01:20 Göktükmen söýgüsi -20/ romanyñ dowamy | |
ON ÝEDINJI BOÝ
Taryhy proza
«BIR GÖZELIŇ GÖWNÜNI AWLAP BILMEDIKDEN ERKEK BOLMAZ!» Döwbasanyň açlygynyň dördünji güni başlandy. Mydama göwün küýsän zadyny iýip-içip ýören Döwbasana aç oturmagyň, hiç ýere gitmän oturmagyň özem görgüdi, onuň horlanandygy ýüzünden açyk duýulýardy. Gözleri içine çöküpdir, ýüzleriniň eti çekilişip, ýygyrtlary artypdyr. Açlykdan ýaňa gözüne uky gelmedi. Asmandaky ýyldyzlara meňzeş ýyldyzlar göz atuwynda uçganaklady. Ahyryl-ahyr jahan ýagtylyp ugrady. Häzir Aýşöhle oýanar, ol ilki enesiniň ýanyna baryp tagzym eder, soň babasyna baryp tagzym eder. Akgyzlar eýýäm aýak üstünde. Olaryň birisi Döwbasana bakan seretdi. Soňam ylgap baryp joralaryna habar berdi: — Döwbasan-a entegem ölmändir, otyr. — Hiç zat iýmän otursa, bu gün öler ol. — Wah, meni biri şeýdip ezizlesedi, soň ölsemem armanym ýok. — Wiý, Aýsuluwyň diýýänini. Bir erkek şeýdip ezizlänsoň ölmeli däl-de, ýaşmaly. Şol ezizlän erkegiň guly bolmaly. — Men şeýle erkegiň çorusy bolmaga-da taýýar... Aýşöhle üçekden düşüp, howla çykdy. Döwbasan onuň özüne seredýändigini duýsa-da, duýmazlyga saldy: — Entegem otyrmy?... Döwbasan üç günläp oturyp bir täsinligiň üstünden bardy. Ol bu ýerde oturan birinji, ikinji günleri howluda edilýän gürrüňleri beýle açyk eşidip bilmeýärdi. Ýöne ol howludaky gürrüňleri düýn ertir kemsiz eşitdi. Bu gün bolsa bolýan gürrüňleri düýnküsindenem oraşan eşitdi. Adam aç bolsa, gulagynyň eşitgirligi artjak eken. Adamyň bir synasy gowşasa, beýleki synasy gowulaşyp ugraýar eken. Birmahal ýyrtyjy haýwanlaryň, diňe olaryň däl, garynjalaryň hem bir menzil uzakdaky hemralaryna islendik habaryny ýetirip bilýändigi hakdaky gürrüňi eşidip, dogrusy, ynanmandy. Ýöne öz eşitgirliginiň artandygyny duýup, haýwanlaryň eşitgirlik ukyby baradaky aýdylýanlaryň hakdygyna göz ýetirdi. Göräýmäge, Döwbasanyň oturan ýerinden Sibir begiň howlusyndaky mesawy gürrüňleri eşider ýaly däl, çünki aralyk iki ýüz-üç ýüz zirag çemesi bar. Aralyk edilýän mesawy gürrüň eşidilerden daş bolanoň, howludakylar gaty arkaýyn gürleýärdiler. Döwbasan galkyjaklady. Ol maksadyna ýakynlapdy. Muny ol Aýşöhläniň: «Entegem otyrmy?!» diýen sözlerinden bilýärdi. Göktaňry erkek kişileriň ýüregini daşdan, zenanlaryň ýüregini ýaz suwundan ýasapdyr. Şonuň üçinem çynyňy edeňde zananlaryň ýüregini awlap bolýar, erkekleriňkini welin, aňsat-aňsat eredäýmersiň. Çünki daş eremeýär. Zenanlaryň ýüregi bägül deýin näzik. Ol ýürek horlanýan adamy görse, süňňüni saklap bilmeýär, nebsi agyrýar, erkek kişi welin, muňa hezil edýär. Döwbasanyň babasy Kutly Allak: «Bir gözeliň göwnüni awlap bilmedikden erkek bolmaz!» diýmegi halardy. Döwbasanyň özem şu pikiriň teşnesidi. Ol aýallary hem aglatmakdan, hem güldürmekden lezzet alýardy. Mesde oýun köp bolýar. Döwbasanda-da oýun-hokga köpdi… Alawçy1 bir topbak köz getirdi. Gapdalda üýşürilip goýlan odunlardan ot ýakdy. Tomusda çoýunmak üçin ot ýakmagyň zerurlygy ýokdy. Ýöne bu ot çoýunmak üçin däldi. Döwbasan Güne tagzym etmek üçin suwuň boýuna gitmeýärdi. Şonuň üçinem oturan ýerinden Güne — oda salam berýärdi, tagzym edýärdi. Ol butnaman oturşyna alawçynyň ot ýakyşyny synlady. Gulam küýzede suw getirdi. Döwbasan küýzeden el-ýüzüni ýuwdy. Galan suwam depesinden goýberdi. Zenan bedeni deýin jana ýakymly suw Döwbasanyň hoşuna geldi. Hananlylar suwa bakan salama ugradylar. Sibir beg öýdäkilerine, çawuşlaryna, akgyzlara baş bolup güzere ugrady. Soňky günler Sibir beg nirä gitse, çawuşlaryny ýanyndan aýyrmazdy. Özem ol çawuşlarynyň sanyny otuz bäşe ýetiripdi. Onuň çawuşlarynyň sanyny köpeltmegi tylla böri sebäplidi. Tylla böri yhlas bilen Sibir begi yzarlaýardy. Şol gezekdäki garpyşykdan soň Sibir beg tas bir aýdan özüne gelipdi. Sibiriň çawuşlary tylla börini öldürmek üçin, gör, nämeleri etmediler. Tylla böri ähli awçylary aňňalak gapdyrýar, garaşylmadyk ýerden zompa çykyp, gorky-ürküsiz göni Sibir begiň üstüne okdurylýar. Ýene şeýle boldy. Tylla böri Döwbasanyň üstünden towsup geçip, Sibir bege bakan okduryldy. Turdy bir goh, turdy bir şowhun. Çawuşlar Sibir begiň öňünde galkan bolmaga ýetişdiler. Tylla böri ýetişip bilmedigine ahmyr edýän ýaly, süýükdirip uwlady-da, Döwbasanyň deňinden geçip zut gitdi. Alawhananyň aňyrsynda gözden ýitdi. Sibir beg çawuşlary bilen tylla böriniň nädip gelendigini, nädip topulandygyny öz aralarynda aýdyşyp esli salym durdular, soňam Güne salam bermäge güzere sary ugradylar. Tylla böriniň öz üstünden böküp geçmesini Döwbasan akylyna sygdyryp bilmän otyrdy, Sibir begiň hem muňa geň galandygyna berk ynanýardy. Olar Döwbasany görmeýän ýalydylar. Ýöne Döwbasan deňinden geçip barýanlaryň ählijesiniň özüne seretjekdigini we seredendiklerini bilýärdi. Şonuň üçin hem onuň özi hiç kime seretmedi, ol otdan nazaryny aýyrman, doňan ýaly bolup otyrdy. Asyl, Döwbasanyň başga ýana seredesem gelenokdy, onuň üçin otdan gözüni aýyrman oturmakdan lezzetli zat ýokdy. Ot onuň endamyna Göktaňrynyň mähiri, giňligi bolup ornaýardy. Kalbyna giňlik aralaşyp, geçen ömür ýoly göz atuwynda janlanýardy. Döwbasan oduň giňlik berýändigi, rahatlandyrýandygy hakda eşidipdi. Eşiden sözleriniň hakdygyna ol öňem telim ýola ot başynda oturyp göz ýetiripdi. Ýöne ol geçen üç günüň içinde ot bilen has ysnyşdy. «Meniň ýitirýän zadym ýok!..» diýip, Döwbasan öwran-öwran gaýtalaýardy. — Ýaşajak ýaşymy ýaşadym, durmuşyň lezzetini aldym. Mundan aňyrda garrylyk bar». Garrylykda hiç zada ýaraman yh-çohlap ýörmekden Döwbasan nep görmeýärdi. Her ýaşyň öz lezzeti bar. Dünýäniň lezzeti ýaşlykda — aýakda, orta ýaşda — bilde, garrylykda dilde bolýan eken. Mundan aňyrda nähili gowulygyň bardygy hakda oýlananda Döwbasanyň lapy keç bolýardy. «Iň gowusy, owadan ölen ýagşy» diýip, Döwbasan içini gepledýärdi. Onuň egsilmejek baýlygy bar. Hökümini ýöredip bilýän begligi bar. Ýöne saglygy ýok. Öňki awuny alyp bilenok. Böri awdan galanda ýeke ýere çykyp dünýäden hoşlaşýar. Börüde mertlik bar. Böriniň maslygyny gören ýokdur. «Bu gün ýaşlykdaky ýaly gaýrat ýok. Rast şol öňki gaýrat ýokmy, mertlik bilen ölen ýagşy. Owadan ölmeli. Meni adamlar ýatlarlar. «Aşyk bolan garry göhert» diýerler. Goý diýsinler!». Bu dünýä geleniňi ile bildirmeli ahyryn. Ähli kişi ýaly ýaşap geçesiň gelenok. Şalaryň ady galýar. Näme üçin Döwbasanyň ady galmaly däl?! Hälki akgyzyň: «Wah, meni biri şeýdip ezizlesedi, soň ölsem armanym ýok. Men şeýle erkegiň çorusy bolmaga-da taýýar...» diýenini eşitdiň-ä. Men aşyk bolup ölenimden soň, hälki akgyz ýaly gözeller meni ýatlarlar. Eý, Göktaňry, meniň janymy al. Meni ýalka! Maňa at-şöhrat ber. Goý, men adamlaryň arasynda hak aşyk hökmünde ýatlanaýyn. Goý, meni hormatlasynlar. Onsoň meniň oturan ýerime zyýarat ederler. Goý, meni şu outran hem öljek ýerimde jaýlasynlar. Onsoň adamlar uzak-uzak ýerlerden zyýarata gelerler. Bezirgenler-ä gelmez. Olar üçin diňe bir ölçeg bar: ol hem haryt, baýlyk, her edip, hesip edip almaly. Ýogsa-da, meniň mazaryma zyýarata gelýän ýaş juwanlar, ykballary keç gelen kişiler meni, meniň mazarymy nähili atlandyrarkalar? «Döwbasan aşygyň mazary» «Garry Döwbasan aşyk mazary». «Hak aşyk». «Sibir begiň gyzy owadan Aýşöhlä aşyk bolan elli ýaşly garry, Kutuly Allagyň beg ogly Döwbasanyň: «Eger Aýşöhle maňa durmuşa çykmasa, onda men hiç zat iýmän aç öljek!» diýip şert edip, şol şertine wepaly bolup, dört gün ýerinden gozganman aç oturanyndan soňam, Aýşöhle durmuşa çykmaga razylyk bermänsoň, gaýgy-hasrat, açlyk zerarly wepat eden taýsyz gowy, taýsyz adamkärçilikli Döwbasan begiň mazary». «Ertir ölmelimi?» diýip, Döwbasan öz-özüne sowal berdi. Aýallary, çagalary, dergähi birin-birin göz öňünde janlandy. Döwbasan bu ýere gaýdanda begligi ogly Arslana tabşyrypdy. Iki aýalyndan özge aýallaryny kowupdy. Galamgaş bilen Patyşagülden özge hatynlaryny kowupdy. Ol Akpamygam kowupdy. Ýöne ol «Ölsemem şu ýerde öljek» diýip, megerem, hiç ýerik gitmedi. Hatynlaryny kowanda (kowlan üç hatyn bolmaly) şeýlekin kowmandy. Olaryň bigaýgy ýaşamaklary üçin hersine ýeterlik mukdarda altyn-kümüş beripdi. Öýde Patyşagül bilen Galamgaş galypdy. Indi olary nirä kowjak? Kowsaňam Arslan enesi Patyşagüli hor-zar etmez ahyryn. Galamgaş nirä gitsin? Birgiden çaga! Onsoňam ol Bumyn handan galan nyşan! Döwbasan dünýä hökümdary Ajun begiň: «Gökleriň eýesi Taňry ýer ýüzündäki ýurtlaryň we kowumlaryň üstünden hökmürowanlygyny bize — göktürkmenlere berendir. Biziň nesillerimiz dünýä ýüzüne hökümdarlyk etmelidirler» diýen sözüni aňyna tumar edip asypdy. Döwbasan Göktaňrynyň islegi birle Göktürkmen döwletini döreden Bumyn hem Istemi hanlaryň doganoglanydy. Olar çagalykdan bile ösüp-ulalypdylar. Döwbasan olaryň ikisine-de sözüni diňledýärdi. Ýöne olaryň babasynyň häkimlik edýän ýeri uludy. Bu beglik Jujan şalygyna Merwde öndürilýän polat gylyçlary salgyt hökmünde tabşyrýardy. Babasy aradan çykansoň, köp kiçili-ululy beglikleri basyp alyp, özüne tabyn etdi, olaryň salgytlaryny artdyrdy. Şol talaňçylykly ýörişleriň ählisiniň başynda Döwbasan durupdy. Bumyn han bütin dünýäni basyp almak isleýärdi. Onuň ilkinji basyp almak isleýäni Jujan şalygydy2. Eger Jujan şalygyny basyp alsa, ol dünýäni basyp alyp biljekdigine ynanýardy. Şonuň üçin Jujan şalygy bilen guda bolmak isledi. Şu maksat bilen Bumyn hanyň adyndan Döwbasan Jujan hany Anahuanyň ýanyna gudaçylyga barypdy. Döwbasanyň habaryna Anahuan gülmek gülüpdi. Soňam dergazap bolup gygyrypdy. — Heý, men size gyzymy bererinmi? Siz gylyjyňyzy ýasaň, maňa salgydyňyzy getirip beriň! — Şol ýasaýan gylyçlarymyzyň siziň garşyňyza durmagyny islämizok. — Ajalyňyzdan gorkmasaňyz garşy duruzaýyň! — Göktürkmenleriň özge halklarda bolmadyk bir üýtgeşik häsiýeti bar: olar bir işi etjek diýdilermi, gutardy, olar şol etjek diýen işlerini telegem bolsa hökman ederler ýa şol işiň ugrunda ölerler. — Maňa haýbat atýaňyzmy? — Ýok, ýagdaýy düşündirjek bolýaryn. Bumyn han Döwbasana uly umyt baglap iberipdi, «Sen onuň uguny ýekele, göwnüni tapjak bol» diýip, öliniň sargydyny edipdi. Ýöne bolmady. Işiň bitmändigini Bumyn han Döwbasanyň ýüzüne seredenden aňypdy. — Anahuan hakynda maňa ýekeje agyz söz aýtma, ýöne nämedir bir zat aýdasyň gelse, onda diňe Anahuany nädip mugyra getirip boljagyny aýt. — Günbatar Weý şasy Win-Diniň Çan-Li atly owadan gyzy bar diýýärler. Men Hytaý köşgüne sawçylyga gideýin. — Onda näme üçin bäri geldiň? — Men seniň bilen maslahatlaşmak isledim. — Sen eýýäm maslahatlaşdyň. Men makulladym. Indi nä dursuň? Indi iş başarman gelseň, doganoglanym bolsaňam, kelläňi kesip derýa oklaryn. Adamyň güýji çensiz-çaksyz. Onuň başarmaýan zady ýok. Aýratynam kelläň didewana münende. Hytaý köşgündäki ýaly dilewarlygy, meger, ýer ýüzünde ýekeje adam ogly hem edip bilýän däldir. Şonda Döwbasanyň aýdan sözlerini ýazga geçirmediler. Geçiren bolsalar, ol sözler Konfusiniň ganatly sözleri hökmünde asyrlardan-asyrlara aşardy. Diňe bir ganatly sözler däl. Döwbasanyň emedekläp şanyň aýagyny togap edişi ýaly, Hytaý köşgünde ýekeje emeldar hem edip bilmez. Edip bilen bolsa şa şeýle hoşnutlyk bilen Döwbasana ýüz bermezdi. Toý uludan tutuldy. Jujanlaryň içini ýakmak üçin uludan tutuldy. Jujan şasyna çapar iberildi. Çapar Bumyn hanyň toýuna çagyranda Anahuan tas dälirän eken. Görgüli betbagtlygyň öňdedigini bilmändir ol şonda! Göktaňry goldasa, Jujanyň küşdi ýetmez eken, döwi pes geler eken. Ýogsam ol dünýäde özi ýaly kuwwatly ikinji bir döwlet ýokdur öýdüp ýördi. Wah, Anahuan şalyklar arasyndaky rahatlygy aýallaryň çözýändigini bilmeýän eken. Zenanlar üçin, gör, näçe gan döküşikler boldy jahanda. Zenanlaryň hatyrasyna, gör, näçe patyşalar hyrçlaryny dişläp, darkaşmak pikirlerinden el göterdiler. Bumyn han Weý şasy Win-Di bilen guda bolansoň, ýagdaý düýpgöter özgerdi. Ähli bezirgenleriň, ähli barjamly adamlaryň umydy Bumyn hana gönükdi. Her günki gelýän halat-serpaýlaryň, engamlaryň yzy üzülenokdy. Baýlyklar Bumyn hanyň hazynasyna derýa bolup akyp başlady. Ine, bir gyzyň gudraty! Bir ýyl geçip-geçmänkä Bumyn hanyň gaýynatasy Win-Di wepat etdi. Günbatar Weý şalygyna şalyk etmek Bumyn hanyň borjuna öwrüldi. Göktaňry göktürkmenlere gülüp bakdy. Bumyn hanyň edeni ugruna boldy. Jujan şanyň hyzmatynda duran gulamlar gaçyp Bumyn hanyň gullugyna geldiler. Eh, Jujan şasy, göktürkmenleriň näjüre halkdygyny bilmedi! Göktürkmenler bir maksat tutansoň, öläýmese, şol maksadyndan el çekmeýändiklerini Döwbasan aýtdy ahyryn oňa! Şa nähak geleň etmedi! Nähak! Rast, göktürkmen bir zat gerek diýdimi, iň gowusy, şol zadyny isleseň-islemeseň berip başyňy gutarandan gowusy ýokdur. Göktürkmeni ölüm bilen gorkuzyp bilmersiň. Ine, iň aýylganjy şu. Olar ölümi bir günlük myhmançylyga gitmek bilen deň hasaplaýarlar. Ölümden gorkmaýandan gorkmak gerek. Bumyn han leşger jemläp Anahuan hanyň üstüne ýöriş gurady. Ýörişiň ýolbeledi, serdary Döwbasandy. Ýurdy belet çapýar. Jujan şasy Anahuan hem-ä şalygyny giderdi, hemem gyzyny. Çünki onuň şalygyny hem gyzyny Bumyn aldy, Anahuan görgüli göktürkmeni äsgermezlik edendigi üçin şalygyny elinden aldyrdy. Soň nätdi? Ol bu zatlara namys edip, öz şirin janyna kast etdi. Heý, mundanam çykalga bolarmy?! Akylly kişiniň çykalgasy däl bu. Ýurt abadanlygynyň hatyrasyna bir gyz däl, gerek bolsa on gyz bermeli. Göktürkmen aljak diýse, alýar-a! Jujan şasy Döwbasan gudaçylyga gelende gyzyny bermäge razylyk beren bolsa hem-ä özi sag-aman ýaşardy, hemem şalygy aman galardy. Anahuan birki ýyldan soň bereýin diýip iki ýyl wagt utan bolsa, Bumyn han öljegem eken. Bumyn han gyz-gelniň yşgyna düşdi. Ol birki aýlap şöhwetde bolmagy gowy görýärdi. Şondan çykybam göni ýörişe ugrardy. Ýöne nirä gitse-de, enderunyny ýany bilen alyp giderdi. Basyp alan ýerlerinde owadan gyz görse, dessine özüne alardy. Bumyn han ölensoň ogullary tagt üstündäki dawa başladylar. Bumynyň dogany Istemi han şalygyň günbatar ganaty bilen çäklendi-de, Çanan şäherini özüne köşk edindi. Döwbasan Bumynyň ogullarynyň ýanynda öz arzysynyň bolmajagyny bilip, abraý bilen köşkden gitmegi ýüregine düwdi. Bu pikire Bumynyň ogullary garşy bolup durmadylar, gaýtam ikelläp razy boldular. Oňa şalygyň haýsy ýerinde ýaşamak islese, şol ýerde ýaşamaga, baran şäheriniň, begliginiň begi bolmagyna ygtyýarnama berdiler. Döwbasan Bumyn handan ep-esli ýaş çemesi uludy. Jujan şalygynyň köşgünde Bumyn han doganoglanyna tarhanlyk bilen eçilipdi. Sebäp şonda alnan olja onuň çak edişinden has köp bolupdy. Şeýle hem köşkde owadan gyz çakyňdan kändi. — Döwbasan, ine, owadan gyzlar — diýip, Bumyn han elliden gowrak gyzy görkezipdi. Dogrudanam, olar biri-birinden owadandylar. Olardan gözüňi aýrasyň gelmeýärdi. — Sen şularyň içinden näçe isleseň, saýlap al! Şonda Döwbasanyň ilki nazarynyň kaklyşany Galamgaş bolupdy. Döwbasan Galamgaşyň elinden çekip bir gyra çekildi. — Bumyn han tarhanlyk etdi. Galamgaş Döwbasanyňky boldy. Aýallarynyň içinde ýüregine tenekar bolany hem Galamgaşdy. Galamgaşyň hakyky adyny özünden başga bilýän ýokdy. Galamgaş adyny oňa Döwbasanyň özi dakypdy. Çünki onuň gaşy galam bilen sünnälenip çyzylan ýalydy. Döwbasan oňa henek atmagy, her hili sözler aýdyp gorkuzmagy gowy görerdi. Galamgaş gorkudan ýaňa titräp gysmyljyraberse, Döwbasan jak-jak gülüp hezil ederdi. Ol aýalynyň yzyndan kowalamakdan hem lezzet alardy. Döwbasan şol geçen günleri ýatlamakdan ýadamaýardy. Ýöne wagt geçdigisaýyn geçen günleri ýatlamak kynlaşýardy. Çünki açlyk öz hökümini ýöredýärdi. Açlygyň dördünji güni başlandy. Döwbasan bu gün adatdakylary ýaly, aýbogdaşyny gurap oturmaga ýaramady. Ol özüne erk edip bilenokdy. Ol mahal-mahal huşundan gidýärdi. Her gün säher bolşy ýaly, bu günem Sibir begiň howlusyndakylar Döwbasana seretdiler. Onuň ýatandygyny görüp, howluda dowul artdy. Bir çawuş ylgap geldi. Ol ömründe öli görmedik bolarly, gorky bilen Döwbasanyň ýüzüne seretdi. Döwbasanyň ýüzüne öliniň reňki urupdy. Çawuş Döwbasanyň elinden çekdi. Eli şalkyldap aşak gaýtdy. Çawuş ýüregi ýarylan ýaly bolup gaçdy. — Döwbasan ölüpdir! — Döwbasan ölüpdir! Döwbasan ýatan ýerinden özi hakda aýdylýan sözleri eşitdi. Ol, hakykatdanam, ölendigine ynandy. Öliniň ähli diýilýän zatlary eşidip ýatandygy, ýöne hiç hili hereket edip bilmeýändigi hakda birmahalky eşiden gürrüňlerini ýatlady. Bu gün Paýkentden bilgiç gelmelidi. Ol Aýşöhläniň ykbalyny açyk görüp bermelidi. Sibir beg bilen Aýşöhle şindem Peleňiň nirededigini anyklamak isleýärdiler. Sebäbi Şajar şaman: «Peleň diri, ýöne onuň ýoly ýapyk. Şonuň üçinem ol Hanana gelip bilenok» diýipdi. Paýkentden geljek bilgiç Aýşöhlä: «Seniň ykbalyňda Peleň ýok» diýse, Peleňiň hakykatdan hem öldürilendigini aýtsa, onda Döwbasanyň bagtynyň çüwäýmegem mümkindi. Eger giç bolmasa. Eger oňa çenli ölmese!.. Döwbasan ajal bilen ýüzbe-ýüz durdy. Onuň üçin indi Aýşöhleden ajal ýakyndy hem ýakymlydy. Ol öz adynyň rowaýata öwrülip ýaşajakdygyna ynanýardy. Eger ölmese, Aýşöhlä öýlense, onda onuň ençe günläp aç oturandygyna hiç kim ynanmaz. Muny erkekleriň mekirligi hasaplap gülerler. Döwbasan gijelerine ähli kişi ýatyrka garnyny doýrandyr öýderler. «Döwbasan mekir eken-aý, walla» diýerler. «Iň gowusy, ölüm!» diýip, Döwbasan içinden üznüksiz gaýtalaýardy. Gel, Aýşöhle razy boldy diýeli. Onuň bilen är-aýal bolup ýaşamaga ýigrimi bäş ýaşyň gujury gerek. Ol bolsa Döwbasanda ýok. Aýşöhläni öýüňe eltip, ýeňsäňi öwrüp ýatjak bolsaň, öýlenmek nämä gerek?! «Çemenzarlyklardaky çemenleriň gurap gidişi ýaly, men hem ýok bolup gideýin». Döwbasanyň Aýşöhleden howy basylyp ugrady. Başda bu hakda näme üçin oýlanmadykan? Ilki bilen, bu hakda Patyşagül bilen Galamgaş oýlanmaly ahyryn. Rast, aýal edinip aldyňmy, onuň bilen hylwatda bolmaly! Günde! Özem bir gezek däl, birnäçe gezek! Ýok, ýok. — Eý, Göktaňry, al meniň janymy harladyp! Al! Men küpür gepläpdirin. Meni masgaraçylykdan halas et. Men heleýlerimiň allaryna aldanyp, öz syrtymyň ýagdaýyny ýadymdan çykarypdyryn! Olar meni oýnapdyrlar. Meniň gowşak tarapymdan gelip, öldürmegi, menden dynmagy ýüreklerine düwüpdirler. Eý, Göktaňry! Bu hatynlary nädip beýle köpbilmiş etdiň?! Men olaryň sözlerine güp ynanypdyryn. Hatynlarym meni gowy görýärler diýip pikir edipdirin. Olar meni oda atypdyrlar-a! Olar meniň Peleň bilen darkaş gurmagymy, şol darkaşda-da öldürilmegimi isländirler. Ýagşylyk bilen hem adamy şer çoçgaryna çolaşdyryp bolýandygyny erkek kişiler bilmeýär. Beýle tilsimi diňe hatynlar bilýär, hatynlar başarýar. Men öljek! Besdir, mundan artyk masgara bolmaýyn. Birden Aýşöhle: «Men razy!» diýip gelýän bolaýmasyn. Gelýän bolsa turup gaçaýyn. Bir gowaga girip, şol ýerde-de öleýin. Gorky Döwbasanyň bedenine güýç berdi. Ol birden garysyna galdy-da, Sibir begiň howlusyna bakan garady. Hernä hiç kim gelenok. Döwbasan özünde akylyň ýokdugyna-ha ynandy. Ýöne şu ýerde tenha oturyp bir zada akyl ýetirdi: üç sany zatda meňzeşlik bar eken. Ölüm — garakçy — zenan. Bu üçlügiň maksady — seniň eşigiňi sypyrmak. Ýöne bu üçlügiň içinde iň rüstemi zenan. Zenan yşky aňyňy alanda ölüm-de, garakçy-da gorky döretmejek eken. Belki, bu pikirler açlygyň etdirýän alasarmyk pikirleridir?! Sibir beg aýaly Päkine hanymy yzyna tirkäp her gün gelýärdi. Olaryň arasynda şol bir meňzeş gürrüňler gaýtalanýardy: — Döwbasan, sen maňa düşün. Men ol ýigide lebiz etdim. Gyzym Aýşöhle hem lebiz edipdir. Gün han aýdypdyr: «Adamyň eti haram, lebzi halal» diýip. Lebzimiz haram bolansoň, biz özümizi öldüräýmeli bolýarys. Ýöne lebzi haramy ýer hem almazmyş. Indi gyzym Aýşöhle ömrüni tejerrutlykda — ýekelikde geçirmek isleýär. — Men hem lebiz etdim. Sen meniň lebzime ikilik etmegimi ündeýärsiňmi? Döwbasanyň şu sözi bilen her günki duşuşyk gutarýardy, Sibir beg näme jogap berjegini bilmän yzyna gaýdýardy, Päkine hanym gözýaş dökýärdi. Ýöne bäşinji gün Döwbasan öňki sözlerini gaýtalamady. Ol ýuwaşja gürledi: — Maňa hiç zat gerek däl. Meni ölmäge bir goýuň! Döwbasanyň çynydy. Ol Bumyn hanyň gullugyndan gaýdyp azatlygyny ýitirendigine düşündi. Ol öň azatdy. Ony saklaýan-örkleýän ýeke zadam ýokdy. Ol haýsy galany basyp alsa, şöhwetde bolmaga Galamgaş ýaly owadan gyzlary tapardy. Soňam ony unudardy. Indi nähili? Indi maşgala borjuny boýnuna alypdyr. Ine, onuň azatlygyny elinden alýan tälkewler. Öý, baýlyk azatlygyňy eliňden alýan, adamy bir ýere örkläp goýýan tebleler eken. Bir pursatlyk şöhwet üçin bütin ömürlik ezýet! Geregi bir gysym gum, ýöne bütin ömrüňe gerekmejek bir halta gumy götermeli? Nämäniň hatyrasyna?! Döwbasanyň adam bilen haýwany parhlandyrmak babatda köp gaýtalaýan pelsepesi bardy: «Ertirki gününi gaýgy edip hor ýaşaýan bolsa, onda ol adamdyr. Haýwanlar ertiriniň aladasyny edýän däldirler, mydama dok ýaşaýandyrlar». Özüniň Aýşöhlä bendiwan bolmagy, kösseklenmegi onuň bütin ömrüne eden pikirine ters gelýärdi. Onuň gulluk eden pikiri aýdyňdy: ömrüni hiç bir zada kösseklemän geçirýän adam — hakyky adam! Düýn Döwbasan Aýşöhläni görüpdi. Aýşöhle Döwbasanyň oturan ýerine gelipdi. Ol ýatlaýardy. Onuň owadanlygyndan Döwbasan gözüni aýryp bilenokdy. Olar sözsüz gürleşipdiler: «Lebzinden dänen kişi — Göktaňryň gargan kişisidir». «Men bilýärin. Bumyn hana beren sözünde durup bilmedik serkerdeleriň özlerini öldürişlerini gözüm bilen ençe gezek gördüm. Meniň agam Pamyr diňe beren lebzinde durup bilmändigi üçin öz böwründen hanjar urdy. Onuň ýumşa iberen adamlary geldiler, gijä galyp geldiler. Ýöne soň giçdi. Agamy hatyralap, ogullarymyň birine Pamyr diýip at dakdym». «Göktaňrynyň öňünde hataly bolmakdan gorkýaryn». «Lebziňe ykrar edýändigiň bilen sen hasam gözel. Hut şonuň üçinem men seni aýal edinmek isleýärin. Men Peleňiň Hanana gelmejekdigine, saňa hiç mahal öýlenmejekdigine göz ýetirmegiň üçin saňa alty aý möhlet berdim. Men alty aýlap Hanana gelmedim». «Döwbasan, meni örtemäň! Ýalbarýaryn. Meni örtemäň!». Döwbasan Aýşöhläniň bu sözlerinden özüne durmuşa çykmak islemeýändigine düşündi. Wah, ol öňem düşünmesine düşünýär, ýöne kejirlik öz hökümini ýöredýärdi. Topulansoň, Döwbasanyň awuny alyp bilmedik ýeri ýokdy. Dogry, Aýşöhle Döwbasany garry görýändir. Babamdan hem on ýaş uly diýýändir. Dogry, Döwbasan Sibir begden on ýaş uludy. Ýöne gaýtmyşym etmejekligi hemmelere aýan boldy. Onuň gara çyny eken. Aýşöhle indi alty aý bäri gözýaş dökýärdi. Bilgiçleriň hersi bir zat diýýärdi. Birisi Peleňe ölüpdir diýse, beýlekisi uzak ýurda gidipdir, şol ýerde mes ýaşap ýör diýýärdi. Aýşöhläniň akgyzlary: «Peleňi öldürendirler. Özem ony Döwbasanyň adamlary öldürendir» diýýärdi. Özüniň hem şu pikire ynanasy gelýärdi. Sebäbi Peleň Döwbasan sawçylyga gelensoň, ertir toý diýlen güni gürüm-jürüm boldy. «Döwbasan Peleňe engam-serpaýy diňe görer göz üçin iberendir. Ýogsam haýsy erkek kişi özüne berilmedik gyza öýlenýän ýigide engam-serpaý iberer?! Ýok, ýok, bary göz güýdüşdirmek üçin edilen bolmaly. Men Döwbasana ynanmaýaryn, jinnek ýalam ynanmaýaryn» diýip, Aýşöhle odanýardy. Döwbasanyň şol gezek gelen sahyby Alawýerde Peleňe garaşan bolup oturdy. Ol ilki Peleňi gürüm-jürüm edip, özüni aklamak üçinem Peleňe garaşandan boldy. Toý gününden soňam bir hepde oturdy. Sahyp özüniň Peleňe garaşýandygyny ynandyrmak üçin juda yhlas etdi. Barybir, ähli kişi oňa ynanmady. Onuň ýüzünde rehim-şepagat ýokdy. Paýkentden gelen bilgijem gowy gürrüň tapmady: — Peleň diýen ýigidiňiziň ýoly ýapyk. Aýşöhle ör-gökden geldi: — Ol zyndandamy? Bilgiç şol bir sözi hetjikledi: — Siziň begligiňize gelmäge onuň ýoly ýapyk. Ol baý ýaşaýar. — Nirede? — Gaty uzak ýerde-hä däl. Aýşöhle sorag berdi: — Ol ýeke ýaşaýarmy ýa hatyny barmy? — Hatyny bar. Şonuň bilen gürrüň gutardy. Uzak bir obadan başga bir bilgiji getirdiler. Ol berlen soraga: — Men diňe diri adamlaryň täleýine seredýärin— diýdi. Bu sözden soň bilgije hiç kim soragam berjek bolup durmady. Eger Döwbasan ölse, onuň ogullarynyň hun sorajakdygy hakdaky pikir Sibir begiň maşgalasyny howsala salýardy. Öýde edilýän esasy gürrüň şu hakdady. Telim ýola gelip bu hakda aýdypdylar hem. «Eý Göktaňry, şeýle owadan görk berip, näme üçin garry gurbaga ýaly äre barmaga mejbur edýärsiň?» diýip, Aýşöhle Göktaňra nalyş etdi. Garadag ylgap geldi. — Sibir beg, Döwbasan özünden gitdi. Hernäçe yralasaňam özüne gelenok. Sähel salymdan ölse gerek. Sibir beg uludan demini aldy: — Ol ölse, ogullary hun sorap gelerler. Olara gep düşündirip bolmaz!.. Mydama aglap ýören Aýşöhläniň gözýaşy kepedi. Döwbasanyň ogullarynyň etjek wagşyçylyklaryny ýene hakydasynda aýlady. Onda täleýe ten bermekden başga hiç hili ýol ýokmy?! Bir ýerlere gaçyp gitse bolar, ýöne Döwbasanyň ogullary Aýşöhläniň enesi bilen babasyny rahat oturtmazlar. Öldürerler! Haýp, düýn razylyk bermeli eken. Oňa gep düşündirenden, islegini bitireniň amatly. Aýşöhle ýüregini bire baglap, içerden suwly küýzesini alyp daş çykdy. Sibir beg alawhananyň işiginiň öňünde gyzynyň her bir hereketine seredip durdy. Päkine bibi adamsynyň ýanynda durdy. Aýşöhle nädeýin diýen terzde hossarlarynyň ýüzüne seretdi. Olar başlaryny aşak saldylar. Aýşöhle küýzesini göterip, Döwbasanyň ýatan ýerine gönükdi. Döwbasan ýatyrdy. Onda dirilik alamaty ýokdy. Onuň ýüzüne sereden Aýşöhläniň haýýaty göçdi. Eý, Hudaý, bäş günüň içinde adam şeýle horlanjak eken. Iş işden geçen bolarly. Bu pikir Aýşöhläniň ellerini sandyratdy. Mundan sanalgyja gün öňem Döwbasanyň ýüzi narynç öwüsýärdi. Indi ol narynç reňkden nam-nyşan galmandyr. Gök öwüsýän ýüzde nähilidir bir eýmençlik — öliniň gögümtil reňki bardy. Adama şeýle seretseň, uly hem däl. Haýbaty bilen Hanany sandyradan Döwbasan, ine, bir gysym bolup ýatyr. Ýatyşyna seretseň, erbetlik etjege-de meňzänok. Özem onuň bolup ýatyşyndan çen tutsaň, bütin ömrüne şu ýerde ýatan ýaly. Onuň üstünden siňekler ses edip aýlanýar. Siňekler — Döwbasanyň ölendiginiň alamaty bolaýmasyn?! Aýşöhle sandyraý-sandyraý Döwbasanyň çala açyk agzyna suw guýdy. Suw päsgelçiliksiz gitdi. Eger diri bolsa Döwbasan ýuwdunmaly, ýöne küýzäniň ýarysyny guýsa-da, Döwbasan ýuwdunmady. Aýşöhle hasam gorkdy. Töweregine garanjaklady. Diri bolsa ýuwdunardy, dem alardy ahyryn! Aýşöhle näme bolsa, şol bolsun diýýän ýaly, küýzäniň galan suwunam Döwbasanyň agzyndan guýdy. Suw gutardy. Döwbasan ýuwdunmady. Suw başga bir ýere akan bolaýmasyn diýen pikir bilen töweregine seretdi. Ýok, suwuň ýeke damjasam ýere dammandyr. — Siz dirimi, Döwbasan? — diýip, Aýşöhle gorka-gorka dillendi. Döwbasandan jogap bolmady. Aýşöhle näme etjegini bilmedi, ol howsala bilen ýerinden galdy. — Döwbasan, siz dirimi? Aýşöhle babasy bilen enesini görüp alakjady, elindäki küýzesini bagryna basdy. Köwsarlap öwüsýän sörtük şemal ýuwaş-ýuwaşdan peseldi. Oňa derek töwerek-daş garalyp ugrady. Howanyň ýüzüni kowçum-kowçum bulutlar tutdy. Daş-töweregi ümür basmarlady. Aýşöhle ümürden ýaňa alawhananyň ýanynda her bir hereketini synlap duran babasydyr enesini hazzar saýgardy. Sibir begdir Päkine bibi Aýşöhläniň ýanyna keremara ýöräp ugradylar. Olaryň ýöräp ugraryna garaşyp duran ýaly, birden asman lerzana geldi. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakdy. Göktaňry gündogarda durup, özüniň samsam ýatagany bilen bulutlary yzly-yzyna kerçemleýän ýalydy. Özem her gezek samsam ýatagan göge urlanda älem lerzana gelip, ot çykdy. Är-aýal Aýşöhläniň ýanyna baranlarynda bolsa, asmanyň düýbi deşilen dek çabga guýmaga başlady. Çabga sähel salymda duranlary süllümbaý eýledi. Sibir beg Döwbasan begiň egninden çekdi: — Beg, sen dirimi? Döwbasan beg Aýşöhleden gözüni aýyrman, ýuwaşja dillendi: — Bir gözeliň göwnüni awlap bilmeýän erkekden erkek bolmaz! — Döwbasan, siz bir zat diýdiňizmi? Çynyň bilen isleseň, mümkin däl hasaplanýan maksada-da ýetip bolýar. Iň esasy zat: maksadyňa ala göwünlik bilen däl-de, düýrmegiň bilen topulmakda. Ana, şonda bendesine Göktaňry ýardama gelýär! Gör-ä, Göktaňrynyň Döwbasan begiň ýatan ýerine Aýşöhläni südenekledip getirişini! Çyn maksatda hem çyn yhlasda Göktaňrynyň ýardamy bar. * * * Suw — aşyk. Ýer — magşuk. Aşyk — magşugyň tapyşmasyndan gülzarlyk döreýär, çemenzarlyk döreýär. Suw bilen ýeriň, aşyk bilen magşugyň tapyşmasyndan soň täze durmuş başlanýar. Magşuk aşygyna gowşup hamyladar bolýar — hasyla durýar. Her halkyň ykbaly şol halkyň ýaşaýan ýurdunyň — tebigatynyň ykbalyna meňzeş. Göktürkmeniň Oguz çölüni, tebsiräp ýatan takyrlaryny, daglaryny-düzlerini göreniňde aşyk-magşuklar hakydaňda örtenmek örtenýär. Göktürkmen ilinde ençe-ençe asyrlar bäri aşyklaryna garaşyp duran magşuklar kän. Juda kän. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |