22:47 Göktükmen söýgüsi -22/ romanyñ dowamy | |
DÖRDÜNJI BOÝ
Taryhy proza
PILI MUGYRA GETIRÝÄN GÜÝÇLÜMI ÝA PILI MUGYRA GETIRÝÄNI MUGYRA GETIRÝÄN GÜÝÇLI?! Döwbasan bir ýyllap Aýşöhläniň ýanyndan aýrylmady. Ogullary Taran bilen Arslany ýanyna çagyrdy: — Eý, dogmalar! Men sizi ösdürdim, size iş öwretdim. Indi begligi özüňiz dolandyryň. Ýöne babaňyzy hiç zada hor-mätäç etmäň. Ähli zat şu ýere gelsin. Iň süýji zat, iň gowy zat şu ýere — babaňyza gelsin. — Baba, begligi dolandyrarys, ýöne käbir zatlarda siziň sözüňiz gerek!.. — diýip, Arslan bilen Taran ýaýdandylar. — Meniň sözüm — ine, şu perizat! Bu dünýäniň manysy — lezzet. Ähli adamlary ýaşadýan güýç — lezzet. Her kim öz isleýän lezzetine ýetmek üçin göreşýär, gan-der dökýär. Lezzet üçin dogan doganyň garşysyna çykýar, lezzet üçin ogul atasyny öldürýär. Adam bu dünýäde lezzet üçin ýaşaýar. Lezzet alyp ýaşamak üçin, gör, näçe darkaşlar, söweşler, gan döküşikler boldy. Ýene bolar. Her kim bir zatdan lezzet alýar. Kim hökümdarlykdan, kim baýlykdan, kim meýlisden lezzet alýar. Göktaňry adamlaryň ýaşamaga gyzygy bolsun diýip lezzeti oýlap tapypdyr. Özem örän dürs tapypdyr. Eger lezzet bolmadyk bolsa, onda ýaşaýyşdan gyzyk aýrylardy. Adamlaryň ölesleri gelýän däldir. Çünki bu dünýäde ýaşamakda lezzet bar. Ine, meniň ömrümiň ahyrynda gelen pikirim. Meniň bu dünýäden alýan ýeke-täk lezzetim — Aýşöhle! Men galan ömrümi lokgalygy bilen Aýşöhlä berýärin. Aýşöhleden özgeler üçin men ýok. Siziň üçin hem men ýok. Men ölüpmişim. «Babam öldi, babam ýok» diýip işläberiň. Ana, men öldüm-dä. Şonda nätjek?! Gepleme, gepleme! Men çeňňege düşen lakga balyk. «Lakga balyk» gürlemegi, Aýşöhläniň waspyny ýetirmegi, söz bermegi gowy görýärdi. Ähli aşyk bolan erkekleriň aldygyna söz berşi deýin, Döwbasan hem aldygyna söz berýärdi, Jujandan, Çyndan gymmatbaha parçalary getirdip Aýşöhlä geýdirýärdi. Ol patyşalaryň enderunlary üçin niýetlenen zynatlary getirdip bermegi hasam gowy görýärdi. Saý-sebäp bilen bir ýerik gidende öňünden çapar ýollaýardy. Çapar Döwbasanyň ýetip gelýändigini, hatynlarynyň, aýratyn hem Aýşöhläniň daşaryk çykyp durmalydygyny habar bererdi. Aýşöhle içerden sähel gijiräk çyksa, onsoň çaparyň dat gününedi: — Hany, meniň tokalym? Näme boldy oňa? — diýip, Döwbasan ot-elek bolubererdi. Ol uzakdan üzeňňä galyp Aýşöhlä serederdi. Aýşöhläni görensoň, dünýäsi giňäp, rahatlanardy. Ol boýy kelte bolansoň, eýeriň üstünde ýassyk goýdurardy. Üzeňňini kelte etdirerdi. Keseden sereden adam Döwbasanyň boýunyň keltedigini duýmazdy, ony äpet bir adam hasaplardy. Onuň göwresi dykyzdy, her egninde bir adam oturybermelidi.Ýöne Göktaňry oňa göwre berse-de, boý bermändir. Kelte boýly adamlar gujurly bolýarlar, okgunly bolýarlar Öz bähbitlerini ähli zatdan ilerde tutýarlar. Olar hötjet bolýarlar. Öz bähbitleri üçin hiç zatdan hem gaýtmaýarlar. Olar uruşmaga biçak ökde diýýärler. Olar durşy bilen gujur diýýärler. Olaryň garşysyna çykan özüň bolma, olaryň gazabyndan diňe Göktaňry saklap biler diýýärler. Doganoglany Bumyn han hem Döwbasan bilen iki almany bir bölen deý meňzeş eken. Olaryň aňyrsy hem gara der döküp tötek iýen adamlar däl eken. Olar han-beg ogullary eken. Bumyn han babasynyň begligini giňeltmek giňeltdi. Onuň ähli ýeňişlerini Döwbasan öz ýeňşi hasaplady. Sebäp ol Bumynyň sypahsalary bolupdy. Ol mydama kemaliýa atly samyr derisi bilen bezelen eşik geýýärdi. Ol geçen günlerini asyl-ha ýatlamak islänokdy. Ol şu güni bilen ýaşamak isleýärdi. Geçen günler — geçdi. Geçen günler — salgym. Onda many ýok. Ertir — boş wada. Hakykat — şu gün. Döwbasan hem hakykat bilen ýaşaýardy. Ol gije uklanda-da ertir irden turup Aýşöhläni görjegine guwanyp uklaýardy. Giň otagynyň içinde otuz-kyrk haly gat-gat ýazylandy. Onuň üstünden ýumşajyk şaşy hem kumaç parçalary sahylyk bilen düşelendi. Döwbasan, ana, şol gat-gat halylaryň, ýüpek parçalaryň üstünde ýatýardy. Aýşöhläniň hem mydama şol ýerde bolmagyny talap edýärdi. Nahar iýende Döwbasan ýanynda Aýşöhläniň bolmagyny, onuň hyzmat etmegini islärdi. Ol çöregi Aýşöhläniň elinden almak isleýärdi. Üzüm hoşasyny Aýşöhläniň elinden almak isleýärdi. Içjek şerabyny Aýşöhläniň elinden almak isleýärdi. Üç-dört atlaz güpjegi tirsekläp, sag aýagyny sol aýagynyň üstüne çilşirip ýatmak onuň hoşuna gelýärdi. Aýşöhle Döwbasanyň hoş bolmagy üçin bar başarnygyny gaýgyrmazdy, onuň bir aýdanyny iki gaýtalatmazdy. Ol adamsyndan nägile däldi. Ol hiç mahal Aýşöhlä ajy söz aýtmaýardy, urmaýardy. Ol Peleňi hem Aýşöhleden, näme üçindir, gabanmaýardy. Käte ol hakda özi gürrüň gozgaýardy. — Sen bolçulykda, köşkde ýaşamaly. Her kimiň öz orny, ýeri bar. Sen garamaýaklaryň arasynda ýaşasaň, Göktaňry hem halamaz. Sen uruban1 bolmalysyň. Döwbasanyň ýürekden syzdyryp aýdýan sözlerine Aýşöhle ynanmak isleýärdi. Göwňüne, Döwbasanyň aýdýan sözleri dogrudy. Onuň köşkde hem bolçulykda, akgyzlaryň hyzmatynda ýaşasy gelýärdi. Peleň bilen nähili ýaşamaly bolar? Aýşöhle onuň bilen nähili ýaşap boljakdygyny göz atuwyna getirmäge çalyşýardy. Elbet, babasy Aýşöhläniň hor-homsy bolmagyna ýol bermez. Ol gyzy üçin köşk şertini döreder. Peleň hem onuň elini sowuk suwa urdurmaz. Ilkinji duýgular, gör, nähili ýakymly, gör, nähili ýatda galyjy, gör, nähili özüne imrindiriji. Aýşöhle ömründe ilkinji gezek tolgunypdy. Ol Peleň bilen diňe gürleşmändi, ysnyşypdy. Onda-da, gör, nähili ysnyşdy. Peleňi öz äri hökmünde göz öňüne getirmäge çalyşdy. Hyýalynda ony öz äri hasaplady, soňam oňa her hili hyzmatlar etdi. «Ärine» ýaranmaga çalyşdy. Peleň beg goşa per ýassygy ýassanyp tirsekläp ýatyr. Aýşöhle onuň öňünde ullakan desserhan ýazyp, üstüni dürli nazy-nygmatlardan doldurypdyr. Haýsy aw guşunyň etini iýjek, baş üstüne, sähelçe ümläýmeli. Dessine Aýşöhle şol isleg bildiren tagamyňy äberýär. Haýsy nazy-nygmatdan ýa-da ir-iýmişden isleýärsiň, baş üstüne, sähelçe ümläýmeli. Dessine Aýşöhle şol isleg bildiren nygmatyňy äberýär. Aýşöhläniň Döwbasan beg hakda öz garaýşy-pikiri bardy. Ol Döwbasan begi ýolbars haýbatly, öküz deýin güýçli, pişik deýin myr-myrly, suw deýin erksiz hasaplaýardy. Aýşöhle — haýran galaýmaly! — onuň bilen şeýle tiz öwrenişdi, oňa şeýle tiz imrindi. Göwnüne bolmasa, ol Peleňi bütin ömrüne tanan ýaly, hakyt köne ýegana razdaşy ýalydy. Özem olar biri-birine ýarym sözde düşünişip durlar. Wah, asyl sözlemegem gerek däl, olara. Sözsüz, ýeke agyz gürleşmän gürleşip, içini döküşip otyr, olar. Olar däl-de, olaryň ýürekleri sözleşýär, özlerem, näme, ýürekleriniň aýdan sözlerini baş atyp makullap otyrlar. Olar bileje oturdylar, gürleşdiler, gül-gülälekli meýdanyň içinde el tutuşyp ylgadylar. Aýşöhlede şeýle tolgundyryjy günler öňem bolmandy, soňam bolmasa gerek. Toý-dabaralar, rakyslar, şowhun-şagalaňlar boldy, ýöne Aýşöhle olaryň ýekejesindenem Peleň bilen oturan, ylgan pursatlaryndaky ýaly datly lezzeti alyp bilmedi. Galamgaş: «Patyşaň aýallary ýaly ýaşaýarsyň. Olara edilmeýän hyzmaty saňa begiň hut özi edýär» diýýär. Galamgaşyň dogry aýdýandygyna Aýşöhle ynanýar. Galamgaş Bumyn hanyň Döwbasana sowgat beren hatyny. Döwbasanyň yzyna düşüp gaýtmaly bolanda ýedi gije-gündizlik ýolda dynman aglandygyny, soňundan nähak aglandygyna düşünendigini, Döwbasan ýaly äriň seýrekdigini, özüni bege gowşuryp Göktaňryň ýalkandygyny Galamgaş şeýle bir täsirli edip gürrüň berýärdi welin, aňkarylman diňlemek asly mümkin däldi. Onuň gürrüňlerini diňläp, Aýşöhle Galamgaşyň mertebesine gözi giderdi. Döwbasanyň baýbike hatyny Patyşagüle näme diýersiň?! Ol ärine ýaranmak üçin kökenek. Onuň üçin bir Taňry bar, ol Taňry hem Döwbasan. Ogly üçin sawçylyga baryp, «Beýle owadan gyz ogluma däl-de, mähriban ärime mynasyp» diýip bilýän zenanyň hormat-muhabbetine düşünmek kyn däl. Patyşagül Aýşöhläniň hyzmatyny edýär. Näme üçin? Diňe birje maksady bar onuň. Ol maksady hem äriniň bigaýgy-binowa döwran sürmegi. Ol mylaýymlyk bilen Döwbasana nämeleriň hoş ýakjakdygyny Aýşöhlä düşündirýär. Aýşöhle Galamgaş bilen Patyşagülüň Döwbasany jandan-tenden şeýle ezizlemekleriniň hikmeti hakda köp oýlanypdy. Ahyry hem Döwbasanyň özüni söýdürmesiniň nämededigini çaklapdy. Döwbasanyň sözlerinde Göktaňry tarapyn berlen mähremlik bardy. Ol aýallaryň ýanynda ulumsylyk etmeýärdi. Elbet, ol käteler dergazap bolýardy. Şol pursat gamçysy bilen tä güýçden gaçýança aýallaryny, gullaryny urýardy, hyrsyzdy. Gahary gelende rehimsizdi. Ýöne keýpi kök wagty welin, asyl gaharlanýan adama meňzemeýärdi. Özem içinde kitüw saklamaýardy. Saňa hapa-hapa sözleri aýdyp, ursa-da, içinde gaharyny, kitüwini uzak saklamaýardy, şol öňküsi ýaly bolup seniň bilen gürleşerdi, ylla arada hiç zat bolmadyk ýalydy, mesawy gürrüň edýärdi. Hojaýynyň içinde kitüw saklamaýanlygy, şeýle geçirimliligi aýallar üçinem, gullar üçinem, özgeler üçinem oňaýlydy. Ol hatynlary bilen gürleşmegi gowy görerdi. Her hili gürrüňler bilen hatynlaryny güldürmekden lezzet alardy. Olaryň maslahatlaryny, gürrüňlerini diňlärdi. Olar bilen razdaşdy. Olara hoş sözlerini gaýgyrmazdy. Döwbasan tapylgysyz diňleýjidi. Hakyt şeýledi, tapylgysyz diňleýjidi. Ol aýallarynyň uzyn-uzyn gürrünlerini lezzet bilen diňlemegi başarýardy. Aýal üçin beýle mertebe ähli döwürde-de elýetmez mertebe. Hiç bir döwürde-de aýalynyň gürrüňini hezil edip diňleýän erkek tapylýan däldir. Asyl erkekde gürrüň, gybat diňlemek ukyby bolmasa näme! Erkek kişiler gürrüň diňlemegi däl-de, gürrüň bermegi gowy görýärler. Söhbetdeşiniň, hatynynyň gürrüňini diňlemegi asla başarmaýarlar. Döwbasan bolsa aýalynyň öňem telim ýola aýdan zatlaryny hakyt ilkinji gezek eşidýän ýaly, çalaja ýylgyryp, agzyny çalaja açyp, on söze bir gezek baş atyp oturandyr, arasynda eşidiler-eşidilmez «Hä-ä», «Bä-ä!» diýer. Heý, ol makullamany Patyşagül bilen Galamgaş eşitmezmi?! Aýallar ýeriň ýedi gat aşagynda ýylan sähel gäwşese-de, eşidýärler ahyryn. Döwbasan kim?! Döwbasan razdaş. Sähel diňleýji tapsa, aýal görgüli barja-ýokjasyny orta dökýär! Döwbasan diňe Patyşagül bilen Galamgaşyň däl, Aýşöhläniň hem razdaşy. Aýşöhle, näme, aýal dälmi? Näme, aýallara mahsus häsiýetler Aýşöhlä mahsus dälmidir?! Aýşöhle hem Döwbasana ähli bilýän-u-bilmeýän, başdan geçiren-u-geçirmek islän wakalaryny jikme-jikligi bilen gürrüň berdi. Bir gezegem däl, birnäçe gezek gürrüň berdi. Hany, mydama saňa düşünip, ýürekdeşlik bilen başdan geçirenleriňi diňläp oturan adam barmy näme. Başda Peleň hakda gürrüň bermäge heder etdi. Ilki azajyk aýtdy. Soň ýene azajyk aýtdy. Soň bolsa aralarynda bolan ähli gürrüňleri gylyny gyşartman aýtdy. Haýran galaýlamaly, Döwbasan gabanjaňlyk edip gygyranogam, gamçysynam bulaýlanok, adaty bir gürrüňi diňlän ýaly, çalaja ýylgyryp, çalaja agzyny açyp ýeneki aýtjak gürrünleriňem diňlemäge taýýar bolup otyr ol. Haýran galaýmaly zat, diňläberseň-diňläberseň, aýallaryňam gürrüňi gutarjak eken ahyry. Käbir erkek kişiler: «Taňryň güni, aýallaryňam gürrüňi gutarmaz» diýýärler. Galp gürrüň eken bu. Hakyt aýallaryň gürrüňi gutarýan eken. Hakyt gutarýan eken. Patyşagülüňem, Galamgaşyňam, Aýşöhläniňem gürrüňleri bireýýämler gutardy. Gaýtalap aýtmalaram gutardy. Başga bir alyp ýatan güýmenjesi bolmansoň, Döwbasan olaryň ýene iç döküşerlerine garaşýar. Hakykat bu, üç aýalynyň üçüsinde-de aýdara gürrüňleri ýok. Döwbasan çagalykda-da köp gürlemeýän eken. Galdaw bolansoň, gününi ylgap iş bilen geçirýän eken. Ýaşy könelişensoň, ol indi ylgajagam bolanok. Hakykatynda welin, Döwbasan äwmezek, biperwaý adamlardan däldi. Etjegi içindedi. Ol näme etse, ogryn ederdi. Näme edäýende-de, oňa edeniň däl diýip biljek adam ýokdy. Şonda-da ol «saman astyndan suw goýbermegi» gowy görerdi, bu pişesinden lezzet alardy. Döwbasanyň durmuş, hatynlar, erkek kişiler hakda öz pelsepesi bardy. Ol zenanlary — bag, erkek kişileri bolsa bagban hasaplaýardy. Bagyň nähili miwe berjegi, elbet, bagbana bagly. Döwbasan özüni iň ökde bagban atlandyrýardy. Ol öz «baglary» bilen içgin gyzyklanýardy. Her kim durmuşda bir zatdan lezzet alýar. Döwbasan öz bagyna bagbanlyk etmekden lezzet alýar. Ol öz bagynyň içinde bolmakdan, «baglaryny» diňlemekden lezzet alýar. Onuň bu bolşuny köpler halamaýardy. Hatynlary adam hasaplamazlygy, olary mydama urmagy ondan talap edýärdiler. Döwbasan welin barjamly dost-ýarlarynyň bu talaplaryny ret edýärdi. Meýlislere, toýlara gitmegi, adamlar bilen gatnaşmagy halamaýardy. Kyrk öýli obasyny dolandyrmagy öz ogullaryna tabşyryp, ol köp wagtyny şöhwetde geçirýärdi. Döwbasan Aýşöhläniň Peleň hakda gürlemegini asyl islänokdy. Ýöne olaryň aralarynda nämeleriň bolup geçendigini takyk bilmegiň hatyrasyna biperwaýlyk eden bolardy. Aýşöhläniň Peleňi unudyp bilmeýändigini bilýärdi. Asyl muny Aýşöhle adamsyndan gizlemelidir hem öýtmeýärdi. Ony ýatlamagyň Döwbasany guduzlyk derejesine eltýändigini aňyna getirenokdy ol. Döwbasan diňe aýallarynyň däl, ähli gullugyndaky adamlaryň, iş salyşýan adamlarynyň kalbyna aralaşmagy, olaryň ynamyna girmegi, olaryň özüni öz syrdaşy, öz adamy hasaplamaklaryny gazanmagy hem gowy görýärdi, mundan lezzet alýardy. Özüniň bu babatdaky ussatlygyna guwanýardy. Aýşöhle özüne Döwbasanyň şeýle ýürekdeşliginden teselli alýardy. Herhal, Peleňi welin unudyp bilmeýärdi. Onuň bilen baglanyşykly wakalar birin-birin hakydasynda janlanýardy. Özem, haýran galaýmaly, Peleň bilen baglanyşykly wakalary ýatlamaýyn diýip çalyşdygyça, ýatlamalar hötjetlik bilen onuň aňyna hüjüm eýleýärdi. Megerem, Peleň aňyndan aýrylmaýanlygy üçindir, Döwbasan günortan içerik girende Aýşöhle: — Peleň! — diýip seslenenini duýman galdy. Ýüzi-gözi gülüp duran Döwbasanyň bar keýpi uçdy. Ol gaharyna titir-titir etdi. Inedördül göwräniň beýdip titireýşini Aýşöhle öň görmändi. Döwbasan daş işikde doňan ýaly bolup durşuna gözleri bilen Aýşöhläni dalady. Aýşöhle telek iş edendigine, hojaýynyň gaharyny getirendigine düşündi. Ol ylgap baryp Döwbasanyň aýagyna ýykyldy. — Ýadymdan çykaryp bilemok. Başaramok, başaramok!.. Döwbasan yza çekildi. — Men siziň ynamyňyzy ödemedim. ýalbarýaryn, ýalbarýaryn, meni öldüriň, meni öldüriň! — Gapyl! Döwbasan Aýşöhläniň beýle jöwlan urşuny, gözýaş döküşini öň görmändi. Ol haýran galyp Aýşöhlä seretdi. Elindäki gamçysyny ýere gaçyrdy. Aýşöhle ýere gaçan gamçyny garbap aldy-da, bagryna basdy, soňam ony Döwbasana uzatdy. — Ine, gamçyňyz, tagsyrym! Urup, urup öldüriň! Men siziň gyrnagyňyz bolmaga mynasyp däl-ä! Meni öldürmeli! Meni öldürmeli! Döwbasan ýuwaşlyk bilen ýekedyz oturdy-da, Aýşöhläniň ýüzüne garady. Onuň gözýaşlaryny eda bilen syldy: — Tokalym meniň! — Tagsyr! Men siziň hormat-sylagyňyza mynasyp däl-ä! Men ol ýerçekeni unudyp bilemog-a! — Bilýärin, baryny bilýärin. Ýöne indi ýatlamajak bol! Ol seniň söýgiňe mynasyp däl. Ynan, ol seniň söýgiňe mynasyp däl. Ol seniň lebziňi depeledi. Seni masgara etdi. — Wah, tagsyr, ýatlamaýyn diýsem beter ýadyma düşýär. Biziň aramyzda hiç zadam bolmady ahyryn. — Bilýärin, Humaýym, bilýärin. — Meniň ejizligime çydap ýörmän, meni öldüriň! Men öz-özümi ýigrenýärin. Ýigrenýärin. Siz öldürmeseňiz, men özümi öldürerin. — Sen meniň gaýgy-hasratda ölmegimi isleýärsiňmi? — Ýok, ýok, islemeýärin. Birjigem islemeýärin. Siziň ýekeje pursat gamlanmagyňyzam islemeýärin. — Onda onuň ýaly mojuk pikiri kelläňden aýyr, näme dymýarsyň? Dymma, hany, maňa söz ber! Aýşöhle dymdy. Döwbasan onuň pikirlenmezden söz bermegini isledi, söz berse, şol sözüne wepaly bolmak üçin çalyşjakdygyna ynandy. — Şol bir zady iki gezek lebiz etmäýin. Men birinji lebzimi Peleňe berdim. Ýöne men öz borjuma gowy düşünýärin, siziň aýalyňyz bolmak mertebesini saklamaga çalşaryn, tagsyrym. Men size sadyk hatyn bolmaga janym-tenim bilen çalşaryn. Aýşöhle her gün ýalňyşmazlyk üçin çalyşýardy. Bu günki Döwbasana «Peleň!» diýmesi birinji gezek däldi. Ol bir gije adamsyna «Peleň!» diýipdi. Döwbasan şonda eşitmedikden bolupdy. Aýşöhle Peleňiň adyny köp gaýtalaýardy. Onsoňam Döwbasan gije ýanyna gelip, mähir siňdirip ugrasa, Aýşöhle gözlerini berk ýumýardy. Şonda göz atuwynda Peleň janlanýardy. Hakyt şeýle bolýardy. Ol hyýalynda Peleňi sypaýardy, Peleňe mähir berýärdi. Hakykatda bolsa ol Döwbasan bilen ýatyrdy. Ol özüni Döwbasan däl-de, ylla Peleň sypaýan ýaly duýýardy. Çünki onuň göz öňünde Peleň janlanýardy. Ol hyýalynda Döwbasan bilen däl-de, Peleň bilen ýaşaýardy. Ol bu göz öňüne getirmäniň ýalandygyna düşünýärdi. Ýöne bu ýalanam bolsa, oňa belli bir derejede teselli berýärdi. Şonuň üçinem adamsy gijelerine, daňdanlar ýanyna gelende ol Peleňiň adyny tutmazlyga çalyşýardy. Ýöne, bolmajak bolsa bolmaz eken, Döwbasan hylwaty şöhwetiniň awy pursady Aýşöhle tolgunyp: — Peleň, Pele-eň! — diýip pyşyrdady. Döwbasanyň bar lezzeti, öwji zym uçana döndi. Ol egin-eşigini eline alyp, sessiz-üýnsüz içerden çykyp gitdi. Aýşöhle gödek ýalňyşlyk goýberendigine düşündi. Ol örtenip, ýanyp-bişdi. Döwbasan bir hepdeden soň ýene Aýşöhläniň ýanyna geldi. Döwbasan Aýşöhläniň elinden tutup özüne çekdi. — Sen öz ýagdaýyňy başda maňa açyk aýtdyň. Menem Peleňi ýatlanyň üçin saňa hiç zat diýmezlige söz berdim. Peleň bu dünýäde ýogam bolsa, ol seniň dünýäňden çykyp gidäýenok. Ýöne wagt geçiberse, sen ony unudarsyň. Hany, birazajyk agla. Içiňi gowzat, ýogsam ähli zady içiňe salsaň, hassa bolarsyň. — Men aglap bilemok, tagsyrym. — Onda men saňa ýuwaşja, mylaýym söz tapyp bereýin. Seniň dartylyp, tar-tar bolup duran iç tarlaryň gowşaşar, ana, soň aglarsyň. Agy bilen içiňe aralaşan ähli bela-beterler gider. Döwbasan eline şadyýanyny2 alyp bir meýdan gaýgyly saz çaldy. Döwbasan dogry aýdan eken. Aýşöhle saz diňledigiçe tar-tar bolup dartylyp duran göwün kirşi gowşady, agysy tutdy. Enesini ýatlap aglasy geldi. Babasyny ýatlap aglasy geldi. Uýasy Mähribany ýatlap aglasy geldi. Şuňkar atyny ýatlap aglasy geldi. Peleňi ýatlap aglasy geldi... Onuň içki ahwalatyny aňan Döwbasan şadyýanyny gapdalda goýup, ümsüm daş çykdy. Aýallary Patyşagül bilen Galamgaşa Aýşöhläniň ýanyna barmagy tabşyrdy. Döwbasan häzir içerik iki sany basdaşy girse, Aýşöhläniň öz hossaryny gören ýaly hamsykjakdygyny, hunybirýan aglajakdygyny anyk bilýärdi. Döwbasan hiç wagt ýalňyşmaýardy. Ol bilesigelijilik bilen içeri diň saldy. Ýöne ony haýrana goýan zat: içerde diňe bir Aýşöhle däl, Patyşagül bilen Galamgaş hem sojap-sojap aglaýardy: «Eý, Göktaňrym! Aýşöhläniň näme üçin aglaýandygyna-ha düşünýärin welin, soňky baran iki aýalyň demleri-demlerine ýetmän, gözýaş dökmekleriniň sebäbine düşünmeýärin, eýsem, sojap-sojap aglamaklarynyň hikmeti nedir?» Ussat bagban bolsa-da, ol öz baglarynyň näme üçin bile gözýaş dökýändiklerine teý akyl ýetirip bilmedi. Hatynlar syrly dünýä. Bu syrly dünýäde bagbanlaryň bilmeýän zatlary entek az däl... Döwbasana jogap beren bolmady: aýallar babatda jogap bermeli bolsa, Göktaňry hem söz tapmaýan bolarly. * * * Döwbasan Aýşöhläniň çagasy bolansoň, aňyndan Peleňi düýpgöter aýyrjakdygyna berk ynanýardy. Şonuň üçin ol bu hakda arkaýyn gürrüň edýärdi. — Tokalym, maňa bir ogul dogrup ber. Men onuň adyna Gaýa dakjak. Gaýa diýip meniň bir serkerdäm bardy, ol häzir Istemi hanyň serkerdesi. Ol uçursyz ökde bolansoň, ony menden Istemi aldy. Biler bolsaň, Gaýa meni iki gezek ölümden halas etdi. Şol ýigide gözüm gitdi, pisindim oturdy meniň. Ol, hakykatdan hem, meniň Gaýamdy. Senden bolan oglum hem meniň Gaýam bolsun. Goý, seniň hem Gaýaň bolsun! — diýip, Döwbasan joşgunly gürledi. Döwbasan bir ýyllap garaşdy. Ol gününi sanap, Aýşöhläniň hamyla bolmagyna garaşdy. Ýöne isleýşi ýaly bolmansoň, onda tekepbirlik döredi. Ol nämäniň başyna barsa, şol işi bitirmekden çäksiz lezzet alýardy. Döwbasan her gün görkli Aýdan, görkli Günden, Göktaňrydan ogul diledi. Her aý sadaka berdi. Tebipler Aýşöhlä her hili em etdiler. Porhanlar Aýşöhläni otdan bökdürdiler. Porhanlar şol bir pikiri gaýtaladylar: — Biziň aňrymyz, biziň ruhumyz böri, eger wagşy börini tutup getirip, hatynyňyzy şonuň üstünden ätletseňiz, hökman çagaňyz bolar. — Maňa ogul gerek! — Ogluňyz bolar. Jeýhunyň kenaryndaky tokaýlyklarda böri gytçylygy ýok. Şonuň üçin böri awlamak hem asan boldy. On sany gulam duzak gurdy. Bir äpet böri tora düşdi. Ony tora dolap Döwbasanyň öýüne getirdiler. Aýşöhle şol böriniň üstünden ätläp geçmelidi. Elbet, böriniň aýaklary güýlüglidi. Agzy berk daňylandy. Ol hyrsyzdy. Gazaplydy. Şeýle bir ýiti garaýşy bardy. Ol garaýyş ýüregiňi tisgindirýärdi. Aýşöhle ol gözlere seredende ini jümmüldäp gitdi. — Tokalym, me, eliňde ätiýaçdan şemşer bolsun. Möjekden herki zat çykar. Bu möjek hakyt adamçyl möjek eken. Bu ýigrimiden gowrak adamy parçalapdyr, özem bu nejis möjek aýal-gyzlary parçalamagy has gowy görýän eken. Bu möjegiň aýagyndaky, agzyndaky ýüplere bil baglama. Ol ýüpler port, sähel bolsa üzülip dur. Şu ýere gelýänçäk üç gezek ýüpleri üzüldi, üç gezek täzeden daňdyk. Sen üstünden ätläniňden soň biz bu möjegi öldüreris. Ýöne ol seniň üstüňe topulaýmasyn. Hüşgär bol! Böriniň töwereginde adamlar kändi. Olar Aýşöhläniň her bir ädimini yzarlaýardylar. Ýerli-ýerden dowul turuzýardylar. Böri Aýşöhle ýakynlaşdygyça gaharly hyňranýardy. — Birden ýüplerini üzäýmesin! Aýşöhle ikinji ýoluň ýokdugyny, böriniň üstünden hökman ätläýmelidigini bilýärdi. Şonuň üçin ýüregine daş baglap börä bakan ýöräp ugrady. Onuň gapdaly bilen Döwbasan gelýärdi. Aýşöhle Döwbasanyň özüne galkan boljakdygyna ynanýardy. Ýöne Döwbasan birden saklandy. — Men-ä mundan aňry gitjek däl. Ýeke özüň bar. Gözüne bir seret onuň! Gör-ä, nähili aýylganç Bar, bar! Aýşöhle ýeke ýöräp ugrady. Ol özüne teselli bermäge çalyşýardy, ýöne gorky oňa hökümdarlyk edýärdi. Ol sesini çykarman böriniň gapdalyna gelip saklandy. Ýene bir gezek ýyrtyjynyň wagşyýana gözlerine äňetdi-de, onuň üstünden ätledi. Döwbasanyň adamlary bilgeşleýinden gorkan bolýardylar. Döwbasan hem bilgeşleýinden gorkan bolýardy. Aslynda, olaryň gorkmaýandygyny, bu böriniň ýigrimi sany adamy parçalamandygyny, soňundan hem böriniň öldürilmän tokaýa goýberiljekdigini, çünki böriniň Göktaňrynyň Ýerdäki wekilidigini, onuň keramat saýylýandygyny Aýşöhle hem bilýärdi. Ýöne ol özüniň gorkmagy üçin dowulyň bilgeşleýin edilýändigini bilse-de, bilmedikden boldy. — Indi bärik hem ätläp geç! — diýip, Döwbasan ýylgyrjaklady. Aýşöhle göwünli-göwünsiz ýene böriniň üstünden yzyna ätledi. Soňam enderunyna bakan gaty-gaty ýöräp ugrady. — Gorkarmyka öýdüpdik, ol-a gorkmady — diýip, Döwbasanyň ogly Arslan başyny ýaýkady. — Meniň tokalym ýöne-möne zenan däldir görseňiz! Meniň tokalym arslan ýürekli zenan. Şonuň üçinem ol möjekden gorkmaýar — diýip, Döwbasan buýsançly dillendi. Soňam Aýşöhläni ilkinji gezek görýän ýaly, oňa siňe seretdi: — Aperin saňa, aperin! Sen asyl gorkmadyň-a. — Gorkdum, tagsyrym, gorkdum. Aýşöhläniň bu sözleri Döwbasany arkaýynlandyrdy: — Gorkan bolsaň, onda iş bitipdir. Onda çagaň bolar. Möjegiň üstünden ätlemegiň seniň gorkup tisginmegiň üçin gerek. Men seni tisgindirjek bolup, her hili sözleri aýtdym. Rast, gorkup tisginen bolsaň, hökman ogluň bolar. Möjekler mydama göktürkmeni goldandyr hem gorandyr, bizem gorar, goldar. Döwbasan Aýşöhläni aýasynda saklaýardy. Gowudan gowusyny iýdirýärdi, gowudan gowyny içirýärdi, gowudan gowyny geýdirýärdi. «Döwbasan şeýdip yhlas edip durka Peleňi ýatlamak adamlyk däl, bu Döwbasanyň yhlasynyň ýüzüne urmak» diýip, Aýşöhle oýlanýardy. Göwreli bolansoň, ol bu hakda hasam köp oýlandy. «Rast Döwbasandan göwreli boldum, indi aňymdan Peleňi doly aýryp zyňaýyn» diýip Aýşöhle netijä geldi. «Men Döwbasana lebiz berdim. Men Döwbasanyň hatyny. Men beren lebzime, Döwbasana mynasyp bolup ýaşaýyn» diýip, hezreti Aýa razyny aýtdy. Şu pikir bilen adamsynyň öýde ýok wagtyndan peýdalanyp, bukjasynda saklap ýören Peleňiň köýnegini aldy-da, bagyň içinde çuňdan-çuň gömmek isledi. Şu maksat bilen ol bagyň içinden bir gez çuňlukda çukur gazdy. Ol çukury adamsynyň gezligi bilen gazdy. Özem kimdir biriniň görmeginden howatyr edip, öwran-öwran töweregine garanjaklady. Özem gysga wagtyň içinde şeýle bir ýadady, şeýle bir ýadady, entek ömründe şeýdip bir gezegem ýadamandy, asyl ol ömründe ýerem gazyp görmändi. Çukur taýýar boldy, indi şol köýnegi getirip gömäýmelidi. Ýöne elleri, diňe bir elleri däl, tutuş göwresi sandyrady. Ol dynjyny almak üçin oturdy. Ogrynlyk bilen çukur gazyp gaýdan ýerine seretdi. Görse, çukuryň daşynda Döwbasanyň eziz görýän Kirmek atly tazysy ysgaşdyryp dur. Aýşöhle oturan ýerinden «Ýit! Ýit!» diýip, ellerini hereketlendirip iti kowan boldy. Soňam bolşuna gülküsi tutdy. Öýüň içinde oturşyna Kirmek seni nädip görsün, sözüňi nädip eşitsin?! Gygyranyňda eşitse eşider, pyşyrdyňy-ha eşitmeli däl ol. Ýöne Kirmek eşitdi, ol Aýşöhlä tarap çala bir seretdi-de, süzüberdi duran ýerinden. Howlukmaly! Bu pikir Aýşöhläni ýerinden turuzdy. Ol janyny barlamak üçin ýene daşara göz aýlady. Häzir-ä hiç kim ýok. Ýöne Kirmek çukurdan onçakly uzak gitmän ýatyr. Garawulçylyk çekýän bolsa gerek. Aýşöhle Kirmegi gowy görýärdi. Awa gidilende ol Kirmegi mydama ýanynda saklaýardy. Sülgün awlasa, Kirmek derrew getirip berýärdi. Şeýle bolansoň aw etinden, ilki bilen, Kirmegi naharlaýardy. Aýşöhle häzir Kirmegiň görünmezligini isleýärdi. Ine, goňşy otagdan Galamgaşyň sesi eşidildi, ol Patyşagüle nähilidir bir gyzykly gürrüň berýän bolarly. Patyşagül aram-aram jykyr-jykyr gülýärdi. Enderunda mydama-da ümsümlik bolýardy, bu ýere gullar, hyzmatkärler getirilmeýärdi. Bagyň içinde diňe Döwbasanyň aýallary gezelenç etmäge hukuklydy. Ýaşy bir çene baran agta bagban hem zenanlara ýakynlaşmakdan saklanýardy, ol Döwbasanyň aýallarynyň biriniň gezelenç edip ýörendigini görse, edip oturan işini taşlap, sähel salymyň içinde şol ýerden gürüm-jürüm bolýardy. Aýşöhle ylgap baryp bukjasyny öňüne aldy. Ondan Peleňiň köýnegini çykardy-da, bukjasyny ýene öňki ýerinde goýdy. «Eý, Göktaňry, şu köýnegi gömüp gelýänçäm tagsyr gelmesin!» diýip, Aýşöhle pyşyrdady. Aýşöhle ak mytgal matadan tikilen köýnegi bagryna basdy. Köýnek ýönekeý köýnek däl eken. Ondan göýäki gyzgyn howur ýürege urýan ýalydy. Ol köýnegi ysgady, öwran-öwran ysgady, ýüzüne basdy. Aýşöhläniň göwnüne hakyt Peleňiň ysy, gyzgyn demi gelen ýaly boldy. Ol Peleňiň howsalaly dem almasyny, tolgunyp urýan ýüregiň gürsüldisini eşitdi. Hakyt eşitdi. Aýşöhle bu ysy ysgadygyça ysgasy, köýnegi ýüzüne örtüp durasy geldi. Köýnek jadyly köýnege meňzeýärdi. Köýnekde mähir hem ýylylyk — Peleň bardy, Peleňiň mähriban keşbi bardy, onuň şo-ol tanyş ysy bardy. Peleň göýä hiç zat bolmadyk ýaly, ýylgyrjaklap, Aýşöhlä seredip durdy, ol ony günäkärlänokdy, özüniň Aýşöhlesiz ýaşap bilmeýändigini, unutmaýandygyny nygtaýardy. Wah, Aýşöhläniň hem oňa aýtjak zatlary kändi, ýöne Aýşöhle Peleňiň köýnegini kä sypalap, kä bagryna basyp otyrdy. — Men telek iş edýärin. Juda telek iş edýärin. Meniň hyýaly biwepalygym üçin ärim meni çapym-çapym etmeli, ýöne ol maňa geçirimlilik edýär. Her zadyň hem çeni-çägi ýagşy. Men öz hetdimi tanaýyn. Mundan artyk Peleňi ýatlamaýyn. Peleňi ýatladýan ýekeje zat hem mende galmasyn! Ýogsam mydama gorkuda ýaşaýaryn. «Döwbasan birden bukjamy açyp göräýse näderin?!» diýen gorky menden aýrylanok. Men Döwbasana lebiz etdim. Gutardy! Men indi Peleňi doly unutjak. Goý, ony ýatladýan hiç bir zat mende bolmasyn. Hoş gal, Peleň! Senem meni ýadyňdan ömürlik çykar. Ynha, häzir köýnegiň bilen sen hakdaky ýatlamalarymy bagda gazyp gaýdan çukuryma gömýärin... Aýşöhle gapa bakan ýöneldi. Gapy birden şarka açyldy. Aýşöhle doňdy galdy. Soňam ol bir çirkin ses edip yza çekildi. Gözleri tas hanasyndan çykypdy. — Tagsyrym! Waý! Döwbasan ak köýnegi bagryna basyp, gorkudan ýaňa saňňyldap duran tokalyna geňirgenme bilen seretdi: — Humaýym! Saňa näme boldy? — Ýok, ýok! — diýip, Aýşöhle yza süýşenekläp-süýşenekläp burça baryp gysyldy. Wah, elinden gelse, Aýşöhle göni o dünýä geçip gitjekdi welin, diwar ony saklady. — Bagryňa basyp duran zadyň näme? Aýşöhle birden aýňalan ýaly boldy: elindäki Peleňiň köýnegini hasyr-husur arkasynda gizledi. — Arkaňda gizleýän zadyň näme?! — Hiç zat!... Döwbasan kem-kem yzgytsyzlandy. — Näme üçin eliňdäki zadyň nämedigini maňa aýdaňok? Näme üçin ony menden gizleýärsiň. Hatynyň ärinden gizlin zady bolmaly däldir! Näme üçin sandyraýarsyň? Näme diýip samraýarsyň? Doga okaýarsyňmy? — Ýok, ýok, tagsyrym! Döwbasan elindäki gamçysyny oýnadyp Aýşöhläniň alkymyna dykylyp bardy. — Iň soňky gezek soraýaryn: hany, aýt, arkaňda gizleýän zadyň näme? — Meniň ýaglygym!.. — Wah, Aýşöhle ýalan sözlemeli däldigini, ýalanyň üstüniň açyljakdygyny bilýärdi. Ýöne Döwbasan düwläp duransoň, Aýşöhläniň diline gelenem şol söz boldy. Bu sözi nädip aýdanynam bilmän galdy ol. — Näme, näme? Ýaglygym diýdiňmi? — Hawa, ýaglygym diýdim, tagsyrym!.. — Aýşöhle gorkusyna düşnüksiz zatlary samyrdady. Ol häzir ähli zatdan bäş beter aýbynyň açylaryndan gorkýardy. Ol äriniň hötjetdigini, tekepbirdigini, şol «ýaglygy» görmän rahatlanmajakdygyny bilýärdi. Aýşöhle töweregine garanjaklap çykalga gözledi. Haýp, onuň dadyna ýetişjek adam ýokdy. Haýp, onuň dadyna ýetişjek zat ýokdy. Wah, Döwbasan ýene sähel salym gelmedik bolsa, Aýşöhle ony ýere gömjekdi ahyryn. Döwbasan häzir Peleňiň köýnegini bagryna basyp duranyny görüp, heý, günäsini geçermi onuň? Arada ol Peleňiň ady tutulanda mertlik bilen Aýşöhläniň günäsini geçdi. Ondan öň Hananda Babyr begiň ýanynda-da Aýşöhläniň günäsini geçdi. Bu barada mertlik bilen ýagşydan-ýamandan ýeke agyzam gürlemedi. Ýolda-da gürlemedi, öýe gelibem gürlemedi. Göýä şol waka bolmadyk ýaly dymdy, içine saldy. Peleňiň köýnegini-de soň aljak bolmady. Aýşöhläniň günäsini geçdi. Gijeki şöhwetde-de «Peleň!» diýeni üçin hiç zat diýmedi. Üçünji gezek günä geçilmeýär. Üçünji gezek günä geçilmeýär! Döwbasan hem üçünji gezek günä geçmez! Ýöne Aýşöhläniň günäsi üçden köp ahyryn! Bu gezek günä geçilmez! Onuň şemşere el ýetirmesi aňsat. Muny Aýşöhle bilýär: Aýsuluwyň döşünden urlan şemşeri Aýşöhle şonda görübem ýetişmändi! «Wah, enemi, babamy, Mähribany hem görüp bilmän ölmeli boldum» diýen pikir Aýşöhläniň aňynda at çapdy. «Meni nirede jaýlarlarkan? Kelläm kesilermikän? Ýa Aýsuluwy edişi ýaly, şemşeri döşümden urarmykan?! Jesedimi Hanana ugratmaga Döwbasan ýaltanar!». Aýşöhle birden gazaply seslendi: — Öldürseňiz, jesedimi Hanana ugradyň! Jesedime babam eýe çykar! — Seniň eýýäň indi men. Jesediňi näme etjekdigimi özüm bilerin. Seniň hakylyň gerek däl maňa! Görkez maňa arkaňda gizleýän zadyňy! Aýşöhle ähli zada kaýyl bolup arkasynda gizlän köýnegini Döwbasana uzatdy. Döwbasan Aýşöhläniň saňňyldap uzadan zadyny eline aldy. Görse, Aýşöhläniň arkasynda görkezmän saklap duran zady özüniň çananly söwdagärden satyn alan ak parça ýaglygy. — Sen bu ýaglygy menden näme üçin gizlän bolýarsyň?! Döwbasan sowgat beren zadyny yzyna alaýar öýdýärsiňmi? Döwbasan onuň ýaly är däldir. Ol sowgat beren zadyny yzyna alýan däldir. Döwbasan ak parçany düşegiň üstüne taşlap goýberdi-de, yzyna öwrüldi. Ol nagyşly demir sandygyndan bir goňur düwünçegi alyp, howlukmaç çykyp gitdi. Ähli zat ýalan ýalydy. Ähli zat düýşde bolup geçen ýalydy. Aýşöhle düşegiň üstünde ýatan ýaglygyndan gözüni aýryp bilmän durdy. «Eý, Göktaňrym! Bu ýere ýaglyk nireden geldi?! Meniň elimde köýnek bardy ahyryn?!» Aýşöhle ýaglykdan gözlerini aýyrman bir ädim ätdi. Aýaklary doňan ýalydy, ädilmejek bolýardy. Bir jadyly gudrat bar bolaýmasyn?! Ol ýuwaşlyk bilen ýaglygyna el degirdi. Ine, ýaglyk, ýöne onuň aşagynda Peleňiň köýnegem ýatyr. Ine, köýnek! Aýşöhle ýaglyk bilen köýnegi alyp ýerinden turdy. Şol wagt daşardan Döwbasanyň jak-jaklap gülküsi eşidildi, gülki bilenem gapyny açdy: — Humaýym, ýaňy näme diýdiň-aý sen? Ha-ha-ha! Jesediňi Hanana äkideýinmi? Ha-ha-ha! Aýşöhle elindäki köýnek bilen ýaglygy ýene arkasynda bukdy. Ýene öňki ýerine baryp çugutdyrdy. — Weý-weý, ha-ha-ha! Humaýym! Gorkma ahyryn, aljak däl men şol sowgat beren ýaglygymy. — Gorkamok, gorkamok... — Gel onda ýanyma. — Ýok, ýok... — Ýaglygyň içinde bir zat bar bolaýmasyn? — Hiç zat ýok, hiç zat ýok. — Hiç zat ýok diýýärsiň, bolşuň-a bir zat bara meňzeýär. Getir göreýin. Aýşöhle elindäki zatlary gudrata bil baglap görkezmek üçin birki ädim ätmesine ätdi, ýöne birden haýsydyr bir güýç ony saklady. — Ýok, ýok... — Ha-ha-ha! Humaýym, sen gorksaň, bek gorkýan ekeniň! Ha-ha-ha! — Döwbasan gülüp, sandykdan ýene bir düwünçek alyp çykyp gitdi. — Men tiz gelerin. Aýşöhle özüni aşak goýberdi. Endamyndaky buza dönen derler Aýşöhläni gagşadyp ugrady. Ol uzak oturdy. Ol hiç bir zadyň pikirini etmän, özüniň nädip oturandygyny-da unudyp otyrdy. Döwbasan ertir: «Men agşam gelerin» diýip gidipdi ahyryn! Döwbasan her gezek giden ýerinden gelende argamaklaryň dükürdileri eşidilýärdi ahyryn! Aýşöhle her sapar öýde ilki bolup Döwbasanyň ýakyn gelendigini bilýärdi ahyryn! Nädip ol ät galdy? Näme üçin ol bu gün Döwbasanyň gelenini bilmän galdy? Herhal, Göktaňry goldady. Göktaňry Aýşöhläni ölümden alyp galdy. Göktaňry Aýşöhläniň ýaşamagyny isleýär. Peleňiň köýnegini derrew ýok etmeli. Derrew! Aýşöhle daşara diň saldy. Hiç hili adam sesini eşitmänsoň, gapa bardy. Aýşöhle köýnegi bagryna basyp, enderundan daşaryk seretdi. Hiç kimiň ýokdugyny anyklap, ylgap daşaryk çykdy, howlukmaçlyk bilen töweregine garanjaklap, bagyň gündogar burçunda gazyp gaýdan çukuryna bakan okduryldy. Ol hasanaklap barşyna: «Hiç kim ýok, hiç kim ýok!» diýip, öz ýanyndan zol-zol gaýtalady. Çukur gazan ýerine ýetdi. Ol baryş ugruna bagryna basyp gelen köýnegini iki ýola maňlaýyna degrip hoşlaşdy-da, çukura oklady. Soňam elleri bilen hasanaklap çukura — köýnegiň üstüne gum sürüp ugrady. Ol çukury gömüp bolup, üstüni depeledi, uludan demini aldy. Ýene töweregine garanjaklady. Köýnegiň gömlen ýeriniň gumy mesaňa bolup durdy. Şol mesaňalygy aýyrmak üçin Aýşöhle töwereginden gum sürdi, ot-çöp taşlaşdyrdy. Aýşöhle eden işinden rahatlandy. Agyr bir ýüküň aşagyndan çykan ýaly, ädimleri ýeňil gopdy. Onuň şatlanasy geldi. Eger häzir biri sazyny çalsa, ol aýdym aýtmaga taýýardy. Ol sazsyzam aýdym aýtmaga taýýardy. Gör ahyryn, ol näçe wagt bäri özüni horlap gelen ezýetden dyndy. Ýok, ol agyr keselden turan ýalydy. Dünýä, töwerek-daş, gör, nähili parahat hem asuda eken. Ol bolsa mydama özüni ummanda turan harasatdan ýaňa çaýkanyp, aňkaňy aşyryp barýan gäminiň içinde ýaly duýupdy. Ajal bilen duldegşir goňşy hemem ýüzbe-ýüz ýaşapdy. Indi harasat sowuldy. Gämi kenara geldi. Oňa tälkew bolýan ýekeje zadam ýok. Asman asuda, töwerek-daş göm-gök öwüsýär. Bagdaky her dürli öwüşginli güllerden gözleriňi aýrasyň gelenok. Dogrusy, ol günde-günaşa şu bagyň içinden basdaşlary bilen peýwagtyna aýlansa-da, onuň şeýle ajaýyplygyny, al-elwan öwüsýän gülleriň owadanlygyny duýmandyr. Wah, mydama sal üstündekäň — güýçli gaý-harasat aňyňdan aýrylmasa, gözüňe gözellik görünermi diýsene! Bilbilleriň saýraýşyny bir görsene! Wah, ol diňlemesine öňem bu bilbilleriň saýramasyny diňledi, ýöne öň bilbilleriň owazy bu gulagyndan girip o gulagyndanam çykyp giden bolsa näme. Indi bilbilleriň owazy Aýşöhläniň göni ýüregine barýar, bu owazlar onuň ýüregini heýjana salýar, diňledigiçe dinläsi gelýär. Bu hataran gülleri Döwbasan Aýşöhle üçin diýip ýörite ekdirdi diýýärler. Eýýäm güle durupdyr. Älemgoşarda näçe reňk bar bolsa, bu güllerde ondan iki esse köp öwüşgin-reňk bar. Aýşöhle gujak boýy inlilikde bagyň gündogar-demirgazyk tarapyny tutup duran müň arşynlyk gül zolagyny synlady, gülleri ysgady. Yslar oňa, näme üçindir, tanyş ýaly duýuldy. Aýşöhle Döwbasanyň «Senden gülleriň ysy gelýär, wah, gülleriň ysy dagy näme diýsene» diýip, birsyhly gaýtalaýan sözlerini ýatlady. Güller ösümlikleriň içinde hasyl getirmeýän ýeke-täk ösümlik. Gülleriň miwesi — owadanlygy. Owadanlygy üçinem güller adama gerek. Ýogsam hasylyň ýok diýip adamlar gülleri eýýämhaçanlar ýok ederdiler. Ýöne gülleriň ömri gysga, olary sähel süllerse taşlaýarlar, Aýşöhläniň ykbalam şeýle bolaýarmyka? Aýşöhle gülleri ellemäge gorkýar. Gorkmasynyň sebäbi ol öň güli ysgajak bolup eline alanda tikeni çümüp biçak awundyrypdy. Gülüň tikeniniň awusy başga tikenleriň awusyndan üç-dört esse yzaly. Göktaňryň ediberşini görsene! Özüňi gora diýip ösümliklere tiken beripdir. Miweli daragtlaryň — erikdir şetdaly daragtyna tiken zerur bolmansoň aýrylyp gidipdir. Göktaňry diňe bir adamyň däl, ösümlikleriňem, haýwanlaryňam gerek däl zatlaryny, synalaryny ýuwaş-ýuwaşdan aýryp taşlaýar. Tikeni bolmadyk güli çem gelen alýar, çem gelen ýolýar. Döwbasanyň bagynda her dürli daragtlar gülläp otyr. Erikdir şetdalylar towçalapdyr. Hana, düzüm-düzüm. Aýşöhle birmahallar akgyzlary bilen erikleriň towçalaryny ýolardylar. Towçalar biçak turşudy. Şonda-da oglan-gyzlar ýüzlerini bürüşdirip towça iýerdiler. Aýşöhle towça iýen günlerini ýatlanda, göýä bir towçany agzyna atan ýaly, ýüzlerini bürüşdirerdi. Aýşöhle şahalaryndan hatar-hatar bolup sallanyşyp duran towçalaryň birini eline aldy. Ol towçany iýjegini-iýmejegini bilmeýän ýaly, birmeýdan böwrüne diň salyp durdy, elindäki towçany bir ýana zyňyp goýberdi-de, enderunyna bakan gadam goýdy. Ýeke oturmak islemedi, şonuň üçinem Galamgaşyň ýa-da Patyşagülüň ýanyna barmagy makul hasaplady. Haýsysynyň ýanyna barmaly? Galamgaş çagalary bilen başagaý, özem eňegine jaň kakylan ýaly. Haý-küş diýmeseň, saňa gezek bermän ýedi gije-gündizem dynman gürlejek ol. Ýöne ol Galamgaş diýseň Galamgaş. Onuň hamyrmaýasy mähirden bolsa gerek. Sesem ýag ýaly, özem mähiriň öýi. Onuň gürrüňleri mädäňe degenok. Patyşagül dymmarak, çagalary eýýäm öýli-eşikli. Ol hem Galamgaşyň ýanynda oturmagy, wagtyny geçirmegi, onuň gürrüňlerini diňlemegi gowy görýär, Galamgaşyň gürrüňlerine şeýle bir jykyrdap gülýär welin, heý, hoşuňa gelsin. Ol hyzmat üçin dünýä inen bolmaly. Dek oturmagy halamaýar, haçan görseň, hysyrdanyp işläp ýörendir. Aýşöhle Galamgaşyň gapysyny açdy. Içerde Galamgaş çagalaryny naharlap otyr. Göktaňryda gudrat kän. Galamgaş ýaly owadan zenandan şu iki sany böwenjik dünýä indi diýseň, meger, hiç kim hem ynanmaz. Ine, üç-dört ýaşlaryndaky, şeýle hem ýaňy ýörjen-ýörjen bolan bir ýaşyndaky çagalar hakyt Döwbasanyň kiçeldilen görnüşleri. Aýşöhläniň aşa begenesi, aşa şatlanasy, aşa iç döküşesi geldi. Bolmajak bolsa bolmaz eken. Gülki-şatlyk bolmady. Galamgaşdan özüne raz tapyp bilmedik Aýşöhle uzak oturmady. Ol ýerden Patyşagülüň ýanyna bardy. Aýşöhle baranda Patyşagül görgüli aglap otyr eken. Onuň aglamasyna sebäp bolan zat hakda eşidende Aýşöhläniň dünýäsi çepbe çöwrüldi: — Ýaňy teblehananyň ýanyndan geçdim. Gözüm seniň Şuňkaryňa düşdi. Ynanaý, Humaý, seniň Şuňkaryň maňa şeýle bir seretdi welin, hakyt Töreaman sereden ýaly boldy, ýüregim hakyt elenip-elenip gitdi. Meniň oglumy seniň şol atyň parçalapdyr-a. Ana, şonda seniň Şuňkaryň, göwnüme bolmasa, meniň Töreamanymyň gözlerini özüne alaýan ýaly. Ol gözler: «Ene, men bärde. Men argamaga öwrüldim» diýýär. Hakyt şeýle diýýär. Men Töreamanymyň sesini-özelenmesini eşitdim... Aýşöhle baýbikäniň egnini gujaklap aglady. Onuň aglasy gelip giden eken asyl. — Meni näletleme, baýbike! Men bir biçäre. Isleseň, Şuňkary öldürsinler. Men çekip-çydaryn. Men gaty çydamly. — Aýşöhle elewredi. — Ýok, ýok, Humaýym. Men Töreamanymyň ikinji gezek ölmegini islämok. Ýok, ýok! Men seni biçak gowy görýärin. Olaryň agysyna Galamgaşam gelip goşuldy. Zenanlar mydama gep bilen iç döküşenoklar. Olar käte gözýaş bilenem iç döküşýärler. Bu-da olaryň erkek kişilerden artykmaçlygy. Ýöne erkekler zenanlaryň bu artykmaçlygyny artykmaçlyk diýip däl-de, ejizlik, gowşaklyk diýip atlandyrýarlar. Wah, erkekler bilmese näme, zenanlaryň bar artykmaçlygy, güýji — ejizliginde, gowşaklygynda! Ejiz bolup güýçli bolýana, biçäre bolup, dünýä hökümini ýöredýäne özüniň islän zadyny etdirmegi başarýan adama sen neneň biçäre, sen neneň ejiz diýip biljek?! Ä?! Erkek pili mugyra getirýär. Onsoň pili mugyra getiren güýçlümi ýa-da pili mugyra getireni mugyra getiren güýçli? Daşardan Döwbasanyň sesi eşidildi: «Meniň tokalym ýok-la? Siz ony görmediňizmi? Nirede ol?». Birden gapy açyldy. Döwbasan kürsäp içeri girdi. Görse, üç aýalam hunybirýan aglap otyr. Ol gözleri ýaşly aýallaryny görüp, ör-gökden geldi, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: — Kutuly Allagyň ýalňyz dogmasy dälirese, sebäpkäri sizsiňiz. Näme bolýar size? — Hiç zat bolanok, tagsyrym, biz ýöne razlaşýarys... — Gözýaş döküşýäris diýiň! — Gözýaş döküşýäris, tagsyrym! — diýip, Galamgaş baş egdi. — Hany, ýörüň, baga baralyň. Men naharlanjak. Siz meniň ýanymda oturyň. Ýörüň! Döwbasan bagyň içinde ýazylan ullakan düşegiň, gat-gat parçanyň üstünde ýazylyp-ýaýrap oturar. Şerap süzer. Onuň içjek şerabyny Aýşöhle guýup bermelidir. Ol Aýşöhläniň ýanynda iki aýalynyň hem bolmagyny talap edýärdi. Çünki Patyşagül bilen Galamgaşyň ýanynda Aýşöhläniň owadanlygy hasam äşgär görünýärdi. Owadanlyk başgalar bilen deňeşdireňde döreýär. Özgelerden parhlanmasa, oňa owadan diýilmeýär. Ähli zenanlar Aýşöhle ýaly owadan bolanlygynda onuň görküne hiç kim aňkarylmazdy! Zenanlar Döwbasanyň yzy bilen baga bakan ugradylar. Aýşöhle birden «Hih» diýip seslenenini duýman galdy. Ol bagyň gündogar çetinden özüne bakan gelýän Kirmegi görüp, dünýäsi gapyşdy. Depesinden äpet bir şeşper urlan ýaly entirekledi. — Wiý, saňa näme boldy, Humaý? — diýip, Galamgaş tekge boldy. — Kirmekden gorkan bolaýmasyn? — Wiý, ol itiň agzyndaky zat näme? — Bilmedim men-ä. — Ak mata öz-ä. — Ak mata. — Nireden tapdykan? Döwbasan Kirmegiň agzyndaky Peleňiň köýnegini aljak boldy. Ýöne Kirmek agzyndakyny näçe çekelese-de Döwbasana bermedi. Kirmek zenanlara bakan gaýtdy. Adamlar bu dünýä ýalançy diýýärler. Bu dünýä ýalançy diýilmesiniň sebäbi Aýşöhlä belli bir derejede düşnükli boldy, häzir. Bu dünýä ýalançy däl. Ýok, ýalan diýmegiň özi dünýä diýmek. Dünýä — ýalan. Dünýäniň çarhyny aýlaýan — ýalan. Ýöne adam bu hakykaty boýun alman gelýär. Adam ýaşajak bolsa — ýalan sözlemeli. Seniň ýaşaýşyň ýalan sözläp bilşiňe bagly. Eger sen ýalan sözlemäge ussat bolmasaň, itiň art aýagyndan suw içersiň. Suwsuz ýaşaýyş ýok, howasyz ýaşaýyş ýok, ýalansyz ýaşaýyş ýok. Eger häzir ýalan donuna bürenmeseň, Kirmegiň yhlasy hem Aýşöhläniň ajalyna sebäp bolar. Adamyň öz kanuny bar. Ýaşaýşyň öz kanuny bar. Ýalanyň hem öz kanuny bar. Durmuşyň hem ýaşaýşyň kanunlaryna Aýşöhle Döwbasanyň öýüne gelip azda-kände akyl ýetirdi. Bolçulykda aladasyzlykda ýaşap, Aýşöhle adamlaram, durmuşam tanaman eken. Aýdylýan gürrüňler, berilýän öwüt-wesýetler bir ýana eken, durmuşyň hem adamlaryň ýowuzlyklary düýpgöter başga ýana eken. Aýşöhle Kirmegiň wepalylygyna düşünýär, ýöne ol wepalylyk häzir Aýşöhlä peýda däl-de, zyýan ýetirýär. Onda-da nähili zyýan! Şol bir peýdaly zadyň zyýanly zada öwrülip bilýänligini, özem onuň ajalyňa sebäp boljakdygyny Aýşöhle öz gözi bilen gördi. Şeýle pursatda çaltlyk bilen çykalga tapmagy başarýan adamlar — durmuşda baý ýaşaýar. Kirmek Aýşöhläniň öňünde saklandy. — Humaýym, Kirmegiň-ä saňa bir sowgatjyk tapyp getiripdir — diýip, Galamgaş ýylgyrjaklady. Patyşagül Kirmekden köýnegi aldy: — Wiý, buý-a erkekleriň köýnegi. «Ölmeli boldummy?» diýip, Aýşöhle öz-özüne sowal berdi. Onuň başy aýlandy, suwsady, teşneligi demsaýyn artdy. Ol göýä bulutlaryň arasynda ýalydy. Şol bulutlaryň arasy bilen ol şeýle bir ýiti tizlik bilen gidip barýardy. Gülagyna güňlenç sesler gelip ugrady. Birdenem hälki gören towçalary salgym bolup göz öňünden geçdi. Göwni şol towçalardan doýmak isledi. Şeýle bir towça iýmek isledi. — Wiý, bu gyz-a özünden gidäýdi. — Humaý, saňa näme boldy? Galamgaş bilen Patyşagül hersi bir gapdalyndan tekge boldy onuň. Döwbasan bir bökende olaryň ýanyna geldi: — Humaýym! Tokalym! Saňa şu gün bir zad-a bolýar. — Ol Aýşöhläni bagryna basdy, soňam Peleňiň göterişi ýaly edip, göterdi-de, howlukmaçlyk bilen bagyň içindäki sypa3 bakan ýumlukdy. Galamgaş bilen Patyşagül Döwbasanyň yzyndan ylgadylar. Döwbasan Aýşöhläni emgenmän göterip barýar. Durşy bilen güýç hem gujur eken ol. Iki zenan biri-biriniň ýüzüne seredip, tagsyrlarynyň güýçlüligine, gujuryna sessiz buýsandylar. Döwbasan Aýşöhläni eda bilen sypanyň üstüne ýatyrdy. — Sen ölmeli dälsiň, Humaýym. Seniň jesediňem maňa gerekdir. — Döwbasan howlukmaçlyk bilen töweregine garanjaklady. — Hany, suw beriň! Ýüzüne suw çalnan Aýşöhle gözlerini açdy. Onuň gözüni açyp ilki nazarynyň kaklyşany düzüm-düzüm towça boldy. — Humaýym, näme isleýärsiň?! Aýşöhle çalaja pyşyrdady: — Towça iýesim gelýär. Şol turşuja towçalardan köpräk iýesim gelýär... — Towça?! — diýip, Galamgaş ör-gökden geldi. Bu habar Patyşagüli-de geňirgendirdi: — Tagsyrym, gözüňiz aýdyň! Eşidýärsiňizmi? Aýşöhle towça isleýär. Begençden ýaňa Döwbasanyň ýüzi durşuna agyz boldy. — Iýjegiň towça bolsun, Humaýym. Ähli towçalary ýygyp bererin. Öz ellerim bilen ýygyp bererin men. Häzir erige çykaýyn. — Siz ýokaryk çykmaň, tagsyrym. Hyzmatkärler häzir ýygyp bererler, siz azara galmaň! — Ýok, onuň azary bolmaz maňa. Humaýa towçany öz ellerim bilen ýygyp bererin. Heý, munam başga birine ynanyp bolarmy. Ýok,ýok, öz ellerim bilen ýygyp iýdirjek. Humaý meniň elinje ýygan towçalarymy iýsin. Munuň lezzetini Kutuly Allagyň ýalňyz dogmasy örän gowy bilýär. — Birden ýykylaýmaň, tagsyrym! — diýip, baýbike elewredi. Daragta çykjak bolup duran Döwbasanyň nazary baýbikäniň elindäki köýnekde eglendi. — Eliňdäki ak mata näme? Patyşagül elindäki köýnegiň gumuny kakdy-da, buýsançly dillendi: — Bu, tagsyrym, Humaýdan dünýä injek ogluňyzyň itköýnegi4. Bu itköýnegi Göktaňry Kirmekden iberipdir, tagsyrym! Döwbasan ýylgyrjaklap erige dyrmaşyp ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |