22:53 Göktükmen söýgüsi -23/ romanyñ dowamy | |
BÄŞINJI BOÝ
Taryhy proza
SÜŇK HOSSAR Garadag yzyna üç-dört adam tirkäp baranda, Babyr beg gözüni ajy tüssä gapdyryp, ot ýakyp otyrdy. Tüsseden ýaňa gözlerinden paýrap ýaş akýardy. Ol ýakynyna gelenlere bir nazar aýlady-da, gözýaşyny görkezmejek bolup, ýeňiniň tersi bilen zol-zol süpürindi. — Babyr beg, näme aglap otyrsyň? — diýip, Garadag ýylgyrdy. — Aý, Garadagym, tüsse bilen teý öwrenişip bilemok. Ömrüm ot içinde geçdi, indi öwrenişäýmeli ýaly welin, her sapar tüsse gözümi ýaşardyp agladýar, özüne öwrenişdiräýenok. Soň gözýaşymy saklap bilemok. — Babyr beg ýerinden turdy. — Hany, geliň, geçiň. Garadag habaryny nähili aýtjagyny bilmeýän ýaly, birmeýdan böwrüne diň saldy: — Babyr beg, biz-ä ýolagçy, gidip barýarys, senem ýanymyz bilen äkitmäge geldik. — Garadag, bir ýere gitmeli diýseň, gepim-gürrüňim bolmaz, höwes bilen giderin. Men häzir täzeräk eşiklerimi geýeýin. — Aý, ýok, eşigiňi çalşyp oturma... — Alamana gitmelimi? — Alamana-ha däl. Çöle gidip geleli diýişdik. Aknabat guýusy diýip eşidensiň-ä. — Eşidipdim. — Ana, şol ýere baryp gaýtmaly boljak. — Gitmeli diýseňiz gidibereris. Men onda ýanyma ýoldaş alaýyn. — Babyr beg içerik girdi. Bir kesemen nan — ýoldaş hem bir mytara suw alyp çykdy. Ojagynyň daşyndan üç mertebe aýlandy. Ojagyň külüni maňlaýyna çaldy. Bu sag-salamat dolanmak dilegidi, dessurydy. Babyr beg Aknabat guýusyna näme üçin gidilýändigini öz ýanyndan çak etdi. Çakynda-da ýalňyşmandy. Sebäbi Babyr beg Garadagy ýakyndan tanaýardy. Garadagyň golagoplulygyndan, nirä, näme üçin gitmelidigi hakdaky sowala göni jogap bermäge bogny ysman sapalak-supalak etmesinden ogly Peleň bilen baglanyşykly bir ýowuzlygyň bardygyny aňypdy. Babyr beg ýola düşülensoň hem gürlejek, näme üçin gidilýändigini anyklajak bolup durmady. Olar geçelgeden on argamakly bolup çykdylar. Argamaklylaryň arasynda Döwbasanyň sahyby hem bardy, beýleki argamaklylaryň ählisi dürli sebäplere görä pida çeken — agasy ýa inisi, babasy ýa ogly dereksiz ýiten adamlardy, hossarlardy. Hana, argamaklylaryň arasynda garrap, halys lakaşasy çykan Supan taýlak-da bardy. Meger, ol gürüm-jürüm bolan ogly Kössegi gözleýändir. Be, Garadag zor, Supany giden ýerinden tapyp getiripdir. Ýanyndaky murty taban jahyl — agtygydyr, Syrajyň dogmasydyr. Babyr beg bu çaklamasynda-da ýalňyşmandy: Supan taýlagyň ýanyndaky murty taban ýigdekçe Syrajyň dogmasy Gurtdy. Supan taýlak ýarawsyzdy. Yzyndan habar baranda, ol agyr ýatyrdy. Sibiriň habary bilen baran kişi onuň bäri bakaryna garaşypdy. Sähel bäri bakandan soň Supan ýola çykdy. «Ýok, ýok, men gözüm bilen görmesem ynjalmaryn» diýip, tekepbirlik etdi. Şeýle bolansoň, bir bedewi amanat alyp, Gurt hem atasy bilen gaýtdy. Olar Hanana gelenlerinden soň hem bir gije ýatyp ertir ýola çykmak hakdaky pikire kes-kelläm garşy çykdylar. Wagt ýitirmeli däl. Tizden-tiz Aknabat guýusyna barmaly, ol ýerdäki ystyhanyň kimiňkidigini anyklamaly. Şeýle bolansoň, olar Hananda uzak eglenmän ýola düşdüler. Supanyň argamakdan ýykylmagyndan howatyrlanýan ýaly, agtygy Gurt gapdalyndan barýardy. Yryma görä, ýanyňa duz-nan alsaň, ýoldaşly boldugyň hasaplanýar, işiň gowulyk bilen bitmeginiň dilegi bu. Supan taýlagyň üznüksiz üsgürmesini synlan Garadag sakgaldaşyna ýüzlendi: — Görýän welin, seniň mazaň ýok. Meniň melhem otlarym bar, gowy emim bar. Şu gün saňa em edeýin, Supan. — Siz maňa üns bermäň. Supan sag diýip hasap edäýiň. — Wah, sähel aralyk bolsa, gürrüňem etjek däl, ýöne ýol uzak. — Howlukman gidibiris. Ýadan ýerimizde düşläris. — Matymy ugradaýmaly ekeniň-dä, özüň heläk bolup gaýtman. — Aý, dogan, Matymyň gazanç etjek, baýlyk toplajak diýip öýden çykyp gidenine on ýyl boldy. Ýylaşa bir sapar öýe myhman bolaýmasa, ol bir Çyndan çykýar, birem Rumdan. Meniň goşa ganatym bar: olar agtyklarym — Gurt bilen Hikmet! — Tüweleme, Gurt är ýigit bolup ýetişipdir, ömri uzak bolsun! Uzak ýol geçmek ýaş üçinem, garry üçinem ýeňil däl. Öýleden soň ýola düşen atlylar göz baglanansoň bir oýda düşlediler. Argamaklylaryň arasynda gürlemäge döwtalap ýokdy. Ähli kişiniň aladasy Supandady. Onuň mazasy gaçypdy, goltugyna girip oturdypdylar. Gije şol oýda ýatyldy. Ertesi ýola düşülende argamagyna mündürmegi üçin Supana kömekleşmeli boldular. Babyr begiň hem ýagdaýy onuňkydan ybaly däldi. Ýöne oňa ýagşydan-ýamandan habar gatýan adam ýokdy. Adamlaryň öz aladalary özlerine ýetikdi. Ýola düşülen günüň ertesi günortana golaý Aknabat guýusyna geldiler. Öňe düşüp gelen ýolbeledi Garadag bu kiçeňräk oýda atynyň jylawyny çekdi-de: — Geldik — diýdi. Atlylar howlukman atdan düşmäge durdy. Birki sany ýaş ýigit haýdan-haý düşek ýazmak bilen boldy. — Adamlar, ilki demimizi dürsäliň, garbak-gurbak edineliň. — Garadag, dogry aýdýarsyň. Ilki ýürekselik edinip soňundan görübersegem bolar. Ýöne anygyna ýetmesem, men rahat oturyp biljek däl. Tötegem bokurdagymdan geçer öýdemok. Adamlar Supan taýlagyň sözüni makulladylar. Onuň ýüzüne seredip, garşysyna çykar ýaly hem däldi. Sebäp onuň ýüzüne öliniň reňki urupdy. Her kim oňa gorky bilen seretdi. Garadag kiçeňräk depe bolup duran çöp-çalam üýşmegini bir gyra aýyrdy. Çöp-çalamy aýrylan ýerde adam ystyhany agaryp ýatyrdy. Garadag nämedir bir zadyň maslahatyny soraýan dek, Döwbasanyň sahybynyň ýüzüne äňetdi. Döwbasanyň sahyby onuň näme soraýandygyna düşündi: — Jümjümäni1 getiräý. Garadag ullakan çakyr kelleçanagy Supan taýlagyň öňünde goýdy. Supan taýlak kelleçanagyň ystyhanyny içgin synlady. Eline alyp, ýüzüne degirdi: — Wah, jigerim, tanar ýaly bolmansyň-a sen. — Goja gözüne ýaş aýlady. Agtygy Gurda ýüzlendi. — Pyçagyňy ber maňa, oglum. Barlap göreýin. — Ata, men barlap göräýeýin?! Hemmämiz bir gan ahyryn. — Supan, Gurt dogry aýdýar. Goý, özi barlasyn. Seniň ýarawlygyň ýok — diýip, Garadag Supana töwella etdi. Supan taýlak dymdy. Onuň dymmasy razylygyň alamaty bolmaly. Gurt bilinden pyçagyny çykardy. — Oglum, köp kesme. Eşidýärsiňmi, köp kesme. Çalaja gan çykarsaň bolar. Ähli kişiniň nazary Gurda gönükdi. Gurt biraz aljyrajak ýaly etdi-de, elinden saldy, pyçagy. Elini jümjümä goýdy. Gan kelleçanagy sähel salymyň içinde gyzyl gana boýady. — Boldy, boldy, aýryl indi — diýip, Garadag Gurduň goşaryndan akýan gany eli bilen saklady. Soňam esgi bilen Gurduň elini sarady. — Supan, gör, bu seniň Kössegiň däl eken — diýip, Garadag sakgaldaşyna ýüzlendi. — Näme diýseňizem, meniň göwnüme, Kössek şu. Içimde bir owaz «Şu seniň ogluň Kössek, şu jümjüme seniň ogluň Kössegiňki» diýip dur. Içki hemram meni aldamaz! — Gördüň-ä, jümjüme gany kabul etmedi. — Siz menden aýyplaşmaň, adamlar. Meniň özümem bagtymy synap göreýin. — Munyň artykmaç bolýar, Supan. — Munça ýol söküp anygyna ýetmän gitmäýin. Gan meniňki, janymy barlap göreýin Supan taýlaga ygtyýar berdiler. Garadag kelleçanagyň ýüzündäki gany süpürip aýyrdy. Supan taýlak pyçagy ogluna berdi. Gurt ýaýdandy. Soňam pyçagy ýerde goýdy: — Başaramok, ata. Supan taýlak öz goşaryndan kesip goýberdi. Ystyhana damýan ganlar syrygyp çägä siňdi. — Mundan artyk ganyňy akdyrma, Supan. Supan taýlakdan soň adamlar ýekän-ýekän ellerinden gan çykaryp ystyhanyň üstüne akdyryp gördüler. Ystyhan hiç kimiň ganynam kabul etmedi. Diňe Babyr beg galdy. Ol bir çetde başyny aşak salyp otyrdy. Garadag onuň ýanyna bardy: — Belki, Peleňdir. Barlap gör, Babyr beg. Babyr beg ystyhana ýakynlaşman argamagyndan düşen ýerinde butnaman otyrdy. Onuň ýüzünden ýylgyrýandygyny-da, howsala düşýändigini-de saýgarar ýaly däldi. Ol töweregine garanjaklaýardy. Onuň bolşy Garadagyň sözüni-de eşitmedige meňzeýärdi. Ähli kişiniň nazary Babyr bege gönükdi. Dym-dyrslyk. Garadag sözüni gaýtalajak bolmady. Garaşdy. Bir paýyzdan soň Babyr beg ýuwaşja ýöräp ystyhanyň ýanyna geldi. Ürgün çägede ikidyz oturyp, sandyraýan elleri bilen ystyhany eline aldy. Babyr begiň sesi endiräp gitdi. Babyr beg hamsykdy. Gözýaşyny saklamak üçin asmana bakdy. Barybir, gözýaşlary paýraşyp döküldi. Babyr beg agysyny içine salmaga çytraşdy. — Peleň, oglum! Babyr begiň elleri sandyrady. Sandyraýan elleri bilen kelleçanagy bagryna basdy. — Babyr beg, munuň Peleňiň ystyhanydygy belli däl entek! Bu söze Babyr beg ör-gökden geldi: — Garadagym, nätdiň-ä sen, indi men oglumy tanamarynmy? Bu meniň oglum-a. Babyr beg donuny çykaryp ystyhanlary ýygnamaga durdy. — Babyr beg, howlukma, ilki barlap göreli. — Näme, maňa ynanmaýarsyňmy, Garadagym?! — Herhal, barlap göräýeli. Babyr beg Garadaga elini uzatdy. Garadag Babyr begiň sandyraýan elini dildi. Babyr begiň kelleçanaga damýan gany Gurduňky, Supan taýlagyňky hem beýleki argamaklylaryňky deýin çägä syrygmady: Babyr begiň gany jümjümä edil çägä siňen dek siňdi durdy. — Peleň neresse, gör, nirelere düşen eken — diýip, Garadag uludan demini aldy. — Peleň! — diýip, Babyr beg titredi. — Peleň-ow! Babyr beg ystyhany sypap-sypap ýene bagryna basdy. Hyk edip birki gezek ses etdi, birsyhly ýuwdundy. Ol aglaýardy. Şu güne çenli «Peleň nirededir bir ýerde aman-esen gezip ýörendir. Meniň ölenimi eşitse, hökman ýetişip geler. Ol elden giden beglige namys edip geçelgeden gidendir. Baýlyk, gulam ýygnap bir gün geler» diýen inçe tama bilen ýaşapdy. Häzir şol tamasy üzüldi. Ol Gündaş neberesine ysnat ýetirdi. Ol Gündaş hanedanlygynyň düýbüne palta urdy. Indi Gündaş hanedanlygy-da ýok, begligi-de. Özem bu betbagtçylyk Babyr beg sebäpli boldy. Ol ne özüni, ne aýalyny, ne-de ogullary Kuban bilen Peleňi gorap bildi. Hut Babyr begiň gowşaklygy sebäpli Gündaş neberesi ýok indi! Ýok. Babyr begiň başy aýlandy. Bu başy aýlanma özüniň ýalňyz galandygy sebäplidi. Indi ol hiç kim. Babyr beg hopukdy. Juda hopukdy. Ol özüniň ejizligini duýdy. Ol özüniň sandan galandygyny, diri bolup ölüdigini duýdy. Onuň, gör, nähili gowy durmuşy bardy. Ol juda mertebelidi. Ýöne birden dünýä çepbe çöwrüldi. Eý, Göktaňry! — Babyr beg, mert bol! Öleniň yzynda ölüp bolanok. — Sen maňa mert bolmagy, aglamazlygy ündeýärsiň, Garadagym! Günüme it aglaýarka, men näme üçin aglamaýyn?! — Babyr beg kelleçanagy ýene bagryna basdy. — Bu Peleň! Görüň-ä meniň ganym süňke siňip dur! Görüň-ä, meniň ganym süňke siňip dur! Oglum meni tanady! — Hany, maňa ber — diýip, Garadag Peleňiň kelleçanagynyň ystyhanyny Babyr begiň elinden almakçy boldy. Babyr beg ýüregi ýarylan dek, yza çekildi. — Ýok, ýok, bermerin!.. Babyr beg edil çagajygy bagryna basan dek, ystyhany gujagyndan aýyrmady. — Wah, oglum, diňe men däl, saňa Aýşöhle-de yhlas bilen garaşdy. Onuň saňa bolan yhlasyny, söýgüsini bir gören bolsadyň, Peleňim. Ol saňa garaşdy. Her gün gelip öýümizden seni agtardy. Eşikleriňi sypap-sypap, bagryna basyp aglady. Onuň seni nähili söýendigini sen bileňok, Peleň. Bilseň, bu ýerde ýatmazdyň, ölem bolsaň turup barardyň... Hiç kimiň garbak-gurbak edinesi, oturasy gelmedi. Ystyhanlaryny ýygnap, Babyr begiň donuna doladylar-da, gaýtmak bilen boldular. Babyr begi üç-dört bolup ata mündürdiler. Ol dünýäni bütinleý unudypdy. Babyr beg zaryn-zaryn aglap, oglunyň jümjümesi bilen gürleşýärdi. Adamlar Babyr begiň zarynlamasyny eşitmejek bolup, öňe gitdiler. Babyr beg garagörnüm yzdan gözüni ýaşlap, bagryny daglap gelýärdi. Babyr beg Peleňsiz galdy. Aýşöhle Peleňsiz galdy. Daglar-düzler Peleňsiz galdy. Hanan Peleňsiz galdy. Çöl Peleňsiz galdy. Aýşöhle — göktürkmen iliniň kalby Peleňsiz galdy! Eh, Peleňi ýuwdan ýuwdarha dünýä! Aýşöhlä uzan tamakin gollar juda kändi. Ol gollar, ol gujaklar boş galdy. Peleňiň gujagy, Aýşöhläniň gujagyny özi deýin boş galdyran, eý dünýä! Sen men-men diýen är ýigitleri düýnäp kim bilen galjak bolýarsyň?! E-eý, hoş dünýä! E-eý, boş dünýä!.. ALTYNJY BOÝ SÖÝGÜDE MENZIL ÝOK Aýşöhläniň ýaşaýyşdan alýan ýeke-täk lezzeti — hyýalynda Peleň bilen aç-açan duşuşyp, onuň bilen aç-açan gürleşip bilýänligi. Onuň özbaşyna hümürdenip, Peleň bilen gürleşip ýörmesini gündeşleri başda kesä çekdiler: aňyna, megerem, zeper ýeten bolsun gerek diýdiler. Belki, dogrudyr, Peleň nirä gitjegini, näme üçin gitjegini aýtman, hoşlaşman, gürüm-jürüm bolanyndan soň Aýşöhläniň öňem bir giň bolmadyk dünýäsi daralyp, çepbe çöwrülipdi, birden onuň ýok bolmagy aňyna sygmaýardy, dem sanap uç bererine garaşýardy, gör, näçe wagt bäri garaşyp ýör! Hyýaldaky duşuşyklar Aýşöhläni kanagatlandyranokdy, Peleň bilen hiç bolmanda ýekeje sapar duşuşmak isleýärdi. Käteler Peleňe nägileligini hüňürdenip ýaňzydýardy. Aýtman-duýdurman gürüm-jürüm bolmaly däldigini öwran-öwran nygtaýardy. Hyýalynda Peleň nämedir bir zatlar diýip özüni aklamaga çytraşýardy. Aýşöhle Peleňiň ähli sözlerini eşitse-de, diňlese-de, nirä gidendigi baradaky örtenmelerini welin, teý eşidip bilenokdy. Ol käteler hyýalynda Peleň bilen duşuşan älemgoşar öwüşginli gülşenine — çemenzarlygyna giderdi. Bedewini ýüzin salyp sähraň içi bilen okkesdirme çapardy, Peleňiň bedewi yzdan kowardy. Soňam gülli gülşenligiň içinde agnap Peleň bilen şirin-şirin razdaşlyk gurardy. Aňynda mydam Peleň bilen gürleşip ýörensoň, Aýşöhle iki ýola Döwbasana «Peleň!» diýip ýüzlenipdi. Döwbasan birinji gezek eşitmedikden bolan bolsa-da, ikinji gezek sandyr-sandyr edip gaharlanypdy, Aýşöhläniň üstüne düwläpdi. Aýşöhle Döwbasana seredip gyýylýardy. Özüniň durmuşa çykmazdan burun aýdan sözlerini aňynda birsyhly gaýtalaýardy: «Men Peleňe göwün berdim, indi men ony aňymdan çykaryp bilemok. Saňa durmuşa çykmak üçin men ony aňymdan çykarmaly, seniň aýalyň bolup, Peleňem ýatlap ýörsem, bu meniň saňa ikilik etdigim bolar. Bu meniň hyýaly biwepalyk etdigim bolar. Biwepalyk edýän aýalam öldürýärler». «Men seni öldürmerin». «Men durmuşa çykamsoň, hyýalymda-da ikilik etmek, ertirki gün seniň öňüňde biwepa hatyn, dili gysga bolmak islämok». «Men seniň ikilik etmejegiňi bilýärin, hiç kim saňa gyýa, ýaman göz bilen garamaga het edip bilmez». «Wah, men Peleňi unudyp bilemok ahyryn». «Men saňa Peleňi isledigiňçe ýatlamaga rugsat berýärin, onuň üçin men saňa hiç wagt hiç zat diýmerin. Wagt — tebip. Wagtyň geçmegi bilen sen Peleňi unudar gidersiň». «Ýok, ýok, men ony unudyp bilmerin, men oňa lebiz etdim. Lebzimi unutsam, onsoň men kim bolýaryn?! Bilýärsiňizmi näme, men oňa lebiz etdim». «Unutmasaň, isledigiňçe ýatlap ýaşa diýdim-ä men, hyýalyňda isledigiňçe gürleş. Onuň üçin meniň öňümde özüňi jinnek ýaly-da müýnli duýma! Men hem saňa lebiz edeýin: Peleň haçan gelse, men seni Peleňe elin gowşuraryn». Aýşöhle Döwbasanyň soňky: «Men saňa lebiz edeýin: Peleň haçan gelse, men seni Peleňe elin gowşuraryn» diýen jümlesini öz ýanyndan öwran-öwran gaýtalardy. Döwbasan Peleňi agtarjakdygyny hem aýdardy, oňa göwünlik bererdi, umytda ýaşamagy ündärdi. Ýöne ol Aýşöhlä hernäçe göwünlik berse-de, öýde Peleňiň adynyň tutulmagyny islemeýärdi, aýratynam Aýşöhläniň onuň adyny tutmagyny islemeýärdi. Döwbasan Aýşöhläniň öýden çykmagyny-da islemeýärdi, müň bir bahana bilen onuň öýden çykmagyna garalla bolýardy. Aýşöhläniň bolsa akgyzlar bilen Şuňkar atly argamagynda sähra çykasy, derýanyň kenarynda gezelenç edesi, Hanana gidesi, ata-enesiniň didaryny göresi gelýärdi. Peleňleriň öýüne barandygy üçin Aýşöhlä Hanana zyýarat etmek mümkinçiligi ýapylypdy. Şeýle-de bolsa käteler obasyny, hossarlaryny görmek isläp, ýüregi agzyndan çykara gelýärdi, şonda içi-içine sygman, sojap-sojap aglaýardy. Her gezek özi aglap özi diňýärdi, onuň bu babatdaky islegini Döwbasan eşitmedikden, bilmedikden bolýardy. Döwbasan Aýşöhläniň rahatlygy üçin aladalanýardy: Hanana çapar ýollaýar, çaparyň habaryndan soň Sibir beg Päkine bibi bilen dolup-daşyp gelýärdi. Olar Döwbasanyň islegi boýunça birki gün Aýşöhläniň ýanynda bolup, onuň bilen Zemmiň bazarlaryna aýlanýardylar. Aýşöhläniň hossarlary gelensoň, Döwbasan tarhanlyk edýärdi, her hili dabaraly toýlary guraýardy, derýanyň boýunda gezelenç gurnaýardy. Aw awlanýardy. Döwbasan Aýşöhle bilen ýaýda nyşana atmakda bäsleşýärdi. Soňky gezek Aýşöhläniň awunyň ganly bolmagyny isläp, Döwbasan çawuşlaryna keýik sürüsini atyma getirtdi. «Aýşöhläniň awy ganly boldy» diýip, Aýşöhläň atan üç keýigi tokaýlygyň içindäki çeşmäň başynda şara edildi. Aw dessury berjaý edildi. Depler depilip, aw rakysy oýnaldy. Aýşöhle ata-enesiniň oturyşlaryny synlap, begenmek begendi, Peleňiň ýokdugyna — özüniň üç keýik atandygyny onuň görmändigine gynanmak gynandy. Aýşöhläniň uýasy Mähriban şeýle bir rakys oýnady, heý goýaý. — Aýşöhle, seniň ýaşaýşyňa gözüm gidýär — diýip, Mähriban zol-zol gaýtalaýardy, Aýşöhläni gujaklaýardy. Wagt geçip dur, indi Mähribanam uly gyz çykdy. Durmuşa çykdy. Mähriban indi bir obaň beginiň aýaly! Söýgüli aýaly! Ol aram-aram Aýşöhläniň ýanyna görme-görşe gelýär. Mähriban soňky gezek aýylganç habar bilen geldi. Peleňiň jesedi tapylypdyr. Babyr beg Peleň neressäniň jümjümesine goşarynyň ganyny damdyrsa, gan jümjümä siňip durmuş. Babyr beg ystyhanyň oglunyňkydygyny bilip, bagyryp aglamak aglanmyş. Bu habar Aýşöhläniň ýüreginden hanjar urlanyndanam erbet etdi: ol aýylganç gygyryp, gözýaş dökdi. Onuň dünýäsi gapyşdy. Onuň inçejik umyt uşlyby üzüldi. Onuň ýaşaýşynda many gutardy. Ol indi nämä umyt baglap ýaşasyn?! Ol indi näme üçin ýaşasyn?! Mähriban getiren habaryna Aýşöhläniň gynanjakdygyny bilýärdi. Ýöne ol habary Aýşöhle beýle agyr kabul eder öýtmändi. Onuň üçin gümürtikligiň perdesiniň syrylandygy, diridir öýdüp boş umytda bolmagyň gerek däldigi esasy zatdy. Bu habary Mähribana ýetirenem, Aýşöhlä aýtmagy towakga edenem Döwbasandy. «Bu habary Aýşöhle senden eşitse, soň ol rahatlanar. Ýogsam onuň rahatlygy ýok. Men onuň rahat, gülüp ýaşamagyny, wagtyny dilnowazlykda geçirmegini isleýärin. Senem Aýşöhläniň rahat ýaşamagyny isleýänsiň ahyryn» diýip, Döwbasan janygypdy. Döwbasan bu habary özünden eşidendigini hiç ýerde aýtmazlygy Mähribana telim ýola tabşyrdy. Mähribanyň iň soňundan aýtmaly sözem bardy. Ol şeýle diýmelidi: — Seniň adamyň Döwbasan, gör, nähili aladaçyl adam. Ol seniň hatyraň üçin Peleňiň jesedini Hanana eltip jaýlapdyr. Babyr bege hemaýat edipdir. Mähriban Aýşöhläni köşeşdirip bilmän gara heläk boldy. Döwbasanyň habaryny aýdansoň Mähriban Aýşöhle bilen ýeke agyzam gürleşip bilmän yzyna gaýtdy. Aýşöhle on ýyldan soň Peleňiň ölümine aglady. Aýşöhle on ýyldan soň Peleňiň ölüminiň ýasyny tutdy. Şol günden soň Aýşöhläniň durmuşynda täze, manysyz ömür başlandy. Ol başga zenana öwrüldi. Alty ýaşa ýeten ýalňyz ogly Gaýany küýsedi. Peleňiň ölendigi, jesediniň tapylandygy baradaky habary eşidip, ony görerin diýen gyldan inçe tamasy üzülensoň, Aýşöhle daş-töwerekden dalda-delalat isledi, ýöne hiç bir zat, hiç kim onuň weýrana dönen göwnüne teselli berip bilmedi. Olaryň oturan öýleri gür baglyga çümüp otyrdy. Aýşöhle göwnüne teselli bermek üçin şol bagyň içinde seýil-seýran ederdi. Ol bir gün gündeşleri bilen bagyň içinden ýöräp barýarka geň bir ahwalat gopdy. Aýşöhle bir gün gözlerine ynanmajak boldy: niredir bir ýerden ak laçyn peýda boldy. Bu guş Aýşöhläniň iki arşyn ýakynyna gelip pelpelledi durdy. Asyl Aýşöhleden gözüni aýranok ol. Onuň depesinde pelpelläp durşuny gören Aýşöhläniň tas zähresi ýarylypdy. Aýşöhle gorkusyna ýüzüni elleri bilen örtüp, aşak oturdy. Patyşagül bilen Galamgaş hem guşuň bolşundan gorkdular, olar «Hüşt!», «Hüşt!» diýşip, ellerini kelemenledişip laçyny kowmaga çalyşdylar. Laçynyň bir duran ýerinde ganatlaryny pasyrdadyp durmasy Aýşöhläniň özüne eýe çykmagyny isleýän ýalydy. Çykalga tapyldy. Galamgaş uzyn syryk tapyp, bulamaga başlady. Laçyn ýokary galdy. Galsa-da gidibermedi. — Aýşöhläni tanyş gördi öýdýärin — diýip, Galamgaş syryk bulamasyny dowam etdirdi. — Ýalňyşdy. — Ýok, bu laçyn Aýşöhläniň köp ýatlaýan adamynyň taňlasy bolmaly. Bu, meger, Aýşöhläniň enesiniň taňlasydyr — diýip, Patyşagül laçyny synlady. — Kimiňkikä?! — Kimiňki-de bolsa, diri adamyňky bolmaly bu. Ýogalan adamlaryň taňlalary, köplenç, gara reňkde bolýarmyş. Gör, bu laçyn hem gara reňkli. Aýşöhle üçin özüniň içki ahwalatyna düşünjek hem-de kalbyna teselli berip biljek iki adam — Peleň bilen Gaýa bardy. Boýun alan ýagşy: diňe bir adam bardy. Ol Gaýady. Gaýa-da ondan, gör, näçe uzaklykda. Ol hem enesini görmek isleýändir, enesini görmek isläp aglaýandyr. Çagany göktürkmenler dört ýaş dört aýda eneden, maşgaladan aýryp, atabeg terbiýesine berýärler. Wah, bu ýaşda çaga enä mätäç ahyryn! Wah, Aýşöhläniň bu pikirini diňleýän adam barmy näme?! Ýogsam Aýşöhle dem salymlygam Gaýadan aýry bolasy gelenok, ýöne bu babatda Döwbasan oňa sala-da salyp oturmandy. Atabegler Gaýa köp daşary ýurt dillerini, serkerdelik, sypah tilsimatlaryny öwredýärdiler. Gaýa ýylda diňe iki gün enesiniň ýanynda bolmaga rugsat berilýärdi. Erkek çagada ene hamraklygy bolmaly däl, ol gözýaşdan, duýgudan üzňe bolmaly. Göktürkmen begleri beg şekilli bolmaly! Göktürkmen begleri sowatly, bilimli, dünýäň ýetmiş iki dilini bilýän, ýetmiş iki owazyna düşünýän bolmaly. Bu pikir bir ýylyň ýa iki ýylyň pikiri däl, bu pikir Oguz handan, Afrasýapdan bäri gelýän üç müň ýylyň ýol-ýörelgesi. Hana, Döwbasanyň ähli ogly atabeglik mekdebinde tälim-terbiýe alan, dünýä akyl ýetirip ýören goç ýigitler. Aýşöhle Mähribanyň şol habaryndan soň doňan dek bolup oturmany çykardy. Diňe bir gündiz däl, ol gijelerine-de gözlerini petredip doňan ýaly bolup oturdy. Mähriban gelip gidensoň Aýşöhläniň düýpgöter özgerendigini Döwbasan duýdy, duýsa-da duýmazlyga saldy. Ol Istemi hanyň huzuryna gidýändigi, özüniň bir aýlap obada bolmajakdygy üçin öz karargähinde kimiň näme etmelidigini, kimi kimiň göz astynda saklamalydygyny birin-birin tabşyryp, ýigrimi düýe serpaý-senet taýýarlap ýol şaýyny tutdy. Döwbasan ugramazynyň öňinçäsi Aýşöhle bilen aýratyn gürleşdi. Gam-gussa batmaly däldigini, ýüzüniň mydama ýylgyryp durmalydygyny, dolanyp gelende öňünden ilki çykyp garşylamalydygyny, bir aýlap Aýşöhlesiz elkin ýaşamagyň özüne hunaba boljakdygyny nygtady, soňam özüniň ýöriş döwründe kenizleri bilen babasy öýüne baryp gelmegine izin berýändigini ýaňzytdy. Döwbasanda bihasap zat ýok. Aýşöhlä Hanana baryp gelmäge rugsat bermesi-de ýöne ýere däldi. Ol bu babatda ýedi ölçäp bir kesipdi. Peleň-ä ýok, ol öldürilen. Aýşöhle Peleňi, ata-enesini ýatlap, jyzar bolup ýör. Goý, ol ata-enesini görsün, olar bilen ýazylyp-ýaýrap otursyn. Ýüregi düşüşer. Belki, Babyr begiň öýündäki ýozkadan jyklap görer. Görse, aýylganç süňk-saňk ýatandyr. Ol ystyhanlary görüp, Aýşöhläniň zähresi ýarylar. Onsoň «Lebiz etdim» diýýän adamynyň ýakymsyz ystyhanyny görüp, nähak özüni örtändigine düşüner, köşeşer. Onsoň Peleňi ýatlamaga-da gorkar. Ha-ha-ha! Ystyhan onuň gije düýşüne-de girer. Nädersiň onsoň «Men lebiz etdim» diýen sözi ýadyndan çykaraýsa. Ýozkadan seredendigi üçin özüni ýazgarar. Şol günden başlabam büs-bütin başga aýala öwrüler. Meni ezizläp ugrar. Bar pikiri maňa ýaranmak bolar. Maňa geregi-de şu. Men gelýänçäm Aýşöhle başga zenan bolar. Ynha, görersiňiz. Döwbasan ogly Arslana-da etmeli işlerini birin-birin tabşyrdy. «Esasy maksat Aýşöhläniň ýozkadan jyklamagydyr. Her et, hesip et, ony ýozkadan jyklar ýaly et. Goý, ol lebiz eden adamynyň süňklerini görüp gorksun. Soňam gaharlanan kişi bol-da, göni alyp gaýt». Aýşöhle Döwbasan begiň Hanana gitmäge izin berýändigine begenmek begendi. Şondan soň Arslanyň özüni Hanana alyp giderine garaşdy, ýöne Döwbasan begiň Merwe gidenine bir hepde geçse-de, Arslan howluganokdy. Arslan Aýşöhläniň babasy öýüne dolup-daşyp baryp gelmegini islemeýän ýalydy. Ol «Hökman äkiderin» diýmesine diýýärdi. Ýöne sözüniň yzy geliberenokdy. Aýşöhlä şübhe aralaşdy. Arslanyň bar diýýäni bahanadyr öýtdi. Arslan bir gün ulag ýoklugyny, başga bir gün aladasynyň köpdügini, ýene bir gün kimdir biriniň näsagdygyny aýdýardy. Arslandan tamasy çykmadyk Aýşöhle akgyzlaryna özüniň näsag ýatandygy, hiç kimi ýanyna goýbermeýändigi barada gürrüň ýaýratmagy tabşyrdy: Arslan, goý, «Aýşöhle nähoş ýatyr» diýip pikir etsin, «Hanana baryp gelenimi ol bilmänem galar» diýip, Aýşöhle pikir etdi. Aýşöhläniň aňynda ýeke-täk bir pikir bardy: tizden-tiz Peleňiň jesediniň ýanyna barmaly! Peleňiň ýanyna barmaly! Peleň bilen duşuşmaly! Aýşöhläniň göz atuwynda Peleň bilen iň soňky gezek bolan duşuşyk janlandy. Şonda Peleň: «Aýşöhle, sen maňa şu ýerde garaş, men ölem bolsam, şu ýere gelerin!..» diýipdi. Aýşöhläniň kalbynda gaýgyly mukama öwrülen bu sözleriň ýadyna düşmedik güni berin barmykan? Ýokdur! Aýşöhle bu sözleri çagajyk deýin ezizläp, kalbynyň iň näzik ýerinde göterýär! Aýşöhläni ýaşadyp ýören şu sözler ahyryn. Peleňiň ýozkasyna maňlaýyňy goýmaly — duşuşmaly! Aýşöhle Peleňiň ýozkasynyň başujuna baryp aýtjak sözlerini içinden telim ýola gaýtalapdy, ýat tutupdy: «Peleň, men saňa lebiz edipdim, ýöne sen nirädir bir ýere gidip, wagty bilen gelmediň. Ol ýerde maşgala edinipsiň. Mertebeli ýaşa, ýöne meni lebzinde durup bilmedik zenan hökmünde günäkärlemän, saňa habar ýetirmän lebzimi yzyna alandygym sebäpli ýazygymy geç. Meniň lebzim — meniň tenim. Meniň ýüregim — meniň taňlam. Tenim — lebzim saňa gowuşmadyk-da bolsa, taňlam seniň bilendir. Sen näme diýseň, men şoňa-da kaýyl gelerin. Soňky söz seniňkidir. aýdyber!». Eger Peleňiň taňlasy: «Aýşöhle, sen maňa gerek däl» diýse, lebzimi yzyna berse, onda men Döwbasanyň ýanyna dolanaryn, oňa sadyklyk hem wepadarlyk bilen hyzmat ederin. Eger Peleňiň taňlasy rugsat bermese, onda men Hananda galmaly bolaryn. Lebiz beren kişimi ýeke ýatyryp bilmerin». Bu maksada ýetmek üçin geçilmeli menzil az-küş däl! Iki menzil! Iki menzil atly bolanyňda-da uzak ýol. Ýol hi-iç tükenmeýär. Atly geçilende usurgadan menzil, pyýada geçilende, heý, ýadatmazmy! Aýşöhle ýoluň uzaklygyndan heder edenok. Ol ýoluň howpludygyndan-hatarlydygyndan hem eýmenmeýär. Iň esasy zat — ol Peleňe duşuşmak üçin adamsyndan yjaza aldy. Ýok, adamsynyň özi dillendi! Gün derýasynyň aşaky akymynyň ugrundaky jülgäniň gür tokaýlygynyň içi bilen uzap gidýän egrem-bugram ýodadan ýeke gitmek örän hatarlydy. Gorky-ürkini bilmeýän syrtlanlar, senjaplar, sargaranlar garaşman durkaň öňüňden pete-pet çykýardy. Bu ýolda bir däl, dört-bäş kişi ýaragly goranybam ýyrtyjylaryň pidasy bolupdylar. Şonuň üçin bu ýoldan gitmeli bolanda kemsiz ýaraglanan kerwenleriň gelerine garaşylyp, olara goşulyşyp gidýärdiler. Aýşöhläniň Hanana ýeke paýu-pyýada gitmek baradaky pikirini akgyzlaryň hiç birisi-de goldamady, töwella edip, pikirinden dändirjek bolup gara heläk boldular. Ýöne Aýşöhle kenizleriniň özelenmelerini-janykmalaryny asla diňlemegem islemedi. Ol özüne bu hatarly ýolda gök böriniň ýoldaş boljakdygyna, özüni gorajakdygyna berk ynanýardy. «Ýok, Göktaňry meni gorar. Meni Peleňiň taňlasy gorar! Maňa hiç zat bolmaz. Ýyrtyjylar meni gorarlar» diýip, Aýşöhle kenizlerini geň galdyrdy, barybir, kenizler Aýşöhläniň ol sözlerine ynanmadylar. Wagşyýana ýyrtyjylar Aýşöhläniň maksadyny näbilsinler, asyl olara bilmek gerekmi?! Mundan üç-dört ýyl öň tokaýlykda gaplaňlar Döwbasanyň dört sany jandaryny parçalamadymy näme! Gaplaňlar Döwbasanyň jandarlarynyň dördüsini parçalanlaryndan soň ar alyşlygyň başlanandygy Aýşöhläniň dek şu günki ýaly ýadynda. Şonda Döwbasan ýetmişden gowrak esgeri ýaraglandyryp, bir hepdeläp ýyrtyjy haýwanlary gyrdyrypdy. Döwbasandan sylag hantamaçylygy bilen ýetmişden gowrak esger tokaýdaky ýyrtyjylary gyrmak gyrypdy. Gaplaňlaryň maslygyndan bäş depe döredilipdi. Ol depelere Döwbasan aýlanyp kanagatlanma bilen dem alypdy, ýöne şol ar alyşlykdan soň tokaýlaryň ýyrtyjylary has wagşylaşypdy. Olar birki oba çozup, kän-kän adamy paýhynlapdylar, Zemmiň alkymyna gelip, gijelerine uzyn-uzyn uwlaşyp, uruş yglan edipdiler. Ýyrtyjylaryň wagşyýana uwlaşmalary depe saçyňy düýrükdirýärdi. Kenizleriň öz bikeleriniň gitmegine kes-kelläm garşy çykmalarynyň sebäbi, ine, şu zatlar üçindi. Arslan begiň Aýşöhläni ugratmak işini yza çekdirmeginiň aňyrsynda hem şu zatlar bardy. Ol Aýşöhläni üç-dört sany atly bilen ugratmagy hatarly hasaplaýardy. Bu hatarly ýola çykmak üçin iň azyndan otuz dagy goragçy esger gerekdi. Aramgähdäki esgerleriň belli bir bölegi Döwbasan bilen gidipdi, belli bir bölegi şäherde gerekdi, artykmaç adam ýokdy. Ýagdaýynyň ýokdugyny aýtmagy Arslan beg özüne kiçilik bilýärdi. Ol Aýşöhläniň Hanana gidip gelmegi üçin goşmaça hakyna tutma gulam ýygnamagyň ugruna çykypdy. Goşmaça gulamlaryň seçilip alynmagy üçin bolsa, hakykatdan hem bir hepde töweregi wagt gerekdi. Bu zatlary birin-birin Aýşöhlä düşündirmegi Arslan beg ozone, hakykatdanam, kiçilik saýýardy. Rast, äkitjek diýdimi, diýmek, äkider. Äkitmek barada ol babasy Döwbasandan buýruk aldy ahyryn! Buýruk — ýerine ýetirilmek üçin berilýär. Ýerine ýetirilmeýän bolsa, ol buýruk däl. Arslan arslan bolsa-da, tokaýdan eýmenýärdi. Eneligini howpa salyp, babasynyň ýanynda dili gysga bolmak islänokdy. Sebäp babasy: «Maňa ikinji ömür beren, bilime kuwwat berýän Aýşöhle» diýip, ogullarynyň ýanynda içki pikirini ýaşyranokdy. Şeýle bolansoň, Arslan babasynyň tabşyrygyny birkemsiz amal etmäge çalyşýardy. Ýöne ol Aýşöhläniň alagaraňkylykda çykyp gitjekdiginden habary ýokdy. Aýşöhläni tolgundyryjy duýgy gurşap alypdy: ol duýgy bu dünýäden Peleňiň ýaşaýan dünýäsine — aşaky üçünji dünýä gitmek duýgusydy. Oňa bu gün gyzyl ölüm-de, gara ölüm-de, ak ölüm-de1 gorkuly däldi. Haýsy ölümiň üsti bilenem bolsa Aýşöhle Peleň bilen duşuşsa bolýardy. Hanana barýan wagty ýyrtyjylar tarapyndan ölmegi, belki, Aýşöhlä Göktaňrynyň tapan çözgüdidir. Aýşöhle ýolunyň şowly bolmagyny her gün Göktaňrydan, Enehudaýdan dileg etdi, taýýarlyk gördi. Ol ýolunyň şowly bolmagyny, ýola düşmäge rugsat bermegini diläp, Gün derýasynyň kenaryna bardy. Suwda öz keşbini gördi. Ol öz keşbini Humaý hökmünde kabul etdi. Ondan Hanana gitmäge ejaza bermegini diledi. Bir gysym bugdaý dänesini suwa sepdi. Suwuň ýüzüne ýaýylan däneleriň galabasy uzak saklanman, akymyň ugruna akdylar. Aýşöhle ähli däneleriň tizden-tiz akymyň ugruna gitmegini isledi. Däneleriň akyma goşulman saklanmagy bu ýoluň şowsuzlygynyň alamaty. Eger ähli däneler akymyň ugruna gitse, onda bu Hudaýyň ak pata berdigi — ýörişiň şowly boljakdygynyň alamaty. Aýşöhle galan däneleriň akyma goşulman saklanmasyny görmek islemedi, ähli dänäniň akyma goşulandygyna özüni ynandyrmaga çalyşdy. Ol derýanyň kenaryna köp gelýärdi. Ilkinji gezek durmuşa çykanyna on bäş gün bolanda gelipdi. Onda-da edil häzirkisi ýaly suwuň ýüzüne däne sepipdi. Döwbasan beg Hanana alyp gitmezinden iki gün öňem bu ýere gelipdi. Ol şonda Peleňi suwuň ýüzünde hakyt görüpdi. Peleň suwuň ýüzünde bürgüt deýin uçup ýördi. Aýşöhle agşam Aýyň dogaryna garaşdy. On dördi gijäniň aýynda— Aý doluka duşmanyňa-da ýola çykmak rowa görülmeýär. Çünki Aýyň dolulygy — Onuň Ýere ýakynlaşanlygynyň alamaty bolmaly. Ýakyndan bolsa adamyň ähli betlikleri aýan görünýär, onsoň Aý hem ýere ýakyn gelip, edilýän bet işleri, uruşlary, gan döküşikli darkaşlary görüp gaharlanýar. Aý hezretleriniň gazabyna uçran özüň bolma, Ondan Göktaňry saklasyn! Suwuň daşmasy, hanlyklaryň darkaşlary, köplenç, Aý dolanda bolýar. Bu hakykaty Aýşöhle ýaşlygynda, gör, näçe gezekler eşitdi. Her sapar Aý Ýere ýakynlanda Aýşöhle ondan özüne gowy durmuş dileg etdi. Hezreti Aý Ýere ýakynlanda bendeleriniň dileglerini oraşan eşidýär. Aýşöhle on dördi gijeden bäri geçen ýedi günüň içinde daňdan hezreti Güne, gijelerine hezreti Aýa Hanana azarsyz aşyrmagy dileg etdi. Hezreti Aý — Humaý onuň dilegini eşitdi, hakyt eşitdi. Onuň gulagyna al-asmandan hezreti Aýdan hoş habar geläýjek ýaly boldy durdy. Ýöne hoş habar gelmedi. Gaýtam, başyny ýassyga goýsa, äpet bir möjek arlap onuň öňüni kesdi. Pederler nirä gitse, gök böri hemra bolýar. Ana, şol hemra bolmaly gök böri onuň öňünde garalla bolup dur. Onuň dişleriniň aýylgançlygyny! Düýt-müýt etjek ol. Barybir, Aýşöhle daňdan Güne tagzym edip ýola düşmegi ýüregine düwdi. Ony indi hiç bir howp-hatar maksadyndan saklap biljek däldi. Agşam basdaşlary Patyşagül bilen Galamgaş ony hezreti Aýa tagzym etmäge äkitdi. Dolanyp gelýärkäler Aýşöhle olary gujaklady. Aýallar onuň maňlaýyna aýalaryny goýup, rowaçlyk dilediler. Gün derýasyndan irgözin getiren bir küýze suwundan akgyzlar, basdaşlar gezekli gezegine datdylar. Soňundan Aýşöhle duran gyz-gelinleriň üstüne küýzeden suw sepeledi. Aýşöhle aýakgabyny ilkagşam daş işikde Hanan geçelgesine bakdyryp asyp goýdy. Zenanlar uzynly gijesini bir çugdam bägül deýin tegelenişip oturyp geçirdiler. Kim uklady, kim pinek etdi. Olar hezreti Güni aýak üstünde sežde edip garşy aldylar. Patyşagül Aýşöhläniň saçyna laçynyň bir ýelegini — laçyn guşy deýin uçup bar diýen dileg bilen gysdyrdy. Zenanlar Aýşöhlä rowaçlyk dilediler. Bu olaryň ömründäki ilkinji özgerişlikdi. Her kim ilki özüne, soň babasyna, soň enesine rowaçlyk dileg etmelidi. Şu üç kişä rowaçlyk dileginden soň öz ýakynlaryňa, dogan-garyndaşlaryňa rowaçlyk dileg edilýärdi. Ýöne bu gün säher Aýşöhläniň ýanyndakylaryň ýekejesiniňem özüne rowaçlyk dilemek ýadyna düşmedi. Ýekejesiniňem ýadyna düşmedi. Bu Göktaňrynyň islegi bolmaly! Şeýle-de boldy. Aýşöhle ojagyň daşyndan üç mertebe aýlandy. Ojagyň külünden aldy-da maňlaýyna degirdi. Zenanlar ugradyş rakysyna başladylar. Olaryň hereketleri barha daşlaşýan Aýşöhlä el ýetirmekçi bolýan ýalydy. Zenanlaryň çalasyn hem göçgünli hereketlerinden ýaňa gözýaşlar ýagyş bolup seçelenýärdi. Güýz paslydy. Äpet-äpet toraňňylar durşuna owazdy. Ertiriň sergin şemaly toraňňy şahalaryny yraşyp «Aýşöhle» diýişýän, onuň gelýändigini biri-birine habar berýän ýalydylar. Tylla toraňňylaryň altyn ýapraklary Aýşöhläniň barýan ýoluna tylla düşek bolup ýazylypdylar. Daňyň atyp ugrandygyna hoş bolup, sülgünler, käkilikler we her hili enaýy guş-gumursylar özboluşly owazlary bilen şirinden şirin saýraýardylar. Äpet toraňňylar äpet döwe çalym edýärdi: uç-gyraksyz tokaýlyk derýanyň iki kenarynda mähnet bir ýylan deýin egrem-bugram uzalyp ýatyrdy. Tokaý — gorkunçdy! Tokaý — mukaddeslikdi. Çünki tokaý hezreti Günüň yşaraty. Tokaý — hezreti Günüň gaýtalanmasy, ýerdäki şöhlesi, ody. Odun — ot. Ot — hezreti Gün. Tokaý — hezreti Gün. Hezreti Gün Aýşöhläniň howandary. Aýşöhle bütin ömrüne hezreti Güne sygynyp ýaşady, ondan delalata garaşdy. Ýalkasa, ony diňe hezreti Gün ýalkar. Aýşöhle tokaýyň içinden däl-de, hezreti Günüň köşgüniň içinden geçip barýan ýalydy. * * * Aýşöhle asmandaky Aýyň bir parçasy ýaly bolup, toraňňy tokaýlygynyň içinden geçýän darajyk ýoldan ýöräp barýardy. Onuň ünsi alys Hanandaky Peleňdedi. Tokaýyň gorkunçlygam, toraňňylaryň şygyrdylaram, guş-gumursylaryň saýramalaram, jokurdamalaram Aýşöhläniň ünsüni özüne çekip bilenokdy. Ýöne toraňňy ýapraklarynyň seçelenip üstüne, ýoluna ýagyp durmasy — durmuşa çykan pursadyny, ýörän ýoluna Döwbasanyň tabşyrygy bilen gül ýapraklarynyň seçelenişini — nisar dessuryny ýadyna salýardy. Posalaw ýola düşelen tylla ýapraklar Aýşöhle üçin göýäki şol durmuşa çykan pursadyndaky ýörejek ýoluna düşelen göktürkmen halylary ýaly, güller ýaly ýumşakdy, ýöne ol bu mahal mundan on ýyl öňki pursatdan has lezzetlidi, ezizdi, ýakymlydy. Hernäçe egri bolsa-da, hernäçe uzak bolsa-da bu ýol Aýşöhle üçin gudratly ýoldy, çünki bu ýol ony on ýyllap garaşan ruhuna, ystyhanyna gowşurjak ýalňyz ýoldy. Aýşöhle bu ýoly janyna deňeýärdi, bu ýol onuň on ýyllap gije-gündiz eden arzuwynyň wysalydy. Bu ýol Peleňe eltýän ýol. «Bu ýolda ölsem, meni Peleňiň ýanyna eltip goýarlar» diýip, Aýşöhle pikirlenýärdi. Bu pikirini aňynda berkitmek isleýän dek: «Ölsem, meni Peleňiň saganasyna eltip ýerlärler» diýip, öwran-öwran gaýtalady, oňa Peleňe gowuşmakdan başga bu dünýäde hiç zat, asla hiç zat gerek däldi. Aýşöhle eýýäm özüni maksadynyň gapysyny açan, maksadyna, arzyly saganasyna ýetmäge sanalgyja ädim galan ýaly duýýardy. Onuň bu pikirini unaýan ýaly, hezreti Gün ýerinden galmaga howluganokdy. Hezreti Gün Aýşöhläniň ýeňsesinden göterilse-de, onuň yssy mähri oraşan duýulýardy. Tyllareňk tokaý hezreti Günüň tylla ýalkymy bilen tapyşyp, hasam ýalkymlanýardy. Tokaý oýandy. Oýanan tokaý Aýşöhlä biçak mährem göründi, has güýçlenen ýaly görünýän guşlaryň jokurdylary, saýramalary, daragtlaryň şygyrdylary, üstüne setanda-seýranda düşýän tylla ýapraklar Aýşöhläniň ýürek urgusy bilen ugurdaş gopýardy. Ol duýdansyzlykda öňünden wagşy haýwanlaryň çykjagyny bilýärdi, çünki özleri görünmese-de, sargaranlaryň wagşyýana sesleri kä golaýdan, kä uzakdan eşidilip durdy, olardan rehim-şepagata garaşanokdy, ýyrtyjylaryň rehim-şepagatyna mätäjem däldi. Şol bir: «Bu ýolda ölsem, meni Peleňiň ýozkasyna eltip goýarlar» diýen pikir aňynda köwsar urýardy. Şol pikir oňa güýç berýärdi, kuwwat berýärdi. Aýşöhläniň öňünde mahal-mahal ýylp edip tyllareňk möjek görnüp gidýärdi. Çiňerilip-çiňerilip seretse welin, şol tyllareňk möjek ýokdy. Ol möjegiň yzy-da ýokdy. Ol möjek Aýşöhläniň öňüne düşüp rowaçlygyny amal edip gelýän bolmaly. Ol hezreti Göktaňrynyň ýörite gönderen taňlasy bolsa gerek. Şol birmeňzeş toraňňylar, şol birmeňzeş öleňler, oýtaklar üznüksiz gaýtalanýardy. Aýşöhle her bir öwrümde ajala — ýyrtyja garaşdy, haýran galaýmaly, görkli Gün öýläne sanýança, suwsap, kiçeňräk bir çeşmeden suw içmek üçin güzere inýänçä onuň öňünden ýyrtyjy çykarmady, öňünden çykan keýikdir sugun sürüleri ony görenlerinden alatozan turuzyp gaçmak bilen boldular. Onuň suw içmekçi bolan ýerinde iki ýolbars iki sany güjüjegi bilen dynç alyp ýatan eken. Aýşöhle olary suwdan ganýança görmedi. Ýüzüne suw çalyp, ýerinden galanda welin, nätanyş güýjüň ysyny aldy, töweregine gorky bilen seretdi, özüne bakan gelýän ýolbarslary görüp doňdy galaýdy. Eý, Göktaňrym! Meni şu ýyrtyjylara şam etmekçi bolýarsyňmy? Bular menden nam-nyşan galdyrmazlar! Eý, Gün derýasynyň Enehudaýy! Eý, suwuň, ýaşaýşyň hudaýy Humaý! Peleňe ýetýänçäm meni goraň! Meniň derdim ýetik! Maňa mundan çökder zulum salmaň! E-eý! Göktaňrym! Eý, meniň yzyma düşüp gelen Gün! Sen meni gora! Aýşöhle bu sözleri şeýle bir kesgitli, şeýle bir ynamly, şeýle bir batly aýtdy welin, onuň sesi çeşmäniň, tokaýyň içinde çaýkanyp, uzaklara ýaýyldy, uzaklarda telim ýola gaýtalandy. Aýşöhläniň ellerini asmana uzadyp, iniňi dygladyp gidýän sözleri ýyrtyjylara güýçli täsir etdi. Olar säginip, Aýşöhlä birmeýdan seredip durdular. Ýolbarslaryň birenaýy güjüjekleri özara oýnaşyp, hälki ýatan ýerine gitdiler. Güjüjekleriniň barha daşlaşýandygyny gören iki ýolbars hem hiç zat bolmadyk, hiç zat ýok ýaly, yzyna öwrüldiler, güjüjekleriniň yzy bilen keremara gitdiler. Aýşöhle ysgyn-deramatsyz ýene aşak çökdi, tebsirän leblerine suw çaldy. Birki owurt suw içip, ýene ýoluny dowam etdirdi. Göktaňrynyň goldawy oňa güýç berdi. Ol hälki sözlerini Hanan obasyna aşýança soňam iki ýola gaýtalamaly boldy: — Eý, Göktaňrym! Meni bu ýyrtyjylara şam eýleme! Meniň Peleňiň ýozkasyna ýetmegime goldaw ber. Men Peleňiň ystyhanyny birje gezek göreýin, onuň ýatan saganasyna maňlaýymy bir degreýin. Onsoň alaý janymy! Eý, Enehudaý! Eý suwuň, ýaşaýşyň hudaýy Humaý! Maňa çökder zulum salma! E-eý, Göktaňrym! Eý, görkli Gün! Eý, görkli Aý! Meni goraň! Onuň nalasy keramatlylara ýeten bolarly: öňünden çykan bir süri ýyrtyjy — Aýşöhle olaryň haýsy ýyrtyjylardygyny-da anyklap bilmedi, sebäp ol öň beýle ýyrtyjyny görmändi — ony şamlyk edinjek bolmady, ylla Aýşöhläni görmeýän ýaly, güsürdeşip geçip gitdi. Edil ertekilerdäki ýaly boldy! Aýşöhle çagajykka şu başdan geçirmesine meňzeş ertekini diňläpdi. Diňe bir bu däl: Aýşöhle öň hyýalynda üç sapar ýyrtyja — ýolbars maşgalasyna, möjek hem sargaran sürüsine gabat gelipdi. Şonda hem Aýşöhle Göktaňrydan delalat isläp gygyrypdy, şonda Göktaňry kömege gelip, ýyrtyjylary kowup goýberipdi. Ol bu tanyş ahwalaty göýä ýakyn günlerde başdan geçiren ýaly duýdy. Haçan? Aýşöhle bu babatda uzak oýlandy, ýöne hernäçe oýlansa-da, üç gezek ýyrtyja gabat gelenini ýatlap bilmedi. Ol açyk bilýär, durmuşda ol bir gezegem ýyrtyjy bilen pete-pet duşuşmandy. Ýöne suw içip durka ýyrtyja gabat gelmegi oňa gaty tanyş göründi. Aýşöhle uzynly gün ýöredi. Ýany bilen alyp gaýdan tötegini hernäçe ajyganam bolsa iýmekden saklandy. Diňe garaňky düşüp, ýörejek ýoly saýgartman ugransoň, ol äpet bir toraňňynyň aşagynda dyz epdi. Işdämenlik bilen tötegini iýdi. Peleňi ýatlady. Her sapar bolşy ýaly, duşuşyklar göz atuwynda janlanyp, Peleň bilen eden gürrüňleri bu gezegem birme-bir onuň aňynda gaýtalandy: «Aýşöhle akgyzlary bilen görnende Peleň ylla awa salynýan laçyna öwrülerdi: awuna topulardy. Aýşöhle öňde gaçan bolardy. Peleň bolsa gara çyny bilen onuň yzyndan kowardy. Mahmal deýin howa-da Peleňiň göwnüni götererdi. Aýşöhläniň näz-kereşmeli bakyşlary-da Peleňiň göwnüni götererdi. Bedewiň howalasy, şemally üsti-de Peleňiň göwnüni götererdi. Onsoň Peleň joşman, kim joşsun?! Aýşöhläniň üns bermesi hem ýaş juwany däli-porhan edip barýardy. Onsoň Peleň Aýşöhle bilen kä deň ýöräp, kä öňe geçip, bedewiň üstünde aşyrym atyp, çapyp barýan atdan böküp düşüp, soňam towsup münüp, şeýle bir oýunlar-tomaşalar görkezerdi welin, diňe bir Aýşöhläniň, akgyzlaryň däl, edýän oýunlary Peleňiň özüniňem hoşuna gelerdi. — Birden ýykylaýma, oglan. Ýykylarsyň, Peleň! — diýip, Aýşöhle janygardy. Gyzlar ýigitleriň gowşak ýerlerini entek ene garnynda ýedi aýlykka bilýärmişler. Haýsy sözüň Peleňi däli-porhan deýin joşdurjakdygyny Aýşöhle hem bilýän eken. Aýşöhläniň bu sözlerinden soň Peleň göçmek göçerdi. Göýä iň gowy tomaşasyny Aýşöhläniň şu sözlerinden soň ederin diýip niýetläp goýan ýalydy. Akgyzlar iki juwanyň özara näz-kereşme edişmelerine pursat döretmek üçin haýsydyr bir «wajyp» zada güýmenenden bolardylar. Olara «wajyp» bir zada güýmenenden boluň diýip hiç kim aýdanogam, öwredenogam. Özleri bilýär. Salyr Gazan aýdypdyr-a: «Zenanlar doglanda ulama bolup dogulýarlar. Erkek kişileriň ulama bolmagy üçin köp ýyl gerek. Ýöne bolmajagy ömrüniň ahyryna çenli-de bolanok» diýip. — Men gorkýaryn, gorkýaryn-a men, Peleň, indi beýtme! Ýykylarsyň ahyry! — Ýykylamda näme? — Bir ýeriňi agyrdarsyň-da. — Ýeri, bir ýerimi agyrdamda näme? — Hiç ýeriňi agyrtma-da, oglan! — Bir ýerim agyrsa, ýykylsam, sen gynanarmyň? — Elbet, gynanaryn. — Ynha onda ýykylýaryn. Gynanmaga başlaber! — Peleň gara çyny bilen ýykylýardy. Bir ýerim agyrar, bir ýerim döwler diýen pikir (zenanlar welin, erkek kişiler deýin hiç mahal beýle zoňtar oýun edip, özlerini çürkemeýärler!) asla ýokdy onda. Göktaňry tarapyn göktürkmenlere peşgeş berlen gamyşgulak dal bedewlerde bir üýtgeşik üşük bar. Eýesiniň bilgeşleýinden özüne ýowuz sütem edýändigine — ýykylýandygyna düşünip, onuň hiç ýeriniň agyrmazlygy, ynjamazlygy üçin şeýlekin bir hereketler ederdiler welin, ony söz bilen düşündirer ýaly hem däldi. Bedewler — göktürkmenleriň mertebesi. Eýeleri üçin döş gerýärdiler. Özleri şeýlekin ýykylyp, eýeleriniň aşagyna düşek bolýardylar, şeýdibem öz eýeleriniň bir ýerine şikes ýetmezligi üçin çalşardylar. «Gahrymançylyk» Peleňiňkidi, sütem welin Garçgaýa düşýärdi, her sapar Peleňi goraglap agyr güne galardy. Her hili agyry bolsa-da, demir gyr Garçgaý dor Şuňkardan daşlaşýança çydardy. Wah, soňundan o «gahryman» eden hokgasy üçin ötünç sorap peýan-petek bolardy. Boljak iş bolansoň ötünçden ne peýda. Ýöne Garçgaý bu hokganyň dostuna hoş ýakýanyny bilýär. Bolany şol! Bedewden ýykylyp, ýüzin süýnüp ýatan Peleňiň ýanyna Aýşöhle bir böküşde barardy. Onuň atdan towsup düşüşini Peleň gözüniň gyýtagy bilen synlap ýatandyr. — Janyň beri barmy seniň, Peleň?! — diýip, Aýşöhle näzijek elleri bilen Peleňiň kellesini galdyrardy. Peleň onuň janykmasyna meýmirärdi. Onuň elleriniň gyzgyny endamyna, on iki synasyna tenekar deýin gurp-öwç bererdi. Peleňiň göwnüne şeýle süýji durmuş bütin ömrüne dowam edäýjek ýalydy. Ol alasarmyk hyýallar içre Aýşöhläniň alakjamasyna heziller ederdi. Aýşöhle bir ýeri döwlen bolaýmasyn diýen howatyr bilen onuň ähli synasyny howlukmaç barlaşdyryp çykardy. — Wiý, bu oglanyň edäýenini! — Aýşöhle!.. — diýip, Peleň Aýşöhläniň näzijek ellerinden tutardy. Aýşöhle Peleňe hiç zat bolmandygyny bilip begenmek begenerdi, begençden ýaňa gözüne ýaş aýlanardy. — Sen dirimi, oglan! Ýüregimi ýardyň-a meniň! — Aýşöhle, elleriňe döneýin men seniň. Sen meniň ýüregimiň urgusyna bir diň salyp gör-ä! Mende, asyl tutuş süňňümde senden başga pikir ýok. Aýşöhle Peleňe hiç zat bolmandygyna göz ýetirenden soň biraz rahatlanardy, onuň bu hokgasyna degişme bilen jogap bererdi: — Näme diýýärsiň-ä?! — Seniň owadanlygyň deňsiz-taýsyz, Humaý. Seniň ýaly owadan gyz dünýäde başga ýokdur. Meniň mertebäm sensiň. Nämede çäk barsa bardyr, ýöne meniň saňa bolan söýgimde çäk-de, serhet-de ýokdur, Humaý. — Näme diýýärsiň, oglan?! Men hiç eşidemok-da. Hany, täzeden gaýtala. — Men hyýalymda gije-gündiz seniň bilen ýaşaýaryn diýýärin. Sen meniňki, diňe meniňki. Men seni hiç kime bermerin. Eşidýärmiň, sen meniňki bolarsyň. — Eşidemok-da, oglan — diýip, Aýşöhle jykyr-jykyr gülýärdi. — Ýene gül, Humaý. Özem maňa seret, meniň gözlerime seret! — Eşidemog-a men! Näme diýýärsiň? — Seniň şeýle bir mylaýym sesiň bar, Aýşöhle. — Sesiň bar diýýärsiňmi? — Sesiň meniň ähli synalarymy bogun-bogun sökýär. Seniň tylla saçlaryň!.. — Meniň saçlarymdan çek, Peleň! Peleň Aýşöhläniň owsun atýan tyllasow saçlaryny eline alyp bagryna basar. — Gatyrak çek! Peleň Aýşöhläniň nogta-nogta tylla saçlaryny emaý bilen özüne çeker. — Agyrdyp çek, agyrt! — Ýok, ýok, agyrdyp bilmerin. — Hiç wagtammy? — Hiç wagtam seniň hiç ýeriňi agyrdyp bilmerin. Sen hakyky perişde, hakygy Humaý! — Urjagam dälmi? — Ýok, men seni hiç wagt urmaryn, Humaýym! — Wiý, bu oglany, sen, näme, erkek dälmi? — Erkegem bolsam, urmaryn. — Adamlar üstüňden gülerler. — Gülselerem urmaryn. Aýşöhle tukatlanar. Onuň gama batandygyny gören Peleň odanar: — Saňa näme boldy, Humaý?! — Urjak diýýäý-dä! Ýogsam men gaty gynanaryn. — Sen — Humaý, özem çyn Humaý. Onsoň men saňa nädip el götereýin?! — Meniň adym Aýşöhle. Men Humaý däl-ä. — Bilýärsiňmi näme, Humaý!.. — Näme?! Bil, sen meniňki, bil sen meniň hatynym bolmaly. Men Peleň. Men Hanan neberesinden. Men aýtdym gutardy, meniň aýdyşym ýaly hem bolar. — Men saňa entek söz beremok. — Söz berersiň. Hökman söz berersiň, gitjek ýeriň bolmaz. — Özüňe göwnüň ýetýär-ow?! — Elbet, ýetýär. Maňa söz ber, eý, Humaý. «Men seniňki!» diý. Aýşöhle her gezek söz bermekden gaça durýardy, başga bir zadyň gürrüňini edýärdi: — Ýör, gülleriň içinde ylgaly! Iki juwan al-elwan sähranyň içi bilen ylgaýarlar. Olar göýäki bir uçýan ýalydylar. Gözýetimde owadan göktürkmen tokaýlygy uzap ýatyrdy. Tebigatyň gözelligini bir görsene! Bu gözelligi synladyňça synlasyň gelýärdi, uçasyň gelýärdi. Olaryň yzy bilen bedewler barýardy. Iki bedew biri-biri bilen ysgaşyp, eýeleriniň bagtlaryna guwanyşyp, segreşip, ümdüzine çapýardylar. Iki bedew galady — eýeleriniň ýanyna hiç kimi getirmejegi hakdy…». Kir-kimirsiz gök asmandan Aýşöhläniň maňlaýyna sowukja ýagyş damjasy damdy, damja onuň endamyny dygladyp gitdi-de, ýatlama gujagyndan sogrup aldy. Aýşöhle ýagyş ýagýan bolaýmasyn diýen pikir bilen asmana bakdy. Birje, buz ýaly ýagyş damjasy Aýşöhläniň maňlaýyna damdy! Birje damja! Ýagyş damjasy nireden peýda boldy?! Asmanda bulut ýok ahyryn! Asman arassa, açyk ahyryn?! Bu syrly ýalňyz damja Aýşöhläni geňirgendirdi. Ol damjany aýasy bilen syldy. Birdenem onda nähilidir bir düşnüksiz duýgy döredi. Ol aýasyny agzyna ýetirdi. Aýşöhläniň dili aýadaky şorja tagamy dessine tanady: bu Peleňiň ajy deri ahyryn! Belki, bu Peleňiň ajy gözýaşydyr?! Aýşöhle bu pikire tisginip gitdi. Aýasyny öwran-öwran ýalady. Peleň göz atuwynda janlandy. Şo-ol düpbozanlar alyp gaçmakçy bolup synanyşanlaryndan, aýagyna şikes ýeteninden soň Peleňiň elinde göterip alyp gaýdyşy, onuň birin-birin göz öňünden geçdi. Aýşöhle ilkinji gezek Peleňiň ajy derini dadypdy şonda. Şondaky tagam ýadynda dur onuň. Häzirki ýalňyz damjanyň tagamy-da şo-ol gezekdäki aşy deriň tagamyna juda meňzeş. Asyl, şol bir tagam! ...Aýşöhle birden gop berlen dek atylyp turdy. Ýadawlygy el bilen aýrylan ýalydy. Süňňi ýeňildi. Onuň ylgasy geldi. Göwnüne, ýolda Peleň intizarlyk bilen garaşyp duran ýalydy. Henizem Hanan geçelgesine ýetip bilmändigine, ejizdigine ol ejap etdi. Ýöräp ugrady. Aý şöhlesi Aýşöhlä ýöremeli ýoluny görkezip barýardy. Ol ýöräp däl, ylla uçup, ylla ýüzüp barýan ýalydy. Onuň ýöremegine ylla haýsydyr bir gudrat güýç-goltgy berýän ýalydy. Ol gidip otyrdy. Ertesi Gün ýaşyberende Aýşöhle Hanan obasynyň gündogar çetinden girdi. Onuň enesini göresi gelýärdi! Onuň babasyny göresi gelýärdi! Onuň eziz babasy öýüni göresi gelýärdi! Bu islegleriň ählisinden Peleňiň ystyhanyny görmek, ýozka maňlaýyny diremek islegi rüstem geldi. Şeýle bolansoň, Aýşöhle göni Peleňleriň täze öýüne bardy. Hana, ýetmek islän ojagy! Hana, göýä Aýşöhläniň geljegini öňünden bilen ýaly, Peleňiň nirede ýatandygyny görkezmekçi bolýan ýaly, Babyr beg ýozkanyň ýanynda çugutdyryp otyr. Babyr begi, ýozkany gören Aýşöhläniň bedeni pagyş-para gowşady. Titredi. Ýeke ädimem ädip bilmän, saňňyldap durşuna kemiş-kemiş etdi. Ellerini öňe uzadyp, naýynjar sojady, birdenem möňňürip goýberdi. Gözlerinden paýraşyp ýaş şeýle bir döküldi. Ol içigip-içigip, sojap-sojap aglady. Aýagyna duzak salnan dek, şol duzakdan çykjak bolýan dek omzady. Peleňiň saganasyny görüp, ysgyn-deramatdan aýrylan Aýşöhle haýsy güýjüň aýaklaryny duşaklandygyna akyl ýetirip bilmedi, ýöne, barybir, sagana ýetmek isledi, şol bir isleg bilenem süýşenekläp ugrady. Ol nämäniň-nämedigine açyk düşünip bilmedi, başyny galdyryp, Döwbasan begiň ogly Arslanyň meňsepen bedewiň üstünde birgiden argamakly bilen durandygyny saýgardy... * * * Suw sepip ýanyp duran ody söndürýärler, ýöne ýanyp duran oduň üstüne suw sepilende has güýçlenip, batlanyp ýanýar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |