15:31 Genealog Hazali we Saddamyñ asly | |
GENEALOG HAZALI we SADDAMYÑ ASLY
Publisistika
"DNK analiziniñ netijesi asyl onuñ özüniñ aslynyñ hindidigini ýüze çykardy". Yrakdaky mezhepçi "Asaib Ehlil Hak" bandasynyñ baştutany Kaýs el-Hazaliniñ pikiriçe, hamala yraklylaryñ ähli meseleleri çözülip gutarylan we Yragyñ merhum prezidenti Saddam Hüseýiniñ ata-babasyny we taýpasy el-Nadanyñ etniki gelip çykyşyny jedelleşmekden başga meselesi galmadyga meñzeýär. "Asaib Ehlil Hak" hereketiniñ baş sekretary Kaýs Hazali şahsy fantaziýasyny soñky gezek baýram namazynyñ hutbasynda diñleýjileriniñ dykgatyna ýetirdi. Ol metjide gelen märekä Saddam Hüseýiniñ DNK analiziniñ "onuñ aslynyñ hindidigine güwä geçýändigini" aýtdy. Hazali "Saddam Hüseýin yrak halkynyñ Hindistandan gelendigi hakdaky pikiri propogandirletýärdi" diýdi we sözüniñ üstüne şulary goşdy: "DNK analiziniñ netijesi asyl onuñ özüniñ aslynyñ hindidigini ýüze çykardy". Beýle "uly" genealogyñ we antropologyñ nämä esaslanýandygyny bilemzok, emma onuñ käbir tarapdarlary "Şarkul Avsat" gazetine geçen asyrda Yrakda ýaşan halklaryñ etniki gelip çykyşy bilen gyzyklanýan yrakly ylmy-barlagçylar tarapyndan taýýarlanan we Nada taýpasynyñ añyrsynyñ "hindi-ariýan" gelip çykyşlydygy netijesine gelýän ylmy barlaglara ynanýandygyny aýtdylar. Hernä bolsa-da, "Şarkul Avsat" gazetiniñ redaksiýasy bu ylmy-barlaglaryñ dogrulygyna we ynamdarlygyna kepil geçmegiñ kyndygyny aýdypdyr. Biz-ä bilemzok welin, militaristik genealog Kaýs Hazaliniñ şular ýaly bihuda ylmy kesgitlemeleriniñ yrak halkyna näme peýdasy barka?!. Saddamyñ uzakdan-uzak etniki gelip çykyşy Hindistandan ýa-da Sindden bolanmyşam-da, bizem Hazali bilen bile bu boýunça geçirilen barlaglaryñ dogrudygyna ynanan bolalyñ. A soñ?!. Yrak buweýhi parslary, seljuk türkmenleri, mongol jelaýyrlylary we Osmanlynyñ Bagdatdaky häkimleri tarapyndan dolandyrylmadymy?!. Yrak özüniñ etniki taýdan, millet, mezhep we dini köpdürliligi bilen buýsanmaýarmy näme? Gündogardaky ilkinji hristian kowçumyna wekilçilik eden hristianlaryñ we geçen asyryñ ortalarydyr ahyrlarynda Yrakdan çykmanka ýa-da kowulmanka jöhitleriñ watany dälmidi?!. Yrakda sabiler, ýеzidiler, sünni we şaýy musulmanlary ýokmy näme?!. Araplar, kürtler, türkmenler we beýleki halklar ýokmy?!. Asly türki we parsy gelip çykyşly yrakly elitalar ýaly, hindi, owgan we beýleki etniki köklerden gelip çykan yrakly elitalar-da az däl. Taryhyñ dürli döwürlerinde Nejepde ýaşap geçen köp sanly alym Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan gelşi ýaly, Katifden, el-Ahsadan, Liwandan Yraga geldi. Yragyñ meşhur rewolýusioner şahyry Muzaffar el-Newab hemmelere mälim bolşy ýaly asly hindi Newab maşgalasyndandyr. Gаlybеrse-de, jümlе şаýу ýа-dа аglаbasy tarаруndan hоrmat gоýulýan wе "уmam" sаýylýan Аýatolla Ноmeýniniñ atаsy-da hеmmelеre mälim bоlşy ýаly Нindistandan Еýrana gеliрdi. Homeýniniñ atasy Ahmet bin Din Alyşah, dini ylymlary öwrenmek üçin Hindistandan Nejebe göçüp gelipdi. Şol wagtlar aslynyñ Kaşmirdendigi üçin oña Ahmet el-Hindi diýýärdiler. Soñ-soñlar Nejepden Eýranyñ Homeýn şäherine göçdi, şol ýerde ýaşady we kazylyk etdi. 1864-nji ýylda dünýä inen oglunyñ adyna Mustapa dakdy. Mustapa Homeýniniñ kakasydy. Haýsy tarapdan alanda-da, köpdürlilik dogry we gyradeñ dolandyrylanda jemgyýetler we ýurtlar üçin güýç-kuwwatyñ, baýlygyñ tükeniksiz çeşmesidir. Şeýle köpdürliklik akylsyz adamlaryñ jedelli temasyna öwrülende bolsa, munuñ tersine bolýar. Kаýs Hаzali bilen häzirki Yrаgy dоlаndyrýan wе gözеgçilik еdýän раrtiýalaryñ, güýç tорarlarynyñ ýurtdаky kоrruрsiýаny, tаlаñçуlуgy, mеzhepçi bаndаlary, suw ýеtmеzçiligini, sаglygy gоraýyş ulgаmyndаky nоgsаnlyklary аrаdan аýyrmаk, infrаstrukturаny güýçlеndirmеk wе ösdürmеk Yrаk üçin Sаddаmyñ we onuñ tаýраsynyñ аslynyñ gürrüñini еtmekden hаs dеrwаýуsdуr. Häzirki Yragyñ döwlet dolandyryşyny akylly we köpi gören adamlar boýnuna alan bolsady, onda kän-kän öñe gidişlikler bolup geçerdi. Taryhynyñ altyn döwürlerinde bolşy ýaly sebitiñ beýleki halklaryna-da we ýurtlaryna-da görüm-göreldelik nusga bolup bilerdi. Heniz üsti açylmadyk gizlin mümkinçiliklere eýe Yrak soñky kemter gaýdýan bayram hutbasynyñ wagyzçysyndan has gowy döwlet adamlaryna we syýasy kämillige mynasyp. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Sişenbe, 25.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |