03:03 Goja oýlanýar | |
GOJA OÝLANÝAR
Goşgular
Suratyny alyp köne hramyň, Daglaryň üstünden syryldy duman. Içinde ýatan dek, haşamly jamyň, Güne owsun atýar, durna göz Sewan. Alysda dumanly daglar görünýär, Guşlar dury suwda kakýar heşelle. Ukusyz adam dek, bulut gerinýär, Köne ýyl öwrümde, bu-da kyrk çille. Ybadathanada ýüz ýaşly goja, Ararat dagyna intizar bakýar. Dodaklary tebsireýär çalaja, Kim bilýär, kalbynda nämeler gopýar. Salyhatly goja oturdy synym, Çaýkanyp ýatyrdy buýsançly Sewan. «Görýärmiň hol, dagy?», dyglady, inim, Ararat has golaý geldi şo zaman. | |
|
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |