11:52 Geñ... | |
GEŇ...
Goşgular
Geň galmaýan, eger parahor diýip, Baglasalar ministriň goluny. Ýa bolmasa, para garşy göreşen, Generaly saklasalar, Parahory aklasalar. Adalat diýip janyn berjek, Goç ýigidi ýoklasalar. Watançy däl wenezzynaň Döşüne jäjek dakslar. Onuň şeýle däldigine, Geň galmaýan. Ili çürkäp il malyny, Talaýana ynanmaýan. Onuň öldi habaryna, Jinnek ýalam gynanmaýan. At gazanan ady alan, Ýöne weli ýazan zady, Ele alyp okalmaýan Goşguçyny sylamaýan. Molla bolan bolup ile, Göz gyzdyrsa, eger mala, Selleleri halamaýan. Eger boljak bolsaň çyn dost, Bol sen mydam çynyň bilen -- Messepsizi goldamaýan, Messepsizi goldamaýan. Il gözüne watançy ol, Gije weli satançy ol. Hiç kim bilmez zyýan işe Näçe esse gatanjy oň. Ýöne ondan has howply, Şo kişini tanamaýan. Pis bolupdyr ýakyn-daşyň, Alyp çykyp bilmeň başyň. Haramdan sadaka aşyň. Ýok bir-birin talamaýan. Allaýar, bolma nä şükür, Gazaplanma şakyr-şukur. Haram işe bardyr çukur, Bulagy ýok bulanmaýan. Erbet ýeri – bolmuş kada, Mekdep, metjit, her edara... Horlugyňdyr bolsaň sada. Gözüm düşmedi adama, Aldamaýan, aldanmaýan. ...Gorpdan özüm zyňjak wagtym, Gözüm açdym, (bu-da bagtym!) Ýykylmady täji-tagtym, Görsem, gije, düýşüm eken, Baý, muňa begendim ekem! Eý, Allaýar, nazar aýla, Sowgatsyza sowgat paýla, Owkatsyza owkat paýla, Rowgatsyza rowgat paýla, Bete meňzeme sen asyl, Saýsaň özüň, eger adyl. Çyn adama goýgun gadyr, Belki, şahyr, ygbal budur, Diňle, ataň Gorkut ne diýr?! 24-25.03.2023. | |
|
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýürek ýarasy / Goşgular - 08.12.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |