12:03 Gazadan alynmaly sapaklar | |
GAZADAN ALYNMALY SAPAKLAR
Publisistika
Soñky iki ýüz ýylda ýer ýüzünde garaz bir ýagdaýda Günbatar bilen sataşmadyk, onuñ şarpygyny datmadyk, basylyp alynmadyk, talanmadyk, itilip-kakylmadyk hiç bir ýurt ýa döwlet ýok diýsek, onçakly ýalñyş bolmasa gerek. XX asyr bu nukdaýnazardan alanda musulmanlar üçin hasratly başdan geçirmeler we ýüzüñi gyzardyjy ýeñilişler bilen doludy. Geçen asyryñ başynda uç-bujaksyz yslam dünýäsiniñ jemine golaýy Günbatar tarapyndan basylyp alyndy, soñky ýyllarda-da musulman döwletleriñ çäkleri günbatarlylaryñ bähbitlerine we keýpine görä çekilipdi. Şol döwürde Günbataryñ girip bilmedik iki musulman topragynyñ biri takrap ýatan Anadoly, beýlekisi bolsa Owganystanyñ üstünden aşyp bolmaýan haýbatly daglarydy. Günbatara garşy giren göreşinden asgyn düşüp, basylyp alynan ýurtlardan iñ gowy sapak alanlar Uzak Gündogaryj halklary boldy. ABŞ-nyñ atan atom bombast bilen iki şäheri ýanyp kül bolan Ýaponiýa 10-15 ýyl ýaly az wagtyñ dowamynda gaýtadan aýaga galdy we dünýäniñ iñ uly tehnologiki läheñleriniñ birine öwrüldi. Onuñ yzyny Günorta Koreýa, Taýwan, Singapur ýaly ýurtlaram dowam etdirdi. Hytaýyñ çakdanaşa ösmegi we Günbatar bilen hemmetaraplaýyn boý deñleşdirip biljek ýagdaýa gelmegi aýratyn öwrenilmegine garaşýan üstünligiñ kyssasy. Häzir Hytaý Halk Respublikasy XX asyryñ ahyrynda dargan SSSR-iñ ýerini alyp, dünýäniñ ikinji uly supergüýji hökmünde Günbataryñ garşysyna dikildi. Gynansak-da, Günbataryñ agressiýasyna (basybalyşlaryna, eksplutasiýasyna, genosidine) uçran beýleki ýurtlar Uzak Gündogarlylar ýaly bolup bilmedi. Afrika materik hökmünde mytdyllap gelşine entek menzilem aşanok, XX asyry harby döwlet agdarylyşyklary, halk gozgalañlary, içerki uruşlar bilen ötüren Latyn Amerikasy-da ABŞ-nyñ maşk edýän meýdançasy bolmakdan añry gidip bilmedi. Şu nukdaýnazardan seredilende, musulmanlaryñ ýagdaýy-da onçakly öwerlik däl. XX asyryñ başynda ýerleri ruslar, fransuzlar, iñlisler tarapyndan basylyp alynan we paýlaşylan musulmanlar bu döwri elden gideren garaşsyzlyklaryny täzeden gazanmak we özbaşdak döwletlerini gurmak üçin sarp etdiler. Muny edenlerinde hersi bir ýoldan gitdi. Kimsi geçmişiñ ýoluny dowam etdirip, öñki patyşalyklaryny we emirliklerini täzeden gursa, bir bölegi Günbataryñ respublika, demokratiýa, saýlawlar, parlament ýaly gurluşlaryny we ulgamlaryny özleşdirip, ösüşiñ göz öñünde tutulan sepgitlerine ýetjek boldular. Emma hiç birem Uzak Gündogarlylaryñ gazanan üstünligine meñzeş üstünlik gazanyp bilmedi. Günbatar bilen garşylaşan her frontundan ýeñlip çykan yslam dünýäsi üçin iñ hasratly başdan geçirmelerden biri geçen asyryñ ahyrynda Bosniýada bolup geçen musulman genosidi boldy. Saud Arabystanyndan Müsüre, Eýrandan Türkiýä Uzak Gündogardaky Päkistandan Malaýziýa çenli aralykdaky musulman döwletler näçe urunsa-da, Bosniýada ençeme ýyllap dowam eden musulman gyrgynçylygyny togtadyp bilmedi. Gyrgynçylyk ABŞ-nyñ ara girmegi bilen togtady. Şol wagtyñ prezidenti Bill Klintonyñ buýrugy bilen amerikan we NATO istrebitelleri okkupator Serbiýany bombalap başlady welin, uruş durdy we ele salynan serb lider Miloşewiç Gaaga sudunda jogapkärçilige çekildi. Häzir ýene bir genosid bolup geçýär, özem bütin dünýäniñ gözüniñ öñünde. Musulman ýurtlar näçe çyrpynsa-da, Ysraýylyñ Gazany ýer bilen ýegsan etmesiniñ öñüni alyp bilenok. Ýogsam bolmasa, elli iki yslam ýurdunyñ arasynda Ýaponiýanyñ, Hytaýyñ ýa-da Günorta Koreýanyñ derejesinde tehnologiýa enjamlaryny öndürip bilýän ýeke ýurt bolan bolsady, ýagdaý häzir düýbünden başgaça bolardy. Şonda Ysraýylam, onuñ arkasynda duran Günbataram bular ýaly perwaýsyz hereket edip bilmezdi. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, ilki bilen öñki ýalñyşlyklardan, ýeñlişlersen sapak almaly. Başdan geçiren ähli hasratlaryna we kynçylyklaryna garamazdan, Uzak Gündogar nädip küllerinden täzeden doglup, gaýtadan aýaga galan bolsa, yslam dünýäsi-de şeýdip bilerdi. Hernäme-de bolsa, akyl-paýhasyñ ýoly bir ahyry. Akyl-paýhasyñ ýoly nähili bolýar diýýän bolsañyz, dini, syýasy, tradision dogmatlardan, köne zyýanly däplerden halas bolup, akyl-paýhasyñ, ylym-bilimiñ we mantygyñ ýoluna gaýdyp gelmekdir. Jöhitler ylym-bilimi ulanyp, çöller bilen gurşalan Ýakyn Gündogaryñ bir çüñkünde tehnologiýa döwletini gurmak bilen uly ösüşe we güýje ýetip bilýän bolsa, hemme künjünden nebit-gaz pürkülip duran yslam ýurtlary ondan has gowusyny edip biler. Emma, elbetde, ýeke şert bilen: fanatlykdan halas bolup, gündelik durmuşda akyl-paýhasa we ylym-bilima eýerip. Elbetde, muny diýmek bilen, Türkiýedäki käbir gatlaklaryñ edişi ýaly, geçmişe degişli hemme zady garalap, dini, taryhy, medeni mirasymyzdan ýüz öwrüp ösüşe ýetmeli-hä diýjek bolamok. Tersine, ýaponlaryñ edişi ýaly, geçmiş mirasymyzy şu günüñ şertlerine laýyk ýagdaýa getirip, derege ýaramaýan öñki endiklerden el çekip, täze üstünliklere ýetjek bolmaly. Müñ ýyldan gowrak wagt hemme ugurda dünýäniñ başyny çeken siwilizasiýanyñ we medeniýetiñ mirasdüşerlerine ýaraşýanam şudur. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 29.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |