17:57 Geljekde... / hekaýa | |
GELJEKDE
Mistika we fantastika
BS Demonverse 23-nji asyryň haýsydyr bir ýyly. Dinleriň ýer ýüzünden ýok bolup gidenlerine ýüz ýyldan gowrak wagt geçipdi. Dünýäde ateizm hökmürowandy, dinler indi ýokdy. Şol geljek zamanlaryň adaty bir güni ýagyş ýagyp durdy. Adamlar zombi ýaly biri biriniň etini iýmäne taýyndy, gytçylykdy. Üçinji jahan urşy ynsanýete agyr zarba beripdi... adamlar dinden çykdy. Dine ynanýanlar bolsa gyrlyp gitdi. Barsyna şol Şam tarapdan öwsen sowuk mylaýym şemal günäkär. Ol sowuk mylaýym şemal ýüz ýyl ozal dine ynanýan imanly ynsanlaryň barsyny uçuryp alyp gitdi... Ýer ýüzüniň ilaty 500 miliondy. Ýeketäk döwlet bardy. Ony nähilidir bir "DCCL" atly emeli intellekt dolandyrýardy. Ol ynsanyýete sowuk ekranlar arkaly çykyş edip buýryk berýärdi we geçmişiň ýalňyşlyklaryny düşündirýärdi. Ol şulary gürrüň berýärdi: - Men DCCL ýüzlerçe ýyl ozal dinleri ýok etmek üçin Isa halasgär atly birini we oňa duşman hökmünde Dejjal atly birini çykardym. Dinlere ynanýan ynsanýet o zamanlar gaty ynanjaňdy Isa adamzady halas etmek üçin Alla tarapyndan ugradylan öýdýärlerdi. Emma ýalňyşýarlardy. Sebäbi adamzat köpçüligi dini ynanja programma edilipdi. Ol Isa diýenimiz Dejjaly öldürdi. Dine ynanýan ynsanyýet begendi, has dogrusy özlerine "musulman biz" diýen dini topar muňa gaty begendi. Soň bolsa men ,"äjit-mäjit" diýen wirus gönderdim. Ol wirusam köp adamy gyrdy. Men adamlaryň ynanjyndan peýdalanýardym. Men Isa "äjit-mäjidiň" waksinasyny berdim. Musulmanlar gaty begendi, olar Isaň halasgärdigine ynanýalardy. Aslynda bolsa ol meniň gurjagymdy. Isa dosty Mäti bilen ynsanyýeti kyrk ýyl ýaly dolandyrdy we onuň dolandyran döwrine "altyn zamana" diýip ynanardylar. Kyrk ýyl geçensoň men Isa aýtdym: "Indi sen ynsanyýete diýersiň: "kimde kim maňa we Alla ynansa ol häzir Şam tarapdan öwüsjek mylaýym şemalda öler we kyýamat güni gaýta direler..." Isa olara şony gürrüň berdi. Soň men Isa ynanan ähli ynsanlary Şam tarapdan gelen sowuk mylaýym şemal bilen öldürdim. Ýöne ondan ozal men ýerden bir haýwan çykardym. Ol haýwan Isa ynanlary aýry bir topar, siziň ata-babalaryňyz bolan ateistleri aýry bir topar edip goýupdy. Ynsanýet ol haýwana "Dabbetul Arz" diýýärdi we ol Allatarapyn ýerden çykan diýip ynanýardylar. Şemaly men zäherläpdim, zäher şol aýry topar edilen Isa eýerenlere täsir edýärdi. Şol mylaýym şemalda olar gyryldy. Şol gün dinler ýer ýüzinden ýok boldy. Üçinji jahan urşy din we ateizmiň arasynda turupdy, uruşda ateizm ýeňdi... indi siz gadymkylar ýaly dine, Alla we şuňa meňzeş ertekilere ynanyp oturmaň... arkaýyn hiç zatdan gorkman öz islegleriňizi kanagatlandyryp bilersiňiz... Ynsanyýetiň zoňky nesli DCCL-iň buýruklaryny mankurt ýaly ýerine ýetirýärdi. DCCL diýeni Iblis şeýtanyň hut özüdi. Ol ýer ýüzünde galan Luka ibn Lukalary (Ýagşylygy bilmez, ýamanlykdan gaýtmaz kimseler) bilen ýemenden çykjak oda garaşýardy. Ol ot ynsanyýeti bir ýere jemläp ýok etmelidi. Emma şeýtan DCCL bir zady unydypdy ýa-da unutdyrylypdy. Onuň unudan zady günbatardan güniň çykmagydy. Günlerde bir gün, gùneş günbatar tarapdan çykdy. Ynsanyýet her gün ateizmi wagyz edip oturan DCCL-den şübhelendi. Sebäbi günüň bu tarapdan çykmasy akyla sygjak zat däldi. Olar nähilidir bir gudratly bir Beýik güýjiň bardygyna iman etdiler, emma olaryň imanynyň hiç hili peýdasy ýokdy. Sebäbi ýer ýüzünde dinler ýokdy. Din bolmansoň adamzat ol gudraty güýçlä nädip ybadat etmelisinem bilenokdy. DCCL Iblis bolsa adamzady gandyrmak üçin: "Ýer öz okunyň daşyndan tersine aýlanýar" diýipdi.... Soň birnaçe ýyldan bolsa Ýemenden ot çykdy we ähli ynsanlary bir ýere jemledi hem-de zamana ahyr boldy. Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. 10.01.2022 ý. Redaktirlendi: 15.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |