08:28 Žurnalistiň ýolunyň beýany | |
ŽURNALIST ÝOLUNYŇ BEÝANY
Publisistika
Görnükli ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow žurnalistlik senedi bilen yzygiderli meşgullanýan kişi. Onuň ilkinji çaklaňja habarlary şol döwürde neşir edilen «Watançy», «Pagtaçy» etrap, «Lenin ýoly» welaýat gazetlerinde, «Mydam taýýar», «Pioner» çagalar neşirlerinde mekdebiň 4-nji, 5-nji synplarynda okaýan döwürleri çap bolup başlaýar. Soňra ýaş habarçynyň oba adamlarynyň janypkeşlikli zähmetleri, çagalaryň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly geçirişleri, Amyderýa boýlarynyň täsin tebigatynyň goralyp, aýawly saklanyşy, öz obalarynyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler baradaky habarlarydyr makalalary şol wagtky «Ýaş kommunist», «Sowet Türkmenistany» ýaly merkezi gazetlerde yzygiderli çap edilýär. Hemra Şirowyň terjimehaly barada gysgaça durup geçsek, ol 1950-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Şir Weli öz döwrüniň sowatly adamy bolup, ol Beýik Watançylyk urşuna başdan-aýak gatnaşýar. Aragatnaşyk rotasyna serkerdelik edip, kapitan çininde uruşdan dolanyp gelýär. Öz döwründe «Halk magaryfynyň otliçnigi» diýen belent ada mynasyp bolan mugallym oglunyň çeper döredijilige höweslidigine düşünip, nirä gitse, oňa täze kitaplary getirip berýär. Kakasynyň gowy göreldesi H.Şirowyň döredijilik dünýäsine barha çuňňur aralaşmagyna goltgy bolýar. Netijede, ol 1967-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetde okaýan ýyllary hem döwürleýin gazet-žurnallarda yzygiderli çykyş edip durýar. Uniwersitetiň 4-nji ýylynda okaýan döwri, okuwynyň ýanyndan «Sowet Türkmenistany» gazetiniň hatlar bölüminde işläp başlaýar. Ol işdekä M.Badaýew, K.Berdiýew, M.Orusow, B.Mämmedow, K.Mommyýew, D.Esenow, D.Hajymyradow ýaly halypa žurnalistler bilen ýakyndan tanşyp, olardan žurnalistlik işiniň inçe tärlerini öwrenýär. 1972-nji ýylda ony «Ýaş kommunist» gazetine işe çagyrýarlar. Arasynda Russiýanyň Kamçatka ýarym adasynda iki ýyl harby gullukda bolmak bilen, ol tä 1981-nji ýyla çenli bu gazetiň dürli bölümlerinde işleýär. Harby gullukda döwründe hem «Günüň dogýan ýerine syýahat», «Wulkanlar ülkesinde» ýaly makalalary ýazyp, gazete ýollaýar, olar okyjylara ýetirilýär. Bu makalalar wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. «Ýaş kommunist» gazetinde işleýän döwri H.Şirow durmuşyň dürli ugurlary: zähmet we uruş gahrymanlary, sungat ussatlarydyr senetkärler, alymlar, nebit-gaz işgärleri, ýangyn söndürijiler baradaky makaladyr oçerkleri bilen işjeň çykyş edýär. Ýurdumyzyň meşhur adamlary: Sosialistik Zähmetiň Gahrymanlary Aýsoltan Garjaýewa, Eset Hemraýew, Hüdük Myradow, Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Gurban Durdy, Berdimyrat Döwletjanow, Iwan Bogdanow, «Şükür bagşy» filminde Şükür bagşynyň keşbini döreden Aman Handurdyýew, meşhur göz lukmany Narzy Nurmämmedow, alym lukman Ahmet Gaýyrow, sungat ussatlary K.Aşyrow, G.Aşyrowa, D.Oraýew, kompozitorlar R.Rejebow, Ç.Nurymow, meşhur aýdymçylar A.Ilamanow, A.Garýagdyýew, G.Hojagulyýew, kinorežissýorlar A.Garlyýew, Ş.Annamyradow, B.Abdyllaýew, multiplikator M.Ataýew, kaskadýor R.Gulnyýazow, suratkeşler T.Tugurow, A.Almämmedow, K.Nurmyradow, heýkeltaraş M.Öwezow, belli zergär G.Ataýew bilen eden söhbetdeşlikleri, olar baradaky oçerkleridir makalalary yzygiderli çap bolýar. Şol döwürde «Sowet Türkmenistany», «Ýaş kommunist» gazetlerinde, «Sowet edebiýaty» we «Pioner» žurnallarynda işläp, žurnalistik käriniň inçeliklerini öwrenen H.Şirow «Siziň üçin duşuşyk» atly rubrikada görnükli ýazyjy-şahyrlar Hydyr Derýaýew, Beki Seýtäkow, Annaberdi Agabaýew bilen täsirli söhbetdeşlikleri gurap, okyjylara ýetirýär. Berdi Kerbabaýew barada «Berdi agany gördüm», Beki Seýtäkow barada «Ýazyjy dynç almaýar», Hydyr Derýaýew barada «Ykbaly» ýazanyň ykbaly», Rehmet Seýidow barada «Ömrüň manysy» publisistik oçerkleri ýazyp, döwürleýin gazet-žurnallarda çap etdirdi. Soňky ýyllarda Hemra Şirow «Döredijilik dünýäsiniň käbir syrlary» atly çeper-publisistik makalalar toplumyny ýazdy. Olar «Garagum» žurnalynyň 2017 — 2020-nji ýyllarda çykan sanlarynda yzygiderli çap boldy. Bu göwrümli işinde ol çeper edebiýatyň meseleleri bilen birlikde žurnalistlik senedi, onuň dil özboluşlylygy, zähmet adamynyň waspy, ene topraga sarpa, ýaş nesliň terbiýesi, kitaba söýgi ýaly wajyp temalary žurnalistika dahylly žanrlarda beýan etmegiň tärleri hem-de žurnalistikanyň jogapkärli senetdigi barada giňden durup geçýär. Söze sarpa goýýan halypa: «Ýazyjylyk senediniň eserleri ýaly, žurnalistik eserler-de akgynly dilde, örän gyzykly ýazylmalydyr. Olar hem uzak ýyllar ýatda galyjy bolmalydyr, adamzat durmuşynyň has-da nuranalaşmagyna täsirini ýetirmelidir» diýip, ýaşlara öwüt berýär. Ol dürli ýyllarda geçen žurnalistlik senedine degişli bäsleşiklere gatnaşyp, birnäçe gezek ýeňiji bolýar. Şeýle bäsleşiklerde onuň ýangyn söndürijileriň durmuşyndan ýazan «Ody ýeňýän adam» oçerki 1978-nji ýylda 1-nji baýrakly orna mynasyp bolýar. Şatlyk gaz käninden ýazan «Mawy altynyň ýalkymy» oçerki bäsleşikde ýeňiji bolýar. H.Şirow ýaş žurnalistler bilen ýygy-ýygydan duşuşyklarda bolup, žurnalistlik senedi, bu hünäriň özboluşly taraplary barada öz döredijilik tejribesine esaslanyp gürrüň berýär. Hemra Şirowyň «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň «Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalyna on ýyldan gowrak (1996 — 2006) baş redaktorlyk edendigi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň režissýorlyk we teatry öwreniş kafedrasynda mugallym bolup işlände hem (2008 — 2014) beýleki dersler bilen birlikde «Daşary ýurt žurnalistikasy», «Žurnalistikanyň teoriýasy» ýaly derslerden sapak berenligi-de, onuň döredijiliginiň we işiniň gönüden-göni žurnalistika bilen bagly bolandygyny aňladýar. © Abdylhalyk JUMADOW, žurnalist. Çeşmesi: “Edebiýat we sungat" gazeti, 09.09.2022 ýyldaky sany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |