01:36 Germaniýa: Ýewropanyñ syrkaw adamy | |
GERMANIÝA: ÝEWROPANYÑ SYRKAW ADAMY
Publisistika
Germaniýany tanamaýanlar, has dogrusy daşdan tanaýanlar otuz ýyl öñki gören-eşiden maglumatlaryny gaýtalap ýör. Olar arman-irmän nemes dissiplinasyndan we saklygyndan söz açýar, indi bularyñ barsy möwriti geçen hasaplanýar. Öñki Germaniýanyñ ýerinde ýeller öwüsýär. Häzirkizaman Germaniýasy uly strukturalaýyn we konýunktural problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bularyñ hötdesinden gelmek üçin hiç zat edilmeýär ýa-da edilse-de netije alynmaýar. Konýunktural problemalar bilen başlasak, tehnologiýa ýaryşynda ABŞ-dan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan yza galan Germaniýada koronawirus ýokanjy bilen başlan ykdysady problemalar Ukraina uruşynyñ başlamagy bilen iki esse artyp dowam etdi. 2022-nji ýylyñ başynda orslaryñ Ukrainany okkupirläp başlamagyndan soñ uruşdan gaçýanlaryñ birinji eñek dirän ýeri Germaniýady we ýurt bir milliondan gowrak ukrainaly bosguny almaga mejbur boldy. Yrak, Siriýa, Owganystan ýaly üçünji dünýäden gelenler bilen birlikde bosgunlar meselesi baş alyp çykar ýaly bolmady. Sähralyk ýerler bilen bir hatarda ýurduñ hemme ýerinde boş bir garyş ýer galmansoñ, bosgunlar sport desgalaryna we konteýner öýlere ýerleşdirildi. Meselem, başga ýer bolmansoñ Mýunheniñ Ottobrunn raýonynda ulanylmaýan harby howa menziliniñ bir bölegine ukrainaly bosgunlar üçin konteýner syrgyny guruldy. Başga-da birnäçe şäherde we oblastda şular ýaly wagtlaýyn çözgütlere gidildi. Ýene bir mesele bar, olam soñky günlerde Germaniýada ýygy-ýygydan bolýan demonstrasiýalar we iş taşlaýyşlar. Ilki daýhanlar äpet traktorlary bilen köçelere doldy, yzyndan müñlerçe raýat Berlinde jynsparaz "AfD" partiýasyna garşy demontrasiýa geçirdi. Onuñam yzyny döwlet demirýollary, metro we howaýollary gulluklarynda işleýänleriñ geçiren iş taşlaýyşlary ýetirdi. Bu iş taşlaýyşlar we demonstrasiýalar ýene ep-esli wagta çekjege meñzeýär. ABŞ geçen ýyl 3% ösen bolsa, nemes ykdysadyýeti 0,3% pese gaçdy. Munuñ netijesinde Germaniýanyñ eksporty-da azaldy. Munuñam iñ esasy sebäbi, Germaniýanyñ informatika ýaly birnäçe ugurda Hytaýdyr ABŞ bilen bäsdeşlik edip bilmän yza galmagydyr. Meselem, nemes awtoulag senagaty Hytaýyñ garşysynda kyn günleri başdan geçirýär. Nemes awtoulag senagaty dünýä bazarlary beýlede dursun, nemes bazarynda-da Hytaý bilen deñ deprenişmekden ejiz gelýär. Meselem, nemes awtoulag läheñi "BMW" elektrikli awtoulag bazarynda hytaýly bäsdeşleri bilen bäsleşmek üçin Hytaýdaky zawodyna bil baglaýar. Ýagny, nemes kompaniýasy hytaýly bäsdeşleri bilen diñe Hytaýda awtoulag çykaryp bäsleşip bilýär. Şeýle-de, nemes firmalarynyñ öz ýurtlatyndaky önümçilik çykdaýjylary biken Hytaýa bäs gelip bilmegi mümkin däl. Germaniýanyñ barha agyrlaşyp barýan strukturalaýyn problemalary-da bar. Bularyñ biri garraşan ilat, beýlekisi bolsa könelişen we şu günüñ zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ejiz gelýän infrastruktura. Hytaýyñ, Günorta Koreýanyñ, Ýaponiýanyñ demirýollary yzly-yzlyna tizligini ýokarlandyryp duranam bolsa, nemes demirýollarynda ýygy-ýygydan bolup geçýän gijikmeler habar beriş serişdeleriniñ baş sahypasyny bezeýär. Frankfurt, Mýunhen, Ştutgart ýaly uly nemes şäherlerinde "Hauptbahnhof" diýilýän otly duralgalary gurluşyk meýdançasyny ýatladýar. Ýurtda agyr býurokratiýa höküm sürýändigi üçin infrastruktura işlere birnäçe ýyllap dowam edýär. Germaniýa gartaşan ilatyny daşardan ýokary bilimli işgär alyp çözmäge synanyşýar. Soñky ýyllarda Hindistan ýaly birnäçe ýurtdan ýüz müñlerçe ýokary bilimli işgär gelenem bolsa, saglygy goraýyş bilime, transportdan gurluşyga çenli her bir ugurda işgär ýetmezçiligi duýulýar. Gartaşan, pensiýa çykan ilatyñ sany barha artýar. Nemes jemgyýeti öz mätäçligini özi kanagatlandyrjak derejede täzelenip bilenok. Bu ýurtda hiç kimse keýpi-sapasyny gysasy gelenok we çaga ulaltmagy şahsy azatlyklary çäklendirýän artykmaç derdeser hasaplaýar. Bular ýaly maşgalalar köplenç ikitaraplaýyn maddy bähbitlere esaslanýandygy üçin sähel düşünişmezlikde gumbaýrakdan gurlan ýaly dargaýar. Bir mahallar Osmanly imperiýasyna aýdylan "Ýewropanyñ syrkaw adamy" sözi häzir Germaniýa aýdylýar. Germaniýa hakykatdanam syrkawmy, jedelli mesele. Emma syrkaw bolmasa-da mazaly gojalandygy we öñki güýjünden nam-nyşan galmandygy hakykat. Gelmişekleriñ sanynyñ artmagy bilen Germaniýanyñ jemgyýetçilik gurluşy-da üýtgeýär. 85 million ilatly Germaniýada häzir her dört adamdan biri daşary ýurtly. Bu ýurtda indi telewideniýäniñ spikerinden başlap serial artistine, ýazyjysyndan alymyna, lukmanyndan inženerine, prokuroryndan şäher häkimine çenli işleýän wezipesine añryýany bilen mynasyp migrant gelip çykyşly adamlara duş gelmek mümkin. Ýagdaý şeýle dowam etse, ýakyn wagtda kansler Şolsyñ kürsüsinde goñras tenli migrantyñ oturjagy daşda däle meñzeýär. Edil häzirki Angliýada ýa-da Şotlandiýada bolşy ýaly. Şol wagt Germaniýa hem biziñ bilýän Germaniýamyz bolmakdan çyksa gerek. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 13.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |