20:39 Gitmek was-wasy | |
GITMEK WAS-WASY
Goşgular
![]() Her kim bir ýere gitmekçi. Goş-golam düwülgi, eýýämhaçandan. Bir salym durjak däl, Gaçýan ýaly ajaldan. Ýollar... Duralgalar... Wokzal, Aeroport... Mähellä gark bolan añk-tañk giñişlik. Adamlaryñ alaçsyzlygyn synla! Ýatladýar bäbegiñ dünýä inişin... Adamlara haýran galýan. Hem düşünjek bolýan. Ynanaý halys. Güzeranyñ çarhy aýlanyp çar yan, Haýsy yklymlardan çykarar sizi?! Ynha, barýar ibirt-zibirt mähelle, Sen özüñ nä diýýän. Tüket, eý asy! Bu bolşumyz kyýamatdan nyşanmy, Ýa Haşyr gününiñ repetisýasy?! Sylapberdi MUHAMOW. 22.01.23. Moskwa. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |