13:12 Goç ogluñ deregine gara goç... | |
GURBAN BERILMELI OGLUÑ DEREGINE IBERILEN GARA GOÇ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
"Atasy... Ybraýym Halylga maslahat berip, Ysmaýyl jan bir söz diýdi: Janym atam, gurban çalar bolsañyz, Bu işlerniñ baryn berjaý jaýlagyn. Şeýtan güler, göwne gorky salsañyz, Güldürmegin, onuñ bagryn daglagyn. Güler ýüzüñ hergiz şikest tapmasyn, Şemli çyragyñy tozan tutmasyn, Jan howluma dyzanymda sypmasyn, Gol aýagym mäkäm güýlüp baglagyn... Ysmaýyl jan sözüni tamam edip, takdyra ten berip, Hudaýy ýat edip, çukuryñ gyrasyna baryp ýatdy. Ybraýym Halyl gapdaldaky dört-bäş boý ýüpi alyp, Ysmaýyl janyñ el-aýagyny mäkäm güýldi. Soñra ak saply pyçagy alyp, Ysmaýyl janyñ arka tarapynda çök düşdi. Ybraýym Halyl ak saply pyçagy ýokary göterdi. Ol Ysmaýyl janyñ aýdyşy ýaly, çep eli bilen oglunyñ kellesini tutup, ýüzüni añyrrak edip, "Bissimilla" diýip, pyçagy ýokary göterdi weli, gapdalda duran Ysmaýyl janyñ enesi Bibihajarda gurbat galmansoñ, aşak otyryberdi. Ybraýym Halyl "Bissimilla" diýip, Ysmaýyl janyñ bokurdagyna pyçagy dartdy. Pyçak, göýä, buzuñ üstünde ýüzen ýaly, taýyp-taýyp gaýdyberdi. Ybraýym Halyl "Gan şowlap gidendir-ow" diýip pikir etdi. Görse, ak saply pyçak yzam etmändir..." "Ybraýym Halyl" türkmen halk dessanyndan (Aşgabat, "Türkmenistan" neşirýaty, 1993). "Ybraýym Halyl" dessanynda beýan edilişine görä, Halylulla beýik Tañrynyñ buýrugyna laýyklykda ogluny gurban bermekçi bolup, pyçagy onuñ bokurdagyna näçe süýkese-de, aksaply Ysmaýyl janyñ bokurdagyny kesmändir. Şol barmana-da asmandan: "Eý, Ybraýym Halyl, saklan! Senuñ kesjek gurbanyñ ynha bärden barýar. Huda seni ýalkady, dilegleriñ baryny hem-de gurbanlaryñy kabul kyldy. Ogluñy kesme-de, bärden barýany kes" diýip, owaz gelipdir. Şeýlelikde-de, Ybraýym pygamber ogluny däl-de, asmandan inen goçy öldürip, gurban beripdir. Elbetde, Ybraýym Halylullaga üç zadyñ - sahyp jemallygyñ (örän owadanlygyñ, syratlylygyñ), uly baýlygyñ, şonuñ ýaly-da pygamberlik derejesiniñ berlendigi, onuñ ogluny gurban bermegi buýurmak bilen bolsa, ony Allatagalanyñ synamak isländigi barada meşhur dessançy, merhum Gurt Ýakup aýdar eken. Umumanam, haýsydyr bir maly ýa-da baýlygyñdan parçany saglyk, rowaçlyk ýa-da uruşda duşman goşunlaryndan ýeñilmezlik üçin gurban eýlemek türki halklarda örän gadym wagtlarda-da bolupdyr. Atalarymyz, esasan, başa injek beladan aman sypmak üçin haýsydyr bir malyny gurban bermeli bolupdyr. Olaryñ panydan bakyýa göçe-göç eýlän ýakynlarynyñ hatyrasyna mal öldüren, haýsydyr bir zadyny gurban beren gezeklerem az bolmandyr. Atalarymyzyñ bu ajaýyp däbini bolsa, ýurdumyzyñ öz Garaşsyzlygyny dünýä jar etmegi bilen dikeltmek başartdy. Saparmyrat Türkmenbaşy bu barada şeýle diýýär: "Biz ata-babalarymyzyñ asyrlaryñ dowamynda döreden ähli däplerine hormat goýýarys. Kimiñ geçmişi ýok bolsa, onuñ geljegi hem bolmaz". Halyk JUMAT, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |