19:54 Germaniýada türk bolmak | |
GERMANIÝADA TÜRK BOLMAK
Publisistika
Öñler, aýratynam 80-nji ýyllarda Germaniýada türk bolup ýaşamak añsat däldi. Şol ýyllarda türkler jemgyýetiñ iñ aşakky gatlagynda ýer alyp, iñ pes hak-heşdekli işlerde işleýärdi. Şäher sowetleriniñ, zähmet biržalarynyñ, sosial kömek edaralarynyñ agzyndaky nobatlary türkler düzýärdi. Muny bilýän nemesler türklere ýokardan garap, olara ikinji derejeli adam ýaly serederdi. Türkleriñ bolýan öýlerine nemes milletparazlary ýygy-ýygydan döküler durardy, türk ýaşlary aýagy gonçly ädikli (polsapok) we goluna gamaly haç çekilen tatiurowkaly nasist hülgentleriñ hüjümine uçrardy. Nemes ýazyjysy Gýunter Walraf 80-nji ýyllaryñ ortasynda çap etdiren "Iñ aşakdakylar" ("Ganz unten") atly meşhur kitabynda Germaniýada türkleriñ başdan geçirýän horluklaryny suratlandyrypdy. Walraf kitabynda Aly lakamly gaçgak türk işçisiniñ tüýsüne girip, iki ýyllap Germaniýanyñ dürli ýerlerinde işlände, başyna düşen külpetli jynsparazçylygy gürrüñ berýärdi. Ol wagtlardan bäri kän zat üýtgedi we türkler soñky kyrk ýylda dogrusyny aýtmaly bolsa, Germaniýada aşakky gatlakdan ýokary göterilmegi başardy. Gýunter Walraf kitabyny ýazyp ýörkä, wagtynyñ köpüsini işçi Aly bolup geçirdi. Ol türk işçileri, pes hak-heşdekler, saglyga ýaramsyz zähmet şertleri, wagtlaýyn işçileriñ öte eksplutatirlenişi hakda beýannama taýýarlady we muny kitabyna ýerleşdirdi. / Fotosurat: Gýunter Zint. PANFOTO Häzir şu ýurtdaky birinji we ikinji nesil türkler nepagasynyñ (pensiýa) keýpini görýär, orta ýaşan üçünji nesil türkler galapyn ylymly-bilimli, eli işli adamlardan ybarat. Başgaça aýdanda, olar nemes jemgyýetiniñ orta gatlagynda ýer alýar. Bularyñ arasynda lukman, aklawjy, inžener, mugallym, dizaýner, grafikaçy, harby gullukçy, polisiýa işgäri ýaly dürli kärlere eýe adamlar bar. Häzire Germaniýada haýsydyr bir döwlet edarasyna barsañyz, hökman şol ýerde işleýän bir turkey gabat gelersiñiz. Ýagny, nemes edara-kärhanalarynda diñe türkçe gürläbem işiñizi bitirip bilersiñiz. Germaniýadaky "Z neslini" emele getirýän ýaş türkler bolsa, aglabasy assimilleşen ýagdaýda. Olaryñ köpüsi ene dillerini bilenok, onuñ ýerine nemes dilinde gürleýärler. Ýaşaýyş-durmuş formasynda-da, umuman alanda nemes ýaly ýaşaýarlar. Bularyñ arasynda-da köp sanly ukyp-başarnykly adam bar. Nemes teleýaýlymlarynyñ ýaş nesilden ýüzlerçe türk işgäri bar: kimsi alyp baryjy, habarçy spiker, kimsi artist, wäşi bolup işleýär. Germaniýanyñ iñ meşhur wäşi artistleriniñ biri Kaýa Ýanar atly türk. Dürli nemes şiwelerinde atýan henekleri bilen nemes tomaşaçysyny güldürip içini gyrýan Ýanara Germaniýanyñ Jem Ýylmazy diýseñem bolar. Germaniýanyñ habarlar gepleşiginiñ iñ meşhur spikerleriniñ biri birnäçe ýyllap iñ uly döwlet telekanaly ARD-de alyp baryjy bolup işländen soñ RTL telekananalyna geçen Pynar Atalaý hem türk. Akif Pirinçji ýaly ýaşuly türk ýazyjylarynyñ ýanynda nemes kitap satuwynda hemişe birinji onluga girýän birküç sany türk ýazyjysy-da bar. Soñky döwürde öñe saýlananlaryñ biri - iñ soñky kitaby "Spiegel"-iñ bestseller sanawyna giren Kübra Gümüşaý. Şu ýylyñ başynda Germaniýada türk işçi göçüniñ altmyş ýyllygy mynasybetli efire berilen telegepleşik hem ünsümi çekipdi we juda göwnüme ýarapdy. Gepleşige gatnaşanlaryñ barsy (alyp baryjy, studiýadaky myhmanlare gepleşige wideokonferensiýa arkaly gatnaşan myhman) türkler, ýöne olaryñ hemmesi-de kyrk ýylyñ nemesi ýaly suwara nemesçe gürleýärdi. Germaniýada gazanan üstünlikleri bilen adyny tutdurmagy başaran we türk jemgyýetçiliginiñem ýakyn tanaýan Oba hojalyk ministri Jem Özdemir, alymlar Ugur Şahin, Özlem Türeji, Federal Mejlis Bundestagyñ başlygynyñ orunbasary Aýdan Özoguz ýaly ýokardaky türkler hakda-ha agzabam oturjak däl. Olary şeýle-de bilýäris. Häzirki wagtda türkler galapyn diýen ýaly aşakky gatdan çykdy, olar jemgyýetiñ orta gatlagynda, şeýle-de ýokary dyrmaşýanlarynyñ sany barha artýar. Munuñ deregine olaryñ öñki ýerini siriýaly, owganystanly, hindistanly we slawýan migrantlar aldy. Indi Germaniýadaky "gul bazarlaryny" (arzan hakynatutma günlükçileriñ durýan ýeri) we arzan işçi güýjüni bolgarlar, rumynlar, siriýalylar, owganlar emele getirýär. Germaniýada türkler jemgyýet hökmünde kem-kemden ýokary galýar, Türkiýäniñ käbir ugurlardaky gazanýan üstünlikleri-de türkleriñ at-abraýynyñ belende galmagyna uly goşant goşýar. Arada nemes teleýaýlymlarynyñ birinde "Ynanar ýaly däl, ýöne Türkiýe Golliwuddan soñ dünýä ýurtlaryna iñ köp çeper film we serial satýan ýurt" diýip söze başlanda, ýylgyranymy özünem duýman galdym. Aýratynam, Türkiýäniñ goranyş senagatyndaky ösüşleri-de günde-günaşa nemes metbugatynda agzalyp dur. Bu zatlaryñ barsy uzak ýyllaryñ dowamynda dilimizden düşürmän gelinen "Bizden adam bolmaz" sözüniñ näderejede ýerliksizdigini görkezýär. Elbetde, hemmeler Türkiýedäki adamlary halys añkasyny aşyran ykdysady we syýasy agsamalaryñ, jemgyýetçilik bölünişigiñ parhynda. Emma käbir ugurlarda ýeten sepgitlerimiz, ylymda we tehnologiýada diñe Günbataryñ ýa-da Uzak Gündogaryñ monopoliýasynda däldigimizi, dogry ýola girip dogry işleri edenimizde biziñem iş başaryp biljekdigimize güwä geçýär. Eger şeýle bolýan bolsa, geliñ onda, ähli problemalarymyzy bir ýana itip, umumy bähbidiñ töwereginde birleşeliñ. Taryhymyza, medeniýetimize, milli we magnawy gymmatlyklatymyza arkamyzy öwürmezden, ýöne hurafalardanam (bolgusyz nysaklar) daşda, akyl-paýhas, ylym-bilim we mantyk ýolunda öñe gidip, gadymky şan-şöhratly günlerimize dolanyp geleliñ. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Sişenbe, 30.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |