20:37 Gaza elden gitse... | |
GAZA ELDEN GITSE...
Publisistika
Arzy-Mewud / Surat: Wikipedia Gynansak-da... elimizdäki ähli faktlar Gazanyñ elden gitjegine yşarat edýär. Gazada başlan köpçülikleýin gyrgynçylyk eýýäm üç aýyny dolduryp gelýär, dünýä jemgyýetçiligini-de kem-kemden gandöküşlige öwrenişdirmäge başlady. Gaza gandöküşligi indi hemmeleriñ ilkibaşda gaharlanan, emma soñabaka öwrenişen, gündelik durmuşyñ adaty wakalaryna öwrüldi. Şeýle-de, ortada Ysraýyly duruzyp biljek hiç bir güýç göze ilenok. Ysraýylam Gazany öz düzümine birikdirip dynmasa, durjaga meñzänok. Ýadyñyza salyñ, oktýabr aýynyñ başlarynda Gazada gyrgynçylyk başlan badyna Türkiýe, Müsür, Saud Arabystany ýaly musulman döwletler "guryýer operasiýasy gyzyl çyzygymyzdyr" diýen ýaly beýanatlary beripdiler, köpbilmişlik satýan käbir hünärmensumaklarymyzam Ysraýylyñ guryýer operasiýasyna het edip bilmejekdigini öñe sürüpdi. Ysraýyl bolsa Günbatardan alýan doly goldawy bilen dünýä jemgyýetçiliginiñ bildirýän üzlem-saplam nägileligine seretmän guryýer operasiýasyna taýýarlyk görmäge başlapdy, soñunda-da Gazä giripdi. Yslam dünýäsiniñ Ysraýyla berýän garşylygy hemişekisi ýaly howaýy sözler bilen çäklendi we hakyky herekete girişen bolmady. Pars aýlagynyñ arap ýurtlary ýaly käbir musulman ýurtlar bolsa Netanýahunyñ atan haýbatyndan soñ söz bilenem garşylyk bermäge bogunlary ysmady. Gynançly ýeri, Ysraýyl "wada berilen ýerler" maksatnamasyny wagta ýaýyp, ädimme-ädim amala aşyrýar we muña yslam dünýäsinden hakyky manyda ýeke garşylyk berlenok. Ýadyñyza salyñ, ABŞ-nyñ öñki prezidenti Donald Trampyñ döwründe Ysraýylyñ paýtagtyny Tel-Awiwden Ierusalime göçürme karary Stambulda geçirilen yslam konferensiýasy bilen protest edilipdi, emma bulam jöhit döwletini sägindirip bilmändi. Yzyndan Tramp hökümeti kyrk ýyldan gowrak wagtlap okkupasiýa astyndaky Golan depelerini Ysraýylyñ ýeri diýip ykrar edipdi. BMG Ysraýylyñ we Palestinanyñ çäklerini kesgitleýän 1967-nji ýylyñ kararlarynu şindizem durmuşa geçirip bilenok. Ysraýyl bolsa, BMG-nyñ kararlaryna eýermekden geçen, gaýtam, dünýäniñ çar künjünden üýşürýän jöhit göçegçilerini Palestinanyñ ýerlerine ýerleşdirip, çäklerini durman giñeldýär. Okkupator göçegçiler bütin dünýäniñ gözüniñ öñünde palestinalylaryñ öýlerini, ýerlerini, beýleki gozgalmasyz emläklerini zor bilen basyp alýar. Dünýä jemgyýetçiligi Ysraýylyñ bikanun işlerini ilkibaşda ýazgaranam bolsa, wagtyñ geçmegi bilen öwrenişip, ahyrynda jöhit döwletiniñ diýdimzorlugyna, durmuşyñ hakykatyna öwrülip barýar. Muny gowy bilýän Ysraýylam gurlan 1948-nji ýylyndan bäri bilenini edip gelýär. Ýogsa-da, Ysraýyl belli bir wagtdan soñ, aýdaly, 2024-nji ýylyñ ortalarynda Gazäni düzümine birikdirse, dünýä nähili garşylyk bererkä? Bu soraga otlukly, ýöne boş gürrüñlerden emele gelen gury galmagaldan başga hiç zadam bolmaz diýip jogap berip bileris. Uly ýaşly raýatlary hasaba almanda-da, müñlerçe bäbegiñ öldürilmegine-de ses-üýnsüz durup bilýän dünýä ýer bilen ýegsan bolan ýer zolagynyñ eýeleriniñ çalyşmagyna sesini çykarar öýdýäñizmi? Köp wagt bäri Beýrutda ýaşap gelýän iñlis žurnalisti Robert Fiskiñ suratlandyrýan Ýakyn Gündogaryna degişli henek bar: Ir wagtlar bir arabyñ horazy ogurlanypdyr, ol "ogryny tap" diýse-de, ogly kän gyzyklanmandyr. Biraz wagt geçensoñ arabyñ aty ogurlanypdyr, ogly ylgaşlap gelipdir, ol ogluna: "Horazyñy ogurlan ogryny tap" diýipdir. Ogly: "Kaka, atymyz ogurlandy, sen horazy ogurlan ogryny tap diýýäñ" diýip, gaharlanypdyr. Ýene biraz wagtdan arabyñ düýesi ogurlanypdyr, ol ylgap gelip ýakymsyz habary beren ogluna: "Horazyñy ogurlan ogryny tap" diýipdir. Kän wagt geçmänkä arabyñ gyzyny alyp gaçypdyrlar, ogly ýene kakasynyñ ýanyna ylgap gelipdir, ol ýene öñki sözüni gaýtalapdyr. Ogly: "Kaka, uýamy alyp gaçdylar, namysymyzy depgilediler, sen şindizem "horazyñy ogurlan ogryny tap diýýäñ" diýip gaharlanypdyr. Kakasy oña şeýle jogap beripdir: - Eger ilkibaşda horazyñy ogurlan ogryny tapyp jezalandyran bolsadyñ, hiç kimse atymyzy, düýämizi ogurlamaga, ahyrsoñy gyzymyzy alyp gaçmaga het edip bilmezdi. Yslam dünýäsiniñ, aýratynam araplaryñ ýagdaýy şuña meñzeýär. Soñky ýetmiş ýylda Ysraýylyñ az-uçukdan başlap barha ulalan we giñelen ýer ogurlyklaryna sesini çykarmadyk (we oña haý diýmedik) yslam dünýäsi häzir has uly howp bilen ýüzbe-ýüz. Günbataryñ goldawy bilen aždarha öwrülen Ysraýylyñ Palestinany ýuwdup bolansoñ, gözüni Liwanyñ, Iordaniýanyñ, Siriýanyñ, Yragyñ, ahyrynda-da Türkiýäniñ ýerlerine dikjekdigi gümansyz. Sebäp Ysraýylyñ arzuwlaýan "wada berlen ýerleri" şu bäş ýurduñ çäklerinde ýerleşýär. "Aý, olar ýalam bolasy ýok-la" diýmäñ. Çünki Ysraýyl diýlende, akan suwlar durýar, aklyña-oýuña sygmajak zatlar bolýar. Beýleki ýurtlar boýunça zol-zol maglumatnamalary çap edýän, hak-hukuk bozulmalary ýazgarýan, tankyt edýän, ugur-ýol görkezýän, adam hukuklarynyñ "çempiony" Günbatar Russiýanyñ Ukrainada ilatly punktlary bombalamagyny "terrorçylykly akt" hasaplap ýazgaran bolýar, emma Ysraýylyñ Gazada amala aşyran gyrgynçylygyna bolsa, "Ysraýylyñ özüni goramaga bolan hukugy" diýip arka çykýar, jöhitlere alkyş okaýar. BMG-nyñ baş sekretaryndan başlap golliwud ýyldyzlaryna, musulman asylly amerikan senatorlaryndan dünýä belli ýazyjylara, alymlara, sungat işgärlerine çenli, kim Ysraýylyñ eden-etdiligini ýazgarsa, şobada soraga çekilýär, "itden çykarylýar", zähmet şertnamalary ýatyrylýar, konsertleri, çykyşlary ýatyrylýar. Hamana, tutynyñ añyrsynda kimdir biri ýa-da birileri wezipesi, çini, derejesi nähili bolsa bolsun, tapawudy ýok, Ysraýyly tankyt etmäge het eden islendik kişini sem etmek üçin elindäki mediýa, syýasy, ykdysady güýjüni ulanýar. Bulam nijeme ýyl bäri aýdylyp gelinýän, aýratynam yslam dünýäsinde uly gyzyklanma bildirilýän we ynanylýan pikiri - dünýäniñ, has dogrusy Günbatar dünýäsiniñ tutynyñ añyrsyndaky jöhit kapitaly tarapyndan dolandyrylýandygy hakdaky pikiri pugtalandyrýar. Horazy ogurlanam, atdyr düýäni ogurlanam, ahyrsoñunda gyzy alyp gaçanam - şol bir adam. Ýetmiş ýyl öñ horaz ogurlap işe başlan ogry häzir goñşusynyñ namysyna göz dikýär. Şu gezegem ogry duruzylmasa, namys howp astynda diýmekdir. Şoñ üçin her etmeli-hesip etmeli, soñy näme bilen gutarýanam bolsa, ogryny duruzmaly. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 02.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |