18:23 Mahmyt Gaýybydan üç goşgy | |
• GELENDE BARDYR
Goşgular
Sаz bilеn söhbеte ýalаn diýmäňlеr, Adаm atа dünýä gelеnde bаrdyr. Habуl bilе Kаbyl еne gаrnynda, Olаr hеm dünýägе gеlende bаrdyr. Adаmy kоwdular bеhişt öýündеn, Неr kim tapаr öz рälinden hüýünden, Özüň sаkla аby hаýýat suwundаn, Nuhуň kеşdesine münеnde bаrdyr. Muhаmmet pygаmber din ýоlun аçdy, Вilal azаn аýtdy kарyrlar gаçdy, Еbubekir, Оmar, Оsman ýеtişdi, Аly zülрükaryn çalаnda bаrdyr. Mollalar jеm bоlup taрmady dеlil, Mеn sаňa sуgyndym ýа Rеbbim Jеlil, Ysmаýyl руgamber Ybrаýym Наlyl, Меkge Меdinäni salаnda bаrdyr. Mоllalar jеm bolup gitdilеr hеmme, Adаlat diýgеniň mаnysy nämе? Şеýle аdalatly soltаn Jümjümе, Dünýäniň lezzеtin görеnde bаrdyr. Adаm оgly hеr hаýsysy bir işdе, Ýеr ýüzündе tutmаk üçin sеrişde, Hаrut Mаrut atly iki pеrişde, Bаbyl guýusynа düşеnde bаrdyr. • ISTÄR KÖÑÜL Dünýe mülkünde ýaranlar, şähriýar istär köňül, Segredip münse bedewni, şasuwar istär köňül, Gul bilen gyrnak-da bolsa, hanawar istär köňül, Täji-tagty,lagly-göwher, zernigär istär köňül, Kapyra ursam gylyjy, zülpükar istär köňül. Atlanyp çyksam şikäre, at-ýarag esbaby-şaý, Salsam ýüwrük tazylar, tugun, ütelgi, garyçgaý, Aşy-nan bermekde bolsam göýäki Hatamy-Taý, Hoş owaz şahyr gerek, tanbur, gyjak hem depu-naý, Zynaty-zowky sapalar, käri-bar istär köňül. Metjidiň molla ymamy karyýy-garra gerek, Beçjeler mekdepde bolsa dilleri burra gerek, Täze mahbup zernigäriň arly bih jürre gerek, Ili baý jemgyýete tagtynda adyl şa gerek, Çarwadarymyz çöl-de bolsa, sonadar istär köňül. Haýr üçin kylsam ziragat niçe aý-u ýer gerek, Galla gaýry daşamaga ýedi hatar ner gerek, Ner başynda gupbasy altyn, kümüş owsar gerek, Zahyda metjit gerek, kim wagyza münber gerek, Hapyzym Gurhan okysa, hoş owaz istär köňül. Teblede dursa bedewler, ýanynda bolsa seýis, Binamazu-beňňileri yhtysap kylsa reýis, Kyrk düýäm söwdaga ýörse, goldasa soltan Weýis, Serhowuz, howly-haremden gelse müşki-anbar ys, Öýe girsek näzenin, çeşmi-humar istärköňül. Bar ylaha, neýläýin, bagtym bolupdyr enjümen, Ýary-kabyl tapsam-u sarp eýlesem ýüz müň tümen, Deşti-sähraga çykyp, keşt eýlesem bagy-çemen, Reňki gyr, reftary hup, münsem ýene ýorga semen, Paslymyz nowruz-da bolsa, lälezar istär köňül. Gaýyby diýr, bar ylaha, aç guluňyň bagtyny, Käbe sary baş goýuban okagyn bäş wagtyny, Dostlara bizden nesihat, nesýä goýmaň nagtyny, Gördüňizmi, neýledi Dawut, Süleýman tagtyny, Käbeýi-beýtil-harem diýip, ygtyýar istär köňül. • MAGRUPY BILEN AÝDYŞYK Magrupy: Bizden salam bolsun molla Gaýyba, Dünýäniň binasy haçan tutuldy? «Küntü kenzen mahfiýýenden» habar ber, Kelemeýi-şahadat nirde bitildi? Gaýyby: Gaýry salam bolsun molla Magrupa, Hak «Kün!» diýdi, şol gün bina edildi. Tuby agajynyň ýapraklaryndan, Kelemeýi-şahadat şonda bitildi. Magrupy: Hak owwal namany kime okatdy, Ol kim idi okaban özün unutdy, Adamdan ileri niçe kowum ötdi, Dergada haýsynyň sözi tutuldy? Gaýyby: Hak owwal namany Adam okatdy, Okaban Ezraýyl özün unutdy, Adamdan ilgeri Benijan ötdi, Dergada Resulyň sözi tutuldy. Magrupy: Haýsy günde bina etdi ol guşy, Niçedir ganaty, guýrugy, başy, Höregi nämedir, niçedir başy, Niçe müň ýyldan soň başy ýetildi? Gaýyby: Penşenbe gün bina etdi ol guşy, Dört bolar ganaty, guýrugy, başy, Höregi darydyr, elli müň ýaşy, Elli müň ýyldan soň başy ýetildi. Magrupy: Suwdaky balygyň puşty nä çenli? Üstündäki gäwiň göşti nä çenli? Ol arşy agzamyň hyşty nä çenli? Niçe melek hasabynda bitildi? Gaýyby: Suwdaky balygyň uludyr puşty, Ýedi müň ýedi ýüz batman ol gäwniň göşti, Gudrat bilen salyndy agzamyň hyşty, Dört melaýyk hasabynda bitildi. Magrupy: Bilermi sen haly nedir, boş nedir? Jeset nädir, menzil nedir, guş nedir? Ol ne bazar, gymmat baha daş nedir? Kimiň daşy kem bahaga satyldy? Gaýyby: Eger bilsem, haly budur, boş budur, Jeset menzil, janyň gerek, guş idir, Ol imanyň gymmat baha daş idir, Şeýtan daşy kem bahaga satyldy. Magrupy: Magrupy diýr, ne kysmata ýazyldy? Ol ne zynjyr bir-birine düzüldi? Niçe ýylda wagty ýetip üzüldi? Aý bilen Gün haýsy wagtda tutuldy? Gaýyby: Gaýyby diýr, gurbat bilen ýazyldy, Gije-gündiz bir-birine düzüldi, Sansyz ýylda wagty ýetip üzüldi, Aý bilen Gün harasatda tutuldy. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |