22:43 Göktükmen söýgüsi -21/ romanyñ dowamy | |
Üçünji bölüm
Taryhy proza
BEDEW Amyderýanyň suwy ýetmiş derde dermandyr. Ibn Sina. Dünýäde suw ýaly ýakymly, suw ýaly ýumşak, suw ýaly garşylyksyz ikinji bir zat ýok. Suwy herki zat gysyp çykaryp bilýär. Elbet, güýçli diýen söz suw babatda muwapyk däl. Ýöne suw — ýumşak bolup berki ýeňýär; garşylyksyz bolup, gatyny deşýär. Dünýäde suw ýaly ýumşak bolup gatydan üstün gelýän, suw ýaly garşylyksyz bolup gatyny deşýän ikinji bir zat ýok. Bu hakykaty ähli adamzat bilýär. Ýöne dünýäde suwuňky deýin başarnyk hiç bir zatda ýok. Onuň bu başarnygyny dünýäde ikinji bir başarjak gudrat ýok. Suwuň şu başarnyklaryny özleşdiren adam islän maksadyna ýetip biler. Ýaşaýşy suwdan öwrenmeli. Haýp, öwrenýän ýok. BIRINJI BOÝ BAÝA BATYR BOLMAGYŇ GEREGI ÝOK Toýdan bir aý geçenden soň, Döwbasan, megerem, Hanan geçelgesiniň adamlaryna göz görkezmek islän bolsa gerek, ol geçelgä gelnini eltmegi, onuň bolçulykda ýaşaýandygyny göz etmek hemem Aýşöhläni begendirmek isledi. Ol geçelgä garagörnüm ýerden kernaý-surnaý çalyp, aýdymly-sazly, uzyn kerwenli geldi. Döwbasan Aýşöhläni her dürli gymmatbaha lybas geýindirip, göwher-jowahyra bezäp atasy öýüne getirdi. Aýşöhläniň oturan kejebesini diňe altyn gotazlary bilen bezedi. Aýşöhle gözüňi gamaşdyryp barýan altynyň içinde altyndanam ýiti ýalkym saçyp geldi. Beýle dabara günde-günaşa bolup durmy näme! Geçelgäniň ähli ilaty eňdi kerwene bakan. Geçelgä her gün kerwen gelýär, ýöne ol kerwenler bir ýana, Döwbasanyň şowhun-şagalaňly bu kerweni bir ýana. Kerweniň iki ýanyndan sazandalar saz çalyp barýarlar. Ýylpyldawuk eşik geýen süňňi ýeňil gopýan ýigrimiden gowrak gyzdyr ýigitler edil ýylan deýin hereket edip, towsup, halaý rakysyny oýnap gelýärler. Uzyn kerweniň öňi Sibir begiň derwezesiniň öňündäki giň meýdanda — Alawýerde saklandy. Ähli edilmeli işler öňünden birkemsiz bişirilen. Döwbasanyň öňden tabşyrygy boýunça Alawýere alawhanadan köz getirilip, haýdan-haý uly ot ýakyldy. Şol oduň ýanynda Aýşöhläniň kejebesi saklanmaly. Düýe aşak çökensoň, joşgunly aýdym-sazyň gidip duran wagty Döwbasan ähli aýdymçylaryň, ähli adamlaryň goldamagynda — şatlykly gygyryşmalaryň astynda Aýşöhläni dabara bilen kejebeden düşürmeli, kejebeden düşensoň, iki çatynja alaw rakysyny oýnamaly. Günüň — oduň öňünde dyza çöküp, Göktaňrydan bagtana durmuş, towsana jan saglyk dileg etmeli. Ak atlazdan eşik geýen gyzlar olaryň üstüne edil älemgoşar deýin edip gül ýapraklaryny ýagdyrmaly. Gül ýapraklary — bereket seçelenmesini alamatlandyrmaly. Ähli zat Döwbasanyň isleýşi ýaly edilýärdi. Rakys şeýle bir joşgunly oýnalýardy. Diňe bir Zemm satrabyndan gelenler däl, Hanan obasynyň adamlary-da dabara goşulyşyp gitdiler. Şowhun-şagalaňyň şeýle gyzgalaňly pursadynda Döwbasan meýdana ýakynlady. Adamlar gykuwlaşyp şeýle bir gygyryşdylar welin, ýer titräp-titräp gitdi. Döwbasanyň bedewiniň rişdesinden tutdular, çawuşlary bolsa ony göterip diýen ýaly argamakdan düşürdiler, soňam onuň aýagyny ýere degirmän lowurdap duran kejebäniň ýanyna getirdiler. Döwbasan altyn gotazly kejebäniň gyrmyzy mahmal tutusyny syryp, Aýşöhlä elini uzatdy. Mahmal tutuly, ähli ýeri altyn gotazly, altyn lybasly, altyn Aýşöhle görnende adamlaryň gykuwlary al-asmana göterildi. Ýok, ýok, Döwbasan garry diýer ýaly däl. Ol Aýşöhläni edil gurjak göteren dek ýeňillik bilen göterip, kejebeden düşürdi. Zaňňar, Aýşöhläni gujagyndan aýrasy gelenok onuň! Aýşöhlä öýlenip — görüň-ä! — hakyt ýigrimi bäş ýaşlynyň gujuryna dolanaýypdyr-a ol! Aýşöhle barada aýdylýan gürrüňler — oňa öýlenen kişiniň ýigrimi ýaşa geljekdigi, aşa baýajakdygy, mydama Göktaňrynyň ýalkawynda, mertebesinde ýaşajakdygy hakykata öwrülipdir. Bol-bol, Döwbasan beg bol! Bagtyň getirse, ýaşyň soňunda-da juwanlyga dolanyp bolýan eken. Zenanlarda gudratyň bardygyna neneň ynanjak däl onsoň?! Döwbasan — Göktaňrynyň eziz gören göktürkmeni bolmaly. Döwbasanyň gelýändigini eşidip, Sibir beg bilen Päkine bibi daşaryk howlukdylar. Gelenleriň öňünden nädip çykmaly? Sibir Päkine bibä soragly nazaryny dikdi. Päkine bibi düşündi: öýüň törüne gidip, nazy-nygmatlar saklanylýan bereket otagyndan agzy dar, uzyn gorküzýäni seresaplyk bilen göterip adamsynyň ýanyna — Alawýere bardy. Sibir beg aýalynyň elinden ýuwaşlyk bilen gorküýzäni aldy. Döwbasanyň ýöreýän ýolunda ýörite edilen gaplarda ýanyp duran otlar goýlupdy. Her oduň arasy bäş-alty ädimdi. Döwbasan şol alawlardan ätläp geçmelidi. Gujagyňda gelniňi göterip alawdan ätläp geçmek aňsat däldi, ýöne Döwbasan bu alawly aralygy emgenmän geçdi. Döwbasan ýuwaşja ýöräp, özüne bakyp duran ýüzleri nurana Sibir beg bilen Päkine bibiniň gaşyna ugrady. Olaryň gaşyna baryp, Aýşöhläni ýere düşürdi. Sibir begiň hormat bilen saklap duran gorküýzesine sag dyzyny ýere urup, maňlaýyny degirdi. Aýşöhle atasynyň elindäki gorküýzä maňlaýyny degirdi. Sibir beg gorküzýäni Döwbasana uzatdy. Döwbasan gorküýzäni başyna göterdi: üç-dört owurt suw içip, bir goşawuç suwy ýüzüne çaldy. Aýşöhle-de Döwbasanyň edenlerini gaýtalady. — Göktaňry size nygmat eçilsin!1 — Döwbasan çala baş egdi. — Göktaňry size nygmat eçilsin! — diýip, Sibir beg dagy Döwbasanyň salamyny aldy. — Göktaňrynyň nazar salan adamlary — mähribanlarym, men size söwer gyzyňyz Aýşöhläni görme-görşe getirdim. — Döwbasan! Döwbasan maňlaýyny Sibir begiň maňlaýyna degrip, özüniň mähribanlygyny, hormatyny bildirdi. Soň ol Alawýerdäki adamlara ýüzlendi: — Size tagzym edýärin, mährem adamlar! Göktaňry size baky ýaran bolsun! Görkli Gün ýüreklerimizi ýylytsyn! Aý hezretleri güýç-kuwwat bersin! Mähir bersin! Mertebe bersin! Gök böri bizi bolçulyga, berekede eltsin! Gök böri ýolumyzy parahat eýlesin! Döwbasan Sibir beg bilen gaty köp wagt bäri duşuşmadyk deýin, örän ýürekdeş görüşdi. Döwbasan Aýşöhläniň elinden tutup, adamlaryň arasynda ýaş ýigit deýin pyrlanyp aýlandy. Köpler gyra çekilip olaryň oýnamaklaryna mümkinçilik döretdi. Aýşöhle baryp enesiniň, atasynyň öňünde baş egdi. Päkine bibi ony garsa gujaklady. Aýşöhle gözýaşyny saklap bilmedi: mähriban enesini bir aýdan soň däl, ençe ýyllaryň aýralygyndan soň görýän dek, şeýle bir yhlasly gujaklady. Göwnüne, ol indi enesini, mähriban babasyny, eziz obadaşlaryny, akgyz boýdaşlaryny görmejek ýalydy. Aýşöhlä mejimede köz — ylahy göz berdiler. Şol köz — ylahy göz bilen Aýşöhle babasy öýüne ugrady. Sibir bilen Päkine bike elinde közli mejimäni göterip barýan Aýşöhläniň yzyna düşdüler. Oguz yrymy boýunça bu alaw bolup giden Aýşöhle üçin ata-enesiniň ýüreginiň közi diýildigidi. Közüň depesindäki alaw bolsa, hana, birneme yzrakda pişme murtuna öwran-öwran tow berip duran, ýaşy birçene barsa-da, ýaş ýigdekçe ýaly görünýän, ýaş ýigdekçe deýin hem geýnen Döwbasan bolmaly. Köz deýin gyzyl gül ýapraklary Aýşöhläniň üstüne seçelenip gidip otyrdy. Ol seçelenýän gyzyl köz gülleriniň üstüne Aýşöhle gelniň ajy gözýaşlary dökülip, küle öwrüp barýar. Aýşöhle bir aý bäri her gün, her dem ýatlan, Peleň bilen tanşan mährem geçelgesine geldi. Eý, Göktaňry, öňki otagynyň ýürege şeýle ýakyndygyny! Otagyň içinde hiç bir zat üýtgemändir. Göýä Aýşöhle bu otagdan ýap-ýaňy çykyp giden ýaly. Aýşöhle gidensoň bu otagy Mähriban eýeläpdi. Onuňam bar arzuwy Aýşöhlä meňzemek! Aýşöhläniň arzuwy bolsa, uýasy Mähriban deýin bigaýgy ýaşamak. Iki uýanyň biri-birine gözleri gidýär. Olaryň hersi özüni bagtsyz, uýasyny bagtly hasaplaýar. Haýsynyňkynyň dogrudygyny diňe Göktaňry bilýär. Aýşöhle otagynda bir meýdan öz-özi bilen galdy. Ýogsam bu ojakda ýüregini ynanan akgyzlary daş işikde onuň bilen iç döküşmek üçin garaşyp durlar. Wah, Aýşöhle öwrenişen akgyzlaryndan ýekeje pursadam aýry düşesi gelenok. Ýöne, ähli islegiň bolup durmy näme?! Onda-da naçar bolsaň! Döwbasan: «Aýşöhle, näme isleýän bolsaň, çekinmän aýt, seniň islegiňi bitirmek meniň üçin parz. Sen näme isleseň, dessine şol islegiň biter» diýip gaýtalamagy gowy görýärdi. Hernäçe gaýtalasa-da, Döwbasan ähli zady öz isleýşi ýaly edýär. Bu şeýle bolmaly hem. Döwbasanyň şeýle edýändigi, bal kölüni wada berip, dadymlyk baly görkezmeýänligi üçin adamsyndan Aýşöhle göwün-garyn edip oturanokdy. «Erkek şeýle hem bolmaly» diýip, ol öz-özüne teselli berýär. Aýalynyň sözüni tug edinse, aýaly näme diýse, şol diýlen sözi her edip-hesip edip ýerine ýetirmäge çalyşsa, onda ondan göktürkmen ýigidi, göktürkmen äri bolmaz! Oňa erkek kişi diýip bolmaz. Beýle ýigidiň başyna gyzyl çeçek. Göktaňry erkek kişileri biçak söýüpdir, adam Göktaňrynyň söýgüsinden döräpdir. Aýaly hem söýgüsinden, ylhamyndan ýaradan Adamynyň hyzmatynda goýupdyr. Zenanyň bu dünýä gelip etmeli işi erkege wepaly, sadyk hyzmat etmek. Göktaňry aýala şeýle diýipdir: «Men adamy öz ylhamymdan döretdim. Ähli zady Adam üçin ýaratdym. Çölleri, düzleri, tokaýlary, haýwanat, ösümlik gözelliklerini — ähli zady Adamyň hyzmatynda goýdum, goý, olar Adamyň göwnüni götersin. Adamyň içi gysmasyn diýip ýaratdym. Adamy bu dünýäniň patyşasy edip ýaratdym. Senem Adama hyzmat et! Adamyň bagty bol, göwnüni göter» diýip wesýet edipdir. Onsoň, aýal öz aýal ornuny bilmelidir. Göktürkmen äri şu zatlary bilmelidir. Bilmän niçik aýalyna erkini aldyrsa, şol äri itiň metdi-masgarasy edip, obanyň içinden uzynly gün aýlapdyr. Aýalyna hökümini ýöredip bilmedik göktürkmen ärini il öňünde kyrk gamçy urup masgaralapdyrlar. Her kim öz ýerinde bolmaly. Men juda owadan, Göktaňry tarapyndan ýalkawly diýip Aýşöhle öz ornuny unutsa, onda onuň görkli Aýa hyýanat etdigi bolar. Onda onuň ýaramaz aýal boldugy bolar. Durmuşa çykyp, Aýşöhle, ine, şu zatlar hakda oýlanýardy. Erkek ömrüni bir ömür bilen ýaşaýar. Ömrüni özi kesgitleýär, ykbalyny özi kesgitleýär, ýöne her är ýarylmadyk garpyz. Ol ýarylmadyk garpyzyň içini kim bilýär?! Bir zat welin aýan: şol ýarylmadyk garpyz reňki aýaldan alýar, şol ýarylmadyk garpyz şirin-şekerligi aýaldan alýar. Aýşöhläniň aňynda köwsar urýan set müň pikiriň uşlyby, öňki gezekdäkiler deýin, ýene Peleň baradaky pikire sapyldy. Hanana gelmegi bilen onda Peleňi görmek mümkinçiligi döräýen ýalydy, hut ýakyn pursatda onuň bilen ýüzbe-ýüz bolaýjak ýalydy. Ine, onuň geýen egin-eşikleri! Ol daşarak seretdi. Derwezäniň öňündäki mähelle egsilmändir. Aýşöhläniň göwni ala meýdan küýsedi. Şuňkar bedewini segredip, säpjedip beýigi-pesi, gül-gunçaly al-elwan sährany dilim-dilim edip çapasy geldi. Ýüzüni şemala dildirip, başyndaky elwan ýaglygyny şemala parladyp çapasy geldi. Aýşöhle ýaglygynyň pasyrdysynyň manysyny mydama okamak islärdi. Ol şol pasyrdynyň näme diýýändigine bu gün düşündi: ýaglyk pasyrdap: «Peleň! Peleň!» diýýän eken. Wagt geçýär welin, köp zatlara has açyk düşünýärsiň. Aýşöhle ömrüniň geçen süýji günlerini birin-birin göz atuwyndan geçirdi. Hana, kyrk öwüşginli älemgoşar düşelen sähra. Aýşöhle hyýalynda bu sähradan Şuňkary bilen okkesdirme geçýär. Peleňi agtarýar. Öňler ylla ýaglygyň dillenmesini eşidýän deý garaşylmadyk öwrümden Peleň dor bedewiniň boýnuny talawladyp çykardy. Şeýle bolardy! Hakyt şeýle bolardy! Aýşöhle ýene ümdüzine tutduryp gidesi geldi, ýöne gele-gelmäne sähra gidibermegine babasynyň närazy bolmagyndan çekindi, derwezäniň öňünde entegem şady-horramlyk edýän adamlaryň azalmanlygyna kejebesi darykdy. Onsoňam Aýşöhläniň bedewe münüp gidibermesini adamsy Döwbasanyň hem halamazlygy mümkindi. Şu ýere gaýdyljak wagty Döwbasan Aýşöhlä: «Sen babaň öýünde bir aý bol. Onsoň, men seni uly şowhun-şagalaň bilen alyp gaýdaryn!» diýipdi. Bir aýdan gelmeli kerweniň, surnaý-kernaý çaljaklaryň, şady-horram etjekleriň, alawladyp ot ýakjaklaryň haklary öňünden tölenipdi. Bu gün ýigrimi düýe kerwen gurap gelen bolsa, Aýşöhle gelniň yzyndan kyrk düýe bilen kerwen gurap gelmekçidi. Ýüzden gowrak okly-ýaýly çawuşlar şagalaňa haýbat bermelidiler. Kyrk düýeli kerwen baranda bişirilmeli naharlary, saçaklarda goýulmaly dürli-dümen nazu-nygmatlary Döwbasan iki gün iş edinip, ýekän-ýekän gözden geçiripdi. Haýsy naharyň haçan bişirilmelidigi, düşegi nähili edip düşemelidigi, kimi nirede oturtmalydygy, hyzmatçylaryň haýsy hyzmatlary nädip etmelidigi, saçagyň haýsy ýerinde nämeleriň durmalydygy barada Döwbasan bir däl, telim ýola görkezme beripdi. Diňe bir görkezme bermek bilenem kanagatlanman, tabşyryklaryna nähili düşünendiklerini anyklamak üçin aýdan sözlerini her kime telim ýola gaýtaladypdy. Ine, bu günem Hanan geçelgesiniň adamlaryna toý beriljek. Toý başlandy asyl! Döwbasan joşýar! Ol neneň joşmasyn?! Göktaňry dünýäni aňk etjek gözeller gözelini gujagyna salansoň, heý, Döwbasan toý bermezmi? Ol Aýşöhle bilen ýaşan bir aýyny bütin ömründen lezzetli, datly duýdy. Begenjiniň çägi ýokdy. Beýle gözel üçin Döwbasan ömrüniň her bir gününde toý bermäge kaýyl. Aýşöhle barada aýdylan myş-myşlaryň — kim bu owadan, Göktaňry ýalkawly gyza öýlense, şol kişiniň aşa bagtly, mertebeli boljakdygy, baýlygyň öýüne güzer saljakdygy, eger garry bolsa, onda ýigrimi bäş ýaşly gerçege öwrüljekdigi, başyna baran işleriniň şow aljakdygy hakdaky ähli myş-myşlaryň hakykatdygyny gözi bilen gördi. Toýdan bolsun! Aýşöhle akgyzlar bilen ýekän-ýekän gujaklaşyp görüşende Peleň barada soramaga ýetişipdi. Akgyzlar hem Aýşöhläniň şu sowaly bermegine garaşýardylar. Ýöne olarda Aýşöhläni begendirer ýaly hiç hili habar ýokdy. — Siz Ýekepetdä baryp gördüňizmi? — Baryp gördük. Ol ýerde ýok. — Siz at çapdyryp baransyňyz, ol ýerde sähel salym garaşmanam gaýdansyňyz. Ol: «Sen maňa şu ýerde garaş, men ölem bolsam, şu ýere gelerin» diýdä. Peleň erkek kişi. Erkek kişi söz berdimi, gutardy. Ol öler-ýiter sözünde durar. Bilýäňizmi näme, akgyzlar men Peleňi gördüm, hakyt gördüm. — Nirede? — Suwuň ýüzünde gördüm. Enehudaý maňa Peleňiň nirede durandygyny görkezdi. Suwuň ýüzünde hakyt gördüm. Ol şol duşuşýan ýerimde irikgä bolup duran eken. Ol diri eken. Akgyzlar, Peleň diri eken. Men ony gördüm-ä. Döwbasanyň Hanana getiren iki sany guly Peleňi öldürmän eken. Ol gullary nähak öldüripdirler. Ol gullar, belki, başga birini öldürendirler. Peleň Hindistana-da gitmändir. Men baryny suwuň ýüzünde oraşan gördüm. Ynha görersiňiz, Peleň görgüli Ýekepetdede sargaryp-solup durandyr. Bu sözleri akgyzlar bir däl, iki däl, örän kän gezekler eşitdiler. Ýöne akgyzlaryň ellerinden gelýän näme bar? — Kimdir birini hakyna tutup, «Gözle» diýmeli ekeniňiz — diýip, Aýşöhle akgyzlara nägilelik bilen bakdy. — Peleň habar iberipdir. — Nähili habar?! Ony nä aýdaňok? Habaryňy satyn almalymy? Akgyzlar biri-biriniň ýüzüne soragly bakdylar. — Menden hiç zat ýaşyrmaň! Ajy habaram bolsa aýdyň. — Bikäm, sen suwuň ýüzünde Peleň bilen duşuşan günleriňi oraşan görüpsiň. Şol geçen günleriň ýadyňa düşendir. Aslynda, Peleň Hindistana gidipdir. «Men Hanana dolanjak däl» diýipdir. «Ömrümi Hindistanda geçirjek. Meniň bu ýerde ýaşaýşym gowy. Meni hiç kim alada etmesin» diýip habar iberipdir. Bir atly bezirgen ýörite gelip, şu zatlary bize aýdyp gitdi. — Ol näme üçin geljek dälkä? — Aýdyşlaryna görä, Peleň Hindistanda öýlenipdir — diýip, Aýsuluw ýuwaşja, gorka gürledi. — Ýaşaýşam erbet däl ýaly. Bir baý bezirgeniň gyzyna öýlenipdir. Şu ýerden geçip barýan bezirgeniň oňa syny oturypdyr. «Meniň bilen git, meniň baýlygyma, gyzyma eýe bol, men garradym» diýip, derýada bezirgen Peleňe aýdypdyr. Erkeklerde nä messep barmy?! Peleňem derrew razy bolupdyr. Bu sözler Aýşöhläniň öň telim ýola eşiden sözleri. Ol bu sözleri enesindenem, akgyzlaryndanam, Döwbasandan hem, Patyşagül bilen Galamgaşdanam telim ýola eşidipdi. Ýöne Aýşöhle bu sözlere teý ynanyp bilenokdy. Aýşöhle Peleňi özüne aşyk bolmaga, lebiz bermäge mejbur etmedi. Peleňiň özi lebiz etdi. Lebzinde durup bilmedik adamyň binamys saýylýandygyny, munuň ölümden hem çökder etmişdigini Peleň bilýär ahyryn. Ol lebzini yzyna almak islän bolsa, Aýşöhle oňa zor salyp durmazdy ahyryn. Gaýa-gopuz ýok ýerden Peleňiň Hindistana gitmesi Aýşöhläniň akylyna syganokdy, bu habara hi-iç ynanyp bilenokdy. Aýşöhle Hanana Peleň hakda düýpgöter täze habar eşiderin diýen inçe umyt bilen gelipdi. Ýöne bir oýnam söz Aýşöhläniň bir aý gursagynda ezizläp saklan umydyny wes-weýran etdi goýberdi. Bu habara onuň ýürek-bagrynyň dilim-dilim, kesim-kesim boljagyny akgyzlar bilip durlar. Ýöne bilseler nätsinler?! Wah, özlerinde gudrat bolanlygynda öz şirin janlaryny berip, Peleňiň jany bilen çalşyp berjeg-ä olar! Aýşöhläniň gaşynyň ýeke gezek çytylmazlygy üçin hiç hili ýowuzlykdan eýmenjek däller-ä olar! — Ýalan! Bar aýdylýan gürrüňler ýalan! — diýip, Aýşöhle çirkin-çirkin gygyrdy. — Siz şu ýalana-da ynanýarsyňyzmy? Adam bu dünýäde biçäre! Aýal maşgala bu dünýäde iki esse biçäre! Aýşöhle ýumşajyk düşegine özüni goýberdi. Elleri bilen ýüzüni örtdi. Hyýalynda Peleň bilen gürleşmek, duşuşmak isledi. Ylla daşardaky şowhun-dabaradan heder edýän ýaly, bu gezek Peleň adatdakysy ýaly, Aýşöhläniň hyýalynda ýylgyrjaklap peýda bolaýmady. Peleň kimden heder edip busýarkan?! Hiç bir zatdan, hiç kimden, heder-gorky etmeýän Peleňiň bu wagtky beýle ýygralygy näme üçinkän?! Eý, hezreti Göktaňrym! Maňa ýekeje sapar Peleňi görkez. Soň men hiç wagt Peleňi görkez diýip towakga etmäýin. Indi men öňki Aýşöhle däl-ä! Indi men Peleňiňki däl. Indi men Döwbasanyňky, indi men Döwbasanyň tokal hatyny. Bu meniň ykbalym. «Sen mertebeli bolardan juda owadan» diýip babam örän rast aýdan eken. Göktaňry iki mertebäni bir adama bermeýär. Görk berse, mertebe bermeýär, mertebe berse, görk bermeýär. Men öz ykbalyma, täleýime enemiň aýdyşy ýaly, kaýyl bolmaly. Mende ikinji bir ýol ýok. Eý, gökleriň eýesi hezreti Taňrym! Meniň ýüregim ýyrtylyp barýar. Meniň Peleňi şeýle bir göresim gelýär. Maňa Peleňi iň soňky gezek görkez! Soň menden beren amanat janyňy alaý, eý görkli Göktaňry! Men senden köp zat towakga edemog-a! Men Zemmde bolan bir aýymyň içinde Peleňi görerin, Peleň geçelgä dolanandyr diýen gyldan inçe umyt bilen ýaşadym! Men bu ýerik kejebä däl, Peleňi görerin, onuň ýeke ýylgyryşyny synlap mährimi gandyraryn diýen şol gyldan inçe umyda münüp geldim-ä men. Sen bu zatlary bilýärsiň, eý görkli Göktaňrym! Ýüregimde inçe bir yş bar, umyt bar. Şuňkar bilen sähra çyksam, adatça, öňki öňümden çykan ýerinden Peleň ýene ýylgyrjaklap çykaýjak ýaly bolup dur. Men näme üçin hakyt çykjagyny bilip durkam, «çykaýjak ýaly bolup dur» diýýärin?! Peleň hökman çykar. Çünki ol Peleň! Peleň hökman çykar. «Aýşöhle, saňa näme boldy? Men saňa ynha indi şo-ol soňky gezekki duşuşykdan bäri şu ýerden butnaman garaşyp otyryn. Şu ýerden sähel aňry gitsem, men seni görmän, ät galaýjak ýaly bolup otyryn. Men şu ýodajykdan gözümi aýyrman, ýoluňa, didaryňa intizar bolup otyryn» diýer. Hawa, hawa, Peleň hakyt şeýle diýer. Onuň janykmasyny diňläp Aýşöhläniň göwni göteriler. Aýşöhle bir hakykaty magat bilýär: Peleň bilen gürleşensoň, ol uçjak guş deýin galkyjaklaberýär. Onuň göwni galkýar, özüni juda mertebeli duýýar. Akgyzlar oňa: «Sen öňkiňden hem gözelleşdiň» diýýärler. Söýülýän gyz owadandyr. Söýülýän gyz mertebelidir. Gyz gözelligi söýgüdedir. Gyz gözelligi söýülýänligindedir. Diňe bir gyzmy? Söýülýän ýigit hem özgelerden parhlydyr, söýülmek görk-nuranalyk berýär. Söýgi ganat berýär. Söýülýän kişi, söýýän kişi gudratlydyr. Söýülýän, söýýän ýürek uçýar. Söýýän, söýülýän juwanlar üçin ýaşaýyş, durmuş älemgoşardyr, gözeldir. Her gezek Aýşöhle Peleňi görende dünýä has owadanlaşýar. Aýşöhle geljeginiň has nurana, has togsana, has bagtana bolmagyny isleýär. Diňe bir islegmi? Ýok, ol ykbalynyň has owadan boljagyna ynanýar, şu ynam ahyryn onuň ýaşaýşyna tükeniksiz daýanç-güýç berip ýören gudrat. Peleň juda batyr, mert, daýaw ýigit. Ol Bumyn hanyň söweşlerine gatnaşyp ölmez-ýitmez güýje öwrülip geldi. Ol Göktaňrydan mertebe donuny geýip geldi. Onuň janyna kast edip biljek güýç ýok. Ol deňsiz-taýsyz pälwan. Ol hökman diri bolmaly. Onuň bilen darkaş gurup, ýeňip biljek adam ýok. Onuň ýagysy ýok. Onsoň, ony näme üçin öldürsinler? Aýşöhle mydama öz-özi bilen gürleşýär, çyr-çytyr özüni köşeşdirmäge çalyşýar. Köşeşdirýärem, ýöne uzak wagt geçmänkä howsala onuň erkini ýene basmarlaýar. Onsoň göýä demligi tutulýan dek düýrügýär. Demi-demine ýetmän sojaýar. Atylyp daşary çykýar. Her kim bir iş bilen gümra. Adamlaryň nazarlarynyň özünde eglenmezligi üçin Aýşöhle ýene içeri girýär. Ol Peleň bilen sährada ylgan pursatlaryny ýatlamaga başlaýar. Ine, oňa bu dünýädäki ýeke-täk teselli berýän ýatlama. Özge ýatlamalaryň hiç biri-de, sähra ýatlamasy deýin ony imrikdirip bilenok. Aýşöhle, köplenç, Peleňiň yzyndan kowardy. Sebäbi Peleň her gezek Aýşöhläniň başyndaky kümüş çyzmygyny alyp gaçardy. Aýşöhläniň kümüş çyzmygyny, elwan ýaglygyny alyp gaçmak Peleňiň iň eý görýän hezilligidi. Şol saçdaňyny kakyp alansoň, Peleňiň göhi gelip, Aýşöhläniň öňünden böküp-böküp gaçardy, «Yzymdan ýetseň bereýin» diýip, pyrlanyp-pyrlanyp gaçardy. Peleň Aýşöhläniň gaty ylgamagynam isläp barmaýan ýaly, onuň daşyndan aýlanardy. Soňundan Peleň mugyra gelerdi: — Bolýar, bolýar, Humaý, meniň özüm geýdirip berjek çyzmygyňy, bolýarmy? Bilýärsiň-ä, meniň çyzmyk geýdirmäge ökdedigimi! — diýip, Peleň birden Aýşöhläni biynjalyk edäýmäýin diýýän dek, örän seresaplylyk bilen Aýşöhläniň çyzmygyny galgadardy. Aýşöhläniň seçelenip duran altynsow saçlaryny barmaklary bilen daraklap ugrardy. Saçlary çugdamlap öz boýnuna orardy. — Humaý! Sen hiç bir ýüpsüz meniň boýnuma şeýdip rişde salandygyňy bilýärsiňmi? — Ýo-ýo, bilemok. — Bilmeýän bolsaň, bil, seniň mähiriň meniň boýnuma edil saçlaryň deýin oralan. Men indi bu mähirden halas bolup bilmeýärin. Asyl, halas bolmak-da islemeýärin. — Nämeler diýýärsiň? — Seniň edil saçlaryň deýin ykbalyma dolaşmagyňy isleýärin, seniň bilen ömürlik bile bolmak isleýärin. — Näme diýýärsiň-ä? — Saçlaryň bilen boýnuma arkan saldyň, indi men seniň guluň, haýsy tarapa ugrasaň, men seniň ygtyýaryňdaky guluňdyryn. — Sen meniň gulummy? — Elbet, guluň! Aýşöhle mertebeden serhoş bolan ýigide mähir bilen bakyp: — Saçymdan gatyrak çeksene! Agyrtsana! — diýerdi. — Agyrtsana?! Ýok, ýok, agyrdyp bilmerin. — Peleň, agyrdaý-da, gatyrak çekäý-dä! Çekip agyrtmagyňy isleýärin-ä men. Peleň çekenden bolýardy, ýöne agyrdar derejede çekip biljek däldi, muňa ýüregi üzüm-üzüm boljakdy. Aýşöhle giň otagynda oýa batyp oturyşyna gapdalynda ýatan zülelwan daşyny ikinji zülelwan daşyna birki ýola urdy. Zülelwan daşynyň çakylyk daşy diýen ady hem bar. Çünki bu daş biri-birine urlanda ýiti ses çykarýardy. Şeýle bolansoň, han-begler daşardan hyzmatkärlerini çagyrmakçy bolanlarynda bu daşlary biri-birine urardylar, daşardaky hyzmatkärlerini çagyrýardylar. Bu daşy köp kişi öýünde saklaýardy. Zülelwan daşynyň köp öýlerde saklanmagynyň esasy sebäbi bardy. Mör-möjekler, ýylanlar bu daşyň bar ýerine barmaýardylar. Zülelwan daşy kakylansoň, çakylyga mähetdel akgyzlar kürsäp içeri girdi. — Peleňden näme habar? Akgyzlar serpmeden gaýdana döndüler. Olar bilen gujaklaşyp salamlaşyp, salamdan soňky ilkinji sözi «Peleňden näme habar?» bolupdy. Olar hernäçe agyram bolsa, Peleň hakda näme eşiden bolsalar, baryny gürrüň beripdiler. Mundan sähel salym öňki sowalyň ýene gaýtalanmagy akgyzlary çykgynsyz ýagdaýa saldy. Indi näme jogap bermeli? Hälki jogaby gaýtalamalymy? Ol sözleri Aýşöhle eşitdi ahyryn. Belki, ol başga jogap isleýän bolaýmasyn?! Görgüli akgyzlar ellerinden gelýän zatlary bolmasa nätsinler?! Akgyzlar bu gezek hiç zat aýdyp bilmediler. Biri-biriniň ýüzüne bakyşyp dymdylar. Akgyzlaryň dymmasy Aýşöhläniň öňem dar dünýäsini iňňäniň gözüne dönderdi. — Ýekepetdä baryp gördüňizmi? Aýşöhläniň bu sowaly-da akgyzlar üçin garaşylmadyk sowal boldy. Olaryň birem Ýekepetdä baryp, Peleňi agtarmalydyram öýtmändi. Asyl, ony ol ýerden agtarmagyň manysy ýokdy. Durmuşa çykmazyndan öň, Peleň gürüm-jürüm boldy diýlenden soň, gör, näçe gün Aýşöhle bilen şol duşuşylýan öwrüme baryldy, gör, näçe gün şol öwrümde Peleňe garaşyldy, gör, näçe gün Aýşöhle şol öwrümde akgyzlar bilen gözýaş dökdi — Peleň ol ýerde gara bermändi ahyryn. Döwbasan begem gudaçylyga Peleň gürüm-jürüm bolandan soň ýarym ýyl garaşyp gelipdi. Ýarym ýyl! Toýdan soňam bir aý wagt geçdi! Heý, şondan bärem Ýekepetdede Peleň durarmy?! Ýeri, muňa näme diýip, näme aýtjak? Peleň diri bolanlygynda Hindistana gidenem bolsa gelerdi. Sebäp, Peleň Aýşöhläniň didaryny iň bolmanda, uzakdan tomaşa edip, mährini gandyrmasa, oňup biljek ýigit däldi. Eger ol diri bolanlygynda Sibir begiň öýüniň daş-töweregini torç ederdi. Ol bir bela-betere ýolugan bolarly, ýogsam hökman gara bererdi. Birsalym ümsüm oturan Aýşöhle kesgitli gürledi: — Argamaklary taýýarlaň! Aýşöhläniň bu sözi-de akgyzlar üçin garaşylmadyk tabşyryk boldy. Aýşöhle uzak ýol söküp geldi. Ýadandyr. Bir gün dynç alyp, ertir çykylsa-da bolar ahyryn. Onuň üstesine-de, Döwbasan derwezeden çyksaň, hökman görer. Ol görmese-de, onuň adamlary görer, dessine-de Döwbasana habar bererler. Yzyna düşerler. Durmuşa çykan gelin öňki söýüşen ýigidiniň gözlegine çyksa, bu gowulyk bilen gutarmaz. Bu zatlardan ganyň ysy gelýär. — Bikäm!.. — Bikäm, töwekgellik etme! Bir aý wagtymyz bar. Ertir gidäýeli. Häzir ähli kişi derwezäniň öňünde — meýdançada toý toýlaýar. Toý sowulsyn — diýip, Aýsuluw özelendi. — Bir aý mensiz ýaşap akyllanaýdyňyzmy? — Saňa bir zat bolmagyndan gorkýarys. — Men Peleňi, hiç bolmanda, ýekeje gezek görmek isleýärin, düşünýäňizmi? Görkli Aý maňa kömek eder! — Bu günler görkli Aý günortada, daşda. — Görkli Aý meniň üçin daşda däl. — Düşünýäris, bikäm, düşünýäris, ýöne şu toý güni hiç zat etmäli! — Meniň ýüregim agzymdan çykyp barýar, men hiç-hiç aglap bilemok. Eşidýärsiňizmi? Bu ýalançy dünýäniň nähili gurulmalydygyny, nähili bolmalydygyny, nähili ýaşamalydygyny, nähili gatnaşyklaryň edilmelidigini görkli Göktaňra salgy beren zenanlar bolsa gerek. Olar isleseler, mümkin däl zadam çepbe çöwrüp bilýärler, olar isleseler, meger, ölini-de direldip bilerler. Ýöne ölini direltmek pikiri olaryň kellelerine gelenok, ölini direltmegiň çynlap ugruna çykanok olar, ýogsam hökman bir yş tapardylar. Ine, Aýşöhläniň perişanlygyna dözmän, akgyzlar bir çykalga tapdylar. Olar gitdiler-de, iki sany erkek kişiniň geýmini getirdiler. «Hemmämiz jemlenişip gitsek, adamlaryň gözüne ileris, şonuň üçin Aýşöhläniň ýanynda diňe bir akgyz gitsin» diýip, Çeçeknäz her kimiň etmeli işini nygtaýar. Zenan islese, serke sagyp süýt berer!2 Aýşöhle biçak gyssanýardy. Sebäp Zemmde geçiren her gününde şu ýere gelen dessine Peleňiň gözlegine çykmak, ony tapyp didarlaşmak, ykballarynyň ters gelendigini aýdyp hoşlaşmak, soň hem bu dünýä bilen hoşlaşmak pikiri onuň aňynda terslin-oňlyn telim ýola gaýtalanypdy, ol pikir bu mahal has möwç alyp, kalbynda tüweleý turuzýardy. Ol bu gelen netijesini ýeke-täk dogry ýol-çykalga hasaplaýardy, ömrüni babasyndan-da ýaşy uly başga kişi bilen geçirmek islänokdy. Ýok, ýok, onuň Döwbasana hiç hili dil ýetiresi, ony günäkärläsi gelenokdy. Belki, ol gowy adamdyr, basdaşlary Galamgaşam, Patyşagülem Döwbasanyň waspyny ýetirýärler. Dogrudyr, goý, gowy adam bolsun, ýöne, barybir, ol Aýşöhläniň göwünsöýen adamy däldi. Döwbasan Aýşöhläni biçak söýýär, ony aýasynda göterýär, ol dile çeper, ol Peleňiň aýtmadyk gowy sözlerini aýdýar, owadanlygyna tagzym edýär. Gör-ä ol: «Humaýsyz ömür maňa gerek däl» diýip, özüni ile-güne metdi-masgara edip, Sibir begiň işiginde bäş günläp oturdy. Bäş günläp oturdy! «Maňa Humaýsyz ýaşaýyş gerek däl» diýdi. Hakyt şeýle diýdi. Diýen sözünde-de durdy. Tä Sibirden, Aýşöhleden razylyk alýança derwezäniň öňünden hiç ýerik hem gitmedi. Birniçeler onuň perişan halyna gyýlyp, aşagyna düşener ýaly düşek eltseler, almady. «Ajygansyň, naharlan» diýip tagam eltseler-de iýmedi. «Maňa Aýşöhleden başga hiç zat gerek däl» diýdi. Ol ähli baýlygyny, ähli malyny-mülküni, begligini inkär-terk etdi. Ýogsam ol bu derejä ýetjek bolup köp-köp külpetleri başdan geçiripdi. Bumyn han ýogalandan soň galan ömrüni zowky-sapada geçirmek üçin Zemme gelipdi. Ol geçen ömrüni unutmak, diňe Humaýly dünýä bilen ýaşamak isleýärdi. Döwbasanyň bu bolşy kime düşnüklidi, kime düşnüksizdi. Onuň aňynda diňe Aýşöhle bardy. Ol hakykatdan hem Aýşöhläni söýdi, öňünde ýalňyz maksat goýdy. Gije-gündiz Göktaňrydan isleginiň wysal bolmagyny dileg etdi, Göktaňry onuň islegini wysal etdi. Diňe ýürekden islemek gerek! Kim ýürekden islese, gökleriň eýesi Taňry şol adamy wysala ýetirýär. Ýürekden isläp, Döwbasan wysala ýetdi! Ýürekden isläp, Aýşöhle-de hökman maksadyna ýeter, hökman ýeter! Döwbasan bu gün uçaýjak bolýar. Ol begenýär, begenjini ilden gizlejek hem bolup duranok. Onda ýaşyryn zat ýok. Ol açyk ýaşaýar. Döwbasan Aýşöhläni aýasynda göterýär. Mydama onuň göwnüni götermäge çalyşýar. Aýşöhläniň ýekeje ýylgyryşy üçin hiç hili kynçylykdan eýmenmeýär. Döwbasan Hanan begligini Şambala3 diýip atlandyrýar, diňe Döwbasan däl, geçelgeden geçip gidýän köp-köp kişiler edil dilleşen ýaly, geçelgäni Hanan diýip däl-de, Şambala diýip atlandyrýardylar. Geçelge Döwbasanyň biçak hoşuna gelýärdi. Bu ýerde adyny tutan zadyň bardy. Dünýäniň söwdasy şu geçelgeden ýol salansoň, göze ýakymly zatlary hananlylar bezirgenlerden hyzmatlary üçin alyp galýardylar. Diňe bir ýerli ilat däl, gullar hem bolçulykda, elpe-şelpelikde ýaşaýardy. Bu ýeriniň tebigatam hoşuňa gelerliklidi. Begligiň üç tarapy tokaýlykdy, dördünji tarapy derýady. Her hili ýabany haýwanlar-keýikler, sugunlar hananlylardan gorky-ürküsiz sonarlaşyp ýördüler. Awçylar geçelgäniň töwereginden däl-de, bir agaç uzaga gidip owkatlyk getirerdiler. Haýsy ýere barsa, adamlar Döwbasana gadyr-hormat goýýardylar, oňa ýaranmak isleýärdiler. Döwbasan geçelgä peýwagtyna aýlanmagy, tokaýa gezelenç etmegi gowy görýärdi. Ol Aýşöhlä göwünlik berýärdi. Ony täze ýaşaýşa gözükdirmäge çalyşýardy. «Ähli zada öwrenişip gidersiň» diýýärdi. Bu sözleri babasy-da, enesi-de gaýtalaýardy, özgelerem gaýtalaýardy. Dogrudyr, ýöne Aýşöhle bu jahanda diňe bir ömri saýlapdy. Şol saýlan ömri boýunça-da ýaşasy gelýärdi. Onuň saýlan ömri Peleňli ömürdi. Ol indi uzak ýaşaryn öýdenokdy. Ölümine demsaýyn garaşýardy. Ölüm oňa gorkunç däldi, onuň üçin gorkunç ýeke-täk bir zat bardy. Ol hem Peleňi görüp bilmezlikdi. Wah, onuň häzirki bar islegi-maksady Peleňi ýekeje gezek görmekdi, onuň bilen hoşlaşmakdy. Ol indi ölümi adaty bir zat hasaplaýardy. Aýşöhle öz ýanyndan bu dünýä bilen nädip hoşlaşmalydygynyň pikirini edipdi. Altyn saply şeşperini ol pynhan saklaýardy. Käteler ýeke galan pursady gizläp goýan altyn saply şeşperini çykaryp, nädip özüne kast etjekdigini ölçäp-çenäp görýärdi. Şeşperini ýüreginiň üstünde goýup oýa batýardy. Jan süýji! Ýöne seni zenan edip dünýä inderen görkli Aý maňlaýyňa haýsy kysmaty ýazsa, şoňa hem kaýyl bolmaly. Görkli Aý dönükligi bagyşlamaz! Görkli Aý hiç zady unutmaýar. Altyn saply şeşperiň ýürege ýetmesi üçin Peleňiň didaryny ýekeje gezek görmek, onuň bilen hoşlaşmak gerekdi. Peleňe öz düşen kysmatyny aýtmak gerek. Peleňiň didaryny ýekeje gezek görmek gerek. Ýekeje gezek! Ýekeje! Eý, gudraty güýçli Göktaňry! Ýekeje gezek! Men öz düşen günümi Peleňe düşündireýin. Goý, ol men hakda nädogry pikirde bolmasyn... IKINJI BOÝ ERKIŇ — HÄSIÝETIŇ, HÄSIÝETIŇ — ÝAZGYDYŇ Aýşöhle erkek eşigini geýdi, başyna ullakan telpegi omrakaý çümrüp, aşak bakyp, Aýsuluwyň yzyna düşdi. Geçelgäniň daşynda öňden taýýar edilen atlara münüp, «iki ýigit» ümdüzine düz gitdi. Aýşöhle biçak howlugýardy. Göwnüne, şol adaty duşuşylýan ýerde Peleň şindizem irikgä bolup, garaşyp duran ýalydy. Garaşmakdan ýaňa halys usurgan Peleň ynha-ynha Aýşöhläniň öňünden ýylgyrjaklap çykaýjak ýalydy. Garaňkylykda köp zatlary saýgaryp bolanokdy. Ýöne argamaklar nirä barmalydygyny bilýärdiler. Şeýle-de boldy: iki argamak Aýşöhle bilen Aýsuluwy Ýekepetdä getirdi. Argamaklar aýak çekdi. Garaňkylyk. Sähranyň jana ýakymly şemaly bar. Bu jana ýakymly şemal älemdäki bar hasaplanýan otuz iki şemalyň içinde iň ýakymlysy bolsa gerek. Asudalyk. Ýekepetdäniň ýapraklary şemala şypyrdap ses edýär. Aýşöhle esli salym sähra, töwerek-daşyna diň saldy. Töwerek-daşyna çiňerilip-çiňerilip seretdi, ýöne hiç bir zady saýgaryp bilmedi. Aýşöhle ilki pessaý: — Peleň! — diýip gygyrdy. Soň gaty-gaty gygyrdy. — Peleň! Peleň. Bu men — Aýşöhle! Men geldim! Peleň! Peleň görünmedi, jogap-da bermedi. Aýsuluw-da Peleňiň adyny tutup gygyrdy. Olar uzak garaşdylar. Töwerek-daş Aýşöhlä ýardam berdi: onuň her bir sözi ýalaňaç sährada ýaňlanyp gaýtalandy. Sesler töwerege ýaýrap, Peleňi beýikli-pesli depeleriň arasyndan agtardy. Belki, Aýşöhläniň sesine ses goşmak isländir, belki, Peleň hakda nämedir bir zat aýdýandyr, alysdan şagallaryň uwlamalary garaňkylygyň rahatlygyny bozdy. Ýakyndan hem bir ýyrtyjynyň uwlamasy eşidildi. Duranlar ol sesiň haýsy ýyrtyjynyň sesidigini anyklap bilmediler. — Biz bu ýerik gündiz geleli — diýip, Aýsuluw Aýşöhlä ýüzlendi. Aýşöhle akgyza hiç zat diýip jogap bermedi, ol Peleňiň seslenerine yhlas bilen garaşdy. Uzak garaşdy. Peleň welin, ne seslendi, ne geldi. Ýokdy. — Ýok!.. — diýip, Aýşöhle ahmyrly pyşyrdady. — Men aýtdym-a ýok diýip! Gideli, eýýäm bizi gözleýändirler. Olar lapykeç halda yzyna dolandylar. Aýşöhläniň gözüne uky gelmedi: ol daňyň ataryna garaşdy. Onuň göwnüne bolmasa, daň atsa, sähradan Peleňi tapyp bolaýjak ýalydy. Ol daň bilen Ýekepetdäniň ýanyna gitmekçidi. Ýöne sypynyp bilmedi. Gün günorta sananda Aýşöhle adamsyndan izin alyp, sähra çykdy. Geň, geçen bir aýyň içinde Gün sähra güllerini ýakyp-ýandyryp taşlapdyr: güller gurapdyr. Torgaý guşlar jürküldeşip iki atlynyň ýüzin salyp barşyny biri-birine habar berýärdiler, bir süri guş bolsa, göktürkmen bedewi bilen ýaryş gurnaýan dek, olaryň depesinden kä deňeçer, kä öňde uçup barýardy. Aýşöhle her gezek Peleň bilen duşuşan ýerine — her gezek duýdansyz durka öňünden zompa çykýan depesine ýakynlaşdy. Ýakynlaşdygyça ýüregi içde takat tapman, atylyp daş çykaýarlydy: gürsüldisi barha artýardy. «Peleň Aýsuluw ikimizi tanaman, birden bukulaýmasyn?!» diýen howatyr bilen Aýşöhle kellesindäki omrakaý çümren telpegini ýere pyzyp goýberdi-de, altynsow saçyny seçelendirdi. Atyň üstünde üzeňňä galyp, daş-töweregine mukyt göz aýlady. Ine-de, Aýşöhläniň dem sanap garaşan öwrümi! Ine, onuň Peleň bilen duşuşýan ýeri! Bu ýer — eziz ýer! Bu ýer — mukaddes ýer! Bu ýer Aýşöhläniň ýüreginiň öz synasyndan aýrylyp, Peleňiň ýüregi bilen birleşen ýeri. Bu ýerde ol öz ruhuny Peleňe beripdi, bu ýerde Peleň hakdaky duýgyny, intizarlygy kalbyna salypdy. Aýşöhle üçin ýaşaýyş şu ýerden başlanýar. Aýşöhle üçin ýaşaýyş, belki, şu ýerde-de gutarýar! Bu ýerde Aýşöhle Göktaňrynyň sement atyna atlanypdy. Aýşöhläniň sement aty — yşk aty şu ýerden aýlawa goýberilipdi! Eý Göktaňry! Eý, Humaý! Eý, görkli Aý, eý, görkli Gün! Meniň sement atymyň pellehanasy nirede? Ula goýberilen sement aty nirede saklanmaly? Hany, sement atynyň taýy nirede? Aýşöhle giň meýdana ýetip saklandy. Hana, Ýekepetde! Ol hem Aýşöhle deýin ýeke-tenha! Çar ýanda iňlär siňek ýok. Bu nä beýle ümsümlik? Häliden bäri depede perwaz uran mollatorgaý guşlaram-a bu öwrüme, bu ýere geldik welin, saýramasyny kesdiler! Kim bar?! Kim bar?! Peleň, sen nirede? Peleň! Aýşöhle atdan towsup düşdi-de, töweregine garanjaklady. Giden lälezarlyk. Bu ýerde maňa Peleň garaşyp oturandyr diýen pikir Aýşöhläni heýjana saldy. Ol ikiýana ylgady. Peleň! Bu ýerde, meger, Peleň Aýşöhlä garaşyp bir aýyny geçiren bolmaly. Ine, soňky gezek Peleňiň Aýşöhläniň başyna geýdirmek üçin gülden ören jygasy... Ýene bar. Bir! Iki! ... On! Bulary Peleň Aýşöhle gelse geýdirmek üçin niýetläp ören bolmaly. Bary gurapdyr. Güllerden örülen täçler gurapdyr! Asyl bar gül-gunça gurapdyr. — Aýsuluw! Aýsuluw, görýärsiňmi, Peleň bar eken-ä! Ol maňa garaşýandyr diýdim-ä! — Dogrudanam bu Peleňiň eden zatlary bolmaly. — Eýsem näme! Eýsem näme! — Ol häzir niredekän? Aýşöhle Aýsuluwyň sözlerini gaýtalady: — Dogrudanam, Peleň nirede? Aýşöhle Peleňiň depäniň aňyrsyndan çykaryna garaşdy, uzak garaşmaga sabyr-takady ýetmedi, depä bakan ylgady. Peleň bilen ylganda depä sähel salymda çykardy. Bu gezek welin, depe tükeniksiz uzaklyk bolup duýuldy. Aýşöhle depä çykyp, Peleňiň köplenç bukulyp durýan ýerine bardy. Hana, at toýnaklarynyň torç eden oýtagy. Ol ýerde hiç kim ýok. Asyl bu jelagaýda adam-ebtat bara meňzänok. Bu gün bu ýerde Peleň ýok. Peleň, hana, şol sazaga bedewiniň rişdesini iltärdi. Bu gün bedew saklaýan sazak edil Aýşöhle deýin tukat. O müýnli ýaly bolup dur. Ýok. Peleň ýok. Ol garaşyp-garaşyp giden bolaýmasyn?! Heý aýtman, hiç hili habar galdyrman, gürüm-jürüm ýitäýmek bolarmy? Peleň, Peleň, sen nirede? Hiç bolmanda ýekeje gezek bir garaňy görkezäý-dä! Aýşöhläniň dünýäsi daraldy, onuň bar umydy puja çykdy. Peleň bu ýerde ýok ahyryn. Onda ol nirede?! Aýşöhle kemiş-kemiş etdi: — Peleň! Peleň! Sen nirede? Sen nirede, Peleň?! — diýip, Aýşöhle töweregine garanyp öwran-öwran gygyrdy. Onuň sesi sandyrap, agy gatyşykly çykdy. — Eý, Enehudaý, sen ony maňa görkezdiň-ä. Sen ony suwuň ýüzünde maňa görkezeniňde, ine, ine, hut şuş-şu ýerde durdy. Hakyt gördüm-ä! Men gözüm bilen gördüm-ä! Aýsuluw bikesine hiç hili kömek-tekge berip bilmejegini bilensoň, argamaklary saklap, başyny aşak salyp aşakda durdy. Bikesiniň birden özüni heläk edäýmesinden ätiýaç edip, argamaklaryň rişdelerini Peleňiň her gezek Garçgaýyny baglaýan äpet sazagyna iltedi-de, depä bakan ylgady. Gözýaşyna ezilen Aýşöhle Aýsuluwy garsa gujaklap, möňňüripler aglady. — Eý, meniň görkli Günüm! Howandarym! Meni ne günlere salýarsyň? Maňa seniň bu salýan sütemleriň juda agyr degýär. Görkli Gün, maňa kömek et! Eý, görkli Gün, maňa Peleňi tapyp ber. Men ýeke gezek Peleňi göreýin, ondan ötünç sorap, aýagyndan öpeýin. Ana, şondan soň men bu amanat jany birjigem gynanman saňa tabşyraýyn. Bu örtenmeleri diňlän sährany ýakyp-ýandyran, guradan görkli Gün müýnli deýin gyzardy, soňam ýüzüne bulut örtgüsini çala örtdi. Görkli Gün Peleňi gürüm-jürüm edendigi üçin utanýan dek, gyzaryp-gyzaryp, hol alysdaky alaňlaryň aňyrsynda müýnli göwresini gizledi. * * * Derýada rahatlyk ýok: ol burum bilen şogurdap-şogurdap şol bir çalt akyp ýatyr. Suwuň burum bilen şogurdap çalt akýan ýerinde asmanyň keşbini-de aýyl-saýyl görüp bolanok. Öz keşbiňi-de görüp bolanok. Derýada rahatlyk ýok. Rahatlygyň ýok ýerinde aýyl-saýyllyk hem ýok. ÜÇÜNJI BOÝ JYZLAN ÖMRI Hana, ýomçynyň geçelgäniň adamlaryny görkli Aý hezretleri bilen duşuşyga çagyrýan äpet nagarasynyň düňňürdisi eşidilip ugrady. Edil şu çakylyga garaşyp oturan dek, obaň oglanlarynyň gowury töweregi gaplap aldy. Geçelgäniň ähli adamlary öýünden çykdy. Sähel salymdan ýollar görkli Aý hezretleri bilen duşuşyga barýan adamlardan doldy. Öýünden daşaryk çykmadyk obada diňe Babyr begdi. Näsag bolansoň, ol indi köp wagt bäri hiç ýerik çykanokdy. Ýogsam Peleňiň ekip giden noýbasyny goňşular Babyr bege bişirip iýdiripdiler. Ýogsam Gaýmart beg ony öz ýany bilen obasyna äkidip mazaly ugruna seredipdi. Bu zatlardan soň ol birneme gowulaşypdy. Şeýle-de bolsa, ol öňki Babyr beg däldi, eden etmişine ökünýänligi üçinmi, ýa keselinden doly saplanyp bilmändigindenmi, garasaý, oturan ýeri özüniňkidi, gaçgyny adamlardy, içini hümledip, uzynly gün hylwatda oturmakdan irmeýärdi. Ol soňky günler täze bir nysak tapynypdy: içerde içini hümledip, daşara diň salyp oturyşyna niçik bir hümürdi ýa aýak sesini eşitdigi, towsup ýerinden galardy-da: — Peleň, Peleň, geldiňmi, oglum?! Geliber ahyryn, gaty uzak eglendiň-le?! Gaty kän garaşdyrdyň-la?! Nirelerde bolduň, oglum?! — diýip, samyrdardy. Geleniň Peleň däldigini görüp, gaty lapykeç bolardy, uludan demini alyp, öwhüldäp, hiç zat diýmän yzyna öwrülerdi. Goňşy-golamlar Babyr begiň bu bolşuna belet, şonuň üçin onuň ýanyna baranlarynda bärden gygyryp barardylar, kimdigini aýdardylar. Aňsat biynjalyk etmezlige çalşardylar. Alawhananyň öňündäki meýdandan görkli Aýa tagzymlyk dessury boýunça depilýän tebiliň zarply düňk-düňklerini eşitmese-de, haýran galmaly, öýüniň töwereginde sähel bir çygşyldy ýa aýak sesi çyksa, Babyr beg eşiderdi. Onuň aňy, gulagy özüne degişli, özi bilen baglanyşykly bolan sesleri eşidip, obanyň umumy şowhun-şagalaňlaryny, gohlaryny, möjekleriň, şagallaryň uwlamalaryny, itleriň ýabşynyşyp üýürmelerini eşitmeýärdi. Ýöne öýüniň ýakynyndan çykan aýak seslerini eşitse-de, Aýşöhläniň gapyny zarply açyp girmesini oňly aňşyryp ýetişmedi. Aýşöhläniň edil garşysynda sary-sadylla bolup durşuny saýgaran-da bolsa, onuň garşysynda durandygyny aňyna sygdyryp, aňynda aýlap bilmedi. Şol sebäpli ol esli salym Aýşöhlä manysyz nazaryny dikdi durdy. Aýşöhle öňki gezekkileri deýin, bu gezegem sesini-üýnüni çykarman gelipdi. Ol mukytlyk bilen Peleňi agtardy. Alagaraňkylykda görmeýän bolaýmasyn diýen pikir bilen seslendi: — Peleň?! Aýşöhläniň sesi agy gatyşykly çykdy. Hiç hili jogap bolmansoň, ol ýene-de seslendi. Ýene-de jogap bolmady. — Peleň, men geldim!.. Içerde Aýşöhläniň gözleýän adamy ýokdy. Aýşöhläni sesinden tanan Babyr beg zöwwe ýerinden galdy, onuň gözi ýaşly perişan halyny görüp gyýyldy. Erkek kişi-de bolsa, elinden gelýän zadyň ýokdugyna, Aýşöhlä hiç hili hemaýat edip bilmeýändigine gynanyp, ýanyp-bişdi. Ol gyzyň her bir hereketini gözüni aýyrman seretdi. Aýşöhle bolsa, Babyr bege bakyp, onuň gözlerinden hoş habar agtarýardy, hoş söz aýtmagyny isleýärdi. Wah, Babyr beg, heý-de, Aýşöhläniň gözüne ýaş aýlamagyna, aglamagyna dözjek ärmi? Wah, elinden gelse, öz janyny birjik-de emgenmän Aýşöhläniň özüni mertebeli duýmagy üçin, Peleň üçin berjek ahyryn! Mejalsyz Babyr bege niredendir bir ýerden güýç-gaýrat gelipdi. Ol öz ýagdaýyny unudyp, Aýşöhlä göwünlik-teselli bermek isledi: — Ýok, gyzym, Peleň ýok. Menem garaşyp ýatyryn. Sähel bir ses eşitsem, Peleň gelendir öýdüp, atylyp daşaryk çykýaryn. Hernäçe garaşsamam, Aýşöhle, gyzym, Peleň gelenok. — Babyr beg Aýşöhläni özüne çyn hossar saýdy. Hernäçe özüne erk etmäge çalyşsa-da, başarmady: kemlik basmarlady, ol aglamazlyk üçin hyrçyny dişledi, kemiş-kemiş edip sojady, gözýaş damjalary paýraşyp döküldi. Aýşöhle Babyr begiň bu ejizlemesini görmezlige saldy. Gapynyň sag gapdalynda ýabaly agaçdan Peleňiň sargaran1 derisinden hemem mytgal matadan edilen iki köýnegi bilen kumaç dony asylgy durdy. Aýşöhle saňňyldaýan elleri bilen köýnekleri, dony sypady. Eşikleri ysgap-ysgap ogşady, soňam bagryna basyp, uwlap aglady. Eşiklerde erkek kişiniň ysy bardy, ol ys Aýşöhlä tanyş ysdy, ol ys Peleňiň ysydy. Aýşöhle bu ysa zardy. Şu ysy küýsäp gelipdi ol. Aýşöhläniň ýüregi agzyndan çykyp barýardy. Wagt hökmürowanlyk bilen aýralygy Aýşöhläniň boýnuna goýjak bolýardy. Aýralygy — Peleňiň ýoklugyny Aýşöhläniň teý boýun alasy gelenokdy. Peleňiň ýaşan öýünde duranlygy Aýşöhläni alas-gopaslyga salýardy. «Öýüň içindäki ähli zatlara Peleňiň eli degendir» diýen pikir Aýşöhläniň aňynda köwsarlady. Ol, ine, şu gapydan, gör, näçe gezekler girip-çykandyr! Ol şu duran jamlardan, gör, näçe gezekler naharlanandyr! Ýazylgy duran düşekleriň üstünde, gör, näçe gezekler oturandyr! Bu öý ýönekeý bir öý däl. Bu öý Aýşöhläniň ykbaly. Bu öý Aýşöhläniň gelin bolup girmeli öýüdi. Peleň bu öýi Aýşöhle bilen ýaşamak üçin gurupdy ahyryn! Sibir begem ýardam beripdi. «Duldegşir goňşulyk nähili gowy» diýip Sibir begem, Peleň hem begenmek begenipdi. Sibir begiň öýi, hana, görnüp dur-a! Bu öý Aýşöhläniň soňky ýoluna ugradylmaly gapysydy. Arman!.. Göktaňry — hökmürowan. Ol islänini edýär. Onuň näme isläp, näme islemeýänini bolsa, özünden başga hiç kim bilenok. Onuň razdaşy ýok. Bu öýde Peleň ýaşady! Peleň! Aýşöhle öýüň ortasynda uzyn süýndi-de, howlukmaçlyk bilen düşegi, çem gelen zady ogşamaga durdy. Onuň bolşy dälirän ýalydy, Peleňiň aýak basan ýeridir öýden ýerlerini ogşaýardy. Göýä ony şu mümkinçiliginden kimdir biri haýdan-haý aýraýjak ýalydy. Ol kimdir biri şu mümkinçilikden mahrum edýänçä Peleňiň aýak basan ýerlerini howlukmaçlyk bilen ogşap, sypap ýetişmekçi bolýan ýalydy. Aglaýardy. Ogşaýardy! Aglaýardy. Ogşaýardy. — Peleň! Wah, dünýegähim Peleň! — diýip, agy arasynda samyrdaýardy. Onuň yzy bilen içeri giren akgyz Aýsuluw bolsa, ony nädip köşeşdirjegini bilmän elewreýärdi: — Bikäm, turuň, bikäm, köşeşiň! — Kim ol aglaýan! Kim ol Peleňi agtarýan?! Daşardan azmly çykan ses öňem sarsman aňkarylyp duran Babyr begi, ýüzin düşüp Peleňiň aýak basandyr öýden ýerlerini maňlaýyna togap edip, ogşap ýatan perişan Aýşöhläni aňk etdi. Ol ses içerdäkilere tanyş sesdi. Ol ses Döwbasanyň sesidi. Uzak garaşdyrman sesiniň yzy bilen Döwbasan içerik girdi. Ol gazaply nazaryny içerdäkilere aýlady. — Bu ýerde näme iş edýärsiň, Humaý! Tur ýeriňden! Aýşöhle gözýaş dökdi: — Peleň ýok! Peleň gelmändir! — Kim seni getirdi şu ýerik? — Döwbasan gapdalda duran Aýsuluwa gazap bilen bakdy. Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde bilindäki gamasyny sogrup aldy-da, Aýsuluwyň döşünden suhlady. Aýsuluw çirkin ses edip, soragly nazaryny Aýşöhlä dikdi. Elleri bilen gamanyň suhlanan ýerini tutup, bosagada süýndi. Ondan sogdurylyp akýan al gan sähel salymda içişigi doldurdy. — Taşla, eliňdäki köýnegi! — diýip, Döwbasan has gazaplandy. — Bu köýnek Peleňiň köýnegi! — Şony taşla diýýärin men saňa! — Bu Peleňiň köýnegi ahyryn! Döwbasan Aýşöhlä gep düşündirip bilmejegini aňyp, onuň bagryna basyp duran köýnegini gazap bilen çekdi. Hernäçe berk çekilse-de, Aýşöhle köýnegi bererli däldi. Üç-dört gezek çekip alyp bilmedik Döwbasan Aýşöhläniň nogta-nogta saçlaryndan çekip daşaryk çykardy. ...Döwbasan Aýşöhläni bir aýdan soň, ýörite kejebeläp, uly toý tutup äkitjek diýip söz beren-de bolsa, iki günden soň hiç bir dabarasyz atyň syrtyna mündürip uguralla äkitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |