21:18 Gezek Türkiýedemi? | |
GEZEK TÜRKIÝEDEMI?
Publisistika
Müsür, Saud Arabystany, Eýran, Türkiýe - yslam dünýäsiniñ başyny çekiji ýurtlar. Bularyñ Türkiýeden başgasy edil häzir Günbataryñ garşysynda iki elini galdyryp duran ýagdaýa geldi. Müsür we Pars aýlagynyñ arap ýurtlary şonsuzam Ysraýyldan gorkunjyna seslerini çykaryp bilenok, şeýle bolmasa on aý bäri guk ýanlarynda dowam edip duran genosidiñ garşysynda lal-güñ ýagdaýa düşmezdiler, häzirki boluşlary bilen olaryñ haýsy tarapa işleýändikleri belli däl. Sesini çykarjak bolýan Eýranam şobada bombalanyp, ýolbaşçylarydyr ýokary wezipeli serkerdeleri we diplomatlary öldürilip, gözüniñ ody alynýar. Ysraýyl on aý bäri Gazada dowam etdirip gelýän gandöküşikli gyrgynçylygyny az görýän ýaly indem Liwany, Siriýany, Yragy, iñ soñky gezegem Eýrany bombalap, göýä iki milliard adamlyk yslam dünýäsine "nemesini" çykarýar. Ysraýylyñ boýunbagyny elinde saklaýan Günbatar bolsa, guduz açan jöhit itini duruzmagyñ ýerine hüjüme uçdan musulman ýurtlaryna, "garşylyk berseñiz eýgilige garaşmañ" diýip duýduryş berýär. Has dogrusy, duýdurmak bilenem çäklenmän, sebite söweşjeñ gämileri we istrebitelleri goýberip, hemmelere haýbat atýar. Türkiýe we beýleki birküç musulman ýurduñ näçe aý bäri dowam etdirip gelýän diplomatiki tagallalary netije berip gidiberenok. Netije berjek ýaly bolýaram welin, Ysraýylyñ duýdansyz çozuşlary bilen ýaraşyga gönükdirilen ähli tagallalary we umytlary puja çykýar. Ysraýylyñ niýeti gandöküşikli gyrgynçylyklaryny eýdip-beýdip uzaga çekdirip ýerlerini giñeltmek. Netanýahunyñ maksady Gazada uruş gutaranda hasam çäklerini ulaldan Ysraýyl görmek. Günbataram diplomatiki tagallalary we iki döwletli formulany göräýmäge goldansyran ýaly bolsa-da, ýeñ astyndan Ysraýylyñ çäklerini giñeltme maksatnamasyny maddy we magnawy taýdan goldaýar. Arap dünýäsi, aýratynam Pars aýlagynyñ baý arap ýurtlary Günbataryñ garşysynda bireýýäm iki elini galdyrdy. Emma Ýakyn Gündogarda Günbataryñ öñünde iki päsgelçilik galypdy. Bularyñ biri Eýrandy. Goly-ganaty döwlen Eýran häzir özünem gorap bilmejek ýagdaýa düşdi. Başgaça aýdanda Eýranyñ gaýtawul bermäge ýagdaýy ýok. Bärde diñe gaýtawul berip biljek bir ýurt galýar, olam - Türkiýe. Türkiýäniñ ýagdaýy täsin. Günbatar ýaranlygynyñ düzümine girýän ýeke-täk musulman ýurdy bolan Türkiýe üçin edil häzirki iñ uly howp ýene Günbataryñ özi. Göräýmäge iki ýaran ýaly bolup oturan taraplar aslynda biri-birleri bilen ganda-pyçak we aýry-aýry ussat küştçi ýaly biri-birini hürsekleýär we soñky etjek göçümini hasaplaýar. Şeýleräk oýun oýnalýar: Günbatar Türkiýä garşy däl ýaly görnüp, onuñ aýagyna badak atmaga synanyşýar, şol sanda Ankara hem Waşingtonyñ atýan her fintini inçe manýowlar bilen başyndan sowup göz öñünde tutan maksadyna ýetjek bolýar. 2016-njy ýyldaky döwlet agdarlyşygyna edilen synanyşyk Türkiýäniñ akyllylyk bilen başyndan sowan fintleriniñ biridi. Günbataryñ Türkiýe üçin taýýarlan başga bir duzagy ýa-da päsgelçiligi bolsa ABŞ-nyñ Demirgazyk Siriýada separatistik kürt bandalaryna gujak açmagy boldy. Türkiýe hem muña Siriýada öz zonasyny döretmek bilen jogap berdi. Iki tarapam biri-birini büdretjek amatly pursata garaşýar. Türkiýäniñ birinji etmeli zady - Siriýa režimi we onuñ arkasynda durýan Russiýa bilen dil tapyşyp haýal etmän ABŞ-ny Siriýanyñ territoriýasyndan çykarmaly. Ankara muny oñaryp bilse, hem-ä Ysraýylyñ çäklerini giñeltme maksatnamasynyñ öñüni bentlär, hemem orta we uzak wagtlaýyn öz ýurdunyñ territorial bitewiligine howp salýan uly bela-beteri has ulalmanka aradan aýrar. Şeýle-de, Türkiýe Eýran, Müsür, Saud Arabystany, Pars aýlagynyñ arap ýurtlary bilen duşuşyp, Ysraýylyñ mundan soñky hüjümleriniñ öñüni almak üçin umumy ylalaşyga gelmegiñ ýoluny gözlemeli. Munuñ üçin bu ýurtlar kontrrazwedka hyzmatdaşlygyny gurap Liwandyr Siriýa ýaly ýurtlara harby-howa goldawyny bermeli. Şeýle bir sistemany ýola goýmaly welin, Ysraýylyñ uçarlary Liwanyñ, Siriýanyñ ýa-da Yragyñ howa çäklerine giren badyna ýoguna ýanylmaly. Edil şolar ýaly bu ýurtlar Ysraýyla garşy aktow kontrrazwedka urşuny-da alyp baryp bilerler, olar munuñ üçin düzümlerindäki Mossad jansyzlaryny arassalamak üçin öz aralarynda hyzmatdaşlyk etmeli. Ady agzalan ýurtlar şeýle hyzmatdaşlygy ýola goýmadyk ýagdaýlarynda "sürüden yza galany möjek gapar" diýlişi ýaly ýeke-ýekeden daşardan we içerden çökerdiler. Şonsuzam häzir şeýle bolup dur. Eýlesinden-beýlesinden dişlenip, hürseklenip güýçden gaçyrylan Eýranyñ indiki ediljek urga döz geler ýaly ýagdaýy ýok. ABŞ-Ysraýyl bandasynyñ täze hüjümi Eýrany dargamanyñ bäriýanyna getirip biler. Eýran bir gapdala aganda bolsa, gezek tebigy ýagdaýda Türkiýä geler. Günbataryñ hažyk-hužyklaryna aldanman, sebitdäki musulman ýurtlar haýal etmän Ysraýyla we Günbatara garşy öz aralaeynda hyzmatdaşlyk etmegiñ we bilelikde hereket etmegiñ ýollaryny gözlemeli. Haýsydyr bir hadysa ýüze çykan wagty bütin Günbataryñ Ysraýylyñ arkasynda durşy ýaly, Liwana, Siriýa ýa-da Eýrana hüjüm edilende-de beýleki yslam ýurtlaryndan batly ses çykmalydyr. Ýogsam bolmasa halymyz perişan. Ýagdaý şeýle dowam etjek bolsa, soñ müñ kere puşman etsegem peýdasy bolmaz. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Sişenbe, 13.08.2024 ý. *Bu makalada gozgalan pikirler awtoryñ özüne degişli we munuñ terjimeçä-de, çap edilýän saýtyna-da dahyllylygy ýokdur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |