bar: Seni ýöriteläp idemerin hiç, Gözläp, ogryn-dogryn esetmerin men. Jähennem, örtenýän gijelerim hiç, Belent mertebäňi peseltmerin men – diýýän ýigidiň bu hili häsiýeti ýöne bir sypaýyçylygyň däl-de, eýsem adamkärçiligiň, belent ahlaklylygyň alamatydyr. Munuň özi ylaýta-da biziň döwrümizde – söýgä köplenç ten islegleri, ol isleglere bolsa adamyň tebigy hukuklarynyň ýüze çykmasy hökmünde düşünilýän döwürde möhüm zatdyr. Adamyň tebigy isleglerem bar weli, olardan başga jemgyýetçilik ýaşaýşy, jemgyýetçilik ahlagy diýen obýektiw, tebigy kanunalaýyklyklaram bar ahyryn. Dünýäde hemme zat bir-biri bilen baglanyşykly, bir ýerde äden gyşyk ädimiň üçin başga bir ýerde kelläňi ýalaňaçlamaly, ýüzüňi gyzartmaly bolýar. Şonuň üçin gaty köp ýerde durmuşyň albaýly, humarly alyna aldanman, özüňe erk etmeli bolýar. Käte köp süýjüliklerden el çekmeli bolýar. Durmuşda edip bolýan zatlardan edip bolmaýan zatlar juda kän. G.Sähetdurdyýewiň liriki «meni» ahlak ülňülerden binesip galmadyk şahsyýetdir. Dogry, ol özüniň başky söýgüsini unudardan has janly hem realistik şahsyýet. Belent ahlak nusgasy bolarlykly liriki «men» «Gaýypdan bir owaz» poemasynda ýene magşugy bilen hyýaly söhbetdeşlik gurnaýar. Gahryman özüniň hyýalynda magşugynyň saçyny ysgany üçin ondan ötünç soraýar. Köp barýan hyýalda gaşyňa seniň. Birçakky on ýedi ýaşyňa seniň. Egniňe baş goýup, ynjamalarym Saňa sözlemesem ynjalmaýaryn. Başdan huşum göçüp kä pillelerem, Tylla suwy berlen käkilleriňden Ysgap, Mežnun bolup, dälirämde men Seni ynjydýan-a däldirin-dä men??? Bir tarapdan, liriki «men» öz magşugyna içini, iň bolmanda hyýalynda içini dökmese oňup bilenok, beýleki tarapdan bolsa ol hatda şonda magşugyna galtaşmak bile ony ynjydaýmakdan gorkýar. Liriki «men» hyýalynda ýanyna barmagy özgäniň durmuşyna birugsat aralaşmak hasaplaýar. Onuň söýgüsi päkizeligiň iň ýokary derejesindäki söýgüdir, ýetginjeklik söýgüsidir. Ýygralyk aýdymdan doly gursagyň açylman galmagyna sebäp bolýar. Onsoň gursakdaky söýgi, energiýa, ýekelikde agy bolup dömýär. Şahyryň «Awtoportrete ştrihler» şygrynda aýdyşy ýaly, «Awusy ýürege dökülýär yşkyň». Ine, degişli setirde ýokarkylar ýaly söýgi meselesindäki ählumumy häsiýetli aýratynlyk çeperçilik taýdan umumylaşdyrylan ekeni. Şygryň beýleki setirlerinde-de şeýle umumylaşdyrmalaryň köpdügini göz öňüne tutup, ony okamagy hem analizlemegi dowam etdireliň: Hyýalbent. Huşumda düýşümde görýän. Kän ýalňyşyp, özüm bilen tanyşdym. 1998-nji ýylda neşir edilen IX synp üçin çykan «Türkmen edebiýaty» atly okuw kitabynda şeýle setirler bar: «Zehinli şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň filosofiki poeziýasyna okyjysyny oýlandyryp bilmek ýoluna getirdi». Öz-özüň bilen tanyşmak, öz-özüňi analizlemek, durmuşyňy, ömrüňi terezä goýmak şahyryň «Tünüň ýary» atly liriki poemasynda hem aýratyn üns berilýän mesele. Şu poemanyň liriki «meni» durmuş, dünýä, ömür hakyndaky liriki oýlanmalara gümra gahryman. Onuň häsiýetinde, ömür idealynda şahyryň beýleki eserlerindäki liriki gahrymana mahsus häsiýetleriň aýratynlyklaryny görýäris. Sekiz bölümden ybarat bu çaklaňja eseriň poemalygyny onuň göwrümi däl-de, hili, liriki «meniň» filosofiki pikirlenişiniň giňligi, orta atylýan meseleleriň çuňňurlygy, obrazlar sistemasynyň çylşyrymlylygy kesgitleýär. Eseriň süňňüni dramatizm tutup, şol dramatizm liriki gahrymanyň öz-özi bilen hem-de onuň dünýä bilen gapma-garşylygyndan kemala gelýär. Gürrüň içki hem daşky gapma-garşylyk, göreş hakda gidýär. Şol göreş dünýäniňem, ömrüňem manysyny tutýar. Oňat ýeri, şahyr bu poemasynda şol dünýäni hem ömri, özüni – «meni» hut hudožnik hökmünde görkezip, obrazlarda suratlandyrýar. Liriki «men» öz-özüne ruhy ejirlerden saplanmagyň serişdesi hökmünde tebigata ýakyn durmagy maslahat berýär. Başyňy alyp git ruhuňdan çendan, Gyrpaklasa, Möwç urmasa lemmeriň. Ýersiz-ýere gam oduna göwreseň, Rowana bol – ýollardadyr emleriň. Sykyldyň – gözleriň derýa düýbünde, Zelil göwün gülşenlere seretmez, Ýöne dünýä aşyk ýürek bar sende, Güller – şahalara gonan melekler. Şu poemada liriki gahrymanyň san hem hil taýdan uly özgerişleri başdan geçirýändigini bellemek gerek. Liriki «men» goşalanýar, ikilenýär. Özem bu iki pursatda iki hili bolup geçýär. Poemanyň ilki bäş bölüminde «men» ikä bölünýär, munda iki «men» emele gelýär: sözleýän, gürrüň berýän liriki sözüň subýekti bolan «men» hem-de gürrüňi berilýän, suratlandyrylýan, liriki sözüň obýekti bolan «men». Köçeden zor bilen öýe ýygnadym Özümi – kakabaş ýetginjekligi... Ýa-da: Özüm bilen özüm galýan ikiçäk, Çöşläp pikirleriň çolaşygyny. Eseriň 6-7-nji bölümlerinde bolsa liriki «men» başgaça goşalanýar: ol «men» hem «sen» diýen böleklere bölünýär. Özüne «sen» diýip ýüzlenýär. Munuň özi liriki aňyň iki pursatdaky aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Birinji pursatda liriki «men» öz-özi barada üçünji bir gaýybana söhbetdeşe – okyja gürrüň berýär, munuň işligi – öten zaman işligidir, ikinjide bolsa liriki gahryman öz-özüne ýüzlenýär, okyjynyň aňy hasaba alynmaýar, munuň işligi häzirki hem geljek zaman işligidir. Liriki aňyň şeýle aňlatmalary şahyryň degişli meselede kämillige ýetip bilendigini görkezýär. * * * Şahyryň her bir tematiki siklinde häsiýet belli bir predmete, tema gatnaşykda açylýar. «Köňül kerweni» atlandyrylan bölümdäki goşgular awtobiografik häsiýeti, mazmuny bilen göze ilýär. Bu ýerde biz konkret ykbaly bolan şahsyýeti görýäris. Ol anyk gelip çykyşy, ömür idealy, gyzyklanmalarynyň anyk aýlawy bilen okyja tanyş adama öwrülýär. «Mekdep. Sapakdaşlar. Arkada galdy» şygrynyň lirki «meni» öz çagalygyny ýatlaýar. Çagalyk dostlary özgerip, özge kişilere öwrülip gidipdirler. Indi her kimi başga-başga zatlar gyzyklandyrýar. Köňlümiň hoşgähi – çagalyk dostlam, Üzülip-üzülip galypdyr indi. Aby-köwser suwy berlen poeziýa Kökerdi, Kalbymy eýledi bendi. Ynjalyk berenok gündiz-u-gije, Maňa bu söwdadan, ah, gutulma kyn. Çagalyk dostlarmyň deregne ykbal Şygyr berdi içim döküşmek üçin. Bu liriki «men» şagalaň-şowhundan daşrakda durýan, öz içki gyzyklanmalaryna has meşgul şahsyýet göz öňüne gelýär. Onuň şeýle hususyýeti beýleki goşgularyna geçipdir. «Şäher köçelerinde» ol ýene öz içki oýlaryna gümra. Daşky dünýä ony az gyzyklandyrýar. Beýnä agram salýar ýigrim sekiz ýaş, Ýetme ýok oýlaryň çygyrlaryna. Belki, barýandyryn ädimläp ýuwaş, Indi ýazylmaly şygyrlaryma. Daşky giňişlikden ol öz içki giňişligini has ileri tutýar. Onsoň şu ýerde mysal getirilen jemleme bendiniň obrazlylygy-da şol iki giňişligiň çaprazlygyna esaslanýar: şahyr ýuwaş ädimläp şäher köçesinden öz şygyrlaryna girip gidýär. Islendik beýleki goşguda-da liriki «men» sosial sredada özüni ýeke duýýar, öz içki dünýäsini ileri tutýar. Ol biografik häsiýetli goşgularda oba bilen şäher aralygynda gatnap işleýän ýigitdir. Uzakly gün işde, galan wagty iş otagynda, ýeke özi, çendan toýa-tomga çykaýmasa, ile-de görnenok. Ýaşulularyň öňünde ýadyrgap, ýere siňip otyr. Onuň ähli goşgularyndaky umumy häsiýeti: çekinjeň, halan zadyny aýdym edinýär, köplenç aýdan zatlaryndan soň utanýar, hyýalbent, kän ýalňyşýar. Sosial sredadan saýlanyp duran bu şahsyýet häsiýetiniň bitewüligi bilen okyjynyň ýadynda oňat galýar. Ýokarky häsiýetlerine garamazdan, ol köp meselelerde aýgytlylyk, içki gujurlylyk görkezýär. «Jenaýat», «Subordinasiýa» goşgularynda käbir sosial-ahlak nogsanlardan jany ýanan şahyr öz aýgytlylygyny, içki hyjuwyny daşyna çykarýar. Subordinasiýa aşaky işgärleriň ýolbaşça berk tabynlyk kanuny. Elbetde, öz goşgusynda şahyr söze has otrisatel röwüş berýär. Aşak işik deý näme diýse, ýolbaşçynyň igenjini çekip, özüne siňdirip oturan nalajedeýine şahyryň içi ýanýar. Onsoň ol pöwhe ýolbaşçynyň öňünde müzzerilip oturmazlygy ündäp, şeýle diýýär: Bu dünýäde gutarma ýok göreşe, Goý, gübersin, haýbat bersin göreje, Aşak işik deýin sen dymyp ýörme, Bäbenegne bakyp, rastyňy sözle. Gahrymanyň sosial aktiwligi şunuň ýaly pursatlarda oňat bildirýär. Ol obrazly sözläp bilýänligi bilen güýçlüdir. Şahyryň lirikasynyň bir aýratynlygy bar: onuň eserleri bitewi, monolit obrazlylyga ýugrulan. Käbir edebiýatçylar poeziýa eserinde iň esasy zat metaforadyr öýdýärler. Şunuň bilen baglanyşyklylykda edebiýatyň taryhynda birnäçe teoretiki akymlar hem bolupdyr. Olardan iňlis edebiýatyndaky imansizm, rus edebiýatyndaky imanžinizm ýaly hadysalary görkezmek bolar. Degişli terminler iňlis sözünden gelip çykyp, ol biziň düşünjämizdäki, dilimizdäki obraz sözi bilen sinonimdir. Lirikadaky şahyrana mazmun diňe metaforalarda ýaşap bilýärmiş, şonuň üçinem poeziýa, lirika dogrusynda giň, çuň düşünjesi bolan okyjy bu pikiriň birtaraplaýyndygyny aňlar. Lirikanyň gymmaty, tebigaty şahyryň kalbynda dörän liriki mazmunyň konkret beýan ediliş aýratynlygyna baglydyr. Şahyr G.Sähetdurdyýewiň «Aşyr aga:» diýen şahyrana monologyny okap göreliň: Aşyr aga: «Durmady hiç haýsy balalarymyň. Unutman, Unutman nalalaryny. Aglap... Ötdi ýanýoldaşym görgüli. Açylmady müň gülünden bir güli. Ykbalym ýörmese, näm etmeli men? Ogullarym gitdi bäbekliginden... Kiçeldilen ýalydylar ullukdan... Gezip ýören bolsa (meni örtemän) Iň bolmanda, iň bolmanda körpejäm, Geljek güýzde gaýdyp gerdi gullukdan». Şygry okanyňdan, liriki gahrymanyň ýürek hasraty seniňem kalbyňa geçip, kalbyňy düýrükdirmek derejede täsir edýär, diýmek, şygyr çeperçiligiň ýokary derejesinde ýazylan, çünki eseriň çeperçiligine diňe bir zat – onuň estetiki-emosional täsiri güwä geçip biler. Hawa, goşgy çeper, emma onda üýtgeşik bir metafora ýokdur. Eýsem ol täsir nämeden döreýär? Ol şygyrda beýan edilýän duýgy öwrüminden döreýär. Şygryň soňky üç bendine üns beriň, çünki onuň esasy mazmuny şo taýda ýatyr: dünýäde ýalňyz galan adam pahyryň nähili pynhan hasapjygy, onda nähili intim hasrat, arman hem perişanlyk bar. Ol şu ýowuz, ýüreksiz dünýäde öz köküni urup gitmek, ojagyny dikip gitmek ýaly adamzadyň bakylygyna ymtylyş bolan aňasty instinkt bilen baglanyşykly hasratdyr. Özem şahyr duýgyny açyklygyna berýär, onuň bütin estetiki güýjüniň hut şol duýgy öwrümindedigini bilýär. Ýok, obraz – çeperçilige barabar diýen göz-görtele birtaraplaýyn pikirdir. G.Sähetdurdyýewiň emosional dünýäsi diňe metaforada ýaşanok, çünki ol pikirden ýa duýgudan şygyr ýasanok; şahyr emosional halatdan hem psihologik pursatdan goşgy döredýär. Durmuş ýa tebigat täsiriniň möwç urmasyny özünde jemleýän halat bütin terligi, tämizligi hem psihologiki esaslandyrylmasy bilen şygyr setirlerine geçip gidýär. Ahu gözli ak gunanyň boýnundan, Gujaklasyň gelýär, öpesiň gelýär. Segreýibän alyp gaçsyn, goý, mundan, Dem düşmedik golda ýitesiň gelýär. Köne sowallara agtarsaň jogap, Gaşyňdan guş bolup sogrulsa jeren. Derdin alsaň: dolanmajak gündizleň ýasyn tutup gara geýýän gijeleň. Tutuş goşgynyň gymmaty – onda, şahyryň öz jümlesini ulanyp aýtsak, dem düşmedik, nazar düşmedik, entek söze geçirilmedik, daşa çykarylmadyk duýgularyň bütin terliginde beýan edilýänligindedir. Empiriki duýgular, kalbyň natural terligi olary galyba salýan, gyzgyny alýan metaforasyz berlende has emosional täsir edýär. Şahyrlyk – çeperçilik serişdelerini oýlap tapmak däl-de, kalbyň ýeldirgemesi, düze çykmasy, sähraýy duýgularyň möwç urmasy bolup görünýär. Onsoň ahu gözli gunan şahyr kalbynyň jümmüşinde baslygyp galan tebigylygyň suratlanmasydyr. Şol tebigylygyň yzyna düşüp, göwün alys ýaýlalara, dem düşmedik gollara siňmek isleýär. Şu ýerde poetiki mazmunyň aýrylmaz bölegi bolup duran şahyrana jümlelere üns bermelidiris – dem düşmedik gol – nähili ajaýyp aýdylypdyr. Munuň özi sap leksika geçirilende, iň tebigy, ýokundysyz hem tämiz giňişligi aňladýar. Bu biziň poeziýamyzyň görlüp-eşidilmedik derejede tebigylaşýandygyny, duýgulaşýandygyny, inçeleşýändigini görkezýän kiçijik faktdyr. Ýa-da «alys ýaýla» jümlesini alyp göreliň. «Alys» epiteti beýleki sinonimlerinden hemişe-de şahyrana öwüşgini bilen tapawutlanyp, kalbyňda inçe hem näzik assosiasiýalary döredýär. Adamyň giňişlik hem wagt taýdan alanyňda bimöçber kiçijik jandardygyndan, onuň dünýäni özüne sygdyryp bilýän kalbynyň muny süýji yza bile duýýandygyndan habar berýär. Ikinji bendiň ikinji setiri-de ýene şol alyslyk ölçegi bilen baglanyşyklydyr. Jerenem seni seniň pikir-hyýalyň yzyna düşürip alyslyga alyp gidýär. Kalbyň tizligi – jereniň hem gije-gündiziň tizligine barabar. Ol şeýle tizlik bilen joş urubam, okyjynyň göwün tarlaryny owazlandyrýar, ony şygryň içindäki hyýaly, şahyrana dünýä alyp gidýär. Şunda hiç hili metafora-da o diýen zerur bolup durmaýar, çünki şahyr şonsuzam öz içki mazmunyny emosional täsir ederlikli derejede daşa çykaryp bilýär. Ýöne biz çeperçilik serişdelerini, obrazlylygy inkär edýäris diýip düşünmeli däl. Biz diňe şahyrana duýgynyň başga hili beýan edilmek mümkinçiligi barka olaryň zerurlygy aradan aýrylýar diýip tassyklaýarys. Ýogsa şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň poeziýasynyň baş çeperçilik ýüki metaforalardyr, metomiýalardyr. Onuň edebiýat teoriýasyndan, onda-da şygyrlar teoriýa-nazarýetinden gowy baş çykarýanlygy mese-mälim görnüp dur. Şahyr G.Sähetdurdyýewiň poeziýasynda çeper obrazlylykdan ýüki ýetik goşgular köp gabat gelýär. Edebi däp hem çeperçilik täzeçilligi nukdaýnazardan biz olary iki topara bölýäris: birinji – klassyky obrazlylygy täzeçe beýan edýän şygyrlar; ikinjisi – bütinleý täze obrazlary, metaforalary özünde saklaýan şygyrlar. Obrazlylygyň birinji görnüşi şahyryň eserlerinde o diýen kän duşubam duranok. Muňa esasanam, söýgi lirikasyndaky Aýyň obrazyny mysal getirse bolar. Şahyryň «Kenarda. Illýuziýa», «Dolan Aý äleme döküp dur nurun», «Geler diýip nergizim...», «Ýarda gül ysy bar...», «Hyýalymda sen» diýen ýaly şygyrlary klassyky obrazyň şahyrana manysyny konkretleşdirýändigi, onuň täze-täze taraplaryny açýanlygy, täze-täze assosiasiýalary emele getirýändigi bilen tapawutlanýar. Bu hili estetiki täzelikleri nämede görmek bolýar? Şahyr klassykadaky metafora ýa meňzetme derejesinde bir jümlede agzalyp geçilýän obrazy has giňeldýär, çuňlaşdyrýar, ony personaž obrazy derejesine getirýär. Onsoň giden poetiki situasiýa salnan şol obrazyň täze anyk taraplary açylýar. Geler diýip nergizim günüm ýolunda geçdi, Kän garaşdym kenarda, gelmedi intizarym. Gündiziň günortany suwa düşdi Aý keşbi, Geň galyp baksam yza, gülüp dur indi ýarym. Şahyr «aý ýaly», «aýa meňzär» ýaly öň lenç edilen jümleleri ulananok. Ol metaforany tutuş çeper kartina öwrüp goýberýär. Bir bölejik metafora nire, çeper kartina nire! Ine, şeýdip, türkmen şahyrana pikirlenişikde ewolýusiýa amal edilýär. Obrazy konkretleşdirýän ýene bir detala üns bermeli: olam derýanyň şekillendirilmegidir, Aýyň suwa düşmegi onuň gözelligini iki esse artdyrýar. Muny aňmak üçin diňe şol pursady öz gözleriň bilen görmek gerek. Hawa, klassyky metaforada şekillenýän predmeti hem şekillendirilýän predmeti aňladýan semantiki bölekler G.Sähetdurdyýewiň poeziýasynda özbaşdak poetiki obrazy poetiki şahs derejesine ýetirýär. Şunuň esasynda häzirki zaman türkmen poeziýasynda obraz differensiasiýasy barasynda düýpli ylmy gürrüň gozgamaga mümkinçilik bar. Şeýdip öňki edebi ýollarda täze ýodalar, öňki umumy poetiki akabadan täze akym bölünip aýrylýar. Şahyryň gaýtalanmaz zehininiň güýji bilen täsirsizlige öwrülen edebi tilsimatlara täzeden jan gelýär. Şonda ol häzirki zaman okyjysynyň estetiki talaplarynyň ösendigini, olary adaty obrazlylyk bilen kanagatlandyryp bolmajakdygyny oňat bilýär. Şonuň üçinem ol täze estetiki gözleglere, şahyrana tärlere gümra. Ine, şol täzeligiň ýene bir mysaly: Dolan Aý äleme döküp dur nurun. Wadaly läläme garaşyp durun. Gelmedi. Duşuşyk mütdeti geçdi. Altyn Aý on dogup, On kerem ýaşdy... Bu gün dolan Aýyň bölünip ýary, Asmandan men taýa inäýen ýaly, Doldy gujagyma arzyly ýarym. ... Egri Aý asmandan döküp dur nurun. Hawa, «meniň ýarym – Aýyň bölegi» diýmek bir başga, ýokardaky goşgudaky ýaly, şol ideýany çeper kartinada suratlandyrmak bir başga. Ýokarky goşguda üç sany Aý bar: liriki gahrymanyň söýgülisi, – Aý, onuň asmandaky beýleki ýary hem-de asmandan dogup-ýaşyp duran başga bir Aý. Şahyr degişli obrazlylygy tebigat hadysasy – Aýyň dogup-ýaşmagy, onuň dolmagy esasynda gurnaýar. Soňam muňa magşuk gyzyň şahsyýeti goşulýar. Şeýle hereketleriň tebigatdaky logiki yzygiderliligi obraz döretmekden ötri şahyr tarapyndan düşünjelilik bilen bozulýar – ilki dolan Aý, soňra egri Aý. Az-kem çeperçilik açyş bilen kanagatlanýan, ylhamynyň, fantaziýasynyň çala joşmagyna öz ýanyndan hondanbärsi bolýan başga bir şahyr bolanlygynda şygryň diňe soňky dört bendi bilenem oňňut etmegi mümkin. Sebäbi şol ýerde obrazyň iki tarapy bir şahyrana bitewülige birigýär, «mustapa» diýilýär. G.Sähetdurdyýew weli beýle bir gatlakly emosional barlyk bilen kanagatlanmaýar, ol obrazy çuňlaşdyrýar, onuň struktura gatlagyny köpeldýär, şahyrana kartinany beýleki detallar bilen hasam çuňlaşdyrýar we manysyny giňeldýär. Şeýdibem, obrazyň emosionalo-estetiki täsirliligi iki esse artýar. Şonuň üçinem ýokarky goşgyny hereketden dörän kartina, hereketlerden emele gelen obrazlylyk hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Stili boýunça şoňa ýakyn şygyrlaryň birem şahyryň «Kenarda. Illýuziýa» diýen goşgusydyr. Goşgyny doly getirip oturman, onuň poetiki mazmunyna üns beräýeliň. Şahyr öz söýgülisi bilen deňziň kenarynda otyr. Şahyr suwa, ondaky magşuk keşbine syn edip otyr. Magşuk bolsa öz gözelligi bilen aýa meňzeýär. Otyryn suwdaky surata bakyp. Bu ne hal?! Birden ýar geýindi gara. Bu nämäň matamy? Nerkes gözünden Bir kümüş damjajyk syrykdy ýere. Geň galan şahyr gyza baksa – ol gülüp dur. Ine düşnüksiz ahwal! Ahyram ol düşnükli bolýar – ol aglaýan asyl ýeriň däl-de, asmanyň aýy eken, gözýaşam asmandan süýnen bir ýyldyz eken. Görseňiz, şol bir aý motiwi bu ýerde bütinleý başga öwrüm alýar, bütinleý başga röwüşde berilýär. Iki sany Aý biri-biriniň şuglalanmasy däl-de, özara tapawutly zatlar hökmünde getirilýär. Olaryň arasyndaky klassyky gatnaşyk indi başga hile geçip gidipdir. Jemläp aýdanyňda, G.Sähetdurdyýew şahyr hökmünde predmetlerden däl-de, predmetleriň hereketinden, has dogrusy, ol hereketiň emosional-täsirinden obraz döredýär. Şo hili obraza impressionistik obraz, ony döredýän awtora bolsa impressionist şahyr diýilýär. Impression diýen düşünje fransuzçadan terjime edilende täsir diýmegi aňladýar. Şeýle edebi akym XIX – XX asyrlaryň sepgidinde döräpdir. Ol predmetleriň hem hadysalaryň täsirini bada-bat kagyz ýüzüne geçirmegi aňladýar. G.Sähetdurdyýewiň poeziýasynda realizmiň we impressionizmiň sintezini görmek bolýar. Şahyryň döreden obrazlar sistemasynda impressionizmiň alamatlary hasam güýçli duýulýar. Ine, şahyryň «Dag bürgüdi» diýen goşgusy: Gara daňdan garap teýin ganatyn ýaýýa... Gaýa daňlan Prometeýiň ruhy gaýýa... Tutuşlygyna kapiýa doňup duran bu şekilli goşgudaky dag bürgüdiniň bir pursatlyk keşbi, şol keşpden dörän täsir – ine goşgynyň çeperçilik mazmuny. Onsoň şol bürgüt şahyryň aňynda ikinji bir, has çuň derejedäki täsiri – assosiasiýany döredýär – bürgüt Prometeýi ýatladýar. Ýekeje pursatlyk, tas gymyldysyz kartina hem nähili çuňňur, adamzady estetiki pikiriniň gözbaşlaryna alyp gidýän assosiasiýa. Şygyrda impressionizmiň ikinji bir düýpli alamaty: eseriň özenini düzýän manylar sistemasy bilen onuň «eşigini» emele getirýän owazlar hem reňkler sistemasynyň içki arabaglanyşygyna üns beriň. Ilki bilen, şu kartinanyň reňki hakynda. Ol gara reňkler bilen çekilipdir. Impressionizm çeperçilik hadysa hökmünde ilki fransuz žiwopisinde döräpdir. Gyzykly ýeri, Guldurdynyň kartinasyndaky reňk daňdanyň garaňkylygy – gadym geçmişiň aradaşlygynyň simwolydyr. Şahyryň eserlerindäki setir döwülmeleri ritmiň owazlylygy bilen bagly, ol bolsa öz gezeginde çeper mazmunyň içki owazyndan gelip çykýar. Şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň şeýle bir miniatýurasy bar: Tämiz. Güýz. Agaçlar ýalaňaçlanar. Kerkawlar – başaşak duran Peýkerler. Sary setin köýnek ýerde. Galdyrmaz. Ýagyş guýýar Ýerden-gökden Dünýe suw-sil. Galdyraýar biller, dyzlar, baldyrlar. Bärik suwa düşünmäge gelipdir. Gökde gezen gelinsypat melekler. Birinji setirde iki sany özbaşdak sözlem bar. Olaryň hersi aýratynlykda ýazylypdyr. Nämüçin beýle? Şahyr olary otur arkaly bölüşdirip gidäýen bolsa bolmazmydyka? Elbetde, bolmazdy. Hersini bir sözlem etmek bilen şahyr tebigatyň özbaşdak, bitewi kartinasyny berýär. Bu ýerde kartina esasy zatdyr, çünki şygryň žanry – miniatýura şuny talap edýär, onsoň okyjynyň ünsi aýratyn sözde eglenýär, jemlenýär we şobada her sözde şol kartinanyň bir bitewi elementi ör-boýuna galýar. Eger şahyr olary otur arkaly baglanyşdyran bolsa, onda okyjynyň göz öňüne getiriş prosesi-de çaltlanardy. Bu bolsa şygryň suratlandyryş ukybyna göz-görtele zyýan ýetirerdi. Onsoň «agaçlar» sözi bilen başlanýan jümläniň setiriň başyndan däl-de, ortasyndan ýerleşdirilip başlanmagynyň owazyň, ritmiň akyşy bilen baglanyşykly sebäbi bar. Çünki bu jümledäki kartina öňkülerden tapawutlanýan, täze bir zat bolman, hut şolaryň içinde ýaşaýan bir konkretleşme bolup durýar. Pikir umumylykdan konkretlige girýär, bitewüligiň täze detallary açylyp ugraýar, onsoň olary-da ýaňkylaryň dowamy hökmünde şol çepden saga gidýän görnüşde ýazmaly bolýar, ýöne ol täze bir detaly aňladýanlygy üçin ony bir derejede aşakda ýazmaly bolýar. Şeýlelikde, liriki mazmunyň ösüşi grafiki şekilde çepden saga, ýokardan aşak gidýän görnüşde amal edilýär. Şeýdip, şygryň grafiki şekillenmegi hudožnigiň kartinasyndaky şekilleriň ýerleşdirilişi ýaly möhüm, çeperçilik ähmiýetli bir fakta öwrülýär. Çünki onuň aňyrsynda liriki mazmunyň ösüşi hem-de şygryň ritm akymy, owazynyň ýaşaýşy ýatýar. Soňra «ýagyş guýýar» söz düzümi bilen başlanýan ritm ýene has depginli suratda akyp başlaýar. Güýz güni ýagşyň astynda duran agajyň keşbini söz sungatynyň üsti bilen janlandyrýan kartina obrazlylyga ýugrulýar. Agaç «dyza, bile, baldyra» eýe bolýar duruberýär. Munuň özi liriki mazmunyň ösüşiniň täze bir aspektiniň açylandygyny aňladýar. Ony göz öňüne getirmek okyjynyň estetiki-emosional duýgularyny sarsdyryp gidýär. Bu – liriki, şahyrana mazmunyň planynda bolup geçýän hadysa. Şahyrana owazlaryň planynda bolsa, owazyň kem-kemden başlanmagy, güýçlenmegi, ýokarky perdelere çykmagy bolup gidýär. Bu öz gezeginde «dyzlaryň, billeriň, baldyrlaryň» hersiniň tapawutlandyrylyp, bir derejede aşakda ýazylmagy bilen şekil taýdan aňladylýar. Şygryň soňunda akymyň ýene adaty bir öwrüm etmegi bilen ol şygyr grafikasynyň adaty usulynda ýazylýar. Görnüşi ýaly, ritmiň, sesleriň ýaşaýşy liriki mazmun bilen içki taýdan baglanyşyklydyr. Şahyryň ýazyjy Ahmet Halmyrada bagyşlanan şygry bar. Mekdep. Sapakdaşlar. Arkada galdy, O günleriň hersi bir çöpe siňdi. Daşym dolap gezen çagalyk dostlam Üzülip-üzülip galypdyr indi. Şygry iki aspektine – onda obrazlylygyň ösüşine, konkretleşişine hem-de onuň owazynyň aýlaw edişine ünsi çekesim gelýär. Birinji setir obrazyň ösüşi nukdaýnazaryndan umumy, bitewi kartinany aňladýar. Ikinji setirde şol kartina eýýäm anyk detala eýe bolýar: mekdep, soň mekdebiň içindäki sapakdaşlar (sapakdaşlar – şahyr tarapyndan döredilen täze söz!) göz öňüne gelýär. Munuň özi kino sungatyndaky plan, kadr ýaly düşünjeleri ýada salýar. Şygryň obrazynyň şeýle suratlandyryş ukyby bar. Ýöne bu ýerdäki kartina anyk häsiýete eýedir. Üçünji setire geçilmegi bilen ol dinamika öwrülip gidýär. Ol eýýäm ýyllaryň aňyrsyndaky reallyga öwrülýär. Şol dinamika galan üç setirde has anyk hereket prosesi esasynda ýüze çykýar. Özümiziň halys subýektiw täsirlerimize aşa beriläýýän bolmagymyzam mümkin weli, barybir, şol «çöpe siňmek» bilen baglanyşykly obraz birhili şol günlere, şol sapakdaşlara degişli ýaly bolup dur. Şahyr-a geçen günler hakda gürrüň edýär, okyjynyň estetiki duýgularynda göz öňüne getirmelerinde bolsa çagalyk ýoldaşlaryň çöpe-çöre siňip gitmegi ýaly täsin emosional-psihologik proses bolup geçýär. Şeýdip, şahyryň şygry okyjynyň estetiki dünýäsinde geň-taň prosesleriň döremegine sebäp bolýar. Şol geň-taňlygy anyk, logiki formulirlenen düzgünlerde beýan edip bilmeýänligimiz üçin, metafora ýüz urýarys: şygryň kartinasy we okyjynyň aňy meselesi telewizoryň işledilmegi ýaly bir zady ýada salýar: elektrik togy bararam weli, ekranyň ýüzünde şekiller, hereketler başlanýar, edil şonuň ýaly obraz emosional dünýä baryp ýetýärem weli, okyjynyň aňynyň ekranynda janlanma, hereketlenme başlanýar. Telewizordaky janlanma tok arkaly ýüze çykýan bolsa, şygyrdaky obrazyň janlanmagy sesler, ritmiň üsti bilen amal bolýar. Şeýle-dä! Her kimse bir küýe münüp, Çagalygmyz dagap gidýär ýollara. Ýaşap ýörüs. Dünýe dynçlyk. Çendanlar Saý-sebäpden gabat gelýän olara. Söz sungaty – täsin zat. Onuň obraz dörediş ukyby hiç bir sungata-da elýeterli däl bolsa gerek. Okyjynyň estetiki duýgusynyň inçeligine, estetiki aňynyň kämilligine baglylykda onuň egsilmez, bimöçber obrazlylyk mümkinçiligi bar. Munda obrazlylygyň örän köp kombinasiýalary saklanýar. Goşgynyň fonologiýasynda şol intensiw proses setirleriň böleklenmegi, pikirleriň, situasiýalaryň, kartinalaryň olar içre dagap gitmegi görnüşinde amal bolýar. Dördünji setirden bolsa dinamizm öz ornuny ýene statiki pikir akymyna berýär. Dinamiki hem statiki goşgynyň çeper obrazlylygyndaky, ritmindäki dialektiki barlygyň iki sany baglanyşykly tarapydyr. Köňlümiň hoşgähi – çagalyk dostlam Üzülip-üzülip galypdyr indi. Aby-köwser suwy berlen poeziýa Kökerdi, Kalbymy eýledi bendi. Ynjalyk berenok gündiz-u-gije, Maňa bu söwdadan, ah, gutulma kyn. Çagalyk dostlarmyň deregne ykbal Şygyr berdi içim döküşmek üçin. Hawa, munuň özi impressionistik şygyrdyr, çünki munda, göräýmäge, baglanyşyksyz detallaryň arasynda, şygryň obrazlar düşegi bilen onuň ritmiki strukturasynyň arasynda, many sistemasy bilen owazlar sistemasynyň arasynda içki dialektiki baglanyşyk bar. Şeýle zat şahyr tarapyndan düşünjelilik bilen edilýär diýip düşünmeli däl. Inmpressionizm edebi akym hökmünde irrasional esaslara daýanýar, ol şahyryň döredijilik ylhamynyň absolýut erkinligini ykrar edýär we şol ylhamyň «sistemasyz», galypsyz gözlegleriniň düýbünde içki sistemanyň, şahyrana instinkt derejesindäki baglanyşyklygyň ýatandygyny tekrarlaýar. * * * Şahyr G. Sähetdurdyýew şygryň owazlylygyna, sesleriň tebigylygyna, labyzly çykmagyna uly üns berýär. Muňa ylaýta-da onuň saýlap alýan kapiýalary oňa şaýatlyk edýär. Häzirki zaman türkmen poeziýasynda şu şahyr ýaly şygyrlarynyň kapiýasyna aýratyn üns berýän şahyr seýrek bolsa gerek. Şahyryň kapiýalarynyň hemmesi diýen ýaly owazly kapiýalardyr: «aýda-rowanda – aýdara munda», «alaçaly-ýag – azaşaly, ýar», «jalasy – çalasyn», «ýeke çekerin – gepe çeperiň», «bir sary at – bir sagat», «meýdalňa – aýdanňa», «tutdum – hut düýn», «traktor – frakly», «halkalanarlar – arkalaryna», «gulagna – ol oglan», «žurnal – turýan», «iki elini – indikeliri», «meýdan – eý dag», muny näçe dowam etseň, edip oturmaly. Hatda 11 bognuň hemmesiniň kapiýalaşdyrylýan wagty hem bar: «Gurgun ýaşaýarys, erbet ýeri ine, Uýgunlaşýarys lezzetlerine». Ýene bir mysal: Şekiliň çeçekden ýasalanmydyr, Çokulyň seçekden ýasalanmydyr, Çekilen ýüpekden ýasalanmydyr, Ýeller össe, durabilmez heňsiz ol, Mazaryma gül gögerse, Sensiň şol!!! Öň lenç edilen däl-de, täze kapiýalar owazy bilen okyjynyň estetiki duýgusyny maýyl edýär, olar eli süýji sazandanyň çalşynyň owadanlygyny özünde saklaýar. Öňki owaz galypynyň ýerine owaz terligi, owaz seleňligi, owaz serginligi gelýär. Bu bolsa tötänleýin hadysa, daşky bezeg bolman, şygryň şahyrana mazmuny bilen baglanyşykly dialektiki kanunalaýyklykdyr. Owaz terliginiň aňyrsynda obrazyň terligi, täzeçilligi, pikirleriň gaýtalanmazlygy ýatýar. Kapiýanyň täzeçilligi şygryň umumy ruhuna täsin bir ruh berýär, ol pikir, owaz akymyna şypaly täsir edýär. Biziň pikirimizçe şahyryň hut kapiýalarynyň owazlylygy olary şygryň sostawyndaky göze görnerlikli bir zada öwürýär. Şahyryň eserlerinde kapiýanyň şahyrana kulty bar. Aýdaly, Nobatguludan tapawutlylykda bu ýerde kapiýa awtonom çeperçilik hadysasy bolup durýar. Nobatgulynyň goşgularynda kapiýa pikiriň yzyna düşýär. Ol pikiriň içinde ýitibem gidýär. Janly organizmde ýüregiň işleýşiniň, ýüregiň asyl bardygynyň bildirmeýşi ýaly, Nobatgulynyň goşgusyny okap barýarkaň kapiýanyň bardygam bildirenok, seniň ünsüň pikiriň yzyna düşüp barýar, sen mazmundan, obrazdan lezzet alýaň, sen şonuň bilen ýaşaýaň. Guldurdynyň goşgularynda bolsa kapiýa, umuman, owaz obrazly mazmun bilen deň derejede gidýär. Bu iki şahyryň poeziýasynyň depgini deň däldir. Şunuň özem olaryň şygyrlarynda kapiýanyň şahyrana mazmun tüweleý kimin pyrlanyp, sil kimin towlanyp akýar, ol tüweleý, sil öz ugruna kapiýany syryp-süpürip alyp barýar. Guldurduda kapiýa tormaz kimin içki garşylyklaýyn täsiri berýär. Şonuň üçin Nobatgulynyň poetiki depgini – güýçli, Guldurdynyňky bolsa – orta haýallykda gidýär. Bu ýerde formanyň, mazmunyň dialektiki özara pikiri bar. Özem şunda olaryň haýsynyň esasydygyny, birinjiligiň haýsyna degişlidigini aýdaýmak örän çetin. Aýdaly söýgi lirikasynda Nobatgulynyň şygyrlarynyň esasy mazmunyny, pafosyny lowlap, ýakyp-ýandyryp barýan yşk tutýan bolsa, Guldurdynyň şygyrlarynyň pafosy mylaýym mähirde jemlenýär. «Mylaýym» epiteti «mylaýym suw» diýendäki orta haly, derejäni, depgini we «mylaýym şemal» diýendäki näzikligi özünde saklaýar. Mähiriň bolsa, bir tarapdan, pynhanlyk, beýleki tarapdan bir hili gumanistik ahlak gatanjy bar. Şu hili aýratynlyk, mazmun aýratynlygy şahyryň «Gaýypdan bir owaz» atly liriki poemasynyň fonologiýasynda, kapiýalarynda oňat bildirýär. Sataşýarys indi aýda-rowanda, Ine, sen! Şol öňki galam-gaşlaryň. Dymyşýas. Zat kän-ä aýdara munda, Ýar-ýara duşanda salamlaşmazmyş. Seni ýöriteläp idemerin hiç, Gözläp, ogryn-dogryn esetmerin men. Jähennem, örtenýän gijelerim hiç, Belent mertebäňi peseltmerin men. Gabat gelsek ýene bir sapaly gün, Görüp Helal Aý deý galam-gaşlaryň, Saňa düşünerin dymarys şonda, Ýar ýara duşanda salamlaşmazmyş. Poemanyň obrazlar düşeginde gözeliň galam-gaşlarynyň uly orun tutýandygynyň öz içki sebäbi bar. Şygyrdan görnüşine görä, sataşyk pursady – dymyşlyk pursady. Onsoň gelniň gözelligini aňladýan elementleriniň içinde-de iň «dymmasy» gaşlarydyr. Göz «gürleýär», agyz gürleýär, kirpik «gürleýär», şonuň üçinem bu dymyşlyk pursady bolup göz öňüne gelýär. Şol dymyşlyk şygryň depgininiň haýallygynda – onuň ritminde bildirýär. Dymmak – hereketsizlik ýa haýallykdyr. Howa dymanda-da çöp başy gymyldamaýar. Şygryň owazlarynyň içinde iň köp gaýtalanýan sesler ş,ç dymyk çekimsizleridir. Dymyşykdan ýaňa gulagyň şaňlaýar: gulagyňdan üznüksiz ş sesi gidenok. Diýmek, bu goşguda ş sesi many aňladyp, onda-da poetiki many aňladyjy hadysa öwrülýär. Ol mähirli pynhanlygy, dymma aýralygy aňladýan ses bolup, şygryň şahyrana mazmun ýüküni göterýän faktora öwrülýär. Sözümi jemläp aýtsam: G.Sähetdurdyýew G.Ezizowyň mekdebinden çykdy. Ol türkmen poeziýasyna özboluşly liriki gahrymany getirdi. Onda şahsyýet bitewüligi bar. Liriki gahrymanynyň häsiýet bitewüligi şeýle aýdyň ýüze çykýan türkmen şahyry az-azdyr. Şahyryň romantiki goşgularynda poeziýamyz üçin däp bolan Aý obrazy uly orun tutýar. Ýöne şahyr ol obrazy metafora derejesinde işlemän, eýsem ony simwol derejesindäki hadysa öwürdi. Şeýdibem, Aý ýöne bir magşugy däl, eýsem dünýä gözelligini aňlatdy. Özge şahyrlar wakadan, pikirden, duýgudan şygyr ýasasalar, Guldurdy pursatdan şygyr döredýär. Pursat – munuň özi entek hatda belli bir duýgynyň hem emele gelmedik halatydyr. Şahyryň «Depäme seretsem...», «Kän barýan hyýalda...» ýaly şygyrlary pursatdan döräp, soň duýgynyň, pikiriň, wakanyň gözbaşyna öwrülen pursady poeziýa getiren şygyrlardyr. Şahyr türkmen poeziýasyna impressionizmi getirdi. Şahyr pursadyň täsirini şygra geçirýär. Şol täsir içki baglanyşyklaryň sistemasyny açýar. Guldurdy Sähetdurdyýewiň eserlerinde kapyýalary birinji derejeli rol oýnaýar. Kapyýanyň owadanlygyna, onuň içki many baglanyşyklar sistemasyna gatnaşygyna aýratyn üns bermek G.Ezizowdan gaýdýar. Guldurdy Sähetdurdyýew hem şu däbe eýerip, türkmen poeziýasyna original kapyýalaryň sistemasyny getirdi, W.Maýakowskiniň, A.Woznesenskiniň, G.Ezizowyň kapiýa ýasaýyş tärlerini hasam çylşyrymlaşdyrdy, diliňi «gamaşdyrýan» derejä çenli eltdi. Impressionizmde içki sistema daşky başsyz-baratsyzlyk bolup görünýär. Şahyryň ezber galamynyň astynda ähli sözler, pikirler içki baglanyşyga geçip, şygyr bitewülige öwrülýär. «Mekdep, Sapakdaşlar...», «Obaň ilerbaşy...», «Şäher köçelerinde» ýaly şygyrlaryň impression barlygy barada, munda her dyngy belgisiniň özboluşly many ýüküni göterýändigi hakda gürrüň etmek mümkin. G.Ezizow kapyýanyň kultuny döretse, Guldurdy Sähetdurdyýew dyngy belgileriň, şygryň arhitekturasynyň kultuny döretdi. Guldurdy Sähetdurdyýew türkmen poeziýasyna pikir erotikasyny getirdi. Munuň özi şygry çeperçilik serişdelerinden käte ýüz öwrüp ýazmakdy. Şeýle halatda şygryň estetiki jadysy bir mazmunyň erotikasyna daýanýar. Munuň özi mazmun transformasiýasy meselesinde poeziýada ýüze çykan düýpli hadysadyr. Şu we şuňa meňzeş täzeçe çemeleşmeler şahyryň eserlerinde hemişe dowam etdirilýär. Edebiýat meýdany alan-aldylyk däl, öňýeteniňki däl, muňa ýüregi bilen düşünýän şahyr Guldurdy Sähetdurdyýew alňasaman, daljykman, juda howlukmaçlara sowlup, ýol berip, öz maýdaly bilen ýöräp, öňe saýlanmany başardy. Onuň «Gaýypdan bir owaz» poemasy diňe bir öz döredijiliginde däl, tutuş häzirkizaman edebiýatynda ýetilen täze bir belentlikdir. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |