01:07 Germaniýada terror: "Ýakma bişersiñ, gazma düşersiñ" | |
GERMANIÝADA TERROR: "ÝAKMA BIŞERSIÑ, GAZMA DÜŞERSIÑ"
Publisistika
23-nji awgust gijesi Germaniýanyñ Zolingen şäherinde bolup geçen pyçakly terakt bütin ýurdy ýasa we gahar-gazaba gark etmek bilen birlikde bosgunlar boýunça çekişmäni-de täzeden möwjetdi. Oppozision partiýalar öñüni alyş çäresi hökmünde mundan beýläk ýurda siriýaly we owganystanly migrantlaryñ kabul edilmezligini talap etdiler. Federal hökümet heniz belli bir karara gelip bilenok, emma ýakyn wagtda migrantlar boýunça proseduralaryñ hasam kynlaşjakdygyny çaklamak kyn däl bolsa gerek. Her niçikde bolsa, görnüp duran zada pal atyp oturmagyñ geregi ýok. Bizi bu ýerde esasy gyzyklandyrýan zat - terrorçylygyñ gözbaşy we sebäbi. Gynansak-da, Germaniýa terrorçylyk babatda "maña degsinmedik ýylan müñ ýaşasyn" mantygy bilen hereket edýän ýurt. Bu çemeleşmäniñ ýalñyşdygy birnäçe gezek subut bolandygyna garamazdan, Germaniýa bu ýaramaz gylygyny hiç mahalam gözden geçirme ýa düzetme zerurlygyny duýmady. Şeýdibem şu günlere gelindi. Ýadyñyza salyñ, PKK terrorynyñ ýetjek derejesine ýeten togsanynjy ýyllarynda Türkiýäniñ terrorçylykly toparynyñ Germaniýadaky işleri boýunça arz-şikaýatlary ençeme ýyllap diñlemän gelen Berlin PKK simpatizanlarynyñ nemes köçelerini jeñ meýdanyna öwürmeginden soñ herekete geçipdi. Nemes polisiýasynyñ PKK tarapdarlygyny edýän guramalaryñ üstüne dökülmegi bilen terrorçylykly işler kesilipdi. Şondan soñ Germaniýa-da, Türkiýe-de rahat demini alypdy. Germaniýa terrorçylygyñ bir ujy özüne galtaşandan soñ degişli işleri geçirip başlaýan ýurt. Emma bu kemter çemeleşme wagtal-wagtal Germaniýany gaty erbet awundyrýar. Anna güni bolup geçen terakt hem munuñ bir netijesi boldy. Galyberse-de; Germaniýa Gazadaky genosidi başyndan bäri doly goldaýar. Üstesine bu diñe söz üsti bilenem goldanmaýar, tersine, ýarag, ok-däri we beýleki zerur gerek-ýarak kömegini-de öz içine alýar. Şonuñ üçinem Gazada öldürilen her bir raýatdan, bombalar bilen parçalanan terrorçylykly jöhit döwleti bilen deñ derejede Germaniýa hem jogapkär. Ýönekeý bir jenaýat edilende, jenaýatkär bilen deñ derejede ony bu jenaýara iterenem günäkär hasaplanýar. Gazada edilen jenaýatlar sözüñ doly manysynda gyrgynçylyk. Gyrgynçylyk hem umumyadamzat jenaýatydyr. Kansler Şolsdan ÝB-niñ Komissiýasynyñ başlygy Ursula fon der Leýene çenli ähli nemes ýolbaşçylary we syýasatçylary başyndan bäri Ysraýylyñ tarapynda durdular we genosidi maddy-magnawy taýdan goldadylar. Germaniýanyñ bolşy bu ýurtda ýaşaýan millionlarça musulmany kalbynyñ töründen ýaralaýşy ýaly, çäksiz gahar-gazabyñ döremegine-de getirdi. Ýüreklerde joş urýan gahar-gazap hem soñky teraktda bolşy ýaly wagtal-wagtal praktikada özüni görkezdi. Elbetde, bu ýagdaý siriýaly migrantyñ eden bozgaklygyny hiç bir ýagdaýda aklap bilmez. Terroryñ islendik görnüşi erbetdir, ýalñyşdyr we ýazgarylmaga degişlidir. Emma siz ýurt we döwlet hökmünde terrory başgalara garşy goldasañyz, günleriñ bir güni ol terror siziñ özüñize-de topulyp biler. Edil Bin Ladiniñ "11-nji sentýabr" teraktlarynda öñki hojaýyny we howandary ABŞ-ny urşy ýaly. Berlindäki syýasatçylaryñ ýatdan çykarmaly däl zady şu: Germaniýa indi migrantlar ýurdy we köçeden geçip barýan her 3-4 germaniýalydan biriniñ asly migrant. Diýmek, nemes syýasatçylary syýasat satanlarynda ýurtda ýaşaýan beýleki etniki azlyklaryñ, aýratynam musulmanlaryñ üns berýän zatlaryny gözden salmazlyga mejbur bolarlar. Germaniýanyñ Ysraýyla berýän çäklendirilmedik goldawy bu ýurtda ýaşaýan millionlarça adamy gynandyrýar. Bu ýurtdaky musulman azlygyñ garaşýan tamasy we talaby şu: Germaniýa kimiñ näme edýändigine garamazdan dogra dogry, egrä egri diýmeli we elmydama hak-hukugyñ, adalatyñ tarapynda ýer almaly. Germaniýa gelişýäni-de şeýtmek. Emma Germaniýa munuñ doly tersine hereket edýär. Ysraýylyñ edýän her jenaýatynda, genosidinde ýa-da Gaza wakasynda bolşy ýaly aç-açan goldaýar ýa-da ABŞ-nyñ Yraga çozanda bolşy ýaly sesini çykarmaýar. Muña garamazdan dünýäniñ beýleki ýerlerindäki her dürli ýalñyşlygy göni ýazgarýar, tankyt edýär. Nemes mediýasy-da hor bolup biragyzdan Russiýanyñ ukrain şäherlerini bombalap, raýatlary öldürmegine jenaýat-genosid hökmünde garap durka, Ysraýylyñ Gazadaky eneleriñ we çagajyklaryñ üstünde bomba ýagdyrmagyna öz-özüni goramak hasap edýär. Germaniýanyñ öz ýurdunda-da äsgerilip barylmaýan we ýañsylanyp ýörlen Daşary işler ministri Annalena Barboga çenli Eýran meselesi orta atylanda birdenkä bürgüde öwrülýär we eýran hökümetine Tähran Ysraýyla garşy jogap urgusyny berse eýgilige garaşmaly däldigini duýdurýar. Emma Ysraýyl "Hamasyñ" başlygyny Tähranda aç-açan terrorçylykly akt bilen öldürende Barbokdan ses çykmaýar. Şular ýaly ikiýüzli çemeleşmeler tebigy taýdan nägilelik döredýär. "11-nji sentýabr'' ýaly uly teraktlary amala aşyran musulmanlaryñ hemmesi Günbatardan çykan. Ýagny Günbatarda bilim alyp, ençeme ýyllap şol ýerde ýaşan adamlar. Germaniýa bir ýandan migrantlardan, aýratynam musulman migrantlardan arzan işçi hökmünde peýdalanyp ýörkä olaryñ duýgusyz robotlar ýaly hereket etmegine garaşmasyn, muña olaryñ haky-da ýok. Musulman etniki azlygy ynjydýan her bir pozisiýa, her bir syýasat nägilelik döredýär. Diýmek, Berlin içerki we daşarky syýasy ugurlaryny işläp düzende, täze raýatlarynyñ tamalaryny, talaplaryny we üns berýän zatlaryny gözden salmajak bolmaly. Ýogsam bolmasa, Ýakyn Gündogary ýakyp-gowuran oduñ uçgunlary aram-aram Germaniýanyñ janyny awundyryp durar. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Sişenbe, 27.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |